23:08 Lisiniýä | |
LISINIÝÄ
Goşgular
Eý, Lisiniý, görýärmisiñ myçyp barýan arabany? Eti-gany öz ýerinde, has uly şöhraty şany, Gopbamsyrap, gaýşarylyp, nowjuwan Wetuliý barýar, Toplum tutan üýşmeleñe garýar, ulumsy garaýar. Seret sen, onuñ öñünde başyny egýär jemagat, Betbagtlary liktorlaryñ kowuşyna ýagşy äñet! Tüýs ýaranjañ senatorlar garaşyp dur, halka gurap. Ýallaklaşyp ýylgyrýarlar: ''Bolarka nähili ýarap?'' Göýä diýrsiñ, bir gudratly hudaýa tagat edýärler, Ýüz-gözüniñ hereketin hiç sypdyrman seredýärler, Gögeleje çagalar hem ylla gar dek çuw ak serli Garrylaryñ hemmejesi çöke düşüp, öpýär ýeri: Olar üçin batgadaky arabañ yzy mukaddes, Armansyz sanýar özüni, ýüzün sürtse oña her kes. Diýgin sen, eý, romul halky, haýsy wagt dyza çökdüñ? Kimler seniñ goluñ baglan, kimselerden ejir çekdiñ? Ol buýsanjañ kwiritler zulum astynda ýegşerdi. Eý, biribar, kim olara munça jebri-jepa berdi? (Aýtsammykam?) Şol-Wetuliý! Watanyma ar getirdi. Depesine şory çykan gamçysyn göge göterdi. Başdan zalym döräp, gowşak senatlara edýär emr; Rim üçin ol bela boldy ㅡ ile abraý gelmez ömür. Wetuliý şasy rimlileñ!.. Utanja galdyñ, zamana! Dünýä çepbe-çöwrülip, boljakmy ahyrzamana? Kim ol eýwan aşagyndan gam-gussaly, gözi girýan, Galmagally märekäniñ arasyndan geçip barýan? Başyn aşak salypdyr ol, ýol hasasy bar elinde, Aşyklynyñ eti ýaly egnindäki köne jinde. ''Ugur niräk, eý, akyldar, hakykatyñ dosty Damet?'' ''Baş-aýagym alyp çykdym, bilebilmen ㅡ ugrum kaýan. Rimi baky terk eýledim, gulçulykdan örtenip jan''. Eý, Lisiniý, eý, söwer dost! Iñ gowusy, häzir, şu dem, Göwnümizde ýagşy niýet besleý-besleý ikimizem, Haýal etmän, goja kişiñ yzynajyk düşsek nädýär? Bu bozulan şäher bilen ömürlik hoşlaşsak nädýär? Çünki munda kanun, hukuk, konsul, tribun ㅡ bary satlyk, Satlyk ㅡ hormat, owadanlyk; asyl görmersiñ oñatlyk. Misli elden ele geçýän owadanja käse ýaly, Goý, degme, ol Gliseriýa özün gözel saýyp häli, Nätanyşlañ daşlaryna gurubersin yşkyñ torun! Biziñ welin ýüregmizde oña birehim bolmaz orun. Goý, utançsyz, çyn sadyk gul Klit bilen ol Korneliý Ýüz urup ýüz nejislige, murdar hapa çümsün ýörsün, Tagzym kylyp barlylara, öýden öýe sümsün ýörsün! Barypýatan rimlidirin, gursagymda joşýar ganym. Beýik halkyñ bu halyna gynanjymdan ýanýar janym. Gel, Lisiniý, dert-hesretden aramyzy açaly biz. Işbaşarmaz alymlardan, galp söýgüden geçeli biz. Şum pelegiñ başa salan jepalarna boýun burman, Pena gözläp, oba tarap gideli biz, munda durman. Aşagyna gün düşmeýän agaçlaryñ arasyndan, Tolkunlary örküç-örküç, giñ deñiziñ gyrasyndan Mekan tutup, ömür sürers halk gahryndan ätiýaçsyz. Çola ýerde ine-gana bilimizi ýazarys biz. Asudalyk höküm sürýän jaý içinde ýerleşibän, Ojakdaky ot başynda özüm bilen gürleşibän, Ata-baba ㅡ öñden galan meý käsämi göteribän, Öten-geçen wakalary göz öñüne getiribän, Rehimsiz Ýuwenal dek agzymdan ot saçaryn men, Ile zulmat getirenleñ hökman sepin açaryn men. Ýüzgörmezek satiramda aýyp bary çykar ýüze, Döwrüñ gylyk-häsiýeti aýan bolar neslimize. Eý, sen, Rim, bet işlerden ýüki ýeten gedem mekan! Geler welin bir ýowuz gün, şu durkuña durarmykañ? Ar alarlar, jeza biýrler; haýbatyñdan nyşan galmaz. Täji-tagtlar depgilener, zulum aýak üste galmaz. Janalyjy söweşlerde dörän çyn gaýduwsyz ärler Saña garşy hut gylyçly, güýçli gollaryn götärler. Belent-belent daglardan hem deñizlerden aşarlar-da. Bilmän durkañ üstüñ basyp, zarply sil deý joşarlar-da, Adyñ-soruñ ýiter, Rim ㅡ gözedürtme tümlük örter. Ötegçi hem weýranhana bir nazaryn aýlap öter. Gaýgy-gama özün berip, gygyrar ol oña garap: ''Azatlykdan Rim ulalyp, gulçulykdan boldy harap''. A. S. Puşkin Terjime eden: Ýagmyr Pirgulyýew | |
|
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Ala ýektaý bedroý / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Aman Gulmämmedowa / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Gider idim men ýol syra, ýawlak uzamyş bir agaç... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Ol gözler... / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |