13:24 Pidakär şemler | |
PİDAKÄR ŞEMLER
Goşgular
Şem ýanýardy penjiräniň öňünde, Döz gelip şemalyň şuwwuldysyna, İkiýan sandyrap, öçmejek bolup, Dyrjaşýardy bilin guşap, berk durup. Şar gara tümlüge ýagtysyn salyp, Eräp- akyp, gyzyp ýansa-da jany... Ol şem dowam edýär ýagty saçmagy, Cünki ol bu öyüň täk halasgäri. Ýylp-ýylp edip gyla dönýär, inçelýär, Ýene-de ýognalýar güýç-kuwwat toplap, Ol ýanmaly, ýanmak üçin dogulan, Ol halas etmeli dumly-duşuny. Şemal oňa habar gatýar käýarym , Şem dostum, henizem sönmediňmi sen? Ýagyş çawuş çakyar ýuwaş pyşyrdap, Sowujak damjalar bilen şabyrdap. Bagyşla Şem jora bimaza edýän, Saňa heý sag bolsun aýtýan bir barmy? Halys ýadan wagtyň başyňy sypap, Hal-ýagdaýyňy bir soraýan barmy? Şem başyn galdyryp, ýuwaşja gürläp, Meniň borjum şu ojagy ýagtyltmak, Men ýagty saçmasam bu öy tümlükde , Heläk bolar gider, durmaz aýakda... Her öýüň bir şemi bolýar dünýede , Ýanmaga cydamly, aşa sabyrly... Ýaşasyn şol şemler - halasgärlermiz, Köp halatda şemler- ejelerimiz.... | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |