22:51 Kowusnama: Gul satyn almak we onuň şertleri hakynda | |
Ýigrimi üçünji fasyl
Pedagogika we edep-terbiýe
GUL SATYN ALMAK WE ONUŇ ŞERTLERI HAKYNDA Gul satyn alsaň, juda seresap bolgun, çünki adam satyn almak gaty çetin işdir. Gul bardyr, daşyndan göräýmäge, gowudyr, içgin çemeleşdigiň welin, tersine bolup çykýandyr. Adamlaryň köpüsi gul almagy diňe söwdalaşmakdyr öýdýärler, ýöne bilip goýgun, gul satyn almak giden bir ylym hem sungatdyr. Çünki tanamaýan malyny alan adam aldanýandyr, adamy tanamak bolsa örän kyn meseledir. Adamlaryň aýypdyr ýagşy taraplary köp bolansoň, bir aýybyň adamyň gowy taraplarynyň ýüz müňüsini, bir gowy tarapyň bolsa ýüz müň aýyby ýaşyryp bilýändigi bellidir. Adamy parasatlylyk ylmy we tejribeden başga hiç bir zat bilen tanap bolmaz. Parasatlylyk ylmy bolsa tutuşlygyna pygamberlere degişlidir, ony iň kämil görnüşde pygamberlerden başga hiç kim bilip bilmez. Diňe pygamberler öz parasatlylyklary bilen adamyň ýagşy we ýaman taraplaryny kesgitläp bilerler. Emma muňa garamazdan, öz bildigimden, ilden eşidenlerimden misil tutup, men saňa gul satyn almagyň şertleri hakynda gürrüň bersem diýýärin. Bilip goýgun, gul almagyň üç şerti bardyr: olaryň birinjisi gullaryň aýyplaryny we gowy taraplaryny parasatlylyk bilen bilmek ukybydyr. Ikinjisi daşky sypatlaryna görä, onuň gizlin we aç-açan ýetmezçiliklerini bilmek, üçünjisi bolsa jynslaryny, olaryň ýetmezçiliklerini hem-de gowy taraplaryny tanamakdyr. Pähim-paýhaslylygyň ilkinji şerti şeýledir. Gul satyn alýarkaň hemme taraplary barada ykjam oýlangyn, çünki gullaryň hyrydarlary iki hili bolýandyr: biri guluň diňe ýüzüne seredýändir, emma göwresine, beýleki taraplaryna bolsa baş galdyrýan däldirler; başga biri guluň ýüzüne seretmez-de, galan ýerlerine üns berer, syratlylygyna, owadanlygyna ýa etli-ganlylygyna sereder. Emma kim seniň guluňa hyrydar çyksa, ol ilki bilen onuň ýüzüne, soň galan ýerine sereder. Diýmek, iň gowusy, guluň görmegeýini saýlap almakdyr, çünki özüň hem hemişe onuň bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolarsyň. Sen ilkinji nobatda guluň gözi bilen gaşyny synlagyn, soňra burnuna, onsoň iki dodagy bilen dişlerine, iň sonuňda hem saçyna seretgin. Keramatly Kadyr Alla ynsanyň ähli gözelligini gözi bilen gaşyna, näzikligini burnuna, şirinligini dodaklary bilen dişine, nepisligini ýüzüne jemläpdir, kellesindäki saçlaryny bolsa bularyň hemmesiniň bezegine öwrendir. Şondan soň sen guluň galan ýerlerini synlagyn. Eger sen onuň gözi bilen gaşynda gözelligiň, burnunda näzikligiň, dodakdyr dişlerinde şirinligiň, hamynda tämizligiň bardygyny görseň, ikirjiňlenmän algyn, göwresine, eline-aýagyna baş galdyrmagyn. Bularyň hiç biri bolmaýanynda, ol mylakatly bolsun. Meniň garaýşyma görä, gözelligi bolmadyk mylakatlylyk, mylakatlylygy bolmadyk gözellikden has gowudyr. Onsoňam, gul belli bir iş üçin gerek diýýärler. Şonuň üçinem, guly haýsy sypatlara görä, nähili pehim-paýhas bilen satyn alyp boljakdygyny bilmek hökmandyr. Ol uzynlykda-gysgalykda, semizlikde-arryklykda, aklykda-garalykda, gödeklikde-näziklikde, boýnunyň ýogynlygynda-inçeliginde, saçynyň gatylygynda-ýumşaklygynda çen-çak bolmalydyr. Gul sagyrlak, ýumşaget, serwikamat, nurana, dikgöwre, ýumşak saçly, garagöz, galamgaş, owadanburun, inçebil, alkymlak, dişi ak bolmalydyr, bedeniniň ähli synalary aýdanlaryma laýyk gelmelidir. Gul nurana, polady ýumşak, hoşgylaw bolsa, ol wepaly, dilewar we ukyply bolguç bolýandyr. Öý hyzmatlary üçin alynýan guluň alamatlary: syratly, ýylmanak hamly, saryýagyz, jozzuk ýüzli, etli-ganly, ýasy penjeli, giň maňlaýly, çalymtyl-gara gözli, şähdaçyk bolmalydyr. Bular ýaly gul hünär öwrenmäge, öý işlerini alyp barmaga, kätipligi ýöretmäge, hazyna sakçylygyna we beýleki işlere gabyldyr. Sazandarlyk üçin alynjak guluň teni çeýe, hortaň, aýratyn hem sagry tarapy arryk, barmaklary inçe bolmalydyr. Emma jozzuk ýüzli guldan gaça durgun, ol hiç zat öwrenip bilmez. Guluň eliniň aýasy ýumşaksy, barmaklary ýaýraň, ýüzi-gözi nurana, hamy näzik bolmalydyr. Saçlary uzynam, gysga-da, juda moram, juda gara-da bolmaly däldir, gözi çalymtyl-gara, dabanynyň aşagy tekiz bolmalydyr. Şeýle gul her hili nepis işleri, aýratyn hem sazy çalt öwrener. Harby işe çulum guluň saçy gaty, boýy uzyn, syratly, berk bedenli, gujurly, barmaklary gataňsy, süňkleri berk, hamy we bedeniniň synalary gödeňsi, sepişekleri berdaşly, bogunlary uzyn, teniniň damarlary dartylyp, görnüp duran, aýalary ýasy, döşi gapak ýaly, gerdenlek, ýeňsesi çapgy ýassygy ýaly bolmalydyr. Eger saçynyň tüýleri düşen bolsa, has hem gowy, garny çekik, bili inçe, ýöräninde baldyrlary ýokary dartylýan, ýüzi hyrsyz, gözleriniň içi gyzaryp duran bolmalydyr. Beýle gul söweşde gaýduwsyz hem ugurtapyjy bolýandyr. Haremhana üçin gerek gul garaýagyz, yzgytsyz, bisyrat, agajet, saçynyň tüýi inçe, ysgynsyz gürleýän, aýaklary inçe, pökgi dodak, ýemşik burun, gysgabarmak, çöpboýun bolmalydyr. Şeýle gul haremhanada hyzmat etmäge laýykdyr. Emma saryýagyz, güler ýüzli gul muňa laýyk däldir. Çypar guldan, aýratyn-da saçlary ýüzüne düşüp duran guldan ätiýaçly bolgun, olar gözleri nemli, kalplary gamly, aýalbap ýa-da arada gezer bolýandyrlar. Utanç-haýany bilmeýän orta ýaşly gul atbakarlyga saz gelýändir. Ol gürgaşly, gabaklary çiş, gökgöz, gözleriniň agy gyzyl menekli, dodaklary uzyn, dişleri syrtaryp duran, agzy uly bolýandyr. Bularýaly gul juda haýasyz, şermende, biedep, garasöýmez we yrsaraýjy bolýandyr. Aşpezlige gerek, içerä seredýän guluň alamatlary şular bolýandyr: onuň jemaly tämiz, teni arassa, ýüzi tegelek, el-aýaklary gelşikli, gözleri mawy, boýy uzyn, geplemezek, saçy mor we uzyn bolmalydyr. Beýle gul işe çulumdyr. Agzan şertlerim barada gürrüň etsek, bar bolan nesiller barada maglumat toplamak gerek, olaryň gowy we ýetmezçilikli taraplaryny bilmek zerur. Olary sanap geçeliň... Hindileriň kemçilikleri olaryň tagaşyksyz gepleýänliklerinden, gyrnagyň öýünde olardan bizar bolunýanlygyndan ybaratdyr. Emma hindileriň nesilleri beýleki halklaryňky ýaly däldir, sebäbi beýleki halklarda hemmeler birek-birek bilen garyşyp gidýän bolsalar, hindiler beýtmeýärler. Adam ata eýýamyndan bäri gelýän adata görä, ýekeje hünärment hem başga hünärment bilen garyndaş bolýan däldir, bakgal gyzyny bakgala berip, gyz alnanda bakgaldan alýandyr, etçiler etçiler bilen, ýer sürüjiler ýer sürüjiler bilen, esgerler esgerler bilen, brahmanlar brahmanlar bilen guda bolýandyrlar. Şonuň üçinem, olaryň her bir taýpasynyň, her bir nesliniň öz hüý-häsiýeti bardyr, men olaryň baryny salgy berip oturyp biljek däl, onda kitabyň ugry üýtgejek. Ýöne olaryň iň gowulary hem hoşamaý, hem paýhasly, hem dogruçyl, hem batyr, hem hojalykçy bolýarlar – olar brahmanlardyr we alymlardyr. Nubalylar bilen hebeşleriň aýyplary beýlekileriňkä görä azdyr, hebeşler nubalylardan gowudyr, sebäbi olar Pygamberiň (s.a.w.) (goý, onuň öýüne nur ýagsyn) aýdanlaryny dillerinden düşürýän däldir. Ynha, bu olaryň her biriniň nesli, aýypdyr gowy tarapy baradaky ylymdyr. Indi üçünji şert barada: ol seniň käbir alamata görä olaryň gizlinu-açyk keminden habarly bolmalydygyňdan ybaratdyr. Sen muny öwrenseň, ahmal bolup, guly bir bakyşda satyn almarsyň. Çünki ilkinji gezek göreniňde, göze ybaly görnenleriň köpüsi soňra bisyrat bolup çykarlar, ilki bisyrat görnenler, soňra hoşroý bolup çykarlar. Onsoňam, ynsanyň keşbi hemişe bir durkunda durmaýar, ol kä hoşroý görünse, kä bedroý görünýär. Nazaryňdan hiç zat sypyp galmaz ýaly, guluň bedeniniň ähli synalaryny birkemsiz synlagyn. Birgiden gizlin dertler hä diýmän ýüze çykjak bolup durandyr, ýöne entek ýüze çykan däldirler, olar sanlyja günden ýüze çykjakdyrlar. Onsoň, olaryň hem alamatlary bardyr. Mysal üçin, ýaňagy birhili sarymtyk öwüsse, dodagynyň renki öçük bolsa, gözleri perişan görünse, bu babasylyň alamatydyr: gabaklary hemişe pökgerip dursa, onda ol istisga keseline uçrapdyr. Gözi gyzaryp, maňlaý damarlarynyň dartylyp durmagy ýürek tutgaýyndan habar berýändir. Kirpikleriň haýal gyrpylyp, dodaklaryň ýygy-ýygydan tirpildemegi göwnüçökgünligiň nyşanydyr. Burun süňküniň egrelip, onuň gyşyk bolmagy burun babasylynyň we burundan gan gelmesiniň işidir. Şargara we juda gaty gür, kä ýerleri has-da gara saçlar olaryň reňklenenliginden habar berýändirler. Eger bedeniň dürli ýerlerinde, adatça tagma basylmaýan ýerlerde tagma ýa bellik görseň, häzirjek bolgun, belki, onda heýwere keseli bardyr, dodaklaryň renkiniň öçügsi görünmegi, gözüň sarylygy sarygetirmeden habar berýändir. Gul alanyňda, arkan ýatyryp, iki böwrüni eliň bilen sypalap görgün, teniniň agyrýan ýeriniň, çiş-pişiniň barlygyny-ýoklugyny anyklagyn. Eger bar bolsa, onda ol bagyr ýa dalak keseliniň bardygynyň alamatydyr. Göze görünmeýän dertlerini birýüzli edeňsoň, onuň göze dürtülip duran kemçiliklerini agtaryp ugragyn: agzynyň, burnunyň porsulygyndan, gulagynyň kerliginden, diliniň peltekliginden, sakawlygyndan, sesiniň ýogynlygyndan seresap bolgun, ýörişine, dişiniň etleriniň pugtalygyna-däldigine üns bergin, garaz, aldatdyrmajak bolgun. Bu aýdanlarymyň baryny berjaý edeniňden we aýdyňlaşdyrmaly zatlary aýdyňlaşdyranyňdan soň, aljak guluň öýüňde-de päkýürek bolar ýaly, ony ygtybarly we arassa adamdan algyn. Pürsýänçe gürleşmeýäni tapsaň, pürsýän almagyn, çünki öňýeten kese ýurtlyny häsiýetiňe uýgunlaşdyrsaň-da, pürsýäni özüňe imrikdirip bilmersiň. Keýpiň tutup, heserlenen çagyň aljak bolýan gullaryňa, çorularyňa başgaldyrmagyn, çünki sermestligiň ýelginine bedroý adam gözüňe peri bolup görner. Sen ilki bilen ýeliňi ýatyrgyn, diňe şondan soňam gul satyn almaga girişgin. Başga ýerde lälik saklanan guly almagyn. Ol gowy saklanyň gadyryny bilmez, çünki ol muňa öň endik edendir, erbet saklap, hülli-hülli etmeseňem, ol gaçar, ýa satylmagyny küýsär, ýa ýüreginde saňa kine saklar. Sähelçe ýagşylyk etseň, minnetdar bolup, saňa ýüreginiň töründen orun berer ýaly, guly öň oňa ýüz berilmedik ýerden algyn. Mahal-mahal gullaryňa pul berip durgun, olaryň pula mätäç bolmagyna ýol bermegin, bolmasa, olar, isleseler-islemeseler, pul gözlegine çykmaly bolarlar. Gul alsaň, gymmat bahaly gul algyn, çünki herki zadyň gadyry onuň gymmaty bilen ölçelýändir. Köp aga gulluk eden guly almagyn, çünki köp ýere baran aýal bilen köp aga gulluk eden gulda höwes ederlik zat ýokdur. Hernä alsaň, gün-günden gymmaty artýan gul algyn. Eger-de gul çyny bilen satylmagyny küýseýän bolsa, ikirjiňläp durmagyn, satgyn. Aýal çyny bilen erkinlige dyzaýan bolsa, gul hem çyny bilen satylmagyny küýseýän bolsa, onda ol aýaldan-da, şol guldan-da eýgilik tamasyny etmegin. Eger gul bilgeşleýin ýaltalyk edip, işde bilkastlaýyn hata goýberýän bolsa, ony zor bilen gowy işletjek bolmagyn, ol hiç haçan menikli, galjaň işgär bolmaz. Şonuň üçin, beýle guly satmak bilen bolgun, çünki ýatany “tur!” diýip oýaryp bolar welin, ýaltany tebil kakybam gymyldadyp bolmaz. Bihepbe keýwanylary töweregiňe toplamagyn. Azaýallylyk ikinji döwletlilikdir. Hyzmatkärleriň terkedip gitmez ýaly, olara hoşgylaw bolgun, barlarynyň gadyryny bilgin, çünki iki sany bihepbe saklandan hepbeli bir adam saklan ýagşydyr. Öýüňdäki gullaryň bir-biri bilen “dogan” okaşmaklaryna, çorularyň bolsa bir-birlerine “uýam”diýmegine ýol bermegin, munuň uly şumluklaryň üstünden eltmegi mümkindir. Gullaryňa we hyzmatkärleriňe güýçleriniň çataýjak işlerini tabşyrgyn, güýçleri çatmadyklar “başaramzok” bahanasy bilen işden ýüz döndermeli bolmasynlar. Özüň bolsa ynsaplylaryň ynsaplysy bolmak üçin adalatly bolgun. Gul öz hojaýynyny atasy, enesi hasap etmelidir. Gul satýany äsgermeýän guly satyn almagyn, eşegiň çopanyndan gorkuşy ýaly, gul hem gul satýandan gorkmalydyr. Bolgusyz bahanalar arap, özüni satdyrjak bolup duran guluň satylmagyndan-alynmagyndan peýda gelmez, şonuň üçin, ony derrew başgasy bilen çalaşgyn. Meniň diýşim ýaly edip, gerekli guly satyn alsaň, janyň dynar. __________________________ - Parasatlylyk ylmy – fiziognomika, adamyň ýüzüne seredip, ýüregini bilmek hakyndaky ylym. - Istisga – köp suw içmek keseli. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |