00:23 Magtymguly -12/ romanyñ dowamy | |
■ «Tälim beren ussadyňdan aýrylma...»
Taryhy proza
Magtymguly Hywa gelen badyna Nury Kazymyň ýanyna gitdi. Ol baranda Nury Kazym körpeçäniň üstünde süýnüp ýatyrdy. Ýüzi solukdy, çekgeleri içine çöken ýalydy. Onuň başujunda dolangy saçak bilen bir okara aýran bardy. Hüjräniň sag böwründe derman edilýän otlar ýatyrdy, çemeliräk mis jamda gyzylymtyl derman bardy. Magtymgulynyň salam berenini eşidip, Nury Kazym dik galyp oturdy: – Saparyňyz mübärek bolsun! – diýip, ol Magtymgula orun görkezdi. – Sag-aman gezip geldiňizmi? – Ýaňy geldik, tagsyr. Hormatly möwlanamyzyň halyndan habar alaýyn diýip gelşim. Neneň, ganymat bolýaňyzmy? – Hudaýa şükür! – diýip, Nury Kazym saçagy ýazdy, aýranly okarany Magtymgulynyň öňünde goýdy. – Alyň, döwüm-dişlem nan iýiň! Magtymguly bir bölejik çörek aldy-da, aýran bilen iýdi. – Begiň toýuny sowduňyzmy? – Hawa, tagsyr, toýam sowuldy. – Äraly işan bilenem söhbetdeş bolduňyzmy? Hezreti Pälwan ony öwüp arşa çykarýady welin, aýdylyşyça bar ekenmi? – Elbetde, onuň akylly-paýhasly adamdygyna söz ýok! Ýüregimizdäkini aýtsak, onuň bir gylygy bize ýaramady. Kişi akylyna gulluk edýär. Iň bärkisi, aýtjak sözünem kişi gepi bilen aýdýar. – Geň görmäň, şahyr! Hanlara, beglere hyzmat edýän adamlaň hemmesem öz hökümdarlarynyň akylyna gulluk edýär. Eger Äraly işan şona oňaryp bilýän bolsa, onuň mertebesi ýokary gala. – Kişi göwnüni kowalap mertebe eýesi bolandan, halallyk bilen pukaraja ýaşap ýöreniň gowy dälmikä? Nury Kazym hoşallyk bilen güldi. – Gadymy Wasyň köne galalaryna-da seýil etdiňizmi? – Köne galalaryňam birentegin-ä gördük. Dünýä gelen zatlaryň hemmesi ahyry ýitip ýok bolýar. Tenha ady galýar. Ol galalaryňam ýöne ady galypdyr. – Hawa, şahyr, wagty bilen herki zat öz möwritini ýitirýär. Ýene bir wagt bolar, ol galalaryň ady-soram ýitip gider. Nury Kazym bir zat aýtjak boldy, şol halatda Nazarly salam berip içerik girdi. – Saglygyňyz niçik, tagsyr? – diýip, Nazarly dik duran ýerinden sorady. – Ganymat bolýaňyzmy? – Saglygam ýagşy! Ýokaryk geçiň! – Men geçip oturaryn, tagsyr! Ýöne şahyr gitmeli boljak. Ony Hezreti Pälwan çagyrýa. – Olaryň ýanyna haçan barmalykak? – diýip, Magtymguly sorady. – Häzir barmaly! Size garaşyp otyrlar. Magtymguly hoşlaşdy-da, hüjreden çykyp gitdi. Nazarly Magtymgulynyň oturan ýerine geçip oturdy. – Iýip-içjek zadyňyz barmy, tagsyr? Eger meýliňiz bolsa... – Ýok! Meýlim ýok. Siz gezip gelen adamsyňyz. Görüp-eşiden zatlaryňyzdan gürrüň beriň! – Gürrüň bererin, tagsyr. Gürrüňe başlamazdan ozal size bir zat görkezäýjekdim. Biler bolsaňyz, menem bir goşgy goşdum. Nazarly goltugyndan eplengi kagyz çykaryp, Nury Kazyma berdi. – Muny Magtymguly şahyra-da görkezdiňizmi? – Ýok, tagsyr, oňa görkezmäge utandym. Dogrymy aýtsam, ony Magtymgulynyň goşgularyna öýkünip ýazdym. – Onuň näme utanjy bar? Häzir Magtymguly şahyra öýkünip şygyr düzmek ýoň bolupdyr. Kimde-kim Magtymgula has gowy öýkünip bilse, ol ökde şahyr hasap edilýär. Nury Kazym şygry dykgat bilen okady. – Neneň gördüňiz, tagsyr? Heý bir zada meňzeýämi? – Hiç neneň däl. Il içinde şahyrlyk satyp ýören şahyrsumaklaryňkydan-a kem däl. Şahyrçylyk ediberseňizem boljak. – Ýok, tagsyr! Gyzylyň ýanynda misiň gymmaty bolmaz! Magtymguly ýaly hakdan içen şahyr barka, goşgy goşan bolup il öňüne çykmak öz-özüňi masgara etmekdir. – Hawa! – diýip, Nury Kazym jogap berdi. – Häzirki şahyrlar Magtymguly ýok ýerinde şahyr. Magtymguly şahyrçylyk minarasynyň depesine çykan adam! Ol dünýä döräli bäri orta çykan şahyrlaryň hiç birinden kem däl bolsa gerek. * * * Magtymguly Hezreti Pälwanyň howlusyna bardy. Başy gök çalmaly köseleç adam howly süpürip ýördi. – Möwlana, Hezreti Pälwan öýündemi? Köseleç adam «yzyma düşüberiň» diýýän ýaly edip başyny atdy-da, howlynyň orta gürpünde ýerleşýän beýik jaýa baka ugrady. Jaýyň ön tarapy gülzarlykdy. Onda gyzyl, mämişi, gara bägüller parlaşyp otyrdy. Jaýyň gapysyna barýan ýoluň iki tarapyna şamusäher, täjihoraz gülleri ekilipdir. Magtymguly jaýa girende Hezreti Pälwan daşky otagda hat ýazyp otyrdy. Takmynan ýigrimi bir ýaşlaryndaky ýigit onuň garşysynda çök düşüp otyrdy. Magtymguly iç işige girdi-de, salam berdi. – Hoş geldiňiz, şahyr! – diýip, Hezreti Pälwan oňa orun görkezdi. – Az salym dyzyňyzy epiň! Magtymguly mürähet edilen ýere geçip oturdy. Ýaş ýigit gözüni aýyrman, Magtymgula seredýärdi. Hezreti Pälwan hat ýazyp boldy. Ony iki epledi-de, ýaş ýigide uzatdy. – Şu haty Ybadylla ahuna gowşursaňyz, siziň diýen kitabynyzy tapyp berer. Ol kitabynyň hasabyny ahmal edýän däldir. Äkiden kitabyňyzy wagtynda getirip bereweriň! – Sag boluň, tagsyr! Ol otagdan çykjak bolanda, Magtymgula bir zat diýjek ýaly etdi-de, diýip bilmän, çykyp gitdi. – Ýeri, şahyr, sag-aman gezelenç edip geldiňizmi? – diýip, Hezreti Pälwan Magtymgula ýüzlendi. – Geldik, tagsyr! Biz gidemizde Möwlana Nury Kazym nähoş bolansoň, saglygyny soraly diýip, olaryň ýanyna bardyk. – Gowy edipsiňiz! Möwlana Nury Kazym hormata mynasyp adam! Onuň tizräk aýak üstüne galaryny dileg edip hudaýa doga edýäs. – Bizi çagyran ekeniňiz, tagsyr! – Biziň şäherimizde hormat bilen sarpasy tutulýan bir täjir bar. Özem alymlara, şahyrlara hormat goýýan adam. Metjit-medreseler üçin çykdaýjy etmekdenem gaça duranok. Biziň medresämiziň wakfdan1 alýan girdejisiniň esli bölegi üçin biz şol täjire minnetdardyrys. Ol sizi idäp gelipdir. Içki otagda garaşyp otyr. Içki otagda töre ýazylan mahmal körpeçäniň üstünde geýnüwli adam aýbogdaşyny gurup otyrdy. Myhmanyň öňüne ýazylan saçagyň üstüni her hili ir-iýmişler bezeýärdi. Çemeliräk golçany ýada salýan syrçaly gapda şerbet bardy. Magtymguly däp boýunça salam berdi. Myhman oturan ýerinden onuň bilen görüşdi. – Düşek üstüne geçiň, şahyr! – diýip, Hezreti Pälwan saz-agyň başyndan orun görkezdi. Myhman gözüni aýyrman Magtymgula seredýärdi. – Meni tanadyňyzmy, şahyr? – Tanadym! Dört ýyl mundan ozal Buharada duşupdyk. Töwke baý bilen ýene bir gezek görüşmek nesibämiz bar eken! – Tüweleme! Huşuňyz ýiti eken! – diýip, Töwke baý güldi. – Men-ä ýolda-yzda sataşan bolsam, tanamasamam tanamazdym. Ol wagtlar siz has ýaş görünýädiňiz. Magtymguly sesini çykarmady. Töwke baý Hezreti Pälwana ýüzlenip, sözüni dowam etdi: – Şol gezek meniň şahyra synym oturdy. Şondan bäri şahyr bilen arkaýynlykda söhbetdeş bolmagy arzuw edip ýörün. Onuň Hywada okaýanyňam ýaňy eşitdim. Töwke baý ýene Magtymgula ýüzlendi: – Şol gezek buharalylar meni öýkeletdi. Soň sorap-idäp aňrysyna ýetsem, belanyň körügi Gyzlargül Aýymda eken. Ol nadaralyklaň hemmesi meni Buharadan kowjak bolup edilen pirim eken. Tyg ýarasy biter, söz ýarasy bitmez diýýäler welin, töhmet ýarasam bitmejek eken. Men bir aýal bilen deň bolmaýynam diýýän welin, onda-da bolanok. Gyzlargül Aýymyň şol edeni ýadyma düşse, içim tütäberýä. Gyzlargül Aýymdan ýaňa içi tütäp duransoň, Töwke baýyň gürrüňi tükener ýerde tükenmedi. Ahyry Hezreti Pälwan gürrüňi bölmeli boldy. – Hawa, Töwke baý! – diýip, ol sypaýyçylyk etdi. Siz Magtymguly şahyry çagyryp ber diýdiňiz. Näme hyzmatyňyz bolsa aýdyberiň! – Hyzmat ýok, tagsyr! Biziň bar arzuwymyz şahyr bilen ine-gana oturyp söhbetdeş bolmak. Siz gaýrat ediň-de, indiki anna agşamsy şahyry biziň öýe alyp baryň! – Hawa, şahyr! – diýip, Hezreti Pälwan Magtymgula seretdi. – Näme diýýärsiňiz? Baýa wada berermisiňiz? – Atamyz bize hemişe ulyny sylamagy wesýet ederdi. Biziňem ulymyz siz, tagsyr! Näme diýseňiz, şonuň bilen bolubereris. Töwke baý hoşallyk bilen dem aldy. – Indi bize rugsatmydyr? – diýip, Magtymguly sorady. Hezreti Pälwan jogap bermänkä, Töwke baý ara goşuldy. Ýogsa-da, sizden bir zat sorajakdym, şahyr. Siz özbek ýa gazak dilinde şygyr düzdüňizmi? – Ýok, baý aga! Men goşgyny türkmen dilinde düzýän. – Bir gezek men kerwensaraýa baramda bir gazak öz dilinde goşgy okap oturan eken. «Bu goşgy kimiň goşgusy?» diýip sorasam, «Magtymguly şahyryňky» diýdi. Biziň ýanymyzda bir özbek mollasy siziň şygyrlaryňyzy özbek dilinde okyýa. Töwke baýyň soragyna Hezreti Pälwan jogap berdi. – Gazak bolsun, özbek bolsun, azerbaýjan bolsun, türki dilde gepleýän milletleriň hemmesiniň diliniň köki bir. Ol sebäpdenem, olar oňat gören şygyrlaryny, kyssalaryny öz dillerine öwrüp okaberýäler. Şu jähtden seredeniňde Magtymguly şahyryň şygyrlary has-da bazarly. – Siz, şahyr! – diýip, Töwke baý gopbamlyk bilen gürledi. – Jahankeşdeligi gowy görýämişiňiz. Saglyk bolsa, men sizi uzak ýurtlara-da äkideýin. Gidersiňiz gerek? – Nesibe işidir-dä, baý aga! Magtymguly howludan çykanda, Hezreti Pälwandan hat alan ýaş ýigidiň garaşyp duranlygyny gördi. – Siz maňa gaty gerekdiňiz, şahyr! – diýip, ol gadyr bilen Magtymgula ýüzlendi. – Sizi nädip taparkam diýip ýördüm welin, özüňiz duşaýdyňyz. Menem özüňiz ýaly talyp. Hojamberdi biý1 medresesinde okyýan. Adym Seýit. Seýit Nyýazy hem diýýäler. Özümem goşgy-gazalyň ölemen aşygy. Goşgy diwany ýa-da bir dessan elime düşäýse, derrew göçürip alýan. Meniň göçürip alan ownukly-irili kitabymyň sany ýüze-hä golaýlandyr. Häzirem Ybadylla ahundan bir kitap alaýyn diýip geldim. – Asylly kesbiňiz bar – diýip, Magtymguly ýylgyrdy. – Ybadylla ahundan almakçy bolýan kitabyňyzam goşguly kitapmy? – Ybadylla ahunda Ýolguly-Enisiniň2 goşgy diwany barmyş. – Enisiniň goşgulary fars dilinde bolsa gerek.. – Hawa, fars dilinde. Onuň manyly goşgulary bar diýýäler. Ybadylla ahun gaty belet adamsy bolaýmasa, öz kitaplaryny bermiýämiş. Meniň bagtyma, biziň atamyz Abdal Hoja Hezreti Pälwanyň tanşy eken. Atamyz Hezreti Pälwana salamnama ýazyp, şol kitaby Ybadylla ahundan alyp bermegi towakga etdi. – Siziň kitaplaryňyzyň arasynda biziň okamadyk kitaplarymyzam bar bolsa gerek. Ýolumyz düşüp, siziň medresäňize baraýsak olary okamaga ygtyýar edermisiňiz? – Gözüm üstüne! – Taňryýalkasyn! – Men siziň goşgularyňyzy göçürip alaýsam diýip, arzuw edip ýördüm. Şu wagt saý-sebäp bilen sataşan wagtymyz bize aýdaýsaňyz! Olary göçürip almak bize haçan nesip ederkä? – Onuň haçany ýok! Isleseňiz, häziriň özünde-de göçürip bilersiňiz! Ýörüň, hüjrä baralyň! Seýit Nyýazy çakylykdan boýun gaçyrmady. – Siz Nurmuhammet Andalyby1 görüpmidiňiz? – diýip, Seýit Nyýazy ýolda barýarkalar sorady. – Entek bize Andalyp şahyr bilen görüşmek miýesser bolanok. Ýöne ony görmek arzuwym-a bar. – Biziň medresämizde bile okaýan bir ýoldaşym bar. Ol maňa Andalyp şahyryň goşgularyny hem dessanlaryny getirip bermäge boýun boldy. Eger getirip beräýse, sizem habardar ederin. – Ygtyýar etseňiz, ony bizem göçürip alardyk. Hüjrä bardylar. Magtymguly myhmana törden ýer görkezdi. Saçak ýazdy. Çörek, gowurma hem gawun äberdi. – Siz nireli bolarsyňyz? – diýip, Magtymguly sorady. – Aslymyz Mangyşlak sebitinden, Bozgaragan diýen ýerden. Ýöne köp ýyl bäri Itil2 ýakasynda, Aždarhanda3 oturýas. – Aždarhan orus raýatydyr?! – Hawa. Ýöne, Aždarhanyň özi orus şäherem bolsa, musulmanlar köp. Türkmenlerden başga galmyklar, gazaklar, tatarlaram bar. Olaryň hemmesem orus raýaty. Ýöne dilimiz, dinimiz özümiziňki. Musulmanlaryň öz metjidi bar, öz mekdebi bar. – Oruslar «dinimize giriň!» diýip azar berenoklarmy? – Ýok. Ýöne musulmanlaň arasynda iki-ýeke orus mekdebine girip okyýanlar-a bar. Onam oruslar zorluk edip okadanok. Her kimiň özi keýpihon gidip okyýa. Size dogrymy aýtsam, menem orus mekdebine girjek boldum. Atamyz ygtyýar etmedi. – Siz orus okuwynyň nämesine höwes etdiňiz? – Orus okuwynda okan adamlar ony öwýärler. Oruslarda uly-uly alymlar barmyş. Olar talyplara düýpli ylym öwredýämiş. Oruslarda biziň medreselerimizde geçilmeýän üýtgeşik sapaklar okadylýamyş. Orus okuwyny gutaran adamlar köp ugurdan hünärli bolýa. Orusýet gaty uly ýurt. Onuň daglaryny-derýalaryny, tokaýlaryny, jeňňellerini, çöllerini, düzlerini sanap tükeder ýaly däl. Hywa, Buhara ýaly uly şäherlerem köpmüş. Şol giden uly memleketiň hemmesem bir patyşa raýatmyş. Seýit Nyýazynyň gürrüňi Magtymgulyny gyzyklandyrdy. – Ynha, biziň özümizi tymsal alaýaly – diýip, Seýit Nyýazy dowam etdi. – Biz Mangyşlakda oturýakak uruşdan gözümiz açylmazdy. Galmyklaram, gazaklaram bize ýagydy. Türkmenleň öz garakçylaram bize ýagydy. Güpümiz bir bolsa, urşumyz ikidi. Aždarhana baryp, orus patyşasyna raýat bolduk welin, şol tükeniksiz uruşdan dynaýdyk. Orus patyşasyna hiç kim batyrnyp bilenok. Orus patyşasynyň ümmilmez leşgeri, uly serkerdeleri barmyş. Aýdyşlaryna görä, orus patyşasy hut Nedir şadanam gorkmandyr. Seýit Nyýazy oruslar hakynda köp zady gürrüň edip berdi. – Indi rugsat bolsa, men gaýdaýyn – diýip, ahyry ol rugsat diledi. – Ygtyýar etseňiz, goşgy diwanyňyzam alyp gideýin. Göçürip gutaran badyma getirip bererin. – Meniň goşgularym bölek-bölegräk toplandy – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Häzir bir bölegini berip goýbereýin. Ony göçürip bolanyňyzdan soň beýleki bölegini äkidersiňiz. Magtymguly myhmanyny daş gapa çenli ugratdy. Ol dolanyp hüjrä girmänkä, bir gara sakgally adamyň gelýänligini gördi. – Essalawmaleýkim, hormatly şahyr! – Bohow, guş dilli Bagtyýar, gezmäge geldiňizmi? Bagtyýar hüjrä girdi-de, elindäki sebedi ýerde goýdy. – Gezmäge bararsyňyz öýdüp köp garaşdyk – diýip, Bagtyýar gürrüň berdi. – Ahyram gelmediňiz. Onsoň özüm bir habar tutaýyn diýip geläýdim. – Gowy edipsiňiz! Töre geçiň! – Men geçip oturmaýyn, şahyr. Isgender ussaň gözi ýoldadyr. Wagtynda baraýmasam, galmagal köpeler. Maňa iki-üç sany şygyr ýazyp berseňiz, men alaýyn-da, yzyma baka ylgaýyn. – Öňki berenlerimi ýat beklediňizmi? – Olary aýdym edip aýdyp ýörün. Minewwer olary her günde üç gezek diňlemese, kararam ýetenok. Magtymguly dört sany goşgy ýazdy-da, Bagtyýara berdi. – Indi şu sebedem bir boşadyp beräýseňiz – diýip, Bagtyýar getiren sebedini şahyra uzatdy. – Bulary öz bagymyzdan ýoldum. Size-de dadyraýyn diýdim. – Köp sag boluň! – diýip, Magtymguly sebedi almajak boldy. – Ýok! Almasaňyz meni gaty ynjydarsyňyz. Magtymguly sebetdäki almalary hem üzümleri okaralara boşatdy. Sebediň içinde rejelenip eplenen bir ýüpek ýaglygam bardy. Magtymguly ony sebet bilen birlikde yzyna gaýtardy. Bagtyýar ýaglygy ýene Magtymgula uzatdy. – Bu ýaglygy size iberdiler, şahyr. – Kim iberdi? – Isgender ussaň gyzy Minewwer. – Minewwer?! – Şu gün siziň ýanyňyza gaýtjak bolýanymy bildi-de, şu ýaglygy size gowşurmagy towakga etdi. Bu ýaglykda jadyly uçgunlar oýnaklaýardy. Birden ol uçgunlardan ataş döräp, ýüreklere ot düşäýse, ony hiç zat bilen söndürip bolmaz! Siz muny eýesine eltip beräýiň! Ýaş gyzyň näzik kalbyna beýle zulum etmäň, şahyr! Ozallar ol siziň şygyrlaryňyzy eşidip, adyňyz bilen aşna bolup ýördi. Sizi göreli bäri onuň size bolan hormaty ýetjek derejesine ýetipdir! Şondan bäri adyňyzy dilinden düşürip bilenok Magtymguly ýaglygyň epinini ýazdy-da, oňa seretdi. Şonda ýaglygyň ýüzünde Menliniň gözi ýaşly suraty peýda bolan ýaly göründi. – Näme diýseňiz-le, Bagtyýar! Bir sahypjemal jenandan ýaňa meniň ýüregimde gutulmajak ýara galdy. Her gezek şu jadyly ýaglyga gözüm düşende ýüregimiň ýarasy täzelener durar. Siz Minewwere aýdyň, meniň ýaramyň üstüne şerebe sepelemesin! ■ «Ýamanyň zyýany iline ýeter...» Hywa hanynyň köşgi şäheriň içki galasynyň günbatar böwründe ýerleşýärdi. Köşgüň daşy derek boýuna barabar beýik diwar bilen gabalgydy. Köşge girilýän derwezäniň çep tarapynda sakçyhana, telbehana, her hili ambarlar we şoňa meňzeş jaýlar bardy. Köşk howlusynyň töründe hanyň diwanhanasy,1 körünişhana,2 haremhana we metjit ýerleşýärdi. Körünişhananyň özbaşyna howlusy bolup, onuň daşyna ýokarsy diş-diş bolup duran beýik diwar salyngydy. Onuň ýeňseki diwarynyň öňünde hanyň tagty gurulgydy. Körünişhananyň öni hemişeki ýaly köp adamlydy. Köşk emeldarlary, ulamalar, begler we begzadalar beýik mertebeli hana salam bermek üçin, onuň gelerine garaşýardy. Has ýokary wezipeli emeldarlar körünişhananyň edil alkymyny eýeläpdi, pesräk wezipedäki adamlar olardan birnäçe ädim yzda, has kiçi wezipeli adamlar olardanam yzda hatara düzülip durdy. Köşk adamlary esli garaşanlaryndan soň Babamyrat hudaýçy1 geldi-de, beýik mertebeli hanyň gelýändigini habar berdi. Az salymdan Temirgazy han peýda boldy. Onuň yzy bilen Allaguly2 atalyk gelýärdi. Garaşyp duran adamlaryň hemmesi iki bükülip hana salam berdi. Temirgazy han özüne berlen salamy kabul edýänliginiň nyşany hökmünde sag goluny çalaja göterdi-de, tagtyna baka geçip gitdi. Allaguly atalyk hem onuň yzy bilen gitdi. Munuň uly dabara köşk emeldarlary üçin täzelik däldi. Her gün irden han tagtyna çykanda, giden märeke bolup oňa baş egilmegi we onuň üçin uzak ömür, egsilmez döwlet diläp hudaýa doga edilmegi bu ýerde däp bolup galan dessurdy. Beýik mertebeli han özi üçin okalýan dogalar hem alkyş edilip aýdylýan sözler bilen halys öwrenişip gidipdi. Ol bu süýji sözleriň köpüsiniň kiçi dilden bärde aýdylýan boş sözlerdigini hem bilýärdi. Şeýle-de bolsa, her gün şol sözleri diňlemekden özboluşly lezzet alýardy. Bu gün hem şeýle boldy. Emeldarlar ýeke-ekeden gelip, hana ýalynjaňlyk etdiler, ýakymly sözler aýtdylar. Bu sözler Temirgazy handa onçakly täsir galdyrmady. Ýöne köşgüň ýaşuly emeldarlaryndan biri Ymameddin diwanbegiňiň3 aýdan sözi ony iňkise goýmanam durmady. Ymameddin şeýle diýdi: – Meniň hökümdarymyň döwleti mundanam zyýat bolsun! Tenha siz öz şöhläňiz bilen horezm halkynyň üstüne bagt nuruny saçdyňyz. Horezm memleketiniň taryhynda siziň ýaly adalatly hem sahawatly hökümdar iňňän seýrek bolandyr. Siziň adyllyk hem danalyk mertebäňiz öz döwründe şöhrat gazanan Şirgazy han hezretleriniňkiden sähelçe-de egsik däl. Temirgazy han garry Ymameddine hiç zat diýmedi. Ýöne emeldarlar gidensoň onuň sözüni ýatlady. – Ýaňky garry diwanbegiň sözüne paýhas etdiňizmi? – diýip, ol Allaguly atalykdan sorady. – Ol bizi Şirgazy hana deňemek bilen nämäni nyşana aldyka? – Biz taryh biden gyzyklanýan adam bolmanymyz üçin, Şirgazy han barasynda subutly bilýän zadymyz ýok – diýip, Allaguly atalyk jogap ber. – Ýöne, ýaňky garryň gürrüňine seretseň, Şirgazy han adyl hem dana han bolmaly. – Biziň eşidişimize görä, Şirgazy han öz ajalyna ölmändir. Eger ol adyl hem dana han bolýan bolsa, näme üçin onuň janyna kast etdilerkä? – Onuň janyna kast edilişini atam pahyr gürrüň edip beripdi. Şirgazy han öz zamanasynyň hökmürowan hanlarynyň biri bolupdyr. Onuň giden ýerinden getirýän, tutan zadyny goparýan gaýduwsyz goşuny bolupdyr. Bir gezek Şirgazy han Horasana ýöriş edipdir. Ol köp olja alypdyr, bäş müň adamy gul edip alyp gaýdypdyr. Ol Hywa gelenden soň, öz adyna uly bir medrese saldyrmagy ýüregine düwüpdir. Medrese salmagy Horasandan getirilen gullara buýrupdyr. Şonda ol: «Şü medresäni salyp gutarsaňyz sizi halas ederin» diýip, gullara wada beripdir. Azatlyga çykmak umydy bilen kuwwatlanan gullar yhlas bilen işläpdir. Şol wagtlar başga zerur işler çykyp, Şirgazy han gullary başga işlere iberipdir. Şeýdip medresäň gurluşygy uzaga çekdirilipdir. Şirgazy hanyň bu etmişine gullaryň gahary gelip, gozgalaň turzup, Şirgazy hany öldüripdirler. – Bu gürrüňden habarymyz bar. Ýaňky garryň bizi Şirgazy hana deňemeginde näme many barka? – Ymameddin agaň gylygyna özüňiz näbelet däl ahyry, hanym! Ol gürrüň edende hemişe adamlaryň adyny ýalňyşyp gepleýä. Meniň çak edişime görä, ol sizi Şirgazy hana däl-de, Abylgazy hana deňemek islän bolsa gerek. Şu halatda birden Ymameddin gapydan girdi. – Meniň hökümdaryma Alla uzak ömür bersin! Was sebitinden Şamyrat baý geldi. Siziň huzuryňyza Möhüm arzy barmyş. – O nä Şamyrat baý? – Ol türkmenleriň uly baýlarynyň biri. Bir gezek siz Was sebitine sapara gidenňizde ol sizi ähli nökeriňiz bilen myhman çagyryp, mynasyp hezzet edipdi. – Olar ýaly adamlaryň habaryny özüňiz alaýarlar. – Onuň iňňän möhüm arzy bar, hanym! Munuň ýaly arzy hökümdaryň özi diňläp, özi jogap bermese, başga adam diwan kesip bilmez. Temirgazy han «gelsin!» diýýän ýaly, başyny atdy. Ymameddin çykyp gitdi we az salymdan soň Şamyrat baýy yzyna tirkäp geldi. Şamyrat baýyň içerik girenden dyzanaklap baryp, hanyň ädikli aýagyny ogşady. – Biwagt gelip siziň rahatlygyňyzy bozanym üçin meni ýazgarmaň! Men we meniň neberäm siziň sadyk gullaryňyzdyrys, tä ölýänçäk size wepaly gulluk etjegimizem hakdyr. Şu günem men öz bor- jumy berjaý etmäge geldim. Siziň üstüňize howp abanýanlygyny habar etmek üçin derwaýys işleri- mi taşlap gaýtdym. – Ol nähili howp? – Aýtmaga dilim baranok, han aga! Meniň aýtjak şum habarym siziň rahatlygyňyzy bozaýsa, bir çemçe ganymy ätüň! Köneürgenç galalarynda siziň garşyňyza pitne guralypdyr. – Pitne?! – diýip, Temirgazy han howsala düşdi. – Ol pitnä ýomut serdary Begenjaly beg baştutanlyk edýär. Ol Köneürgenç sebitindäki ogrulary, garakçylary daşyna jemläp, siziň mukaddes köşgüňiziň üstüne çozmaga hyýal edýä. – Begenjaly beg? – diýip, han gaýtalap sorady. – Begenjaly begiň asly gürgenli. Ol Gürgende-de bir topar gopgun turzanmyş. – Ol haçan çozmakçyka? – Ony takyk bilemok, han aga. Öňürtiläýmeseňiz, soňuna galarmykaňyz öýdüp gorkýan. Eşidişime görä, olar söweşe taýynmyş. – Biziň öňümizde iki ýol bar, meniň hökümdarym – diýip, Ymameddin gürrüňe goşuldy. Ýa-ha türkmenleriň suw paýyny berip, olar bilen ýaraşmaly. Ýa-da haýal etmän olary kül-peýekun etmeli. – Bize geňeşilse-hä bu maslahatlaryň ikinjisini saýlap alardyk – diýip, Allaguly atalyk jogap berdi. – Türkmenler bilen ýaraşyk edip, olaryň suwuny gaýtaryp bersek, Hywa hany ejizläpdir diýip pikir ederler. Olara gudrat görkezmek gerek! Şamyrat baý entegem dyza çöküp otyrdy. – Şamyrat baý! – diýip, Temirgazy han birden oňa ýüzlendi. – Sen türkmen ahyry! Näme üçin öz halkyňa dönüklik edýäň? – Men tenha siziň adalatyňyzyň saýasynda ýaşaýan, han aga. Siziň garşyňyza baş götermäge meýil edýän adamy hut öz agamam bolsa sylamajagyma ynanaýyň! – Dogryňy aýtmadyň! – diýip, Temirgazy han azgyryldy. – Men ýalan sözleýän adamlary halaýan däldirin. – Alla haky üçin ynanyň, han aga! Men sizi sürnüp gelýän howpdan habardar etmegi mukaddes borjum hasap etdim. Onsoňam gizlemän aýtsam, Begenjaly beg ikimiz bir ile sygamzok. Ol päli ýaman meniň galamda garakçylyk edip, adam öldürip giden ganhory özüne nöker edinip aldy. – Sen Begenjaly begiň mesgenini görkezip bilermiň? – Ol tarapdan hatyrjem bolaýyň, han aga! Men ýörite adam iberip olara belet boldum. Olaryň edil üstünden baraýar ýaly edip salgy berip biljek. – Sen salgy bermersiň-de, meniň esgerlerimiň öňüne düşüp ýol görkezersiň! Şamyrat baýyň huşy başyndan göçdi. Geplemäge-de mejaly ýetmän, agzyny öweldip galdy. – Şamyrat baýy äkidiň-de, myhman alyň! – diýip, Temirgazy han Ymameddine ýüzlendi. – Onuň ýol şaýyny tutup goýuň! Buýruk bolan dessine ugramaga taýýar bolsun! Şamyrat baý Temirgazy hana bir zat diýjek boldy, ýöne dili diýenini etmänsoň, dyzanaklap çykyp gitdi. Temirgazy han Allaguly atalyga ýüzlendi: – Hudaýar guşbegini çagyryň! ■ «Takdyr näme bolsa görülsin indi...» Begenjaly beg gozgalaňçylaryň başyny jemlemek üçin olary Atgyrlan düzlügine ýygnamagy makul bildi. Öz hak-hukugy ugrunda janlaryny gurban etmäge kaýyl bolan hyjuwly ýigitler topar-topar bolup, Atgyrlana geldiler, her tire özbaşyna ýer belläp, goş tutdular. Her tiräniň adamlary diňe öz serdarlaryna tabyn bolýardy. Iň ýaman ýeri-de, serdarlaryň ýüreginde birek-birege göwni ýetmezlik duýgusy bardy. Toparlaryň san taýyndan iň ulusy Begenjaly begiň öz atlylarydy. Ol saý-sebäp bilen gelip goşulan adamlary hem öz ýanynda jemlepdi. Çowdur bilen Şüküri hem şol atlylaryň arasyna goşdy. Çowduryň çakgan ýigitdigini hem-de gylyç oýnatmaga gaýymlygyny görensoň, ony özi ýaly ýigitlere baştutan edip belledi. Wagt geçýärdi. Ahyry serdarlaryň karary gaçdy. Olar ýerli-ýerden Begenjaly begi gyssap başladylar. – Çozjak bolsak, çozalyň-da, dynalyň! Urşuň geňeşi bolmaz! Beýdip boş meýdany saklap ýatar ýaly, azyk-suwluk ýagdaýymyzam ýok. – Az salym sabyr ediň! – diýip, Begenjaly beg olara göwünlik berdi. – Özüňiz bilýäňiz, Temirgazy hanyň goşuny köp, ýaragam gurat! Ol biziň ýeke özümize hezil bermez. Biz Meňli Geldi Sakawyň, Dönmez Serdaryň, Akmämmet begiň kömegine bil baglyýadyk. Häzire çenli olaryň hiç haýsyndan kömek gelenok. Men olaryň üstüne ýene adam iberdim. Göreli bakaly, olar näme habar getirýä! – Eger garaşmaly bolsak, biz oba baryp gaýdaýsak näderkä? – diýip, orsukçylaryň2 baştutany Sapar batyr haýyş etdi. – Getirenje azygymyz paýaw bolup barýa. – Hemmäňiz gitjekmi ýa-da adam iberjekmi? – Atly ýigitleriň hemmesini äkitjek! Köplük bolup gitsek, gorkusyz bolar. Onsoňam söweşe gitmezden ozal her kim hossaryny görüp gaýtsa ýagşy! Söweşden kimiň gaýdyp geljegi belli däl. Begenjaly beg garşy bolmady. Az salymdan soň orsukçylar bir topar atly bolup, ýola düşdüler. Çowdur kemsinme bilen olaryň yzyndan seredip galdy. – Çowdur – diýen ses onuň pikirini böldi. Ol Begenjaly begiň sesidi. Çowdur onuň ýanyna bardy. – Men seniň kakaňy tanyýadym – diýip, Begenjaly beg Çowdura seredip gürledi.– Senem kakaňa meňzäp dursuň! Seniň bir gudrat atyňam bolaýsa gowy bolardy. – Näsini aýdýaň, begim! Atyň bolmasa, gaýratyňam kem bolýa. – Nesibe çekip söweşe giräýsek, gözüň bir gowy atda bolsun! Duşmany atdan agdaryp, atyny aljak bol! Orsukçylar garaşylýan wagtdan ir dolanyp geldi. Ýanlary bilenem dokuz at, bir topar gylyç, galkan alyp geldiler. – Bular näme? – diýip, Begenjaly beg sorady. – Obadan ýygnap berdilermi? – Ýok! Biz obada Temirgazy hanyň tarhanlaryna duşduk. Salgyt ýygnama bahanasy bilen edenlerini edip ýören eken. Bizem assyrynlyk bilen daşlaryny gabadyk-da, olaryň özlerini olja etdik. Obadan talanyp alnan zatlary eýelerine gaýtaryp berdik. Atlarynydyr ýaraglarynam alyp gaýtdyk. – Olaryň özlerini nätdiňiz? – Näder öýdýäň? Ýük edinip göterip ýörer ýaly olar un ýa gowurma däl ahyry! – Oňarmansyňyz! Biz zuluma garşy baş göterýäs. Biz mert söweş etmelidiris. – Uruş bilen dözmezçilik ikisi bir galypa sygmaz, begim! – diýip, Sapar batyr jogap berdi. – Duşmanyň birini kemeltsek bir peýda! Gaýtam-a sen maňa sag bolsun aýt! Öz pyýadalamdan ýene dokuz adamy atly edip biljek, ýaragy kemlere ýarag berip biljek. – Atlaryň dört sanysyny maňa ber! – Näme üçin? – diýip, Sapar batyr ör-gökden geldi. – Olary Çowduryň ýigitlerine bersem diýýän. – Çowdura at bergim ýok! At gerek bolsa özi olja etsin-de alybersin! Men öz adamlarymy atly edip bilsemem az däl. – Bu ýerde meniň adamym, seniň adamyň diýen gürrüň bolmaly däl, batyr! Biziň hemmämiz meňzeş gozgalaňçylar! – Eger bermesem nädersiň? – Bermeli bolarsyň! – diýip, Begenjaly beg täze getirilen atlaryň ýanyna bardy-da, olardan dört sanysyny saýlap aldy. Sapar batyr gahardan ýaňa durşy bilen sandyrap durdy. Şeýle-de bolsa, Begenjaly begiň buýrugyny ret etmäge het edip bilmedi. Şol aralykda gündogar tarapdan iki sany atly geldi. Olar aňyrdan gelşine Begenjaly bege nämelerdir aýtdylar, Şondan soň Begenjaly beg haýal etmän, serdarlary ýanyna çagyrdy-da, «Atlanmaga» buýruk berdi. Atlylar atlandy, eşekliler eşeklerine mündi. Adamlaryň köpüsi pyýada bolansoň, atlary ýuwaş sürmeli bolýady. Aram-aram atlylar öne gidip, töweregine ser salyp gelýärdi. Haýsydyr bir obanyň duşuna ýetenlerinde, obada Temirgazy hanyň adamlary bar bolaýmasyn diýen ätiýaç bilen obany barlap gelýärdiler. Garaňky mazaly gatlyşandan soň, Begenjaly beg düşlemegi maslahat berdi. Ýigitler ozalkysy ýaly tire-tire bolup, özlerine düşelge edindiler. Begenjaly beg serdarlary ýanyna çagyrdy: – Indiden beýläk daşymyzyň garawulyny güýçlendirmeli bolarys. Bu gije tä Öküzgözi1 dogýança, jüneýtler garawul bolmaly, Öküzgözi dogandan soň nobat orsukçylaryňky. Dört atyny aldyrany üçin içi ýanyp duran Sapar batyryň öňküdenem beter gany gyzdy: – Bir zat bolsa orsukçylar bolup dur-la! Orsukçylar näme, kazy eşegini ogurlapmy? Biziň getiren atlarymyzy elimizden alyp kime beren bolsaň, şolary garawul goýaý! – Yrsarama, batyr! – diýip, Begenjaly beg azgyryldy. – Sen halasaňam, halamasaňam, öz nobatyňda garawul bolmaly bolarsyň. Onsoňam sen Çowdur bilen basdaşlyk