16:36 Magtymguly -26/ romanyñ soñy | |
■ «Ersgin boldy gitdi gyzylbaşymyz...»
Taryhy proza
Astrabat häkiminiň diwanhanasynda Sadyk soltan bilen Hudadat beg gürleşip otyrdy. Olaryň ikisiniň-de keýpi öçükdi. – Salgydyň hasabyna getirilen zatlary hasaba aldyňyzmy? – diýip, Hudadat beg sorady. – Hasaba alnan ýaly-da! – diýip, Sadyk soltan jogap berdi. – Enteg-ä ýüze tutup, Tährana ugradar ýaly zat ýok. – Işler gowy-ha däl! Siziň welaýatyňyzdan ýygnalmaly salgydyň üçden birem ýygnalanok. Munuň üçin sizden hasab-a soralar! – Soralsa, bolşuny bolşy ýaly aýdaýarys. – Näme diýersiňiz? – Özüňiz görüp dursuňyz! Welaýatyň boýnuna ýüklenen salgydy ýygnajak bolup görmedik çärämiz galmady. Obalary, galalary döküşdirip çykdyk, bir topar adamy dara çekdirdik. Şonda-da üýtgeýän zat ýok! Sebäbi, halkyň elinde zat ýok! – Beýle jogap beräýseňiz, dara çekiljegiňize akylyňyz ýetenokmy? Buýrugyny ýerine ýetirmeýän adamlara şanyň nähili jeza berýänligini özüňiz bilýänsiňiz! Onsoňam, men halkyň şeýle gallaç galanlygyna ynanamok. Ýaňy-ýakynda men türkmen ilinde bolup geldim. Hudadat begiň hondanbärsi bolup oturyşy Sadyk soltana ýaramady. Ýeri gelen wagty badyny alasy geldi. – Habarym bar! Ol ýere salgyt ýygnamaga gitmäniňizem bilýän. – Eýse näme üçin gitdim? – Magtymguly şahyryň araky şygry size uly iş boldy. Bu gezegem şonuň yzyny yzarlamaga gitdiňiz. – Siz näme gyşyk gürrüň atýaňyz? Öz ornunda bu meselänem ähmiýeti kiçi däldir. – Siz akylly adam ahyry! – diýip, Sadyk soltan içi möjekli söz oklady. – Akylly adamlar utulan oýunlaryny gaýtalamaýarlar. Bu oýunda Ispihany şahyr sizi utupdyr. Oky bizem eşitdik. – Eşideniňizi bilýän! Ispihany şahyryň bu ýere gelip gideninem bilýän. Ýöne entek oýun gutaranok. Men şol näletsiňen şygry Magtymguly şahyryň hut Agamuhammet şaha niýetläp düzenligini subut ederin! Sadyk soltan Hudadat bege seredip, gyjalatly güldi. – Magtymgulynyň ol şygry başdan-aýak nälete ýugrulan şygyr ahyry! – diýip, Sadyk soltan dowam etdi. – Olar ýaly şygry öz boýnundan ildirmäge haýsy bir akmak razy bolar? Ol näletli şygry Agamuhammet şanyň boýnuna dagdan edip dakmak üçin iş edinip ýöreniňizi bilýäs, şanyň size nähili oýun görkezjegini pikir etdiňizmi? Birden köşk hyzmatkäri gelip, Sadyk soltana baş egdi. – Türkmen ilinden Kyýas baý gelipdir. Siziň huzuryňyza arzy barmyş. – Gürleşip göräýmek gerek – diýip, Hudadat beg jogap berdi. – Belki-de, bähbitli gürrüňi bardyr. Sadyk soltan hyzmatkäre göz ümledi. Hyzmatkär çykyp gitdi. Az salymdan Kyýas baý otaga girdi. Onuň ýüzi gara ýanykdy, dodaklary kesmekläp ýurdy. – Kyýas baý? – diýip, Hudadat beg geň galdy. – Saňa näme boldy? – Işim gaýtdy, hormatly begim! Şonuň üçinem siziň gaşyňyza geldim. Men size edil hudaýa ynanan ýaly ynanýan. Sizi özümiň sarsmaz arkadagym hasap edýän. Yzymda siziň ýaly arkadaglarym barka, duşmanlar meniň üstümi depeläp gitdi. – Düşnükliräk aýtsana! – diýip, Sadyk soltan sorady. – Saňa näme boldy? – Obada ýokkam, öýüme dökülip, bar emlägimi talapdyrlar. Mal-garalarymy sürüp äkidipdirler. Iki oglum bilen agtygymam äkidipdirler. – Kim äkidipdir? – Gökleňler! Adna serdaryň şagallary! – Adna serdar? – diýip, Hudadat beg gaýtalap sorady. – Ony açyk bilýäňmi? – Wah, bilýän-le! Gözi bilen gören adamlar aýtdy. – Bolup biler! – diýip, Sadyk soltan tassyklady. – Onuň sebäbi bar. Ýaňy-ýakynda atabaýlar Adna serdaryň galasyna dökülip, talaň salyp gidipdirler. Onuň öň ýanynda-da gökleňleriň bir gyzyňy süýräp äkidipdirler. Megerem, Adna serdar atabaýlardan ar almak isländir. – Sözüňiz hak, hökümli hanym – diýip, Kyýas baý alyp göterdi. – Tuwaknyýaz serdar şunuň ýaly bir gabahat iş edenmiş diýip bizem eşitdik. Ýöne Adna serdar adam şekilli adam bolsa, Tuwaknyýaz serdaryň aryny menden almalymydyr? Hudadat begiň kellesine täsin bir küý geldi. Bu wagt onuň gözlerinde hem howsala, hem şatlyk uçgunlary oýnaklaýardy. – Men edil hudaýa ynanýan ýaly ynanyp siziň gapyňyza geldim, agalar! – diýip, Kyýas baý ýalbardy. – Meniň perzentlerimi şol garakçy deýýusyň elinden alyp beriň! Talanyp äkidilen zatlarymam gaýtaryp beriň! Olar meniň edil ene süýdi ýaly halalja zatlarym. – Arkaýyn bolaýyň, Kyýas baý! – diýip, Huda dat beg göwünlik berdi. – Sadyk soltan adalatly häkimdir. Ol sizi nähak horlatmaz! Siz birsalym dadygähe1 baryň-da, şol ýerde garaşaýyň! Kyýas baý çykyp gitdi. Hudadat beg mekirlik bilen ýylgyryp, Sadyk soltana seretdi. – Gördüňizmi, hanym? Siz ilde zat ýok diýýärsiňiz. Atabaýlar Adna serdaryň galasyndan bir topar zat talap alypdyr. Adna serdar Kyýas baýyň bir topar zadyny talap alypdyr. Bular zat dälmi näme?! – Siz näme diýmekçi bolýarsyňyz? – Gyssagly adam iberiň-de, Adna serdar bilen Tuwaknyýaz serdaryň ikisinem Astrabada çagyryň! Gelerlerem welin, ikisinem zyndana salyň! Oňa bahana-da bar! Tuwaknyýaz serdary gökleňleri talany üçin, Adna serdaram Kyýas baýy talany üçin aýyplarsyňyz! Olary birnäçe gün garaňky zyndanda saklap, mazalyja amana getirmek gerek! – Olary zyndana salanymyzyň salgydyň üzülmegine nepi degermikä? – Nepi deger! Zeýli zyndanda çüýräp galjagyna gözi ýetse, serdarlar köp zada kaýyl bolar. – Kyýas baýa näme jogap bereris? – Kyýas baýyň perzentlerini gaýtaryp beriň! Ýeke onuň perzentlerinem däl, her iki tarapdan äkidilen adamlary-da obalaryna gaýtarmak gerek! Şeýle etseňiz, her iki tarapdanam alkyş alarsyňyz. Tuwaknyýaz serdaryň gökleňlerden talap alan zatlaryny, Adna serdaryň hem Kyýas baýdan talap alan zatlaryny Astrabada getirmek hakynda perman beriň! ■ «Gözel ilim, sen diýip sökerem ýollar...» Gün günorta çemeleri Magtymguly Hajygowşana gidilýän ýol bilen atyny gezerine sürüp barýardy. Magtymgulynyň özi-de, aty-da ýadawdy. Ol gatyr bilen gidilende sekiz-dokuz günde geçilýän ýoly üç günde geçipdi. Takmynan bir günlük ýol geçilýänçä, oňa Mülkaman ýoldaş boldy. Mülkaman entek yzyna dolanmaka, gyssagly ýumuş bilen Mazenderana barýan gajar atlylary gabat geldi. Olardan biri Magtymgulyny tanady. Eger Magtymguly gatyrak sürmegi kyn görmeseler, gajarlar ony Astrabat ýoluna çenli ýoldaş edinmegi boýun aldylar. Astrabat ýoluna gelenlerinden son ol gajarlar bilew hoşlaşyp, ýeke özi ýoluny dowam etdi. Ahyry Hajygowşan salgymlap göründi. Oba gözi düşenden Magtymgulynyň süňňüne gurp gelen ýaly boldy. Onuň aty-da dogumlandy. Oba golaý baranda Magtymgulynyň gözüne ilen bir surat onuň keýpini bozdy. Hajygowşandan uzak bolmadyk açyk meýdanda ýerleşýän Garry molla gonamçylygynda jemende köpdi. Olaryň kim-de bolsa bir bendäni ahyret öýüne ugradýandygy bellidi. Gonamçylykda, adamlaryň üýşen ýerinde bir at hem durdy. Magtymguly gonamçylyga sowulman geçmegi özüne kemlik bildi. * * * Kyýas baýyň howlusynda maňlaýyna palta degen Gully ýetim serlip ýatyrdy. Gully ýetimiň aty onuň ýanyndan aýrylanokdy, garşy-garşy eýesini ysgaýardy, yzly-yzyna hokranýardy. Gökleň ýigitleri Gully ýetimiň bolup ýatyşyny görüp gynandylar. Adna serdar ýeri gelen wagty öz nökerlerine janköýerlik etmegi özüniň serdarlyk borjy hasap edýärdi. Onuň maňlaýynyň çapylan ýerine seretdi. Kükregine gulagyny tutup diň saldy. – Jany bar! – diýip, ýaglyk bilen onuň maňlaýyny daňdy. – Ony nädip äkiderkäk? – diýip, ýigitlerden biri sorady. – Kyýas baýyňkyda heniz tutulmadyk öý bar. tüýnügini alaýalyň – diýip, başga bir ýigit maslahat berdi. Tüýňügi iki atyň arasyna berkitdir. Tüýnügiň üstünden düşek ýazdylar, düşegiň üstünde Gully ýetimi ýatyrdylar. Ýola düşdüler. Gully ýetimiň aty eýesiniň ýanyndan aýrylanokdy. Ol janawar tä oba gelýänçäler tüýnügiň ýokarsyndan boýnuny uzadyp, eýesine seredip geldi. Gully ýetimi öýüň dulunda ýatyrdylar, ýarasynyň daňysyny täzelediler. Gullynyň özüni bilmäň bulanyp ýatyşyny görüp, Hajybibiniň zähresi ýaryldy. – Wah, onuň sag-aman gelmejegini ýüregim syzdy-la! – diýip, ol nalady. – Beý diýme, gelin! Mert bol! – diýip, Adna serdar göwünlik berdi. – Gully han söweşde ýaralanmagy indi görmeli däl. Ol süňňi sagat ýigit! Aňyrsy on-on bäş günden aýak üstüne galar enşalla! Adna serdar nökerlerini yzyna tirkäp, öz galasyna gitdi. Şondan soň ol bir gezegem Gullydan habar tutmady. Gully ýetimiň goňşulary gidip tebip getirdiler, onuň ýarasyna melhem etdiler. Aradan iki gün geçenden soň Gully gözüni açdy, töweregindäki adamlara seretdi. Bir zat diýjek ýaly etdi, emma dili diýenini etmedi. Ol birnäçe günläp şol ýagdaýynda ýatdy. Hajybibi gije-gündiz Gullynyň başujuny saklap oturdy. Ilaman hem wagtynyň köpüsini onuň ýanynda geçirýärdi. Ejesi Gullynyň gözgyny bolup ýatyşyna dözmän aglan wagty o-da aglaýardy. Gije ýarymdan agypdy. Ilaman uklap ýatyrdy. Töwerek ümsümlikdi. Hajybibi ukuly gözlerini süzüp, Gullynyň ýüzüne seredip otyrka, birden Gully gözüni açdy. Hajybibiniň ýüzünden bir zat gözleýän ýaly çiňerilip seretdi. Seretdigiçe-de onuň gözleri peträp ulalyp barýardy. Elleri, aýaklary gerildi, bogazynda bir hili yňranýan ýaly ýakymsyz ses peýda boldy. Şo-da Gully ýetimiň iň soňky eden hereketi boldy. – Wa-aý, Gully jan! – diýip, Hajybibi aýylganç ses etdi. Onuň gulaga ýakymsyz sesi gijäniň asudalygyny bozup, bütin oba ýaňlanyp gitdi. Daşarda daňylgy duran bedew yzly-yzyna çirkin kişňedi. * * * Magtymguly mazarçylyga ýetmän, atyny bir köne çöpüň töňňesine daňdy-da, gölegçileriň üýşüp duran ýerine pyýadalap ugrady. Gölegçilerden biri Magtymgulyny tanap, onuň öňünden çykdy. – Essalawmaleýkim, hormatly şahyr! Hudaýa şükür, sag-aman gelipsiňiz! Magtymguly Ussagaraň salamyny aldy-da: – Ol kim? – diýip sorady. – Gully ýetim. – Gully ýetim? Oňa näme boldy? – Sen sorama, hormatly şahyr! – diýip, Ussagara Adna serdaryň atabaýlar bilen ýaraşygy bozuşyny, Tuwaknyýaz serdaryň amatly pursat tapyp, Adna serdaryň galasyna dökülişini, soň Adna serdaryň Kyýas baýyň obasyna dökülişini gürrüň berdi. – Gully ýetimem Kyýas baýyňka çozulanda ýaralanypdyr – diýip, Ussagara sözüni soňlady. – Neresse şol ýarasyndan aýňalmanam amanadyny tabşyrdy, – Biçäre ýetim! – diýip, Magtymguly başyny ýaýkady. – Dünýä ineli bäri eşretli güne gözi düşmedi. Iň soňunda-da arman bilen ölüpdir. Hanlara, serdarlara olja gerek. Gan döküp, jan bermeli bolanda welin, pukaralar öňe itilýär. – Bu gezekki birek-biregi talap alan oljalar-a serdaryň özüne-de nesip etmedi – diýip, Ussagara dowam etdi. – Atabaýlar bilen gökleňleriň arasynda garşylykly uruş bolanyny eşidip, Sadyk soltan Adna serdary-da, Tuwaknyýaz serdary-da zyndana salypdyr. Alnan oljalaryň hemmesini Astrabada getirmegi höküm edipdir. Bu habary eşidip, adamlar birhili boldy. Ol talanyp alnan oljalary eýelerine gaýtaryp berer öýtdüler. Emma häkim olaryň hemmesini patyşanyň haýryna geçirip oturyberipdir. Indem gyzylbaşlar öýin-öýin aýlanyp salgyt ýygnaýarlar. Adna serdaryň söbükbasary Garrybaý olaryň önüne düşüp, näçe gün bäri obalarda pelesaň kakyp ýör. Gökleňler ähli salgytlaryny, hyraçlaryny üzäýmese, Adna serdary zyndandan boşatjak dälmişler. – Eý, taňrym! – diýip, Magtymguly hyrçyny dişledi. – Haka gulluk edip ýören pukara bendeleriň zulum-sütemden gutuljak wagty barmyka?! Magtymguly gabak astyndan gölegçilere seredip, gidip barýardy. – Ýogsa-da, ol at näme? – Gully ýetimiň aty! Eýesine wepaly at eken. Gully ýetimi jaýlamaga alyp gaýtdyk welin, iki baka çyrpynyp özüni öldüräýjek boldy. Ahyram dyzap-dyzap tanapyny üzüpdir-de, obadan çykyp barýarkak yzymyzdan ýetdi. Bizem janawara zadam diýmedik. Magtymguly jogap bermedi. Onuň halynyň teň- digini aňan Ussagara başga zat diýmedi. Gölegçileriň üýşüp duran ýerine ýetmäge ýüz elli ädim çemesi galanda, täze gömülen bir mazaryň üstünden bardylar. Mazaryň tümmeginiň yzgary-da entek köpemändi. – Bu kim? – diýip, Magtymguly Ussagaradan sorady. Ussagara kynlyk bilen jogap berdi: – Meňli! – Meňli? – diýip, Magtymguly sakga aýak çekdi. – Hawa, şahyr! O-da amanadyny tabşyrdy. Il« leň aýdyşyna görä, ol pahyr öljegini bilen ýaly, «Tizräk ogluňy öýer, ölmänkäm onuň toýuny göreýin» diýip, Bahary gününe goýmandyr. Toýuň hemme harajadyny Meňliniň özi berenmiş. Bahar Meňliniň diýenini edip, ogluny öýerdi. Oňa Esen golagyň gyzyny alyp berdi. Goýdan soň iki gün geçdem welin, Meňli jan berdi. Ussagara köp zatlary gürrüň edip berdi. ýne ol gürrüňler Magtymgulynyň gulagyna ilmedi. Bu wagt onuň kükreginde bir ses: «Meňli! Meňli!» diýip, nala çekip durdy. Gully ýetimi jaýladylar. Jynaza okadylar. Ahyry ýetimiň mazaryny ýeke galdyryp, onuň töwereginden dargadylar. ■ «Ýetimler gözýaşyn döke başlady...» Magtymgulynyň öýünde Ussagaradan başga hiç kim ýokdy. Ol döşüni ýassyga ýaplap şygyr göçürýärdi. Ertirden bäri başyny galdyrman hat ýazsa-da, elini işden aýrasy gelenokdy. Magtymgulynyň soňky goşan goşgularynyň bir toparyny ol höwes bilen göçürdi. Ýene bir topar goşgy onuň öňünde ýatyrdy. Ussagara goşgulardan ýene birini aldy-da, birinji beýdini okady. Okan badyna-da ýüzi üýtgedi. Goşgynyň yzyny okadygyça, onuň ruhy öçýärdi. Ol bu goşgynyň täsiri zerarly sähne bolup otyrka, Orazmeňli şahyr geldi. – Şahyr öýde ýokmudy? – Ol gündogarky oba gitdi – diýip, Ussagara gözlerini süpürdi. Orazmeňli Ussagara siňe seretdi: – Size näme boldy? Zordan saklanyp oturan Ussagara bu soraga has-da bozuldy. Onuň könelişen gözlerinden ýaş damjalary togalanyp gaýtdy. Ol ýanky goşgyny Orazmeňlä uzatdy. Orazmeňli goşgynyň birinji beýdini okady: Ahmet patyşadan habar almaga, Umyt etdi iller Çowdur han üçin. Sag baryp, salamat gaýdyp gelmäge, Oňmady ykballar Çowdur han üçin. – Heý bir zat aňladyňmy? – diýip, Ussagara sorady. Orazmeňli goşgynyň yzyny okady: Yzyňda boldular il intizaryň, Umyt bilen gezdi Annahal ýaryň, Atanazar boldy çekerge zaryň, Gözleý-gözleý ýollar Çowdur han üçin. Orazmeňli doňan ýaly bolup durdy. Goşgyň soňky beýdini Ussagaranyň özi okady: Sözle, Magtymguly, älem bilsinler, Jaýy jennetdedir, güwä bolsunlar, «Hak, rahmet etsin!» diýip, doga kylsynlar, Tamam ulus-iller Çowdur haýa üçin! – Gördüňizmi! Çowdur han dünýeden öten bolarly. – Köp ýyl bäri Çowdur handan habar-hatyr ýokdy-da! Şol gidişi-gidişi bolaýdy! – diýip, Orazmeňli gaýga batdy. – Be-eý walla! Onuň patasyny alaýmaly bolarmykak? Az salym olaryň hiç haýsyňdan ses çykmady. – Siz hiç ýere sowulman, göni bärik geldiňizmi? – diýip, Ussagara sorady. – Hawa. Men bu ýere gelen wagtym ilki bilen halypamyzyň ýanyna gelýänligimi özüňiz bilýäňiz ahyry. – Onda gündogarky obada bolan işden habaryňyz ýokdur? – Näme bolupdyr? – Gully ýetimiň aradan çykanyny-ha eşidensiňiz? – Ony eşitdim. Pahyryň ýatan ýeri ýagty bolsun! – Ol neressäňem deregi dargady. Onuň argamak ýaly bedeninem gyzylbaşlar alyp gidipdir. – Onam eşitdim. – Bu gün gündogarky oba bir topar atly bolup Kyýas baýyň adamlary geldi – diýip, Ussagara dowam etdi. – Olar Gully ýetimiň aýalyny zorlap äkitjek bolýalarmyş. – Beýle-de zalymlyk bolarmy?! Ynsabyny iblise satan Kyýas baýyň beýle iş etmäge neneň ynsaby çatdyka? – Ýigitlere gezek gelse-hä, Kyýas baýyň adamlarynyň yzyna it salyp kowjakdy. Ýöne ýaşulular göwnemedi. Är ölse, hatyn talak bolar, gyzyň hossarynyň öz gyzlaryny ýygnamaga haky bardyr diýdiler. Kyýas baýyň adamlaryna töwella edip göreliň! Töwellamyzy alsalar-a alanlary, almasalaram başga edip biljek zadymyz ýok diýdiler. Magtymguly şahyram ýaşulular bilen Kyýas baýyň adamlaryna töwella etmäge gitdi. – Menem olaryň ýanyna ötägitsemmikäm? – diýip, Orazmeňli ümsümligi bozdy. – Baramyzda elimizden geljek zat näme?! – diýip, Ussagara jogap berdi. – Gury janymyzy ýakanymyz galar. Gowusy, şol elhençligi görmälem, köýmälem! Ýene-de dymdylar. Esli salymdan soň daşarda aýak sesi eşidildi. Ussagara bilen Orazmeňli ikisi-de daşaryk çykdylar. Magtymguly alty ýaşly bir çagajygyň elinden tutup gelýärdi. Ol Gully ýetimiň ogly Ilamandy. Olaryň ýanynda ýene birnäçe ýaşuly bardy. Magtymguly gapa bardy-da, öýe girmän, aýak çekdi. Ol ýere bakyp doňan ýaly bolup durdy. Ussagaradyr Orazmeňli ondan hiç zat soramadylar, olar Magtymgulynyň bolup gelşinden işiň nähili gutaranlygyna düşündiler. Magtymguly az salym gymyldaman durandan soň: – Gapa düşek ýazalyň! – diýdi. – Ýagty jahany bir görüp oturalyň! Daşaryk düşek ýazdylar. Magtymguly adamlara düşegiň üstüne geçmegi mürähet etdi. Ilaman möjekden gorkan guzy ýaly, Magtymgula gysylyp oturdy. Onuň naşyja eljagazlary sandyr-saýdyr edip durdy. Magtymguly nebsagyryjylyk bilen Ilamana seretdi. Şonda onuň gözlerine ýaş çaýylyp gitdi. Ony görüp, oba adamlary birhili boldy. – Geň görmäň, adamlar! Gamçysyndan gan damýan gazaply hanlaryň, hökmürowan şalaryň öňünde egilmedik başlar Ilaman ýaly ýetimleriň gözýaşynyň önünde egilmelidir! Ilaman ýaly gallaç galan mazlumlaryň gözýaşy aka aka däli sile dönüpdir! Şol siliň gudratyndan ýaňa gerşi garly gara daglaryň lerzana gelmişine men haýran! Meniň gyşda-ýazda tükenmeýän, depesi arşa degen sansyz eserlerim bar. Men ol goşgy-gazallaryň hemmesini gözi ýaşly mazlumlaryň hatyrasy üçin düzdüm. Men ahy-nalasy zemini sarsdyrýan pukara bendeleriň bagtly güne ýetenlerini görjek bolup, gije-gündiz hudaýa takat etdim. Emma, Allatagala biziň ahy-nalamyzy eşitmedi. Şunça garaşsagam ajap eýýam gelmedi! Bütin dünýäni gaplap alan zulum-sütemiň gara dumany barha goýalýar. Eger şu ajy zulum bir gara daşyň başyna düşen bolsa, oňa dözüp bilmän daşlar erärdi! Onsoň neneň adamzat gözýaş dökmesin! Magtymguly sözüne dyngy berdi. Adamlar Magtymgulynyň ýüzüne seredip bilmän, ýere bakyp oturdylar.. – Keçpelek bize adalat nuruny saçmady. Ol bizi aýak astyna salyp depeledi. Emma şonda-da Magtymguly keçpelegiň hökmüne boýun eger öýtmäň! Meniň garry jesedimde janym deprendikçe, keçpelek bilen dikleşerin! Suw ornuna ynsan ganyny içýän bu biweç dünýäniň özgerjegine şübhesiz ynanýan! Pukara bendelere bagt nuruny seçelejek ajap eýýamyň geljegine-de şübhelenemok. Magtymguly birden başyny galdyrdy-da, adamlaryň ýüzüne seretdi. – Sizem umydygär boluň, adamlar! Çydamsyz zulmy-sütemi bilen çyrpynyp duran keçpelegiň jebri-jepasyna sezewar bolup ýörmekdenem dynarys! Bütin zemini-asmany lälezarlyga öwürjek ajap eýýama-da bir gün gözümiz düşer! Zalymlar har bolar, galar aýakda, Garyp, sen ýyglama, şir dek bolar sen! Romanyñ soñy. Tañryguly TAGANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |