12:29 Magtymguly -22/ romanyñ dowamy | |
■ «Gybatkeşiň baran ýeri ot bolar...»
Taryhy proza
Astrabat welaýatynyň täze häkimi Sadyk soltan diwanhanasyna gelen badyna Abulfat mürze oňa täze habar aýtdy. – Onuň alyhezretleri Agamuhammet şanyň ynamdar adamsy Hudadat beg ýokary buýruk bilen şäherimize gelýämiş. Sadyk soltan esli salym bir nokada seredip durdy-da: – Geň galaýmaly! – diýip, başyny ýaýkady. – Nämä geň galýaňyz, hökümdarym? Hudadat beg bu ýere Gulamaly han zamanynda-da köp gelipdi, – Geň galdyrýanam şo-da! Hudadat beg ozal Kerim hanyň ýakyn adamsydy. Kerim han öldi welin, onuň ganym duşmanynyň ýakyn adamsy bolup duruberdi. Muňa näme diýersiňiz? – Bilmedim, hökümdarym. Hudadat beg memleketiň uly baýlarynyň biri. Ol Agamuhammet şaha pul hem mal kömegini gysganman berenmiş. Şa ony şonuň üçin gowy görýän bolaýmasa. – Ýok. Oýauň üçin däl! Eýran memleketinde Hudadat begçe baýlar başga-da gyt däl. Şa olar ýaly baýlaryň ýüzlerçesiniň kellesini togalady. Olar Kerim hanyň adamsy bolany üçin şeýtdi. Hudadat begiň kellesini welin aman saklady. – Sebäbi nämekä, hanym? – Köpbilmiş adamlar zamananyň gerdişine görä iş görmäge gaýym bolýar. Olar öz wyždanyny-da, imanyny-da zamananyň gerdişine tabyn etmegi başarýar. Öz bähbidine nepi degjegini bilse, duşmanynyň öňünde dyza çökmegi-de peslik bilmeýär. Olar hökümdarynyň göwnüni tapmaga-da ökde bolýar. Hökümdarynyň ýüregindäkini onuň özünden öňürti biljek bolup jan edýär. Abulfat mürzäniň ýüzi boz-ýaz boldy. O-da ozal Gulamaly hana yhlas bilen hyzmat edenleriň biridi. Indem Sadyk soltana hyzmat edýär. Abulfat mürze oňaýsyzlyk bilen ardyndy-da: – Belki-de, Hudadat beg, hakykatdanam, Agamuhammet şaha wepaly adamdyr! – diýdi. – Elbetde, Agamuhammet şanyň demi daş ýarýaka, Hudadat beg oňa wepalydyr. Ýöne, hudaý saklasyn, birden bir bolmasy iş bolup, Agamuhammet şanyň duşmanlarynyň biri ýurda häkim bolaýsa, Hudadat beg şol salymyň özünde baryp onuň ädigini ogşar! Abulfat mürzäniň ýüzi öňküdenem beter gyzardy. – Ygtyýar etseňiz, men öz işime gidibereýin hanym! – Gidiberiň! Sadyk soltan Hudadat begiň nähili buýruk bilen gelýänligini güman edýärdi. Agamuhammet şa Eýran hanlaryny dyza çökerjek bolup, suw ýerine gan akdyrýan wagty onuň nähili buýruk ýollajagy düşnüklidir. Agamuhammet şanyň goşuny üçin ýene-de adam gerekdir, at gerekdir, harajat gerekdir. Abulfat mürze gapydan gelip, Sadyk soltana tagzym etdi. – Gökleň ilinden Adna serdar gelipdir. – Ol haýsy Adna serdar? – Ol ozalam bir-iki gezek siziň huzuryňyza gelipdi. Size bir bedewem... Bedew sözi agzalanda Adna serdaryň kimdigi Sadyk soltanyň ýadyna düşdi. – Gelsin! Hudadat beg gelýänçä, güýmenje bolar. Abulfat mürze gitdi. Az salymdan soň Adna serdar geldi. – Alla merhemetli hökümdarymyň ömrüni uzak ötsin! – Hoş geldiňiz! Ýeri, gökleň ili niçik? – Gökleň ili saglyk-gurgunlyk, han aga! Gökleň aksakgallarynyň hemmesi size köp-köp dogaýy salam gönderdiler. – Gury salamdan geljek haýyr näme? Salam iberileni bilen bir zat çykýan bolsa, men siziň aksakgallaryňyzyň her haýsyna günde on harwar salamam ibereýin. Adna serdaryň ýüzüne urlan ýaly boldy. – Size ozalam aýtdym–diýip, Sadyk soltan dowam etdi. – Hökümete gury salam gerek däl. Galla gerek, at gerek. – Siziň ol aýdanlaryňyza-da hötde gelip bolar, han aga! Ýöne, özüňiz bilýäňiz, bu wagt gökleňde belli baş ýok. Siziň aýdan zatlaryňyzy berjaý etmek üçin, agzyndan ot çykyp duran edenli han gerek. «Bujagaz serdarjygyň han bolasy gelýäni çyny-ow!» diýen pikir