19:33 Magtymguly -20/ romanyñ dowamy | |
■ «Söweş güni goç ýigitde müýn bolmaz...»
Taryhy proza
Çowdur öz nökerlerini hem beýleki obalardan kömege gelen adamlary bir ýere ýygnady. – Ýigitler! – diýip, ol ýuwaş, emma gazaply ses bilen söze başlady. – Gyzylbaşlar Serçeşmäniň boýuna uly güýç toplapdyr. Olaryň sany biziňkiden birnäçe esse köp. Gökleň obalaryndan hem ýomutlardan bize kömek geler öýdüp garaşdyk. Ol tamamyzam çykmady. Bize kömek etmäge wada beren adamlar namartlyk bürenjegi-ne bukuldylar. Biz ýalňyz öz gaýratymyza bil baglamaly bolduk. Bu söweş bize ýeňil düşmez! Kim-de kim ölümden gorkýan bolsa, entek wagty barka, gyra çekilsin! Ýigitler sesini çykarman, onuň ýüzüne seredip durdy. Ahyry Küti pälwan orta çykdy. – Näme diýsene, Çowdur han! Gyzylbaşlaryň tükeniksiz zulmundanam halys bez bolduk. Şeýdip Janserek bolup ýörenimizden mertlik bilen ölenimiz gowudyr. Men-ä söweşe taýyn! – Bizem söweşe taýyn! – diýen sesler ýerli-ýerden gaýtalandy. Ýigitleriň arasynda ýelümden gorkup çete çekileni tapylmady. Şondan soň Çowdur ýigitleriň hemmesini jemläp, obanyň gündogarsyndaky giň meýdana çykardy. Nökerleri iki topara böldi. Toparyň birine Küti pälwany serdar edip belledi, beýleki topary öz üstüne aldy. Gün gün-orta ýerine baranda obadan Şükür geldi. – Magtymguly şahyr geldi! – diýip, ol atdan düşmän habaryny berdi. – Bir topar ýoldaşam bar. – Ýoldaşy köçe atly? – Otuz töwereg-ä bar. Dem-dynç alyp, atlaryna ot-iým berenlerinden soň geljekler. – Magtymgulam geljekmi? – Näler geljek-le welin, ýaşulular goýberenok. – Magtymgulyň obada galany gowy! – diýip, Çowdur jogap berdi. – Nobat han, Hümmet hoja başlyklaýyn ile bulagaýlyk salýan adamlar bar. Ilatyň başyny bozman Etrekden gaýrak geçirmek üçin, şahyryň olaryň arasynda bolmagy gerek. – Gully ýetimem geldi. Alyp gaçan gyzyňam getiripdir. – Aý, ýog-a! – diýip, ýigitler ýerli-ýerden gygyryşdylar. – Ýetimegiň gözi dört bolan bolsa, ony gutlamak gerek. Gün öýleden agyberende Salyh serdar bilen Aky goturyň atlylary-da geldi. Ýöne börmeliler bilen ýomutlar her haýsy aýry toplum bolup geldiler. Gully ýetimdir Abdylaly çapyk olaryň öňlerine düşüp gelýärdi. Çowdur olaryň öňünden çykdy: – Türkmenlerde bir ajaýyp däp bar – diýip, Çowdur sypaýyçylyk etdi. – Siziň ýaly gadyrly ýigitler dabaraly toýlara çagyrylýardy. Bu gezek biziňki tersine boldy. Şum ykbal bizi jeň üçin çakylyk gurmaga mejbur etdi! – Saglyk bolsa, toýuňyza-da geleris! – diýip, Salyh serdar jogap berdi. – Näme hyzmatyňyz bolsa aýdyberiň! – Näme etmelidiginem, ynha, maslahatlaşybermeli! Gyzylbaşlar üstümize döküljek bolup, naýzalaryny gezäp dur. Biz olaryň hüjümine gaýtawul bermek üçin, iki topara bölünmekçidik. Sizem gelen bolsaňyz, siziň bilen üç topar bolýas. – Ýok, Çowdur han, dört topara bölüneliň! – diýip, Aky gotur jogap berdi. – Salyh serdaram, menem – her haýsymyz öz atlylarymyz bilen bolubersek gowy bolar. – Aky serdar hak aýdýar – diýip, Salyh serdar makullady. – Birewiň birewe minneti bolmaz ýaly, her kim özbaşdak söweş ediberse gowy bolar. Kömege gelen serdarlaryň gep atyşyna garanyňda, olaryň biri-birlerini küýsäp durmaýanlygy görnüp durdy. Olaryň bu bolşy Çowduryň göwnüne ýaramady. Bolsa-da, ol bu hakda dil ýamady. – Aý, gözel göwnüňiz! Onda, ynha, şu ýerde düşläberiň! Çowdur serdarlar bilen gürleşip durka, ýigitler Gully ýetimiň daşyna üýşdüler. Olar ýerli-ýerden gygyryşyp, Gullyny gutladylar, wäşi sözler aýdyp, oňa degdiler. Ýigitler özara gülşüp durka, gündogardan bir atlynyň atyny ýüzin salyp gelýänligi göründi. Ol didebanlyga giden ýigitlerden bişdi. Gyzylbaşlaryň bir bölek atlysy ýeňsämizden aýlanyp, oba baka barýa. – Olaryň sany näçeräk? – diýip, Çowdur sorady. – Takyk sanap bilemok. Meniň çakyma görä kyrk-elli atlydan köp däl bolsa gerek. – Düşnükli! – diýip, Çowdur pikire gitdi. – Ilatyň obadan göçýänligini olara habar edendirler. Gyzylbaşlar oba çozmazdan öňürti göçüljek ýoly kesmekçi bolýandyr. – Ony kim habar edendir öýdýäň? – Aramyzda sümsünip ýören jansyz gytmy näme! – Meniň diýenimi etseňiz-ä, gyzylbaşlaryň öňünden çykagada, olar bilen dikleşeliň! – diýip, Gully ýetim geňeş berdi. – Maslahatyň kabul. Ýöne olaryň öňünden çykmalyň-da, başga bir hile guralyň! Küti pälwan öz atlylaryny Daşlydepäniň aňyrsynda gizlesin! Salyh serdar çep tarapda jaryň içinde gizlesin! Aky serdar sag tarapda Eziz beýigiň aňyrsynda gizlesin! Bizem şu ýerde gizlenägede gyzylbaşlary orta alsak! – Jaý maslahat! – diýip, Salyh serdar makullady. – Duşmany dört tarapdan gabap bolsa, olara dowul salsa bolar. Duşman dowula düşse-de, töwiriniň galdyryldygy hasap edäýiň! – Ýöne ägä boluň! Çozmaly pursat gelýänçä özüňizi äşgär etmäň! Duşman bizi öňürti göräýse, hyýalymyzy puja çykar. – Duşmanyň garasy görünmänkä, ýetjek ýerimize ýetmegimiz gerek – diýip, Aky gotur jogap berdi. – Ýöne biz bu töwerege belet däl. Belet ýigitlerden ýanymyza goşaýsaňyz! Çowdur Gully ýetimi Aky gotura, Abdylaly çapygy hem Salyh serdara berdi. – Atlanyň! – diýip, serdarlar ýigitlerine buýruk berdiler-de, barmaly ýerlerine baka at goýdular. Çowdur öz atlylaryny yza çekdi-de, olary beýigiň arkasynda gizledi. Onsoň Şükür bilen bile beýige çykdy. Bu beýigiň üstünden meýdanyň köp ýeri görünýärdi. Söweş üçin iňňän ähmiýetli bolan Daşlydepäni-de, Ekiz beýigi-de görmek bolýardy. Az salymdan soň demirgazyk-gündogar tarapda tozan göründi. Tozan kem-kemden günbatara süýşýärdi. Az salymdan soň tozanyň arasy bilen atlar hem garalyp göründi. Olar bütewi bir toplum bolup barýardy. Olaryň ugry demirgazyga baka burulýardy. – Saňa bir ýumuş bar! – diýip, Çowdur Şüküre ýüzlendi. – Sen üç-dört sany ýüwrük atly ýigidi ýanyňa al-da, gyzylbaşlaryň gapdalyndan çyk! Bir zat diýjek bolsalar gaç! Gaçaňda göni Daşlydepä baka gaçgyn! Her zat etmeli welin, olary Daşlydepäň üstünden barar ýaly etmeli! – Hoş! – diýdi-de, Şükür depeden aşak indi. Az salymdan soň ol dört atla baş bolup, açyk meýdana çykdy. Olar atlaryny kä gorgunladyp kä öňürdikledip, gyzylbaşlaryň toplumyňa baka barýardy. Çowdur seredip ýatan ýerinden Şükür hakynda oýlandy. Mundan birnäçe ýyl ozal ol hiç zada erki ýetmeýän bir guldy. Akmämmet beg tetelli hojaýynlar ony itden enaýy görmeýärdi. Olaryň ite çörek berip, Şüküre bermedik wagtlary-da az bolmandyr. Şüküri her näçe kemsitselerem, ol hiç kimden kem ýigit däl. «Hojasy bar, belki, guluna degmez» diýip, Magtymguly rast aýdýar. Şükür dаgy gуzуlbaşlara ýаkyn bаrdylar. Gуzуlbaşlaryň tорlumyndan birnäçе аtlу bölündi-dе Şüküriň üstünе sürdi. Şükür dаgy alа tоzan turzuр, Dаşlydepä bаka gаçdy. Gуzylbaşlar оlary kоwmady. Çоwduryň lаpy kеç bоldy. Şükür dаgy еsli gаçandan sоň, ýеne уzyna dоlandy. Вu gеzek оlar gуzylbaşlaryň toрlumynyň üstünе аt gоýdular. Оlar bаtlaryny gаýtarman, toрlumyň içinе süsdüriläýjеk ýаly еdip göni bаrýardy. Оny görüр gyzуlbaşlar gоzgalaňa düşdi. Şükür dаgy birdеn уza sеrpildiler-de, ýаzzyny bеrdiler. Gyzуlbaşlar olаryň yzуndan kоwdular. Еtjek bolýаn рiriminiň şоwuna düşеnini görüр, Çоwdur bukudаky ýigitlеre: «Тaýýar bоluň!» diýеn уşarat еtdi. Оnýança bir bölеk näbеlli аtly еdil ýеrden çykаn ýаly bоlup, gуzylbaşlaryň üstünе gуkuwlap döküldi. «Gаlkan göklеňiň atlуlarydyr-ow! – diýiр, Çоwdur çаk еtdi. – Sоkulmasyz ýеre sоkulyp, ýеne-de biziň рirimimizi bоzdy-da!» – Аtlanyň! – diýiр, Çоwdur ýigitlеre buýruk bеrdi. Ýigitlеr dеssalymda аtlandylar. Çоwdur gündоgara bаka sürüр, duşmаnyň аrkasyna aýlаndy. – Ägä bоluň! Duşmаnyň ýеkejesinem sypdуraýmaň! Mеýdanda gуkylyk-galmаgal götеrildi. Аt toýnаgynyň güрürdisi ähli mеýdany tutdу. Gyzуlbaşlar еntek bеlleşilen ýеre ýеtmedigem bоlsa, gykуlyga kеllesi göçеn Sаlyh sеrdar birdеn jаrdan çуkdy-da, gуkuwlap, gyzуlbaşlaryň üstünе еňdi. Sаlyh sеrdaryň çozаnyny görüр, Аky gоtur hеm sаg tarаpdan еňdi. Şоndan sоň Кüti рälwan hеm duşmаnyň üstünе аt gоýdy. Çоwduryň ýürеgi ýеrine gelеn ýрly bоldy. Duşmаny gаbamak bаşartdy. Gabаwa düşеn duşmаn jаnyny gutаryр bilse, kаýyl boldy. Çоwdur gyzуlbaşlary sуpdyrmajak bоlup, başаgaý bоlup ýörkä, birnäçe аtlynyň gaýrаdan аýlanyp gаçyp bаrýanlygyny gördi. – Syрdyrmaň! Öňündеn bоluň! – diýiр, Çоwdur gygуrdy. Çowduryň buýrugyny ýerine ýetiren adam tapylmady. Olaryň yzyndan Çowduryň özi kowdy. Çowdur olardan iki-üç sanysyny ýaralady. Emma iki sanysy ýetdirmän gaçyp gitdi. Çowdur janyýangynlyk bilen yzyna dolandy. Urşuň gutaranlygyna garaman söweş meýdany ala-zenzeledi. Ýaraly biçäreler iňleýärdi suw dileýärdi. Eýesiz atlar jylawyny süýräp, ikibaka okkesdirme geçýärdi. Salyh serdar bilen Aky goturyň adamlary ýetişip bildigine olja ýygnaýardy. «Belanyň körügi oljada eken-ow!» diýip, Çowdur käýindi. Birden sag tarapdan gykylyk eşidildi. Çowdur gaňrylyp seredende, Salyh serdar bilen Aky goturyň biri-birine haýbat atyp durandyklaryny gördi. Olaryň ýanynda kümüş şaýlar bilen bezelen owadan gyr at hem bardy. – Dawaňyz näme? – diiýp, Çowdur sorady. – Olja paýlaşylanda karam etmek namartlykdyr! – diýip, Aky gotur gygyrdy. – Bu gyr atyň eýesi bilen söweş edip, ony atdan agdaran biz, onuň aty-da biziňki bolmaly. – O näme üçin siziňki bolmalymyş? – diýip, Salyh serdar ondanam beter gygyrdy. – Eýesini kim atdan agdaranam bolsa, aty kowalap tutan biz. Gaçyp ýören aty kim tutsa, şonuňky bolar! – Her zat etseňem, şu at-a beräýmen! – diýip, Aky gotur atyň jylawyndan ýapyşdy. – Ony alaýjak bolsaň, ikimizden birimiz kellämizden dynmaly bolarys. Salyh serdaryň adamlary bir gapdalda, Aky goturyň adamlary beýleki gapdalda gylyçlaryna ýapyşyp durdy. Sähelçe meçew tapsalar, ganly söweşe girjekdiler. – Munyňyz bolanok! – diýip, Çowdur olaryň arasyna düşdi. – Häzir olja kowalaşmagyň wagty däl. Entek söweş gutaranok. Siz duşmanyň gazabyny indi görersiňiz! Çowdur Salyh serdar bilen Aky gotura töwella edip durka, Galkan gökleň geldi. Ol eýeriň gaşyndan aýagyny çilşirip otyrdy. – Siz meni wurdumşalykda aýyplaýasyňyz – diýip, ol kakdyryp gürledi.–Men her näçe kakabaşam bolsam, nirede olja kowalaşmalydygyny, nirede abraýa kowalaşmalydygyny bilýärin. Aky gotur gaýtargy bermän durup bilmedi. – Ýogsam, ýaňky sözüň üçin diýäýmelisi belli-le! – Gaty görme, serdar! – diýip, Galkan gökleň güldi. – Men Magtymguly şahyryň wesýetini berjaý edýän. «Kimseler bukular, kim-se at uşlar, Abraý tapmasa, paýa seretmez!» – Biz ýanky gyzylbaşlary sypdyrmak bilen uly hata etdik – diýip, Çowdur dowam etdi. – Olar baryp Habyp hana habar berer. Şondan soň Habyp hanyň üstümize eňjeginiň ujy iki däl. Ol sebäpdenem, olja dawasyny goýalyň-da, duşmana gaýtawul bermegiň maslahatyny edeliň! ■ «It güjügi ite çeker...» Habyp han serbazlaryny kem-kemden Serçeşmäniň boýuna jemledi, çadyr gurdurdy. Atly hem pyýada nökerlerini ýerleşdirdi, uzakdan gökleň obalaryna syn etdi. Onsoň birnäçe atlyny iberip, Nobat hany ýanyna çagyrdy. Nobat han baranda Habyp hanyň serbazlary giden meýdany tutup ýaýraşyp ýatyrdy. Ony görüp Nobat hanyň susty basyldy. Habyp han ony yzgytsyz garşylady. Nobat hanyň gözüne ol ertekilerde aýdylýan döwdenem eýmenç göründi, – Hoş gelipsiňiz, han aga! Sadyk guluňyz hyzmata taýyn! – Şü gylyjyny ýalap duran aç böri ýaly ýigitleri görýäňmi? – diýip, Habyp han syýasat etdi. – Gözümi ümläýdigim, olar ýurduňda ýel öwüsdirler. Oňa akylyň ýetýän bolsa gerek? – Elbetde, han aga, akylym ýetýär. – Akylyň ýetýän bolsa, haýal etme-de, gökleň ilinden ýygnalmaly salgydy jem edip getir! Şa goşunyna iberer ýaly iki ýüz atlyny hem jem edip getir! Men ýörite goşun çekip gelenimden soň, şu zatlary berjaý etmän yzyma dolanmajagyma-da akylyň ýetýän bolsa gerek? – Beli, han aga! Ona-da akylym ýetýä. – Onda maňa jogap ber! Şu zatlary berjaý etmek üçin saňa näçe gün möhlet gerek? – Neme-dä, han aga, bizem iliň ýagdaýyna görä... – Bir zady bilip goý! – diýip, Habyp han onuň sözüni kesdi. – Biz şu ýerde näçe gün eglensek, ähli çykdajymyz siziň boýnuňyzadyr! Adamlarym näçe goýun iýse, näçe çuwal un iýse, atlaram näçe batman arpa iýse, hemmesini siz tölärsiňiz! – Dört-bäş gün möhlet beriň! Şoňa çenli bizem... – Şol iň soňky möhletdir! Artyk garaşara sabrymyz ýok! Nobat hanyň çykyp gidibermekden başga alajy galmady. Nobat han gidenden soň Habyp han ýüregine dowul goýan pirimlerini amala aşyrmaga başlady. Ol gökleň iline beledräk adamlardan iki sanysyny gizlin ýumuş bilen gökleň obalaryna iberdi. Şol tabşyryk bilen gidenleriň biri-de Süleýmandy. Gidenleriň biri dolanyp geldi. Ol gökleň obalarynda dörän howsalany, adamlaryň aljyraňňylyga düşüşini, Çowdur hanyň nökeriniň sanyny Habyp hana habar berdi. Süleýman gaýdyp gelmedi. Habyp han öz çadyrynda Süleýmana garaşyp otyrka, onuň ýanyna Tagy hem geldi. – Biz şeýdip ýatmaly bolarysmy? – diýip, Tagy han sorady. – Gelenimize bir topar gün boldy, söweşe giremzok-la! – Gyssanma, Tagy han! Görjegiň söweş bolsa, söweşme keýpinden çykarsyň. Entek Nobat han etjegini etsin. Oňa çenli goşunymyzam jemlener. Onsoň nobat biziňkidir. – Nobat han salgydy ýygnap getiräýse nätjek? – Hatyrjem bolaý, Tagy han! Gökleňler salgydyny beýle aňsat üzýän bolsa, munça ýygyny bu ýere ibermezdiler. Gürrüň gutarmanka Nobat han hasanaklap geldi. – Işler bulaşýa, han aga! Adamlar salgyt tölemekden gaçyp, göçüp gitjek, bolýalar. Olary göçürmejek bolup, şunça tagalla edýäs welin başardanok. Ili azdyrýanam Magtymguly. – Ol halky azdyrýan bolsa, siz näme işleýäňiz? – diýip, Habyp han onuň sözüni kesdi. – Külli gökleňiň hany bolup, bir şahyrsumaga hötde gelip bilenokmy? – Başardanok, han aga! Adamlar oňa pygamber däldir öýdenok. – Gep gerek däl! Näme etseň et-de, salgydy jem edip getir! – Maňa birnäçe atly beriň, han aga! Ýogsam olar meniň atlylaryma eýgerdenok. – Amanja bol, han! Meniň serbazlarym seniň buýrugyňa lepbeý diýer öýtmegin! Ol ýere meniň serbazlarym barjak bolsa, seni başyma ýapaýynmy? Nobat hanyň ýüzi sallandy. Ol janyýangynlylyk bilen hyrçyny dişledi-de, yzyna dolandy. – Nobat hanyň aýdýany ýerliksizem däl – diýip, ikiçäk galanlaryndan soň Tagy han maslahat berdi. – Gökleňler Nobat hana baş bermän, göçüp ötägitmesin? – Biz Nobat hana nöker berip, ony ýaman öwretmeris. Bu ýerde başga maslahat bar. – Näme maslahat bar, han aga? – Bir bölek atlyny iberägede, Sumbara gidilýän ýoly kesmeli! Obalardan göçüp gidýän adamlaryň ýekejesinem sypdyrman gapjamaly! Ähli mallaryny, zatlaryny olja almaly! Bu maslahat Tagy hanyň agzyny suwartdy. – Şu ýumuşa meni ibersene, han aga! Tagy hanyň göwnüni ýykmaga Habyp hanyň bogny ysmady. Ony beýle hatarly ýumşa ibermäge-de töwekgellik edesi gelmedi. Birden oňa bir zat bolaýsa, Gulamaly hana näme jogap berjek? Habyp hanyň nämä ikirjiňlenýänine Tagy han düşündi. – Ikirjiňläp oturmaň, han aga! Men çaga däl! Atamyz meniň ýaşymdaka Nedir şanyň goşunynda serdarlyk edipdir. Menem özbaşdaklygy öwrenmeli ahyry! Habyp han ýoly kesmek üçin Tagy hany iberdi, Tagy han gidenden soň Habyp han arkaýynlandy. «Indi hiç kim obadan göçüp bilmez! Göçen adamlaram Tagy hanyň girisine düşer». Ol Tagy hana umyt baglap, öz çadyrynda arkaýyn ýatyrka, onuň nökerlerinden biri kürsäp içerik girdi: – Han aga, Tagy hanyň iki sany atlysy geldi. Habyp han serbazlaryň çadyra girerine-de howlugyp, daşaryk çykdy. Çadyryň öňünde iki sany serbaz ýüzüni sallap durdy. Olaryň ýüzünde gan-pet ýokdy, eşikleri sal-saldy. Habyp hanyň çadyrdan çykanyny görüp, olaryň ikisi-de dyza çökdi. – Näme boldy? – Bizi hudaý tutdumy ýa-da döw çaldymy – diýip, serbazlardan biri jogap berdi. – Ýazylyp ýatan giň meýdanyň içi bilen barýarkak birden dört töweregimiz gara telpekden dolaýdy. Ondan soňky bolan weýrançylygy aýtmaga dilimem öwrülenok. – Tagy han nirede? – Bilmedik, han aga. Hemmämizi wes-weýran etdiler. Şu ikimiz zordan gaçyp gutuldyk. Habyp han duran ýerinde doňup galdy. «Adam gaty aljyranda, üç gezek «Kulhuallany» sanasa, paýhasy durlanarmyş» diýip, atasynyň öwredýäni ýadyna düşdi. Ol duran ýerinden «Kulhuallany» sanamaga durdy. Onuň dili doga sanasa-da, kellesinde başga pikir at çapýardy. Birdenem Gulamaly hanyň: «Türkmenler pitne turuzaýsa, olara berk daragyn!» diýeni ýadyna düşdi. Ol sanap duran dogasyny tamamlamaga-da howlugyp: – Pitne! – diýip gygyrdy. – Olar meniň goşunyma garşy ýarag göteripdir! Atlanyň! ■ «Elbetde, duşmana syýasat ýagşy...» Çowduryň nökerleri söweş meýdanynda etmeli işlerini edensoň Ekiz beýigiň aňyrsyndaky oýa çekildiler. Salyh serdaryň atlylary bir bölek, Aky goturyň atlylary ikinji bölek, Galkan gökleňiň atlylary üçünji bölek bolup ýerleşdi. Çowduryň atlylary-da özbaşyna topar bolup oturdy. Olardan uzak bolmadyk meýdançada söweşde ýesir alnan serbazlary oturtdylar. Ýesirler on üç adamdy, hemmesiniň gollary daňyldygy. Diňe iki ýesiriň goly daňylgy däldi. Olar ýaralydy. Ýesirleriň arasynda bir murtlak ýigit beýlekilerden saýlanýardy. Onuň egnindäki gara mahmal donuňyň ýakalary, ýanlary parawuzlangydy, aýagynda zerli ädigi bardy. Ýigitler atlaryna iým berdiler. Nahar edindiler. – Ýesirleriň gollaryny çözüň-de, olara-da nan beriň! – diýip, Çowdur tabşyrdy. Ol murtlak ýigidiň gollaryny çözmek üçin onuň ýanyna bardy. – Siziň adyňyz kim? – diýip, Çowdur sorady. Murtlak ýigrenç bilen ýüzüni çytdy-da, aňyrsyna bakaýdy. – Adyň soralýa! – diýil, Gully ýetim parsçalap gygyrdy. Murtlak ýigit Gully ýetime parsçalap sökdi. – Ol deýýus, näme, goly bagly halyna biziň üstümize haýbat atan bolýar-a? Onuň kellejigini togalaýsak nädýä? – Paňkyllama! – diýip, murtlak ýigit azgyryldy. – Maňa eliňizem degrip bilmersiňiz. Saçymdaky ýekeje gylyma şikes ýetäýse, ýurduňyza gan çaýkaljagyny bilip duransyňyz! – Çowdur han, rugsat bersene! Şunuň murtluja kellesini togalap bir içimizi sowadaly-la! Olaryň ýanyna Galkan gökleň geldi. – Haý, oglum, entegem oglanlygyň aýrylmandyr-ow! Agramyna deňe-deň pul alJagymyz görnüp durka, ony Öldürip bolarmy?! Çowdur murtlak ýigidiň kimdigini beýleki ýesirlerden soraşdyrdy. Ony hiç kim aýtmady. Olaryň murtlak ýigitden öler ýaly gorkýanlygy gözlerinden bildirip durdy. Ýesirleriň her haýsyna bir döwüm çörek berdiler. Murtlak ýigit çörekden ýüz önderdi. Beýleki ýesirler çörege işdä bilen ýapyşdy. Murtlak ýigit olara it ýaly azgyryldy. Şondan soň ýesirleriň hiç haýsysy çörege agyz urup bilmedi. Az salymdan Baky Süleýmany öňüne salyp getirdi. (Meýdanda söweş bolan wagty ony jaryň içinde daňyp goýupdylar.) Ol atyň öňüne düşüp, ýüzüni sallap gelýärdi. Birden onuň gözi ýesirleriň arasynda gomparyp oturan murtlak ýigide düşdi. – Tagy han! – diýip, dillenenini ol duýman galdy. – Sen Tagy hany tanaýaňmy? – diýip, Çowdur sorady. – Astrabat welaýatynda ony tanamaýan ýokdur! Ol Gulamaly hanyň ogly ahyry! Çowduryň ýüzi ýagtylan ýaly boldy, Şeýle diýsene! Biz şir çagasyny gola salan ekenig-ow! Onda hudaýyň garaşyk egdigi hasap edäýiň, adamlar! Şir çagasy bolan ýere gaýry möjekleň hiç haýsy aýak basyp bilýän däldir. – Çowdur bir tümmege ýaplanyp ýatyberdi. Galkan gökleň, Küti pälwan, Salyh serdar, Aky gotur hem onuň ýanyna bardylar. – Biziň elimize düşen murtlak ýigit Gulamaly hakyň oglumyş – diýip, Çowdur içinden edýän pikirini daşyna çykardy. – Hälki biziň elimizden sypyp giden serbazlar bolan wakany Habyp hana habar eder. Habyp han ugrybir Tygy hanyň idegine çykar. Sebäbi Tygy hany sag-aman atasyna gowşuraýmasa, işiniň pyrrykdygyny bilip durandyr. – Onda, näme urşa taýynlanybermelimi? – diýip, Aky gotur sorady. – Mende şeýle pikir bar: özüňiz bilýäňiz, Habyp hana Tagy han gerek. Eger biz Tagy hany öldüräýsek, Habyp hanyň özüniň hey kellesiniň kesiläýjegine onuň akly ýetýändir. Tagy hanyňam jany biziň elimizde. Habyp hanyň üstüne ilçi ibersek! Ilçem baryp Tygy hanyň ýesir düşenini aýtsa! «Eger aradan bäş-alty gün geçýänçe bize garşy ýekeje ädim ädäýseň, Tygy hanyň kellesini keseris» diýip duýduraýsak, Habyp han biziň şertimize kaýyl bolsa gerek. – Sen näme üçin bäş-alty gün möhlet diläp şert goýýaň? – diýip, Salyh serdar sorady. – «Tagy han gerek bolsa alyň-da, gelen yzyňyza haýdaň!» diýäýemizde bolmazmy? – Beýle däl! Häzir Tagy hany Habyp hana beräýsek, ol şol bada şertini bozar. Eger bäş-alty gün ara salsak, oňa çenli biziň bosgunlarymyz ýetjek ýerine ýeter. – Siz Habyp hanyň ýanyna kimi ilçi iberseňizem gaýdyp geler-ä öýtmäň! Habyp han ony Tagy hanyň ýerine girew alyp galar. – Ilçi öwezine Süleýmany iberäýeliň! Biziň şertimizi Habyp hana kim baryp aýdanda näme! – diýip, Küti pälwan maslahat berdi. – Sizem peýda bilen zyýany bileňzogaýt! – diýip, Galkan gökleň gürrüňe goşuldy. – Birinjiden, Süleýmanyň Habyp hana näme diýjegi belli däl. Asyl onuň ýanyna barmazlygam mümkin. Ikinjiden, eger ol baraýsa, duşmanyň bir adamsy artar. Siziňem bir ýesiriňiz kemeler. Ýesiri elden gidermek barypýatan kemakyllykdyr. Sebäbi ony ýesir düşen bir ýigidiňiz bilen çalşyp bilersiňiz. Juda bolmanda Hywa ýa-da Buhara gidýän täjirlere satyp bilersiňiz. Habyp hanyň üstüne Nobat hany ibermek gerek! – Nobat hany nireden aljak? – Ol iki sany ýoldaşy bilen daňylgy ýatyr – diýip, Galkan gökleň jogap berdi. – Men Habyp hanyň näme işleýänini biljek bolup, uzakdan syn edip ýatyrkam, üç sany atlynyň şo tarapa barýanlygyny göräýdim. Olardan biriniň Nobat handygyny tanadym. Ol haramzadany ele salasym geldi. Aradan köp wagt geçmändi. Bir görsem, olar eýýäm dolanyp gelýä. Bizem: «Gelseňiz geliň bakaly!» diýägede, çola meýdanda olaryň daşyny gabadyk. Şowdan bäri ol Serçeşmäniň bärisindäki gamyşlykda daňylgy ýatandyr. – Men garşy däl! – diýip, Çowdur jogap berdi, * * * Habyp han Çowduryň gabawyndan gaçyp sypan iki sany serbazy öňüne salyp, söweş bolan meýdana sürdi. Atly goşun öňden, onuň, yzyndan pyýadalar, pyýadalaryň yzyndan ýükli ýabylar ham gatyrlar gitdi. Habyp han söweş bolan meýdana baranda Gün aşaklapdy. At toýnagy zerarly depirjik bolan meýdanda öli hem ýaraly adamlar serlişip ýatyrdy. Tasap ýören at, gaçyp ýatan ýarag görünmeýärdi. Ölüp ýatan serbazlaryň ädikleri hem sowutlary sypyrylgydy. Habyp han atdan düşdi, ýatan adamlary ýeke-eke gözden geçirdi. Tagy hana gözi düşmedi. «Eý, taňrym! Oňa näme bolduka?» diýip, ol alada galdy. Gulamaly hanyň eýmenç suraty birden gözüniň öňüne geldi. «Ony dara çekiň!» diýip, höküm edýän aýylganç sesi-de gulagyna gelen ýaly boldy. Şu aralykda Habyp hanyň golaýynda guma bulaşyp ýatan bir serbaz kynlyk bilen gepläp suw diledi. – Adyň kim? – diýip, Habyp han sorady. – Abdylryza. – Tagy han nirede? – Bilmedim. Adam adamdan habar biler ýaly bolmady. – Sizi gabanlar köp atlymy? – Köp. Türkmenleň goşuny köp eken. Habyp hanyň ýüregine öňküdenem beter wehim düşdi. – Sizi gaban türkmenler niräk gitdi? – Görmedim, han aga. Ýaralanyp ýykyldym. Habyp han başga zat soramady. – Olar uzaga-ha giden däldir – diýip, Abdylkerim han gürrüňe goşuldy. – Gözläbersek tapdyrmazmyka? – Tapdyrmaz! – diýip, Habyp han jogap berdi. – Sebäbi, biz olary göremzok. Olar bizi görüp ýatandyr. Abdylkerim hak sesini çykarmady. Onuň garaňkyň içinde türkmenleri gözlemege töwekgellik edesi gelibem duranokdy. Muny ýöne Habyp hanyň göwni üçin aýdaýypdy. Oba sürdüler. Oba boşap galypdy. Hatar-hatar öýleriň ýurt ýerleri garalyp ýatyrdy. – Obada janly-jemende galmandyr – diýip, Abdylkerim han dillendi. Habyp han onbaşylardan birini ýanyna çagyrdy: – Nobat hanyň galasyna git-de, oňa habar et! Häziriň özünde ähli nökerlerini alyp şu ýere gelsin! Onbaşy Nobat hanyň galasyna baka at goýdy. Habyp han üçin çadyr gurdular, düşek ýazdylar, her hili ir-iýmiş getirdiler. Habyp han düşegiň üstüne geçdi. Ýöne, ir-iýmişleriň hiç haýsyna el urmady. Az salymdan soň onuň ýanyna Abdylkerim han geldi. – Adam her näçe seresap bolsa-da, birden kemakyllyk edenini duýman galaýýar! – diýip, Habyp han zeýrendi. – Bular ýaly ýumşa Tagy hany ibermek niýetim ýokdy welin... – Alla keremdir! – diýip, Abdylkerim han göwünlik berdi. – Ölüleriň arasynda onuň meýdi ýok. Ol diridir. Türkmenlere ýesir düşendir ýa-da gaçyp gidendir. – Gepem şonda-da! Eger ol ýesir düşen bolaýsa, ony nädip türkmenleriň elinden alarys? – Entek Nobat han bir gelsin! Onuňam hasaby tapylar. Nobat hanyň yzyndan giden atlylar ýarygije dolanyp geldi. – Nobat han galasynda ýok eken, han aga – diýip, onbaşy habar berdi. – Onuň nökerlerini alyp gaýtdyk. – Bärik gel! – diýip, Habyp han Nobat hanyň nökerlerinden birini ýanyna çagyrdy, – Lepbeý, han aga! – Nobat han nirede? – Bilmedim, han aga. Onuň şol siziň huzuryňyza gidişi. Habyp hanyň öňküdenem beter kejebesi daraldy. Ol hiç kime ýüzlenmän hapa sökdi. Onýança oýuň guşluk ýakasynda biri: «Duran ýeriňden terpenme!» diýip gygyrdy. Haýsydyr bir ses oňa jogap berdi. Az salymdan ýaňky gykylyk eşidilen tarapdan bir atly geldi. Onuň Nobat handygyny tanadylar. Habyp hanyň ýüregine ot ýapyşdy: – Jähennem edin ony! – Öldürseňem başym saňa gurban bolsun, han aga! – diýip, Nobat han ýalbardy. – Meniň iňňän möhüm gürrüňim bar. – Jähennem ediň! – diýip, Habyp han öňküsindenem yzgytsyz gygyrdy. – Ol görbe-görüň özem gerek däl, sözem! Nobat han ýene bir zat diýjek boldy, emma oňa gepläre maý bermän, südenekledip alyp gitdiler. Abdylkerim han hem olaryň yzy bilen gitdi. Habyp han ýeke galdy. Habyp hanyň ýüregi suw üstündedi. «Tagy hanyň öldüräýseler men nädip Gulamaly hanyň gözüne görnüp bilerin» diýen howatyr ýekeje salym hem onuň kellesinden gidenokdy. – Nobat han dogry aýdan eken, hanym! – diýip, ol mälim etdi. – Onuň siziň bilen möhüm gürrüňi bar. – O nähili gürrüň? – Türkmenler Tagy hany ýesir alypdyr. Ol dirimiş. – Ony kim aýtdy? – Ony gökleňler Nobat hana aýdypdyr. Olar biziň öňümizde şert goýýamyş. Ýene bäş-alty gün türkmenlere azar bermesek, olar Tagy hany bize berjekler. Eger türkmenleriň üstüne ýörüş etsek, Tagy hany öldürjekler. Habyp han bu habara begenjeginem bilmedi, gynanjagynam. Ol az salym ýuwdunyp durdy-da! – Nobat hany getiriň! – diýdi. Nobat han çadyra girdi-de, ýüzüni sallap duruberdi. – Sen obany-iliňi terk edip nirä ýitirim bolduň? Nobat handan jogap bolmady. Onuň ýüzi boz-ýaz bolup durdy. – Sen Tagy hanyň türkmenlere ýesir düşenini nireden bilýäň? – diýip, Habyp han soragyny üýtgetdi. – Çowdur han aýtdy. – Çowdur hanyň ýanyna näme işlemäge bardyň? – Bu birhili bolaýan zat, han aga! – diýip, Nobat han ýere bakyp durşuna jogap berdi. – Şol gün siziň huzuryňyza baryp gaýdyp gelýäkäm ahmallyk bilen gabawa düşdüm. Meni tutup, bendi edip goýdular. – Kim bendi etdi? – Gökleň garakçylary. Bu wagt olaram Çowduryň hyzmatyna barypdyr. Meni tasdanam öldüripdiler. Ýöne Tagy han meselesi ara düşenson, öz şertlerini size aýtdyrmak üçin, meni boşadaýdylar. Habyp han jogap bermedi. Ol bir nokada seredip, gymyldaman otyrdy. Habyp han sesini çykarmasa-da, Abdylkerim han onuň näme karara gelenligine düşündi. Sebäbi onuň öňünde ýekeje ýol bardy. Ol Tagy hany aman-sag atasyna gowşurmalydy. ■ «Ýazan kitaplarym sile aldyryp...» Ýaşulularyň Magtymgulyny obada alyp galany bähbit boldy. Magtymgulynyň tagallasy bilen ilaty göçürmek başartdy. Ýüzüni garaňka tutup ýola düşen göç kerweni obadan esli arany açypdy. Ilat ähli mal-garasy bilen dogduk ýurdundan göterileni üçin, Sumbar ýolunda uly bosgun emele gelipdi. Adamlar ýükli düýeleri, eşekleri gyssaýardy. Bosgunyň öňüni Çerkez onbegi çekýärdi. Magtymguly bilen Nazarly yzdan sürüp barýardy. Magtymgulynyň şägirtleri-de onuň ýanyndady. Diňe Orazmeňli ýokdy. Ol Çowduryň atlylaryna goşulyp gidipdi. Magtymguly göçjek bolanda şägirtlerine rugsat berdi. – Siz bizden tälim almak üçin süýji umyt bilen gelen adamlar! – diýip, ol şägirtlerine ýüzlendi. – Biziň ýurdumyzdan, biziň adamlarymyzdan ýüregiňizde ynjy galmaly däldir. Biziň başymyzdan inen betbagtlyga-da şärik bolmaň! Bu ýerde weýrançylyk ýeli öwüsmänkä, ýurduňyza rowana boluň! Şägirtler bu maslahata göwnemediler: – Biz şunça ýyllap siziň bilen duz-emek bolduk. Bu gün halypamyzyň başyna müşgil iş düşende, ony taşlap gitsek, soňky gün nädip ilä çykyp bileris? Şägirtleriniň halypalaryny ýowuz günde goýup gitmejegi çyndy. Diňe Mülkaman wepaly bolup bilmedi. Ol Saragta gidip gelmek işiniň barlygyny bahanalap öýlerine gaýtdy. Mürze Zahyrdyr Ussagara öz halypalaryny göçürmäge kömek etdiler. Onuň öýüni çözdüler, goş-golamlaryny daňyşdyrdylar, düýelere ýüklediler. Magtymgulynyň kitaplaryny eserdeňlik bilen çuwallara salyp, bir gatyra ýüklediler. Onuň şygyr diwanlary saklanýan sandyk hem şol gatyra ýüklendi. Magtymguly göräýmäge özüni parahat saklasa-da, owuň gaýgysy hemme kişiňkiden beterdi. Ol bir tarapdan, mähriban ilini terk edip gaýdan agyr bosgunyň duşmanyň aýagy ýetmejek ýere sag-aman aşmagyny gaýgy etse, ikinji tarapdan, Çowduryň ýanynda galan gül ýüzli ýigitleri gaýgy edýärdi. Ol ýigitleriň haýsynyň aman geljegini, haýsynyň söweş meýdanynda galjagyny Alla bilsin! Bu urşuň ýarasy köp adamlaryň ýüregini dilim-dilim eder! Eziz balasyny ýitiren naçar eneleriň, mähriban atalaryndan jyda düşen neresse çagalaryň ahy-nalasy ýeri-gögi lerzana getirer. Gyzylbaş eneleriniň dökjek gözýaşy-da türkmen eneleriniňkiden az bolmaz! Gün ýaşdy. Bosgun dar jülgäniň ugry bilen kä kötele çykyp, kä aşak inip gidip barýardy. Birden Magtymguly arka tarapda aýak sesini eşitdi. Ol gaňrylyp seredende bir eşekli adamyň ýekeje düýäni idip gelýänligini gördi. – Essalawmaleýkim! – Waleýkim essalam! – diýip, Magtymguly onuň salamyny aldy. – Beýle biwagt nireden gelip, nirä barýaňyz? – Meniň-ä nirä barýanyma-da düşer ýaly bolmady – diýip, nätanyş jogap berdi. – Gerkez obasyna barýardym. Ýetip barýakam yzyma gaýtardylar. Oba bararlygy ýok diýdiler. «Gerkezde görjek adamym bardy» diýdim welin, şu ýol bilen gitmegi salgy berdiler. – Görjek adamyňyza kim diýýäler? – Walla men-ä nädip aýtjagymam bilemok. Maňa Balkandan Türkmensähra gelýän bir aýal maşgala bilen ýoldaş bolmak miýesser etdi. Ony horlaman-ynjytman alyp gelýädim. Garaňky düşensoň ýolda düşlemeli bolduk. Ertir turup seretsem, düýäm ýok. Onsoň ýaňky aýaly ogly bilen goşda goýdum-da, düýämi gözlemäge gitdim. Yzyny yzarlap zordan tapdym. Bir menzildenem daşga giden eken. Iki günden soň dolanyp geldim. Görsem aýalam ýok, oglam! Galdym bir çykgynsyz alada! Olaryň yzyny yzarlap ugradym. Yzyndan belli bolşuna göre, olar bir topar atla duşupdyr. Atlylaryň yzy Gerkeze baka gaýdypdyr. Men şol aýaly gözläp ýörün. Aýalyň ady Bahar bolmaly. – Baharlyk näme hyzmatyňyz bar? – Oňa gowşurmaly amanadym bardy. Kyýamat güni bergili bolmaz ýaly, şony gowşuraýjakdym. – Pulmy? – Nädip bildiňiz? – diýip, Mawy geň galdy. – Geň görmän! Baharyň özi gürrüň edip berdi. – Ol şu ýerdemi? – Bosgunyň orta gürpürägine baryp sorasaňyz görkezerler. Mawy eşeginiň gerşine çişläp, düýesiniň boýnuny üzere getirip, öňe baka dyzady. – Adam bilmeýän zadyna betgümanlyk edibem günä gazanyp biljek eken-ow! – diýip, Mawy gidenden soň Magtymguly öz-özüne käýindi. – Bizem ýaňky bendä nähak betgüman bolan ekenik. – Ol adam kim, şahyr? – diýip, Ussagara sorady. Magtymguly Bahar hakyndaky gören-eşiden zatlaryny ýoldaşlaryna gürrüň berdi. Şeýlelik bilen, gijäniň köpüsi geçdi. Turuwbaşdan haýdap gelýän adamlar-da, mallar-da gaty ýadady. Asmanyň ýüzi durudy. Ýyldyzlar asman şemdanlaryndan ýakylan sansyz şemler ýaly, gara daglara ölügsije yşyk berýärdi. Dag şemalynyň getirýän güýz howasy ýadaw bedenlere hoş ýakýardy. Ahyry daň atdy. Ýaşulularyň eden kararyna göra, bosgunlar uzyn gije ýol ýöräp, daň atandan soň amatly meýdan gabat gelen ýerinde ýük ýazdyrmalydy. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, jary ýada salyp duran darajyk jülgäň yzy tükenenokdy. Düşlemek üçin bolsa giň ýer gerek, mallary otarar ýaly meýdan gerek. Birden günbatar tarapdan goýy gara bulut abanyp başlady. Magtymgulynyň gözüne bulut iňňän çalt süýşýän ýaly göründi. Aradan salym geçmänkä, golaýda ýyldyrym çakdy, daglary sarsdyryp gök gürledi, şemal güýçlendi, onuň soňy güýçli ýele öwrüldi. Ýagyş damjalary gaçyp başlady. – Öňdäkilere habar ediň! – diýip, Magtymguly gygyrdy. – Gatyrak sürsünler! Tizräk jülgeden çykjak bolalyň! Magtymgulynyň sözleri agyzdan-agza geçip, öňe baka gitdi. Onýança jülgäniň süýr depesinde ýyldyrym çakdy, eýmenç gök gürledi. Ýel has güýçlendi, edil gowadan guýulýan ýaly, çabga ýagmaga başlady. Çabga barha güýçlenýärdi. Ýelli çabgaň güwwüldisinden, gögüň gümmürdisinden ýaňa üýn alşar ýaly bolmady. Ýolagçylar mallary gyssaýardy. Ýöne her näçe gyssasalaram lüti çykan mallaryň ýol öndürişiniň weji ýokdy. Jülgäniň iki tarapyndan syrygýan suw çeşme ýaly akýardy. Lüýk gatyşykly suw üsti ýükli mallaryň ýöremegini has-da kynlaşdyrýardy. Esli salym çabga guýandan soň bulut kem-kemden syrylyp başlady. ýyldyrymyň ýalpyldysy-da, gögüň gümmürdisi-de gündogara baka süýşüp gitdi. Ýel gowşady. Ýalpyldap Gün çykdy. Oňa çenli bosgunyň öňi hem jülgeden çykdy. Adamlaryň şähdi açylan ýaly boldy. Gök otlaryň reňki täzelendi, agaçlaryň ýapraklarynyň öwüşgini artdy. Şol aralykda arka tarapdan bütin jülgäni ýaňlandyryp elhenç güwwüldi eşidildi. – Mallary kötele sürüň! Sil gelýär!!! Adamlar ýetişip bildiginden mallary taýaklap, kötele kowýardylar, her neçe jan etseler-de, mallaryň hemmesini kötele kowup ýetişmediler. Dagdan şaglap inen mele suw jülgäniň ugrundaky zatlaryň hemmesini, mallary-da, gögerip oturan agaçlary-da, äpet daşlary-da ýüzüniň ugruna düýrläp alyp gitdi. Magtymgulynyň kitaplary ýüklenen gatyr hem akyp gitdi. Towlanyp akýan mele suwuň içinde onuň kä kellesi göründi, kä türresi. Magtymgulynyň ýüregi üzülen ýaly boldy. – Kitaplar... kitaplar... – diýip, ol towlanyp akýan däli sile nebsagyryjylyk bilen seretdi-de, duran ýerinde lampa aşak oturyberdi. Mürze Zahyrdyr Nazarly onuň ýanyna bardylar. – Allatagala öňki görýän görgimizi az gördümikä? – diýip, Nazarly pyşyrdady. – Gelmän geçen silem başymyza bela boldy. Sil siziňem zadyňyzy zaýalady öýdýän?! – Zat hiç-le! – diýip, Magtymguly ýere bakyp oturyşyna jogap berdi. – Şunça ýyllap akyl-zehiniňi siňdirip ýazan eserleriňi sil alyp gitse, onuň zähmi iňňän ajy degjek eken! ■ «Mertler wepat boldy, aglap ýar galdy...» Gün öýle bolup barýardy. Sumbar boýunda mesgen tutunan gerkezler öz aladasy bilen başagaýdy. Kim öýüni bejerýärdi, kim agyl edinýärdi, kim döle gazýardy. Magtymgulynyň öýüni obanyň orta gürpünden dikdiler. Ussahana ediner ýaly bir çatma-da dikip berdiler. Magtymguly çatmada çäkmenini ýasgynjak ýapynyp, ussaçylyk edip otyrdy. Onuň pikir derýasyna gark bolan paýhasy haýsy derdiň aladasyny edip, kimiň agysyna aglajagyny bilenokdy. Ýer-ýesir bolup gaýdan bosgunlaryň gözgyny halyna ýanyp otyrka, gyzylbaşlaryň ganly ýörişine gaýtawul bermek üçin söweşýän ýigitler ýadyna düşýär. Söweş meýdanynda gana bulaşyp ýatan ynsan meýitlerini hyýalyna getirip otyrka, belent dagdan güwläp inen däli sil gözüniň önüne gelýär. Magtymgulynyň ýanyna Ussagara geldi. Magtymguly onuň bilen görüşdi. – Eliňiz gyzgyn-la, şahyr! – diýip, Ussagara haýykdy. – Siz syrkawlapsyňyz. – Çowdur handan näme habar bar? – diýip, Magtymguly sorady. – Enteg-ä habar ýok. Uly iliň gözi ýolda. Magtymguly kellesini eliniň üstüne goýberdi-de, maňlaýyny owkalady. Ussagaranyň gözüne Magtymgulynyň barmaklary sandyraýan ýaly göründi. – Ýatyň, şahyr! Beýdip özüňizi horlap oturmaň! – Ýumşam bolsa maňa bir pyýala suw berseňiz-le! Ussagara suw äberdi. Magtymguly pyýalany başyna çekdi. Onuň ýüregi sowan ýaly boldy. Aradan kän wagt geçmänkä, ýüregi çaýkanyp başlady. – Ýüregim bulanýar – diýip, Magtymguly maňlaýyny tutdy. – Aç ýürege sowuk suw içeniňizdendir. Az salym ýatsaňyz düzeler. Birden obanyň içinde gykylyk-galmagal göterildi. Galmagalyň arasynda at toýnagynyň sesleri-de eşidilýärdi. – Bu näme? Magtymguly çäkmeniňi ýapyndy-da, ýerinden turmakçy boldy. – Siz oturyberiň, şahyr! Özüm gidip habar alyp gelerin. – Ýok! – diýip, Magtymguly ýerinden turdy. – Munuň ýaly pursatda içinde jany bolan adam rahat oturyp bilmez. Magtymguly daş gapa ýeten badyna ýüregi erbet bulandy-da, ögemäge başlady. Ýaňky içen suwunyň hemmesini gaýtardy. Şondan soň ýüregi birneme ynjaldy. Şol aralykda bir atly hem gapa geldi. Ol Orazmeňli şahyrdy. – Sag-aman geldiňizmi? – diýip, Magtymguly sorady. – Şu gelşimiz, şahyr! Göni siziň ýanyňyza gaýdyberdim. – Ýigitleriň hemmesi sag-aman geldimi? Orazmeňliniň ýüzi sallandy: – Aý, näme, uruş uruş-da! Gelmedigimizem bar. Obanyň guşluk ýakasynda agy sesi göterildi. Kän salym geçmänkä, günbatar tarapdan agy sesleri eşidildi. Az salymdan soň aýralyk dagyna dözüp bilmän ses edýänleriň ýürek paralaýjy ahy-nalasy bütin obany ýashana öwürdi. – Harapçylyk köp boldumy? – diýip, Magtymguly sorady. – Bäş adam öldi. Ýedi-sekiz adam ýaralandy. – Ölenler kimler? Orazmeňli ölen adamlary aýdyşdyrdy. – Gully ýetimden näme habar? – Ol biçäre-de ýaralandy. Magtymgulynyň ýüzi çytyldy. Elini sandyradyp, maňlaýyny owkalamaga durdy. – Ýaraňzokmy, şahyr? ýüzüňiz soluk görünýä-le. – Öýe baralyň! – diýip, Magtymguly öýe girdi. – Çowdur hanyň haly niçik? – diýip, ol kellesini ýassyga goýandan soň sorady. – Çowdur han hakyky serdar bolup ýetişipdir – diýip, Orazmeňli Tagy hanyň Sumbara gidilýän ýoly kesmäge synanyşy hakynda, Çowdur hanyň ony gabap, ýesir alşy hakynda gürrüň berdi. – Wepat bolan ýigitlerem şol söweşde heläk boldumy? – Ýok, o gezek biz tarapdan zaýaçylyk bolmady. Biz Habyp hanyň öňünde şert goýduk. Eger bäş-alty gün geçýänçä üstümize hüjüm edäýse, Tagy hany öldüreris diýip syýasat etdik. Habyp han şertimizi kabul etdi. Şertleşilen möhlet gutarandan soň, Tagy hany boşadyp goýberdik-de, Sumbara baka gaýtmakçy bolduk. Habyp hanam köp bilýän adam eken. Ol serbazlaryny ogrynlyk bilen ýeňsämize geçiripdir-de, Tagy hanyň azat edilerine garaşyp ýatan eken. Tagy hany boşatdygam welin, hüjüme geçdi. Biz heläk bolaýmaly bolupdyk welin, Çowdur hanyň ugurtapyjylygy kömek edäýdi. Ol bize gaça uruş edip, günbatara baka çekilmegi buýurdy. (Günbatarda duşman goşuny azdy.) Özi bolsa ýa öleýin, ýa alaýyna salyp, göni Habyp hanyň üstüne at goýdy. Beýle zada garaşmady-k Habyp han gylyjyny syryp, söweşe taýynlandy. Çowdur han birden gylyjyny ýygnady. Ol Habyp hanyň duşundan geçiberjek ýaly etdi-de, birdenem ona kement taşlady. Çowdur hanyň kement taşlamaga ökdeligini özüň bilýäň! Nähili bolup atdan aganyny Habyp han duýman galdy. Çowdur han esli ýere barýança Habyp hany ata süýretdi. Ony görüp, gyzylbaşlar bizi gabamakdan bizar boldular-da, Habyp hany halas etmek üçin eňdiler. Çowdur han gyzylbaşlaryň esasy hüjümini özüne gönükdirenden soň, kemendiň ýüpüni kesdi-de gaçdy. – Ähli serdarlar Çowdur han ýaly mert bolsa, türkmen ili beýle horluga sezewar bolmazdy – diýip, Magtymguly gürledi. – Çowdur han dagy ýene-de bir zadyň kül-külüne düşüpdir – diýip, Orazmeňli dowam etdi. – Olar owgan şasy Ahmet Dürranynyň huzuryna gitmegi maslahat etdiler. – Köplük bolup gidýälermikä? – On atly dagy bar. Ýola belet edinip Abdylaly çapygy äkidýäler. Ol Muhammethasan hana gulluk edýän wagty owgan iline iki gezek dagy baranmyş. Agşam Magtymgulynyň gyzgyny has-da galdy, işdäsi kesildi. Başyny ýassyga goýdy. Bir gün öýle namazyndan soň Magtymgulyny soramaga Bahar geldi. Ol iç işikde çugutdyryp otyrdy. Meňliniň halyndan habar alasy gelip, Magtymgulynyň içi byjyklap durdy. Ýöne öýde adamlar otyrka, ony soramagyň ebeteýini tapman ýatyrdy. Ahyry öý çolaran wagty Magtymguly sypaýyçylyk bilen Bahara ýüzlendi: – Ilerki hatar nätdikä? Sag-aman ýerleşdilermikä? Magtymgulynyň ilerki hatar diýmek bilen kimi göz öňünde tutýanlygyna Bahar düşündi. – Meňlilerem oňat ýerleşdi. Özüm öýlerini tutuşdym, goşlaryny ýygnaşdym. Meňli biçäre-de ýakyn adamlaryndan aýra düşmejek bolup, meýdandaky mallaryna-da geleň etmän, göçüp gaýdyberdi. Şyhym harpygyň hossarlarynam özüňiz bilýäňiz, agyzlary ýetse gulaklaryny iýjek! Olaryň jany sag bolsa, meýdandaky mallaryň näçesiniň aman galjagy belli däl. «Menliniň ýakyn adamsy» diýmek bilen Baharyň kimi göýe önünde tutýanlygyna Magtymguly düşündi. – Ýaraman ýatanyňyzy eşidip, Menli gaty gynandy – diýip, Bahar dowam etdi. – Şu gün sizi soramaga geljek boldy. «Ilki men bir habar alyp gaýdaýyn» diýdim. Magtymgulynyň hassa ýüregi joşgun bilen ersip gitdi. ■ «Ahmet patyşadan habar almaga...» Ýedi gün dönüp, sekizlenji güne geçilende Magtymgulynyň gyzgyny gowşady. Kellesiniň agyrysy aýrylmady. Üstesine-de, ukusy gaçdy. Ol bu gijä- niň hem köpüsini uklap bilmän geçirdi. ýöne bir uklandan soň gowy ýatdy. Ol ertesi günorta çemesi oýananda, öýde del hümürdi bardygyny eşidip, gözüni açdy. Ussagaranyň iki sany myhman bilen gürleşip oturanlygyny gördi. Myhmanlaryň biri orta ýaşly, egni hywa donly, başy ýapbaşyk telpekli mollaçar adamdy. Beýlekisi ak sakgally, daýaw kamaty küýkerip başlan garrydy. Garryny görende Magtymgulynyň ýüzi ýagtylyp gitdi. – Şabende şahyr! – diýip, ol ýerinden galdy.– Uky gaflatdyr diýip rast aýdylypdyr. Gaflatda galyp, arzyly myhmanyň geleninem duýmandyrys. – Biz irräk geldik. Nähoşlygyňyzy eşidip, oýarmaga dözmän otyrdyk. Neneň? Ganymat bolýaňyzmy? – Hawa, bir bolgusyzja nähoşluk ýolugaýdy. Indi, hudaýa şükür, ýagdaýym gowy. Özüňiz niçik? Horezm illeri abadanlykmy? – Horezm illerem görüp gaýdyşyňyz ýaly-da. Horezmde-de höwes eder ýaly hezillig-ä ýok. Taňry gün berse gozgalaň, basa-baslyk! Siz Hywadan gaýdanyňyzdan üç-dört ýyl soň Temirgazy hany öldürdiler. Onuň tagtyna Töwke han eýe boldy. – Şol gazak täjiri Töwke baýmy? – Aýdyşlaryna görä, Temirgazy hany öldüren emeldarlar Töwke baý öz bähbitlerine laýyk geler öýdüp, ony han tagtyna çykarypdyrlar. Ýöne oňa uzak hanlyk etmek nesip etmedi. Şol ýyl Goňrat hany Muhammedemin aýaga galyp, Hywa hanyňyň tagtyny eýeledi. Ol han bolandan soň az salym türkmenlere raýdaşlygam etdi. Suwly ýerlerden ýerem berdi, Ambar şäherinem berdi. Ýöne basym pälini bozdy. Türkmenler ýene agyr güne düşdi. Aradan üç-dört ýyl geçensoň türkmenler zuluma çydap bilmän, gozgalaň turuzdy. Gozgalaňa Meňligeldi sakaw bilen Dönmez serdar baştutanlyk etdi. Bu gezek gozgalaň şowly boldy. Muhammedemin handan içi ýanyp ýören özbeklerem türkmenleri goldady. Türkmenler Muhammedemini ýykyp, hanlygy eýelediler. Şondan soňam türkmen kethudalarynyň arasynda agzybirlik bolmady. Muhammedemin hana geregem şoldy. Aradan iki ýyl geçip-geçmänkä, ol täzeden aýaga galyp, ýene Hywany basyp aldy. – Hemme ýerde ýagdaý bir meňzeş-ow! Türkmensähraň ýagdaýam Horezmiňkiden enaýy däl. – Şeýle eken! – diýip, Şabende alyp göterdi. – Gürgende biziň garyndaşlarymyz bar. Ölmänkäm olary bir görüp gaýdaýyn diýip, Gürgene garşy gaýdybermenmi! Gelsem, bu ýerem ýer-ýesir. Gyzylbaşlar ýomut obalaryny weýran edipdir. Magtymguly nebsagyryjylyk bilen başyny ýaýkady: – Onuň şeýle boljagyn-a öňdenem güman edýädik. – Elbetde, bu zatlar Alla tarapyndyr! – diýip, Şabende dowam etdi. – Ýöne atabaýlar-a günäni Annatuwak serdardan görýä. «Ol şeýtan alyna gitdi» diýýäler. Men Annatuwak serdaryň özi bilenem söhbetdeş boldum. Ol siziň maslahatyňyza gulak asmanyna puşman edip aňyrsyna çykyp bilenok. Boljak iş bolup, boýasy synandan soň puşeýmandan ne peýda! Aýdyşlaryna görä, gyzylbaşlar gökleň obalaryndan olja alyp bilmändir. Onsoň olar eden ähdini bozup, göni atabaýlaryň üstüne sürüpdir. Salgyt ýygnama bahanasy bilen ili talapdyrlar. Gallaç görgüliler ellerinde bar bolan ojuk-bujuk harytlary eýran jellaplaryna satmak üçin Annatuwak serdaryň galasyna getiren eken. Ol zatlaram gyzylbaşlar syryp alyp gidipdir. – Öňde bir akyldar öz ýigrenýän adamsyna garganda: «Bilmäsiňem, bileniňkä gitmäsiňem!» diýip nälet okar eken. Şol gargyş Annatuwak serdara-da siňen bolara çemeli. – Annatuwak serdar ýalňyşypdyr. Halkyň öňünde ýüzügara bolupdyr. Şondan bäri öýünden çykman, başyny basyryp ýatyr. – Annatuwak serdar öz halkynyň ynsanlyk mertebesini kemsitdi. Adamyň mertebesini kemsitmek göwnüçökgünlige eltýär. Gökleňler dogduk ýurtlaryndan jyda düşselerem, duşmanyň öňünde dyza çökmedi. Şeýdibem öz ynsanlyk mertebesini saklady. Daşarda at toýnagynyň sesi eşidildi. Az salymdan Çozdur, Küti pälwan, Çerkez onbegi, Abdylaly çapyk öýe girdiler. – Hormatly şahyr! – diýip, Çowdur Şabende bilen gadyrly görüşdi. – Sizem görmek bar eken-ow! Şabende Çowdura çiňerilip seretdi. – Ýagşy ýigit, sizi tanamadym-la?! Magtymguly ýylgyrdy. – Hany, pugta syn ediň, belki, tanarsyňyz?! – Öz-ä gören ýüzüme meňzeýä welin, hakydama gelenok-da! Magtymguly Horezmde Wasyň düzlüginde bolan wakany Şabendä ýatlatdy. Şabende ýene bir gezek Çowdury synlady: – Çowdur han diýip köp eşidýäs welin, siz asyl şol Çowdur ekeniňiz-ow! Tüweleme! Siz ozalam daýaw ýigitdiňiz welin, indi hasam ekezlenipsiňiz. – Indi ol biziň serdarymyz. Şu gezek gyzylbaşlar bilen bolan söweşe serdarlyk edenem şol. – Bolubilýä. Bu ýigitde gujuram, gaýratam bardygy şol wagtam bildirýärdi. Çowdur dagy entegem aýak üstünde durdy. – Otursaňyz-la! – diýip, Magtymguly mürähet etdi. – Biz geçip oturmakçy däl, hormatly şahyr! – diýip, Çowdur jogap berdi. – Ýigitler garaşyp dur. Bize ak ýol diläp, ak pata berseňiz, ýola düşmek hyýalymyz bar. – Eýýäm ugraberjekmi? – Ýolagçy ýolda gerek! Öňi-sony gitjek bolsak, şu wagt amatly wagt. Duşmandan daşrakdakak gidip gelenimiz ýagşy. Biz öňräk gitjekdik. Siz näsag wagtyňyz gitmegi gelşiksiz gördük. – Bu ýigitler nirä şaýlanýa? – diýip, Şabende sorady. – Olar owgan iline, Ahmet şa bilen görme-görşe gidýä. Magtymguly ýolagçylara ak ýol arzuw etdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |