14:17 Magtymguly -19/ romanyñ dowamy | |
■ «Pyragy ýüz tutar türkmen iline...»
Taryhy proza
Magtymguly, Nazarly, Abdylaly çapyk üçüsi Durun galasyndan çykyp, Börmä baka sürdüler. – Şahyr diýýän-ä – diýip, Nazarly sorady. – Biziň serdarymyza synyňyz oturdymy? – Ýadyňyza düşýämi? – diýip, Magtymguly Nazarlyň özüne sorag berdi. – Hywada okaýakak horezmli Akmämmet begiňkä barypdyk. Şonda siziň Akmämmet bege synyňyz oturypmydy? – Aýdýanyňyza düşünýän, şahyr! – Biziň atamyz türkmen iliniň agzybir bolup ýaşanyňy görjek bolup, tä ölinçä arzuw etdi. Iň soňunda-da, şol arzuwyna ýetip bilmän dünýäden ötdi. Şol mukaddes arzuw bize-de ýetdirjek däl öýdýän. Men köp taýpalaryň arasynda bolup, ençeme hanlar, begler bilen söhbetdeş boldum. Emma bu işe janköýerlik bilen ýapyşýan hana ýa-da bege sataşmadym. Nazarly makullaýjylyk bilen başyny atdy. Şonuň bilenem gürrüň gutardy. Ümsümligi Abdylaly bozdy: – Betgümanlyk gowam-a däl welin, Annaseýit wekil Gully ýetimi alyp galjak bolup, bir ýere iberäýdi öýdýän. – Gully ýetimiň biziň bilen gaýtmany kemem däl – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Ol neresse çagalygyndan ýetimligiň dagyny çeke-çeke, ýaňy yşkyň şerbetinden dadyp gördi. Biz berin ony bu eşretden mahrum etmäliň! Gürrüň gyzmaýardy. Her kim öz içini gepledip barýardy. Magtymguly kellesinde külterlenip giden pikir ýüplügini çöşlejek bolup jan etdi. «Bir gara bela äpet aždarha ýaly bolup, türkmen ilini gaplap alypdyr – diýip, ol oýlanýardy. – Oňa agzalalyk belasy diýilýär. Halkyň agzybirligi gowşadygyça, ol gara belanyň hümmeti artýar. Külli türkmeniň agzyny birikdirip biläýjek bir gudraty bolsa Allatagala türkmenlere miýesser etmändir». Uzak çöllerden, düzlerden geçdiler. – Siziň gyssanýanyňyzy bilýäs, şahyr – diýip, Nazarly mürähet etdi. – Gidişinem bizde eglenmän, geçip gitdiňiz. Şu gije berin bize myhman boluň! – Bolýar, şu gije biz siziň myhmanyňyz! Ýöne daň saz beren badyna ýola saljak bolaweriň! – Sizi ýöne ýola salyp goýberäýer öýtmäň! Çyn dost ýowuz günde gerekdir. Saglyk bolsa, bizem siziň bilen gideris. – Siziň dostlugyňyza ynanýas, Nazarly! Ýöne biziň göwnümizi gözläp, başyňyzy gowga goýmaň! – Töwella edip oturmaň! Her zat etseňizem sizden galman! Magtymguly Duruna gidende Börmä degip geçeni üçin, börmeliler şahyryň geljeginden habarlydy. Şona görä-de, Magtymguly dagy gapa ýazylan düşekde ornaşyp-ornaşmanka oba adamlary ýygnanyp başlady. Nazarlynyň iki gözi gelýän adamlardady. – Guba serdar gelmedi-le? – diýip, Nazarly adamlardan sorady. – Ýa-da ol şahyryň geleninden habarsyzmyka? – Ondan-a habary bar – diýip, Guba serdaryň ynamdar adamsy Aky gotur jogap berdi. – Ol näler gelermendi welin, ýaranok. Erbet gyzdyryp ýatyr. Endamy edil tamdyr ýaly. Nazarlynyň ýüzi sallandy. Esli wagtlap mesawy gürrüň edip oturdylar. Gökleňleriň başyna düşen howply ýagdaýy eşiden adamlar gaty gynandylar. – Siziň bilen söhbetdeş bolmagy hudaýdan diläp ýördük – diýip, Aky gotur haýyş etdi. – Sebäp bilen size sataşmagam miýesser boldy. Şirin goşgularyňyzdan bir-iki oýnamy eşidäýsek!.. – Ol aýdanyňyz gowy zat! – diýip, Nazarly Magtymgulydan öň jogap berdi. – Şahyryň goşgularyny diňlemäge hemmämizem höwesek. Ýöne bu wagt ol ýadaw, üstesine-de aladaly. – Aýyby ýok, Nazarly. Biziň aladasyz wagtymyzy tapmak kyndyr. Goşgularymyzy diňlemäge höwes edýän bolsalar, aýdyp beräýeris. Şahyryň jogaby adamlaryň göwnünden turdy. Magtymguly köp garaşdyrman, goşgy aýtmaga başlady. Ol ilki dünýä hakynda, dünýädäki adalatsyzlyklar, ejize ganymlyklar hakynda goşan goşgularyny aýdyp berdi. Onuň soňuny watan hakyndaky, watanyň ykbaly hakyndaky goşgulara ýazdyrdy. Gije bir çene barandan soň ol mylaýymlyk bilen adamlara ýüzlendi: – Gije-de ýeňse berip başlady. Ýene bir goşgy aýdyp bereýin, onsoň ýatalyň-da, az-kem gözümiziň awusyny aýralyň! Gorka-gorka üflis ýagdaýa düşdük, Takdyr näme bolsa görülsin indi! Pikir gazanynda gaýnadyk, bişdik, Degme, gan joş urup dökülsin indi! Pyragy ýüz tutar türkmen iline, Duşman gol urmasyn gyzyl gülüne, Dostlar, bizi ahyrýetiň siline, Gark etmänkä, rakyp gyrylsun indi! Magtymgulynyň goşgularyndan hoşal bolan adamlar alkyş baryny ýagdyrdylar. Onsoň kem-kemden örüp başladylar. – Gijäňem-ä köpüsi geçdi, şahyr. Ýatyp dynç alybam-a bilmediňiz – diýip, Nazarly sypaýyçylyk etdi. – Zyýany ýok! Mundan soň takdyr bizi bu adamlar bilen duşurjagy-duşurmajagy belli däl. Pelegiň sütemini çekip ýören bendeler bizden bir nadyl bolmasyn! Nazarly myhmanlaryna daşardan düşek ýazyp berdi. Özüne-de olaryň ýanyndan düşek ýazdyrdy. Ýatdylar. Asmanyň ýüzi durudy. Sansyz ýyldyzlar gara ýapynjaň ýüzüne seçilen ak monjuklar ýaly ýalpyldaşyp durdy. Ýedigen aşaklapdy. Abdylaly çapyk kellesini ýassyga goýan dessine uka gitdi. Nazarly gymyldaman ýatyrdy. Magtymguly ýaňy ymyzgananda at toýnagynyň sesini eşidip oýandy. – Nazarly ahunyň öý-ä şodur. Baryberiň! – diýen sesi-de eşitdi. – Taňryýalkasyn! Soňky sesi eşidende Magtymguly laňňa ýerinden galanyny duýman galdy. Magtymgulynyň turanyny görüp, Nazarly hem turdy. Oňa çenli bir atly gapa geldi. Atyň üstünde iki adam bardy. Nazarly ýerinden turdy. Atyň üstündäki adamlaryň biri atdan düşdi. – Essalawmaleýkim! – Gully! – diýip, Magtymguly gygyrdy. – Siziň Durun galasyna baranyňyzyň sebäbini soň eşitdim. Başda eşiden bolsam, siziň bilen gaýdardym. Magtymguly Gully ýetimiň soragyna jogap bermedi-de: – Ýoldaşyň kim? – Gelnim. – Onam alyp gaýtdyňyzmy? – Hawa. Oda girmelem bolsa senden galjak däl diýýä. – Ony öýe salmak gerek – diýip, Nazarly gyssanmaç öýüne girdi. Az salymdan soň Nazarlynyň aýaly Hajybibiniň ýanyna bardy. Ony atdan düşürdiler, öýe saldylar. – Annaseýit wekil neneň size rugsat beräýdi? – diýip, Nazarly sorady. – Ýa-da rugsatsyz gaýdyberdiňizmi? – Rugsat alyp gaýtdym. Gökleň iline