Sadyk soltanyň kellesine geldi, – Sen han bolaýsaň, hökümetiň möhümini berjaý edermidiň? – Hökümet ynam etse, onuň ynamyny ödäýmeli bolar! Ýöne gökleň iline han boljak bolsaň, başga bir emmasy bar. – Näme emmasy bar? – Bir ilde bir adamyň agzyna garalmasa, ol ýurtda abadançydyk bolmyýanlygyny gowy bilýänsiňiz. Bu wagt gökleň ili biragza bakanok. Ili ýoldan çykarýanlar bar. – Kim ol? – Oňa Magtymguly şahyr diýýäler. Ol özüni Eýran hökümetiniň raýatam hasap edenok. «Özbaşdak türkmen döwletini döretmeli!» diýip, hemme ýerde wagyz edip ýör. – Onuň ters wagyz edýänligini subut edip bilermiň? – Ol patyşanyň hut özüne garşam wagyz ýaýradýa. Size Magtymguly şahyryň goşan bir goşgusyny bereýin. Okap göräýseňiz, ýaka tutup, toba edersiňiz. Adna serdar goltugyndan eplengi kagyz çykardy, Edil şol halatda Hudadat beg içerik girdi. – Astrabat welaýatynyň adyl häkimine hormat we yhtyram! – Hoş gördük, Hudadat beg! Hudadat beg gözüniň gytagyny Adna serdara aýlady. – Onda men gideýin, han aga! Gürrüňiňize päsgel bermäýin – diýip, Adna serdar gidibermekçi boldy. – Sabyr ediň! – diýip, Hudadat beg ony saklandy.– Siziň ýüzüňiz gören ýüzüme meňzeýär. – Ol gökleň ilinden. Adna serdar diýýäler. – Adna serdar?! – diýip, Hudadat beg az salym böwrüni diňläp durdy. – Adna serdar diýilýän bir türkmen şu töwerekdäki galalara gün-mydar berenok diýip käýinýärdiler welin, şol siz bolaýmaň? – Adna serdardygymy inkär edip biljek däl, begim! Eýran hanlarynyň käsi bilen çaknyşan wagtymyzam boldy. Olaryň özleri yrsarap, biziň başymyzda topalaň turuzdylar. Astrabadyň ozalky häkimi Gulamaly hana arz etsegem, arzymyzy diňlemiýädi. – Bolsa-da, çekinmän jogap bermän-ä başarýan ekeniňiz. – Ynha, indi ýagdaý başga! – diýip, Adna serdar dowam etdi. – Memleketiň patyşasam Astrabadyň häkimem öz adamymyz. – Indi täze häkimiýeti goldarmysyňyz? – Janymyz-tenimiz bilen goldarys! – Gury sözden palaw bolmaz – diýip, Hudadat beg onuň sözüni kesdi. – Siz diliňizde aş gatyklamaga ökde. Hökümet üçin sähelçe zady pida etmeli ýerinde welin tapylaňzok. Ýomutlar sizden zor çykdy. Atabaýlaryň belli hany Hojamberdi han giden bir leşgere baş bolup, şa goşunynda söweş edýär. Emma gökleňler hökümete bermeli salgytlarynam üzenok. – Onuň sebäbi bar, begim! Ýaňy siz gelmäkäňiz han aga bilen şo hakda gürleşip durdyk. Ilimizde Magtymguly diýen biri bar. – Bolanda näme? Şeýle adamyň bardygyny bizem bilýäs. – Bilýänsiňiz, begim! Ýöne ol adamyň häkimiýet üçin hatarly adamdygyny bilýämikäňiz? Eger Magtymguly şahyryň seňrigine kakylaýmasa... – Magtymguly şahyryň towguna tok diýip bolmaz! Agamuhammet ýurtdaky meşhur şahyrlary köşgüne ýygnap, hezzet-hormat etmegi ýüregine düwüpdir. Dogjak aýyň ýigrimi dördüne olar şahin şahy älemiň köşgüne barmaly! Şona Magtymguly şahyram çagyryldy! Hudadat beg Sadyk soltana ýüzlendi-de: – Siz şanyň permanyny haýal etmän Magtymguly şahyra habar etmeli bolarsyňyz! – diýdi. – Eger patyşa Magtymguly şahyra şeýle hormat goýýan bolsa, gaty ýalňyşýa! – diýip, Adna serdar morta söz oklady. Bu sözi eşidip, Hudadat beg bilen Sadyk soltanyň tasdanam gözleri hanasyndan çykypdy. – Aýdýanyň näme! – diýip, Hudadag beg azgyryldy. – Beýik mertebeli şanyň eden işine galat diýmäge neneň diliň barýa? – Men dogrusyny aýdýan, begim! Magtymgulynyň nähili adamdygyny patyşa biläýse, onuň kellesini aldyrar! Ol patyşanyň hormatyna mynasyp adam däl! Siz sowatly adam, begim! Men size bir zat bereýin welin, şony bir okap görüň! Adna serdar kagyzy Hudadat bege uzatdy. Hudadat beg goşgyny okamaga başlady. Okadygyça-da gözleri peträp, ýüzi üýtgäp barýardy. – Muny Magtymgulynyň goşanlygyny subut edersiňiz? – Ony subut etmek gerekmi näme? «Pyragy, dert aýdyp, derde ýanmaly» diýip, özi aýdyp dur ahyry. Pyragy diýilýän Magtymgulydyr begim. Ol özüne «Pyragy» tahallusyny beripdir. Hudadat beg goşgyny goltugyna saldy. ■ «Ogry ärden bir dogry it ýagşydyr...» Hanjan egri gaty ýadaw bolansoň, bir gije çopanlaryň ýanynda galmaly boldy. Ertesi çopanlardan iýer-içer ýaly azyk aldy-da, yzyna dolandy. Hanjan egri ýene-de däne ekilen meýdana geldi. Näme üçin gelenine özi-de oňly düşünenokdy. Onuň ýüreginde bir ses: «Heý, damarynda ynsan gany bolan adamam özüne ýagşylyk eden kişiň janyna kast edermi?» diýip gygyrýardy. Hanjan egri bu sese gulak gabardyp başlan badyna başga bir jadyly ses: «Indi sen her näçe amana gelseňem ýalkanjak gümanyň ýok! Kyýas baýyň hyzmatyny bitir-de, sylagyňy al!» diýýärdi. Hanjan egri iki ýoluň haýsyny saýlajagyny bilmän, köp ýaýdandy. Ýöne uzak ýaýdanara-da ýagdaýy ýokdy. Çopanlardan alan azygy gutaryp barýardy. Uzaklaşdyrman belli karara gelmelidi. Hanjan egri alamançylyga ýa-da talaňçylyga gidende batyrlyk görkezip, ýoldaşlaryndan tapawutlanan wagtlary-da boldy. Şeýle-de bolsa, oňa mert ady berilmändi. Sebäbi onuň ýekeje gezegem ile nepagat eden ýeri ýokdy. Näme etse öz gara nebsi üçin edipdi. Hanjan egriniň özüne-de ýagşylyk eden aDam bolmandy. Kyýas baý başlyklaýyn, ýanaşan adam ondan peýdalanjak bolýardy. Oňa birinji gezek ýagşylyk eden Gully ýetim boldy. Gün gijigipdi. Hanjan egri pikir deňzine gark bolup otyrka, oba tarapdan bir atlynyň gelýänli- gini gördi. Atly golaýa gelende Gully ýetimdigi belli boldy. Gully ýetim «Tarlan» atly bedewiň üstünde öňe seredip gelýärdi. Gully ýetimiň öçki aty «Laçyn» garrylyk ýaşyna ýetenden soň Buzlypolat serdar ony Gully ýetimden alyp, höwür aty edinipdi. Gully ýetime ýany iki ýaşyna giden «Tarlan» atly gunançany beripdi. Gully ýetim «Tarlany-da» «Laçyny» idedişi ýaly, janypkeşlik bilen idetdi. Özi aç bolsa-da, «Tarlany» aç etmedi. «Tarlan» ýyndam hem häsiýetli bedew bolup ýetişdi. Iň ähmiýet- li ýeri-de «Tarlan» Gullyny gowy gerýärdi. Bu ajaýyp bedewi görenden Hanjan egriniň gözi ýitelip başlady. «Gully ýetimi atdan agdaragada, bedewini eýeläp bolaýsa, ol az olja-ha däl!» Bu şeýtanly pikir Hanjan egriň paýhassyz beýnisini birden dumanlatdy. Ol ýanynda ýatan hyrlyny aldy, onuň aýagyny ýere dikdi. Onsoň ýüzin ýatdy-da, Gullyny nyşana aldy. Hanjanyň ýüregi gaty ylgap gelen adamyňky ýaly gürsüldäp urýardy, sünni galpyldaýardy. Hanjan egri köp jeňleri başdan geçiripdi. Gabawa düşüp aljyran wagtlary-da bolupdy. Emma özünde şunuň ýaly beden sähneliginiň peýda bolanyny birinji gezek görýärdi. Ol Gully ýetimi ýene nyşana aldy. Şonda tüpeňiniň agzynyň sandyrap duranlygyny gördi. Bu bolşuna onuň özi-de haýran galdy. Ol tüpeňden elini aýyrdy-da, ýüzüni ýere berip ýatdy, parahat dem almaga synandy. Emma süňňüniň galpyldysy aýrylmady. Hanjan egri az-kem nepesini dürsäp, kellesini galdyranda, Gully ýetim esli arany açypdy. Hanjan egri çalasynlyk bilen ýerinden turdy-da; – Gully! Gully ho-ow! Gully ýetim yzyna gaňrylyp seretdi. – Myhman! Senmidiň? – diýip, Gully atdan düşdi. – Bu nätdigiň boldy? Birden ýitirim bolaýdyň-la?! – Sen meniň ýitirim bolanyma begen, Gully! – Näme üçin beý diýdiň? – Meniň üçin aýybam bolsa, dogrymy aýdaýyn! Men seniň ýanyňa gowy niýet bilen gelemok. Erbet päl bilen gelenim üçinem Allatagala meni ýazgardy. Men pälimden tapdym. – Biz-ä düşünmedik, myhman! Ozal-a özüňi tanatmadyk bolduň. Gideňde-de hoşlaşman gitdiň. Indem beýdip otyrsyň. – Häzir düşünersiň – diýip, Hanjan egri söze başlady-da, Kyýas baý bilen edilen gürrüňleri we okdan soňky bolan wakalary birin-birie gürrüň edip berdi. Ol sözüniň soňunda şeýle diýdi: – Şu Wagtam seni tüpeňlejek bolup, ýoluňy saklap ýatyşym. Ýöne ajalyň ýetmän eken. Tüpeňläp bilmedim. – Kyýas baý entegem eteginden daşyny dökmändir-ow! – diýip, Gully ýetim ýere bakyp oturyşyna dillendi. – Ol meniň bilen bellisini etmän dyýajak adam däl! Ol ýene birnäçe gün garaşar. Meniň barmajagyma gözi ýetse, seni ýok etmek üçin täze pyrryldak tapar. Gully ýetim sesini çykarmady. – Hany, indi meni nätjek? – diýip, Hanjan egri sorady. – Şu ýerde öldürjekmi ýa-da oba äkitjekmi? – Seni näme üçin öldüreýin? Sende gan algym ýok. Hanjan egri gara çyny bilen oňa ýalbardy: – Gowusyny etjek bolsaň, meni öldür, Gully! Diri galsam, janyňa kast edäýermikäm öýdýän. Garaz, ikimizden birimiz ölmeli bolsak, meniň ölenim ýagşy! Gully ýetim atlandy. – Myhman bolaryn diýseň-ä, ýör, çatma gideli! – Ýok! Seniň çatmaňa baryp biljek däl. – Näme, menden gorkýaňmy? – Ýok. Özümden gorkýan! Özüme ynamym ýok. ■ «Eýran, Turan indi goluň astynda...» Tähranyň Gülüstan köşgüniň iň owadan hem haşamly otaglarynyň birinde bu gün uly şagalaň gurulýardy. Otagyň içine ýazylan päkize düşeklerde zerli parçalar hem ýüpek donlar geýinen başlary ýüpek çalmaly adamlar çök düşüp otyrdy. Hudadat beg girip-çykyp, otaga engam berýärdi, gelýän myhmanlary garşy alýardy, olaryň derejesine mynasyp orun görkezýärdi. Myhmanlaryň arasynda Hatif Ispihany şahyr hem bardy. Ol ujy gyrkylyp timarlanan ak sakgalyny sypalap oturyşyna, gabak astyndan Hudadat bege syn edýärdi we onuň Agamuhammet gajarynyň ynamyna girip biläýşine haýran galýardy. – Onuň alyhezretleri gelýär! – diýip, yglan etdiler. Adamlar gürre ördüler. Agamuhammet şa geldi, Ol gara sakgally, gür gaşlary bitişen, gara gözleri ýanyp duran gujurly adamdy. Onuň yzy bilen beýik mertebeli köşk ulamalary otaga girdi. Myhmanlar baş egip, patyşa tagzym etdiler, Agamuhammet gajary özi üçin goýlan tagta baryp oturdy, onuň sag gapdalynda aýratyn ýazylan düşekde weziri agzam oturdy. Şondan soň beýleki köşk emeldarlary-da mynasyp orunlara geçip oturdylar. Agamuhammet şa Eýranyň köp welaýatlaryny özüne boýun egdirip Tähranda tagtyny gurupdy. Indi ol uly ýörişlere taýynlanýardy. Zentleriň esasy daýanjy bolan Şiraz hem Kerman şäherleri zentleriň elindedi. Agamuhammet şa şol şäherlere garşy söweşe başlamazdan ozal, öz şöhratyny dabaralandyrmagy ýüregine düwdi. «Halkyň arasynda şan-şöhratyň näçe uly bolsa, ýeňiş hem şonça aňsatlyk bilen gola geler» diýip, Agamuhammet şa pikir edýärdi. «Öz şöhratyňy dabaralandyrmak üçinem birinji nobatda, şahyrlara daýanmaly». – Çagyrylan şahyrlar ýygnandymy? – diýip, Agamuhammet şa Hudadat bege ýüzlendi. – Gelmeli şahyrlar geldi, şahym. Ýalňyz bir adam ýok. Türkmen şahyry Magtymguly... – Ol näme üçin gelmedi? – Ol şahin şahy älemiň huzuryna çagyrylmaga mynasyp däl! Biz ony çagyrmak üçin çapar iberjek bolup durkak, elimize düşen bir şygyr bizi pälimizden gaýtmaga mejbur etdi. – Ol nähili şygyr? – Ol şygyrdaky näletli sözleri gulagyňyz bilen eşidäýseňiz, häziriň özünde Magtymgulyny dara çekmäge höküm edersiňiz, şahym. – Okaň! – diýip, Agamuhammet şa buýruk berdi. – Ol ýagşam bolsa, ýamanam bolsa hemme şahyrlar eşitsin! Hudadat beg aşakdaky bendi okady: Eýran, Turan indi goluň astynda, «Sürgün» indi bu döwrany, sen Fetdah!1 Külli türkmen oýnar çölüň üstünde, Dökme, bilgil, nähak gany, sen Fetdah! Agamuhammet şanyň ýüzi birden çytyldy. – Siz bu şygry nireden aldyňyz? – Ony bize Magtymguly şahyryň ildeşi, gökleň halkynyň hormatly adamsy, siziň alyhezretleriňize wepaly bolan Adna serdar getirip berdi, şahym! Agamuhammet şa lapykeçlik bilen ýüzüni sallady-da, pikire gitdi. Magtymgulynyň şeýle nälet etjegine ynanjagyny-ynanmajagyny bilmedi. Ol bir gezegem Magtymguly bilen ýüzbe-ýüz bolmandy, eden ýamanlygy-da ýokdy. Şoňa görä-de, Magtymgulynyň ony näletlemegi üçin esas ýokdy. Ikinji tarapdan, mundan bir topar ýyl ozal kakasy Muhammethasan hanyň Magtymguly şahyry zyndana saldyrany ýadyna düşdi. Belki-de, Magtymguly atasynyň aryny oglundan aljak bolýandyr? – Bu şygryň Magtymgulynyňkydygyny nireden bilýäň? – Muny şygryň ahyrky beýdinde şahyryň özi aýdypdyr: Pyragy dert aýdyp, derde ýanmaly. «Pyragy» diýilýän Magtymguly şahyryň tahallusydyr, şahym. Bu şygryň Magtymguly şahyryňkydygyny subut edýän deliller köpeldigiçe, Agamuhammet şanyň ýüzi gamaşýardy. Bu syry häliden bäri şadan gözüni aýyrman oturan weziri agzam hem aňlady. Weziri agzamyň göwnüne eger şu şygyr bara- da aýdylýan sözler ýalana çykaýsa, Agamuhammet şa begenäýjek ýaly göründi. – Geň zat! Türkmenleriň Hojaberdi han ýaly gerçekleri biziň şahin şahymyza ak ýürek bilen hyzmat edýäkä, Magtymguly şahyryň şahin şahy äleme beýle töhmet atyl biläýjegi bizi geň galdyrýar. Bu şygyr duşmanlar tarapyndan düzülip, Magtymguly şahyryň adyna ýöňkelen bolaýmasyn? – Şygryň Magtymguly şahyryňkydygyna başymy girew goýmaly bolsa-da, goýup biljek! – diýip, Hudadat beg jogap berdi. Magtymguly hakyndaky gürrüňiň erbet gerim alyp barýanlygyny aňan Ispihany şahyryň ýüregine howul düşdi. Ol Magtymgulyny gowy görýärdi. Köp ýyl mundan ozal Magtymguly bilen Ispihanda sataşypdy. Olaryň biri-birini sulhy alypdy, Şondan soň olar köp gezek hat alşypdy, düzen şygyrlaryny biri-birine iberipdi. Şu aralykda Agamuhammet şa: – Bu şygryň Magtymguly şahyryňkydygyna başga kim güwä geçip biljek? – diýip sorady. Oturanlar howsala bilen biri-biriniň ýüzüne seretdi. Häliden bäri nätjegini bilmän oturan Hatif Ispihany ýüregine daş baglady-da, ýerinden turdy. – Hökümli şahym ygtyýar etse, iki keleme sözüm bar. – Aýdyberiň! – Eliňizdäki şygyrdan siziň kemine guluňyzyňam habary bar, şahym. Ol hakykatdanam Magtymguly şahyryň şygry. Hudadat begiň ýüzi ýagtylyp gitdi. Agamuhammet gajarynyň gahary bokurdagyna geldi. – Eger şu şygyr Magtymguly şahyryňky bolsa, men onuň dilini ýeňsesinden çekdirerin! Aljyraňňylyga düşen Hatif Ispihany bir ädim öňe ätledi-de, Agamuhammet gajara tagzym etdi. – Ýazygymy öteweriň, şahym! Men sözümi soňlamok. Bu şygyr Magtymguly şahyryň şygry bolmaly! Biz ony köp ýyl mundan ozal okapdyk. Ol wagt siziň alyhezretleriňiz Şirazda girewilikde saklanýardy. Biziň akylymyzyň kesişine görä, bu şygyr kime-de bolsa, sizden ozalky şalaryň birine goşulan bolmaly. Hudadat begiň ýüzünde peýda bolan şatlyk birden ýom-ýok boldy. Agamuhammet şanyň ýüzi ýagtylan ýaly göründi. Ol az salym böwrüni diňläp durdy-da, Hudadat bege ýüzlendi: – Bu şygryň hut biziň üçin düzülendigini ykrar edýärmisiňiz? – Sadyk guluňyzyň ýazygyny bagyşlaň, şahym! Bu şygryň Magtymguly şahyryňkydygyny ykrar edip biljek. Ýöne onuň haçan düzülenligini kesgitlemändiris. – Magtymguly şahyryň siziň alyhezretleriňize nälet okamagyna esas ýok – diýip, Ispihany dowam etdi. – Sebäbi, onuň siziň alyhezretleriňizden gören ýamanlygy ýok. Şu günki üýşmeleňe Magtymguly şahyryň çagyrylmazlygy haýp bolupdyr. Onuň özi bolan bolsa, köp zat aýan bolardy. Agamuhammet şanyň ýüzi açyldy. Hökümdaryň ýüzüniň açylanyny görüp, weziri agzamyň hem ýüzi açyldy. – Ispihany şahyr hak aýdýar, şahym! – diýip, ol ýalynjaňlyk bilen ýylgyrdy. – Bu şygyr siziň alyhezretleriňiz üçin düzülen şygra meňzemeýär diýip, ýaňyja aýtdym ahyry. Heý siziň ýagty şöhläňizden nur alýan adamam size nälet okarmy? Bu aýdylýan sözlere Agamuhammet şa ýüregi bilen ynandymy-ynanmadymy, gep onda däl. Gep bu ýere üýşen şöhratly şahyrlaryň aňynda oňaýly yz galdyrmakda! Şoňa görä-de, Agamuhammet şa orta atylan gürrüňi öz peýdasyna çözmegi makul bildi. – Magtymguly şahyry çagyrmadyk bolsaňyz, galat edipsiňiz! – diýip, ol Hudadat bege gözüni alartdy. – Onuň bilen ýüzbe-ýüz oturyp gürleşmek hyýalym bardy. – Günämi ötüň, şahym! Men Magtymguly şahyry ýakyn wagtda siziň huzuryňyza geler ýaly ederin! – «Çöregi çörekçä bişirt» diýipdirler! Bu ýumşy Ispihany şahyr has gowrak bitirse gerek! Magtymguly şahyryň bu gowgaly şygrynyň haçan düzülenligini anyklajak bolup Hudadat begiň iş edinjegine şek ýokdy. Şoňa görä-de, Hatif Ispihanyňyň Magtymgulyny Hudadat begden öň görmegi gerekdi. Ol tabynlyk bilen şaha baş egdi. – Indi gezegi şahyrlara bereliň! – diýip, Agamuhammet şa myhmanlara ýüzlendi. Şahyrlar ýeke-ýekeden öňe çykyp, Agamuhammet şany taryp edip düzen kasydalaryny aýdyp berdiler. Şygyrlaryň hemmesiniň mazmuny meňzeşdi. Olar Agamuhammet şany edermenlikde Isgender Zülkarneýe, adyllykda Nowşirwana, sahylykda Hatam Taýa deňeýärdiler. Bu kasydalaryň haýsy birini diňleseň-de Agamuhammet şa edil Aý-Gün ýaly nurly, dag ýaly mäkäm, deňiz howasy ýaly päkize edilip taryplanýardy. Ýöne, näme üçindir, olaryň hiç biri-de Agamuhammet şanyň göwnünden turmady. ■ «Zulum işler jahanda...» Töreýitde meýdan işiniň gyzan wagty bir bölek atlynyň sypally meýdanyň içi bilen sürüp gelýänligi göründi. «Habardar bolaweriň ho-ow» diýen ses agyzdan-agza geçip, ähli meýdana ýaýrady. Daýhanlar hasyr-husur ýaraglandylar-da, Gully ýetimiň ýanyna jemlendiler. Aňyrdan gelýän atlylar toplumyny bozman, atlaryny ýorgasyna sürüp gelýärdi. Atlylar has ýakyn gelende, Adna serdaryň nökerleridigini tanadylar. Şeýle-de bolsa, adamlaryň ýüregindäki howsala sowulmady. Olar Adna serdaryň bu ýere bereket paýlamaga gelmeýänligini güman edýärdi. Adna serdar aňyrdan gelşine atdan böküp düşdi. Ol köpbilmişlik bilen ýylgyrdy-da, daýhanlara salam berdi. – Tüweleme! Siz-ä edil öwredilen ýaly ekeniňiz! Üýtgeşik gara görseňiz, derrew söweşe taýyn bolaýjak ekeniňiz! Çäjiňize bereket! – Ömrüňize bereket! – Siziň şu ýere üýşeniňiz kemem bolmady, adamlar! Siziň bilen derwaýys gürrüňim bar. Allatagala siziň çeken zähmetiňiziň öwezine bol hasyl eçilipdir. Enşalla bu hasyl siziň maňlaýyňyzdan dirär. Munuň üçin hudaýa şükür etmeli! ýöne hökümetem ýatdan çykarmaly däl! Adamlaryň kellesine taýak bilen urlana döndi. – Ýene-de salgyt tölemelimi? – Hökümetden nägile bolmaň, adamlar! Öz hökümetimize goldaw bermek biziň mukaddes borjumyz. Agamuhammet patyşa zentler bilen aldym-berdimli söweş edýär. Ona at gerek, ýarag gerek. – Biz-ä bilmedigaýt, täzeden bäri salgytdan gözümiz açylanok – diýip, Batman zeýrendi. – Öý başyna bir goýun bermeli diýip, goýun ýygnap ýöreniňizede-hä entek wagt geçenok. – Beý diýmäň, adamlar! Agamuhammet patyşa öz patyşamyz! Ony biz goldamasak, kim goldasyn? – Uruşsa gajarlar bilen zentler uruşýa. Bu iki arada biz näme üçin hupbat ýuwutmalymyşyk? – diýip, Batman käýindi. – Biziň üçin gajar bolanda näme, zent bolanda näme! – Iýjegimiz gamçy bolsa, gajarlaň gamçysyny iýemizde näme, zentleň gamçysyny iýemizde näme! – diýip, Baky alyp göterdi. – Men-ä gaty zor göräýmesem, ýekeje goşawujam däne bermen. – Zora galaýmasak bizem bermeris! – diýen sözler başga adamlaryňam agzyndan eşidildi. Bu gezek Adna serdar batlyrak gürledi: – Munyňyz bolanok, adamlar! Ýeriň giňinde uly gürlemek aňsat. Ýöne hökümet gazaba münäýse, haýsy biriň onuň öňünde durup biljek? Bir batman galla üçin ilimize gan çaýkadasyňyz gelýämi? – Çykgynsyz güne düşüpdiris-ow! – diýip, Esen golak zeýrendi. – Alanja gallamyzy gyzylbaşlara berseg-ä, çagamyz aç öljek. Bermesegem gyzylbaşlar ýurdumyzy tozdurjak. – Horlansagam az salym gaýrat edeliň! – diýip, Adna serdar töwella etdi. – Özüm-ä şu wagt ýüz batman dänämem bolsa, patyşadan gysganjak däl. Patyşa söweşde ýeňip, zentleri dyza çökersin bakaly, onsoň ol biziň gadyrymyzy biler. Salnan salgydy uzaklaşdyrman, meniň galama getiriň! Kimiň näçe galla bermelidiginiň hasabyny Garrybaý bilýändir. Adna serdar atlandy. – Häzir men oba gitjek. Patyşanyň permanyny obadakylara-da mälim etjek. Ýöne, siz ile garaşyp durmaň-da, bergiňizi üzmek bilen boluň! Adna serdar gitdi. – Beý, walla, göz dikip oturanja gallamyzam gyzylbaşlara beräýmeli bolarysmaýt? – diýip, Körpeje töweregindäkileriň ýüzüne seretdi. – Her sapar ekmesini biz ekýäs, azabyny biz çekýäs. Emma rehnedini il görmeli bolaýýa. – Geliň, şu gezek gyzylbaşlara zäheriň okuny bereliň! – diýip, Baky gygyrdy. – Gyrlyşmaly bolsak, gyrlyşalyň-da dynalyň! – Darykmaň, ýigitler! – diýip, häliden bäri dymyp duran Gully ýetim maslahat berdi. – Hany, entek Magtymguly şahyra-da bir geňeşeliň! Göreliň bakaly, ol näme diýýär? Adna serdar oba ýetip barýarka, bir aýalyň elem-tas bolup, aglap gelýänligini gördi. – Şol aýalyň bolup gelşi geňsilik däl! Habaryny alalyň! Has ýakyna baranlarynda, onuň Esen golagyň aýaly Bagtygül ejedigini tanadylar. Onuň ýüzi-gözi persalady. – Bir topar atly... – diýip, Bagtygül eje sojap habar berdi. – Meniň Akjagül janymy... atyň öňüne basyp... – O nähili atly? – Bilemok. Gepleşler-ä ýomut ýaly. Gyzym ikimiz suw alyp gelýäkäk öňümizden çykyp suw dilediler. Bizem näbileli, suwsuz bendelermikä öýdüp, suw beräýeli diýdik. Ol päli azanlaň niýeti başga bolsa nätjek! Gyzymy atyň öňüne basdylar-da, gidiberdiler. – Nireligine gitdiler? – Şeýläk gitdiler! – diýip, Bagtygül eje günbatar tarapa elini salgady. – Bu wagt obada idili adamam ýok. Döwekçilere habar edeýin diýip barşym. Hernä özüň duşaýdyň, serdar aga! Gaýrat et-de, ol ýer çekmişleň yzyndan ýeteweri! Bagtygül eje ýüzüni ýere berip aglaýardy. Öz hanlyk edýän iliniň aýal maşgalasyna keseden el gatylmagy serdaryň namysyna degdi. Şol wagtyň özünde-de, onuň ýüreginiň jümmüşinde peýda bolan bir duýgy serdaryň kalbynda düşnüksiz şatlyk uçgunyny döreden ýaly boldy. – Olar näçe atlydy? – Dört atlydy. Siz ýigrimi atly dagy bar ahyry. Tizräk ýetiň yzlaryndan! Adna serdar atyna gamçy çaldy. * * * Kyýas baý Hanjan egrini Gully ýetimiň kastyna iberenden soň, «hoş habara garaşdy. Ýöne Hanjan egriniň şol gidişi-gidişi boldy. Onuň ne özi geldi, ne-de habary! Kyýas baý iňkise gidip başlady. Kimdir biri gökleň iline gidip gelipdir diýip eşidäýse, Kyýas baý bir bahana bilen onuň ýanyna barýardy we ony-muny soran bolup, Hanjan egri hakynda bir zat aňjak bolýardy. Ýöne Hanjan egrini gördüm-bildim bolmady. Kyýas baýyň gökleňlerden ar almak hyjuwy barha möwç alýardy. Aram-aram ol gaharyna bäs gelip bilmän, öz etini özi çeýnäberesi gelýärdi. Kyýas baý däli-porhan bolup ýören wagty Hanjan egri dolanyp geldi. Ol hordy. Sakgaly-murty bulaşyp gidipdir. Egnindäki biz köýnegi gara kirdi. Ol hyrlysyny, gylyjyny, peýkamyny Kyýas baýyň öňüne oklady. Onsoň sesini çykarman, baýyň önünde çök düşüp oturyberdi. Kyýas baý esli salym oňa seredip oturdy-da: – Bar aýtjak zadyň şumy? – diýip sorady. – Aýdara zadym bolmasa nädeýin? – Sen gideňde näme üçin gidipdiň? Şeýdip ýüzüňi sallap gelmek üçin gidipmidiň? – Iş oňmady, baý ýaga! Hanjan egri gerkez ilinde bolan zatlary birin-birin gürrüň berdi. Kyýas baý onuň gürrüňini sabyrlylyk bilen diňledi. – Ýeri, indi men seni nätmeli? Asyp öldüreýinmi, çapyp öldüreýinmi? – Ol näme üçin? – diýip, Hanjan egri baýyň ýüzüne seretdi. – Her neneň ýüwrük tazylaram awa salnanda her gezek aw alyp duranok ahyry. Awçy tazy bir gezek aw alyp bilmedi diýip, ony öldüräýmek bolarmy? Tazyny öldürseň, awdan galarsyň, öldürmeseň bir ýerde nepi deger! Kyýas baý näme jogap berjegini bilmedi. Şol aralykda Kyýas baýyň uly ogly Hojaberdi bilen Çorly batyr öýe girdiler. Çorly batyr bir gezek Kyýas baýa, bir gezek Hanjan egrä seretdi. – Bolup oturyşyňyz nähili? – Şu haramzadany asyp öldürjegimi ýa-da çapyp öldürjegimi bilemok! – Baý aga, seniň bir zada-ha gaharyň gelipdir – diýip, Çorly batyr sorady. – Başyňa näme iş düşen bolsa aýdaý! Kyýas baý uludan dem aldy. Onsoň öz kalbyna gelişmeýän mylaýymlyk bilen söze başlady: – Hojaber-dä meniň oglum. Senem oglum ýaly görýän. Ony özüňem bilýänsiň. Ol sebäpdenem, men hudaýdan gizlemedigimi sizden gizlejek däl. Bir topar ýyl mundan ozal Kowus agamyzyň gyzyňy bir gökleňiň süýräp alyp gideni ýadyňdadyr. Şondan bäri men namys astynda galyp, ýanyp-bişip ýörün. «Näme-de bolsa, bolan işe çydam edeýin» diýip, öz-özüme göwünlik beribem gördüm. Wagt geçse, hemme zat ýatdan çykyp gider öýtdüm. Ol beýle däl eken! – Seniň maksadyň näme, baý aga? – Gökleňlerden öç alasym gelýä. Onam nädip aljagymy bilemok. Bir göwnüm-ä baragada, gyzymyzy alyp giden haramzadaň kellejigini togalap gaýdyber diýýä. – Aý, munyň-a makul maslahat däl, baý aga! Ol gökleňi öldüreniň bilen aryň ýerine düşdügi bolmyýa. Gaýtam «Kyýas baý oslagsyz oturan bir bendäni namartlyk bilen öldüripdir» diýip gürrüň ederler. Ýaman ada galarsyň! Kowus agaň gyzyňy alyp gaýdanyň bilenem aryň ýerine düşmiýä. «Gaýmagy alnan aýrany öýüne getiripdir» diýerler. – Onda nätmeli? – Senem gökleňleň bir gyzyňy süýräp gaýdybermeli. Şeýdäýseň hem aryň ýerine düşer, hemem ýaşajyk gelinli bolarsyň. – Jaý maslahat – diýip, Hojaberdi makullady. – Akylly maslahat – diýip, Hanjan egri dillendi. – Adam öldürmek günä! Gyz alyp gaçmak beýle günä-de däl. Bu maslahat Kyýas baýyň öz göwnüne-de kem ýaramady. – Gully ýetim diýilýän bir ýerden ýeke çykan! Ol deýýusda süýrär ýaly aýal doganam-a ýokdur. – Ýa, senem-ä! Saňa kimiň gyzy bolanda näme?! Bir gökleň gyzy getirilse bolýa-da. Kyýas baý Hanjan egriň ýüzüne seretdi. – Şü ýumşy bir bitirip biljekmi? – Meni ýene bir gezek awa salyp görjeg-ow! – diýip, Hanjan egri söz oklady. – Ýöne maňa bir ýyndam at ber! Üç-dört sanagam nöker ber! – Bolýar! – diýip, baý ylalaşdy. – Saňa at bereýin, üç sany nökerem bereýin. Ertiriň özünde ýola düş! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |