21:00

Gysgajyk pikir ýöretmeler

Sözler
Категория: Sözler | Просмотров: 469 | Добавил: Shapak_A9602 | Теги: Aýgül Abdyýewa | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Injener  
1
Edil meň aýalym ýaly... Süýtli çaý, şokolad we türk seriallar, aýlygyň nirä gidýäni belli däl. Aýaly çalyşmaly diýip ýördüm welin, ähli ýerde şol bir zat öýdýän... ))

0
5 Shapak_A9602  
1502
Bir mugallymymyz aýdardy " Aýal-gyzlaryň bary birmeňzeş , hemmesiniň ganynda gepçilik bar." diýip. Beýleki häsiýetlerem meňzeş bolmaga çemeli köpüsiniň.

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Elhenç netijä eltýän ýoly saýlap alypdyr. Basym ol ruhy, fiziki we psihiki taýdan degradasiýa düşer. Bir halta et ýaly bolup galar, bagyşlaň. Durmuşda aňsat ýoly saýlasaň şeýle bolýar. Häzir käşiriň süýji ýerini iýip ýör, soň ajy ýerine ýeter.

Forma gelmek üçin özüni täzeden ele alyp, bir maksada gözükmegi gerek, meniňçe.

0
6 Shapak_A9602  
1502
Gödek deňeşdirme dälmi. Bir halta et. Doňup galan duýgusyz diwar diýen ýalyrak sypaýyrak deňeşdirme ulansaňyz gelşikli bolardy. Belki durmuş has agyrdyr, ýeňip geçip bolmajak derdi bardyr. Onsoň belki ýaşamak üçin dyrjaşýandyr.

0
8 Injener  
1
Eklaziýast diýen adamyň birje şygyry bar agam, şony okap görüň, tüýs siz üçin ýazylan ýaly bolup dur ;))) Şygyryň umumy manysy şeýle: Günüň aşagynda ähli zähmetlerden peýda ýok, şol sanda ylymdan we parasatlykdan hem peýda ýok. Kim bilimi artdyrsa, oň bilen bile hasraty ardyrýar...

0
3 kungfuu  
1292
Şeýle oýlanmalara tankydy ýa-da göwne degiji teswirleri ýazmak gelişmez.
Ideal formada ýazylypdyr. Gowy çykypdyr.
Üstünlik!

0
4 yaran_yagmur_9  
1578
Dogry aýdýarsyňyz (eseriň hili barada). Emma kistiň birnäçe urgusy bilen döredilen kiçijik real kartina mende ol gahrymana haýpygelijilik döretdi we eser hakynda däl-de, şol şekillendirilen tipdäki adamlaryň problemalary barada praktiki gürrüňe geçdim. Hökman eser barada aýtmaly däldir ahyryn, ondaky situasiýany sosial, psihologik, бытовой, hatda fiziologik taýdanam pikirlenişseň bolýandyr. Diňe edebi tankydyň çäginden ("ol sözi şowly bolmandyr", "ol öwrümi tagaşyksyz"...) çäginden çykyp, ynsanyň we jemgyýetiň has uly dert-meselelerine degişli ýaňlanma döretse, awtoryň nä armanly?

Ýöne, elbetde, awtor "Meniň döreden gahrymanym ara alyp maslahatlaşar ýaly durmuşdan alnan tip däl, bu ýerde jemgyýete degişli hiç hili mesele ýok, agşamlaryny kapas otagda süýtli çaý içip, serial gözleýän ýalňyz zenanlar bilen onuň umumylygy ýok, bu tötänlik, meniň gahrymanymyň jemgyýetdäki zenanlardan dirmuşy hem, problemalary hem, aňy hem, organizmi hem başgaça gurlan üýtgeşik original" diýse onda başga gep.

Onda men ol jemgyýetde düş gelmeýän syrly ýaratygy durmuşdakylar bilen garyşdyryp ýalňyş kabul edipdirin. Onda ol maňa gyzykly hem däl we inoplanetýanlar barada aýtmaga zadym ýok.

0
7 Shapak_A9602  
1502
Sag boluň!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]