20:33 Kowusnama: Söweşmek hakynda | |
Ýigriminji fasyl
Pedagogika we edep-terbiýe
SÖWEŞMEK HAKYNDA Oglum, söweş meýdanyna çyksaň, ol ýerde haýal deprenip, susluk etmek bolmaz, duşman senden üstün çykyp, agşamlyk naharyny edinmezinden ozal, sen eýýäm ony bir burça baglap, säher çaýyňy içip oturmalysyň. Eger söweş meýdanynyň ortasyna düşseň, özüňi ýitirip, janyňy aýajak bolmagyn, çünki görde ýatmak maňlaýyna ýazylan adam hiç bir jähtden öýünde ýatyp bilmez. Meniň tabar dilinde aýdyşym ýaly: Rubaýy Hiç gorkusy ýokdur duşman bolsa şir, Bilmerin dünýäde eýmenmek nedir. Juda jaý diýipdir bir paýhasly pir: “Kazasy dolana öz eýi gabyr”. Hemmelere düşnükli bolar ýaly, men muny parsçada aýdyp bereýin: Gizlinu-açyk şir bolsa duşman, Şemşiriňi sal-da etdir sen duşman, Görde täk ýatmaly ger kazaň dolsa, Öýde nädip ýatjak gam-gussa düşmän. Söweşde bir ädim ileri süýşüp bilýärkäň, bir ädim gaýra basmagyn. Duşman tarapyndan gabaldym diýip, söweşi bes etmegin, çünki duşmany diňe söweş bilen dep edip bolýandyr. Olar seniň gaýduwsyzlygyňy görseler, basga düşerler. Beýle ýerde ölümi özüňe bagt hasaplagyn. Hiç wagt ýöwsellik etmegin, mert bolgun. Gerçekleriň elindäki gysgajyk gylyçlar hem nägehana uzyn bolup görner. Uruşda ahmallyk etmek bolýan däldir, sähelçe namartlyk ýa ýöwsellik etdigiň, müň janyňdan birini saklap bilmersiň. Iň züwwetdin adam senden rüstem geler. Şeýlelikde, öldürilip, ile ryswa bolarsyň, betnamlykda at gazanarsyň. Eger sen goç ýigitleriň arasynda esger hökmünde meşhur bolup, saý-sebäpden bir hata etseň, öz deň-duşlaryň arasynda-da atdan-abraýdan düşüp, masgara bolarsyň. Emma at-owazasy, döwleti bolmadyk adamyň öz deň-duşlarynyň arasynda-da abraýy bolýan däldir. Beýle ýaşandan ölen gowudyr. Abraý-at bilen ölmek ýaman atly ýaşamakdan ýagşydyr. Beýt Ölsem razy abyraýly at bilen, Adyň galar, teniň, gider dat bilen. Ýöne nähak gan döküji bolmagyn, hiç bir ynsanyň ganyny dökmek şerigata sygýan däldir. Sen öldürseň, kellekeserleri, ogrulary, gör gazýanlary, ýoldan çykanlary öldürgin. Nähak gan dünýäniň iki dünýäniň hem bela-beterlerini alnyňa getirmiş. Kyýamatda-ha jezasyny çekersiň, bu dünýede-de ýaman atly bolarsyň. Ejizler saňa jan ynanmaz. Hyzmatçylaryň umydy gyrlar. Halaýyk senden sowlup geçer, ýüreginde saňa kine beslär. O dünýede beriljek ezýet-azaplaryň, bary nähak gan zerarly berler. Emma meniň kitaplarda duşuşyma, tejribämden görşüme görä, nähak ganyň jezasyny bu dünýede-de çekýändirler. Eger adamyň ykbaly çüwüp, jezadan gutulsa, ol jezany onuň çagalary çeker. Şoňa görä-de, eý Alla özüňe-de, balalaryňa-da rehmiň insin. Nähak gan dökmegin. Emma hak gan dökmeli bolanynda, haýal-ýagallyk etmegin, etdigiň işiňe zyýany deger. Meselem: meniň babam Şamsulmealy hakynda şeýle gürrüň berýerler: ol juda ganhor ekeni, bir adamynyň dagynyňam günäsini geçmez ekeni. Juda zalym adam ekeni. Şol zalymlygy zerarly elindäki goşun ony ýigrenip, daýym Falakülmealdan delalat gözläpdirler, daýymam zora çydaman, gelip öz atasyny tussag edipdir, çünki goşun oňa: “Eger sen bu işde biziň tarapymyzy tutmasaň, biz bu şalygy kesekilere berjek” diýipdir. Daýym şalygyň öz taýpasynyň elinden gitjegini görüp, şalygyň hatyrasyna şeýtmäge mejbur bolupdyr. Babamy tutup, el-aýagyny baglapdyrlar, kejebä mündürip, ýanyna-da ygtybar adamlardan ýasawul belläp, Janaşyk galasyna ýollapdyrlar. Ony alyp barýanlaryň arasynda Abdylla atly bir adam bar ekeni. Ýolda Şamsulmealy şol adama: “Eý Abdylla, bu işi kimiň edýändiginden, näme üçin edendiginden seniň habaryň barmy? Beýle uly tutum tutulyp, ondan men bihabar galypdyryn” diýipdir. Onda Abdylla: “Muny pylany-pylany dagy etdiler” diýip jogap beripdir we bu işi amala aşyran we goşuny yran bäş sany sipahsalaryň, adyny tutupdyr. Soňra Abdylla: “Bu işi şolar etdi, goşuny hem şolar azdyrdy, bu işde meniňem elim bar. Emma sen ony menden görme, özüňden gör, çünki munuň sebäbi goşunyň boýun towlamasy däl-de, seniň juda köp adam öldürmegiňdir” diýipdir. Onda Şamsulmealy: “Galat aýdýaň, bu meniň adam öldürmänim üçin şeýle boldy. Hakyna garasaň, men senem, şol bäş adamynam öldürmeli ekenim. Men muny şeýden bolsam, ähli zat gülala-güllük bolardy, üstüme howpam abanmazdy”diýip jogap beripdir. Bu zatlary aýdýanymyň sebäbiniň seniň zerur halatlarda ýalňyşlyk goýbermezligiň, mejbur bolan ýagdaýlaryňda haýal-ýagallyga ýol bermezligiň üçindigini sen bilip goýgun. Birem adam biçmäni özüňe adat edinmegin, munuň özi gan dökmäge barabar bir zatdyr. Kelläň gyzgynyna sen dünýädäki musulman ähliniň tohumyny tükedersiň, heý, onsoň, mundan beterem eden-etdilik bolarmy? Eger saňa agta gerek bolsa, ony biçilen adamlaryň arasyndan gözlegin, ýöne günäsi seniň boýnuňa düşmesin, sen beýle günä ediji bolmagyn. Söweş meselesine gaýdyp gelsek bolsa, şol aýdyşym ýaly, janyňy gaýgyrmagyn, maslygyň itlere şam bolmazdan, sen şirleriň hataryna goşulmarsyň. Bilip goýgun, bir gün doglan bir günem ölmelidir. Jandarlar üç hili bolýandyr: olar gepläp bilýän jandarlar, gepleýän ölüler we janly ölülerdir, ýagny perişdeler, ynsanlar, guşlar we haýwanlardyr. Pählewi dilinde bir pars kitabyny okapdym: Zarduşitdan: “Jandarlar näçe hili bolýar?” diýip sorapdyrlar. Olam: “Gepläp bilýän jandarlar, geplemeýän, emmä ölüp barýan jandarlardyr, diri ölülerdir” diýip jogap beripdirler. Diýmek, janly-jandarlaryň barynyň öljekdigi we hiç kimiň ajalyndan öň gitmejekdigi bellidir. Oňa görä-de, söweşde ýüregi bire baglap söweşmelidir we şöhratdyr çörege ýetjek bolup jan etmelidir. Emiralmömin Aly ibn Abytalyb ajaldyr ölmek barada şeýle diýipdir: “Men dünýä inen günüm öldüm”. Emma bir gürrüňden başga bir gürrüňe geçjek bolsam, men köp gepiň başyny agyrdaryn, ýogsam köp bilýän köp geplärem diýipdirler. Başdaky gürrüňe gaýdyp geleliň: bilip goýgun, çörek bilen ady şu dünýäde gazanýandyrlar. Rast gazandyňmy, mal-döwlet toplamagyň hem ugruna çykgyn, toplanyňy bolsa ygtybarly saklap, ýerinde harçlagyn. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |