16:32 Magtymguly -24/ romanyñ dowamy | |
■ «Ýurtlar weýran boldy...»
Taryhy proza
Bir topar ýyl mundan ozal Magtymgula Tährana barmak miýesser edipdir. Köp ilatly, uly bazarly, baý dükanly, ýaşyl baglara bürenip oturan gadymy şäher onuň gözüne gözel görnüpdir. Ol wagt Tähran Eýranyň paýtagty däldi. Agamuhammet gajary tagtyny Tähranda guran bolsa, Tähran has-da abadanlaşandyr diýip, Magtymguly çak etdi. Onuň bu tamasy çykmady. Leňkebudyň kerebi ýaly biri-birine çatylyp gidýän egrem-bugram köçeler hapady, sadyr bolup giden ýata suwlar köl bolup ýatyrdy. Şähere görk berýän gülzarlyklar gurap gidipdir. Olaryň meýdanyny her hili haşal otlar we zir-zibiller basypdyr. Köçedäki dükanlaryň aglabasy ýapykdy. Ýek-tük açyk dükanlarda-da ilata gerek harytlar tapylmaýardy. Köçelerde duş gelýän adamlaryň hemmesi tukatdy, biri-birleri bilen gürleşmeýerdiler. Adamlaryň bolşuny görende bütin şäher ýas tutýana meňzeýärdi. Köçeleriň ugrunda oturyp bir döwüm çörek dileýän gedaýlaryň hetdi-hasaby ýokdy, Ispihany şahyr Magtymgulynyň pikirini bilen ýaly, ýuwaşja gepläp, gürrüň berdi. – Geň görme, şahyr! Bu wagt Eýranda obaňam, şäheriňem ugruna seredilenok. Halkyň halyndan habar alýan ýok. Hemme zat urşuň hajatlaryna tabyn edilipdir. Magtymguly dagy bir topar ownukly-irili köçelerden geçenlerinden soň, Tähranyň gözel ýeri hasap edilýän demirgazyk bölegine ýetdiler. Bişen kerpiçden, daşdan salnan haýbatly jaýlar gabat gelip başlady. Daş düşelen köçelerden iki-baka geçýän ýaragly atlylaryň yzy üzülenokdy. Olar holukmaçdy. Biri-birlerine taňry salamyny-da. bermän geçip gidýärdiler. Howa yssydy. Iki tarapy beýik jaýlar bilen gabalan dymyk köçelere geleňde dem almak kynal- ýardy. Tähranyň Döwlet derwezesine ýetdiler. «Gülüstan» köşgi ýalpyldap görünýärdi. Magtymgulydyr Ispihany şahyr derwezä baranlarynda sakçylar olary sakladylar. – Bu näme boldugy? – diýip, Ispihany şahyr geň galdy. – Ozal beýdip döşümizden itilmeýädi-le!.. Meni tanamadyňyzmy? – Tanadyk, aga – diýip, sakçylardan biri jogap berdi. – Sakçylarbaşynyň buýrugy şeýle. Hiç kimi goýbermeli däl. – Onda sakçylarbaşyny çagyryň! Sakçy ylgap gitdi. Az salymdan soň sakçylarbaşy geldi. – Sizi köşge goýbermänimizi ýokuş görmäň, şahyr! Weziri agzamyň permany şeýle. – Biz şanyň permany bilen geldik. – Onuň ýaly bolsa, hormatly myhmany myhmandaryň1 huzuryna eltmegiňiz gerek! Ispihany şahyr bilen Magtymguly yzlaryna dolanmaly boldy. Olar myhmandaryň saraýyna barmak üçin Şimran derwezesine baka gidip, ýene esli aralygy geçmelidi. – Bu ýerde her bir zat weziri agzamyň emri bilen edilýän bolara çemeli – diýip, Magtymguly söz açdy. – Agamuhammet gajary şalygyň jylawyny onuň eline beräýdimikä? – Agamuhammet şa kişiň jylawyny elinden almasa, kişä jylaw berjek häkim däl! Bu ýerde başga gep bardyr. Sizi myhmandaryňkyda bir ýerleşdireýin, onsoň hemme zadyň aňygyna ýeterin. Köşkde berkarar edilen täze düzgüniň aňyrsynda nähili syr barlygyny Magtymgulynyň bilesi gelibem duranokdy. Ýöne patyşanyň Magtymgulyny alys ýoldan çagyryp getirip, gapydan gaýtarmagy ony ynjytdy. Myhmandaryň saraýyna bardylar. Bu ýerde Ispýahanyňy güler ýüz bilen garşyladylar. Myhmanlaryň atlaryny teblehana äkitdiler. Magtymgulydyr Ispihanyňy belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen päkize otaglaryň birine eltdiler. Otaga ýylmanak daş düşelgidi, daşyň üstünden kilim, kilimiň üstündenem dört nasly ýadyňa salýan Töwriz halysy ýazylgydy. Hyzmatkär kündük bilen taz getirip, myhmanlaryň gollaryny ýuwdurdy. Onsoň orta saçak ýazdy-da, haşamly mejimelerde her hili ir-iýmişler, pahlawa2 hem kebap getirdi. Nahar iýlip, töwir galdyrylandan son Ispihany: – Ýadap geldiňiz, hormatly şahyr – diýdi.– Bu gün dynjyňyzy alyň! Ertir özüm gelip habar tutaryn. Ispihany şahyr hoşlaşyp çykyp gitdi. Agamuhammet şa hakyndaky pikir ýene-de Magtymgulynyň kellesinde at salyp başlady. Ýurt basyp almakdan başga niýeti bolmadyk, halkyň, döwletiň aladasy gözüne ilmeýän bir zalym ýurda şa bolan bolsa, biçäre raýatlaryň takdyrynyň nähili boljagyny Alla bilsin! Köp ýyla çeken tükeniksiz uruşlar ýurdy tozduryp, adamlary gedaý galdyrypdyr. Obalar, şäherler harabaçylyga öwrülip barýa! Adamlarda hormat-hatyra galmandyr. Olar biri-birini görende ýarak it ýaly hyňranyşyp durlar. Müjtehitler1 Kurany unutmaga mejbur bolupdyr, alymlar öz ylymlaryna amal edip bilenok. Bu zatlar ahyrzamananyň nyşanasy bolmasa-da biri! Usullyk bilen gapy açyldy-da, hyzmatkär içerik girdi. – Ýaňy bir türkmen gelip: «Türkmensähradan biri gelenmiş welin, kimdigini bileňzokmy?» diýip sorady. Men «bilemok» diýip başymdan sowaýdym. – O näme üçin aýtmadyňyz? – Aý, näbileýin! Biziň şäherimizde bolgusyz hyşy-wyşy gürrüň köp. Adamlar biri-birinden gorkuşyp ýör. Iň bärkisi, dogan dogana-da içini ynanyp bilenok. Onsoň menem şahyryň özüne geňeşmän birden hata iş edäýmäýin diýdim. – Beýdip jan saklap bolmaz! – Indi şol adam gelse aýdaýaýynmy? – Ol ýene geler öýdýäňizmi? – Ol Şeni hyýabanyndaky kerwensaraýda bolýamyş. Ol her gün diýen ýaly bu ýere gelýär. – Indi gelse aýdaýyň. Belki, ol bize söhbetdeş bolar. Hyzmatkär çykyp gitdi. Ertesi gün günorta bolansoň Ispihany şahyr dolanyp geldi. Onuň keýpi düýnküsiçe-de ýokdy. Ýüzi-gözi gamaşyp durdy. – Men hata edipdirin. Sizi nähak ýere heläk edip, Tährana getiripdirin. Men Türkmensähra baryp sizi alyp gelýänçäm, şa eýýäm başga hyýala münüpdir. Arada Agamuhammet şanyň goşuny Şiraz şäherini gabapdy. Goşun gysga wagtyň içinde Şirazy eýelär öýdüp, şa tama edýärdi. Onuň bu tamasy çykmandyr. Goşun Şirazy gabasa-da, şirazlylary boýun egdirip bilmändir. Şoňa görä-de, şa gaty gaharlymyş. Bu wagt onuň ýanyna barmaga hiç kim het edip bilmiýämiş. Şa täze leşger jemläp, Şirazyň üstüne ýöriş etmek barada perman beripdir. Bu gezek ýörişe onuň özi serkerdelik etjekmiş. – Patyşanyň ýanyna hiç kimi goýbermeýändiklerem şonuň üçinmikä? – diýip, Magtymguly sorady. – Bu ýerde başga-da bir gürrüň bar – diýip, Ispihany pyşyrdap jogap berdi. – Tährana ogrynlyk bilen Lutfaly hanyň jansyzlary girenmiş, olar şanyň janyna kast etjek bolýamyş diýen gürrüň bar. Ol gürrüň zentlere garşy gazap döretmek üçin toslanyp tapylan bolsa-da belli däl. Ýöne Agamuhammet şanyň hiç kimi huzuryna goýbermeýänligi welin çyn. – Onda biz gaýdybersegem boljak-da? – Elbetde, şa siziň bilen görüşmek niýetinden dänen bolsa, gaýdybermeli bolarsyňyz. Her näme-de bolsa, siziň Tährana geleniňizi weziri agzama mälim etmegimiz gerek. Belki, şanyň siz barada weziri agzama beren tabşyrygy bardyr. Beýle bolsa, menem gidip Tähranyň bazaryna ser salyp geleýin. Bazaryň şagalaňy belki, göwnümizi açar. – Bazara gidibem oturmaň! Göwün açyp bilmersiňiz. – Men ýeke bir göwün açmak üçinem gidemok. Kalbyma aram berip biläýjek bir kiçijik tama bilen bazara barjak bolýan. Köp ýyl mundan ozal iki agam ýitirim boldy. Eger olar diri bolsa, Eýran topragynda bolmaly diýen çakym bar. Saý-sebäp bilen uly şäherlere düşäýsem, agalarymy gözlemegi özüme kesp edinipdirin. – Ýadyma düşýär. Bir wagtlar Ispihanda-da siz agalaryňyzy gözläpdiňiz. Ondan bäri köp ýyl geçdi. Entegem olardan umydyňyzy üzmänsiňiz-ow! – «Ölme-de ýit» diýipdirler, hormatly şahyr. Sorag-ideg edip ýörsem, olar bir ýerden çykaýjak ýaly bolup dur. – Belki, şeýle bolsun-da! Olar ýaly diri ýiten adamlaryň ýigrimi-otuz ýyldan soň tapylýanlaram bolýar. Ýöne onuň üçin Tähranyň bazaryna çykybam oturmaň! Tähranda bazar galmady. Dükanlar harytsyz galdy. Muhtasablar1 işsiz galdy. Tähranda hemme zat urşuň pidasy boldy. Gowusy, bir zat edeli! Men weziri agzamyň huzuryna gideýin. Siz hiç ýere gitmäň-de, jaýyňyzda oturyň! Belki, ol bizi häzir kabul eder. – Maslahat siziň bilen. – Men weziri agzam jenaplary bilen köp iş salşyp, onuň gylyk-häsiýetine belet boldum. Onuň bilen gürleşeniňizde kejeleşmäň! Hiç zady subut etjegem bolmaň! Ol özüni köp bilýän adam hasap edýär. Onuň köp bilýänligini ykrar etdigiňçe-de, göwni ganatlanar. Eger onuň dilini tapyp, gaýtmaga rugsat dileseňiz, belki-de, jogap berer. ■ «Şa aldynda adyl diwan galmady...» Hatif Ispihany birnäçe günläp weziri agzamyň huzuryna baryp bilmedi. Ahyry ygtyýar etdiler. Weziri agzam sypaýyçylyk edip durman, göni esasy gürrüňe geçdi. – Hoş gördük, hormatly şahyr! Işiň şeýle gyssagly wagty biziň huzurymyza gelipsiňiz-le! Näme arzyňyz bar? – Şahin şahy älemiň türkmen ilinden Magtymguly şahyry getirmeli diýip perman berenliginden habaryňyz bardyr. Şol arzyly şahyr Tährana geldi. – Gelse gowy edipdir! – diýip, weziri agzam perwaýsyz jogap berdi. – Şahin şahy älem ony ideýänçä gezibersin! – Ol gowy maslahat! Ýöne Magtymguly şahyryň öz ilinde işi-aladasy kän! Bikär ýatmagy nämakul görýär. – Ol nähili nämakul görýämiş? Beýik mertebeli şanyň çakylygyna mynasyp bolup bilse, onuň näme armany bar?! Rugsat berilýänçä gezibersin-dä! – Galat gepläýsem ýazygymy ötüň, siziň alyjenabyňyz! Magtymguly şahyr beýle jogaba mynasyp däl. Ol hakykatdanam beýik şahyr! Oňa mynasyp hormat goýlaýsa, hudaýa-da hoş ýakardy, bendesine-de! – Magtymgulynyň dabarasyny beýle arşa göterdiňiz-le! – diýip, weziri agzam geň galdy. – Biz-ä şu güne çenli ýalňyz sizi beýik şahyr hasap edip ýördük. – Men size dogrusyny aýtmalydyryn, siziň alyjenabyňyz. Biz özümizi Magtymguly şahyr bilen deňeşdirip bilmeris! Biz bir öýkünjeň şahyr. Adyny äleme meşhur eden Hafyz şahyra öýkünip şygyr-gazal düzýäs. Her näçe tagalla etsemem, menden Hafyz bolmajagyna gözüm ýetýär. Eger bolaýsa-da, ikinji ýa-da üçünji Hafyz bolar. Emma Magtymguly şahyr şygyr düzende hiç kime öýkünmän, hut özüçe düzýär. Onuň özüne mahsus şygyr düzüş ýoly bar. Şu jähtden seredeniňde Magtymguly şahyryň ady Firdöwsi, Nyzamy, Nowaýy, Hafyz ýaly birinji orunda durýan beýik şahyrlar bilen bir hatarda tutulmaga mynasypdyr! – Ol nirede? – Myhmandaryň saraýynda. Siziň buýrugyňyza garaşýar. – Ony çagyryň! Beýle taryply şahyr bilen bizem söhbetdeş bolup göreli! * * * Magtymgulyny weziri agzamyň diwanhanasyna getirdiler. Mermer daşyndan salnyp, dürli haşamlar bilen bezelen bu köşge seretdigiňçe seredesiň gelýärdi, emma şeýle owadan köşk Magtymgulynyň şahyr ýüreginde guwanç duýgusyny döretmedi. Onuň göwnüne bu köşge aýak basýan adamlaryň hemmesi gazap bilen gezelip duran ýalaňaç gylyjyň astynda baş egip duran ýaly göründi. Adamlar bu köşkden agzyny açyp gelýän aždarhadanam beter gorkýardy. Magtymguly baranda, weziri agzam wezirlik tagtynda aýbogdaşyny gurup otyrdy. Magtymguly edep bilen salam berdi. – Oturyň, şahyr! – diýip, weziri agzam Magtymgula mürähet etdi. Ispihany şahyra oturmagy mürähet etmedi. Ýaşuly adam dik durka Magtymguly oturmagy özüne uslyp bilmedi. – Dik dursagam bolar, siziň alyjenabyňyz! Biz siziň hyzmatyňyza taýyn! – Beýik mertebeli şanyň huzuryna gelýän adam sowgatlyja gelýändir. Siz näme sowgatjyk getirdiňiz? – Biz bir garamaýak adam, siziň alyjenabyňyz! Bizde şalara, soltanlara mynasyp näme sowgat bolup biler? – Gaçalak etmäň! Siz uly şahyr ahyry! Siz geleňizde şany taryplap bir dessan, ýa bir mesnewi,1 juda bolman üç-dört oýnam şygyr düzüp gelersiňiz öýdüpdik. – Şygyr-gazal diýeniň düzeýin diýen wagtyň düzüp ötägider ýaly monjuk ýa-da hünji däl, siziň alyjenabyňyz! Şygyr düzmek üçin şahyryň ýürekden joşmagy gerek! Joşmak üçinem ajaýyp täsinlikleri görüp, ondan ylham almak gerek, oňa guwanmak gerek! Agamuhammet şa henize çenli ýüzüni gören adamymyz däl. Onsoň neneň edip, biz oňa kasyda düzeli? Weziri agzamyň gaşlary birden çytyldy. – Eger şahin şahy älemiň özi bolan bolsa, bü jogabyňyz üçin size näme jeza berjegini bilýäňizmi? – Sözüňiz hak, siziň alyjenabyňyz! – diýip, Magtymguly parahat jogap berdi. – Gepe düşmez adam bolan bolsa, bizi gödeklikde aýyplardy. Allatagala bizi söz manysyna düşünýän aryf adama duçar etdi. Gezüň görmedik adamyňy taryp edip bolmajagyny weziri agzam jenaplary gowy bilýändir. Magtymgulynyň «aryf» diýip beren bahasy weziri agzamyň gulagyna kem ýaramady. Her näme-de bolsa, ol öz diýenini tutdy. – Şa hakynda köp şahyrlar kasyda düzdi. Şol şahyrlaram ony gözi bilen gören adam däl. Siz muňa näme diýersiňiz? – Ondanam habarym bar. Şalaryň, soltanlaryň adalat şerbetinden dadyp görmän, olaryň şanyna kasyda düzen şahyrlar ozallaram bolupdyr, häzirem bar. Ýöne olaryň düzen kasydalary howaýy sözlerden düzülen setirler bolany üçin, gözüňi ýumup nyşana ok atan ýalydyr. Olar toslama magtama bilen hem-ä patyşany aldaýalar, hemem halky aldaýalar. Weziri agzam bir topar ýyl bäri Agamuhammet şaha hyzmat etse-de, ol hakda düzülen kasydalaryň ýekejesinem höwes edip diňlemändi. Patyşany asmandaky Aýa, Güne, beýik daglara meňzedýän setirler bolaýmasa, ýadynda galan zat hem ýokdy. Şoňa görä-de, ol bu barada jedel etjegem bolmady. __________ 1 Mesnewi – bu ýerde poema manysynda. – Maşalla! – diýip, weziri agzam Magtymgulyny synlady. – Diýjek sözüňizi çekinmän aýdyp bilýän ekeniňiz! Ýöne bu meselede siz mamla däl. Patyşanyň şanyňa kasyda düzýän adamlar ýeke patyşanyň şöhratyny götermän, öz şöhratlaryny-da arşa çykarýarlar. Şeýdibem, özleri üçin eşret gapysyny açýarlar. – Badypeslik bilen eşret sürenden, badybälentlik bilen garyplykda gezeniň gowudyr. – Ol näme diýdigiňiz? – Kişiniň öňünde ýaýaplap, kişi aşyna göz dikýän adam her näçe bol-elinlikde ýaşasa-da, bady pes bolar. Halal lukma iýip gün görýän adam garyp bolsa-da, bady belent bolar. – Siz şalaryň, soltanlaryň sylag-serpaýlaryny haram lukma hasap edýäňizmi? – Sylagam halallap almak gerek. Toslama kasydalar üçin alynýan sylaglara halal diýip bolmaz. Özüm-ä şeýle howaýy kasydalar düzüp, beýik mertebeli patyşany aldamaga miltem edip biljek däl. – Şalaryň, soltanlaryň möhüm işleriniň köp bolýanlygyny unutmaň, şahyr! Patyşalar her bir kasyda düzýän şahyr bilen iş salşyp ýörjek bolsa, döwlet işine eli degmez. Şoňa garamazdan, şahin şahy älem siziň bilen duşuşmakçydy, ýöne ara başga derwaýys ýagdaý düşdi-de, duşuşyp bilmedi. – Bähbit bolsun! Şa bilen ýene bir nesibeli gün duşuşaýmaly bolarys-da! Bu sözi aýtmak bilen Magtymgulynyň näme diýjek bolýanyna weziri agzam düşündi. Düşünse-de, Magtymgula belli jogap bermekden saklandy. Weziri agzam her bir meseläni çözjek bolanda, onuň hakykata hem adalatyň hatyrasyna dogry gelýänligine ýa-da gelmeýänligine garamaýardy. Meseläni nähili çözmekde patyşanyň göwnüne ýakarka diýen akyla gulluk edýärdi. Eger patyşanyň göwnünden turjagyny bilse, gara zada ak diýmekden-de çekinmeýärdi. Ol şu käriniň arkasyndanam weziri agzamyň derejesine ýetipdi. – Häzirlikçe siz azat! – diýip, ol birden Ispihany şahyra ýüzlendi. Weziri agzamyň jogabyna Ispihany şahyr düşünmedi. – Onda Magtymguly şahyry ýurduna ugradaýalymy? – Magtymguly akylly myhman ahyry! – diýip, weziri agzam wäşilik etdi. – Akylly myhmanlar öý eýesi rugsat berýänçä gaýtmaýar. Ony çagyryp getiripsiňiz, indi oňa hezzet ediň! Ispihany şahyr ýene bir zat diýjek boldy. – Siz azat! – diýip, weziri agzam ony gepletmedi. Weziri agzamyň Ispihany şahyr bilen gödek gürleşmegi Magtymgula ýakmady. «Uly göwresini kiçeldip häkimlere hyzmat etjek bolmak Ispihany şahyryň nämesine gerekkä?» – Siz meni bagyşlaň, hormatly şahyr! Şeýdip hökümdarlara hyzmat edip ýörşüňiz öz göwnüňize jaýmy? – Men ýalan sözläp biljek däl, hormatly şahyr. Men köşkde gulluk etmäge höwes edemok. Köşk baýguşlarynyň arasynda bolsam, özümiziňem şolar ýaly baýguşa dönüp gitjegimem bilýän. Bu zatlara akylym ýetýär. Ýetse-de nädeýin, alajym ýok-da! – Şahyra köşkde hyzmat etmek hökman däl ahyry! Meniň akylymyň kesişine görä, şahyr erkin bolsa ýagşy! Olar şygyr-gazal düzenlerinde-de kişi akylyna hyzmat etmän, öz akylyna gulluk etmegi gerek! Köşkdäki adamlaryň öz akyly bolmaýar, olaryň özi-de, akyly-da, ýöredýän wagyz-nesihatlary-da häkimlere tabynlyk zynjyry bilen bagly bolýar. Olar keseki akyly bilen ýöredilýän pikiri öz dili bilen boýan edýär. – Siziň ýaly bolan bolsam, menem köşgüň golaýyndanam barmazdym. Nädeýin, ýagdaýym şeýle. – Islemeýän ugruňyza gadam basmaga mejbur eden zat näme? – Näme diýseňiz-le, şahyr! Men Agamuhammet şanyň penjesinden sypar ýaly bolmadym. Meniň hemme zatdan eziz görýän ýeke perzendimi Agamuhammet şa özüne girew edip aldy. Meniň oglum Hojamberdi hanyň ogly Nedir dagy bilen bir ýerde göz astynda saklanýar. Indi özüňiz paýhaslanyň-da göräýin! Men nätmeli? Eger men köşgi terk edäýsem, çagamyň başyna nägünler geljegini hyýalyňyza bir getirip görüň! * * * Aradan birnäçe gün geçdi. Magtymguly özüne berlen jaýda tukatlyk çekip otyrka hyzmatkär bir daýanykly adamy yzyna tirkäp otaga girdi. Onuň başy silkme telpekli, egni gyrmyzy donly, aýagy keteni balaklydy. Gür gara sakgaly döşüni tutup durdy. Magtymguly onuň Mülkamandygyny tanady. – Hudaýa ýüz-müň şükür! – diýip, Mülkaman sypaýyçylyk etdi. – Hormatly halypamyz bilen ýene bir gezek söhbetdeş bolmak nesibämizde bar eken! Magtymguly ýylgyrdy. Onuň bu ýylgyryşyndan: «Göresiňiz gelýän bolsa, munça ýyllap habar tutman ýörmezdiňiz» diýen many çykýardy. – Beýleki şägirtlerden näme habar bar, halypam? – Ussagara bilen Orazmeňli ikis-ä häli-şindi gelip-gidip dur. Mürze Zahyram ýylda bir gezeg-ä habar tutýa. – Mürze Zahyr zehinli ýigit! – diýip, Mülkaman kemsinme bilen gürledi. – Ýogsa-da, ol bu wagt näme kärdekä? – Kyrkuk mekdepleriniň birinde mollalyk edýämiş. Ozalkysy ýaly, her hili kitaplary okamak bilen gyzyklanýamyş. – Haýp, Mürze Zahyr diwan kesýän kazy bolmaga mynasyp! Juda bolmanda, uly häkimleriň birine mürze bolmaly adam! – Biziň zamanamyzda mollaçylyk asylly kär. Ol ýaş ösdürimlere sowat öwredýär, edep-terbiýe berýär. Magtymgulynyň özüniň hem mollaçylyk bilen meşgul bolýanlygy Mülkamanyň ýadyna düşdi-de, ýüzi nar ýaly gyzardy. – Sözüňiz hak, şahyr! – diýip, ol şol bada gepinden dändi. – Molla il-halkyň sylaýan adamsy. Men ýöne Mürze Zahyr has belendiräk wezipelere mynasyp diýjek boldum. – Özüňiz ne kärdesiňiz? Daş sypatyňyz-a söwdagäre meňzeýär. – Bildiňiz, halypam! Şägirdiňiz-ä söwdagärlige ýüz urandyr. – Ahyry puluň hökmüne tabyn bolupsyňyz-ow! – Puluň hökmi hemme zady özüne tabyn edýär. Özüňiz görüp dursuňyz, halypam. Sözlände agzyndan dür dökülýän dana ýigitleriňem kisesinde puly bolmasa, hiç ýerde ady tutulmaýar. Onsoň bizem söwda ýüz urmagy makul bildik. – Onda şahyrçylyk etmäňizem bes edensiňiz-ow? – Näme üçin beýle diýdiňiz? – Sebäbi, altyn-kümşüň şyňňyrdysyndan lezzet almagy öwrenen adam başga zadyň lezzetini bilmezek bolar. Mülkaman gürrüňi başga ýana sowdy: – Siziň goşgularyňyzy kitap edip göçürip ýören bir hatdat adam bolsa, sataýsaň pul-a ýasaja-gaýt! Her birini on tümenden satsaňam ýere degirmän aljaklar. – Munuň ýaly gowgaly wagtda Tähran ýaly ýere gelip, söwda etmäge heder edeňzokmy? – diýip, Magtymguly gürrüňi üýtgetdi. – Tähranda kakamyň bir täjir dosty bar. Ol bizi hemme beladan goraýar. – Bu wagt Tähranyň ýagdaýam-a erbet! Uzaga çeken uruş adamlary gedaý galdyrypdyr. Munuň ýaly ýurtda siziň söwdaňyzyň rowaçlanyşyna haýran! – Şu güne çenl-ä söwdamyz rowaçlandy. Häzir Tähranda açlyk. Adamlar bokurdaga nepi degjek sähel zat üçin iň gymmat zatlaryny pida edýärler. Tähranlylardan alynýan zatlary Buhara ýa-da Samarkant bazarlaryna eltip sataýsaň, bäş esse peýda getirjegine şübhe ýok! «Beýle-de keç zamana bolar eken-ow! – diýen pikir Magtymgulynyň kellesine geldi. – Biçäre halk çagasyna berere nan tapanok. Harsydünýälige ýüz uran biweçler bolsa halkyň betbagtlygynyň hasabyna hazynalaryny çişirýärler.» – Çakyny aňýan welin, bu ýerde söwda uzak rowaç tapmajaga meňzeýär. – Mülkaman dowam etdi. – Uruş hemme zady ýalmap-ýuwdup barýar. Hemme ýerde ogurlyk, talaňçylyk! Açlykdan aňkasy aşan adamlar sähel zat üçin adam öldürmekdenem gaýdanok. – Siziň ýadyňyza düşýämi, Mülkaman? – diýip, Magtymguly ýene gürrüňi üýtgetdi. – Men Abdylla hem Muhammetsapa diýen agalarym hakynda gürrüň edip beripdim. – Elbetde, ýadymda! – Söwda bilen meşgullanýan bolsaňyz, köp şäherlere barýansyňyz. Köp bazarlary görýänsiňiz. Meniň agalarym barada eşiden zadyňyz bolmadymy? – Şon-a eşitmedimaýt! Ýene bir-iki ýyllykda Buhara bazarynda täsin bir zada gabat geldim. Men Türkmensährada size şägirt bolup ýörkäm, Çowdur hanyň bir ýoldaşy bardy. Onuň asly gulmuş diýip gürrüň edýärdiler. Ady Şükürdi öýdýän. Hawa, Çowdur hanyň Şükür diýen ýoldaşy bardy. – Şol häzir obadamy? – Ýok. Olar bir topar ýyl mundan ozal Kandagara owgan patyşasynyňka gidipdirler. Şondan bäri olardan habar-hatyr ýok. – Onda meniň görenim şol bolmaly! Bir-iki ýyllykda men ýolum düşüp, Buharanyň gul bazaryna bardym. Şonda satlyk gullaryň arasynda Şükürem gördüm. Ol maňa bir zat diýjegem boldy. Ýöne ony gepletmediler. Magtymgulynyň depesine taýak bilen urlana döndi. Gözleri garaňkyrap gitdi. Çowdur han hem onuň ýoldaşlary hakynda erbet pikirler kellesine geldi» ■ «Bardy halym ölümge...» Magtymguly gelip gidenden soň, Meňliniň haly birneme gowulanan ýaly boldy. Gyzgyny gowşady. Aram-aram dik oturmagada ýarady. Ýöne işdäsi açylmaýardy, günüň dowamynda iýýän nahary ýaňy süýtden aýrylan bäbegiňkiden köp däldi. Bahar Meňliniň ýanyndan aýrylanokdy. Meňliniň göwnüniň näme isleýänligini soraýardy. Bir zat iýesim gelýä diýse, bişirip berýärdi, bir ýerden getirmeli bolsa getirýärdi. Ol bu günem şeýle etdi. – Meňli jan, näme iýesiň gelýä? – Men-ä näme iýesimiň gelýäninem bilemok, Bahar jan. Düýn birhili ýüregim nar küýseýän ýaly boldy. Bu wagt naram tapdyrmaz. Bahar kimde nar bolaýjagyny çak edip, içinden pikir öwürmäge durdy. – Alla adamyňy sagatlykdan mahrum edende ilki onuň işdäsini alar eken! – diýip, Meňli tüýnüge seredip ýatyşyna gürledi. – Tapan zadyňy iýip-içip ýörmegem uly bagt eken! – Gaýgy etme, Meňli jan! Indi sen bäri bakyp başladyň. Kem-kemden işdäňem açylar. Meňli ertirden bäri duz datmandy. Bahar erkine goýman oňa azajyk süýtli şüle iýdirdi. Gün günorta ýerine baranda Meňli uka gitdi. Meňliniň uka gidenini görüp, Bahar nar gözlegine gitdi. Meňli ýeňiljek dem alyp, uklap ýatyrdy. Gije-gündiz başy ýassykda bolansoň, günüň dowamynda ol ençeme gezek uka gidýärdi. Az salym ýatansoň ýene oýanýardy. Bu gezek ol gözüni açanda, Esen golagyň aýaly Bagtygülüň oturanlygyny gördi. – Neneňsiň, Meňli jan? – diýip, Bagtygül onuň maňlaýyndan sypady. – Bizden göwün etmäwergin! Ýaraman ýatanyňy eşitdigem welin, iş-alada bilen halyňy soramaga-da gelip bilmedik. – Hudaýyň belasy köp – diýip, Meňli jogap berdi. – Siziňem başyňyza düşmäsi iş düşüpdir. Eşidip gaty gynandym. – Wah, bizi aljyraňňylyga salanam şo-da! Şondan bäri giň dünýäm daralan ýaly bolaýdy. Ile çykmaga-da ýüzüm ýok. – Hudaýa şükür ediň! Beterinden saklasyn! Gyzyňyz sag-aman eliňize gelipdir. Şo-da hudaýyň garaşyk etdigi! – Hawa-da, başga näme diýeli! Özüň pukara bol- saň, beterinden saklasyn diýip oturmakdan başga eliňden geljek zat ýok! Öz maşgalaňy goramagam özüňe dert! – Agaly murtlar bilen guda bolanmyşyňyz diýdiler – diýip, Meňli sorady. – Oň bolsun! – Agaly murtlar bilenem guda bolaňkyrlapdyk. Basym toýuň sähedini bellemekçidik. Ýöne Alla ýazgarjak bolanda, haýyr diýip tutan işiň ters bolup çykaýýan eken. – Näme boldy? – Agaly murtlar gudaçylygy goýbolsun edipdirler. – Näme üçin? – Näbileýin! Olaryň öz agzyndan-a eşidemok welin, iliň edýän gürrüňine görä, olar meniň gyzyma dile düşen gyz diýýälermiş. Ine, dogan jan! Maňlaýymyň şorlugy sebäpli, «gyzy dile düşen heleý» adyna-da galdym. Bagtygülüň gözüne ýaş çaýylyp gitdi. – Agaly murtlar-a oňarmandyr! Seniň gyzyň dile düşer ýaly onuň näme ýazygy bar? Bular ýaly betbagtlyk her kimiňem başyna düşüp biler. – Gyzymyň ýazygy bolmasa-da, edilýän gürrüň şo-da! Biçäre gyzym bir ile meňzeş bolarmyka diýsem, gül ýaly açylan wagty «dile düşen» adyna galdy. Indi bir garry-gurty ýa-da dul-sul hyrydar bolaýmasa, oňa hyrydaram tapylmaz. Meňliniň ýüregi sanjylyp gitdi. Ýürekde arzuw besläp, hyrydar bolup ýören adamyňa gowuşman, bir bigana garrynyň girisine düşmegiň elhenç zatdygyny Meňli gowy bilýärdi. – Men gaýdaýyn, Meňli jan! – diýip, Bagtygül onuň pikirini böldi. – Sen ýanyňda içimi döküp, senem birahat etdim. Bagtygül gitdi. Menli çola içerde ýalňyz galansoň, Akjagül hakyndaky alada ony gaplap aldy. Onuň öz ýaşlygy ýadyna düşdi. Ýaşy könelişen, törpüsi kütelişen bir dula satylyşy gözüniň öňüne geldi. Şonda ol özüni çaýçaňňalagyň penjesine düşen bir jüýjä meňzedipdi. Akjagül biçäräň hem häzirki ýagdaýy betbagtlyk deňzine gark bolup barýana meňzeýär. Gün gijigenden soň Bahar geldi, – Wah, sen ýekeje özüňi goýup gitmeli boldum-da! – diýip, ol gapydan girenden zeýrenip başlady. – Basymjak geläýerin öýdüpdim welin bolmady. Köp ýere aýlanmaly bolaýdym. Bolsa-da, hudaýa şükür, azabym biderek gitmedi. Ahyry tapaýdym. Bahar iki sany nary Menlä uzatdy. – Bulary nireden tapdyň? – Totam ejelerden tapdym. Şular ýaly zada gerek bolaýsa diýip saklap ýören eken. Bahar narlardan birini iki böldi-de, Meňliniň önünde goýdy. Meňli nar dänesinden bir-iki sanysyny agzyna atdy. Birden Meňliniň kellesine bir pikir geldi. Menli syrkawlaly bäri Bahar şular ýaly del zatlary oňat köp getirip beripdi. Ýöne Meňliden bir gezegem pul almandy. Garyp biçäre bu zatlaryň çykdajysyna nädip döz gelýäkä? Baharyň bu eden ýagşylyklaryny Meňlini ýerine salasy geldi. – Sen ýekeje özüň galdyň – diýip, Bahar Meňliniň pikirini böldi. – Suwuňa-beýlekine sereden adamam bolan däldir. – Men ýeke bolmadym. Esen golagyň aýaly Bagtygül geldi. – Bagtygül görgüliňkem ugruna bolman barýa. Nägünler görüp kemala getiren gül ýaly gyzyňy atabaýlar süýräp, görgülini uly gyjalata goýdular. – Agaly murtlaram olar bilen gudaçylygy goýbolsun edenmiş. – Näme üçin? – Akjagüli dile düşen gyz hasap edýälermiş. – Eý, toba! – diýip, Bahar içini çekdi. – Akjagül uly iliň höwes edip ýören maşgaglasy ahyry! Heý, şeýle asylly maşgalanam kemsidip bolarmy? – Dogry aýtdyň! – diýip, Meňli makullady. – Akjagül maşgala dagam däl! Ol biçäre bigünä ýerinden ýaman ada galdy. Bahar sesini çykarmady. Meňli hem nar dänesine güýmenip, esli salym oturdy. – Bahar diýýän-ä! – diýip, ahyry ol içinden edýän pikirini daşyna çykardy. – Seniň göze ýakymly, edepli ogluň bar. Şu wagt Esen golagyň gyzyňa söz aýdaýsaň, arzan-a bererdi. Beýle geňeşe garaşmadyk Bahar aýdara söz tapman, gözlerini tegeläp otyrdy. – Meniň geňeşim saňa ýaramadymy? Seniňem dile düşen gyzy gelin edinesiň gelenokmy? – Wah, gelin edinesim gelýä-le! Eliňde zadyň bolmasa, edeýin diýeniňi edip bolýamy näme! Sen ony arzan bererler diýýäň. Men galyň tölemekden-ä geçen, ýöne gyzyň daşyny dola-da, alyp gidiber diýseler, şoňa-da hötde gelip biljek däl ahyry. – Ony bilýän – diýip, Meňli nar dänesine güýmenip oturyşyna jogap berdi. – Sen maňa bir zat aýt: puluň bolsa, Akjagüli gelin edinermidiň? – Edinerdim. – Onda haýal etme-de, Bagtygüllere sözaýdyjy git! Bahar öňküdenem beter geň galdy. – Özüň bilýäň, Bahar jan! – diýip, Meňli dowam etdi. – Şyhym uly baýdy. Ol ölenden soň döwleti dargady. Onuň garyndaşlary maslyga çozan syrtlan ordasy ýaly ýerli-ýerden çekeläp, onuň zadyny dargatdylar. Meniň bar guwanjym iki gyzym bardy. Olaram Şyhymyň garyndaşlary paýdaşdy. Magtymguly şahyr bir goşgusynda: «Ak puly saklarlar gara gün üçin» diýip aýdyldyr. Menem gara günde gerek bolar diýip, birneme pul gizläp ýördüm. Indi ol maňa gerek bolaram öýdemok. Birden öläýsem, yzymda galan zatlara harpyklar eýe bolar. Ýygnap goýanja pulumam ýeliň ygyna sowrulyp gider. Ol pullaryň ygtyýary elimdekä, saňa bereýin. Sen bir hossarsyz naçar. Saňa beren zadym, belki-de, magşar güni maňlaýymdan dirär. Sen häziriň özünde Esen golaklara git! Meňli bilen Bahar gürleşip otyrka Meňliniň uly gyzy Bibihajar geldi. Ol agyr göwrelidi. Gujagynda ýaşyna ýeten oglanjyk, ýanynda dört ýaşlyja gyzy bardy. Arkasynda saçakly torba daňylgydy. Onuň ýüzi gamaşyp durdy. – Hajar jan! Geläýdiňmi? – diýip, Meňli ýatan ýerinden gyzyňa ýüzlendi. – Tüweleme! Ýegenlerem geldimi? Bibihajar özüni saklap bilmän, horkuldap aglamaga başlady. – Näme boldy, Hajar jan? – diýip, Bahar howsala düşdi. – Eýgilikmi berin? Bibihajar jogap bermedi. Onuň içi içine sygman, agysy barha möwç alýardy. – Bahar jan! – diýip, Meňli Bahara ýüzlendi. – Meniň ýanymda Hajar jan bolar. Ýaňky aýdan ýerime git-de geläý! Bahar bir gezek Meňliniň, bir gezek Bibihajaryň ýüzüne seretdi-de, bürenjegini alyp, çykyp gitdi. Menli kynlyk bilen tirsegine galdy. Bibihajar tärime maňlaýyny diräp aglap otyrdy. – Bilýän, gyzym! – diýip, Meňli gyzyňa öwüt bermäge durdy. – Gelin bolmak kyn zatdyr! Onda-da seniň gaýynlaryňa ýaranmak kyndyr. Kynam bolsa nätjek? Ýazgytdan çykyp bolýamy näme! Çydajak bol! Diýmesiz zat diýseler eşitmedik bol, etmesiz zady etseler görmedik bol! Bu bir öwrülip duran dünýedir. Ölmedige bu günlerem geçer. – Menem näler çydajak bolýan welin, hiç çydar ýaly däl, eje! Garrysyndan ýigidine çenli çem gelen ajysyny pürküp dur. Meni adamdyram öýdenoklar. Ejemi sorap geleýin diýsem, şoňa-da goýberenoklar ahyry. Häzirem rugsat berselerem berdiler welin, yzymda hüňürdeşip galdylar. Gaýdyp bararyn welin, maňa kakdyryp ýüz gürrüň ederler. Meňliniň ýüregi gyýlyp gitdi. Kişi minnetini çekmegiň ynjyly ýürege nähili ezýet berýänligini ol bilýärdi. Onuň elhenç ezýete çydaman, özüni derýa gark edäýesi gelen wagtlary-da bolupdy, – Aýyby ýok gyzym, goýbermeseler geljegem bolma! Indi ganymatlaşdym. Basym aýak üstüne-de galaryn, enşalla. Gaýynlary bilen oňuşmagy wesýet edip, gyzyňa aýdýan sözi Meňliniň öz janyna-da batanokdy. Ýöne onuň şondan başga edip biljek zady ýokdy. Ol diňe gudratly Allanyň keremine garaşýardy. «Men sebäpli berin gep gelmesin!» diýen ätiýaç bilen gyzyny köp saklamaga-da ejap etdi. – Sen gaýdyber, gyzym! Ýagdaýymyň gowudygyny gördüň! Gaýynlarynyň igenjine galmakdan ätiýaç edip, Bibihajaryň ýüregi suw üstündedi. Ejesi üçin niýetläp getiren zatlaryny onuň ýanynda goýdy. Meňli Baharyň getiren narlarynyň birini agtyklaryna berdi. – Bibimeremem gelip gidýämi? Bibimeremiňem gelip-gidişi Bibihajaryňkydan ýygy däldi. Şeýle-de bolsa, Meňli sypaýyçylygy elden bermedi. – Gelip gidýär. Günde-günaşa gelip habar tutup dur. Bibihajar ejesiniň reňki öçen ýüzüne, seretdi, ýuwaşlyk bilen maňlaýyndan sypady. – Sag bol, eje jan! Bibihajar torbasyny arkasyna daňdy, ogluny gujagyna aldy, gyzyňyň elinden tutdy-da, çykyp gitdi. Bibihajar gidenden soň Meňli öňküligini tapmady. Onuň gözünden ýaş damjalary syrygyp başlady. Öz başyndan geçen ähli jebir-sütemleriň hemmesi birden ýadyna düşdi. Ol şeýdip gussa çekip ýatyrka, ýüreginiň sanjyp başlanlygyny duýdy. Meňli bir bada oňa ähmiýet bermedi. Birhili ugursyz sanjy aslynda hem onuň ynjalygyny bozýardy. Ýöne az salym sanjydan soň ýene düzelip gidýärdi. Bu gezek welin, sanjy aýrylar çende aýrylmady. Soňabaka onuň gözleri garaňkyrap, başy aýlanyp başlady. Endamyna sowuk der indi. Elleri, aýaklary gurup başlady. «Eser ýerde Ezraýylyň girisine düşdüm-ow!» diýip, Meňli gorka düşdi. Meňlini gorkuzan ajal bu gezegem ondan sowa geçdi. Ol esli salym janserek bolup ýatandan soň, ýüreginiň urşy kem-kemden sazlaşdy. Dem alşy saýhallady. Ol öz-özüni barlamak isleýän ýaly, kellesini galdyrdy, usul bilen tirsegine galdy. Edil şu halatda-da Bahar geldi. – Nätdiň? – diýip, Meňli sorady. – Gurtmysyň – tilki? – Hudaýa şükür! Iş oňuna! – diýip, Bahar jogap berdi. – Häzir men saňa gürrüň edip bereýin. – Hoş söz beren bolsalar bolýa! Sen şol içi ýüňli gyzyl çuwala eliňi sok! Şonuň içinde bir duzly torba bardyr. Duzly torbaň içinde bir haltajyk bardyr. Bahar Meňliniň aýdan haltajygyny tapyp, Meňlä uzatdy. – Özüň alaý! Şu pul gelniň galyňyna-da, toýuňa-da ýeter. Senden ýene bir dilegim bar! Kyn görme-de, Magtymguly şahyry çagyryp gelsene! Bahar birhili aňkasy aşan ýaly bolup, sarsman durdy. – Näme, kyn görýäňmi? – diýip, Meňli sorady. – Näme diýsene, Meňli jan, men şu güne çenli saňa aýtman ýördüm. Magtymguly obada ýok. Ony Eýran patyşasy çagyrypdyr. Meňli esli wagt sessiz ýatdy-da: – Onuň bilen hoşlaşmak miýesser boljak däl-ow! – diýdi. ■ «Agzalalyk aýrar ili dirlikden...» Tuwaknyýaz serdar Magtymgulynyň töwellasyny alyp, yzyna dolandy. Tuwaknyýaz serdaryň bu geçirimliligine Çorly batyr nadyl boldy. Ol serdary ýuka ýüreklilikde aýyplady, ýolboýy käýinip barýardy. – Ilki bada seniň demiň daş ýarýady! – diýip, ol gyjalatly söz aýtdy. – Magtymguly şahyr geldi welin, ýeliň ýatyberdi-le! – «Bir şadan gork, bir-de şahyrdan!» diýip eşitmänmidiň! Şalaryň-a hökümi zor! Çala murty gymyldasa diýeni bolýa. Şahyrlarşam gudraty dilinde! Sulhy alan adamsyny öwüp, arşa çykaryp bilýä. Sulhy söýmeýän adamsyny welin, uly ile ryswa edýä. Gülen bolma, serdar! Magtymguly şahyry bizem sylaýas. Ýöne sylagyňam çaky bar. Magtymgulyny sylaýas diýip, ilimizi namys astynda goýup bilmeris ahyry. – Namys astynda galamzok ahyry. Adamlarymyzy boşadyp goýberseler, Adna serdarda başga algymyz ýok. – Men-ä şolary boşadarlaram öýdemok. – Aýdýanyň näme! Biz ýat iliň adamsy bolup Magtymguly şahyryň töwellasyny aldyk! Olar şahyryň ildeşi bolup onuň sarpasyny tutmasalar, nähili bolar?! – Senem Adna serdara näbelet ýaly! Ol bähbidinden galaryn öýden ýerinde taňrysynam sylamaz! – Zyýany ýok! Bir gezek parhlylyk etmek biziň borjumyz! Şol borjumyzam berjaý etdik. Adna serdar adamlarymyzy boşatmasa, ýene yzymyzy taparys. Şunyň bilen hem gürrüň gutardy. Oba dolanyp bardylar. Tuwaknyýaz serdar nökerlerine rugsat berdi. Ýöne buýruga taýyn bolup durmaklaryny tabşyrdy. Aradan bir topar gün geçdi. Adna serdaryň galasynda bendilikde saklanýan ýomutlardan derek bolmady. Kyýas baý bilen Çorly batyryň aýdany geldi. Olar ikisi iki ýerden Tuwaknyýaz serdara gyjalat berip başladylar. – Gökleňlere özüňi oýnadanyňy indi bildiň gerek. Ozal gökleňlerden ýaňa içimiz ýanyp ýör diýsek sen bizi ýene bir masgaraçylyga sezewar etdiň! Bu wagt gökleňler seni aldaýşyny mazamlap, keýp edip gülüşýändir. Bu gyjalatlar Tuwaknyýaz serdaryň janyna degdi. – Artyk gartaşmagyň hajaty ýok-diýip, ol gazaba mündi. – Şu edişine görä. Adna serdar bilen mazalyja hasaplaşaryn! – Onda gökleňleriň üstüne çozýasmy? – Entek çozmagyň wagty däl! – diýip Tuwaknyýaz serdar jogap berdi. – Wagty gelende özüm aýdaryn. Häzirlikde Kuwwat satygçyny tapyp, meniň ýanyma iberiň! Kyýas baý ýörite iş edinip, tapyp getirdi, Tuwaknyýaz serdar Kuwwat satygçyny gadyrly garşylady. Onuň bilen ikiçäk gürleşdi. Şol günüň ertesi Kuwwat satygçy eşegini ýüwse, darak diýen ýaly ownuk harytdan ýükläp, obadan çykyp gitdi. * * * Adna serdar özüni söweşde harby pirimler gurmaga ökde adamlaryň biri hasap edýärdi. Eger atabaýlar hüjüm edäýse, olary nähili garşylamalydygynyň hem pikirini etdi. Atabaýlaryň geläýjek ýollarynyň hemmesine didebanlar goýuşdyrdy. Atabaýlar geläýse, olaryň gapdalyndan hem arkasyndan hüjüm etmek üçin, belli-belli ýerlerde gök atlylaryny gizläp goýdy. Beýleki nökerleri galanyň töweregindäki meýdanlarda ýerleşdirdi, aradan birnäçe gün geçdi. Atabaýlardan habar-hatyr bolmady Beýdip boş meýdany saklap ýatmak gökleňleri agyr ýagdaýa saldy. Adamlaryň yzynda çagalary, mal-garalary bardy. Olary eklemelidi, saklamalydy. Mätäçligiň hökümi pylança wagtlap gazançsyz ýatmaga mümkinçilik bermeýärdi. Adna serdardan jogap sorap gelýän adamlaryň sany gün-günden köpelýärdi. Adna serdar olaryň ýagdaýyna düşünýärdi. Ýöne olara rugsat bermäge-de töwekgellik edip bilenokdy. Ol şeýdip nätjegini bilmän ýörkä, gökleň obalarynda Kuwwat satygçy peýda boldy. Ol satygçylyk edip bu ýerlere köp gelensoň Adna serdar ony tanaýardy. Ol Kuwwat satygçyň gelenini eşidip, ony öz huzuryna çagyrdy. Ýomut obalarnyň ýagdaýyny sorady. – Obalaram gurgun! – diýip, satygçy jogap berdi. Hes kim öz gara güni bilen itnişip ýör. – Tuwaknyýaz serdar neneň? – diýip, Adna serdar osmakladyp sorady. – Onuň biziň töwereklere gelmek meýli ýokmy? – Bilmedim, serdar aga. Käriň satygçylyk bolsa känbir obada-da bolup bolanok-da! Tuwaknyýaz serdaryňam Tährana gitmek hyýaly barmyş diýib-ä gulagyma degdi. Adna serdar satygçynyň sözlerine ynananda-ynanmanda-da, elindäki nökerleri mundan artyk bendiwan edip goýmaga ýagdaýy ýokdy. Adamlaryň sany gün-günden azalýardy. Ilki batlarda olar serdardan rugsat diläp gaýtsa, indi rugsatsyz gaýdýardylar. Adna serdar gökleňleriň arasynda hatyrasyny peseltmezlik maksady bilen adamlaryň bir toparyna rugsat berdi. Adna serdaryň atlylarynyň esasy bölegi öýli-öýüne gaýdansoň, basym Kuwwat satygçy hem gitdi. Aradan üç gün geçip, dördünji güne geçilen gije Adna serdaryň galasynda dym-dyrslyk höküm sürýärdi. Daň golaýlapdy, ukynyň iň süýji wagtydy. Galada derwezebandan başga oýa adam ýokdy. Günbatardan gündogara baka süýşýän bölek-bölek bulutlar asmandaky ýyldyzlaryň öňüni ýapýardy, ýene syrylyp gidýärdi. Derwezeban ukuly gözlerini açyp asmana seredende, bir ýyldyz gyzyl ot bolup süýnüp gitdi. «Tüf! Tüf! Kapyr başyna!» diýip, derwezeban üç gezek gaýtalady. – Habarlaşar ýaly kim bar? – diýip, derwezäniň asyrsyndan biri gygyrdy. – Kim bolarsyň? – Men bir geçegçi – diýip, nätanyş jogap berdi. – Garaňkyda azaşaýypdyryn. Aýlanyp-aýlanyp halys boldum. – Daň atýança ölesiň ýok. Derweze açylansoň geçersiň. – Beýtmesene, arkadagym! Zordan eňek atyp ýetdim. Suw berseň bir rupyýa bereýin. Rupyýa sözi derwezebanyň gulagyna hoş ýakdy. Her näme-de bolsa derwezäni açmady. – Serdaryň buýrugy şeýle! Il örmän derweze açylanok. – Senem walla – diýip, nätanyş naýynjar ses bilen gürledi. – Bir öleýin diýip duran adamdan çekinip dursuňaýt! Men ýanyp duran ot bolamda ýekeje özümiň etjek zadym näme? Derwezeban derwezäniň deşiginden yşyklady. Derwezäniň öňünde hortaň bir adamyň bükütdirip duranlygy saýgartdy. Onuň egninde horjuna meňzeş bir zat bardy. – Goýberäýsene, jan agam! – diýip, nätanyş birsyhly ýalbaryp durdy. – Bir rupyýa bereýin diýdim ahyry. Iki rupyýa-da bererdim welin, başga pulum ýok. Men bir garyp biçäre. Pula nebsi otugan derwezeban derwezäni açdy. – Taňryýalkasyn, arkadagym! Derwezeban derwezäni ýapmakçy boldy. Şol halatda nätanyş egnindäki horjuny bilen derwezebanyň kellesine ýelmedi. Ol degenden derwezeban entirekläp gitdi. Onýança derwezäniň her tarapyndan bir adam ylgap geldi-de, derwezebany basa düşdüler. Derwezeban ýekeje gezek «Waý!» diýip gygyrmaga ýetişdi. Şol aralykda at toýnagynyň sansyz güpürdisi peýda boldy. Aradan salym geçmänkä atlylar galanyň içine kürsäp girdiler. Ýatanyň üstüne turan gelmesin diýlişi ýaly, duýdansyz dökülen atlylar galada edip bilenlerini etdiler. Atlylar gala dökülende Adna serdar gündogarky öýde kiçi aýalynyň ýanynda uklap ýatyrdy. Galada peýda bolan galmagaly eşidip, ol zähresi ýarylan ýaly bolup oýandy. Ol entek özüni dürsemänkä, daşarda kimdir biriniň: – Adna serdary tapyň! – diýip gygyranyny eşitdi. Adna serdar Tuwaknyýazy sesinden tanady. Ol tärimden asylgy gylyja ýapyşdy. Şol aralykda daşarda bir erkek adam «Waý!» diýip jynssyz gygyrdy. Onuň yzy bilen ikinji tarapda başga bir ses ondanam eýmenç gygyrdy. Bu ýürek ýargynç sesler Adna serdary birden amana getirdi. «Ýerliksiz batyrlyk eden bolup, ajalyň agzyna girmegiň näme manysy bar» diýen pikir onuň kellesine geldi. Ol çalasynlyk bilen dula gerilgi gyzyl çuwala girdi. – Waý, men nädeýin? – diýip, aýaly howsala düşdi. – Saňa zat bolasy ýok! – diýip, Adna serdar pyşyrdady. – Meni sorasalar, çykyp gitdi diýäý! Adna serdar çuwalyň düýbünde ýatdy-da, çuwaldaky geýim-gejimler bilen üstüni örtdi. Oňa çenli birnäçe adam öýe kürsäp girdi. Olary görüp, serdaryň aýaly gap böwre gysyldy. – Serdar nirede? – diýip, Tuwaknyýaz serdar sorady. Aýalyň dili tutuldy. – G... g... gitdi... – diýip, ol zordan jogap berdi. Serdaryň dony, telpegi, gylyjy öýde ýatyrdy. – Bigaýrat! Gyssanjyna gylyjynam taşlap gaçypdyr! Bu wagt ol tammanyny taşlap gaçmasa oňaýgyn! – Bu heleýi näderis? Biçäre aýal özüni göterip bilmän, lampa aşak oturdy. – Aýaldan ar almak namartlyk bolar! – diýip Tuwaknyýaz serdar jogap berdi. – Serdaryň özüni gözläň! Galanyň içini agdar-düňder etdiler. Kümelere dölelere çenli barlap çykdylar. Adna serdar tapylmady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |