16:33 Kowusnama: Öý we ýer satyn almak hakynda | |
Ýigrimi dördünji fasyl
Pedagogika we edep-terbiýe
ÖÝ WE ÝER SATYN ALMAK HAKYNDA Oglum, bilip, habarly bolup goýgun, eger birden ýer we öý satyn alarman bolsaň, asyl her bir zat alyp, her bir zat satarman bolsaň, sen kanuna sarpa goýgun. Näme alsaň, bolka algyn, näme satsaň, gytka satgyn, peýdaňa çapgyn we mundan hergiz utanmagyn. Satyn almakçy bolanyňda, ugur tapyjy bolgun. Söwdalaşmakdan gaçmagyn, çünki söwdalaşmak, dilemek söwdanyň ýarysydyr diýipdirler. Emma näme alsaň, onun haýyr-zyýanyny saldarlap görmek gerekdir. Tuwmaýak galmajak bolsaň, gazanmadygyňy harçlamagyn. Maýaňa zyýan bermejek bolsaň, ahyry çykdaja getirýän peýdadan gaçgyn. Gurply bolup, ýoksullyk derdini çekmejek bolsaň, bahyl hem betnebis bolmagyn. Her işde sabyrly bolgun, sabyrly bolmak paýhasyň nyşanydyr. Hiç haçan öz peýdaňa biparh bolmagyn, çünki parhsyzlyk akmaklyga barabardyr. Işiň bulaşyp, gazanç gapylary ýapylan wagty özüňi ýitirmegin, tap bilen bolgun, işler ugrugýança sabyr etgin. Howlukmak bilen iş düzelýän däldir. Satyn almak meselesine gelsek, öý almakçy bolsaň, ygtybarly adamlar ýaşaýan köçeden algyn, şäheriň çetinden, diwaryň golaýyndan jaý almagyn. Arzan diýip, çagşan jaý almagyn, ähli zatdan öňürti goňşyňy sylagyn, çünki araplar aýtmyşlaýyn, “kyýamat güni goňşudandyr”. Buzurgmehr dana: “Dört zat agyr dertdir: olaryň birinjisi erbet goňşudyr, ikinjisi uly maşgaladyr, üçünjisi oňşuksyz aýaldyr, dördünjisi mätäçlikdir” diýipdir. Hiç wagt alidler (Alynyň nesilleri) bilen goňşulykdaky we alymlardyr döwlet işgärleri bilen goňşulykdaky jaýy satyn almagyn. Iň gurply adam özüň boljak köçeden jaý aljak bolgun. Emma goňşyň ygtybarly bolmagyna üns bergin, jaý satyn alaňsoň, goňşyňa sarpa goýgun, onuň mertebesini saklagyn, çünki “Goňşy mertebesi hemmäňkiden beýikdir” diýipdirler. Köçäňdäki ýaşaýan adamlar bilen mylakatly bolgun, syrkawlarynyň hal-ahwallaryny sorap durgun, gynanç bildirmeli adamlara gynanç bildirgin, merhumlary jaýlamaga gatnaşgyn, umuman, goňşyň bar işine kömek etgin, şatlyklaryna şatlanyp, hesretlerini paýlaşgyn, mümkinçiligiňe görä, geýim-gejimdir azyk-owkatdan sadaka bergin, şeýtseň, sen köçäniň iň sarpaly adamy bolarsyň. Köçäňizde ýaşaýan çagalary ogşap, bagryňa basgyn, garrylaryň keýp-ahwallaryny sorap, sarpalaryny tutgun. Öz köçäňdäki metjitde bäş wagt namazyňy yrmagyn, remezan aýy bolsa ol ýere şemdir çyra ibermegi ýatdan çykarmagyn. Il-halkyňa näçe mylakatly bolsaň, ol hem saňa şonça mylakatly garar. Sen ýene bir zady bilip goýgun: ynsanyň başyna ýagşydan-ýamandan näme gelse, ol onuň pälinden gelýändir. Şoňa görä, etmesiz işi edip, aýdylmasyz zady aýtmagyn, çünki etmesiz zady edýänler görmesiz günleri görýändirler. Başarsa, uly şäherlerde ýaşamagyn, özem şol ýurduň seniň üçin diýseň amatly bolsun. Alan jaýyň diwarlary beýlekileriňkiden belent bolsun, şeýtseň, howlyňa geçeniň gözi düşüp durmaz, ýöne senem boýnuňy uzadyp, goňşularyňy birahat edip durmagyn. Ýer alsaň, goňşusyz, suwsuz ýerden almagyn. Näme alsaň, bolçulyk ýyly algyn, şäriksiz we şübhesiz ýer tapsaň, şärikli we şübheli ýer almagyn, ýeriň howpsuz-hatarsyz baýlykdygyny bilip goýgun. Ýer alanyňda, ony birsyhly abadanlaşdyrmagyň alajyny etgin. Her gün onuň bir zadyny oňaryp durgun, şeýtseň, hemişe täze-täze girdeji alarsyň. Elbetde, ýeriňi, mülküňi abadanlaşdyrmaga ýaltalyk etmegin, çünki abadanlyk girdejiniň çeşmesidir. Girdeji gerek bolmasa, onda sen bütin çölleri, sähralary öz ýerim hasap edip bilersiň, girdeji diňe ýeriň ugruna seredilen wagty bolýandyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |