22:02 Kuýbyşewiň egindeşi: Sergeý Timoşkow | |
KUÝBYŞEWIŇ EGINDEŞI
Taryhy şahslar
Özüniň bütin manyly ömrüni Türkmenistan bilen baglanyşdyran, onuň adamlaryny çuň ýüreken söýen, bu rus adamsy hakda men öňem telim sapar eşidipdim, telim sapar onuň adyna gazet-žurnallaryň sahypalarynda gabat gelipdim. Ynha-da, meniň öňümde onuň dürli ýyllarda aldyran suratlary: ine, onuň men diýen wagty – Zakaspi front topar goşunlarynyň 25 ýaşly komanduýuşisi öz esgerleri bilen, G.Atabaýew, N.Paskutskiý dagy bilen egin-egne berip dur, ine-de Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda general egin-eşikli komandir, ynha-da türkmen ýaşlarynyň arasynda... Ol uzak ýyllaryň dowamynda Moskwada ýaşasa-da, türkmen topragyndan aýagyny üzenokdy. Göwni hemişe türkmen ülkesini küýseýärdi, Garagumuň tämiz howasyndan dem almagy arzuw edýärdi. Köplenjem türkmenistanly ýaşlar bilen duşuşmagy gowy görýärdi. Şonda ol galagoply ýyllarda geçen ýaşlyk ýyllaryny ýatlaýardy... TERJIMEHALYNDAN: Ol 1985-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Smolensk guberniýasynyň Şumýaçsk uezdiniň Zimnisa obasynda dünýä inýär. Ata-enesi daýhan adamlardy. On baş maşgalany eklemek ýeňil däldi. Onuň üstesine-de Sergeý 5-7 ýaşlaryndaka ata-eneden mahrum bolýar. 1906-njy ýylda dini mekdebi tamamlaýar. Soň ol bir ýarym ýyllap dini mugallymlar mekdebinde okaýar. Oňa mekdebi tamamlamak miýesser etmeýär. Dogany Kondratiý halk mugallymy bolup işleýärdi. Ol Sergeýi 1910-njy ýylda Poloskidäki mugallymlar seminariýasyna okuwa salýar. Ol bu ýerde dört ýyllap okaýar. 1915-nji ýylda ony Wilnodaky harby uçilişä alýarlar. 1916-njy ýylyň ýanwarynda ol şol uçilişäni tamamlaýar. Fewral rewolýusiýasyndan soň, goşunda komitetler döredilýär. 30-njy Türküstan atyjylyk polkunyň 2-nji pulemýot komandasynyň esgerleri ony polk komitetiniň çlenligine saýlaýarlar. Ikinji gezekki saýlanyşykda es-erleriň hem-de menşewkileriň agdyklyk etmegi zerarly ony polk komitetine saýlamaýarlar. Ýöne ol şol wagtlar bolşewik Pawel Martynowiç Sybenkonyň döreden kružogyna gatnaşýardy. Ol öňki halk mugallymydy. Poruçik, 30-njy Türküstan atyjylyk polkunyň 10-njy rotasynyň komandiridi. Beýik Oktýabr rewolýusiýasy döwründe ofiserlaryň köpüsi Dona, general Kalediniň sürenine garşy ökje göterse, olaryň köpüsini esgerler polkdan kowýardylar. Ine, şo günler esgerler Timoşkowy 30-njy Türküstan atyjylyk polkunyň pulemýot komandasynyň naçalnikligine saýladylar. ...1918-nji ýylyň iýulynyň ortalarynda otrýad Aktýubinskiden Daşkende çagyrylyp, Zakaspä tarap ugradylýar. Şol döwürde ak gwardiýaçylara iňlis interwentleriniň goldaw bermegi netijesinde Aşgabatda kontrrewolýusion agdarylyşyk etmek başardypdy. Zakaspide Sowet häkimiýetini halas etmelidi. Bu aýgytly döwür hakda TSSR YA-nyň akademigi Şamyrat Täşliýew özüniň “Türkmenistanda graždanlyk döwri we iňlis harby interwensiýasy” atly iki tomlyk kitabynda jikme-jik gürrüň berýär. 1919-njy ýylyň 3-nji iýulynda Kaka ugrundaky aldym-berdimli söweşde Zakaspi topar goşunlarynyň komandýuşisi A.P.Sokolow agyr ýaralanýar. Şondan soň goşun komandýuşiligine polk komandiri Sergeý Timoşkow bellenýär. Timoşkowyň Gyzyl Goşun bölümini söweşlere ruhlandyrmakda görkezen edermenliklere hakda arhiw materiýallary şeýle söhbet açýar. ARHIWDEN: Zakaspi topar goşunlarynyň komandýuşisi ýoldaş Timoşkowa, 1919 ý. 11 dekabr. 12 sag. 10 min. Gazanjyk stansiýasy. Bütinrussiýa Merkezi Ispolnitel Komiteti, işçiler, daýhanlar, gyzyl goşun esgerleri hem-de kazak deputatlar sowetleri, Türküstan frontunyň Rewolýusion Soweti karar edýär: Zakaspi topar goşunlarynyň komandýuşisi Timoşkowy ýeňilmez Gyzyl Zakaspi frontunda görkezen gaýduwsyzlygy we aýgytly işleri üçin 8815604 nomerli kümüş sagat bilen sylaglamaly... Türküstan frontynyň Rewwoýensowetiniň çleni W.Kuýbyşew. Sekretary P.Belousow.” *** “Komanduýuş Timoşkowa 1919 ý. 17.12.08 sag. 55 min. Razwedkanyň iberilýän ýeri Aýdyň stansiýasy. Artilleriýanyň yzy Aýdyň stansiýasyna tarap däl-de, megerem, demirgazyk-demirgazyk-gündogara tarap barýar. Muny karta takyk görkezýär. Biz ýolumyzy dowam etdirýäris, ýöne bu habary men howlukdyrmak maksady bilen ibermegi göwnemakul bildim. Biziň barýan ugrumyzdan 16-njy polkuň wzwody geçip gidipdir. Muny biz olaryň yzyny görüp hem-de bir azaşan kazagyň aýtmagy boýunça anykladyk. Türküstan Rewwoýensowetiniň çleni W.Kuýbyşew.” *** TERJIMEHALYNDAN: Ol 1922-nji ýylyň oktýabryndan 1924-nji ýylyň noýabryna çenli RKKA-nyň harby akademiýasynda okaýar. Sowetleriň Bütintürkmenistan birinji gurultaýynda TSSR MIK-niň çlenligine, TK(b)P-niň birinji gurultaýynda bolsa ol Merkezi Sowetiň çlenligine kandidatlyga saýlanýar. TSSR Harby komissary, TSSR territorial uprawleniýesiniň naçalnigi bolup işleýär. 1926-njy ýylyň oktýabrynda ol 31-nji Stalingrad atyjylyk diwiziýasynyň komandiri hem-de harby komissarlygyna bellenýär. Ol şol döwürlerde BK(b)P Stalingrad okružkomynyň býurosynyň çlenligine, Nižnewolsk ülke komitetiniň çlenligine saýlanýar. Sowetleriň Bütinrussiýa sekizinji, Sowetleriň Bütinsoýuz dördünji gurultaýlarynyň, BK(b)P-niň XV gurultaýynyň işine delegat bolup gatnaşýar. 1930-njy ýylda S.Timoşkow M.Frunze adyndaky akademiýa mugallym bolup işe iberilýär. Ol bu ýerde on üç ýyllap mugallymçylyk edýär. 1943-nji ýylyň oktýabryndan söweşjeň goşunyň hatarlarynda bolýar. 1-nji we 2-nji Ukraýina frontlarynda, 51-nji atyjylyk korpusynyň komandiriniň orunbasary, 38-nji Gyzyl Baýdakly Dnestr atyjylyk diwiziýasynyň komandiri bolýar. Karpat daglaryna hüjüm ediş operasiýasynyň bütin dowamynda 51-nji atyjylyk korpusyna ýolbaşçylyk edýär. 1944-nji ýylyň oktýabrynda general Timoşkow Tissa derýasynyň boýundaky söweşleriň birinde agyr ýaralanýar. TIMOŞKOWYŇ ÝATLAMASYNDAN: 2-nji Ukraýina frontunyň 40-njy armiýasynyň sostawyna girýän 38-nji Gyzyl Baýdakly Dnestr atyjylyk diwiziýasy 1944-nji ýylyň oktýabr aýynyň ahyrlarynda hüjüm edip, Dunaýyň uly goşantlarynyň biri bolan Tissa derýasyna ýetipdi. Derýanyň günbatar kenarynda nemes-wenger goşunlary goranyşdady. 1944-nji ýylyň 1-nji noýabrynda men – 38-nji atyjylyk diwiziýasynyň komandiri, artilleriýa korpusynyň komaduýuşisi polkownik Kruglow, artilleriýa diwiziýasynyň komanduýuşisi polkownik Kaçin, razwedkaçy ofiser hemem radist, starşiý seržant Putinsow dagy bolup derýadan geçiljek ýeri görmäge ugradyk. Emma duşman artilleriýasynyň oka tutmagy netijesinde şo gezek polkownikler Kruglow bilen Kaçin wepat boldy. Meniň bilen razwedkaçy ofiser ýaralandy. Radistimize bolsa hiç zat bolmady. Şofýordyr radistiň kömegi bilen wepat bolanlar hem-de ýaralananlar medsanbata getirildi. Ol ýerde ýaralananlara ilkinji medisina kömegi berdiler. Soňra meniň ýanyma radist Putinsowy goşup, wenger şäheri bolan Ntiredhazde ýerleşýän front gospitalyna ugratdylar. Gospitalyň nobatçy wraçy meni alada bilen gurşap alyp, aýratyn palatada ýerleşdirdi. Aradan birnäçe wagt geçensoň, ol meniň ýanyma gelip, öz gospitallarynda meniň bilen familiýadaş starşiý leýtenantyň ýaradar bolup ýatandygyny habar berdi-de: “Oň bilen garyndaşlygyňyz ýokdur-da?” diýip sorady. Men oňa özümiň Boris atly oglumyň bardygyny, özüniňem starşiý leýtenantdygyny, batareýa komandirlik edýändigini aýtdym. Şo wagt ondan nähili ýarasynyň bardygyny soradym. Ol düşen ýaranyň ömür üçin howply däldigini aýtdy. Wraç menden familiýadaş ofiser hakda doly maglumat almagy özüne rugsat bermegimi sorady. Ol gidensoň, meni alada gaplap aldy. Öz ýaramy unydypdyrn. Haý diýmänem, wraç palata girip, ol ýaraly ofiseriň meniň oglumdygyny aýtdy. Ony meň ýanyma geçirmegimi teklip etdi. Men onuň teklibini bada-bat goldadym. Aradan salym geçmänka palatama boş krowaty getirdiler. Yzyndanam nosilkada oglumy palata saldylar. Ýaradar ata-ogluň duşuşygyny söz bilen beýan etmek kyndy. TERJIMEHALYNDAN: 1945-nji ýylyň sentýabryndan Timoşkow harby akademiýada. Ol bu ýerde 1946-njy ýylyň dekabryna çenli işleýär. Saglyk ýagdaýy sebäpli otstawka çykýar. Harby ylymlaryň kandidaty, general-maýor S.P.Timoşkow Lenin ordeni, Gyzyl Baýdak ordeniniň ikisi, Horezm respublikasynyň Gyzyl Baýdak ordeni, II derejeli Suworow ordeni, II derejeli Kutuzow ordeni, Watançylyk urşunyň I derejeli ordeni, bäş medal bilen sylaglanypdy. • Hatlar “Hormatly Sergeý PROKOFÝEWIÇ! Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda faşistik leşgerlerini derbi-dagyn etmekde sowet esgerleriniň şöhratly söweşleri hakda giňişleýin materiýal toplamagy maksat edindim. Şonuň üçinem men Siziň komandirlik eden goşun bölümleriňiziň aýratyn gahrymançylyk görkezen söweş wakalary, ofiserlerdir esgerleriň, gaýry sowet graždanlarynyň uruş ýyllaryndaky edermenlikleri dogrusynda ýadyňyzda galan söweş hereketlerini ýazyp, maňa ibermegiňizi haýyş edýärin... Sizi hormatlamak bilen R.Malinowskiý, 1963-njy ýylyň 7-nji dekabry.” • TIMOŞKOWYŇ MARŞAL BAGRAMÝANA ÝAZAN HATYNDAN: “...Ýoldaş Kuýbyşew ýöriş wagtynda biziň ýanymyzda birnäçe günläp bolmak bilen, Zakaspi topar goşunlarynyň komanduýuşisi hökmünde meniň söweşjeň işime gowy göz ýetirdi hem-de muňa gaty göwni ýetdi. Ol meni 1918-nji ýylda BMIK-niň adyndan “Işçi-daýhan goşunyň päk ýürekli esgerine” diýen ýazgyly sagat bilen sylaglady. Şeýle hem yzyna – Daşkende barýarka, ýolda telegraf arkaly maňa mähirli salamnama iberdi. Daşkende barandan soň, şol wagt Samaradan söweşip ýören Türküstan frontunyň komanduýuşisi M.W.Frunze bilen göni prowod arkaly gürleşip, Zakaspi diwiziýasyna komandir ibermese-de boljakdygyny (Zakaspi topar goşunlary diwiziýa öwrülipdi), munuň üçin o ýerde mynasyp kandidatyň (meniň adymy tutup) bardygyny habar berýär. Soň, 1920-nji ýylyň 18-nji martynda Frunze Aşgabada gelende, söweşlerde tapawutlanan esgerleriň, komandirleriň, syýasy işgärleriň birnäçesini hem-de meni Gyzyl Baýdak ordeni bilen sylaglady. 1920-njy ýylyň dekabrynda Sowetleriň Bütinsoýuz sekizinji gurultaýynda delegat hökmüne iberilmegim, meniň bitiren hyzmatlaryma berlen bahadyr”. *** “Gadyrly Sergeý PROKOFÝEWIÇ! Türkmen topragyny ak gwardiýaçylardan hem-de interwentlerden azat etmekde Siziň bitiren hyzmatyňyz ägirt uludyr. Şonuň üçinem Siz gyzgyn söýgä mynasypsyňyz. Men Size tüýs ýürekden buýsanýaryn. Rus dilinde çykan “Aýgytly ädim” romanyny men size çuňňur minnetdarlyk we ýürekdeşlik duýgusy bilen iberýärin. Men ony ýazan wagtym Siziň işleriňizden gaty köp peýdalanmaly boldum. Roman 16-njy ýyldan 20-nji ýyl aralygyndaky Türkmenistanda bolup geçen uly wakalary öz içine alýar. Kitapda hereket edýän gahrymanlar esasan, toslanyp tapylan adamlar. Kitap dünýäniň esasy dillerinde çap edilmegine garamazdan, onda ýalňyşlyklaryň hem-de kemçilikleriň bar bolmagy gaty ahmal. Sergeý Prokofýewiç, eger Aşgabatda bolaýsaňyz, onda biziň gapymyz Siziň üçin giňden açykdyr. Men Siziň bilen söhbetdeş bolmaga, ýatdan çykmajak günler hakda çaý başynda ýatlaşyp oturmaga örän şat bolapdym. Men Size uzak ýaş, berk jan saglygyny, bagtyýar durmuşy arzuw edýärin. Ýürekdeşlik salamy bilen Kerbabaýew. Aşgabat H.Babaýew köçesiniň 3-nji jaýy. 19.1.58. ý.” *** “Ýoldaş Kerbabaýewe G.S.Atabaýewiň Türkmenistandan daşarky işleri hakda käbir maglumat 1.Türküstan ülke komitetinde milli gyşaryjylaryň agdyklyk etmegi, olaryň leninçilik milli syýasata garşy gitmegi sebäpli, ol 1920-nji ýylyň iýunynda ýatyrylýar. 1920-njy ýylyň 19-njy iýulynda täze wagtlaýyn TK(b)P MK düzülip, onuň hataryna şo döwürde Zakaspi oblastynyň rewkomynyň başlygy bolup işleýän G.S.Atabaýew hem girizilýär. 2. 1920 -nji ýylyň 12 – 18-nji sentýabrynda Daşkentde geçirilen Türküstan K(b)P-niň bäşini gurultaýynda Atabaýew TK(b)P MK-nyň çlenligine saýlanýar. 3.1920-nji ýylyň 19 – 25-nji sentýabrynda geçirilen Türküstan Respublikasynyň Sowetleriň dokuzynjy ülke gurultaýynda Atabaýew gurultaýyň prezidiumynda. 4. Türküstan respublikasynyň MIK-niň 1920-nji ýylyň 26-njy sentýabryndaky plenumy Atabaýewi Türküstan ASSR-niň Halk Komissarlar Sowetiniň başlyklygyna saýlaýar. 5. Atabaýew Sowetleriň Bütinrussiýa sekizinji gurultaýynyň delegaty (1920-nji ýylyň dekabry). Bu gurultaýda ol RSFSR MIK-niň çlenligine saýlanýar. 6. 1921-nji ýylyň 10 – 20-nji awgustynda Daşkentde geçirilen TK(b)P-niň altynjy ülke gurultaýynda Atabaýew TK(b)P MK-nyň çlenligine saýlanýar. 7.RK(b)P MK-nyň Türkbýurosy Fergana oblastynyň basmaçylar göreşiniň ýiti häsiýete geçmegi sebäpli o ýere Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy G.S.Atabaýewiň ýolbaşçylygynda adatdan daşary komissiýa iberdi. Bu ýerde bolan wagty duşmanlar G.S.Atabaýewiň alyp barýan işi bilen baglanyşykly her hili myjabat-töhmetlerden gaýtmadylar. 8. 1923-nji ýylyň 11 - 16 martynda Daşkentde geçen Türküstan Kommunistik partiýasynyň VII gurultaýynda Atabaýew TK(b)P MK-nyň çlenligine kandidat edilip saýlanýar. S.Timoşkow, harby ylymlaryň kandidaty, harby taryhy kafedrasynyň dosenti. 1963-nji ýylyň 4-nji apreli.” *** “Gadyrly Sergeý Prokofýewiç! Men Size Moskwada bolan RSFSR Sowetleriniň dokuzynjy gurutaýyndan (sekizinji – A.Ç.) alnan suratyň göçürmesini iberýärin. Muny maňa şol gurultaýa gatnaşan Wasiliý Gawrilowiç Kolçin iberdi. Ol bu suratda ýokarky hatarda Atabaýew bilen bile bir ýerde dur. Ýalňyşmasam, çepden aşakda duran Siz bolmaly, bir adam aňyrda Paskutskiý, ýerde oturan megerem Tumailow bolsa gerek. Suratda Atabaýewden başga-da üç-dört sany türkmen bar weli, ýöne men olary tanap bilmedim, belki, Siziň tanaýanlaryňyz bardyr. Atabaýew hakdaky kitabym şu ýylyň noýabrynda rus dilinde özümizde çykmaly. Ony men Size hökman ibererin. Aziýa we Afrika ýurtlarynyň ýazyjylarynyň Bakuda geçiriljek konferensiýasyna gatnaşmaga taýýarlyk görýän, o ýerdenem Moskwa, Bolgariýa, Rumyniýa syýahata gitmekçi. Size berk jan saglygyny, üstünlik arzuw edýärin.Ýürekdeşlik salamy bilen, B.Kerbabaýew. 1966-njy ýylyň 24-nji awgusty.” Graždanlyk we Beýik Watançylyk uruşlarynyň weterany, III Kommunistik Internasionalyň işine gatnaşan Gurbanmämmet Babaýew ýatlaýar: Zakaspini ak gwardiýaçylardan hem-de iňlislerden azat etmekde Timoşkowyň bitiren hyzmatlarynyň belli bahasy ýokdur. Onuň ýolbaşçylygynda biz Zakaspi frontunda uly söweş operasiýalaryna gatnaşdyk. Ol meni razwedkaçylar otrýadynyň komandirligine belledi. Her bir ýörişiň öň ýanynda meni çagyryp, tabşyryk berýärdi. Ol bize gaty ynanýardy. Tabşyryk berjaý edilensoň, ol öz mähriban dogany ýaly gujaklaýardy. Özi ýaş komanduýuşiý bolsa-da gaty gaýduwsyzdy, akylly adamdy. Ol öz ykbalyny soňam Türkmenistan bilen berk baglanyşdyrdy. Onuň Moskwadan ýazan hatlaryny aýap saklaýan, oglum! Timoşkow, Melkumow, Tarhan, Biçenko ýaly türkmen topragyny duşmanlardan arassalamak ugrunda jan çeken adamlary hijem unutmaň. Ýatlap duruň! Timoşkowam, Melkumowam Moskwadan Aşgabada gelenlerinde hökman biziňkide bäş-alty günläp myhmançylykda bolup gidýärdiler. Olar bir gezek meniň pensiýam bilen gyzyklanypdyrlar. Äl, bularyň gowy adamdyklaryny. Haýdan-haý hat ýazyp, meniň pensiýamyň möçberini köpeldipdirler. ARHIWDEN: (Bu hat TKP MK-nyň şol wagtky birinji sekretary B.Öwezowyň adyna ýazylypdyr): “Hormatly Balyş Öwezowiç! Bir ýyl mundan ozal bize Türkmenistanyň ýubileý dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabatda bolmak miýesser etdi. Biz şonda graždanlyk urşy ýyllaryndan egindeşimiz ýoldaş Gurban Mämmedowiç Babaýew bilen duşuşdyk. Biz onuň şu çaka çenli Soýuz ähmiýetli pensiýa almaýandygyny eşidip gynandyk. Çünki ol muňa doly mynasyp adam. 1919-njy ýylda ol ilkinji türkmenleriň biri hökmünde Gyzyl Goşunyň hataryna girdi, graždanlyk urşuna gatnaşdy, ilki razwedkaçy, soň razwedka otrýadynyň komandiri boldy. Türkmenistanda graždanlyk urşy tamamlanandan soň, ol Orta Aziýada graždanlyk urşunyň ýeňiş bilen tamamlanmagy üçin gaýduwsyz göreşdi. 1920-nji ýylda Werniý şäherindäki gozgalaňy basyp ýatyrmaga gatnaşdy. Soňra ol daşary ýurtlarda ýörite tabşyryklary ýerine ýetirdi. Ol Beýik Watançylyk urşuna gatnaşdy, söweşleriň birinde agyr ýaralandy. Onuň ogly uruşda wepat boldy. Häzirki wagtda ol inwalid, saglygynyň ugry ýok, muňa garamazdan, onuň eklenjinde aýaly, bäş çagasy bar. Olaryň iň ulusy 19 ýaşynda. Biz graždanlyk urşunyň weterany, Watan üçin köp hyzmat bitiren G.M.Babaýewe ýörite pensiýanyň bellenmegi we onuň tizara çözülmegi üçin Size ýüz tutmagy makul bildik. Zakaspi frontunyň öňki komanduýuşisi, otstawkadaky general-maýor S.P.Timoşkow. Türkmenistanda graždanlyk urşuna gatnaşyjy, RSFSR-iň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, professor, tehniki ylymlaryň doktory, inžener – tehniki gullugyň general-maýory T.M.Melkumow, 1965-nji ýylyň 22-nji noýabry.” General Timoşkowyň berk talapedijiligi, şonuň bilen birlikde onuň belent adamkärçilik ssypatlaryna degişli başga-da mysallar getirse bolardy. M.Frunze adyndaky harby akademiýada mugallym bolup işlän döwründe ondan tälim alan komandirler Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda ençeme jogapkärli söweş operasiýalarynda tapawutlanyp, Watanymyzyň orden-medallaryna mynasyp boldular. S.Timoşkow baryp-ha otuzynjy ýyllarda ylmy iş bilen meşgullanýar. Ol Türküstanda graždanlyk urşunyň taryhyny öwrenýär. Munuň geljek nesil üçin örän zerurdygyna gowy göz ýetirýär. Onuň bu ugurdan alyp barýan işleri bada-bat taryhçylarda uly gyzyklanma döredýär. Muňa saklanyp galan bir hat hem güwä geçýär: “Moskwa, SSSR HKS-niň Ylym baradaky Stalin baýragyny bermek baradaky komitetine. TSSR HKS-niň Ylym baradaky komiteti hem-de taryh, dil we edebiýat institutynyň alymlar soweti general-maýor Timoşkowyň “Türküstanda iňlis interwensiýasyna garşy göreş” atly işiniň baýraga hödürlenýändigi hakda “Krasnaýa Zwezda” gazetiniň 19-njy oktýabryndaky sanynda çap edilen habary okap, ony tüýs ýürekden goldaýarys. Komitetiň başlygy Karpow, institutyň direktorynyň orunbasary Karpyç, taryh institutynyň sektor ýolbaşçysyAga Garryýew. 1940-njy ýylyň 19-njy oktýabry.” Şahsyýet kulty ýyllarynda general-maýor S.Timoşkowa günä ýöňkelipdi. Ony-graždanlyk urşunyň gahrymanyny, Watanymyzy basybalyjy nemes-faşistik basybaljylaryndan halas etmekde uly gaýduwsyzlyk görkezen adamy partiýa hataryndan nähak çykarypdylar. Emma ol öz başyna inen agyr apatyň astynda ýegşerilmedi. Ir-u-giç hakykatyň üstün çykjakdygyna berk ynandy. Bu şeýle-de boldy. Ol özüniň Watanyň, halkyň öňünde päkdigini, Lenin partiýasynyň wepaly esgeridigini subut etdi. Ol partiýa hataryna dikeldildi. Harby ylymlaryň kandidaty, general-maýor S.Timoşkow her bir taryhy fakta örän jogapkärli çemeleşýärdi. Ony ýoýman – zat etmän, indiki nesillere ýetirmelidigi hakda uly alada edýärdi. Ol ylymda ýeňil ýol gözläp, başgalaň bitiren işlerini öz adyna geçirjek bolýan alymsumaklaryň garşysyna barlyşyksyz göreşýärdi. Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan N.Kokonkowyň işi “W.M.Frunze bilen W.W.Kuýbyşew Türküstanda Sowet häkimiýetini berkarar etmek ugrundaky göreşde” diýen at bilen başga biri dissertasiýa işini ýazypdyr. Soň görlüp oturylsa, ol N.Kokonkowyň ýokarda agzalan işini tutuşlygyna diýen ýaly göçürse nätjek. Bu gözboýagçylykly işiň üstüni açan S.Timoşkow örän ýerlikli deliller bilen WAK-a ýüz tutmaly bolupdyr. Görnükli harby serkerdeler Mihail Frunzeden, Walerian Kuýbyşewden tälim alan general-maýor S.Timoşkow her hili kynçylykly ýagdaýlarda-da hakykata ikilik etmän ýaşady. Galp şöhrata kowalaşman, öz bitiren hyzmtlary bilen halkyň söýgüsine mynasyp boldy. Ol 1972-nji ýylda, 77 ýaşynda Moskwada aradan çykdy. 1988 ý. Aprel. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |