16:36 Magtymguly -25/ romanyñ dowamy | |
■ «Magtymguly, ne gowgaly başyň bar...»
Taryhy proza
Tähranyň Gülüstan köşgünde başagaýlyk höküm sürýärdi. Köşgüň öňünde ýaragly atlylar ikibaka at salýardy. Müňbaşylaryň biri ylgap köşge girse ýene biri ondanam gaty ylgap çykyp gidýärdi Olaryň hemmesi gyssanmaçdy, olar köşge girip barýan weziri agzam jenaplaryna tagzym etmek düzgünini-de berjaý etmediler. Başga bir wagt bolan bolsa munuň üçin weziri agzam olaryň eýjigini ýetirerdi. Ýöne häzir olara gaty-gaýrym bir zat diýmäge het edip bilmedi. Ol hiç zada baş galdyrman, şahin şahy älemiň tagtyna baka geçip gitdi. Harby lybasly Agamuhammet şa tagtynda gaýşarylyp otyrdy. Onuň oýnaklap duran gözleri hanasyndan çykaýjak bolýardy, geplände kör bilen gepleşýän ýaly gygyryp gepleýärdi. Onuň gapysynda harby lybasly adamlar dik durdy. Wezipi agzam adamlardan bir ädim öňe geçdi-de, Agamuhammet şaha tagzym etdi. Agamuhammet şa berjek buýruklaryny berip bolansoň, harby adamlara rugsat berdi. Olar şol salymyň özünde köşkden çykyp gitdiler. Weziri agzam şol duran ýerinde sömelip durdy. – Weziri agzam! – diýip, Agamuhammet şa oňa ýüzlendi. – Lepbeý, şahym! – Şunça günüň özünde ýörişe ugraýanlygymy eşidensiň? – Eşitdim şahym! – Döwletiň garamaty siziň boýnuňyza galar. Alla işimizi rowaç etse, şu gezek zentler bilen bellisini ederis. Şirazy, Kermany dyza çökermän, yzymyza dolanmarys. – Işiňizi Alla oňarsyn, şahym! Siz uly ýeňiş bilen dolanyp gelýänçäňiz, hemme zat öňki-öňküligine... – Bize öňki-öňkülik derkar däl! – diýip, Agamuhammet şa onuň sözüni kesdi. – Bu ýerde derwaýys bitirmeli işler bar! Siz haýal etmäň-de, Eýran memleketindäki welaýatlara gyssagly perman ýollaň! Şa goşunyna esgerlige iberilmeli adamlary, atlary, azyk we pul salgytlaryny gyssagly möhletde jem etsinler! Meniň leşgerim üçin wagtly-wagtynda azyk, ok-däri hem ýarag iberip durmagy hut siziň boýnuňyza ýükleýärin. Talap eden zatlarymy mähetdel edäýseňiz, eýgilik tamasyny etmäň! – Emiriňe başym gurbandyr, şahym! – Size ýene bir tabşyrjak zadym bar – diýip, Agamuhammet şa pessaý ses bilen gürledi. – Şirazyň häkimi Hajy Ybraýym1 tarapyndan adam geläýse, ony gadyrly kabul ediň! – Hajy Ybraýym? – diýip, weziri agzam gaýtalap sorady. – Hajy Ybraýym bu ýere adam ibermelimidi? – Ol bizi Tährandadyr öýdüp, şu ýere adam iberäýmegi mümkin. Eger adam geläýse, onuň getiren habaryny haýal etmän maňa ýetirersiňiz! Ýöne äge boluň! Bu barada özüňizden başga hiç kim hiç zat bilmeli däldir! Agamuhammet şa weziri agzamyň etmeli işleri hakynda zerur buýruklary berişdirdi-de, oňa rugsat berdi. Weziri agzam oňa bir zat aýtmaga çemeleşdi. Megerem, Magtymguly şahyryň getirilenligini habar etmekçi bolandyr. Ýöne şa oňa geplemäge maý bermedi. – Siz azat! Weziri agzamyň çykyp ötägitmekden başga alajy galmady. Weziri azgam diwanhana gelen badyna baş mürzesini ýanyna çagyrdy, welaýatlardan at-ýarag, pul hem azyk salgydyny ýygnamak hakynda gazaply perman taýýarlamagy buýurdy. Her bir welaýatyň paýyna düşýän salgydyň mukdaryny şanyň aýdyşyndan hem artdyryp görkezmegi tabşyrdy. Weziri agzam salgyt toplamagy çuwal bilen suw daşamaklyga meňzedýärdi. Salgyt ýygnalanda daşynyň hyrydary köp bolýar. Ilki bilen salgyt ýygnaýan mäsiller gyrp-çyrp edýär. Onsoň welaýat häkimleri geregini edinýär. Onsoň ýygnalan salgydy şa hazynasyna getirýän emeldarlara gezek ýetýär. Towuk iými towuklara ýetýänçä, onuň näçe kemeljegini Alla bilsin! Tükeniksiz uruş zerarly Eýranda halkyň ýagdaýynyň pese düşenligini weziri agzam bilýärdi. Açlykdan ölýän adamyň sanynyň gün-günden artýan salgydy ýygnamak aňsat däldi. Şoňa görä-de, weziri agzam bu ýumşa rehimsizlikde ýakasyny tanadan Hudadat begdi. Ol iberilýän adamlary ýeke-ýekeden huzuryna çagyryp, zerur buýruklary berdi. Çagyrylma gezegi Hudadat bege ýetdi. – Bizi nirä ýollamakçy bolýaňyz? – diýip, Hudadat beg sorady. – Astrabat, Mazenderan etraplaryna! Özüňiz bilýäňiz, şahin şahy älemiň özleri-de Astrabat sebitinden. Şol etraplarda onuň ýakyn adamlarynyň barlygyny bilýänsiňiz. Olaryň neberesi bilen iş salşylanda seresap bolmak lazym. Şol wagtyň özünde-de ýygnamaly salgydyň hökman ýygnalmagy gerek. Bu işe siz hötde gelip bilersiňiz diýen umydym bar. __________ 1 Hajy Ybraýym – Şirazyň häkimi. Soňky ýyllarda ol Lutf Aly hana dönüklik edip, Agamuhammet şanyň tarapyna geçipdir. – Men gajarlar bilenem, türkmenler bilenem köp iş salşyp gördüm – diýip, Hudadat beg jogap berdi. – Men gajarlaryň ugruny taparyn. Ýöne türkmenlerden salgyt ýygnamak kyndyr. – Ony güman edýäs. Türkmenler meselesinde öteräk geçäýseňiz-de sizi ýazgarmarys. Ýöne ýygnalmaly salgydy ýygnaman gelýäňiz, eýgilik tamasyny etmäň! Düşnükli. Ygtyýar etseňiz, ýene bir haýyşm bar. – Aýdyberiň! – Eşidişime görä, türkmenleriň şöhratly şahyry Magtymguly Tährana getirilenmiş. Onuň alyhezretleri ýörişe gitmäge howlugyp, Magtymguly şahyry kabul etmänmiş. Biz dolanyp gelýänçäk ony Tähranda saklap bolmazmyka. – Ol nämä gerek? – Arada şahyrlaryň üýşmeleňi geçirilende, men Magtymgulynyň «Fetdah» diýen şygryny şahin şahy äleme okap beripdim. – Ýadyma düşýär! Ol köp ýyl mundan ozal düzülen şygyr bolmaly! Ony Ispihany şahyryň hut özi okapdyr. – Ispihany şahyra ynanmazlyk edere hetdimiz ýok! Ýöne meniň paýhasymyň kesişine görä Ispihany Magtymguly şahyra hossarlyk edýäne meňzeýär. Ol Magtymguly şahyra hemaýat etjek bolup, bizi şanyň öňünde ýüzügara etdi. Indi gezek menki. – Siz uzakdan görýän adammykaňyz öýdýädim. Şu meselede kelte gaýdýan bolaýmaň! – Näme üçin beý diýdiňiz? – Men köneden galan bir rowaýaty gürrüň edip bereýin Gadym zamanda bir patyşa owadan zenana aşyk bolupdyr. Ol zenan ahlak babatda günäli eken. Onuň günälidiginem bir molla bilýän eken. Patyşa şol zenana öýlenjek bolanda, molla patyşa ýaranjak bolup, zenanyň günälidigini aýdypdyr. «Ol zenanyň günälidigini senden başga kim bilýär?» diýip, patyşa sorapdyr. «Başga hiç kim bilenok» diýip, molla jogap beripdir. «Beýle bolsa, bu habary özüň bilen gabryna al-da gidiber!» diýip patyşa mollanyň kellesini kesdiripdir. Ol zenan hakynda ýakymsyz habar ýaýramagy patyşanyň janyna ýakmandyr. Indi özüňiz paýhaslanyp göräýiň! Magtymguly ýaly şöhratly şahyr tarapyndan düzülen şeýle näletli şygryň hut Agamuhammet şaha düzülenligini subut edäýseňiz, şa nähili görýäňiz? Hudadat beg az salym içinden pikir öwrüp durdyda: – Girmäge rugsatmydyr? – diýip sorady. * * * Hatif Ispihanynyň pikir deňzine çümüp oturýan wagtlary köp bolýardy. Mundan birnäçe ýyl ozal ol Kerim han zendiniň girisine düşdi. Kerim handan döwran ötensoň Agamuhammet şanyň syrtmagy onuň boýnundan ildi. Indi ol kellesini goýup gidäýmese, bu syrtmakdan sypmaz. Köp ýyllardan bäri ol kişi gepi bilen ýöreýär, kişi gepi bilen şygyr düzýär, iň erbet ýeri-de, öz janyna batmyýan çüýrük syýasaty wagyz etmeli bolýar. Ozallar ol bu haýynlygy üçin ykrarsyz zamanany hem keç ykbalyny aýyplaýardy. Magtymguly şahyr bilen sataşaly bäri, onuň ýüreginiň töründe peýda bolan bir duýgy günäni Ispihany şahyryň öz üstüne ýüklemäge meýil edip başlady. «Magtymguly ýaly şöhratly şahyr şalara, soltanlara hyzmat etmän, öz hususy akylyna gulluk edip ýörkä, men näme üçin özüme şonuň ýaly erkinlik döredip bilmedim?» Birden howlynyň gapysy kakyldy. Ispihany şahyr baryp gapyny açdy. Gapynyň aňyrsynda Hudadat begiň syrdam göwresi dikelip durdy. – Bo-how, Hudadat beg! Hoş gördük! Hudadat beg howla girdi. – Öýe baralyň! – diýip, Ispihany şahyr mürähet egdi. – Siziň bilen söhbet gurmak ýetip bilmiýän arzuwym! – diýip, Hudadat beg sypaýyçylyk etdi.– Arman, el degenok. Men ýolagçy. Ýola düşmänkäm Magtymguly şahyry bir göräýmek höwesim bardy. – Siziň ýaly belent mertebeli adamlar bilen söhbetdeş bolup bilse, Magtymguly şahyr hoşal bolardy. Ýöne onuň ýok wagty geläýipsiňiz. Ol nirä gitdi? – Soňky günlerde onuň haly birden teňledi. Bir erbet habar gulagyna degen ýaly, howsala düşüp başlady. Weziri agzam jenaplary oňa Şimrana1 gidip, göwün açmaga ygtyýar etdi. – Näme, ol size gerekmidi? «Fetdah» şygrynyň haçan düzülenligini bilesi gelip Hudadat begiň ýüregi böküp durdy. Ol oýlandy-pikirlendi-de, bu barada Magtymgulynyň özi bilen gürleşmegi makul bildi. «Magtymguly hiç wagt ýalan sözlemiýämiş» diýip, ol köp eşidipdi. «Ol bu gezegem dogrusyny aýtsa gerek» diýen umyt ony şu ýere getiripdi. Ýöne Ispihanyňyň soragyna başgaça jogap berdi. – Men gyssagly buýruk bilen Astrabat sebitine gidýän. Magtymguly şahyryň iline-de barjak. Ondan sorajak zadym bardy. Hudadat beg türkmen iline aralaşaýsa, «Fetdah» şygrynyň haçan düzülenligini biljek bolup iş ediner. Eger ol bu şygryň Agamuhammet şaha niýetlenip düzülenligini subut edäýse, Ispihany şahyryňam, Magtymguly şahyryňam dat gününe! – Onda men gideýin! – diýip, Hudadat beg onuň pikirini böldi. Ispihany çagyrylman gelen myhmany saklajak bolup durmady. Hudadat begiň gelip gitmegi Ispihany şahyry howsala saldy. Ol esli salym oýa çümüp durandan soň, howludan çykyp gitdi. Ol ýüzüni sallap gidip barşyna tophana meýdanyna bardy, merwerit topuň duşundan geçdi, ol ýerden Lälezara baka dolandy. Ol şeýdip pikir ýumagyny çöşläp bilmän, köçeden-köçe aýlanyp ýörşüne myhmandaryň saraýyna sowuldy. Ol derwezä ýetip barýaka öňünden Mülkaman çykdy. – Essalawmaleýkim, hormatly şahyr! diýip, Mülkaman salam berdi. – Meni tanadyňyzmy? – Tanadym. Magtymguly şahyryň ýanyna geleňizde görüpdim. Halypaňyz niçik? Ýüregi gysanok gerek? – Ol Şimrana gezelenje gitdi. – Şimrana? Wah, bilen bolsam, menem giderdim. Şu ýerde Ispihany şahyryň kellesine bir pikir geldi. Magtymguly şahyryň Şimrana gitmegine weziri agzam jenaplarynyň özi ygtyýar etdi. Magtymguly şahyr gaçyp ötägidende-de onuň garamaty weziri agzamyň boýnuna düşjek. – Siz Magtymguly şahyry gowy görýäňizmi? – Elbetde, gowy görýän! Ol meniň halypam ahyry! – Halypaňyzy gowy gerýän bolsaňyz, oňa hossarlyk etmeli pursat geldi. Siz haýal etmän Şimrana gidiň-de, Magtymguly şahyry tapyň! Ony nireden tapmalydygyny salgy bererin. Oňa menden dogaýy salam aýdyň hem-de ony mümkingadar tizräk öz iline aşar ýaly ediň! Gowusy, men size hat ýazyp bereýin. Ispihany şahyr ýan bukjasyndan kagyz bilen döwet-galam aldy-da, hat ýazmaga oturdy. Her bir işi hasaply etmäge öwrenen Mülkaman pikire gitdi. Mundan birnäçe gün ozal Mülkaman Magtymgulynyň patyşanyň çakylygy bilen Tährana gelenligini eşidende, şa ony oňat niýet bilen çagyrandyr diýip çak edipdi. Ispihany şahyr Magtymgula bu ýerden gaçmagy maslahat berýän bolsa, onda hökman bir näsazlyk bardyr. – Näme, Magtymguly şahyryň üstüne howp abanýamy? – diýip, Mülkaman osmakladyp sorady. – Howp diýilýän adamzadyň başynda elmydama bar zatdyr! Kämahallar howpdan gaçyp gutulyp bolýar, kämahallar gaçybam gutulyp bolanok. Häzirki ýagdaýda Magtymgula-da howpdan gutulmak mümkinligi bar. Ol näçe basym gitse, mümkinçilik şonça-da ähtibarly bolar. – Siz ony kimden gaçyrjak bolýaňyz, hormatly şahyr? Häkimiýetdenmi ýa-da başga howp salýan kişi barmy? Ispihany şahyr köpi gören adamdy. Ol adamlaryň gep atyşyna seredip, onuň ýüregindäkini aňyp bilýärdi. Magtymgulyny gaçyrmaly diýen sözüň Mülkaman söwdagäre oňaýly täsir etmänligini aňlady. – Gürrüň ikimiziň aramyzda galsyn! – diýip, Ispihany şahyr pyşyrdap jogap berdi. – Şa Magtymguly şahyry gowy görýär. Ony Tährana çagyryp getirende-de oňa beýik mertebe hödürlemek üçin getiripdi. Ýöne ol gyssagly ýörişe gitmeli bolaýdy. Köşk adamlarynyň arasynda Magtymguly şahyra göriplik edýänleri-de ýok däl. Meniň gulagyma degşine görä, patyşanyň ýoklugyndan peýdalanyp, Magtymgula hyýanat etjek bolýalarmyş. Ispihany şahyr barmaly tarapyny bildi. Mülkamanyň ýüzi ýagtylan ýaly boldy. – Şa ýeňiş bilen gaýdyp geläýse, uly toý eder! – diýip, Ispihany dowam etdi. – Toýa Magtymguly şahyram çagyrar. Ony halas edenligiňizi eşidäýse, şa siziňem sylagyňyzy ýetirse gerek. Mülkaman asudalyk bilen dem aldy. * * * Bir topar ýyl mundan ozal Magtymguly Azerbaýjan topragynda seýil edip ýörkä, adamlar Nuha mülküniň gözelligini taryp edipdi. Şahyryň ol ýere keşt edip gaýtmagyny maslahat beripdiler. Magtymguly Nuha baryp gördi. Onuň gözel ýaýlalary, owadan gülzarlyklary, sada göwünli myhmansöýer adamlary şahyrda ýakymly täsir galdyrdy. Şonda ol Nuha mülküni taryplap goşgam düzüpdi. Hatif Ispihany Şimrana keşt edip gelmegi maslahat berende, Magtymguly Nuhadaky ýaly lezzet alyp, gamly göwnüne aram bererin öýdüpdi. Onuň bu tamasy çykmady. Şimranyň tebigaty diýseň gözeldi. Belent başlary asmana dalaş edýän salkyn saýaly çynarlar, baglaryn pudaklaryndan aslyşyp duran dürli-dürli miweler, durnaň gözi ýaly dury bulaklar ozal görmedik adamlaryň akylyny haýran edýärdi. Ýöne ähli ýurt uruş weýrançylygyna sezewar edilip, halk gaýgy-gamyň ummanyna gark bolup ýörkä, bölejik bir ýeriň gözelligi paýhasly adamyň kalbynda şatlyk duýgusyny oýaryp bilmejek eken. Agyr il çydamsyz horluk çekýän mahalynda onuň içinden hezillik gözlemek ýashana ýerinden meýlis gözlän ýaly bolar eken. Magtymguly Şimrana gelenine puşman etdi. Ol haýal etmän weziri agzamyň huzuryna baragada: «Ýa-ha meni öldüriň, ýa-da ýurduma goýberiň!» diýmegi ýüregine düwdi. Şu maksat bilenem ol Tährana gaýtdy. Şimran ýoly gatnawly ýollaryň biridi. Geçip barýan atlylardan, gatyrlylardan, pyýadalardan ýaňa ýoluň ugry jemendesiz bolanokdy. Magtymguly içini gepledip barýaka, öňünden üç atly çykdy. Atlylaryň üçüsi-de türkmen lybasyndady. Magtymguly olaryň biriniň Mülkamandygyny tanady. – Ugur haýyr bol-a! – Ugur-a siziň ýanyňyzadyr, şahyr. Siziň Şimrana gideniňizi eşidip, yzyňyzdan gaýtdyk. Siziň ugruňyz hanjak? – Tährana. – Gördüňizmi! Yzyňyzdan gaýdanymyz gowy bolaýypdyr! Tährana baraýan bolsaňyz, gapana düşjek ekeniňiz. – Ýakymsyz gürrüň gulagyňyza degdimi? Mülkaman aňrujy ýagdaýyny tapsa, adama ýagşylyk edýän kişi bolup, ony özüne minnetdar etmegi gowy görýärdi. Bu gezegem ol Magtymgula edilýän ýagşylyga Hatif Ispihanyňy şärik etmän, alkyşy ýeke özi almagy ýüregine düwdi. – Näme diýseňiz-le, halypa! Tähran şäherinde meniň degerli tanyşlarymyň bardygyny size aýdypdym. Köşk emeldarlarynyň arasynda-da tanyşlarym bar. Sizi gowy görýänligimem olar bilýär. Şonuň üçinem olar maňa duýdurdylar. Siziň kastyňyza çykypdyrlar. Bu wagt patyşanyň özem ýok. Siz Tährana barmaň-da, göni Türkmensähra sürüň! – Siz mamla, Mülkaman! – diýip, Magtymguly parahat jogap berdi. – Häzirki pursatda bu ýerden gaçan gutular. Her näme-de bolsa, beýle namartlyk etmäli! Kysmatymyzyň hödürleýän melamatynyň öňünde mertlik bilen duranymyz ýagşy. – Ol näme üçin namartlyk? Duşmany aldawa salmak namartlyk däldir diýip, özüňiz aýdýadyňyz ahyry! – Duşmana hile gurmak namartlyk däl. Bu ýerde başga gep bar. Men gidäýsem Ispihany şahyryň başynda kyýamat gopararlar. – Ispihany gyzylbaşlaryň öz şahyry. Gylyç öz gynyny kesmez! Ýaman etseler, oňa käýärler-de goýarlar. – Beýle däl! Ispihany şahyryňam höwes eder ýaly güni bardyr öýtmäň! Ol biz sebäpli bir artykmaç derde galmasyn! Mülkaman ahyry dogrusyny aýtmaga mejbur boldy. – Siziň Tährana dolanyp barmajagyňyzdan Ispihany şahyryň habary bar. Siziň üstüňize howp abanýanlygyny eşidip, o-da uly alada galdy. Ol size şu hatam ýazdy. Mülkaman haty Magtymgula berdi. Magtymguly haty okady-da, sesini çykarman, atyny yzyna dolady. ■ «Arada köýdi şirin jan...» Tuwaknyýaz serdar Adna serdaryň galasynda etjegini edip gidenden soň, Adna serdar küle gömülen towuk ýaly bolup, çuwaldan çykdy. Dula gysylyp sandyrap oturan aýaly nägile garaýyş bilen ärine seretdi. – Nämä gözüňi jikgerdýäň? – diýip, ol aýalyna azgyryldy. – Diliňi ýaraýsaň, kelläňi garpyz togalan ýaly togalaryn! Biçäre aýal gözüni pugta ýumup, iki eli bilen ýüzüni tutdy. Daşarda ýaralylaryň iňňildisi, aýallaryňdyr çagalaryň nalaýan sesleri eşidilýärdi. Adna serdar donuňy, telpegini geýdi-de, daşaryk çykdy. Başagaý bolup ýören adamlar Adna serdaryň nireden peýda bolanyna düşünmän galdylar. – Bu nähili boldy, adamlar?! – diýip, ol hemmelere eşitdirip gygyrdy. – Allatagala gaflat ukusy bilen gözümizi baglap, hemmämizi gapyl galdyrdy! Hiç wagt ahmal galmyýan derwezebanam şu gezek hudaý tutupdyr. Adna serdar başyny ýaýkap, hyrçyny dişläp, nala çekdi, Uruşda ölen hem ýaralanan ýigitleri hasaba aldy. Onsoň ýöremäge ýaraýan adamlaryň hemmesini töwerekdäki obalara ugratdy. Ýakymsyz habar tiz ýaýragan bolýar. Adna serdaryň galasynda bolan weýrançylygy az salymyň içinde köp oba eşitdi. Adna serdara nöker bolup hyzmat edýän ýigitleriň hossarlary, kowum-garyndaşlary eşiden-eşiden ýerinden çozuşyp gaýtdylar. Galanyň jemendesi barha köpelýärdi. Olar öz ölülerini hem ýaralylaryny ýygnadylar. Adamlaryň gözleri gazap bilen ýanýardy, gaharlaryny kimden çykarjagyny bilenokdylar. Adna serdar adamlaryň gahar-gazabyny öz bähbidi üçin gönükdirmäge synandy. – Biz aşagyndan çykyp bolmajak namys astynda galdyk – diýip, ol gözüne ýaş aýlap gürledi. – Atabaýlara özümizi aldatdyrdyk, negözel ýigitlerimizi çapdyrdyk, malymyzy talatdyk. Bu zatlaryň hemmesi kemakyllylygymyzdan boldy. Magtymguly şahyr atabaýlar bilen gürleşipdir, olar biziň bilen ýaraşyk etmäge razy boldy diýip, ýerli-ýerden gygyryşdyňyz. Meni etjegimi etmäge goýmadyňyz. Ýeri, siz, Magtymgulyny pygamber edinýän agalar! Jogap beriň! Indi men nädeýin? Gökleň iliniň atabaýlaryň aýagynyň astynda depelenen namysyny nädip ýerine salaýyn? – Magtymguly şahyrda ýazyk ýok – diýip, Agaly murt jogap berdi. – Magtymguly bize dogry ýol salgy berdi. – Magtymguly Tuwaknyýaz serdara özüni aldatdyrdy – diýip, Adna serdar onuň sözüni kesdi. – Onuň gepine gidip, bizem özümizi aldatdyrdyk. Özüni aldatdyranlaryň birem men! Geliň, meni öldüriň! Çapym-çapym ediň! Onuň üçin men ahmyr etmen! Ýöne siz, goç ýigitler, gökleňiň namysyny köýdürmän! Atabaýlar çozanda Adna serdaryň gyzyl çuwalda busup ýatanyndan bu adamlaryň habary ýokdy. Şona görä-de, onuň aýdýan sözleri ýürekden çykýan ýaly göründi. Atabaýlar gala girip, şunça adamyňy öldürip, şunça adamyňy ýaralap gidende Adna serdar ala-böle nädip aman galaýdyka diýen söz hiç kimin diline gelmedi. Adna serdara ýene Agaly murt jogap berdi: – Her kimi ýazgarsaňyzam Magtymgula dil ýetirmän! Magtymguly şahyryň aýdylany edilen bolsa, bu betbagtlyklar bolmazdy. – Siziň diýeniňizi edip ozal näme gördük? – diýip, Garrybaý onuň sözüni kesdi. – Indi aljak almytymyzy alanymyzdan soň berin, biziň elimizi baglajak bolmaň! – Agaly murt atabaýlardan gorkýan bolsa, heleýiniň ýorganyny saklasyn-da ýatybersin-le! Bize bir ganalga bermesin! Agaly murt bir zat diýjek boldy. Adamlar ýerli-ýerden gygyryşyp, oňa geplemäge maý bermediler. Gala üýşen adamlaryň arasynda agşamky söweşde ölenleriň-de, ýesir edilip äkidilenleriň-de hossarlary bardy. Hetde gelip bolmajak gahardan ýaňa olaryň aňy geçüpdi. Bu wagt olary bu betbagtlygyň düýp-teýkarynyň nireden gelip çykýanlygy gyzyklandyrmaýardy. Olara gan ýerine gan, jan ýerine jan almak gerekdi. – Indi biziň ganymyz idegsiz galybermelimidir? – Äkidilen ýesirleriň gitdigi-gitdigi bolaýmalymy? – Mert ýigit minneti gylyjyndan çeker! – diýen ýangynly sözler ýerli-ýerden gaýtalandy. Adamlaryň gazaby beýik dagdan şaglap inen sile dönüpdi. Onuň öňüni alar ýaly däldi. Agaly murtuň edip biljek alajy ýokdy. «Magtymguly obada bolan bolsa, bir alajyny tapardy welin» diýip, ol öz içinden ahmyr etdi-de, gaýra çekildi. * * * Şol gün öýle çemeleri gökleňler şaýlaryny tutup, belleşilen meýdana jemlendi. Ähli gökleň başyny jem edip, söweşe gidende, ala-böle saýlanyp galmagy namartlyk hasap edip, gerkezler hem belleşilen ýere bardy. – Ýygnanjaklaň hemmesi ýygnanaýdy öýdýän! – diýip, Garrybaý Adna serdara ýüzlendi. – Indi atlanybersegem boljak. – Atlanmazdan öň maslahatam-a etmedik – diýip, Halmämmet sorady. – Biz nähili gitmeli, nire çozmaly? – Maslahat gerek däl! – diýip, Adna serdar onuň sözüni kesdi. – Meniň yzyma düşüberiň! Kimin näme etmelidigini ýeri gelende aýdaryn. – Sen bir zat aýt, serdar aga! Atabaýlar biziň barjagymyzy bilýändir öýdýäňmi, bilýän däldir öýdýäňmi? – Bilýändir. Olar biziň geçjek ýollarymyzyň hemmesine didebanlar goýandyr. Biz olaryň çak edäýjek ýollarynyň hiç haýsyndanam gitmeris. Olaryň güman edýän ýerlerine-de barmarys. – Sizem geň adam-ow, serdar aga! – diýip, Garrybaý eginlerini gysdy. – Senden aýry ýüregimiziň ýokdugyny bilip dursuňam welin, ýüregiňize düwen etsem-goýsamlaryňyzy bize-de aýtmajak bolýaňyz-ow! – Gaty görme, Garrybaý! Söweşde ýeňmek üçin syryny gizlin saklamaly wagtam bolýandyr! Ýigitlere buýruk ber, atlansynlar! Adna serdar Tuwaknyýaz serdaryň galasyna sürmedi-de, Kyýas baýyň obasyna sürdi, bärden barşyna onuň howlusyny gabady. – Bu Kyýas baýyň howlusy-la! – diýip, Garrybaý geň galdy. – Biziň onda näme kastymyz bar? – Biz Tuwaknyýaz serdaryň öz edişindenem beter ederis diýip aýtdym ahyry. Aslyýetinde, Tuwaknyýaz serdary biziň üstümize küşgürenem Kyýas baý. Hanjan egriň aýdanlaryny eşitmediňmi näme? Bu wagt Kyýas baýyň demi daş ýarýa. Eger ony ele salyp biläýsek, biziň atabaýlara has epeýräk ýumruk saldygymyz bolar. Onsoň atabaýlar Kyýas baýy halas etmek üçin, baý, oda-köze düşerler-ä! – Munymyz birhiliräg-ä bolýaraýt! – diýip, Garrybaý jogap berdi. – Birtüýsli, alamançylyga gelen ýaly. – Atabaýlaň öz edişi şondan gowumy? Duýdansyz dökülip, bar zada talaň salyp gitdiler. Namartlyga atabaýlaryň özleri başlady. Biz ýöne arymyzy alýas. – Onda biziň wepat bolan ýigitlerimiziň gany nähili bolar? Ýesir düşen adamlarymyzy kim gaýtaryp getirer? – Hut şonuň üçinem Kyýas baýy ele salmaly! Şony ele salyp biläýsek, atabaýlar onuň üçin ähli ýesirlerimizem gaýtaryp berer, wepat bolan adamlaryňam hununy tölemäge kaýyl bolar. Mana Kyýas baýyň howlusyna girip, derwezesini açyp biläýjek bir ýigit gerek. Bu ýumşy kim oňararka? – Kyýas baýyň howlusyna Gully ýetimden belet adam ýok! – Ony bärik çagyryň! Gully ýetimi çagyrdylar, – Gully han, biziň nirä gelenimiz-ä bilýänsiň! – diýip, Adna serdar hoşamaýlyk etdi. – Biz-ä şu gopgunlaryň düýp sebäpkäri Kyýas baý bilen hasaplaşmagy makul bildik. Özüň bilýäň, Kyýas baý seniň ganym duşmanyň! Ol biziňem ganym duşmanymyz! Biz hudaý halar iş etjek bolsak, ilki bilen şony ele salmaly. Bu maslahata sen razysyň-la! Indi ugruny tapyp, howlyň derwezesini açmaly! Onam senden gowy başarjagymyz ýok! Gully ýetim derwezäň ýanyna bardy-da: – Aýagymdan galdyryň! – diýip pyşyrdady. Ýigitleriň iki sanysy onuň aýagyndan galdyrdylar. Gully ýetim derwezäniň gapdalyndan dyrmaşyp, haýata mündi-de, howla seretdi. Derwezäniň öňünde gara görnenokdy. Gully ýetim howlynyň içine sallandy. Şu halatda howludaky itlerden biri alagykylyk turzup, derwezä baka topuldy. Ony görüp, ikinji it hem topuldy. Gully ýetim derwezäniň kildini tapýança, itler ýetip geldi. Itlerin ikisi iki ýerden Gully ýetimi aldym-berdime saldy. Gully ýetim gylyjyny syrdy-da, itlerden goranmaga durdy. Şol aralykda-da maý tapyp, derwezäniň kildini tapdy. Kilt emel bilen ildirileni üçin, ony bada-bat açaýmak başartmady. Itleriň galmagalyna Kyýas baýyň uly ogly Hojaberdi oýandy. Ol derwezäniň öňünde bir adamyň itler bilen salşyp duranlygyny gördi. Ol gapyda ýatan paltany aldy-da, ylgady. – Kimsiň, äý? Ýok bol derwezeden! – diýip, ol bogazyna sygdygyndan gygyrdy. Gully ýetim ahyry derwezäniň kildini ýazdyrdy. Derweze açyldy. Oňa çenli Hojaberdi ylgap bardy. Gully ýetim gylyjyny bulaýlap, ony gorkuzmakçy boldy. Hojaberdi bir ädim gaýra çekildi-de, elindäki paltany zyňdy. Palta Gully ýetimiň çat maňlaýyna degdi. Hojaberdi nämäň-nämedigine düşünmänkä, bir topar atly kürsäp howla girdi. Mundan iki gün ozal Adna serdaryň galasynda turan gopgun indi Kyýas baýyň howlusynda başlandy. Gözüne gan inen gazaply ýigitler öýlere, kepbelere kürsäp urdular, – Erkek göbekliň ýekejesinem sypdyrman! – diýip, Adna serdaryň arlaýan sesi eşidilýärdi. Kyýas baýyň ogullarynyň ikisiniň-de gollaryny daňdylar. Kümelerdäki, kepbelerdäki hyzmatkärleri, öýdençerleri hem tutup, gollaryny dandylar. Kyýas baý tapylmady. – Kyýas baý nirede?–diýip, Adna serdar sorady. – Ol obada ýok – diýip, hyzmatkärlerden biri jogap berdi. – Ýalan sözleýän! – diýip, Adna serdar ynanmady. – Ol bukulyp ýatandyr. Hemme ýerini barlaň! Çuwallaň içine-de serediň! Ýigitler güman eden ýerlerini barladylar. Kyýas baýyň öz öýüni Adna serdaryň hut özi barlady. Soňundan onuň uly oglunyň öýüni dökmäge durdy. Ol gyzyl çuwallaryň birini döküp durka, onuň eline çemeliräk düwünçek ildi. Adna serdar düwünçegi saldarlap gördi. Düwünçek gabarasyna görä iňňän agyrdy. Serdar düwünçegi çözdi. Içiňden keşdelenip bejerilen owadanja haltajyk çykdy. Kyýas baý ýaly uly baýyň oglunyň öýünden bular ýaly haltajyk çyksa, onuň içinde näme bolup biljegi Adna serdaryň kellesine geldi. Eger ol gyzyl bolaýsa, Adna serdaryň bagtynyň getirdigi onda gökleň ilinde Adna serdardan baý adam tapylmaz! Haltajyk Adna serdaryň goltugyna gireňden soň, onuň ýüregi köşeşdi. Ol öý dökmesini bes etdi-de, daşaryk çykdy. Daň ýagtylyp ugrapdy. Howludaky erkek adamlary bir ýere ýygnap, dyza çökerip oturtdylar. Olaryň arasynda on-on iki ýaşly oglanlar hem bardy. Çagalaryň naçar eneleri bagyrlaryny paralap perýat edýärdi. Adna serdaryň daşaryk çykanyny görüp, onuň aýagyna ýykyldylar. – Başyňa döneýin, serdar aga! Sen musulman ahyry! Heý, musulmanam musulmana şeýle zulum edermi? Bizi hemme zadymyzdan mahrum etseňem eziz perzendimizden berin mahrum etme! Naçar eneleriň ýaka ýyrtyp edýän nalyşy Adna serdaryň gulagyna ilmedi. Onuň rehimsiz gözleri mal ýatakdaky atlaradyr düýelere dikildi. Ol şol tarapa göz ümläp goýberdi. Ýigitler mal ýataga baka eňdiler. Atlary jylawlap eýerlediler. Düýeleri howutladylar. Talanyp alnan zatlary düýelere ýüklediler. Gully ýetim şol ýykylan ýerinde gymyldaman ýatyrdy. Ol ýigitlerden biriniň gözüne ildi. – Bu ýatan Gully ýetim-le! Gully ýetim diňe şu ýerde Adna serdaryň ýadyna düşdi. ■ «Bedasyla jepa çekmek hebesdir...» Kyýas baý hakykatdanam obada ýokdy. Ol Tuwaknyýaz serdaryň gökleň ilinden iş bitirip gaýdanyny eşidip, ony gutlamaga we öz obasyndan bir topar ýigidi jemläp bereni üçin, olja paýlaşygynda ýetdik hakyny almaga gidipdi. Ol baranda Tuwaknyýaz serdaryň galasynyň içi gaýda-gaýmalaşykdy. Goly bagly ýesirler gyzgyn günüň astynda ýere bakyp otyrdy. Olja alnan gylyçdyr naýzalar we başga zatlar üýşüp ýatyrdy. Kyýas baý bu zatlary gözüniň gytagy bilen synlady-da, ýüzüniň ugruna serdaryň öýüne girdi. Öýde aksakgallar üýşüp otyrdy. Olaryň arasynda Çorly batyr hem bardy. Kyýas baý däp boýunça salam berdi. Kyýas baýy görenden Tuwaknyýaz serdaryň ýüzi gamaşdy. Bu syry Kyýas baý hem aklady. Şeýle-de bolsa, ol hiç zat bilmedik bolup, serdara ýalynjaňlyk etdi: – Ýörişiňiz mübärek bolsun, serdarym! Seniň tutan işini bitirýän, giden ýerinden getirýän ezber serdardygyňy ozalam bilýädim. Adna serdary öz süreninde gan agladyp gaýdypsyň. Harwar-harwar olja-da getiripsiň. – Biz olja etmäge gitmedik, baý aga. Adna serdardan ar almaga gitdik. Kyýas baý kinaýaly ýylgyrdy. – Galaňyzda bir topar goly bagly ýesir otyr, teblehanaňyzda üýtgeşik atlar daňylgy. Gapyňyzda gylyçmy, naýzamy – üýşüp ýatyr. Olar olja däl-de, dagy neme? – Senem ýeser adam-ow, baý aga! Geleniňiz ýaňy welin, eýýäm hemme zady hasaba alyp ýetişäýipsiňiz. – Aý, näme, az bolsun, kän bolsun, olja oljadyr-da! Ondan her kim ýetdik hakyny almaly bolar. – Ýetdik hakyny diýip, Tuwaknyýaz serdar geň galdy. – Aslynda, men kän olja getiräýemde, seniň oňa näme şärikligiň bar? Sen, näme, söweşe gitdiňmi? – Söweşe gitmämde näme! Ata-babadan gelýän düzgün bar: atyny-ýaragyny beren adam alamana gitmese-de, alnan olja şärik edilýär. Bu gezekki söweşe-de obamyzyň ýigitleri gitdi. – Gitse ýigitler gidipdir. Olaryň her haýsy bir atan ogly! Saňa näme dahyly bar? – Dahyly kän! Olary kim ýola saldy? Aty-ýaragy kim berdi? – Şeýle diýsene! Sen olary atabaýlaryň namysyny goramak üçin söweşe ugradansyň öýdýädik welin, asyl olja hantama bolup ugradan ekeniň-ow! Sen ýeke meni aldaman, öz obaňyzyň ýigitlerinem aldapsyň! – Bu näme diýdigiň boldy? Men haçan seni aldanmyşym? – Bilmedik bolmasana, baý aga! Sen Hanjan egri dagyny gökleň iline näme maksat bilen iberdiň? Näme, iru-giç bu zatlaryň aňyrsyna ýetilmez öýtdüňmi? – Sen ony kimden eşitdiň? – Seniň gyz ogurlygyna iberen adamlaryňdan eşitdim. Ýöne, arman, giç eşidipdirin. Şony eşidelim bäri öz eden işime ökünip aňyrsyna çykyp bilemok. – Hil bir iş bitiren ýaly, maňa beýle minnet etjegiňi bilen bolsam, saňa ýüzem tutmazdym! Hudaýa şükür, atabaýlarda iş başarýan serdar ýeke sen däl! – Bolýar, baý aga, gep şu bolsun! Indiden beýläk dileg edip gapymdan geläýseň, bigaýrat boldugyňdyr! Kyýas baý oňa ýene bir zat diýjek boldy. – Kyýas baýyň obasyndan gelen adamlar menden azat! – diýip, Tuwaknyýaz serdar baýa nobat bermedi. – Olary ýola salyň! Kyýas baýyň çykyp ötägitmekden başga alajy galmady. – Arkaýyn bolaý, serdar! – diýip, ol ýerinden turdy. – Indiden beýläk men seniň gapyňdan gelmerin. Kyýas baýyň yzy bilen Çorly batyr hem öýden çykdy. Kyýas baýyň obasyndan gelen ýigitler atlanmaly diýip buýruk berdiler. Öýlerine gaýdasy gelip ýürekleri böküp duran ýigitler, buýruk berlerine mähetdel atlandylar. Diňe Hanjan egri gaýtmakdan ýüz dönderdi. – Gaýtsaňyz sag-aman baryň! Men şu ýerde galybereýin. – O nähili galyberjek? – diýip, Kyýas baý azgyryldy. – Bu ýerde öýüň bolmasa, öwzaryň bolmasa, kişi gapysynda ýaşap gün görjekmi? – Aý, o taýda-da mülküm harap bolup baranok. Öňi-sony kişi hyzmatyny etjek bolsam, merdräk adama hyzmat edenim ýagşy! Hanjan egriň soňky sözüni Kyýas baý ýokuş gördi. – Beýle arkaýyn gürleýän welin, ikimiziň hasap-hesibimizem-ä bardyr. O atlara-da jogap bermel-ä bolarsyň. – Hany, ilki hasaplaşyp bir gereli! Haýsymyz bergili bolsak, dawamyzy serdar açyp berer-dä! * * * «Uruş gutaransoň batyr köpeler» diýlişi ýaly, Adna serdaryň atlylary giden badyna oba adamlary Kyýas baýyň howlusyna ýygnanyp başladylar. Ýygnanan adamlaryň köpüsi garrylardyr aýallardy. Urşa ýaraýan ýigitleri Tuwaknyýaz serdar alyp gidipdi. Ýygnanan adamlar bolan işi soraşdylar, soňra ony her haýsy özüçe üýtgedip, biri-birine gürrüň berdiler. Olardan biri: – Olaryň Kyýas baýda kasty barmyş – diýdi. – Şoňa görä-de, baýyň iki ogluny, iki agtygyny tutup äkidipdirler. Ikinjisi başga gep tapdy: – Gökleňleriň serdary: «Kyýas baý ogullarynydyr agtyklaryny halas edesi gelse, kän pul getirsin!» diýenmiş. «Eger ýygyn tartyp üstümize geläýse, ogullarynam, agtyklarynam öldürin!» diýenmiş. – Ol Kyýas baýyň hut özüni ele saljak eken – diýip, ýene biri gürrüň berdi. – Ýöne Kyýas baý obada ýok eken. Bu bolan işe adamlaryň her haýsy bir hili garady. Käbirleri haýpygelijilik bilen başlaryny ýaýkady, käbir adamlar bolsa begendi. «Wah, Kyýas baýyň özünem tutup äkidäýen bolsalar bolmyýamy!» diýip içinden ahmyr etdi. Ahyry Kyýas baý dolanyp geldi. Onuň ýanynda Çorly batyr bardy. Beýleki ýigitler yzdan sürüp gelýärdiler. Howlusynda jemende köpdügini görüp, Kyýas baý geň galdy. Baýyň obadaşlaryndan biri baryp onuň atyny tutdy. – Näme boldy? – diýip, baý sorady. – Aý, bolan zady aýtmaga biziň-ä dilimiz baranok – diýip, baýyň atyny tutup duran adam jogap berdi. – Gijäniň bir wagty gökleňler dökülipdir. «Gökleňler dökülipdir» diýen habary eşidende, Kyýas baýy ýylan sokana döndi. Beýnisi çaýkanyp, başy aýlanyp gitdi. – Olar näme weýrançylyk etdiler? Adamlar gören-eşiden zatlaryny gürrüň berdiler. Onuň iki ogly bilen iki agtygynyň äkidilenini-de aýtdylar Öz dabarasyny bütin Türkmensähra jar eden şeýle haýbatly Kyýas baý birden ejizledi. Onuň edil çaga ýaly möňňüriberesi geldi. Ol esli salym aňkasy aşan ýaly bolup doňup duransoň, öýüne gir- di. Aglaşyp oturan aýallary öýden kowdy-da, ýeke özi ýüzüni ýassyga berip ýatdy. Kowulan aýallar aňyrky öýe girip, ýene aglamaga. başladylar. Howludaky adamlar nätjeklerini bilmän, ýygrylyşyp durdy, gürleşenlerinde-de, pyşyrdaşyp gürleşýärdiler. Baýyň ýanyna baryp oňa göwünlik bermege hiç kim milt edip bilmeýärdi. Ahyry Çorly batyr ýüregine daş baglap, öýe girdi. Aradan esli salym geçenden soň, Kyýas baýyň özi dillendi. – Adamyň işi gaýtjak bolanda, onuň edeni ters bolar durar eken. Öňki çeken zyýanlam az ýaly, weýrançylyk näme diýsene! Ýeri, indi men öz perzentlerimi nädip halas edeýin? Şunuň ýaly wagtda Tuwaknyýaz serdar bilenem tersleşäýşimi diýsene' Çorly batyr jogap bermedi. Kyýas baý birden kellesini galdyrdy-da, Çorly batyra seretdi: – Ýa-da namartja olam, sagja olam diýägede, ýene onuň ýanyna baraýsammykam? «Men bir samsyklyk edipdirin welin, sen meniň bilen deň bolma! Öz garryňa özüň hossarlyk etmeseň, kim hossarlyk eder?» diýip ýalbarsam, onuň gahary ýumşamazmyka? – Näme diýsene, baý aga! «Ýüz öwlüýä ýalbarandan bir hudaýa ýalbar» diýipdirler! Sen kömek dilejek bolsaň, git-de Astrabatdan dile! Seniň bagtyňa şu wagtlar Hudadat begem Astrabatdamyş. Ol seniň öýüňde bolup, duzuňy iýen adam! Bu maslahat Kyýas baýyň maňzyna batdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |