22:43

Aýallar we erkekler hakynda

Sözler
Категория: Sözler | Просмотров: 852 | Добавил: Shapak_A9602 | Теги: Aýgül Abdyýewa | Рейтинг: 4.4/8
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 12
0
1 sylapberdimuhamov  
1428
Sebäp bolayanda hem bigäne aýala-da, öz aýalyña-da el galdyrmak erkege gelişmese gerek.

0
10 Shapak_A9602  
1502
Hakyky zat şol.

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Köpüsi jedelli çözgütler. Meselem, 3-nji. "Bagyşlamak" bir başga, "söýmek" bir başga. 3-nji bent zenandan bagyşlanyndan soň söýmegini dowam etdirmegini hem talap edýärmi? Eger bagyşlap, emma söýmegini bes etse (söýgüsiz ýaşaşsa) muňa ikiýüzlülik diýilýär. Ol diňe başga bir zadyň hatyrasyna zoraýakdan bile bolmak. Seks-gyrnaklykdan parhy ýok. "Söýmän ýekeje-de posa berme" diýipdir taryhda bir gahryman gyz. Beýle ýagdaýdan gaýtam terk etmek has dogruçyllyk ( честно). Eger islendik günäni hem bagyşlap, hem söýmegi dowam etdirmek (muňa psihologiýada "şertsiz söýgi" diýilýär) - bu zenandan, ýagny ýanýoldaşdan talap edilmeli zat däl. Şertsiz söýgi ýanýoldaşdanam, dogandanam, atadanam talap edilmeli däl. Beýle söýgi enedenem talap edilmeli däl, emma eneler, diňe eneler şoňa ukyply. Diňe eneler islendik etmişden soňam perzendine dözenoklar. Sebäbi uzyn-uzak gürrüň. Aýtjagym: ýanýoldaşyny islendik ýagdaýda (günäli-günäsiz, beýik-pes, abraýly-abraýsyz, tämiz-hapa) ýagdaýda söýmek hiç kimiň borjy däl. Beýle gatnaşyga adam enesinden garaşyp biler, emma ýanýoldaşyndan däl. Adam söýgä mynasyp bolmaly, ony gazanmaly, geçirimlilik, sabyr-takat, eglişik diýen zadyň her ýerde-de "gyzyl çyzygy" bolmaly. Türkmende-de, köp halklarda-da aýallar dürli atlandyrylýar. "Gyzyl
çyzykly" aýallara "zenan", "gyzyl çyzyksyz" aýallara (bagyşlaň) "heleý" diýilýär. "Hanymlar" barada aýdybam oturmalyň. Olar üçin geçmişde ýolbars bilen uruşmaly bolýar eken, şondan soňam küşdüňi berip bilipdirler

0
3 Shapak_A9602  
1502
Hemme günäniň bagyşlanýan ýerinde elbetde söýgi gutarýar, ýöne çagalaryň atasy, türkmençilikde iliň dili üçin maşgalany dargatmazlyk üçin zoraýakdan ýaşamak emele gelýär. Şeýle maşgalalaryň bolsa sany gaty köp. Erkekleriňem günä işleri etmeýäni gaty az.

0
4 Shapak_A9602  
1502
Umuman, aýallar geçirimli bolmasa, ýykyljak ojaklar örän- örän köp bolar.

0
5 yaran_yagmur_9  
1578
Her kimiň durmuşda öňde tutýan prioriteti bar. Megerem, Siz maşgala gymmatlyklaryny ilkinji orunda goýýan, olar üçin ähli zatlary pida etmäge taýýar birisiňiz. OK. Emma şahsyýet taýdan ösüşi, durmuşy doly ýaşamagy, bir ugurda öz güýjüni synap görmegi... we başga ýörelgeleri maksat edinýänler bardyr. Öz şahsyýetiňi, öz gymmatlygyňy, öz durmuşyňy kimdir biriniň çäksiz ygtyýarlygyna amanat etmegi maslahat berip, Siz beýle meseleleri beýlekileriň ýerine çözmeli dälsiňiz. "Maşgala ojaklary ýumrular" diýýärsiňiz. "Erkekleriň günä etmeýäni ýok, zenan özüniň çäksiz gaýraty bilen maşgala binýatyny gorap saklamaly" öýdýýärsiňiz. "Ejiz aýal" diýip negatif manyda aýdýarsyňyz. Daş-töweregiňize, dünýä göz aýlaň. Eger türkmen dilinden başga dil bilýän bolsaňyz aýaly "ejizligi" üçin ýazgarýan dili tapmasaňyz gerek. Bilýäniñiz rusça bolsa " слабая женщина" diýen sözüň hiç hili ýazgarmak däl-de, aklama görnüşinde gelýändigini görersiňiz (Она же слабая женщина, но ты...) Pyragy atamyz hem "Ýigidiň myrady ýagşy zaýyfdyr" diýip, "aýal" we "ejiz" diýen sözleri manydaş alýar. Aýala "naçar" hem diýilýär. Indi şu günki asuda zamanada türkmenler, onda-da gelip-gelip "döredijilik intelligensiýasy" jemgyýetiň, "maşgala ojaklarynyň" hatyrasyna zenanlardan "ejiz bolmazlygy", "gaýratlylygy" talap edýärler. Jemgyýeti nämäniň gowşadýandygyny Siz nireden bilýärsiňiz? Her kim kitaplardan, eserlerde bagtyň ýoluny, durmuşyň manysyny, kämilligiň ýörelgesini gözleýär. "Äriň seniň ýerdäki hudaýyňdyr" diýen ýaly ýöntem maslahatlar üçin kitap ýa saýt okamak hökman däl. Bagtly bolmak zenanyň (islendik ynsan ýaly) hem hukugy, hem borjy, çünki ynsanyň özi bagtly bolmasa, başga birini bagtly edip bilmez. Özüni bolsa hiç kim zibilden tapanok biriniň rahat, abadan, komfortly ýaşamagy üçin pida eder ýaly. Bagyşlaň, gyzma beýan etdim, adalatsyz we jogapkärçiliksiz öwütler çetiňe degäýýär

0
6 Shapak_A9602  
1502
Azajyk giň boluň! Maslahat beremok, şol aýallaryň maşgalanyň hatyrasyna gaty köp kynçylyklara döz gelýändigini aýdýan. Erkekleriň her eden günäsi üçin aýrylyşyberseler, ýykylan ojaklar köp bolar diýýän. Mert bolmasynlar, aýrylyşybersinler. Her kim öz kellesine gelenini edibermeli. Ýöne, türkmenler nika bozmagy hiç wagt oňlamandyrlar. Şonuň üçin " Öýi öý edýänem aýal ýykýanam. " diýýärler. Jedel gerek däl. Her näme diýseňem gaýynlar, ene-atalar üçinem ogul gyz aýrylyşmasa gowy.

0
7 Shapak_A9602  
1502
Ýöne, beýle mert aýallaryň öz ömri haýp geçýär. Olam durmuş- da... Maňlaýa ýazylanyny görmeli diýýärler, zenanlaryň köpüsi.

0
8 Shapak_A9602  
1502
Daş- töwerege göz aýlap görseňiz bilersiňiz, köp aýallar erkekleriň ýagşy ýerini ýaýyp, ýaman ýerini ýygşyryp, daşyny dolap ýaşap ýörendir...

0
9 yaran_yagmur_9  
1578
Men aýallar üçin darykdym, Siz aýallaryň şunça pidakärligini görüp dirkaňyzam olaryň wekili bolup, şu ýagdaýdan kanagatlanýan bolsaňyz, erkeklere "тем более" "сто лет" gerek däl siziň "gender deňligiňiz". Siz "mert" bolsaňyz, "giň" bolsaňyz, "daýaw" bolsaňyz erkeklere örän oňaýly şol. Ýöne beýdip siz olara "aýy ýagşylygyny" edýäniňizi bilip goýuň. Bedew atlar ýetişdirýän ýerde oglanjyklar olara baş öwretmek, münmek, garaz olara laýyk bolmak üçin özleri hem tijenmeli, taplanmaly, garaz, goç ýigit bolmaly bolýarlar. Ýabylar, poniler bolan ýerde bolsa olary dolandyrmak üçin emel talap edilmeýär. Lellim, tultuk zaňňar bolsaňam problema däl, ponijigi ahyra ýana-da, atlanyp, gybyrdakladyp gidiber janawerjigi. Edil şonuň ýaly, öz hukugyny bilýän, öz şahsyýetini sarpalaýan zenany gazanmak hem erkek dalaşgärden tijenmegi, ösmegi, oňa mynasyp bolmak üçin kämilleşmegi talap edýär. Siziň aýdaýan tipiňizdäki (ärine ytagatly terbiýelenen, özüniň pretenziýalary bolmadyk, her şertde-de "gazygynda garramaga" kaýyl) aýallar üçin bolsa erkeklere tijenmek, тем более kämilleşmek gerek däl: bir "köprüden geçerdiňmi" - eljiretme, ýüz berme, gitjek ýeri nire, sen ony pul berip satyn aldyň-a. Şeýde-şeýde jemgyýet göýdükleşýär. Siz "ýykyljak ojaklaryň" gamyny edýäňiz, orta asyr patriarhaizminiň hem netigžjesi şondan az. Dünýä ser salyp görüň: aýallary ýeterlik sarpalaýan ýurtlar aýallary hukuksyz bolan jemgyýetleri basyp alandyrlar, koloniýa edendirler, häzirem bu ýurtlara agalyk edýändirler. Sebäbi näçe mertsirän bolsalaram, enesi gyrnak adamlar göreşmegi hem, ýeňmegi hem, hukuk döwletini gurmagy hem, netijeli dolandyrmagy hem başarýan däldirler. Jek London bu barada örän dogry ýaşaýar.
Uzyn gepiň gysgasy: zamanyň geçirimliliginiň, sabyr-takadynyň hasabyna, ýagny zulum bilen abat bolup oturan maşgaladan kämil nesil ýetişer diýip umyt etmäň. Beýle binanyň düýbi çüýrükdir. Ogul-gyzlaryňyz siziň ýoluňyzy gaýtalarlar. Ýanýoldaşlary tiran bolan eneleriň giýewleri hem tiran bolup, gyzlarynyň ömrüni ýakarlar.
Barybir, görýän welin, aýallarda Siziň ýaly pikirliler köplük öýdýäň. Erkeklere bolsa тем более "poni" gerek, sarç bedew kyn bolar. Garaz, zenanlaryň öz hakyny bilýän (bagyşlañ) "sterwalary" aýalyna-erkegine ýakymsyz oguşýa. Onda menem "arrygymy gynamaýyn", her kim öz pikirinde galybersin.

0
11 Shapak_A9602  
1502
Özüňiz-ä çak edişime görä mugallyma bir zada meňzeýäňiz. Ýöne, bärsi edebiýat saýty, siz edepsiz sözleri köp ulanýaňyz. Edepli sözlemek ynsany bezeýär ahyry. Pikiriňi sypaýyçylyk bilen hem düşündirmek aňsat.

0
12 yaran_yagmur_9  
1578
Müň keren ötünç soraýaryn, emma sözlerine düşünen bolsaňyz, näçe edepsiz sözlesem-de, şolary zenanlary gorap sözländigimi görensiňiz. Onsoň näme diýeýin? Diňe bir zady aýdyp biljek: hiç hili reaksiýa meni aýallaryň hukuklary barada skeptisizme getirip bilmez. Men öz pozisiýamda diňe aýallaryň hatyrasyna däl, ynsanyýetiň hatyrasynda berk durýaryn. Zenanlaryň bir böleginiň öz hukugyndan el çekmegi bu hukuklaryň özüni ýoga çykarmaz.

Gürrüň maneram - gödek stilim barada barýan bolsa, howa, Siz mamla.

Emma durmuşda şeýle ýagdaýlar bolýar, şolar ýaly gödek stilim tüýs ýerine düşýär, zenanlaryň iň bärkije hukugynyň kemsidilýän ýerinde. Şonda-ha zenanlar çäksiz minnetdar.

Elbetde, beýle powideniýe bärde bolmaz, men ol hakda ýaňy ýazdym, düşünişdik öýdýän.

Dünýäni düzetjek biz däldiris, wagty gelip özi düzelmese. Onuň üçin jibrinip, duşman gazananyňa degenok.

Halka berip bilýäniňi bermeli, adamlar bilen biderek çekeleşip wagtyňy gidermeli däl.

"Az adamyň, az zadyň, asuda ýüregiň bolsun" ozaldan gelýän ýörelgämdir welin, ýene çig süýt emen-dä, her hili "istoriýara swýazywatsýa" edýäris.

Bolýar, bagyşlaň.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]