15:47 Bäbek- öýüň bezegi | |
BÄBEK - ÖÝÜŇ BEZEGİ
Oýlanmalar
Bu dünýäniň biziň öňümizde köp kynçylyklary keserdip goýşy ýaly, bize berýän bagtly pursatlary hem köp. Şolaryň biri, belki-de iň esasysy hem ene-ata bolmak. Kiçijek, janlyja perzendini bagryna basmak, her bir ene-ata üçin dünýäde iň bagtly pursat bolsa gerek. Kinniwanja, gözjagazlaryny açyp- ýumup bilýän ýüregiň bir bölegi ýüzüňe seredende, seriňi şeýle bir mylaýym duýgy sypap geçýär. Ony diňe özüň ene- ata bolanyňda duýup bilýärsiň. Durmuş gurmadyklar üçin ol duýgy ýat. Ony dil bilen düşündirmegem mümkin däl. İndiden beýläk ojagaz bäbegi ähli zatdan goramak, ony ekläp- saklamak seniň jogapkärçiligiňde. Özüňden öňünçä ony iýdiresiň, özüňden öňünçä gowy zatlary oňa geýdiresiň geler. Ony şeýle bir gowy görersiň welin, birden syrkawlaýsa gözüňe uky gelmez. Lukmanlar sanjym etse dagy balaň endamyna iňňe sanjylanda, gözüň ýaşdan dolar durar. Ýykylsa, büdrese hemme işiňi goýup, ylgarsyň. İlkinji ädimine, sözüne guwanarsyň. Çaga- şeýle bir päk, günäsizje bolýar. Gözümiziň alnynda ösüp barýan bägül mysaly. Käte oturyp- oturyp haýran galýan , erbet adamlar hem ilki çagajyk bolýar. Şol wagt olaram günäsizje, päk ýüreklidir. Olar haçan erbet adama öwrülýärkäler? Olaryň erbet adama öwrülmegine kim günäkärkä? Ene-ata söýgüsi ýetmeýärmikä, ýa ulalyp ýürek arzuwlary hasyl bolman, olaryň kalbyndaky söýgi ýigrenje öwrülýärmika? Sebäbi nämekä? Ýa bar günä şeýtandamyka? Ýöne, iň bir erbet adamyň hem hökman bir gowy häsiýeti bardyr. Şol häsiýet ýöne, köplenç gömülgi ýatarmyş. Oýlanyp otyryn, nireden başlap, nirelerden çykdym. Ynsan bir çylşyrymly zat... Hersi bir açylmadyk dünýä... Şol dünýäni hapalaman saklamak hem köplenç özümize bagly, çagalykdaky ýaly päkýürekli bolmaga çalyşmaly. Her gün iň bolmanda kiçijek bolsa-da daş- töweregimizdäkilere ýagşylyk etjek bolmaly. Bu dünýä öň gysgajyk, haçan gitsek gidibermeli, gidenimizden soň " Pylany-ha gowy ynsandy... " diýdirip bilsek, şo-da bir bagt... | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||