LUKMANÇYLYK ~ SAGDYNLYK SUNGATY
■ Orta asyr türkmen döwletleriniň hassahanalary – şypahanalary hakynda
Otparazçylygyň keramatly kitaby «Awestada» berilýän maglumatlardan çen tutsaň, Ýer ýüzünde ilkinji lukman Trita bolupdyr. Trita ilkinji bolup zähere garşy ulanylýan maddany döredipdir, derman ýasamagyň usullaryny oýlap tapypdyr we hassany bejermegiň usullaryny, şol sanda kesel bejerişde tyg ulanmagy (hirurgiýa) işläp düzüpdir. Rowaýatlarda aýdylyşyna görä, ýagşylyk hudaýy Ahuramazda oňa öňler Bakydurmuş daragtynyň töwereginde ösýän derman otlarynyň 10 müň sanysyny asmandan inderipdir. Bulardan başga-da Trita dini däp-dessurlar ýerine ýtirilende içilýän serhoş ediji haoma içgisini hem döreden hasap edilýär. Ösümlikden ýasalýan haoma ýaşaýşyň we saglygyň gözbaşy hökmünde kabul edilipdir. Jadylaýjy güýje eýe bolan haoma diňe Häzirbegjanda bitýär eken. Beýik alym Abu Reýhan Biruny: «Jadygöýler bu ösümligiň baldaksyzdygyny aýdýarlar. Ol diňe Häzirbegjanyň hiç kimiň baryp bilmejek, adam aýagynyň sekmedik ýerinde bitýär» diýip ýazypdyr.
Awestanyň düşündirişi boýunça lukmançylyk ynsan bedenini sagdyn saklamagyň sungaty hökmünde kesgitlenilipdir. Bejerişiň esasy usullary söz bilen täsir etmek (psihoterapiýa), derman otlaryny we tyg ulanmak (hirurgiýa) hasap edilipdir. Bu barada Awestada şeýle diýilýär: «Lukmanyň üç ýaragy bar: söz, ösümlik we tyg». Keseli bejermek bilen baglanyşykly bu pähim beýik alym Ibn Sinanyň ömür we döredijilik ýolunyň baş şygaryna öwrülipdir. Lukman Hekim aýdypdyr:«Ilki – söz, soň – ösümlik, olaryň başarmadyk halatynda – tyg».
Asyrlar boýy näsaglar öý şertlerinde, özbaşdak bejerilipdir. Emma wagtyň geçmegi, ýaşaýşyň, durmuşyň öňe gitmegi bilen adamzadyň gündelik durmuşynyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, kesel bejerişde-de uly öňe gidişlikler gazanylypdyr. Üstesine-de, lukmançylyk ylmy hem juda öňe gidipdir. Türkmen topragynda ösüp ýetişen Barzuýa Merwezi, al-Biruny, al-Farabi, Juzjany, Ibn Sina, Abu Sahl Mesihi ýaly beýik alymlar ylmyň dürli ugurlary bilen bir hatarda ýer ýüzünde lukmançylygyň ösmegine-de ägirt uly goşant goşupdyrlar.
Dünýä medeniýetiniň we ylmynyň möhüm merkezleriniň biri bolan türkmen topragynda durmuş syýasatynyň möhüm ugry bolan saglygy goraýyş ulgamy hökümdarlaryň hemişe üns merkezinde bolupdyr. Elbetde, gadymy we orta asyrlarda durmuş syýasaty dolulygyna döwlet tarapyndan amala aşyrylmandyr. Ialatyň saglygyny goramak, garyplara, ýetim-ýesirlere howandarlyk etmek, çagalara bilim bermek işini döwlet esasan dini edaralaryň üsti bilen amala aşyrypdyr.
Islendik işde bolşy ýaly, durmuş syýasatyny ýola goýmak üçin köp serişde gerek bolýardy. Şonuň üçin hem patyşalar atly ulamalara, dini guramalara, metjit-medreselere, hanakalara, aramgählere ekerançylyk ýerlerini, kerwensaraýlary, bazarlary wakf edip berýärdiler.
Wakf diýlip döwlet tarapyndan yglan edilen obalaryň ýa-da etraplaryň daýhan hojalyklary, şeýle hem kerwensaraýlar, bazarlar her ýylky tölenmeli salgytlary döwlete däl-de, wakf edilip berlen ýerine tabşyrýardylar. Wakfdan gelýän serişdeleriň hasabyna hassahanalar, metjit-medreseler, hammamlar, mekdepler gurulýardy, garyp-gasarlara, ýetim-ýesirlere howandarlyk edilýärdi. Gadymy döwürlerde we orta asyrlarda durmuş syýasaty şeýdip amala aşyrylýardy.
Hassahanalaryň ýüze çykmagy Gündogar ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda-da, şäherleriň ösmegi we ulalmagy, ilatyň bir ýerde gür jemlenmegi bilen hem aýrylmaz baglanyşykly boldy. Merwde, Köneürgençde, Nusaýda şäher durmuşynyň esasy alamatlarynyň biri bolan hassahanalar barada ýazuw ýadygärliklerinde köp maglumatlar berilýär. XII asyrda Yrakdaky Seljuk türkmen döwletinde bolan syýahatçylaryň biri ýurduň içinden gecip barýarka 60 hassahana duşandygyny belläpdir.
Hassahanalar adatça şäherlerdäki metjit-medreseleriň, hanakalaryň ýa-da atly din adamlarynyň aramgähleriniň ýanynda ýerleşipdir. XIV asyryň meşhur syýahatçysy Ibn Batuta özüniň Köneürgenje saparynda şäherde hassahanalaryň bardygy we olara atly ulamalar ýa-da hökümdarlar tarapyndan howandarlyk edilýändigi barada ýazypdyr. Bu ýerde diňe bir hassalaryň saglygy bejerilmän, eýsem garyp-gasarlara, gezendelere hödür-kerem hem edilýär eken. Bu özboluşly haýyr-yhsan, rehim-şepagat öýleri bolupdyr. Lukman Hekim hakynda aýdylýan gürrüňlerden belli bolşy ýaly, şunuň ýaly öýler Nusaýda-da bar eken.
XI asyrda gurlan Nusaýdaky Dakkak mawutçynyň hanakasy hem ötegçileri ýel-ýagmyrdan penalaýan hem-de hassalara em edilýän haýyr-sahawat öýi bolupdyr. Uzynlygy 300 metre barabar bolan hanakanyň depä öwrülip giden harabalyklarynyň yzlary henizem Täze Nusaý galasynyň günbatar tarapynda saklanyp galypdyr. Bu ýerde Dakkak mawutçynyň hut özi dürli derman otlarynyň kömegi bilen hassalara em edýär eken. Şeýle hassahanalar Nejmeddin Kubranyň Köneürgençdäki we Abul Kasym Mahmyt ibn Omar az-Zamahşarynyň Yzmykşirdäki aramgähleriniň ýanynda-da hereket edipdir.
Hassahanalar esasan şäherleriň döremegi bilen giň gerime eýe bolupdyr. Şäherlerde ykdysady gatnaşyklar ösüpdir, önümçilik giňäpdir. Bu bolsa şäher ilatynyň sanynyň birsyhly artmagyna, şunuň bilen birlikde, köp ilatyň bir ýerde jemlenmegi zerarly häli-şindi ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna-da getiripdir. Jemgyýetçilik durmuşynda şeýle meseleleriň peýda bolmagy kesellere garşy göreşmegi we näsaglary bejermek işini merkezleşdirilen görnüşde alyp barmagy talap edipdir. Orta asyr hassahanalary ýokanç kesellileri köpçülikden aýry saklamak, gezendelere em etmek, kesellileri bejermek, maýyplara we garry adamlara ideg etmek üçin zerur bolupdyr. Şeýlelikde, kesel bejerişi guramaklygyň iň oňyn usuly, näsaglary merkezleşdirilen ýa-da has takyk aýdylanda, hassahana şertlerinde bejermeklik ýüze çykypdyr.
Patyşalar tarapyndan maliýeleşdirilýän hassahanalar esasan giň halk köpçüligi üçin niýetlenilipdir. Şeýle hassahanalaryň döwlet tarapyndan berkidilen öz lukmanlary hem-de kesel bejeriş işine dahylly bolmadyk (tam süpürijiler, aşpezler, ýükçiler, sakçylar we başgalar) işgärleri bolupdyr. Hassahanalaryň ýanynda kitaphanalar we ýörite lukmançylyk mekdepleri hem esaslandyrylypdyr. Lukmançylyk mekdeplerinde okuwlar nazary hem-de amaly esaslarda alnyp barylypdyr. Talyplar öz halypalary bilen hassahanada keselini bejerdýän näsaglaryň ýanyna baryp, şeýle hem öý şertlerinde bejerilýän hassalaryňka aýlanyp bejeriş usullaryny öwrenýär ekenler.
Hökümdarlar tarapyndan esaslandyrylan iň ilkinji hassanalaryň biri 873-nji ýylda Müsüriň türkmen patyşasy Ahmet ibn Tulun (Dolanaý begiň ogly Ahmet) tarapyndan döredilipdir. Bu hassahana diňe ilatyň garyp gatlaklary üçin niýetlenilip gurlupdyr. Oňa esgerleriň, serkerdeleriň, gurply adamlaryň barmaga we kesellerini bejertmäge hukugy bolmandyr. Hassahananyň zerurlyklary üçin hökümdar ýylda 60 müň dinar harçlapdyr we hepdäniň her anna güni hassahana onuň hut özi gelýär eken. Mundan başga-da, Ahmet ibn Tulun öz gurduran metjidiniň ýanynda dermanhana esaslandyryp, her hepdäniň anna güni ýörite bellenilen lukman bu ýere gelýän hassalary mugt bejeripdir. Taryhy maglumatlarda aýdylyşy ýaly «hassahanada erkekler we aýallar üçin aýratyn bölüm, aýallar we erkekler üçin aýratyn hammam hereket edipdir; hassalar kesellerine görä aýratyn bölümlerde saklanylypdyr».
Hassahanalaryň sanynyň artmagy olarda saklanylýan derdi meňzeş näsaglary aýratyn jaýlarda ýa-da otaglarda saklamaga mümkinçilik beripdir. Hassahanalaryň döremegi lukmançylyk ylmynyň ösüşine-de ägirt uly itergi beripdir. Hassalary gözegçilikde saklamak we keselleriň alamatlaryny ýazyp beýan etmekde hassahanalaryň orny Fahreddin Razynyň işlerine, hususan-da onuň mama keseli we gyzamyk baradaky meşhur işine öz täsirini ýetiripdir. Ibn Sina kesele we kesellän adama hassahana şertlerinde seretmeklige kesel bejeriş işinde iň amatly usul hökmünde baha beripdir we bu işi üstünlikli dowam etdiripdir. Ibn Sina hassahanalarda ýokanç kesellere duçar bolanlar üçin aýratyn jaýyň bolmagyny hökmany şert hökmünde öňe sürüpdir. Durmuşyň we kesel bejerişiň bu talaby keseliň ýaýramagyny çäklendirmegiň, keselliniň ýagdaýyny öwrenmegiň, keseli anyklamagyň, bejeriş döwründe lukmanlaryň ýalňyşlyklaryny ýüze çykarmagyň, bejergi üçin has ygtybarly serişdeleri gözlemegiň zerurlygy bilen esaslandyrylypdyr.
Saklanyp galan taryhy ýazgylar hassahanalaryň gowy abadanlaşdyrylandygyny, aýallary we erkekleri aýry saklamak we başga maksatlar üçin, köplenç, aýratyn otaglaryň ýa-da howlylaryň bolandygyny habar berýär. Bäri bakyp ugran hassalar üçin hem aýratyn jaýlar niýetlenilipdir. Hassahanalaryň ýanynda dermanhanalar, keseli anyklamak, hassalar bilen gürrüň geçirmek üçin aýratyn otaglar bar eken. Şeýle hassahanalar türkmenleriň Müsürde guran memluklar döwletinde giň gerime eýe bolupdyr. Muňa XIII asyryň ahyrlarynda memluk soltany Kalawun (1279-1290) tarapyndan gurlan hassahana aýdyň mysal bolup biler. Onuň gurduran hassahanasy metjitden, aramgähden we medreseden ybarat bolan binalar toplumynda ýerleşipdir.
Soltan Kalawunyň hassahananyň uly howlusy bar eken. Onda dürli maksatlar üçin peýdalanylan köp sanly otaglar gurlupdyr. Hassalar üçin otaglar, aşhana, tebipler üçin hüjreler we başgalar şol döwrüň iň gowy enjamlary bilen abzallaşdyrylypdyr. Hassa aýallar üçin niýetlenilen otaglar bolsa dürli nagyşlar we ýazgylar bilen baý bezelipdir. Döwründe hassahanada lukmançylyk ylmyna degişli gymmatly golýazmalar saklanylýan baý kitapna işläpdir.
Ýerli lukmanlar bilen bir hatarda Gündogar hassahanalarynda dürli ýagdaýlar zerarly gaçyp gelen wizantiýaly hekimler hem zähmet çekipdirler. Olar Gadymy dünýäniň Gippokrat, Galen ýaly hekimleriniň mirasyna belet bolsalar-da hassahanalary bilmeýärdiler. Olar bu tejribe bilen ilkinji gezek musulman ýurtlarynda ýüzbe-ýüz bolupdyrlar. Çünki Gresiýada, Rimde we Wizantiýada hassahanalar bolmandyr.
Hassahanalar Akgoýunly türkmen döwletinde, onuň paýtagty Töwrüzde has hem köpelipdir. XIV asyrda bu ýerde ilhan Gazan hanyň (1295-1304) weziri, «Oguznamanyň» ýazarlarynyň biri Reşideddin tarapyndan «Daruş-şifa» («Şypahana» ýa-da «Saglyk öýi») uniwersiteti esaslandyrylypdyr. «Daruş-şifa» uniwersiteti giden meýdany tutup ýatan özbaşyna şäherçe bolup, onda okuw, bejeriş we ylmy edaralary, şol sanda hassahana we obserwatoriýa bolupdyr. Bu uniwersitetde diňe bir Akgoýunly döwletiniň däl, eýsem Merkezi Aziýadan, Eýrandan, Siriýadan, Müsürden hatda Hytaýdan, Hindistandan, Gresiýadan we Kiprden çagyrylyp getirilen alymlar hem-de mugallymlar hem zähmet çekýärdiler. Uniwersitete Gündogaryň dürli künjeklerinden her ýylda talyplaryň 6-7 müňüsi okamaga gelip, lukmançylygy, tebigat bilimlerini, filosofiýany, taryhy, astronomiýany, mantygy we dini bilimleri öwrenipdirler. Onuň kitaphanasynda bolsa dünýäniň dürli ýurtlaryndan getirilen 300 müňden gowrak golýazma kitaplary saklanylypdyr. Kitaplaryň arasynda lukmançylyga we dermanhana ylymlaryna (farmakologiýa) degişli kitaplar has hem köp bolupdyr.
XV asyrda akgoýunlylaryň watany bolan Häzirbegjanda hassahanalar has hem köpelip, olaryň sany 60-dan geçipdir. Hassahalaryň kiçiräk görnüşi hem bolupdyr. Olary «Ymarat» (arapça «imaret») diýlip atlandyrýardylar. Ymaratlarda wagtlaýynça düşlemäge, garbanmaga we lukmançylyk kömegini almaga mugt mümkinçilik berlipdir. Gürrüňi edilýän asyryň ortalarynda Töwrüzde Gara Ýakup, halyf Mütewekkil, sultan Uzyn Hasan we Zübeýda hanym tarapyndan gurdurylan dört sany ymarat bar eken.
Öz döwrüniň iň uly hassahanasy soltan Ýakup Akgoýunly (1479-1490) tarapyndan ýurduň paýtagty Töwrüzdäki «Daruş-şifa» uniwersitetiniň ýanynda gurlan hassahana bolupdyr. Bu hassahana soltanyň «Ýedi jennet» («Haft behişt») köşgüniň ýanynda ýerleşip, onda bir wagtda 1000-den gowrak keselli öz saglygyny bejerdip bilipdir. Lukmanlar näsaglara 900-den gowrak emleri ýazyp berýär ekenler. Akgoýunly hökümdarynyň hassahanasynda näsaglary keseline görä dürli bölümlerde ýatyrýardylar. Bu bolsa «Daruş-şifa» uniwersitetiniň alym lukmanlaryna şol bir keseliň aýry-aýry näsaglarda nähili geçýändigini deňeşdirmäge mümkinçilik beripdir. Kesel bejerişde bir serişdäniň dürli ýagdaýlarda nähili täsir edýändigini barlap görmäge-de mümkinçilik döräpdir. Lukmanlar üçin gözegçilik geçirmek, synag etmek üçin täze, amatly ýagdaýlar emele gelipdir. Şeýle şertleriň lukmançylyk ylmynyň ösüşine-de gowy täsir etmegi tebigy zatdyr. Şol döwrüň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan şeýle oňyn netijeler lukmanlaryň iş şertlerini üýtgetmäge, gözegçilik etmegiň gerimini giňeltmäge, näsagy bejermekde başgaça çemeleşmäge, keselleriň aýry-aýry alamatlaryny tutuş bir hassahanada öwrenmäge mümkinçilik beripdir.
Ýakup soltanyň hassahanasynyň ýanynda lukmançylyk mekdebi hem bolup, ony tamamlanlar tejribeli lukmanyň gözegçiliginde köp ýyllyk iş tejribeligini geçýärdiler. Şundan soň olara özbaşdak işlämäge ygtyýar edilipdir. Bu ýerde baý dermanhana bolup, oňa dürli ýurtlardan dürli derman otlaryny getiripdirler. Bu uniwersitet Töwrüzde tä XVII asyryň ahyrlaryna çenli – sefewi türkmen döwletiniň hökümdary şa Abbas tarapyndan Yspyhana göçürilýänçä işläpdir. Şeýle hassahanalar Akgoýunly döwletiniň Şemaha, Genje we beýleki şäherlerinde-de bolupdyr.
Umuman aýdanyňda, taryhy tejribeden mälim bolşy ýaly, indi köp asyrlar bäri hassahanalar raýatlaryň saglygyny goramagyň baş girewi, esasy usuly bolup adamzada hyzmat edip gelýär. Çünki raýatlaryň beden saglygy, döwletiň we halkyň geljegi, öňi bilen ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten derejesine, onuň maddy-tehniki binýadyna, hassahanalaryň ýokary derejeli lukmanlar bilen üpjünçiligine baglydyr.
Hawa, şöhratly ata-babalarymyzyň il-günüň saglygy hakynda eden aladalary geçmiş taryhymyzda uly yz galdyrypdyr. Bu sogaply, ilhalar işler Beýik galkynyşlar zamanasynda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Garaşsyz Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy ýurt baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde düýpgöter üýtgedi, tanalmaz ýaly özgerdi, görlüp-eşidilmedik derejede ösdi. Indi bizde şypahanalar, saglyk öýleri, hassahanalar diňe dünýä ülňüleri esasynda gurulýar. Alym Lukman tarapyndan baştutanlyk edilýän Türkmenistan döwleti, bu gün öz raýatlarynyň saglygy barada alada etmekde bütin dünýä görelde görkezýär.
Jumadurdy ANNAORAZOW,
taryh ylymlarynyñ kandidaty.
Medisina