17:14 Küýki / detektiw hekaýa | |
KÜÝKI
Detektiw proza
Ganhora demir gapyny açmak kyn düşmedi. Daraklygyna basyp, içerik birinji ädimini äden badyna: - Ýumak, senmi oglum? - diýen ses eşidildi. Ses arassa eşidilipdi. Özem aýalyñ sesi. Ganhor howatyra düşdi. Gelen sesiñ eýesi iki-üç sagat öñ zibil çöpläp ýörkä gabat gelen küýki bolaýmasyn. Aýalyñ ýene seslendi: - Ýumak jan, gel oglum! Daşarky gapa uzaýan kiçijik koridoryñ garañkylygynda aýal bilen ganhor ýüzbe-ýüz gabat gelişdi. Aýal "Kim sen?" diýip gygyryp durka, bir ýandanam elini ýylmanak diwaryñ ýüzüne sermenekläp çyrany ýakmaga çytraşýardy. Hamana koridor ýagtylsa, garañky sudur sumat bolaýjak ýalydy. Beýle bolmady. Çyrany ýakanda eli pyçakly ganhora gözi düşdi. Hiç kimiñ eşitmejegini bilip duranam bolsa, özüne gelişmejek äheñde umytsyz perýat etdi. Perýady-da ýarpy galdy. Ganhor şobada ullakan eli bilen aýalyñ agzyny mäkäm ýapdy. Ganhor pyçagyny aýalyñ bogazyna diräp durka: - Pişigijegiñ uklady - diýdi. Ol mähnet owçarkanyñ serini sämetmese öýe girip bilmejegini çak edipdi. Küýkiniñ öýi şäheriñ ýagty şuglalaryny uzatmaga ýetmeýän bu raýonyñam iñ çola, iñ garañky çetindedi. Beýleki gijegondylar bilen arasyndaky agaçlar, jeññeller, zibil üýşmekleri ganhoryñ duzagyny hasam amatly ýagdaýa getiripdi. Howlyñ çalamydar derwezesinden giren badyna öýüñ öñünde garawulçylyk çekip ýatan owçarka gözi düşüpdi. It ýuwaşlyk bilen hyñranyp başlandan ganhor çaltlyk bilen öñe atylyp huşdan gideriji spreýi itiñ ýüzüne pürküpdi. Görgüli Ýumak zaryn uwlap ýere ýykyldy ýatyberdi. Galareýaçynyñ ýiten goly-da çak edişi ýaly şu ýerde bolmalydy. Itiñ gemiren uzyn süñkünden häzirem ganly et bölekleri sarkyp durdy. Zyýapatyñ daşynda galan eliñ üç barmagy eýwana zyñlypdy. Ganhor aýaly öýüñ ýeke otagyna çekdi. Tagta diwanyñ üstünde inçejik düşek, birtopar odeýal, suw gaplary we boçkalar dagap ýatyrdy. Ýanmaýan kiçijik pejiñ üstünde çäýnekdir ýuwulmadyk käseler bardy. Ol aýalyñ keltejik buýra saçyndan gelýän sabynyñ ysyny içine çekdi. - Bol aýt, küýki nirede? Sen kim? - Ýok öýde. Ol bu gije gelmez. - Ýalan sözleme, öldürerin seni. Nirde ol? - Bilemok. Küýki başga nirde bolup biler? Onuñ şu howla girenini gözi bilen görüpdi. "Öñünde-soñunda öýüne-hä gelmeli bor" diýip pikir etdi. Garaşmalydy. Häzir ol bu aýaly-da öldürmeli boljakdy. Içinden "ýeri, bolýa, iñ bolmanda bu aýal" diýdi. Ýigrenji küýkini öldürmek onuñ hiç mañzyna batmaýardy, hatda ýüregini bulaýardy. Sataşman geçen, nirden sataşdy diýsene. Edil öñünden meýilleşdirişi ýaly galareýaçynyñ işini bitirdi. Jesedi böleklere bölüp, aýry-aýry sellofan paketlere salyp goýdy, soñam awtoulagynyñ bagažyna atdy. Zibil ýaşşikleriniñ ýanyna gelende, adam-gara görünmänkä jeset böleklerinden dynmaga gyssandy. Üç paketiñ soñkusyny almak üçin awtoulagynyñ bagažyna tarap ýöränden, añyrky trotuarda duran küýkä gözi düşdi. Egnindäki galyñ penjek, palto, kellesindäki kaska onuñ göwresiniñ arka ýüzündäki tümmerip duran uly büküri gizläp bilmändi. Göz-göze kaklyşdy. Elbetde, şol garañkylykda biri-birleriniñ ýüzüni saýgarybam bilmeli däldi, emma küýki ganhoryñ ganhorlugyny barybir duýjakdy. Iru-giç zibili dörjeläp, paketleriñ üstünden barardy. Üstesine awtoulagyñ döwlet belgisine-de üns beren bolmagy mümkin. Ätiýaçlygy elden berer ýaly däldi. Aslynda şol duran ýerinde-de işini bitiräýmelidi. Daş-töwerekde adam-gara ýokdy. Emma küýkiniñ añyrsyndaky äpet nemes owçarkasyny gören badyna muña milt edip bilmedi. Ýene-de bir durkuny üýtgetmän, paketlerini zibilden yzyna çykaryp, gaýtadan awtoulagynyñ bagažyna salypdy. Howpsuzlyk wideokameralarynyñ gözüne ilmezden jesetden gutylyp boljak ýene birnäçe ýeri bilýärdi. Awtoulagyna münüp, ol ýerden daşlaşdy. Köçäniñ garañkylygyna bakan zymdyrylyp barýarka, bir ýandan awtoulagyñ gapdal aýnasyndan küýkiniñ yzyndan seredip galanyny gördi. Başga bir zibilligiñ öñüne gelip, birinji paketi bagaždan çykaranda bolsa, gahardan ýaña däliräre geldi. Paketiñ düýbi ýyrtylanneken. Galareýaçynyñ iki goluny bir ýere goýanyny bilýärdi. Paketde diñe bir gol bardy. Küýkini öldürmäge-de yzyna dolanyp goly tapmanynda belli karara geldi. Gaýdyp gelende küýki häzirem öñki köçäñ ugrunda durdy, yzyndaky iti-de ondan daşlaşyp barýardy. Öýüne çenli yzarlap gelip, howlynyñ derwezesinden içeri girenini görüpdi. Indem onuñ öýde ýoklugy geñdi. Awtoulagyny garañkylykda durzup durka öýden çykyp gidenini görmedik bolarly. Garyplary öldürmegi näler halamaýardy. Olaryñ köpüsi hapysa bolýar, özem ýanlarynda alar ýaly kör-köpük pullary-da ýok, derege ýarar ýaly gymmatbahaly zatlary-da. "Bagyr-öýkeni bäş köpüge degmeýänlerden-dä..." diýip, syrtardy. Az-owlak keýpi gowulandy. Uzak wagt bäri öldürmegi netine düwen aýaly bilen ýakynlyk etmändi. Tolgundy. Gulaklary lap-lap gyzmaga başlady. Hyjuwa atlananda onuñ gulaklary gyzýardy. Birem öldürmezden öñ. Bir elini aýalyñ teninde gezdirmäge başlady. Eli aýalyñ çep göwsüni tapanda: - Sen, bu küýkiñ aýalydyñmy? - diýip hümürdedi. Aýalyñ ýüregi bulandy. - Saklan! - diýip gygyrdy. Ganhoryñ eli aýalyñ iñ çuñ gorkusyna degýärdi. Ençeme ýyllap küýküsiniñ aşagynda saklan gyzlygyna. Bögürmäge başlady. Iki eplenip ögäp durka, ganhor pyçakly elini aşak goýberdi. Edil şol wagtam aýal düýrlenip onuñ iki aýagynyñ ortasyna duýdansyz ýumruk saldy. Ganhor satanyny tutup iñläp ýatyrka, aýal ýere gaçan pyçagy garbap alyp, onuñ boýnundan sokdy. Soñra böwrüne, birnäçe gezegem kükregine sokup çykardy. Gara gan bolup birsellem oturdy. Onuñ gözlerinde puşmançylygyñ ýa-da aljyraññylygyñ zerre alamaty ýokdy. Gaýtam tersine, arkaýynlaşypdy. Näme etjegini gowy bilýärdi. Pejini ýakdy. Özüne çaý demlendi. Kitrileri dolduryp, pejiñ üstünde goýdy. Daşary çykyp, Ýumaga seretdi. It uklap ýatyrdy. Dañ atmanka aýal daş-töweregi arassalamalydy, item oýanansoñ öz paýyna düşen işi etmelidi. Ilki uzyn-uzyn üýrmelidi. Belli bir wagtdan soñ üýrmelerine jogap gelip, gijegondy raýonynyñ, hatda ýanaşyk raýonlaryñ ähli itleri gezekli-gezeginde, soñra hemmesi bilelikde üýrmelidi. Soñra hemmesi küýkiniñ öýüne zyýapata gelmelidi. Şu töwereklerde ýaşaýan adamlaryñ it üýrmelerine, hyrlaýyşlara üns bermegine garaşyp bolmaýardy. Her gün irden gün dogup-dogmanka oýanýan şäheriñ adamlary şol wagt düýşleriniñ iñ gyzykly ýerini görüp ýatyrdylar. Ir säher bilen zibil ýaşşiginiñ ýanyndan geçende azajyk üns berip seretseñ, gözüñe iljek ýek-tük süñk böleginiñ şol ganhora degişlidigini hiç kimse bilenokdy. Soñra ýene gije bolanda küýkiniñ öýünden bir aýal çykdy. Bu gezek küýkisini arkasyna dakmazdan. Ýanynda-da ýekeje iti, egninde ençeme ýyllap geýmedik gyzlygy, jübüsinde ganhoryñ puly bilen şol raýonyñ köçelerinden soñky gezek geçdi. Ebru ÇÖKMEZ, türk ýazyjysy. "DEDEKTIF" žurnaly, 26.03.2024 ý. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |