19:47 Mukaddes çörek | |
MUKADDES ÇÖREK
Oýlanmalar
Gyzgynjak çörek... Dok bolsaňam iýesiň geler. Ejeleriň elleriniň mähri siňen çörek dükanlardan satyn alnan çörekler ýaly däldir. Bir döwüm iýseň-de aňryňa oba gonar. Çörek bişýän öýde mukaddeslik, zenan zähmetiniň ysy bardyr. Türkmençilikde ant içilende-de çörekden ant içilýär. Çörekden ant içen adam ýalan sözlese gözleri kör bolarmyş. Uzak ýola giden adamyň hem ýanyna ýoldaş bolsun diýip çörek salynýar. Ýigitler goşun gullugyna gidenlerinde hem iki ýyllap iki sany külçe, tä esger sag-aman öýlerine dolanyp gelýänça öýde asyp goýulýar. Bizde Balkan welaýatynda-ha şeýle, başga welaýatlarda bu däp barmy-ýokmy bilmedim. Esger gelende şol asygly külçäni ilki alan adama hem sowgat berilýär. Külçe almak gullukdan dolanyp gelen esgeriň öýlerinde guralýan özboluşly, gyzykly bir dabara. Gadymy eserlerdäki açlyk ýyllary hakda okanyňda, şu günlerdäki çöregiň bollugyny ýüze sylmaly. Mamam pahyr uruş döwri tylda galan çaga ekeni. Ol "Uzak gün daşarda aýlanyp, käwagt bir bölejik süňk ýaly gaty çörek tapaýsak gaty begenerdik. Çekiç bilen owradyp,owuntyklaryny paýlaşyp iýerdik" diýip, gürrüň bererdi. Ol günler indi beri gaýtalanmasyn. Unuň bu bollugynda gelinler hem çörek bişirmäge ýaltanmasynlar, indi hamyr edip berýän maşynlaram bar, tehnologiýa gaty ösdi. Diňe peje salyp bişiräýmek galdy. Goý, her bir ojakda güne meňzeş gyzgynjak çörekler bişip dursun, maşgalany öz mukaddes mähri bilen çoýup dursun! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |