01:36

Кто мы, как здесь оказались? - Фильм "Дни затменья"

Teatr we kino sungaty
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 217 | Добавил: Moderator | Теги: Boris Bobylew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Moderator  
1471
"Makala bu kinofilmi görmegime sebäp boldy. Şumada çenli beýle kinofilmiñ bardygyndan bihabarlygymy diýsene. Şonuñ üçin Boris şepä müñ kere minnetdar!
Görenler hasap däl, görmediklere bu kinofilmi hökman görmegi maslahat bererdim. Haýsy ugrundan "Oskara" hödürleseñ, ýüzüniñ ugruna baýraga mynasyp bolmaly hakyky sungat eseri.
Türkmen durmuşyny beýle genial suratlandyrýan esere henize çenli duş gelmändim. Diýmek, hemme zady edip bolýar, ony diñe edip başarmak gerek!
A.Sokurow diñe bir režissýor däl, ol hakyky hudožnik, hakyky ýazyjy, hakyky kompozitor!
Ýekeje epizodda müñ dürli öwüşgini, on dürli kartinany utgaşdyryp berip bilýän kartina men diñe "Aýgytly ädim" kinofilminde gabat gelipdim. Ýadyñyzda bolsa, algydarlar "Artygyñ harmanyny" "alamana bir daş" edip durkalar, bir ýanda eşekler depişýärdi, bir ýanda Artyk oýa çümüp otyrdy... Onda dört-bäş kartina birden berilýär. Hakydañyza daşa oýlup ýazylan ýaly haýsy metaforany ýadyñyza salaýyn?! Aýna gaçyp gidende ejesiniñ walalaýlap köpriniñ üstüne çykyp il-güni örüzişi diýjekmi, yz çalyp barýan Pökgi Walanyñ nas kädisini tyrkyldadyp, içýakgyç it ýylgyryşy bilen nas atyşyny diýjekmi?..
Häzirki gury beýanedijilik bilen düşürilýän içgysgynç kinofilmlerimiziñ ýetmeýän zady ine şu! Metafora ýetmezçiligi duýulýar. Ýeke epizodda köp many añladyp bilmeli. Beýle epizodam diñe halkyñ real durmuşyndan susulyp alynanda mümkin bolýar.
A.Sokurowyñ kinofilminde Gündogar we Günbatar şeýle bir täsin utgaşdyrylyp berilýär welin, haýran galmazlyk mümkin däl, muña diñe hristian gonamçylygyny görkezip durka ýañlanýan azany ýa-da filmiñ gahrymany telefonda rusça gürleşip durka añyrsyndan gelýän türkmen aýallarynyñ sesini mysal getirse-de bolar. Dürli-dürli medeniýetler, mentaliletler, öwüşginler, adamlaryñ ýuwmarlamazdan we owadanlamazdan suratlandyrylan gündelik gymyldy-hereketleri şeýle bir garym-gatym edilip inçelik bilen berlipdir welin...
"Дни затмения" nijeme ýylyñ hakyky kino eserine bolan açlygymy "doýurdy". Kinofilme azaby siñenleriñ köpüsi indi aýatda diri däl. Hemmesiniñ ýatan ýeri ýagty bolsun.
Asyrlar geçse, gymmaty gaçmajak eser. Bu kinony dünýä medeniýetiniñ seýrek we gymmatly kinofilmler sanawyna girizmegi teklip edende-de, ýüzüñ utanjak gümany ýok".
("Gündelikden" parça).

0
2 Garadag  
128
Şu film hakda bilemokdym. Tomaşa etmek hyýaly döredi.

0
3 Ependi  
284
Bu kinony menem görüpdim ir döwür, şondan soň göremok. Belki, bize-de wifi çekilip, azajygam bolsa umytdan düşmezimiz ýaly etselerdi, göreris hökman. Kinoň taryhy Krasnowodskide bolýar öýdýän. Ýöne, näme diýsemkäm. Umuman, ruslar bu döwlete gelip, göwniýetmez garaýar, manysy. Edil. owgana gelen ýaly garaýyş döredýär. Dogry, kepbe jaýlar, gara öýler olaň gözünden sypmandyr. Näme diýseňem kino gowy. Taryhda, 20-nji aşyryň rus kinolarynyň iň gowy 100 kinosynyň hataryna girmegi başardy, muny welin aýdyp biljek.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]