etme! Daň saz beren badyna ony didebanlyga iberjek. Gije bir çene barypdy. Gozgalaňçylar hersi öz düşlän ýerinde ot ýakynyp üýşüp otyrdy. Ol üýşmekleriň birinde erteki aýdylýardy, beýlekisinde matal otarylýardy, ýene birinde mesawy gürrüň edilýärdi. Çowduryň ýoldaşlary edere gürrüň tapmaýan ýaly, dymyşyp otyrdy. Çowduryň kalby biynjalykdy. Ol bir tarapdan ýalňyz galan näsag ejesini alada etse, ikinji tarapdan söýgülisi Melektäjiň takdyry ony ünjä goýýardy. Melektäjiň elden gidäýmeginiň mümkinligi ýadyna düşende, juwan ýüregi ýanyp barýana döndi. Ol ýüreginiň howsalasyna bäs gelip bilmedi-de, oduň başyndan turup gitdi. Atlaryň ýanyna bardy, olaryň gury oty işdä bilen iýşine syn etdi. Onsoň küýze döwükleri pytraşyp ýatak bir depejigiň üstüne çykdy. Täze dogan Aý eýýäm şamlapdy. Garaňky asmanyň bezegi bolan sansyz ýyldyzlar hamala diýersiň üm bilen gepleşýän ýaly, irginsiz göz gypyşýardy. Çola meýdanda ýakylan otlar asmandaky ýyldyzlara salam iberýän ýaly, öz uçgunlaryny göge zyňýardy. Çowdur esli wagtlap töwerege syn edip oturdy. Ol öz pikirini başga zatlara sowjak bolup şunça jan etse-de, Melektäç hakyndaky ünjüler onuň kellesinden çykmady. Ýanýan otlaryň sany azalýardy. Soňabaka olaryň hemmesi diýen ýaly sönüp gitdi. Diňe Begenjaly begiň düşlän ýerinde ölügsije yşyk görünýärdi. Çowdur ýerinden turdy-da, öz ýoldaşlarynyň ýanyna geldi. Ýigitler uklap ýatyrdy. Çowdur az salym olara seredip durdy-da, bir bölek gury çöpi ýassyk edinip gyşardy. Aram-aram atlaryň parlaşyp burnuny açýan sesi eşidilýärdi. Golaýda bir ýerde kimdir biriniň hor çekýänligi hem eşidildi. Çowdur esli wagtlap töwerege diň salyp ýatdy. Ahyry o-da uka gitdi. Ukynyň süýji wagty peýda bolan elhenç galmagal Çowdury oýardy. At toýnagynyň güpürdisi giň düzi sarsdyrýardy, adamlaryň nagra çekip gygyrýan sesleri asmana göterilýärdi. – Turuň! – diýip, Çowdur atyna baka topuldy. Ýürek ýaryjy galmagal-güpürdi barha golaýlaýardy, ol golaýladygyça-da adamlaryň nalaýan hem iňleýän sesleri köpelýärdi. Şu aralykda kän atlynyň omzap gelýänligi göründi. Garaňkyň içinde olaryň kimdigi saýgartmasa-da, Çowdur ýolbars ýaly arlap, şol tarapa at goýdy. Ol berden barşyna gylyjyny syryp, söweşe girdi. Ol atyň üstünde iňňän çalasyn hereket edýärdi, üzeňňä galyp ýokardan gylyç salan wagty onuň boýny uzalan ýaly görün- ýärdi, aşak ýapyrylan wagty edil atyň gerşine siňip gidene dönýärdi. – Goçaklarym! Gaýrat ediň! – diýip, uzakdan biri gygyrdy. Çowdur bu sesiň Begenjaly begiň sesidigini tanady. Gykylyk, zenzele giň düzi gaplap aldy. Çaňyň, tozanyň derdinden dem alar ýaly däldi. Zarp bilen salynýan gylyçlardan ot çykýardy, näzik bedenler çapylýardy, ynsan göwreleri at toýnagynyň astynda depelenýärdi. Begenjaly begiň sesi ýeňse tarapda ýene bir gezek gaýtalandy. Şondan soň onuň sesi eşidilmedi. Ýüzlerçe adamlaryň ömür tanapyny kesen bu ganly uruş esli wagt dowam etdi. Ahyry daň saz berip ugrady. Gozgalaňçylaryň gapyllykda üstüni basanlaryň hemmesi eginleri sowutly, başlary demir sopbaşly esgerlerdi. Söweş uzaga çekeni üçin, iki tarapyň adamlary-da ýadapdy. Käbir ýigitler zordan gylyja erk edýärdi. Şol ur-da çaplygyň arasynda Çowdur bir atlynyň ilden gizlenýän ýaly, çöle baka sypberip barýanlygyny gördi. Çowduryň gözüne ol Şamyrat baýa meňzeş göründi. Çowdur atyny debsiläp, şübheli atlynyň giden tarapyna dyzady. Temirgazy hanyň esgerleri birnäçe atly bolup, Çowduryň daşyny aldylar. Aldym-berdimli uruş zerarly kellesi göçen Çowdur hiç zatdan heder edenokdy. Hem öňüne, hem ýeňsesine, hem gapdalyna gylyç aýlap ýetişýärdi. Birden onuň sag budy gyzyp gitdi, süňňi gowşan ýaly boldy. Şükür bilen Halymguly oňa kömege geldi. Çowdur birhili eňkiniň gidip barýanlygyny aňdy. Şeýle-de bolsa ol: – Şamyrat baý... Ol dönügi tapalyň! – diýdi, Şükür Çowduryň atynyň jylawundan ýapyşdy. – Gaçaly, Çowdur! Bu ýerde bizden başga jemende galmady. Ölenler öldi, ölmediklerem gaçyp gitdi. Çowdur dagy söweş meýdanyny taşlap gidensoň, esli ýere barýança atynyň jylawuny çekmän gitdiler. Çowduryň ýarasyndan köp gan gideni üçin, eňki gidip barýardy. Şükür ony aňdy. – Dynç alalyň-la! Ikibaşdan yzymyzdan kowýanam ýok. – Ýok. Öň ýanymyzdaky beýige ýeteliň. Beýige ýetdiler. Atdan düşüp, atlary peslikde goýdular. Çowdur aýagyny ýere basyp bilenokdy. Onuň goltugyndan tekge berip, beýige çykardylar. Bu ýerden çar töwerek eliň aýasynda ýaly görünýärdi. Söweş bolan ýerde hereket göze ilmeýärdi. Ondan has aňyrda bir ýerde çaň görünýärdi. Şukür guşak edinýän ýaglygy bilen Çowduryň ýarasyny daňdy. – Namartladyg-ow! – diýip, Çowdur hyrçyny dişledi. – Mert ýigidiň meýdi söweş meýdanynda galmalydyr welin... Oňa hiç kim jogap bermedi. Töwerek ümsümlikdi. – Olary görüň-le! – diýip, Şükür bir tarapa elini salgady. Hemmeler şol tarapa seretdi. Gara görnüm ýerden bir bölek atlynyň gündogar tarapa sürüp barýanlygy göründi. Çowduryň ýiti gözleri atlylaryň käsiniň telpeklidigini, käsiniň kelleýalaňaçdygyny saýgardy. Bir boş at hem olaryň yzyna düşüp barýardy. – Olaram özümiz ýaly gozgalaňçylar bolaýmasyn? Şükür ýerinden turdy-da, atlylara telpegini bulaýlady. Atlylar ony görmedimi-nämemi, esli ýere barýança öz ugruna gitdiler. Ahyry Şüküre gözleri düşen bolsa gerek, beýge baka dolandylar. Olar alty atlydy, ýene bir at bolsa eýesizdi. Soňky gelen ýigitleriň biri agyr ýaraly, üçüsi ýeňil ýaraly, ikisi ýarasyzdy. Olaryň birini Çowdur tanady. Onuň milleti garagalpak bolansoň, oňa Berdimyrat galpak diýýädiler. Agyr ýaralyny göterip atdan düşürdiler. Ol yzly-yzyna suw dileýärdi. – Begenjaly begden näme habar? – diýip, Çowdur sorady. – Habar ýok – diýip, Berdimyrat galpak jogap berdi. – Ilki batlarda onuň sesi gulagymyza gelýädi. Soňabaka nämäň-nämedigini biler ýaly bolmady. Iň erbet ýerem urşuň aldym-berdimli wagty düýejiler1 söweş meýdanyny taşlap gitdiler. Ýogsam beýle güne düşmesegem düşmezdik. – Namart bilen söweşe girseň, bolaýjagyň şodur! – diýip, Çowdur käýindi. – Bizem namartladyk. Söweş meýdanyny taşlap gaýtdyk. – Beý diýmesene! – diýip, kelleýalaňaç ýigit garşy boldy. – Sen ärlerçe söweşdiň! Hemme kişi reň ýaly söweş eden bolsa, duşmany ompa oturdardyk-la! – Hanyň goşuny şeýläk garşy gitdi welin, obalara darandyrlar – diýip, kelleýalanaç ýigit dowam etdi. – Ol nejisler öýümizi-ilimizi weýran eder. – Indi biz näderkäk? – diýip, Berdimyrat galpak sorady. – Sähra giňdir, bize-de ýer tapylar! – diýip, Çowdur jogap berdi. – Häzirlikçe bir suwly ýere aralaşmagyň aladasyny edeliň! – Takmynan bir menzil uzaklykda çopan goşy bolmaly – diýip, kelleýalaňaç ýigit jogap berdi. – Şondan golaýda süýji suwly guýy ýokdur. Bizem şoňa baka barýadyk. – Onda süreliň! – Biz ilimizden-ä jyda düşdük! – diýip, Berdimyrat galpak gürledi. – Indi her ýere gitsegem biri-birimizden aýrylmalyň! Ýola düşdüler. Eýesiz at hem olaryň yzyna düşdi. Agyr ýaraly ýigit yzyny üzmän suw dileýärdi. Soňabaka onuň at üstünde oturmaga mejaly ýetmedi. Ony Berdimyrat galpagyň atyna mündürdiler-de, onuň arkasyna ýapladylar. – Onuň ady kim? – diýip, Çowdur sorady. – Ol Gökleň obasyndan. Adyna Annagylyç diýýäler. Kakasynyň adyna Babanyýaz aga diýerdiler. Onuň kakasy, ejesi ýok. Obada ýaňy aýak bitenje oguljygy bilen ýaş gelni galdy. Yns-jyns göze ilmeýän çöl-beýewanlygyň aňyrsy görünmeýärdi, ýöredigiňçe gözýetim aňryk süýşüp barýardy. Ahyry gün aşaklaberende çopan goşy göründi. Ýigitleriň süňňüne kuwwat gelen ýaly boldy, atlar hem ozalkysyna görä dogumlandy. Bir topar atlynyň ýetip gelýänini görüp, çopanlar howsala bilen üşerildiler. Atlylar has ýakyna gelensoň, olaryň horugyp gelýän adamlardygyny aňdylar-da, kömek etmäge durdular. Annagylyjy ýerde ýatyrdylar, agzyna suw damdyrdylar. Odundan, omçadan gazyk kakyşdyryp, atlary daňdylar. Ganly söweş edip, üstesine-de uzak ýol ýöräp lüti çykan ýigitler çem gelen ýerde süýnüp ýatyrdy. Çopanlar myhmanlary naharlamagyň gamyny iýip başlady. Olardan biri kömeç bişirmek üçin, hamyr etmäge oturdy, çoluk nahar atardy. – Nähili bolup beýle güne düşdüňiz? – diýip, ýaşuly çopan sorady. – Bolan işleri sorama, agam! – diýip, Şükür gozgalaňçylar hakynda bilýän zatlarynyň hemmesini gürrüň edip berdi. Çopanlar geňirgenme bilen üşerilişip, biri-biriniň ýüzüne seredişdiler. – Bir-iki günlükde şu ýerden kän goşun geçip gitdi. Olar biziň guýymyza gelip, atlaryny suwa-da ýakdy. Siziň üstüňize baran deýýuslar şolardyr-ow! Olaryň arasynda bir ýaşuly türkmenem bardy. Men-ä öz ýanymdan ony Şamyrat baý hasap etdim. – Şamyrat baý? Ony açyk tanadyňmy? – Açyk tanadym diýib-ä biljek däl welin, öz-ä meňzeşdi. – Sen Şamyrat baýy tanaýamyň? – Tanaýan-la. Özüň ýoksul bolsaň, bir döwüm çörek gözläp köp kişiniň gapysyndan barmaly bolýa. Bäş-alty ýyllykda Şamyrat baýyňam gapysyndan barypdym. – Indi boldy! – diýip, Şükür gygyrdy. – Gapyllykda üstümizi basdyranam şol deýýusdyr. Şamyrat baýdan ýaňa içi tütäp duran Çowduryň gazaby ýetjek derejesine ýetdi. Häziriň özünde Şamyrat baýyň üstüne sürüberesi geldi. Onýança ýigitlerden biri: – Adamlar! Annagylyç jan berjek bolýa – diýip gygyrdy. ■ «Mert çeker täsibin iliň-ýuwurdyň...» Güýz möwsümi paýaw bolup barýardy, ir-ertir, giç-agşam öwüsýän şemaldan gyşyň ysy gelýärdi. Talyplar daşarda sapak taýýarlaman, garaňky hüjre- de oturyp okamaly bolýardy. Nazarly hüjrede etmeli işlerini edensoň, müderrisiň ýanyna gitdi. Ol gitjek bolanda: – Siz hiç ýere gideňzokmy? – diýip, Magtymgulydan sorady. – Şu gün Seýit Nyýazy geljek. Şoňa garaşýan. Nazarly gitdi. Magtymguly ýeke galandan soň, eýeli wagtlap kitap okady. Okap ýadandan soň sandyga ýaplanyp oturdy-da, içinden pikir öwürdi. Pikiri belli bir ugra jemlenip, tertipli nyzama girenden soň, döwlet galamyny alyp, goşgy düzmäge başlady. Ahyry Nazarly dolanyp geldi. – Seýit Nyýazy gelip gitdimi? – diýip, ol sorady. – Entegem gelenok. Bir işi çykandyr-da, elbetde! Nazarlynyň gözi Magtymgulynyň täze düzen goşgusyna düşdi. – Şahyr goşgy düzüpdir-ow! Okamaga ygtyýar edermisiňiz? Magtymguly goşgyny Nazarla uzatdy. – Gowy goşgy! – diýip, Nazarly guwandy. – Idin beriň, biz muny göçürip alaly! – Siz göçüriň! Oňa çenli menem Möwlana Nury Kazymyň ýanyna baryp geleýin. Seýit Nyýazy geläýse, şu kitaby berersiňiz! Magtymguly hüjreden çykmakçy bolanda Nury Kazym geldi. – Hoş geldiňiz, tagsyr! Siziň ýanyňyza diýip ugraşymdy, tüweleme, özüňiz geläýipsiňiz! – Şu gün bir gezelenç edip göreýin diýdim – diýip, Nury Kazym töre geçdi. Onuň ýerde ýatan kitaba gözi düşdi. – Bu kitap täze kitapmy? – Ol biziň şygyr diwanymyz, tagsyr. Hojamberdi baý medresesinden bir talyp geljekdi. Ony şoňa bermekçi. – Öten agşam bizem gijäň bir wagtyna çenli siziň şygyrlaryňyzy okadyk – diýip, Nury Kazym gürrüň berdi. – Siziň şygyrlaryňyzyň täsin bir gudraty bar. Olary näçe köp okasaň, şonça-da beter täsir edýä. Adamzadyň akyl-paýhasyny ölçerýän oý-pikirleriň deňzine gark bolanyňy duýman galýarsyň. Men öz ömrümde köp ýeri gezdim, köp kitap okadym, Köp zatlar öwrendimem. Ýöne men uly bir hata goýberen ekenim. Birden kazam dolup, amanadymy tabşyraýsam, bilýän zatlarymyň hemmesi özüm bilen gabra siňip gitjek. Onsoň siziň öz şygryňyzda aýdyşyňyz ýaly, bu dünýä gury gelip, boş gitdigim boljak. – Siziň bu pikiriňizi makullamaýanlygymyz üçin keminäňizi ýazgarmaň, tagsyr! – diýip, Magtymguly sypaýyçylyk etdi. – Siz uly medreselerde ders berýärsiňiz, köp adamlara ylym berýärsiňiz. Olar siziň bu hyzmatyňyzy unutmaz. – Ýany gelýäkäm içimden pikir öwrüp geldim. Men gözüm bilen gören ýa-da okap aňyrsyna ýeten zatlarymy ýazyp bir ýere jemlänem bolsam, uly kitap boljak eken. Onuň, belki-de, özümizden soňky nesle nepi degerdi.. – Siz bu maksadyňyza-da ýetersiňiz enşalla! Şu wagt siziň tüýs galama höküm edip biljek wagtyňyz! Ynha, Ybadylla ahun sizden has garram welin, Horezmiň taryhyny ýazyp ýör ahyry. – Il içinde däp bolup galan bir sypaýyçylyk bar – diýip, Nury Kazym jogap berdi. – Hassanyň haly soralanda, onuň ýagdaýy erbedem bolsa, «ganymat» diýip jogap berilýär. Siz ýagdaýa düşünýän adam bolanyňyz üçin, size dogrusyny aýdaýaýyn. Men dil ujundan «ganymat» diýsemem, keselim ýakamy goýbererli däl. – Nähoşlyk uzaga çekse, her neneň mert adamlara-da ejizlik aralaşyberýä. Siziňem birneme ýüregiňiz gysjak bolýandyr. Indiden beýläk biz siziň ýanyňyzdan aýrylmarys, tagsyr! – Birden hüjräniň gapysy açyldy-da, Seýit Nyýazy içerik girdi. Onuň ruhy öçükdi, ýüzünde gan-pet ýokdy. – Hoş geldiňiz! – diýip, Magtymguly törden orun görkezdi. – Aý, biz-ä geçjegimizem-geçmejegimizem bilemzok... – O näme diýdigiňiz? Eýgilikmi berin? – Eýgilik däl, şahyr! Köneürgenç sebitinde elhenç betbagtlyk bolupdyr. Türkmen obalaryny weýran edipdirler. Ýazyksyz bendelerden gyranlaryny gyrypdyrlar, diri galanlarynam at öňüne salyp, Hywa sürýälermiş. – Bu habary nireden eşitdiňiz? – Şu gün daňdan Köneürgençden bir ýoldaşymyz geldi. Temirgazy hanyň esgerleriniň oba-oba aýlanyp, aýallara-çagalara çenli ýesir edip alyp gaýdyşyny gözi bilen görüpdir. – Külli türkmeniň içinde ol biçärelere hossar çykyp biljek goç ýigit ýokmuka? – diýip, Nazarly hiç kimiň ýüzüne seretmän gürledi. Onuň bu soragy jogapsyz galdy. – Ýogsa-da, şahyr! – diýip, ümsümligi Nazarly bozdy. – Siziň ýadyňyza düşýämi? «Meniň bir edermenlik görkezesim gelýä...» diýip, Akmämmet beg atylýady-la! Gidip şoňa habar edilse näderkä? Bu weýrançylykdan onuň habary ýok bolaýmasyn? – Habarsyz bolaýmagam ähtimal – diýip, Seýit Nyýazy makullady. – Hanyň atlylary o taýyk gaty ogryn barypdyr. Köneürgençlileriň özlerem boljak iş bolandan soň duýup galypdyr. – Aňrujy nepi deger öýtseňiz, gitmek gerek! – diýip, Nury Kazym maslahat berdi. – Ol uly beg bolsa, nökeri köp bolsa, gudraty güýçli Alla-da oňa ýardam etse! Bizem hudaýa ýalbaryp doga ederis! – Ulag tapyp bolaýsa! – diýip, Magtymguly belli bir adama ýüzlenmän gürledi. – Meniň Hywada ýaşaýan köneürgençli ganyşlarym bar – diýip, Seýit Nyýazy jogap berdi. – Men olardan at alyp bilerin. ■ «Pir diýip paşmagna elim uranym...» Gün guşluk wagtlary Akmämmet beg birnäçe atlyny ýanyna alyp, nirädir atlandy. Ýöne giden ýerinden basym dolanyp geldi. – Çalt dolanyp geldiňiz-le, begim! – diýip, Dosmet batyr geňirgendi. – Eýgilikmi berin? – Sen ýigitleriňi al-da, derrew atlan! – diýip, Akmämmet beg buýruk berdi. – Begenjaly beg hakynda ýakymsyz gürrüň gulagyma degdi. Şonuň anygyna ýetmek gerek. – Begenjaly begi nireden gözlemelikä, begim? Onuň mesgeniniň nirededigini Temirgazy han eýýäm bilipdir. Aýdylýan gepler çyn bolsa, onuň töwiri galdyrylaýan ýaly. Akmämmet begiň buýrugy ýerine ýetirildi. Dosmet batyr gyssagly ýol şaýyny tutdy-da, galadan çykyp gitdi. Ertesi gün gyzandan soň Dosmet batyr dolanyp geldi. Gozgalaňçylaryň başyna düşen heläkçiligi gürrüň edip berdi. Akmämmet beg sesini çykarmady – Bize näme buýruk bar? – diýip, Dosmet batyr esli garaşyp oturandan soň sorady. – Işiňiz bilen boluberiň! Ganybir ildeşleriniň şeýle gözgyny hala düşenligini gulagy bilen eşidensoň Akmämmet begiň arkaýyn oturyşyna Dosmet batyr näme diýjegini bilmedi. «Şirgazy han» medresesinde Ybadylla ahunyň edip beren gürrüňi birden ýadyna düşdi. Dosmet batyr öýden çykyp gitdi. Otagda Akmämmet begiň ýeke özi galdy. Ol uzak wagtlap içinden pikir öwrüp oturdy. Öýle namazy okalandan soň onuň ýanyna Äraly işan geldi. Ol özüni agras saklamaga jan etse-de, kalbynda bir şatlygyň joş urýandygy bildirýärdi, ýüzi ýagtydy, gözleri gülüp durdy. – Begimiziň ruhy öçük görünýä-le! Onuň näme ýetmezi barka? – diýip, Äraly işan sypaýyçylyk bilen sorady. – Bildiňiz, işan aga! Düýnden bäri ýöne alada üstüne alada galyp otyryn! – diýip, Akmämmet beg Begenjaly beg hakynda eşiden zatlaryny birin-birin gürrüň berdi. – Güman edýän welin, Begenjaly beg gapyllykda üstüni basdyran bolara çemeli. Şeýle köpi gören serdaryň beýle gapyl galaýşyna aklym haýran! – Begenjaly begiň şowsuzlyga uçramagynyň size-de kesbi ýetýämi, begim? – Onuň şowsuzlyga uçramagynyň külli türkmene kesbi ýetýä! Arasynda bize-de ýetýä. Şu gezek Begenjaly beg Temirgazy han bilen mazalyja dikleşäýen bolsa, biziň bagtymyzyň çüwäýer gümany bardy. Gozgalaňçylara ýer-suw gerek! Ile meňzeş ýerli-suwly bolup bilse, olaryň hudaýdan başga dilegi ýok! Biziň welin, Temirgazy hanyň aljyraňňylygyndan peýdalanyp, oňa küşt beräýmek meýlimiz bardy. Gazak hany Nuraly han bilei Gonratlaryň kethudasy Muhammedeminem bu işe baş goşmaga wada edipdi. Bu barada ölçäp-biçip goýan maslahatymyzam bardy. – Iňňän uzakdan görüjilik bilen edilen pikir! – diýip, Äraly işan jogap berdi. – Onuň başa barmazlygy haýp bolupdyr. – Gaty haýp! Men Begenjaly begiň işi şowly bolsun diýip, onuň uly bir günäsinem bagyşladym. – O nähili günä? – Siz meniň gulum Şüküriň gaçyp gidenligini eşidensiňiz. Ol Begenjaly begiň hyzmatyna barypdyr. Begenjaly beg maňa sala-da salman, ony öz denasyna alypdyr. Başga bir wagt bolan bolsa, bu eden etmişi üçin onuň bilen başgaça gürleşerdim. Ýöne, bu wagt, ol uly işiň başyny başlan wagty, oňa ganalga bermäýin diýdim. – Biz siziň ýanyňyza bir geňeş bilen gelipdik welin, sizem aladaly ekeniňiz. – Aýdyberiň, işan aga! Aňrujy ýagdaýy bolsa, siziň möhümiňizi mähetdel etmejek bolarys. Äraly işanyň ýüzi ýagtyldy. – Arada hudaýyň gudraty bilen täsin bir waka boldy. Akseňňer obasynda bir pukara bendäniň göze görnen gyzy syrkawlapdyr. Ony uly tebiplere görkezip, her hili däri-derman etselerem, gyz bäri bakmandyr. Onsoň akylly adamlar «Sen git-de, Äraly işanyň aýagyna ýykyl!» diýip, gyzyň kakasyna maslahat beripdir. Öňräk şol bende biziň ýanymyza gelipdi. Biz oňa ýagşy niýet edip, doga berip goýberipdik. Şol gezek ol bende bize berer ýaly aklygam getirip bilmän eken. «Meniň günämi bagyşla, işan aga! diýip, ol bende bizden ötünç sorady. – Goly ýukalyk sebäpli aklygam getirip bilmedim. Enşalla gyzym sag-aýan aýak üstüne galsa, ony hudaý ýoly hökmünde size bagyşlamaga kasam edýän» diýdi. Ol adam bizden doga alyp gidenden soň, Allatagala biziň dogamyzy kabul edipdir. Ol gyz gutulyp, etine-ganyna gelip, görmegeý maşgala bolupdyr. Indi şol gyzyň kakasy gelipdir-de: «Maşgalaňyzy ýygnaň!» diýýä. Akmämmet beg loh-loh edip güldi. – Onda size hudaý ýetiripdir! Heý, hudaý beren zatdanam ýüz dönderip bolarmy? – Hawa, ak ýürek bilen berlen zatdan ýüz sowmak edeplilik däl. Alla miýesser etse, ony alaýarys. Onuň toýuny abraý bilen sowmak barasynda siziň bilen geňeş edäýjekdim. – Hawa, biz aladalyrak! – diýip, Akmämmet beg esli oýlanandan soň jogap berdi. – Ýöne aladalam bolsak, siziň toýuňyza zeleli ýetmez! Toýuňyzyň sähedini belläberiň, işan aga! – Meniň göwnüm-ä toýuň sähedini uzaga çekmekçem däl. Birden gapy açyldy-da, hyzmatkär içerik girdi, – Hywadan Magtymguly şahyr geldi, begim! Akmämmet beg gopbamsy ýylgyryp, Äraly işana seretdi. – Magtymguly şahyr gaýdyşyn sowulman geçip ötägidipdir diýip geň görýädiňiz welin, hanha, ol-a geläýipdir! – Şahyr gelen bolsa, gaty gowy-da! – diýip, Äraly işan jogap berdi. – Ol aýny wagtynda gelipdir. – Çagyr, gelsin! – diýip, Akmämmet beg buýurdy. Hyzmatkär çykyp gitdi. Az salymdan soň Magtymguly bilen Seýit Nyýazy içerik girdi. Akmämmet beg olary gadyrly garşy aldy. – Siz hudaýyň halan adamsy ekeniňiz, şahyr edil gerek wagty geläýdiňiz. Özüňizem uly toýuň üstüne geldisiz. – Siz nähili toýuň gürrüňini edýäňiz? – diýip, Magtymguly geň galdy. – Allatagala işan agamyza bir ýaş gyza öýlenmegi miýesser edipdir. Şonuň toýuny tutmagyň geňeşini edip otyrys. Ogurlyk eden uýalmaz, üstüne gelen uýalar diýen ýaly, Mýgtymgulynyň ýüzi boz-ýaz boldy. – Heý bu wagtam toý tutup bolarmy? Ýa-da siz Begenjaly begiň başyna düşen betbagtlykdan bihabarmy? – Habarymyz bar, şahyr! Özümizem şoňa gynanýas. – Şony bilibem ýene toý tutýan bolsaňyz, biz-ä size näme diýjegimizi bilmedik! – Geň görmän, şahyr! – diýip, Äraly işan gürrüňe goşuldy. – Toý bilen ýasyn bile gelýän wagtam bolýandyr. Bu zatlaryň hemmesi hudaý tarapyn bolýan zatdyr. Toýa sebäp bolýanam, ýasa sebäp bolýanam hudaýyň özüdir. – Toýa garrama ýokdugyny özüňiz gowy bilýänsiňiz, işan aga! Öz ildeşleriň gapdalyňda gan eňreşip durka, toý tutup, şagalaň etmek ynsanlyk duýgusy bolan adamyň akylyna sygjak zag däl! Özünde kişilik namysy bolan adama edermenlik görkezmeli zaman geldi! Onda-da ýa almaly, ýa ölmeli zaman geldi! – Siz biziň ýanymyza şu hyzmat bilen geldiňizmi? – Hawa. Biz sizden hemaýat hantama bolup geldik. Temirgazy hanyň esgerleri ýomutlardan öldürenlerini öldürip, öldürmediklerinem at öňüne salyp, Hywa äkidip barýalar. Indi özüňiz paýhas edip görüň, ol biçäreleri siz halas etmeseňiz, kim halas eder? Temirgazy hanyň atlylary ýesirleri Hywa ýetirmänkä olary halas etmek gerek. – Düşünýän, şahyr. Şu aýdýan zatlaryňyzy özümem köp gezek kellämde döwnedim. Şol adamlaryň ýer-ýesir edilip äkidilenine özümem nätjegimi bilemok. Ýöne duşmanyň üstüne gylyç syryp baragada, olar bilen söweşe girsek, täze gyrgyn döretdigimiz boljak. – Biz siziň öz aýdan sözüňize umyt baglap gelipdik. «Men gaty garramankam bir edermenlik görkezesim gelýä» diýip, özüňiz aýtdyňyz ahyry. Garaz, bir wagt edermenlik görkezmek hyýalyňyz bar bolsa, şu wagt aýny wagty! Şu wagtlar siz at öňünde sürlüp barylýan mazlumlary howpdan halas edäýseňiz, olaryň alkyşy siziň mertebäňizi ýene bir gez belende göterer. – Edermenlik diýilýänem köre-körlük bilen topulyp baragada, etjegiňi edip gaýdybermeli zat däl. Men bir edermenlik görkezeýin diýdimmi – diýen sözümde-de duraryn. Ýöne entek assyrynlyk bilen etmeli işlerim bar. – Bu maslahatyňyz aňyrsy görünmeýän nesýe söwda meňzeýär. Siziň gurul-çurulyňyz başa barýança, han etjegini eder. – Boljak iş bolansoň, biz näme alaç etmeli? – diýip, Akmämmet beg eginlerini gysdy. – Indi amatly pursata garaşmakdan başga edip biljek çärämiz ýok! Siz öz ýanyňyzdan bizi gorkak hasaplasaňyzam hasaplaýansyňyz. Ýöne, gorkmaly ýerinde gorkmagy başarmagam bir batyrlykdyr. Magtymguly lapykeçlik bilen Seýit Nyýazyň ýüzüne seretdi: – Adam aljyranda näme edip, näme goýjagyny bilmez eken! Bizem Hywa ýaly ýerden hem atlary heläk edip, hem özümiz heläk bolup, nähak gelipdiris! ■ «Birnäçämiz goly bagly gul bolup...» Magtymguly ýüzüne urlan ýaly bolup, Akmämmet begiň galasyndan çykdy. – Akmämmet beg namart eken! – diýip, Seýit Nyýazy käýindi. – Alaçsyz belasy bizi şol namardyň gapysyndan gelmäge-de mejbur et-dow! Magtymgulydyr Seýit Nyýazy üçünji gün günorta çemesi Hywa geldiler. Magtymguly medresäniň ýanynda galdy. Seýit Nyýazy eýesine gowşurmak üçin atlary alyp gitdi. Magtymguly hüjrä baranda Nury Kazym bilen Nazarly ýüzüni sallap otyrdy. – Ýesirler-ä şähere getiripdirler – diýip, Nury Kazym ümsümligi bozdy. – Demiňizi-dynjyňyzy alanyňyzdan soň olardan bir habar tutup gaýdaýmaly! – Häzir gideliň! – diýdi-de, Magtymguly ýerinden turdy. – Bu wagt meniň süňňüm ýadawlygy syzanok. Bazar meýdanyna baka ugradylar. Nury Kazymyň ysgyny ýokdy, ýuwaş ýöreýärdi. Onuň bilen aýakdaş gitjek bolup beýlekiler hem ýuwaş ýöremeli boldy. Bazar meýdanyna ýakynlaşdygyňça, köçeleriň märekesi gürelýärdi. Ahyry ýesirleriň saklanýan ýerine ýetdiler. Ýesir edilip getirilen aýallardyr çagalary köçeleriň ugrunda saklaýardylar. Uzak ýol ýöräp eňki giden ýesirler tozanly ýerde süýnüp ýatyrdy. Olara ýaragly esgerler sakçylyk edýärdi. Ýesirler hem aç, hem suwsuzdy, olara hiç zat berilmeýärdi. Mana düşmeýän neresse çagalar açlyga, suwsuzlyga çydaman aglaýardy. Ýesirleriň horlanyp ýagyşyna nebsi agyryp, şäher adamlary olara suw, çörek getirip berýärdi. Sakçylar ol zatlary ýesirlere berdirenokdy. Asyl ýesirleriň ýanynda eglenmäge-de ygtyýar edilmeýärdi. Şoňa görä-de, Magtymguly dagy ýesirlerden gözlerini aýyrman ýuwaşja ýöräp geçip barýardy. Ýesir aýallardan biri oturan ýerinden suw diläp gygyrdy. Sakçylarbaşy ýaňky aýaly gamçy bilen urdy. Urlan aýal serrelip gitdi. Magtymgulynyň göwnüne gamçy onuň hut özüne degen ýaly boldy. Sakçylarbaşyň alkymyna baragada, ona erbet gargyş edesi geldi. Onýança ýesirleriň arasyndan başga bir aýal: – Şahyr! Magtymguly! – diýip, naýynjar gygyrdy. Bu ses Magtymgulynyň gulagyna tanyş ýaly eşidildi. Ol şo tarapa gaňrylyp seredende bir gelniň iki dyzyna galyp, seredip duranlygyny gördi. Aýalyň eşikleri sal-saldy, ýüzi garörtdi. Çagasy gujagynda bulanyp ýatyrdy. Onuň uklap ýatanlygy ýa-da çaşyp ýatanlygy-da belli däldi. – Bahar! – diýip, Magtymguly bir ädim öňe ätledi. – Çekil! – diýip, sakçylarbaşy ylgap geldi. Onýança Nazarly topulyp bardy: – Edýäniň näme, samsyk! Ol Magtymguly şahyr-la! – Her kimem bolsaňyz, ýesirler bilen gürleşmäge idin berlenok! Buýruk şeýle! Bu ýerden gidiň! Hana elgarama bolup, onuň ýalyny iýýän ykrarsyz köpeklere ýalbarsaňam, kejeleşseňem nepi degmejegine Magtymgulyň akyly ýetýärdi. Ol bir ädim yza çekildi-de, ýene Bahara seretdi. Baharyň gözlerinden boýur-boýur ýaş akýardy. Baharyň özünden haraý isleýänligine Magtymguly kemsiz düşündi. Düşünse nätsin! Alaçsyzlyk belasy onuň goluny baglaýardy. Şu aralykda şäher adamlaryndan biri Bahara bir döwüm zagara oklady. Bahar ony garbap aldy-da, maňlaýyna syldy. Magtymguly märekä seredende bir tanyş ýüzüň özüne bakyp duranlygyny gördi. Ol şahyryň aýdymçy dosty Bagtyýardy. Ol Magtymguly dagyň aňyna geldi. – Bu edilýän zatlary görýäňizmi, şahyr? Heý şeýle-de zalymlyk bolarmy?! – Her neneň birehim patyşalaram öz raýatlaryna şundan beter zulum eden däldir – diýip, Nury Kazym jogap berdi. – Beýle süteme kesesinden syn edip durmaga-da çydar ýaly däl. – Bu biçärelere edilýän sütemi Allatagala görmeýämikä? – diýip, Nazarly alyp göterdi. – Olaryň ahy-nalasyna çydap bilmän, gara daşlar erejek! Emma bu zalymlaň ýüregi eränok. – Siz bu aýallarydyr çagalary görüp, şeý diýýäňiz – diýip, Bagtyýar söze goşuldy. – «Pälwan derwezede» edilýän zalymlyklary görseňiz, ýaka tutup perýat edersiňiz. Goly bagly ýesirleri düýe ýenjen ýaly ýenjýärler. Üstesine şu gün on sany adamy dardan asdylar, bäş sany gül ýaly ýigidem merekäniň gözüniň alnynda damagyny çalyp öldürdiler. Şu goýun sürüsi ýaly bolup ýören adamlara içim ýanýa. Olaryň gözleriniň alnynda adamlary asýalar, damagyny çalýalar welin, şonda-da ýöne seredişip durlar. Eger türkmenler gaýrata galagada, hanyň jellatlarynyň üstüne çozaýsa, men ikirjiňlenmän, olara goşulardym! – Bu wagt jellat bilen ýaka tutuşmak akyllylyk däl! – diýip, Nury Kazym jogap berdi. – Bu wagt hanyň ýumrugy güýçlüdir! Ona ýanaşsaň, gury özüňi heläk edeniň galar. – Ne gözel adamlar heläk edilip durka, olar bilen bile heläk bolmagyň özem bir mertlik ahyry. «Ýa başyn bir, ýa baş alar, goç ýigit ýoldaş üstünde» diýip, Magtymguly aýdypdyr. – Gepem şonda-da! – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Ony edip bilýän goç ýigitler bar bolanlygynda, adalat üçin aýaga galan bu gallaç bendeler beýle gözgyny güne düşermidi? Erkekdir diýip gapysyndan baran adamlarymyz ýüzlerine gara çekip, hatynlarynyň etegine bukulýar. – Häzirlikçe bu ýerden gideliň – diýip, Nury Kazym maslahat berdi. – Baryp oňatja paýhaslanalyň! Munuň ýaly alaçsyz güne düşülende, ýüz sany ýumrukdan bir akylly baş gowy iş bitirer. Magtymgulydyr ýoldaşlary Nury Kazymyň maslahatyna gulak asyp, yzlaryna dolandylar. Ýolda Nury Kazym Magtymgulynyň ýanyna bardy-da, onuň bilen ýanaşyk ýöredi. – Biz ýene bir zady synap göräýmeli, şahyr. Öňräk Töwke baý sizi myhman çagyrypdy. Eşidişimize görä, Töwke baý Allaguly atalygyň ýanynda ýüzli adamlardan birimiş. Allaguly atalygam Temirgazy hanyň ýakyn adamsy. Töwhe baýyňka baryp, ona arzymyzy aýtsak, biçäre ýesirleri halas etmäge nepi degmezmikä? – Ýesirleri halas etmäge nepi deger öýtseňiz, hut gan duşmanyma ýalbarmaly bolsa-da, özüme kiçilik biljek däl. – Onuň ýanyna haçan gideris? – Onuň nirededigini bilip bolsady! Ol söwdagär adam, öýünde oturýanam däldir. Bagtyýar Magtymgulynyň yzy bilen ýöräp gelýärdi. – Baýyň nirededigini men bilip bilerin, tagsyr! – diýip, ol ýygralyk bilen gürrüňe goşuldy. – Siz hüjrede oturyberiň! Özüm gelip, habar ederin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |