22:07 Magtymguly -16/ romanyñ dowamy | |
■ «Aman günler az hem bolsa ötmez hiç...»
Taryhy proza
Şyhym baýyň garyndaşlary baýyň ölerine mähetdel onuň zadyny dargatjak bolup ölüp-öçüp barmaklary Meňlini geň galdyrdy. Şyhym baý ölen agşamsy onuň bir küýze kümüş puly ýitirim boldy. Ol puly şol aralykda arwah ýa-da jyn göterip äkitmänligi belli. Baýyň üçi, ýedisi güni geçirilende-de, onuň garyndaşsumaklary baýyň belli gününi geçirmek bahanasy bilen çöldäki sürülerden onlap-ýigrimiläp goýun alyp gaýdypdyrlar. Ol goýunlarynam nirä äkidilip, näme edilenini Alla bilsin! Şyhym baýyň kyrky geçip-geçmänkä, garyndaşsumaklaryndan Halmämmet diýen biri gelin edinmek bahanasy bilen Meňliden elli tümen pul diledi. Meňliniň ol tümenleri Halmämmetden gaýdyp alyp bilmejegine gözi ýetse-de, pul berjek däl diýmäge bogny ysmady. Aradan köp wagt geçmänkä, garyndaşsumaklardan Muhammetnyýaz Meňlilere sözaýdyjy geldi. Ol Meňliniň uly gyzy Bibihajary öz ogly Rahman üçin gelinlik diledi. – Biziň-ä gyz çykarmak hyýalymyz ýok – diýip, Meňli jogap berdi. – Gyzymyz entek on bäşem ýaşanok. – Gyzyň on bäş ýaşan bolsa, diýen wagty-da! Gyz maşgalanyň ýaşy ötüberse-de gowy bolmaz. Eňňur, zerdaly ýaly miwelerem bişen badyna ýygnaýmasaň, guş diýer, ary diýer hyrydary köpeliberer. – Gyzyň kakasy ýaňy öldi – diýip, Meňli jogap berdi. – Aradan ýyl geçsin, aşy-suwy sowulsyn. – Gyz çykarmak üçin kakasynyň aşyny sowjak bolup ýörmek hökmanam däl! Kyrkyny sowduňyz bolýa-da. Şyhym agamyzy her näçe gowy görsegem, onuň gaýdyp gelmejegi belli. – Men beýdip çagalarymy kemsidip bilmen. Atalarynyň aşyny bermän, toý hakda gürrüňem etmen! Biz ýere ýylan gömemzok. Meňliniň soňky jogaby iňňän kesgitli bolany üçin, Muhammetnyýazyň howalasy basyldy. – Bolýar, seniň diýeniň bolsun! Agamyzyň aşyny bereli diýseň, oňa sabrymyz bar. Ondan aňryk welin uzaklaşdyrar öýtmegin! – Soňky geňeşi soň görübereris. Nesibäňizde bolsa-ha gelin edinersiňiz, ýogsa-da nesibäňizi başga ýerden gözlärsiňiz-dä. – Başga ýerden gözlärsiňiz diýen bolup, sen gaty bir eýemsiränem bolma! Gyzyň enesi senem bolsaň, onuň hossary bizdiris. Üýtgeşik hyýala müneniňi eşidäýsek, hezil bermeris. Muhammetnyýaz çykyp gitdi. Meňli elip kamatyny ýaý eden gussalar bilen ikiçäk galdy. Meňli gelin bolup Şyhym baýlaryň bosagasyndan ätläli bäri onuň ýekeje salym hem göwnüniň hoş wagty bolmandy. Ol ne geýmäge höwes etdi, ne-de bezenmäge! Ol Şyhym baýyň şeýle agyr döwletiniň içinde özüni mysapyr hem ýalňyz hasap edýärdi. Meňli gyzyň ýaraly ýüregine teselli berýän ýalňyz bir güýmenje bardy, o-da Magtymguly hakyndaky ýatlamalar. Meňli aňrujy ýagdaýyny tapsa, çola içerde ýeke galyp, Magtymguly hakyndaky ýatlamalaryň düýpsüz ummanyna gark bolup oturmagy gowy görýärdi. Her gün agşam ýatanda Magtymguly hakyndaky arzuwlar bilen ýatyp, ertesi ýene şol arzuwlar bilen turýardy. Muhammetnyýaz gidenden soň Meňli ýene Magtymguly hakyndaky ýatlamalaryň deňzinde ýüzüp başlady. Ol adam ömrüniň bahary bolan ýaşlyk ýyllarynda Magtymgula guwanyp gezen çaglaryny, çeşmäniň başynda Magtymgulynyň kökenli ýüzük berşini ýatlady. – Alla jan! – diýip, Meňli ýuwaşja pyşyrdady. – Meni Magtymgulydan aýran günüň şirin janymdanam jyda etseň bolmyýamy! Meňli sessizje aglap otyrka kiçi gyzy Bibimerýem geldi. Ony görüp, Meňli gyňajynyň ujy bilen gözüni süpürdi. – Eje, ýaňy mamamlardan gelýäkäm Magtymguly agany gördüm. Bu oslagsyz habara Meňliniň ýüregi jigläp gitdi. – Şahyr saňa bir zat diýdimi? – Magtymguly agalarda seniň kökenli ýüzügiň barmyş. Eli degse, gelip alyp gitsin diýdi. Bu jadyly habar Meňlä ýakymly täsir etdi. Magtymgulynyň şol mukaddes ýüzügi şunça ýyllap aýap saklanlygyny eşidende, ýüregi ersip gitdi. – Eje, sen Magtymgula kökenli ýüzük buýrupmydyň? Bibimeremiň bu soragy jogapsyz galdy. – Eje, sen ol ýüzügi maňa berermiň ýa-da Bibihajara berermiň? – diýip, ol ýygralyk bilen sorady. – Men siziň ikiňiz üçinem şoň ýaly ýüzük ýasadaryn. Öz alnyňyza ýasalan zat düşümli bolar. – Haçan ýasadarsyň? – Bu gün-erte ussaňka giderin, gyzym. Birden Meňliniň uly gyzy Bibihajar içerik girdi. Onuň al ýaňaklary gyzaryp, gara gözleri howsala bilen tegelenip durdy. Ony görüp Meňliniň ýüregine dowul düşdi. Muhammetnyýaz bilen edilen gürrüňi eşidäýdimikä diýen pikir kellesine geldi. – Eje, howlymyzyň agzyna bir diwana geldi – diýip, Bibihajar habar berdi. – Sanawajyny sanap dur. Bir zat beräýmeseň-ä... Meňli keçäniň aşagyndan dinar aldy-da, Bibihajara uzatdy. – Me, şuny beräý! Belki, biziň üçin ýagşy dileg eder. – Özüň beräýsene! Men-ä şoň ýanyna barmaga-da gorkýan. – O näme üçin? – diýip, Meňli geň galdy. – Gorkýan. Gözleri däliň gözi ýaly, içiňden geçip barýa. Özüniňem saçy haýsy, sakgaly haýsy – biler ýaly däl. Menli puly gysymyna gysdy-da, daşaryk çykdy. Howlynyň daş gapysynda eşikleri sallam-sajak bolup duran, ösgün çal saçy uzyn sakgaly bilen utgaşyp giden, daýanykly bir goja ullakan taýagyna söýenip, sanawaç sanap durdy: Kowmy, kowmy, äý, kowmy jan, Tamynyň haýbatyndan bagrymyz gan, Muhammet Mustafa ogly gurban, Arud uýgul Muhammet Mustafaga! Meňli elindäki puly diwana uzatdy. – Taňryýalkasyn, gyzym! Bizi sylany Alla sylasyn! Ýagşy dilegiňiz kabul bolsun! Ýaman niýetiňiz ýatdan çykyp gitsin! – diýip, diwana agzynyň ýetişdiginden sarnamaga durdy. – Bize pul diýilýän zadyň derkarlygy ýok. Biziň pul töläp, bakgaldan haryt almak maksadymyz ýok ýa-da söwda edip, birimizi iki etmek niýetimiz ýok. Bize, ýöne şu gün agşam iýip ýatar ýaly bir döwüm nan berseňiz bolar. Meňli öýüne dolanyp geldi. Saçakdan bir döwüm çörek aldy, küýzeden bir tokga ýag aldy-da, çöregiň üstüne goýdy. Onsoň ony diwana eltip berdi. – Sahawatly gelin! – diýip, diwana Meňlä ýüzlendi. – Gökleňlerde Çerkez diýen adam bolmaly. Şony tanaýaňyzmy? – Biziň obamyzda Çerkez atly üç dagy bar – diýip, Meňli jogap berdi. – Size olaryň haýsy gerekkä? – Onuň lakamynam-a aýdypdylar – diýip, diwana pikire gitdi. Onsoň birden başyny galdyrdy-da: – Hudaýa şükür, garram bolsam entek huşum ýitmändir – diýdi. – Oňa Çerkez onbegi diýilýämiş. – Çerkez onbegi diýilýän gaýraky hataryň günbatar çetindedir. Şo ýere baryp sorasaňyz, öýüni görkezerler. ■ «Dünýäni pikir eýleseň...» Ýassy namazy ýaňy geçipdi. Magtymguly çola içerde pelteli çyranyň ölügsije yşygyna kitap okap otyrdy. Töwerekde aýak ýygnanypdy. Agşamyň salkyn howasyndan lezzet alyp, bukuldym oýnaýan çagalaryň şadyýan gykylyklary kesilipdi. Aram-aram ýaltalyk bilen üýrýän itleriň sesi eşidilýärdi. Birden ýaş ýigdekçe salam berip içerik girdi. Magtymguly onuň Çerkez onbeginiň ogly Batyrdygyny tanady. – Sizi kakam çagyrýa. Eli degse, bir gelip gitsin diýdi. – Bu wagt çakylyk wagtyndan biwagtrak dälmidir? – Gürrüň radasyna görä kakam biwagtrak baranyňyzy kem görmeýän ýaly. Çerkez onbegiňi gökleň ilinde tanamaýany ýok diýen ýalydy. Ol baý däldi, emma iýjek çöregini tapýardy. Üstesine-de, myhmansöýerdi. Oba gelip-geçýän ýolagçylaryň aglabasy Çerkez onbegilerde düşüp geçerdi. Ol söwda-satyg işleri bilenem gyzyklanýan adam bolansoň, düşüp geçýän ýolagçylaryn oňa azda-kände nepi degmänem duranokdy. Ýat illerden gelin ýetýän habarlaram ilden öňürti Çerkez onbegilere gelýärdi. Şoňa görä-de, bu gezekki çakylyk Magtymgulyny düşnüksiz iňkise goýdy. Magtymguly baranda, öýde Çerkez onbegi bilen Çowdur gürleşip otyrdy. – Şu gün biwagtrak çakylyk edip, sizi azara goýaýdym welin, aýyplaşmaweriň! – diýip, Çerkez onbegi söze başlady. – Geňeş diýilýänem hil-hil bolýa. Käbir geňeşi biwagtrak etmelem bolaýýa. Çerkez onbegi goltugyndan bir düýrlengi kagyz çykardy. – Il gezip ýören bir diwana maňa gymmatly salamnama getirdi. Ol salamnamany bize owgan patyşasy Ahmet Dürrany1 gönderipdir. Alla onuň döwletini mundanam zyýat etsin! Çerkez onbegi elindäki hata edil Ahmet şanyň özüne seredýän ýaly hormat bilen seretdi. – Men beýik mertebeli patyşadan gelen arzyly haty okadyp diňledim. Bu haty getiren diwana sowatly adam eken. Çerkez onbegi elindäki haty hormat bilen maňlaýyna syldy-da, Magtymgula uzatdy. Magtymguly kagyzyň düýrümini ýazyp, onuň setirlerine göz gezdirdi. – Hawa, bu Ahmet şanyň haty. Ýöne ol türki dilde ýazylmandyr. Ony okap beräýemde siz düşünermikäňiz? – Siz onuň manysyny aýdyp beräýiň! Magtymguly haty okady, onsoň şu aşakdakylary beýan etdi: – Beýik mertebeli Ahmet şa gökleň aksakgallarynyň bir toparyna dogaýy salam ýollapdyr. Olaryň arasynda: Muhammetweli hanyň, Amanlyk hanyň, Hoja Hasan onbeginiň, Adnagylyç hanyň, Gündogdy hanyň, Döwletaly hanyň, Adnamuhammet hanyň, Şirmuhammet hanyň, Öwezgeldi hanyň, Orusaly hanyň, Döwletmuhammet hanyň, Adnageldi onbegiňiň atlary bar. Siziňem adyňyz bar, Çerkez aga. – Onuň alyhezretleri bizi öz nazaryndan salmany üçin, Alla onuň döwletini zyýat etsin! – diýip, Çerkez onbegi alkyş etdi. – Beýik mertebeli Ahmet şa bu hatynda bir topar ýyl mundan ozal Sebzewarda hem Maşatda2 şaýylara garşy gurlan söweşde gökleň batyrlarynyň görkezen gahrymançylygyny ýatlaýar, olara alyş aýdýar. Hatda Ahmet şanyň şaýylara garşy söweşini bes etmekçi däldigi ýazylypdyr. Din yslamyň mukaddes ýoluna gara çyrşaýan şaýylaryň teýimine teýim kakylmandyr. Eýranyň, Turanyň, Horasanyň, Mawerannahryň halklary sünni mezhebini ýöretmelidir diýip, Ahmet şa ýazýar. Ol gökleň batyrlarynyň hem bu mukaddes söweşde çetde durmazlygyny, uly güýç toplap, Ahmet şaha kömege barmaklaryny maslahat berýär. Mundan sonam biz aragatnaşygy has ýygjamlap, birek-birek bilen arkalaşyk edip duralyň diýip ýazýar. Hatyň ahyrynda gökleň batyrlaryny huzuryna çagyrypdyr. Oturanlar biri-birleriniň ýüzlerine seredişdiler. – Güýçlüräk arka tapynalyň diýip käkeleýärdiňiz welin, bir emmasy bar eken-ow! – diýip, Magtymguly Çerkez onbegä ýüzlendi. – Siziň Ahmet şany arka tutunmak meýliňiz bar eken! – Näme, bu maslahata siziň pisindiňiz oturanokmy? – Giden bir halkyň ykbaly hakda gürrüň edilende, bada-bat jogap bermek aňsat däl. Häzirki pursatda gökleňleriň özi kömege mätäç! Ahmet şa. gaýtam bizi kömege çagyrýa. – Şaýy-sünni bolup dawa gurulsa, ol dawa bizem şärik bolmaly bolarys-da! – diýip, Çerkez onbegi jogap berdi. – Bizem sünni ahyry. Bu söweşde sünnüler ökde çykyp, şaýylar dyza çökeriläýse, biziň üçinem bähbitli bolmazmy näme? – Şaýylar ýeňiläýse Ahmet şa Sebzewary, Maşady alar! Belki-de, ähli Horasany özüne tabyn eder. Ol öz häkimligini giňelder. Ýöne, bu ýerde türkmenlere näme bähbit boljagyny akylymyz kesenok. Häzir bize şaýy-sünni dawasyny etmek derwaýys däl. Bize gyzylbaşlaryň zulumyndan dynmagyň alajyny etmek gerek. – Ahmet şanyň salamnamasy sizi begendirmändir-ow, şahyr! – Külli owgan halkyny bir döwlete birikdirip, ony eýran ýurtbasarlarynyň baknalygyndan halas etmegi başaran adamda sapak alarlyk akyl hem paýhas barlygy belli zat! Onuň bilen ýüzbe-ýüz bolup gürleşmek gerek! Matlabynyň nämedigini bilmek gerek! – Rast aýtdyňyz – diýip, Çowdur makullady. – Ahmet şa bilen gürleşmek gerek. Maksadynyň nämedigem şonda belli bolar. – Bu ýerde ýene bir wajyp mesele bar – diýip, Magtymguly dowam etdi. – Ahmet şa bilen iş salyşjak bolsaň, ähli halkyň adyndan gürleşmeli bolar. Ol sebäpdenem, türkmen kabyllalarynyň beýleki aksakgallaryna-da geňeşmek lazym! Iň bolmanda, salamnamada ady tutulan adamlara sala salmak gerek. – Sözüňiz hak, şahyr! Bu barada ýene birentek geňeşjek adamlarym bar. Ýöne, ile geňeşmezden ozal siziň pikiriňizi bileýin diýdim. Ýaňky aýdanyňyz meniň-ä göwnüme ýarady. Ahmet şanyňka ýörite ilçi ibermek gerek. Şol ilçä Çowdur hany baş edip iberäýsek gowy bolardy. Batyr içerik girdi. – Nahar-a taýyn. – Taýyn bolsa getiriberiň! Telärdäki diwananam oýar. O-da garbak-gurbak edinsin! Batyr mis kündük getirip, myhmanlaň elini ýuwdurdy. Orta saçak ýazdy. Şol aralykda Çerkez onbegä salamnama getirip beren diwana-da gapydan geldi. – Menden ýaşy ululara-ha salawmaleýkim! Ýaşy kiçilerem amanmysyňyz? – diýip, ol wäşilik etdi. Eşikleri sal-sal bolup duran bu daýanykly ýaşulynyň ýüzi Magtymgula tanyş göründi. – Hormatly diwana Şerip mundan birnäçe ýyl ozal-a iňňän tangyr adamdy – diýip, Magtymguly gep oklady. – Indi oňa-da garrylyk eser edäýdimikä? – Hudaýa şükür! – diýip, diwana az salym çiňňerilip oturandan soň jogap berdi. – Garrylyk meniň güýjümi alsa-da, huşumy almandyr. Sizi tanadym, şahyr. Ikimiz bir topar ýyl mundan ozal Buharada sataşypdyk. – Kysmat adam bilen her hili oýun edip biljek eken-ow! Mukaddes Buhara sygmaýan bir adam bilen Türkmensährada sataşarys öýdüp oý edemzokdyk. – Geň zat ýok, şahyr! Bu dünýäde gowulykdan başga hemme zada garaşaýmalydyr diýip, Buharadakak size aýtdym ahyry. – Siziň «mukaddes Buharany terk edip gitsem gerek» diýip aýdanyňyzam ýadymda. Şonda biz: «Hormatly diwana indi haýsy ülkä gadam basarka?» diýip pikir edipdik. Çakyny aňýas welin, ol Owgan topragyny amatly gören bolara çemeli. – Ýok! Siziň bilen sataşanymyzdan soň men basym Buharadan gitdim. Lebap boýuny syryp, Diwanabaga1 geldim. Ondanam Mara geldim. Horasan galalaryny syryp, Maşada geldim, Gyzylymama zyýarat etdim. Onsoň gala-gala syryp, bäri baka gaýtdym. – Onda Ahmet şany nirede gördüňiz? Bu salamnama nädip goluňyza düşdi? – Men Ahmet şany göremok. Ol şu wagt gapydan giräýse-de, tanajak däl. Men Eýran obalarynyň birinden çykyp gelýärkäm, takdyr meni çöl meýdanda agyr ýaraly ýatan bendäniň üstünden eltdi. Men ol biçärä hossarlyk etmeli boldum. Oňa suw-söl berip, öz bildigimden ýarasyna melhem edip, aýak üstüne galdyrjak boldum. Ýöne eden tagallalarymyň nepi degmedi. Ol biçäräň ýarasy agyr eken. Nahar getirildi. Adamlar dograma çorbanyň daşyna egrildiler. Diwana Şeribiň ýaşy hemme kişiňkiden uly bolany üçin, nahara ilki ýapyşdy. Ýöne ol nahardan iki gezejik agzyna saldy-da, gaýra çekildi. – Iýmedisiz-le. Çorbadan berhizlimidiňiz? – Ýok, berhizli zadym ýok. Men nahary ölçegli iýýän. Bu günki nesibämi iýdim. Ertirki nesibämizem, ertir hudaýdan diläris. – Ýoldaky ýaraly bende nätdi? – diýip, Çowdur sorady. – Ol bende Alla amanadyny tabşyrdy. Kimdiginem öljek bolanda mälim etdi. Adyna Jemşit şatyr diýýäler. Beýik mertebeli Ahmet Dürrany eliňizdäki salamnamany şu ýere getirip gowşurmak üçin, Jemşit şatyry ugradypdyr. Ol Horasan galalarynyň köpüsiniň duşundan geçip, Goçan sebitine gelende garakçylara sataşypdyr. Garakçylar onuň atyny alypdyr. Özünem öldürdim edip gidipdirler. Ýöne, goltugyndaky hata degmändirler. Jemşit öljek bolanda şu haty maňa berdi. Meniň owgan şasy Ahmet Dürrany hakynda-da, eliňizdäki salamnama hakynda-da başga bilýän zadym ýok. – Hormatly diwana Şeribiň indi näme hyýaly barka? Yzyna dolanmakçymyka ýa-da... – Yza dolanmarys. Ýüzümizi Mekgä tarap tutar-da, gider bararys. Alla ajala sabyr berip, Mekgä ýetiräýse, Käbä zyýarat ederis. Ýogsa-da kazamyz dolan ýerinde garyp mazar bolup galybereris. – Hormatly damylla ahyry terkidünýälige ýüz urupdyr-ow! – Bu dünýä inen her bir akylly adamyň boljagy şodur! Men size bir zady tymsal getireýin: siz adamlaryň gylyk-häsiýetine, edähedine syn etseňiz, olaryň arasyndan her hili haýwana çalym edýän häsiýetleri gaparsyňyz. Hemme ýere hökmüni ýöredýän şirleri-de, gözi talaňçylykda, ogurlykda bolan börileri-de, mekirlik bilen gün görýän tilkileri-de, ömrüni gara zähmetiň agyr ýüküniň astynda geçirýän düýeleri-de, ýüke werziş eşekleri-de – gepiň gysgasy, islän haýwanyňyzy görersiňiz. Emma hakyky adam gylygyny güjeňleýän häsiýetleri görmersiňiz. Hakyky adamlar bu pany jahana sygmaýar. Dünýäde edilýän pyssy-pujyrlyklara göz ýetirip bilýän adamlar dünýä bilen aýakdaş gidip bilmez. Olar ýa-ha keçpelegiň edenine kaýyl bolman, dünýäniň gurluşyna garşy baş göterer, ýa-da dünýäniň eşretinden mahrum bolup, terkidünýelige ýüz urar. Sizem şeýle bolarsyňyz. – Ýok. Biz terkidünýälige ýüz urmarys. Terkidünýälige ýüz urmak – ölmänkäň gabra girmekdir. – Siz eýýäm terkidünýälige ýüz urup başlapsyňyz. Buharadakaňyz size synym oturypdy. Allatagala akyl hem zehin üleşiginde siziň paýyňyzy sahylyk bilen eçilipdir. Siz Buhara, Hywa, Mary ýaly uly şäherlerde özünize mynasyp mertebe tanyp, uly dereje eýesi bolmaly adam! Siz jahan syrlaryny öwrenmäge meýil edýän zehinli ýigitlere tälim bermek hormatyna mynasyp! Siz ol şäherleri kapas görüp, giň sähra ýüz öwrüpsiňiz. – Ony rast aýtdyňyz. Biz ol mahabatly şäherlerde ýaşanymyzdan giň sähramyza gelenimizi makul gördük. Ýöne ol terkidünýäligiň hökmi bilen edilen zat däl. Her kimiň öz ýurdy özüne jennetdir! Biz bu ýere öz dogma ýurdumyza bolan yhlasymyz getirdi. – Siz bu obada näme iş bitireris öýdýäňiz? – Öz bilýänlerimizi obadaşlarymyza öwrederis. Olaryň kalbynda ylyma-bilime yhlas döretjek bolup dalaş ederis. – Ylyma-bilime höwes, edýän adam tapsaňyz öwredersiňiz-dä! Garyp biçäreleriň-ä mätäçlik zerarly ylyma-bilime elleri degenok. Bar küýüni gara nebsiniň ugruna goýberen baýlar bolsa, ýüz batman bilimden bir teňňäni gowy gerýärler. Siz ile bilim öwredip, akyl berip, adamlara hyzmat etjek bolmaň-da, hudaýa hyzmat ediň! Barybir, adamlara hudaýyň özi hemaýat etmese, bendesi hemaýat edip bilmez. – Elbetde, herki bende hudaýa hyzmat etmeli! Ýöne, aňrujy elden gelse, bu dünýäde adamlara hyzmat etmeli! Nahar iýildi. Töwir galdyryldy. – Men il arasynda aýlanyp ýörkäm siziň adyňyzy köp eşitdim – diýip, diwana Şerip ümsümligi bozdy. – Nirä barsam siziň şygyrlaryňyzyň gürrüňini edýärler. Eger ygtyýar etseňiz, şygyr diwanyňyzy bizem bir okap göräýsek. Sizde, belki, diwanalara ýarajak şygyrlaram bardyr? – Gözüm üstüne! – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Häzir bileje öýe baka gidibereris. ■ «Bendäge eýleme kasty...» Gyzaryp dogan gün entek ýerden saýlanmandy. Ir turmaga endik eden oba adamlary bireýýäm örüpdi. Mätäçligiň hökümi olaryň her hasyny bir tarapa kowup goýberipdi. Çowdur hem il bilen barabar ir oýandy. Atyny suwa ýakyp iým berdi. Onsoň döwüm-dişlem garbanmak üçin öýe girdi. Şol wagt iki sany atly gapa geldi. Olardan biri ak ýüzli, agajetli ýigit bolup, ol Çalyş batyryn ogly Bakydy, ikinjisi orta boýly, bugdaý reňk, eginlek ýigit bolup, ol Küti pälwanyň ogly Batmandy. Ýigitler atlaryny gapydaky gazyklara bagladylar-da, öýe girdiler. – Töre geçiň! – diýip, Çowdur mürähet etdi. – Geçip oturarmykak? – diýip, Baky jogap berdi. – Biz-ä gijä galandyrys öýdüp howlugyp gelýädik. Ýa-da bizi awa äkitmäge wada bereniňizi unudaýdyňyzmy? – Aý, ýok, ýadymdan-a çykaramok – diýip, Çowdur ýylgyrdy. – Ýöne beýle ir gelersiňiz öýtmändim. – Awa gidilende, irden gitmelidir diýip, özüň-iz aýdýadyňyz ahyry – diýip, Batman mönlük bilen jogap berdi. Çowdur hezil edin güldi. – Çowdur hanyň gepine düşünmediň! – diýip, Baky pyşyrdady. – Ol bize «giç geldiňiz» diýdigi. – Sizi awa äkiderin – diýip, Çowdur ýigitleriň ýüzüne seretmän gürledi. – Ýöne bir şertim bar: entek keýik owlaklary ýaş! Ene ýaşyna ýetenok. Aw awlamyzda owlaklara-da, olaryň enesine-de ok atmaly däl. Diňe goç bilen tekäni awlamaly! Şona razy bolsaňyz, düşek üstüne geçiň-de, nahar ediniň! Oňa çenli menem azyk-suwluk şaýymy tutaýyn. – Çowdur han, Ispihan ýaýyňyzam alarsyňyz gerek? – diýip, Batman sorady. – Gabady gelende, belki, bize-de atdyrarsyňyz. – Geregiň şol ýaý bolsun! Gidip gelýänçäk saňa beräýerin. Çowdur öýüň täriminden asylgy owadan ýaýy sagdagy bilen aldy-da, Batmana uzatdy. – Muňa näme üçin Ispihan ýaýy diýýäler-ä? – Bu ýaýy ispihanly bir ussa ýasapdyr. Ol ussaň ýasan ýaýlary beýleki ýaýlara garanda has uzaga atýa, üstesine ele-de ýakymly. Bu ýaýy Magtymguly şahyryň bir dosty Islihandan getiripdir. Şahyram ony maňa berdi. Awçylar daşaryk çykdy. Annahalyň taýynlan horjunyny Çowduryň atyna ýüklediler. Çowdur atyna atlanjak bolup durka, günbatardan bir atlynyň ýüzin salyp gelýänligi göründi. Atly köp garaşdyrman Çowduryň ýanyna geldi. Ol Abdylaly çapykdy. – Essalawmaleýkim! – diýip, ol atdan düşmän salam berdi. – Hernä gitmänkäňiz ýetişäýdim. – Näme boldy? Eýgilikmi? – Aý, eýgilige-hä meňzänok! Daň bilen bir topar atly Magtymguly şahyryň öýüni sorap geldi. Men salgy berdim. Ýöne olaryň bolşuny halamadym-da, size habar edeýin diýip gaýdyberdim. – Ol nähili atlylar? – Ýomutlar! Olardan biri Kyýas baý. Çowdur uzak pikirlenip durmady-da: – Atlanyň! – diýdi. Çowdur dagy gelende Magtymgulynyň öýüniň töweregi atlardan, adamlardan ýaňa hümer bolup durdy. Atlar daňylgy däldi. Aňyrdan gelen adamlar atlaryň jylawyndan tutuşyp durdular. Ony görüp Çowdur myhmanlaryň uzak eglenmekçi däldigini güman etdi. Içerde adamlaryň gürleşýän sesi eşidilýärdi. Çowdur daşaryda duran adamlara salam berdi-de, öýe girdi. Abdylaly çapyk hem onuň yzy bilen girdi. Bakydyr Batman daşarda galdy. Öýüň töründe Magtymguly otyrdy. Onuň garşysynda üç adam aýbogdaşyny gurup otyrdy. Çowdur olaryň ikisini tanady. Olaryň biri Kyýas baý, beýlekisi Çorly batyrdy. – Şahyr, myhmanlar galagoply görünýä-le! – diýip, Çowdur sypaýyçylyk etdi. – Howlukmaç habarlary barmy? – Hawa, ýagşy ýigit – diýip, Magtymgulynyň ýerine Kyýas baý jogap berdi. – Gönüsini aýtsak, biz siziň obaňyza-da gelmän, obaň daşyndan habarlaşjakdyk. Ýöne bu oba Magtymguly şahyryň obasy bolansoň, şahyry sylap geläýdik. Habarymyzam aýtdyk. – Habaryňyzy Çowdur hana-da aýdaýyň! – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Bu obada Çowdur hana geňeşilýändir. – Kime aýtmaly bolsa biz bar! – diýip, Kyýas baý hemleli gürledi. – Men şunça ýaşap adam ogluna ýamanlyk eden adam däl. Kişiň hakyny iýen adamam däl. Öz hakymam iýdirmen. Sizi sylap, gapyňyzdan geldim. Adam ýaly gürleşseňiz-ä, ony eşitjek. Ýogsa-da... – Beýle söz aljak jogabyňy alanyňdan soň aýdylýandyr – diýip, Çowdur jogap berdi. – Entek habaryňyzy bir beriň! – Magtymguly şahyryň yzyna düşüp ýörseler, siziň obaňyzyň ýigitleri allanäme adamdyr öýdýädim. Men ýalňyşan ekenim. Olaryň bir topary duz iýen saçagyna tüýkürip ýören gurrumsak eken. Ýadyňyza düşýän bolsa, o gezek çölde sataşan saparymyz meniň ýüküm nemeräk bolansoň, siziň ýigitleriňiz meni obamyza ugradypdy. Ol ýigitlere sözüm ýok! Olaryň arasynda Gully diýilýän bir döremän geçen bar. Biz ýolda sataşman geçen garakçylara sataşdyk welin, ýaňky ýetim deýýus ýaralanaýdy. Menem ol bir pukara ýigitdir öýdüp, ýarasy gutulýança öýümde sakladym. Ähli ýomuda belli ökde tebip çagyryp, ýarasyna melhem etdirdim. Ol deýýus aýak üstüne galan dessine meniň ýüzüme tüýkürip gitdi. – Ol näme edipdir? – Onuň eden masgaraçylygyny aýtmaga dilimem baranok. Ol bir gije gözümize çöp atyp, agamyň gyzyňy atyň syrtyna basyp ötägidipdir. Ynha, indi näme diýseňizem maňa belli jogap beriň! – Gully ýetimligiň agyr muşakgatlaryny gerdeninde çekip ulalan ýigit! – diýip, Magtymguly özbaşyna gürleýän ýaly aýtdy. – Ol şu ýaşyna ýetýänçä hiç kimden erbet görelde görenok. Ondan azgynlyk çykar öýdüp biziň-ä kellämize-de gelenok. – Gully ýetimiň günälidigine mazaly gözüm ýetäýmese, oňa garalyk ýapasym gelenok – diýip. Çowdur jogap berdi. – Şahyr hak aýdýar. Gully azgynlyk etjek adam däl. – Näme, meň gepime ynanaňokmy? – diýip, Kyýas baý haýýarlyk etdi. – Agamyň gyzyňy çuwala salyp gizlägede, siziň adamyňyza ogurlyk ýapýandyr öýdýänmi? – Gully ýetim bir boý ýigit. Boý ýigit gyz alyp gaçanda günäni ýigidiň boýnuna atmak däp bolupdyr. Ýöne köplenç halatda ýigitler gyzy zorlap alyp gaçanok. Bular ýaly zat gyzyň islegi bilen edilýä. – Sen biziň tohumymyzy kemsidýärsiň, han ogul! Biziň tohumymyzda her ýeten bigänä göwün berip ýörjek gyz ýokdur. Gyzymyza ýomudyň men diýen ýigitleri hyrydar bolýaka, aslynyň kimdigi bilinmeýän bir ykmandany başyna ýapsynmy? – Indi atly-ýaragly üstümize gelip, bizden isleýän zadyňyz näme? – diýip, Çowdur Kyýas baýa gözüni alartdy. – Sizden ýekeje dilegimiz bar. Gyzymyzy alyp gaýdan adamy biziň elimize beriň! Çowduryň ýeňse damary gatady. Magtymgulynyň hem gahary geldi. Her näme-de bolsa, ol parahat jogap berdi; – Ýaňy siz adamlary kemsitmegiň iňňän ýokuş degýänligini aýtdyňyz, Kyýas baý. Emma özüňiz ýazzy maňlaýymyzda oturyp, bizi kemsidip dursuňyz. – Men sizi ynjydar ýaly zat diýemok, şahyr. Yrsaramaň-da, maňa belli jogap beriň! Çowdur saklanyp bilmedi: – Siz ýa-ha gepe düşmezek adam, ýa-da düşmedik bolýaňyz. Hormatly şahyr size sypaýyçylyk bilen iňňän düşnükli jogap berdi. Biz siziň şertiňizi kabul edip bilmeris! Ozaly bilen-ä, Gully ýetim bu ýerik gyz getirenok. Onuň niredediginem bilemzok. Ýöne ol siziň gyzyňyzy getiräýenem bolsa, ony siziň eliňize bermezdik. Näme jeza bersek özümiz bererdik. – Ygtyýar bolsa, menem bir zat aýdaýyn-la, şahyr! – diýip, Abdylaly Magtymgulynyň ýüzüne seretdi. Magtymguly «Aýdyber» diýýän ýaly edip, başyny atdy. – Siz, özüňize edilen ýagşylygy eýýäm ýatdan çykaraýdyňyzmy? – diýip, Abdylaly gobsundy. – Siziň hazynaňyzy aman ýoklajak bolup, öz janymyzy bijä goýduk. Şeýle ýagşylyk edenimizden soň haýbat atyp üstümize gelmäge neneň ynsabyňyz çatdy? Magtymguly Abdylaly çapyga gözüni alartdy. – Başga-da aýtjak zadyň barmy? – diýip, Kyýas baý Abdylala hemle atdy. – Bar! – diýip, onuň ýerine Çowdur jogap berdi. – Biz hemme zadyň aňyrsyna ýeteris. Eger Gully ýetime siz tarapdan bir zeper ýetenligini biläýsek, jogap bermeli bolarsyňyz. – Haýbatyňyzdan gorkýan adam ýok, hak ogul! – diýip, Kyýas baý laňňa ýerinden turdy. – Sizi sylap gapyňyzdan gelmek biziň borjumyzdy. Siziňem jogabyňyzy eşitdik. Hudaý bizlik bolsa, biziňem bir edişimize serediň! Kyýas baý ýüzüniň ugruna öýden çykyp gitdi. – Hawa, biziňem bir edişimize serediň! – diýip, Çorly batyr hem çykyp gitdi. – Şahyr, maňa gözüňizi alartdyňyz-la, men gaty gepledimmi? – diýip, myhmanlar gidenden soň Abdylaly sorady. – Size bir zat aýdaýyn. Eden ýagşylygyňyzy hiç wagt diliňize almaň! Ol namartlyk bolar! ■ «Orramsydan bolan haramhor begler...» Astrabadyň taryhyna nazar salsaň, onda, ger, näçe hökümdar hökümini ýöredip geçendir. Şolaryň arasynda in zalymy kim diýip sorasaň, her kim öz ýaşan eýýamynda häkimlik edip geçen hanyň adyny tutar. Ol hanlaryň haýsy birini alsaň-da, öz raýatlaryny jebir-süteme sezewar etmedigi ýok! Ýöne Astrabadyň bilimli taryhçylaryndan habar alsaň, şol birehim häkimleriň arasynda iň zannyýamanlarynyň biri Gulamaly han diýip jogap berseler gerek. Gulamaly han garamaýak halky baş bermezek mala deňeýärdi. Garamaýaklar gorkaýmasalar hiç kimi sylamaýarlar, zor göräýmeseler kanuna-da boýun egmeýärler. Ol: «Baş bermezek maly taýak ýola getirer» diýen nakyla gulluk edýärdi. Öz welaýatynda şeýle gazaply düzgüni berkarar edip bilşinden Gulamaly hanyň göwni hoşdy. Ol özüni Eýran patyşalygyndaky hanlaryň hemmesinden bir gez ýokary tutýardy. Astrabatda Gulamaly hansyz çöp başy gymyldamaýardy. Ýöne türkmenler!.. Her gezek türkmenler ýadyna düşende Gulamaly hanyň ýüregi sanjyp gidýärdi. Türkmenler häli-häzire çenli oňa per berenokdy: salgytlaryny üzmeýärdiler, esgerlige adam bermeýärdiler. Iň erbet ýeri-de, türkmenler eýran häkimlerini özlerine ganym duşman hasap edýärdiler. Gulamaly han oýlandy-pikirlendi-de, ahyry türkmenlere zor görkezmegi ýüregine düwdi. Ol Türkmensähranyň üstüne ýöriş etmek üçin, leşger jemledi. Ýygyna serdar edip ýakyn adamlaryndan biri Habyp hany belledi. Ol tagtyna gelip ornaşan badyna mürzesini çagyrdy. – Türkmen hanlaryny çagyrypdyk. Näme habar bar? – Gökleň hany Nobat han buýrugyňyza garaşyp otyr – diýip, Abul Fat mürze jogap bepdi. – Ýomut hany Annatuwak serdardan habar ýok. – Nobat hany meniň huzuryma getiriň! Nobat hany getirdiler. – Hökümdar hanymyzyň döwleti zyýat bolsun! – Bitiren işiňden habar ber! – diýip, Gulamaly han onuň sözüni kesdi. – Şa goşunyna iberer ýaly näçe atly ýygnadyňyz? Nobat hanyň dili tutuldy. – Näme jogap bereňok? – diýip, Gulamaly han gygyrdy. – Esgerlige adam ýygnap ýörüs, han aga! On bäş atly ýygnadyk. Galanlarynam saglyk bolsa... – Bar berjegiňiz-ä iki ýüz atly. Şu wagta çenli şonam jemläp bileňzokmy? – Men gije-gündiz şoň ugrunda, han aga! Ýöne dagynyk ilden bir zat düzetjek bolsaň gaty kyn bolýar. Ýigit tapsaň – at ýok, at tapylsa – ýarag ýok. – Gökleňler salgydyny haçan üzjek? – Üzeris, han aga! Ýöne puryja beriň! – Puryja ýok! Öňki gezek gelende saňa näme diýdim?! Permany berjaý etmän geläýseň, hezillik tapmarsyň diýmedimmi? – Rehim et, han aga! – diýip, Nobat han oňa baş egdi. – Hyzmatyňy edip çalaran başym saňa gurban bolsun! Söz şu ýere ýetende Abul Fat mürze içerik girdi; – Ýazygymy ötüň, hanym! Şirazdan belent mertebeli Hudadat beg geldi. Hudadat begiň adyny eşidende Gulamaly hanyň reňki boz-ýaz boldy. Zöwwe ýerinden galanyny özi-de duýmady. – Haýyş ediň, gelsinler! – diýip, ol edil Hudadat begiň özüne ýüzlenýän ýaly ýylgyryp jogap berdi. Abul Fat mürze gitdi. – Senem gidiber! – diýip, Gulamaly han Nobat hana ýüzlendi. – Daşaryk çyk-da, buýrugyma garaş! Nobat han çykyp gitdi. Az salymdan soň Hudadat beg içerik girdi. Onuň egninde gysga ýeňli ak ýüpek dony, aýagynda ak ýüpek balagy we zerli ak ädigi bardy. Başyna ak ýüpek çalma oralgydy. – Hoş gördük, hormatly Hudadat beg! – diýip, Gulamaly han ýalynjaňlyk etdi. – Bu gün biziň üçin iň bir düşümli gün boldy. Siziň didaryňyza görmek miýesser etdi. Hudadat beg Eýran memleketindäki in baý hem mülkdar adamlaryň biridi, Onuň süri-süri goýunlaryndan hem ýylkylaryndan başga, hususy eýeçiligindäki obalaryňdyr galalaryň sany uly erbaplaryňkydan1 az däldi. Üstesine-de, ol zamanasynyň paýhasly adamlarynyň biri hasap edilýärdi. Ýurduň syýasy ýagdaýlaryna degişli meseleleri çözmeli bolanda beýik mertebeli Kerim han Hudadat bege maslahat salmagy özüne kiçilik bilmeýärdi. Welaýatlarda emele gelen jedelli meseleleri çözmeli bolanda-da, birinji nobatda, Hudadat begi iberýärdi. Ol häzir Astrabada-da keýpine gelmändi. – Şirazy illeri gülala-güllükmi? – diýip, Gulamaly han sorady. – Biziň arkadagymyz kyblaýy älemiň saglyklary niçik? – Kyblaýy älemiň janlary sag, wagtlary hoş! – Alla onuň egsilmez döwletini berkarar etsin! Ol iňlisler bilen iş salyşýamyş diýip eşitdik. Onuň bu tutýan tutumyna-da hudaýyň özi hemaýat etsin! – Kerim han hezretleri döwletli işiň başyny başladylar. Ol iňlisler bilen söwda alyş-çalşygyny düzgüne salmagyň gamyny iýýär. Bu barada iňlisler bilen belli ylalaşyga-da geldi. Şondan soň iňlisler Bender-Buşirde söwda mesgenlerinem gurdular. Eýran täjirleri bilen söwda-da edip başladylar. Ýöne iňlisler ýene yrsaraýarlar. Öz söwda mesgenlerini Basra göçürdiler. – Näme üçin beýtdilerkä? Eşidişimize göre kyblaýy älem iňlislere eglişik edipdir, paçdan-hyraçdan azat edipdir. – Bu zatlara düşünmek kyn, bu-da iňlis syýasatçylarynyň täze oýun turuzjak bolup tapýan bir pyrryldagy bolaýmasa. – Täzeden bäri türkmenler gaty azypdyr welin, iňlislerden gylaw alýandyr. Olar Kerbela zyýarata baran eýranlylaram kowup goýberenmiş. Şonuň üçinem kyblaýy älem türklere garşy uruş etjek bolýamyş diýýäler. Kerim hanyň türklere garşy uruş etjek bolýanlygynyň düýp maksady zyýaratçylaryň bähbidini goranlygy üçin däl-de, iňlisleriň söwda mesgeni bolan Basrany eýelemek üçindigini Hudadat beg bilýärdi. Ýöne bu zatlary Gulamaly hana düşündirip oturmagy ýerliksiz hasap etdi. – Hawa, şol wakadan soň kyblaýy älemiň türklere gahary gelipdir – diýip, Hudadat beg jogap berdi. – Ol türkleriň bu eden etmişini idegsiz goýmaz! Ýogsa-da, siz esgerlige ibermeli atlylaryňyzy iberdiňizmi? – Astrabat ilaty bergisini üzdi. Ýöne şü türkmenler meni ýüzügara edýä, kyblaýy äleme salamnama ýollapdym. Eger kyblaýy älem idin berse, ol gedem türkmenleri gylyçdan geçirsem diýen hyýalym bar. – Siziň türkmenler baradaky pikiriňizi kyblaýy älem makullar diýen umydym bar. Ýöne beýle töwekgellik etmezden ozal birneme garaşmaly bolsaňyz gerek. – Näme üçin? – Siz türkmenleri gorkuzjak bolup, öz işiňizi müşgülleşdiripsiňiz. Duşmanyňyzy köpeldipsiňiz. Häzir siz Türkmensähra aýak basaýsaňyz, ýomutlardyr gökleňleriň ikisem size garşy baş göterer. Häzirlikçe ýomutlar bilen arany sazlamak gerek. – Siz näme üçin ýomutlar bilen arany sazlamagy maslahat berýäňiz? Gökleň hany Nobat han ýomut serdarlaryna garanda bize has wepalyrak ahyry. – Bolup biler. Ýöne, gökleňlerde ähli gökleňi agzyna garadyp bilýän başga bir adam bar. Magtymguly şahyr! – Magtymguly şahyry sizem tanaýan ekeniňiz-ow? Hudadat begiň kalbyna ylham gelip joşan wagty şygyr düzmek bilen hem meşgullanýardy. Şahyrçylyk äleminiň täsin bir kanuny bar. Käbir şahyrlar goşgularynyň gudraty bilen il arasynda şöhrat gazanýarlar. Bular ýaly şahyrlaryň goşgulary şahyryň özüne garanda uzak ýaşaýar. Käbir şahyrlar welin durmuşda tutýan orunlarynyň arkasyndan goşgularynyň şöhratyny belende göterip bilýärler. Olar ýaly şahyrlaryň özleri ölen badyna, goşgulary-da ölüp gidýär. Hudadat beg soňky topardaky şahyrlaryň hataryna girýärdi. Ol il arasynda şöhrat gazanan şahyrlaryň hemmesine (şol sanda Magtymgula-da) bahyllyk edýärdi. – Magtymguly şahyry tanaýan – diýip, ol az salym içinden pikir öwrüp oturandan soň jogap berdi. – Magtymguly şahyryň il arasynda hatyrasy Nobat hanyňka görä ezberräkdir! Häzirki pursatda gökleňler bilen gepleşmek ýomutlar bilen gepleşenden kyn bolar. – Sözüňiz hak! Ýöne meniň ýomut serdarlary bilen känbir sözüm alşanok. – Ýomutlar bilen meniň aram bar – diýip, Huda- dat beg jogap berdi. – Men ýomut täjirleri bilen kän wagt bäri iş salyşýan. Hany, şu işe menem bir baş goşup gereýin! – Ygtyýar sizdedir, begim! Gökleň hany Nobat han häzir şu, ýerde. Meniň buýrugyma garaşyp dur. – Siz onuň özüňize wepalydygyna bil baglaýaňyzmy? – Bil baglaýan. Ol biziň arkamyzdan saklanyp ýören adam. – Be-ýle bolsa ony goluňyzdan sypdyrmaň! Gerek bolar. Her ýurduň awuny öz tazysy bilen awlarlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |