20:15 Kyrk ýaşyň bosagasynda... | |
Aýgül Abdyýewanyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Nukdaýnazar
Anna, 19.05.2023 ý. Wagt şol geçip dur, geçip dur... Düýn-öňňün hem çagadyk, eýýäm kyrk ýaşyñ bosagasynda durus. Saçlara ak gyraw assajadan sepelenip başlapdyr, goh-galmagally aýdymlara kelle çydamajak bolýar. Her ýyl geçen ýylkydan köp zada gowy düşünýäris, her bir zat hakda öňküden başgaça pikirlenýäris. Biraz bil agyrjak bolýar, uly daýzalar ýaly uzak ýola gidenimizde ýanymyza kelleagyry derman alýarys. Eşik meselesinde öňler açyk reňki halasak, indi doýgun reňklere üns berýäris. Kyrk ýaş ortalyk ýaş... Mundan aňry indi ýaşlyga gaýdyp gelmek ýok... Aklyna aýlanjak adam kyrk ýaşda toba gelýän bolsa gerek... Kyrk ýaşda düzelmedik soň bilmedik-dä... Umuman men-ä kyrk ýaşy gowy gördüm... Çagalaryň hem ulalyp öýüň ownuk-uşak işlerini eliňden alýan döwri... Çagalar kiçikä ýogsam dynç alara-da wagt ýok... Aslynda her bir ýaşyň gadryny bilmeli... Ynsan dünýä bir gezek gelýär... Hemme kişa uzak ýaş, sagdyn ömür nesip etsin! | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||