gan çaýkaljak bolup durka, men bu ýerde rahat gezip bilmen diýdim. Annaseýit wekilem «Kim-de kim öz iline wepaly bolup bilse, ýigidiň güli şoldur diýdi. Oba aşýançak ýeter ýaly ýol azygam berdi. Magtymguly Gully ýetime töwella etdi: – Men size bir zat aýdaýyn, Gully: «Öz iliňe wepaly bolmak mertligiň belent mertebesidir! Ony başaryp bilen kişä ýigidiň güli diýse bolar. Ýöne siz parlap duran ter güle gonan bir şeýda bilbil! Häzirlikçe, siz bu apy-tupandan yrakda duraýanyzda-da gökleň ili sizden öýke etmez. – Ýok, şahyr! Ilimiň başyna gelen gowgadan yrakda durup bilmen. «Jeň wagtynda ýigitleriň başdaşy, il üstünde namys bilen baş döker» diýip, özüňiz aýdýaňyz ahyry. Ýolagçylar ýol şaýlaryny tutup başlady. Gully ýetim atyny suwa ýakyp, iým berdi. Özi-de az-kem garbak-gurbak edindi. Oňa çenli daňam tilki guýruk bolup başlady. Şeýlelik bilen, Magtymguly bu gijäni-de ukusyz geçirmeli boldy. Ýolagçylar ýola düşdi. Gully ýetim Hajybibini gysyndyrmajak bolup, yzrakdan sürýärdi. Olar obadan saýlanyberende arka tarapdan at toýnagynyň sesi eşidildi. Aladaňdanyň ümüş-tamşynda bir bölek atlynyň gelýänligi hem saýgartdy. Jahan kem-kemden ýagtylýardy. Uzakly gijäni göz gypyşyp geçiren ýyldyzlar dogup gelýän günden uýalýan ýaly, asman perdesiniň aňyrsynda gizlenýärdi. Yzdan gelýän atlylar Magtymguly dagynyň yzyndan ýetdiler. Olar on bir atlydy. Olaryň biriniň Aky goturdygyny tanadylar. – Hormatly şahyr! – diýip, Aky gotur söze başlady. – Öten agşam siziň ýanyňyzdan gidenimizden soň, Guba serdaryňka ýygnandyk. Gökleň garyndaşlarymyza elimizden gelen kömegi edeliň diýen karara geldik. Gijäň içinde kimden ýarag gözläp, kimden at diläp, on bir atly jemledik. Atlyny köprägem jemläp bilerdik welin, ýigitlerimiziň köpüsi Annaseýit wekiliň hyzmatynda gezip ýör. Magtymguly atlylara ýeke-ýeke seretdi. «Hormat-sylag il-halkda bar eken-ow» diýip, ol içini gepletdi. ■ «Watandan daş düşen istär mekany...» Ýolagçylar on bäş atda on alty adam bolup, ýola rowana boldy. Birnäçe menzil ýoly geçenlerinden soň Soňudagynyň alkymyna gadam basdylar. Indi Zorbilewke hem Ärbilewke daglary uzakdan goşa örküç ýaly bolup görünýärdi. Birden Abdylaly çapyk: – Öňümizde bir bölek atly bar – diýdi. Öňe seretdiler. Dagyň eteginde çala göze ilýän bir gara bardy. Onuň nämedigi görnenokdy. – Olaryň atlydygyny nädip bildiňiz? – Gözlerim atlary saýgarýar. At bolan ýerde-de adam bolar. Şu ýakada näbelli garakçylaryň ýol kesip, kerwen urup ýörenligi hakynda köp eşidendikleri üçin, adamlaryň göwnüne betgümanlyk gitdi. Olar «Indi näderis?» diýýän ýaly edip, Magtymgulynyň ýüzüne seretdiler. Magtymguly ökjesi bilen atynyň böwrüne kakdy. Onuň yzy bilen beýlekiler hem sürdüler. Aky goturyň atlylary özlerini ykjamlap, gylyçlarynyň baljagyny ýazdyrdylar. Esli aralygy geçdiler. Indi ýoluň ugrunda hümer bolup duran atlylar mazaly saýgardýardy. Olaryň arasynda üýtgeşik hereket duýulmaýardy. Az salymdan soň iki sany atly Magtymguly daga garşy at goýdy. Olar on ädim aralyga geldiler-de, atlarynyň jylawyny çekdiler. Olardan biri habaryny berdi: – Siziň nireden gelip, nirä barýanlygyňyzy bilmek üçin, bizi serdarymyz iberdi. – Serdaryňyza kim diýerler? – Salyh serdar diýerler. Şol aralykda aňyrdan gelen ýigitleriň ikinjisi: – Magtymguly şahyr! – diýip, ýoldaşyna pyşyrdady. Ýigitler şol bada yzlaryna öwrüldiler-de, atlaryny gamça basdylar. Magtymguly dagy howlukman ýollaryny dowam etdiler. Olar ýoldaky atlylara ýakyn baranda, birnäçe adam pyýadalap olaryň öňünden çykdy. Olaryň arasynda goňras sakgally, mawy gözli saryýagyz adam barda. Magtymgula onuň Salyh serdardygyny tanady. Salyh serdary görenden Aky goturyň ýüzi üýtgedi, gözlerinde ýigrenç uçgunlary peýda boldy. Aky gotura gözi düşende Salyh serdaryňam öňküligi bolmady. Ol töweregindäkilere syr bermän, ýylgyryp Magtymgula salam berdi. – Biz-ä siziň ile barýas, şahyr. Siziň iliňize howp abanýamyş diýip, gyssanyp barýadyk. – Sag boluň, serdar! Bizi sylap gelen ýigitleriň ömri uzak bolsun! Annatuwak serdar eden ähdini bozup, biziň habarymyzy alman goýberenden soň, lapykeç bolup gaýdypdyk welin, siziň gaýratyňyz onuňkydan artykmaç eken! – Annatuwak serdar bigaýratlasa-da, biz bigaýratlamarys. Gökleňler bilen il bolmaga wada berdikmi, kellämiz egnimiziň üstünden togalanýança, şol wadamyzdan dänmeris. Dogrusy, biz köplük däl. Hemmämiz on sekiz atly. Aky gotur entegem Salyh serdardan ýüzüni sowup durdy. Mundan birnäçe ýyl ozal Kiçi Balkanda ýomutlar bilen tekeler öri meýdanynyň üstünde tersleşipdi. Şonda Aky gotur bilen Salyh serdar tasdanam urşupdy. Bu ikisiniň biri-birini ýigrenýän- liginiň sebäbi şol. – Siz amatsyz ýerde düşläpsiňiz-le – diýip, Magtymguly Salyh serdara ýüzlendi. – Öňüňiz gijelik. Meýdan ýalazy. – Biz bu ýerde düşlemekçi däldik. Gelýäkäk bir zenan maşgala bilen ýaş ýigdekçäniň ýolda süýnüp ýatanlygyny gördük. Barlap görsek, janlary bar eken. Biz olaryň her haýsyna bir pyýala ýag içirdik, azajygam suw berdik. Şol biçäreler özüni dürseýänçä garaşmaly bolduk. – Olar nirede? Magtymgulyny çöp-söp germelip, üstüne köne don ýapylan bir ýere getirdiler. Donuň kölegesinde bir zenan bilen ýaş ýigdekçe ýatyrdy. Olaryň ikisiniň-de ýüzi garörtdi, dodaklary ýanyp kesmek baglap gidipdir. Ýigdekçäniň gözleri ýumukdy, aýal maşgala gözüni gyrpyldadyp ýatyrdy. – Bahar! – diýip gygyranyny Magtymguly duýman galdy. Bahar agraslyk bilen gabagyny galdyrdy. Ümezläp duran gözlerini adamlara dikdi. Onuň nazary Magtymgulyda saklandy. – Şahyr! – diýip, ol kellesini galdyrdy. – Ýatyberiň! Turjak bolmaň! Magtymgulynyň töwellasyna garaman, Bahar ýerinden galdy. – Ömrüňiz uzak bolsun şahyr! – diýip, ol alkyş etdi. – Siz dadymyza ýetişäýdiňiz, ýogsam heläk boljakdyk. Magtymguly daşyna egrilişip duran ýigitleri görkezdi. – Şu ýigitlere alkyş ediň! Dadyňyza şolar ýetişipdir. – Alla olaryň ömrüni uzak etsin! Bize rehim ýedene Alla rehim etsin! Bahar ogluny gördi-de: – Sarman jan! – diýip, onuň maňlaýyndan sypady. Ýaş ýigit çalaja gözüni açdy-da, ýene ýumdy. Ol hordy. Endamy ýöne ham bilen süňk bolup durdy. – Siz nähili bolup bu çöl-beýewana düşdüňiz? Siz Horezmdediňiz ahyry – diýip, Magtymguly sorady. Bahar haýallyk bilen söze başlady: – Meniň başyma gelen sütemi it görse gözi agarar, şahyr! Horezmde size sataşanymdan soň, ýumruk ýaly çagam bilen ýalňyz galdym. Annagylyjyň şol Begenjaly begiň atlylaryna goşulyp gidişi gidişi boldy. Şondan soň rahat gün görmedim. Çekenim jebir, ýuwdanym gussa boldy. Ozal-a bizi Hywa ýesir edip äkitdiler. Hywada esli wagt saklanlaryndan soň, biziň her haýsymyzy bir hojaýyna satdylar. Bir topar ýesiri Şamyrat beg diýilýän baýa berip goýberdiler. Şolaryň arasynda menem bardym. Şol günler Şamyrat baý ogluny öýerjek bolup, toýa taýynlanyp ýören eken. Ol maňa: «Sen biziň edinjek gelnimize hyzmatkär bolarsyň» diýdi. Meni baý gelniniň hyzmatkäri edip goýdular. Ýöne, Şamyrat baýyň toýy ýasa öwrüldi. Toý güni baýyň duşmanlary gala dökülip, baýy öldürdiler. Şamyrat baý ölenden soň onuň baýlygyna Balmyrat eýe boldy. Bizem baý gelniniň hyzmatkäri bolup galyberdik. Balmyrat ilki öýlenen ýyllary Melektäji gowy gördi. Ony gurjak bezän ýaly bezedi. Ýöne ýyl geçdigiçe, Melektäçden sowap başlady. Bahanasam: «Melektäç dogranok» diýip yrsarýar. Melektäç başda üç-dört ýyllap dogurmasa-da, uzagyndan Balmyradyň bahanasyny ýalana çykardy. Ol bir gyz dogurdy. Iki ýyldan soň ýene bir ogul dogurdy. Şonda-da Balmyrat onuň bilen ysnyşmady. Iň soňunda-da Melektäjiň üstüne heleý aldy. Melektäç ony ölümdenem ajy gördi. Şondan soň ol edil telbe ýaly boldy ýördi. Meniň rehimim gelip, oňa göwünlik berýädim. Öz başymdan geçen günleri gürrüň edip berýädim. Şolar ýaly gürrüň beren wagtlarym onuň maňa rehimi gelýärdi. Bir gün agşam ol meniň gürrüňimi diňländen soň maňa şeýle diýdi: «Sen gowy maşgala ekeniň, Bahar jan! Şunça ýyllap maňa hyzmat etdiň! Meniň senden ýekeje-de ynjan ýerim ýok. Men ölmänkäm saňa bir ýagşylyk edeýin. Birneme pul bilen ýolazygy bereýin welin, Horasana gidýän kerwene goşluş-da, öz iliňe git!» Men Melektäje alkyş baryny etdim. Assyrynlyk bilen Gürgen sebitine gaýdýan kerwen aňtap başladym. ýöne, Gürgene gidýän kerwen gabat gelmedi. Ahyram Balkana gidýän kerwen bilen gaýtmaly boldum. Balkandan Mawy kel diýen biri Türkmensähra gidýämiş diýip gürrüň etdiler. Men Mawy keliň öýüni salgy alyp, olara bardym. Mawy kel bizi özüne ýük bildimi-nämemi, ýoldaş edinmäge razy bolmady. «Hyzmatyň üçin näçe tölemeli bolsa tölärin» diýdim. Ýanymda kän pul bardygynam aýtdym. Şondan soň Mawy razy boldy. Çarşenbe güni ýola düşdük. Uzakly gün ýol ýöräp, garaňky düşenden soň meýdanda ýatdyk. Ertesi ýene şeýtdik. Ikinji güni agşam ýatjak bolamyzda Mawy geldi-de: «Bu ýeri bir çöl meýdan, adamyň başyna her iş gelmegi mümkin. Puly maňa beräý! Men saklap bereýin» diýdi. Men sesimi çykarmadym. Mawy ikirjiňleýänimi aňdy-da: «Sen şirin janyňy maňa ynanyp, çöl-beýewana geldiň. Indi iki şaýy puluňy ynanaňokmy?» diýdi. Men öz ýanymdan: «Dogrudanam, ol meni öldürip, pullary alyp ötägidende etjek zadym näme?» diýdim-de, pullary berdim. Ol pullary ýeke-ýeke sanady-da, öňküsi ýaly düwüp, bir ýerde gizledi. Ýatdyk. Ertesi aladaňdandan Mawyň gykylygyna oýandyk. Seredip görsek, Mawyň eşegi bar-da, düýesi ýok, Töweregimize şunça göz aýladyk welin, eliň aýasy ýaly düz meýdanda görnen zat bolmady. Mawy düýesiniň yzyny yzarlap esli ýere gidip geldi-de: «Ol haram ölmüş yzymyza baka gidipdir, Siz häzirlikçe goşda galyň! Men onuň yzyndan ýetip alyp geleýin» diýdi. Mawy eşegini mündi-de gitdi. Oglum ikimiz çölde galyberdik. Biz şol gün agşama çenli garaşdyk, onsoň daň atynça garaşdyk. Mawy gelmedi. Ahyry oglum ikimiz göwnümizi bire baglap, ýola düşdük. Soňunam, ynha, özüňiz görýäňiz, tasdanam maslygymyz çölde galypdy. – Mawy diýilýän deýýus adam eken-ow! – diýip, ýigitlerden biri käýindi. – Heý adam oglam beýle namartlyk edermi!.. – Sizem oba barýamysyňyz, şahyr? – diýip, Bahar sorady. – Nesip etse, menem öz dogduk topragymy görerin-ow! – Hawa, ertir dogduk mekanyňyza ýetersiňiz – diýip, Magtymguly ýüzüni sallady. – Ýöne ony näşekilde görjegiňizi bidemok. ■ «Ýagşylykda ile özün tanadan...» Daň bilen Meňli ukusyndan oýanan badyna Esen golagyň aýaly Bagtygül geldi. – Beterinden saklasyn diýeweri, dogan jan! Üstümize gyzylbaşlar dökülýämiş. Öýin-öýin aýlanyp, salgyt ýygnajakmyş. – Hudaý saklawersin! – diýip, Meňli ýakasyna tüýkürdi. – Gulak eşidenini göz görmäwersin! – Dogan jan, biz näderkäk? Gyzylbaşlar döküläýse, biz ýaly pukaralaň petine gar ýagdyrar. – «Depä çyk-da seret! Köpüň ugry hanja bolsa şoňa git!» diýipdirler. Iller näme etse bizem şoňa görä bolubereris. – Bagtygül az salym böwrüni diňläp otudy-da, özbaşyna hüňürdäp çykyp gitdi. Meňli alada galdy. Onuň iki gyzy gözüniň öňüne geldi. Biçäre gyzlaryň gyzylbaşlaryň girisine düşüp, ömürlik gyrnak bolup galaýmagynyň mümkinligi ýadyna düşende tasdanam zähresi ýarylypdy. Gün guşluk ýerine baranda täze habar getirdiler: – Ýaşulular belli karara gelipdir. At münmäge ýaraýan adamlar-a at-ýaragyny besläp, Çowdur hanyň ygtyýaryna barmaly! Beýleki adamlaram derýadan gaýrak geçmeli! – Iller göçse biz näderis, eje? – diýip, Bibihajar howsala düşdi. – Il göçse bizem göçeris, gyzym. – Onda meýdandaky mallarymyzy näderis? – Jan howp astyndaka mala seredilýän däldir, keýgim. Meňli gyssagly adam iberip, düýeleri örüden getirtdi. Goş-golamlaryny daňyşdyryp, göçe taýynlanmaga durdy. Şol aralykda biri ýene bir habar getirdi. – Nobat han hiç kim obadan göçmeli däl diýýämiş. Salgyt-hyrajyny üzen adamlara gyzylbaşlaryň azar bermejegine kepil geçýän diýýämiş. Şondan soň köp wagt geçmänkä jarçynyň bogazyna sygdygyndan gygyryp, jar çekýänligi eşidildi: – Haý, adamlar, eşideweriň ho-ow! Sadagasy gitdigim Hümmet hoja sizden towakga edýändir-le ho-ow! Ýalan dowla ynanyp, obadan göçmäweriň ho-ow! Adamlar oňaýsyz ýagdaýa düşdi. Olar näme edip, näme goýjagyny bilmän, ýaýdanyşyp durdy. Şol ýagdaýa düşenleriň biri-de Meňlidi. Ol mähriban perzentlerini gyzylbaşlara olja bolmak howpuna salandan ähli malyny-emlägini terk edip gidenini gowy görýärdi. Meňli basga galyp otyrka Bibimerem geldi. – Bir aýal bilen bir oglan biziň öýümizi sorap gelipdir. – Gelsin, gyzym! Gelen döwlet diýipdirler. Onýança bir aýal on üç-on dört ýaşly bir oglany yzyna tirkäp içerik girdi. Oglan ýygralyk bilen salam berdi-de, gapynyň bir gapdalyna gysylyp duruberdi. Aýal welin salam bermegi-de unudyp, iç işikde doňup galdy. Meňli ony tanamady. – Töre geçiň! – diýip, Meňli mürähet etdi. Meňliniň gyzlary myhman aýalyň bolşuny geň görüp, bir gezek Meňlä, bir gezek myhmana seredýärdiler. – Meňli jan! – diýip, ahyry myhman dillendi. – Meni gören badyňa tanarsyň öýdüpdim. Takdyr meni tanalmaz ýaly eden bolara çemeli. Meňli birhili boldy. – Bahar?! – diýip, ol ynamsyz pyşyrdady. – Sen Baharmy? – Hawa! Garşyňda duran-a betbagt joran Bahardyr! Meňli ýerinden turdy-da, ýaşlyk ýyllaryndaky ýaly yhlas bilen Bahary gujaklady. Şol demde olaryň ikisiniň-de ýaş gyz bolup bileje oýnap-gülen ýyllary göz öňüne geldi. Meňli Bahary synlady. «Maýa ýaly daýaw, peri ýaly owadan gyz, gör, nähili bolaýypdyr!» – Ýokaryk geç, Bahar jan! – diýip, Meňli mürähet etdi-de, gapyda duran oglana seretdi. – Bu seniň ogluňmy, Bahar jan? – Ol meniň dünýäde ýeke dikrarym! Şondan başga maňa hossar boljak jemende ýok. Atasöýüm abatlykdyr diýip geläýdim welin, bu ýerde-de arka söýäre adam galmandyr. Garrylar amanadyny tabşyrypdyr. Ýeke doganym Muhammet janam gyzylbaşlar bilen söweşip gurban bolupdyr. – Bar, gyzym, sen nahar-şoruňa seret! – diýip, Meňli gyzyňa ýüzlendi. – Myhmanlar ýadap gelendir. Bibihajar daşaryk ojagyň başyna gitdi. Bibimerem hem onuň yzy bilen gitdi. – Tüweleme! Seniň allanäme gyzlaryň bar! Özüňe meňzäp dur. Maňlaýlary açyk bolsun-da hernä! – Şony diýsene! Zamanaň şü erbetligi bilen men-ä şularam az gaýgy edemok. Oba gyzylbaşlar gelýämiş diýseler, nätjegimi bilmän otyryn. Ýaşulular obany göçürmeli edipdirler. Nobat han bilen Hümmet hoja-da hiç kim göçmesin diýýämiş. Şunuň ýaly wagtda Magtymguly şahyryňam obada bolmyşyny diýsene! – Magtymguly geldi! Men olar bilen bile geldim. – Olar nädýälerkä? Göçýälermikä? – Göçýäler! Garaňky düşen badyna ýola düşjekler. – Magtymguly göçmegi makul bilýän bolsa, bizem şonuň aýdany bilen bolarys. Bahar geňirgenme bilen Meňlä seretdi. – Menli jan! – diýip, ol ýuwaşja pyşyrdady. – Sen entegem ondan umydyňy üzeňokmy?' | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |