MEKDEP PARTASYNYŇ ÝATLAMASY
Partany mekdebiň köne-küşül zat saklanýan jaýynyň bir burçuna oklap goýberenlerinde, onuň öňem gyşaryp, zordan duran aýaklarynyň biri döwüldi. Ol ýüzüni agyryly çytyp, ep-esli wagt bu jaýa ýerleşip bilmän aýak üstünde durdy. Birnäçe wagtdan soň yzyndan hiç kimiň gelmejekdigine göz ýetirip, ala şakyrdy bolup, özüni ýere goýberdi. Ol garaňkyja bir burça gysylyp, geçen günlerini ýatlamaga başlady.
Ol wagt parta ýaşdy, ýüzi ýalpyldap durdy. Ol öz gujagynda gör, näçe çagalary ulaldypdy. Ýadaman-ýaltanman, her gün okuwçylary yssy mähir bilen bagryna basardy. Okuwçylaram ony gowy görerdiler. Ol partalaryň iň naýbaşysydy, sebäbi edil mugallymyň öňünde ornaşypdy. Dynç alyş günleri partanyň içi gysardy. Onuň ömrüniň bar manysy okuwçylardy. Çagalar her şenbe güni ony ýuwup - arassalap goýardylar. Partalaryň käbiri kämahal: "Mydama şol bir otagyň içinde otyrys. Daşarygam çykamzok. Parta bolup dünýä inenimizden, bu ýagty jahana gelmedik bolsak gowy bolardy diýip , zeýrenerdi. Şonda biziň hekaýamyzyň gahrymany: "Beýle diýmek günä bolar. Siz nämeden nägile bolýarsyňyz? Gyşyň ýalazy sowgunda üşäňzok, tomusda günüň aşagynda azap çekeňzok . Salkyn otagyň içi , gujagyňyz mydama şadyýan çagalardan doly . Biz ynsanlara ýagşylyk etmek üçin ýaradylandyrys . Olary ylymly - bilimli etmekde mugallymlara goldaw bermek biziň borjumyz . Onsoňam kim bilýär , belki ynsanlaryň arasynda biziň ýaly parta bolmagy arzuw edýänler hem bardyr . Belki olaryň käbiriniň biziň parta bolup , dünýä inendigimize gözi hem gidýändir . " diýip , kärdeşlerini köşeşdirerdi.
Partanyň ulaldan okuwçylarynyň arasynda bezzatjalry - da bardy , akyllyjalary - da . Parta ylaýta - da Altynjygy hiç wagt ýadyndan çykarmaz . Bujagaz gyzjagaz her gün ýumşajyk esgi bilen partanyň başyny süpürerdi . Şonda ol Altynjyga partalaryň dilinde minnetdarlyk bildirerdi . Gyzjagaz ony eşidenokdy . Goý , eşitmese eşitmesin ! Parta barybir oňa " Sag bolsun ! " aýdardy . Bir gezek Altynjyk matematikadan dörtlük baha aldy . Jaň kakylyp , okuwçylaryň bary gidipdi . Mugallym hem jaň kakylmanka , bir is bilen müdiriň ýanyna gidipdi . Altynjyk dörtlük baha alanyna gynanyp , özüni partanyň gujagyna oklap , şeýle bir aglady . Partanyň bu ýagdaýa göwni gyýylyp , aglaman zordan saklanypdy . Ýöne , aglamak isläýende - de , ol nätsin ! Sebäbi ol parta ahyryn . Partalar bolsa aglamagy başarmaýar . Parta öz dilinde Altynjyga göwünlik berip , ony bagryna basdy . Gör , ol nähili akyllyja , nähili namysjaň . Onuň diňe bäşlik baha bilen okasy gelýär . Altynjyk soň diňe bäşlik bahalar bilen mekdebi tamamlady . Mekdebi tamamlanlaryna bäş ýyl geçenden soň olar " Soňky jaň " dabarasynda mekdebe geldiler . Parta olary gujak açyp garşylady . Emma , Altynjygy zordan tanady . Olar bilen hoşlasyp duran wagty bolsa , özüniň ýaşynyň ulalyp , süňňüniň agralandygyny duýdy . Hemmeler çykyp gidenden soň , parta oturyp , özüne syn etdi . Onuň ýüzi ýygyrt atyp başlapdyr , aýaklary sandyrap , tam süpürijiler ony eýlä - beýlä süýşürenlerinde diýen etmejek bolýar . Ýöne , şonda - da ol yhlas bilen çagalara mähir bermegini dowam etdirdi .
Täze okuw ýyly başlandy . Partany " Könelipdir " diýip , iň yzky hatara geçirdiler . Parta muňa gynanyp , kemsinip , sessiz aglady . Hawa , ol aglap bilmeýänem bolsa aglady . Bu gün yzky hatara geçirseler , ertir belki , köne - küşül zat saklanýan jaýa äkiderler . Garran partalaryň ýaşynyň soňunda şol ýere äkidilýändigini ol kowum - garyndaşlaryndan eşidipdi . Ýöne , iň erbedi öňde eken . Parta gelip , ornaşan çaganyň bezzatlygy bildirip durdy . Ýöne , parta onda - da täze tanşyny ýylgyryp garşy aldy . Birden partanyň ýüregi yzaly sanjyp , essi aýylyp gitdi . Ol yza birnäçe gezek gaýtalandy. Bu okuwçy partanyň ýüzüne çakgy bilen " Anna " diýip , öz adyny ýazýardy . Parta zaryn sesi bilen " Beýtme ! " diýip , oňa ýalbardy . Ýöne , Anna ony eşidenokdy . Seýle ýagdaý her gün üznüksiz gaýtalandy durdy . Partanyň ýüzi maşynyňdyr haýwanlaryň suratlaryndan, " Annalardan " dolup, garagäz boldy. Parta öz daşky sypatyndan utanyp, näderini bilmeýärdi. Ýüregindäki yza bolsa, tutuş bedenine ýaýrap, gün - günden ysgynyny gaçyrýardy.
İne - de, ol gün ýetip geldi. Ony köne- küşül saklanýan jaýa taşlap gitdiler. Partanyň çyrşakdan doly ýüzünden der damjalary syrygýardy. Onuň daş- töweregi maýyp- müjrüp partalardan doludy. Bu ýer örän içgyssgynçdy, tukatdy. Parta özüniň hasam ejizleýändigini duýdy. Şu pursat ol öz gujagynda iň soňky gezek bilim alan şol garagol oglanjygy ýatlady. Ol oglanjyk bezzatjady, diýseň garagoljady. Ýöne, garry parta şonda- da ondan kine saklamakçy däldi. Ol öz ýanyndan Annajyk ulalansoň hökman öz ýalňysyna düşüner diýip, pikir öwürdi. Ýöne, göwnüne gelen sonky pikiri nädip daşyna çykarandygyny duýman galdy. Muňa golaýda oturan, hemme zada ähmiýetsiz ýaly seredýän agsak parta üşerildi hem- de " Kim ol, nämä düşüner ?" diýip, sorady. Şol wagt ömrüniň soňky pursatlaryny ýene- de bir gezek aňynda aýlan garry parta şol garagol Annajyk barada, ömrüniň iň ajaýyp pursatlary barada gürrüň bermäge başlady. Onuň täsirli we gyzykly gürrüňleri otagyň içindäki ýüregedüşgünç içgysgynçlygy birin- birin kowalap çykarýardy.
Hekaýalar