00:29 Magtymguly -13/ romanyñ dowamy | |
* * *
Taryhy proza
Bagtyýar Töwke baýy gözläp, köp ýere aýlandy, baýyň öýlerine bardy, dükanlara seredişdirdi. Iň soňunda-da ony kerwensaraýdan tapdy. Tapan badyna-da Magtymgulynyň ýanyna ylgady. Magtymgulydyr Nury Kazym kerwensaraýa gitdiler. Kerwensaraý bazar meýdanynyň ýanyndaky mähellede ýerleşýärdi. Onuň inedördül giň howlusy bolup, howlyň çar töweregi gümmezli jaýlar bilen gabalgydy. Bu saraýa kerwen köp gelýärdi. Adamlaryňdyr haýwanlaryň galmagalyndan, arabalaryň şakyrdysyndan üýn alşar ýaly däldi. Bu gün kerwensaraýyň gowry has hem köp boldy. Köneürgenç sebitinden getirilen ýesirler saraýdaky adamlara uly gürrüň boldy. Diňe saraýyň ýeňse gürpünde ýerleşýän bir otagda bu gürrüň edilmeýärdi. Ondaky adamlaryň bolşuny görseň, Hywada ýüze çykan bu elhenç waka olary gyzyklandyrmaýan ýalydy. Bu otagyň bezelişi-de kerwensaraýyň beýleki otaglarynyňkydan üýtgeşikdi. Otagyň içine täzeje halylar düşelgidi, halylaryň üstünden ýüpek körpeçeler ýazylgydy. Otagda dört adam gürleşip otyrdy. Olaryň biri Töwke baý, ikinjisi Kokantdan gelen täjir, beýleki ikisi kokantly täjiriň ýoldaşlarydy. Magtymguly dagy baryp şol otaga girdi. – Bo-how, Magtymguly şahyr! – diýip, Töwke baý geň galdy. – Siz nire, bu ýeri nire?! Magtymgulynyň adyny eşiden myhmanlar ýerlerinden turup, oňa hormat goýdular. Diňe kokantly täjir ýerinden gozganmady. – Töre geçiň! – diýip, ol göwünli-göwünsiz mürähet etdi. – Biz hormatly Töwke baýy idäp geldik. Işli adamlara azar bermek gelşiklem-ä däl welin, derwaýys işimiz çykdy-da. Töwke baý köpi gören adam bolansoň, kokantly täjiriň hereketine-de, Magtymgulynyň hereketine-de düşündi. Ol şahyrdyr Nury Kazymy başga otaga alyp bardy. Onuň soňky baran otagy-da edil öňki otag ýaly bezelgidi. – Öýe gelersiňiz öýdüp garaşýadym – diýip, Töwke baý sypaýyçylyk etdi. – Möwlana Nury Kazymyň aýak üstüne galanlygyny eşiden bolsam, ýörite araba ibererdim. – Biz wajyp bir towakga bilen geldik! – diýip, Nury Kazym arzyny aýtdy. – Köneürgenç etrapyndan getirilen ýesirleriň ýagdaýyny eşidensiňiz. Häzir ähli Horezm şol biçäreleriň agysyny aglaýar. Olaryň çekýän jebir-sütemleri ýüregimizi paralady. – Hawa, bu wagtlar ol görgülileriň ýagdaýyny göreniňden görmäniň kem däl – diýip, Töwke baý jogap berdi. – Ol biçärelere siziň rehimiňiz gelenokmy? – Rehimim gelýä. Men adamlara beýle güzap etemegiň tarapdary däl. Adamlary işletmeli! Allatagala garamaýak adamlary işletmek üçin ýaradypdyr. Işden gaçýan adamlara temmi bermegem bolar. Ýöne olary asmak, damagyny çalmak meniň halaýan zadym däl. – Rehimiňiz gelýän bolsa, näme üçin ol biçärelere arka duraňzok? Olara hemaýat etmek gerek ahyry. – Meniň edip biljek zadym näme? Bu zatlar belent mertebeli hanyň hökümi bilen edilýär. – Siz han hezretleriniň ýakyn adamlarynyň biri ahyry – diýip, Nury Kazym dowam etdi. Islän wagtyňyz onuň huzuryna baryp bilýäňiz, arzyňyzy aýdyp bilýäňiz, gerek wagty geňeşem berip bilýäňiz. – Biz köşgüň ulamalary bilen söhbet etmäge ygtyýarly bolsagam, han hezretleriniň edenine däl diýmäge milt edip bilmeris. Köşkde berkarar edilen däbiň bizden edýän talaby şeýle. Dogrymy aýtsam, han hezretleriniň berýän permanlarynyň bir topary bize-de ýarap duranok. Ol bize ýaramasa-da, biz ony edil Kuranyň haty ýaly mukaddes görmäge endik edipdiris. Gürrüň düşnüklidi. Magtymgulydyr Nury Kazymyň turup ötägitmekden başga alajy galmady. – Biz-ä size umyt baglapdyk welin, sizem beýle jogap berdiňiz-ow! – diýip, Nury Kazym turmaga hyýallandy. Magtymgulydyr Nury Kazym gapa baka ýöneldiler. Töwke baý hem ýerinden turdy. – Ýöne, razy bolsaňyz – diýip, ol myhmanlaryny gapynyň agzynda saklady. – Sizi han hezretleriniň huzuryna barar ýaly etjek bolaýyn. Onsoň han hezretleri bilen özüňiz gürleşäýiň! Magtymguly Nury Kazymyň ýüzüne seretdi. – Synanyp göräýmeli! – diýip, Nury Kazym maslahat berdi. – Biz haçan hanyň huzuryna baryp bilerkäk? – Ilki men görmeli adamlary göreýin. Haçan barmalydygyny özüm habar ederin. ■ «Zalymlar mazluma syrtyn gabardyp...» Temirgazy han birden dümewledi-de, birnäçe günläp öz tagtyna gelip bilmedi. Şoňa görä-de, şu gün ir bilen köşk ulamalary han hezretleriniň sag-aman aýak üstüne galanlygyny eşidip, ony dabara bilen garşy aldylar. Han hemişekisi ýaly ulumsylyk bilen tagtyna baryp oturdy. Onuň gapdalynda Allaguly atalyk oturdy. Ymameddin diwanbegi, Gutlukhan perwanaçy, Osman baý ynak, Babamyrat hudaýçy we beýleki ulamalar her haýsy öz mertebesine görä orun saklap, hanyň garşysynda dik durdular. Hana tagzym etmegiň dabarasy sowulandan soň, Allaguly atalyk edep bilen Temirgazy hana ýüzlendi: – Siziň permanyňyz bilen Köneürgenç sebitine ýörişe giden Hudaýar guşbegiňiň iş bitirip gelenliginden habaryňyz bardyr, meniň hökümdarym! Ol siziň huzuryňyza gelipdir. – Geläýsin! Allaguly atalyk Babamyrat hudaýça göz ümledi. Ol baş egip çykyp gitdi. Onuň yzy bilen Hudaýar guşbegi içerik girdi. – Meniň beýik mertebeli hökümdarymyň egsilmez döwleti berkarar bolsun! Siziň mukaddes permanyňyzy höküm edişiňiz ýaly berjaý edenligimi mälim etmäge ygtyýar ediň! Temirgazy han «aýdyberiň!» diýen yşarat etdi. Hudaýar guşbegi ýene bir gezek hana tagzym etdi-de, özüniň Köneürgenje eden ýörişi hakynda gürrüň berdi. Ol gürrüň berýärkä, assyrynlyk bilen öwünmegi-de başarýardy. Temirgazy han onuň gürrüňini sabyrlylyk bilen diňledi-de: – Şamyrat baý size yhlas bilen hyzmat etdimi? – diýip sorady. – Şamyrat baý hanhezretlerine wepalydygyay subut etdi – diýip, Hudaýar guşbegi jogap berdi. – Eger han hezretleri ony degerli sylaga mynasyp göräýse, adalatly iş etdigi bolardy. – Ony nähili sylaga mynasyp görýärsiňiz? Beýle soraga garaşmadyk Hudaýar guşbegi näme jogap berjegini bilmän sakawlap başlady. Ymameddin diwanbegi oňa kömege ýetişdi. – Kime nähili sylag-hormat etmelidigini hanhezretleriniň akyly gowy kesýär – diýip, ol bir ädim öňe ätledi. – Bu barada size geňeş bermäge meýil edip bilmeris! Ýöne han hezretleri biziň pikirimizi bilmek islese, Şamyrat baýy Was etrapyndaky türkmen galalarynyň begi edip bellemegi makul bilerdik. – Biziňem şol pikire goşulýandygymyzy aýtmaga ygtyýar ediň! – diýip, Hudaýar guşbegi makullady. Temirgazy han Allaguly atalygyň ýüzüne seretdi. Allaguly atalyk Magtymguly şahyryň möhüm arz bilen han hezretleriniň huzuryna gelenligini duýdurypdy. Eger han hezretleri şahyryň arzyny diňläýse, onuň bilen nähiliräk äheňde gürleşmelidigini hem maslahat beripdi. – Ilki Magtymguly şahyr bilen etjek gürrüňiňizi ediň! Şamyrat baýly meseläni şondan soňa, goýaýsaňyz göwnejaý bolar. Temirgazy han gözüni süzdi. Ol az salym içinden pikir öwrüp oturandan soň, ýene Hudaýar guşbegä ýüzlendi: – Begenjaly begiň özüne näme boldy? – Şony bilip bilmedik, hökümdarym! Biz ähli Köneürgenç töweregini elek elän ýaly etdik. Begenjaly begi tapmadyk. Ölenleriň arasynda-da onuň meýdine gabat gelmedik. – Getirilen ýesirleri nätdiňiz? – Siziň Permanyňyza garaşýas, meniň hökümdarym. Ýesirler Hywa getirileli bäri, her günde on adamy dardan asdyryp, bäş adamyň damagyny çaldyryp öldürmegi ýatdan çykaramzok. – Ýesirlere beýle jeza bermegi kim size buýruk berdi? Hudaýar guşbeginiň dili tutuldy. Ymameddin bir ädim öňe ätledi-de, hana tagzym etdi. – Sadyk guluňyz öz hetdinden öte geçip galat iş eden bolsa, günäsini ötüň, hökümdarym! Biz ony siziň islegiňize laýyk geler diýen niýet bilen etdik. Temirgazy hanyň ýüzi gamaşyp durdy. Hanyň bu bolşuna Gutlukhan perwanaçy özüçe düşündi. Onuň göwnüne han hezretleriniň kalbynda nägilelik bar ýaly göründi. – Eger han hezretleri idin berseler – diýip, Ymameddin sözüni dowam etdi. – Biz şol berilýän jezany dowam etdirmäge taýyndyrys! Ahyry Gutlukhan kükregini ýaryp barýan göriplik joşgunyny saklap bilmän, bir ädim öňe ätledi: – Alla meniň hökümdaryma uzak ömür bersin! Allatagala adamlara akyl paýlanda biziň hökümdarymyzyň paýyny sahylyk bilen eçilipdir! Şu ömrümde gören hem eşiden hanlarymyň arasynda biziň hökümdarymyz ýaly ýiti paýhasly hem uzakdan görüji hanyň bolmanlygyna her kim bilen jedel edip bilerin. Ol sebäpdenem, eger özümiz bolan bolsak, her bir işe başlamazdan ozal, dana höküm darymyza geňeşerdik. Ynha siz «boýun egmeýänlere jeza bermek şerigata-da dogry gelýär» diýýärsiňiz. Emma siz Goňratlaryň kethudasy Muhammedemin Ynagyň1 bize garşy iş görüp ýörenligini unudýarsyňyz. Gulagymyza degen gürrüňlere görä, ol gazak hany Nuraly han bilen dil düwşenmiş. Horezmdäki türkmenlerem öz tarapyna çekjek bolup jan edýämiş. Şunuň ýaly wagtda ýesirlere gazap edip, türkmen taýpalaryny özümize garşy öjükdirsek, soňunyň nirä degjegini Alla bilsin. – Biziň hormatly perwanaçymyz türkmenlerden gorkýan-a däldir-dä? – diýip, Ymameddin kinaýaly söz oklady. – Dogry sözi ýaňsa almagyň näme hajaty bar? – diýip, Gutlukhan jogap berdi. – Siz Begenjaly begiň adamlaryny ele salypsyňyz. Begenjaly beg ýeke Köneürgenç sebitindäki türkmenlere beglik edýärdi. Onuň beýle ýanynda gylyjyny çarhlap duran Dönmez serdara, Meňligeldi sakawa1, Akmämmet bege näme diýjek? Şu wagt olar bize gahar edip, Goňratlara goşulaýsa, biziň garşymyza nähili uly güýç emele geljegini hyýalyňyza getirip gördüiizmi? – Siz ýesirleri azat etmegi maslahat berýäňizmi? – diýip, Ymameddin ýene ýaňsyly gürledi, – Bu barada parasatly hökümdarymyza geňeş berere çakymyz ýok! Onuň akyly bu zatlara hemmämiziňkiden gowy kesýär. Han az salym çytylyp oturdy-da, Osman baý ynagyň ýüzüne seretdi. Osman baý ýygralyk bilen öňe çykdy. – Meniň hökümdarymyň egsilmez döwleti berkarar bolsun! Parasatly hökümdarymyza geňeş berere çakymyz ýok! Han hezretleriniň özi nämeni makul bilse, biz şoňa kaýyldyrys. Ýöne, Gutlukhan perwanaçynyň bir sözi maňzymyza batdy. Muhammedemin ynak kiçi ýagy däl. Bu zatlary hökümdar hanyň özi gowy bilýändir. Temirgazy han Allaguly atalygyň ýüzüne seretdi. – Magtymguly şahyryň garaşyp duranlygyny ýaňam aýdypdym, hökümdarym! – diýip, Allaguly atalyk jogap berdi. – Bu sowaly hem şondan soň çözäýsek, göwnümize jaý bolardy. Onsoňam Magtymguly şahyr bilen ýekeräk gürleşiläýse, gowy bolardy. Temirgazy han ylalaşýanlygynyň alamaty hökmünde başyny atdy. Şondan soň Allaguly atalykdan başgalary çykyp gitdiler. Magtymgulyny hanyň huzuryna getirdiler. Onuň kalby her näçe aladaly bolsa-da, bady belentdi. Ol Temirgazy hana birnäçe ädim ýetmän aýak çekdi-de, salam berdi. – Hoş gördük, şahyr! Şäherimizde Magtymguly diýilýän bir şahyr okyýamyş diýip gulagymyza degýädi. Salama gelersiňiz öýdüp umyt etdik welin, gara bermediňiz-le! – Belent mertebeli adamlaryň işi-aladasy köp bolýa, han aga! – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Özleri isläp çagyraýmasalar, olaryň huzuryna gelmegem miýesser edip duranok. – Ynha gelipsiňiz-ä! Bu gezegem sizi çagyryb-a getirmedik. – Bu gezek bizi ynsanlyk mertebämiz getirdi, han aga! Ýazyksyz ýesirleriň, naçar aýallaryň, neresse çagalaryn ahy-nalasy siziň alnyňyzda kellämizi egmäge mejbur etdi. Ol mazlumlaryň dady-perýadyna döz gelip bilmän, asmandaky melekler toba etdi, gara daşlar eredi. Siziň ýüregiňiz daşdanam gatymydy, han aga? – Darykmaň, şahyr! – diýip, Temirgazy han onuň sözüni kesdi. – Siz paýhasly adam ahyry! Siz meseläň bir tarapyny görýäňiz-de, näme üçin beýleki tarapyny görmedik bolýaňyz? Begenjaly begiň adamlary salgyt-hyraçlaryny tölemediler. Meniň garşyma pitne turuzdy. Onsoň, siziň pikiriňizçe, men nätmeli? – Ýogy ýaradyp bolýan däldir, han aga! Ol bendeleriň halys deregi dargapdyr, ekinleri gurapdyr, mallary gyrlypdyr. Çagalaryna berere nan tapmaýan gallaç görgüliler nireden alyp salgyt tölesin? Biçäre ýesirleriň görýän günlerini görüp durka ýer ýarylyp, asman inmeýşine haýran galýarsyň! Ol bendeleri diňe bir garyplygy üçin urýalar, dardan asýalar, mal öldüren ýaly damagyny çalýalar. Bu, wagtlar her zat etsenem ol görgülileriň garaw gaýtaryp biljek gümany ýok. Ýöne ejizleriň nalyşy hetdan aşsa, Jeýhunyň suwunam guradyp biler, han aga! Meniň bu sözüme ynanaýyň! Allaguly atalyk hana baka ýapyrylyp, onuň gulagyna bir zat aýtdy. Han ýene ýaňsyly gep oklady. – Biz siziň dilewar adamdygyňyzy bilýäs, şahyr. Beýdip gep oýnadyp oturmaň-da, näme arzyňyz bolsa göni aýdaýyň! – Allatagala size belent mertebe bilen uly hökmürowanlyk bagyşlapdyr! Bu hökmürowanlygy adalatly ýöretmegiňiz gerek! Her bir işde ejizleriň tarapynda bolup, sütem çekýän mazlumlara arka durmagyňyz gerek! Allaň haky üçin, biçäre ýesirleri azat ediň, han aga! Ol garawsyz bendelere siz rehim etmeseňiz, kim rehim eder? Olaryň gökde hudaýdan, ýerde-de sizden başga arz edip biljek arkadaýanjy ýok ahyry. – Azat etmeli diýsene! – diýip, Temirgazy han göwünsiz gaýtalady. – Özüňe wehim salyp duran duşmanyňy ele salyp, ony ýene azat edäýmek akyllylykdyr öýdýäňizmi? – Olar siziň raýatyňyz ahyry, han aga! Köksüz daragt bolmaýşy ýaly, raýatsyzam han bolup bilmez! – Size bir soragym bar, şahyr! Eger şol pitneçiler uruşda ýeňip, meni ele salaýan bolsalar näderdiler? Meni azat edip goýberermidiler? – Meniňem size bir soragym bar, han aga! Eger raýatlar agyr zulma çydap bilmän, öz hanlaryna garşy baş göterse, munuň üçin kim günäkärdir öýdýäňiz? – Bu pelsepäni goýaly, şahyr! Pelsepe jedelini eder ýaly, bu ýeri medrese däl. Uly memleketiň garamatyny gerdeninde göterýän adamlar gury pelsepäni halamaýar. Temirgazy han aýdara söz tapmaýan ýaly ýuwdundy-da, ýüzüni sallady. Şu pursatdan peýdalanyp, Allaguly atalyk Temirgazy hanyň gulagyna ýene bir zat aýtdy. – Siz biziň ýanymyza dileg bilen gelip duran adam däl şahyr! Biz ulamalary ýygnap, siziň dilegiňiz barada geňeş ederis. Ýöne biziňem size şertimiz bar. Şol şerte boýun bolmaly bolarsyňyz. – Aýdyberiň! – Şertimiz: ähli türkmen kabyllalarynyň biziň häkimiýetimize doly boýun egjekdigine wada bermeli. Türkmenleriň häkimiýete tölemeli salgyt-hyraçlaryny wagtly-wagtynda tölejegine kepil bolmaly! – Kim kepil bolmaly? – diýip, Magtymguly geň galdy. – Ýesirlere hossarlyk edýän siz ahyry. Adama hossarlyk etjek bolsaňyz, onuň garamatynam boýnuňyza almaly bolarsyňyz. Magtymguly bada-bat jogap bermedi. Temirgazy han ha-ha-haýlap güldi. – Gördüňizmi, şahyr? Başbozarlara hossarlyk etmäge gelen adamyň özi olara ynam edip bilmese, kellämi almak üçin ata çykan adamlara men, neneň ynam edeýin? – Gülmäň, han aga! Eger han hezretleri adalatlylygyň hem ynsanperwerligiň çäginden çykmazlyga kasam etse, raýatlaryň öz hanlaryna ikilik etmejegine kepil geçip bileris. Hanyň gülküsi tapba ýatdy. – Meniň şertimi kabul edýäniňizi-etmeýäniňizi açyk aýdyň! Şertimi kabul etseňiz, men sizi Horezm topragyndaky ähli türkmeniň begi edip bellemäge-de wada berip bilerin. – Beglik bize eýgertmez, han aga! – Gep gutardy, şahyr! Meň sözümde tapylýan. Şertimi kabul etseňiz-ä, ýesirleri azat ederin. Ýogsa-da günäni özüňizden görüň! ■ «Ýüregimde pynhan yşkyň derdi bar...» Gijäniň esli bölegi geçipdi. Minewwer entegem ýatmandy. Birnäçe gün bäri onuň kalbyna düşnüksiz birahatlyk aralaşypdy. Ol on sekiz ýaşap barýardy. Şonça ýylyň içinde onuň kalbynyň beýle gozgalaňa düşen wagty bolmandy. Minewwer öýde gijäniň bir wagtyna çenli içini gepledip oturdy. Ahyry onuň içerde karary ýetmän, daşaryk çykdy. Howa sowukdy. Degen ýerini dilip barýan ýiti şemal öwüsýärdi. Ýerde we agaçlaryň üstünde gar bardy. Aýyň şöhlesine bütin älem ap-ak ýaly görünýärdi. Minewwer daşarda gezim etdi, dury asmandaky bihasap ýyldyzlara syn etdi, kakasynyň küýze bişirýän köwseriniň uzyn demkeşine seretdi. Emma hiç ýerde ýüregi karar tapmady. Onuň göwnüne hemme zatda tukatlyk tüssesi burugsap duran ýaly göründi. Ýaş gyzyň ýalňyzlyk çekýän göwni dine bir zatdan teselli tapýardy. O-da Magtymguly şahyryň goşgulary. Ol goşgular Minewweriň kalbynda henize çenli peýda bolmadyk jadyly arzuwlar oýarýardy. Käwagtlar ol şol goşgularyň täsiri bilen kellesi göçüp, aňyrsy-bärsi görünmeýän hyýal deňzinde ýüzüp başlaýardy. Onuň göwnüne Magtymgulynyň özi-de Minewwer bilen birlikde şol deňizde ýüzüp ýören ýaly bolýardy. Minewwer ýene içerik girdi. Ol Bagtyýaryň Magtymguly dan alyp gaýdan goşgularyny ýygnap goýan ýerinden çykardy, onsoň her günde näçe gezek gaýtalap okaýan goşgularyny ýene okamaga oturdy. Ol goşgy okamak bilen gümra bolup, kakasynyň öýe girenini-de duýmady. – Ýataňokmy, gyzym? – diýip, Isgender ussa geňirgenip sorady. – Sen işiňi gutarýançaň ýatmaýyn diýip otyryn. – Näme okyýan? – Aý, ýöne... işsizlikden şygyr okap otyryn. – Şygryňy goý-da ýat! Ertir ir turmalydyr. Minewwer elindäki goşgulary aýawlylyk bilen ýygnady-da, çyrany söndürdi. Onuň köp wagtlap ukusy tutmady. Isgender ussanyň hem ukusy tutmady. Ol soňky günlerde Minewweriň bolşunda bir üýtgeşiklik peýda bolanlygyny aňýardy. Bu gije ol ýene gyzy hakynda pikirlenmän durup bilmedi. «Minewwere bir zad-a bolýa» diýen ünji ondan el çekmedi. Ol köp oýlandy. Iň soňunda-da belli pikire gelip bilmän uka gitdi. Bu öýüň kadasy boýunça, Isgender ussa irden azan sesine oýanýardy, namaz okaýardy. Şondan soň Minewwer turýardy. Bu gün welin Isgender ussa täret kylmak üçin daş çykanda Minewwer eýýäm daş gapyda goşgulara seredip, pikire çümüp otyrdy. Minewwer ýeke gyzy bolany üçin, üstesine-de ene mährini görmän ulalany üçin, Isgender ussa aňrujy ýagdaýyny tapsa, ony ynjytmajak bolýardy. Ol bu gezegem gaharyny ýuwutdy. Ýöne gyzyňdan hasabat soramanam durup bilmedi: – Onyň näme? – Şygyr. – O nä şygyr? – Magtymguly şahyryňky. – Gije-gündiz eliňden aýyrman hatm edip ýörer ýaly, o näme, Kuranyň süresidir öýdýäňmi? Minewweriň ýüzi naryň gabygy ýaly gyzardy. Ol sesini çykarman, öýe girip gitdi. Isgender ussanyň göwnüne düşnüksiz müňkürlik aralaşdy. Minewwer ozal beýle däldi ahyry. Gaýgyny-ünjini bilmän, öz işi bilen gümra bolup ýören bir şadyýanja gyzdy. Oňa näme bolanam bolsa Magtymguly şahyr gelip gidenden soň boldy. Isgender ussa ussahanasyna baryp, işe başlamakçy boldy, emma eli işe barmady. Ol täze ýasan ullakan tabagyna salan nagyşlaryna tomaşa etdi. Bu nepis nagyşlar hem onuň tolgunýan ýüregine teselli berip bilmedi. Ahyry ol daşaryk çykdy-da, ussahananyň işiginde ýüzüni sallap oturyberdi. Köçede at toýnagynyň sesi peýda boldy, onuň yzy bilen Töwke baý howla girdi. – Ýeri, ussa, ýüzüň salyk görunýä-le! Ýarawlygyň ýokmy? – Janym sag-la! Ýadawrak bolamsoň göwnüňize geläýendir. Töwke baý ussahana girdi. – Saňa bir tabşyrygym bar? Men ýakyn wagtda Horasana kerwen ugratjak. Şoňa çenli başga işiňi goý-da, şol araky ýaly owadan tabaklardan köpräk ýasa! Onuň muzzuny kem etmen. – Aý, bolýa-da, tabak ýasa diýseňiz, tabak ýasaýarys. Töwke baýyň gözi täze bir owadan tabaga düşdi. Ol tabagy eline aldy-da, syrçalaryny, nagyşlaryny synlady. – Bu näme? – Ony täze ýasadym, baý aga. – Hemişe täze bir zat ýasaňda ilki maňa görkezýädiň. Ony başga kişi üçin ýasadyňmy? – Ýok, baý aga... men ony... neme... – diýip, Isgender ussa sakawlap başlady. – Men seni gowy görýän ussa! Ýöne menden ogrynça başga kişä zat ýasap berýäniňi biläýsem, eýgilik tamasyny etmegin! – Rehim ediň, baý aga! – diýip, Isgender ussa duran ýerinde dyzyna çökdi. – Men il üçin ýasamok. Aljyraňny bolamsoň, ony size görkezmegi unudaýypdyryn. – Dogryňy aýt! Saňa näme bolýa? Isgender ussa lampa aşak oturdy-da, ýer dyrmalamaga başlady. – Bu bir eder ýaly gürrüňem däl welin, sizi öz arkadagym hökmünde göremsoň aýdaýaýyn. Meni gyzym ünjä goýýa. – Oňa näme boldy? – Bolşuny halamok. Bu dünýäň adamsy däl ýaly! Ile meňzeş işdäsem ýok, ukusam gaçypdyr. Özem şol Magtymguly diýilýän şahyryň şygyrlaryny elinden düşürenok. Ussanyň kalbynda peýda bolan müňkürlik Töwke baýyň kalbyna-da aralaşdy. Ýöne ussanyň ýüregindäki şübhäni çuňlaşdyrmazlyk üçin, giň göwrümlilik bilen jogap berdi. – Şonuň üçin alada galar oturarlarmy! Magtymgulyny şygyrlaryna höwes etmeýän barmy näme? Seniň gyzyňam hat okap bilýän maşgala. Okasy gelýändir-dä, elbetde. – Wah, ýöne bir okap goýaýsa, jähennem-le! Onuň şygyrlaryny elinden aýryp bilenok. Şony görýän welin, her zatlar göwnüme geliberýä. Doga-jady bilen gyzymy azdyraýdylarmyka diýen pikirem kelläme gelmän duranok. Her bir amatly pursatdan özüçe peýdalanmaga uýgunlaşan Töwke baýyň beýnisinde inçejik bir tamany wada berýän täsin pikir peýda boldy. Eger şol pikir başa baraýsa, onuň umyt edýän inçejik tamasynyň uly iş bitiräýmegi-de mümkindi. – Indi men-ä näme etjegimem bilemok, baý aga! Gyzymyň şol bolşuny gaýgy edýän, Hiç kime geňeşibem bilemok. – Men-ä bu ýerde gaýgy edip oturara zat göremok. Okasy gelse, okabersin! Onuň näme aýp ýeri bar? ■ «Asylsyz begleriň nobaty ýetdi...» Şamyrat baý Hudaýar guşbegiňiň öňüne düşüp, gozgalaňçylary gyrdyrandan soň, onuň kalbynda düşnüksiz birahatlyk peýda boldy. Ol bir zatdan howatyr edýän ýaly, öz-özünden howsala düşýärdi. Erbet basyrganyp, ukudan oýanýardy. At toýnagynyň sesi eşidilse, zähresi ýarylan ýaly tisginýärdi. Aradan birnäçe gün geçdi. Bir gün oslagsyz otyrka, Hywadan gyssagly çapar geldi. Ol Şamyrat baýyň han hezretleriniň huzuryna çagyrylýandygyny habar berdi. Şamyrat baý Hywa gitdi. Birnäçe gün geçenden soň Gutlukhan perwanaçy bilen dolanyp geldi. Gutlukhan perwanaçy şol töwerekdäki türkmen obalarynyň hem galalarynyň aksakgallaryny Şamyrat baýyň galasyna çagyrmak üçin, ýörite çaparlar ýollady. Özi Şamyrat baýyňkyda galdy. Şamyrat baý beýik mertebeli myhmanyna iki gije-gündizläp hyzmat etdi. Aksakgallar gala ýygnandy. Gutlukhan perwanaçy olara han hezretlerinin permanyny okap berdi. Şol permanda Şamyrat baý ähli türkmen obalarynyň hem galalarynyň begi edilip bellenipdi. Türkmen begleriniň, serdarlarynyň, aksakgallarynyň hemmesi Şamyrat baýyň buýruklaryna tabyn bolmalydyr diýlip, permanda aýdylýardy. Türkmen ilatynyň arasynda tertip-düzgüni berkarar etmek, salgyt ýygnamak hukugy-da Şamyrat baýa berilýärdi. Salgyt tölemekden boýun gaçyrýan adamlara islän jezasyny bermäge (islese dara çekmäge-de) hukuk berilýärdi. Gutlukhan perwanaçy gaýtjak bolanda Şamyrat baý oňa bir owadan bedew sylag berdi. – Ýokardan näme kömek gerek bolsa, çekinmegin-de, habar edäýgin! – diýip, Gutluhhan wada berdi. – Gerek bolsa, ýaragly esger ibermäge-de hötde gelip bileris. Onsoňam, han hezretleri bendi edilen başbozarlary belent mertebeli adamlara gul edip bermegi karar etdi. Hantama bolsaňyz, siziňem paýyňyzy berip bileris. – Ol gullary getirmek üçin adam iberäýeýinmi? – Iberäý! Gutlukhan perwanaçy ýola düşdi. Şamyrat baý özüne beriljek gullary, gyrnaklary alyp gaýtmak üçin, Gaýratgulyny birnäçe atla baş edip Hywa iberdi. Ýetip bilmän ýören derejesine ýeten Şamyrat baý mahmal körpeçäniň üstünde per ýassygy tirsekläp gyşardy. Şamyrat baýa elgarama bolan ýaranjaňlar ikiden-ýekeden gelip, ony gutladylar. – Il agzynyň keramatdygyny gördüňiz gerek, begim? – diýip, Hojaş molla welilik satdy. – Men siziň adyňyzy elmydama «begim» diýip tutýadym. Meniň hoş niýetim kabul bolaýdy. – Gulmyrat agamyz görünmedi-le – diýip, Şamyrat baý sorady. – Meni gutlamaga-da gelmedi. Ýaranokmyka? – Menem şoňa haýran! Uly iliň begi edilip belleneniňizi bilse-de, gutlamaga-da gelmedaýt. – Oňa bir zat geňeşäýjekdim – diýip, Şamyrat baý gözlerini süzdi. – Gaharym gelse, Gulmyratsyzam oňup bilerin. Geňeşimi siziň bilenem edip bilerin. – Näme ýumşuňyz bolsa aýdyberiň! Biz hyzmatyňyza taýyn! – Özüň bilýän, Goşjan çopanlar bilen guda bolanymyza bir topar wagt geçdi. Henize çenli toý edip bilmän gelýäs. Şu hakda geňeş edäýjekdim. – Gulmyradam gelmese gelmesin, begim! Gelesi gelmeýän adamy getirjegem bolmazlar. Indi sen uly beg ahyry! Seniň edeniňe däl diýip biljek adam ýok! Näme edesiň gelse, öz ýüregiňe geňeşer-de, edibererler. – Muny ras aýdýaň! Maslahat salan bolup, adamlary ýaman öwretmelem däl! Ogul öýerýän men, onuň hemme geňeşinem özüm çözüp bilerin. Sen haýal etmän, ýaşululary ýygna-da, toýuň sähedini belle! Şamyrat baýyň toý tutmaga howlugýanlygynyň ýene-de bir sebäbi bardy. Ozallar ol uly begleriň toýuna toý gatanjy diýlip getirilýän zatlary görüp, agzy suwarardy. «Bagty gelen begler, toý bahanasy bilen baý bolup galýalar» diýip, öz ýanyndan kemsinerdi. Indi kimiň nähili toý gatanjy geňirýänligini hasaba almak hezilligi Şamyrat baýa miýesser eder. – Taňrynyň hemme güni meňzeş gündür – diýip, Hojaş molla Şamyrat banyň pikirini böldi. – Toýuň sähedini haçana bellemeli bolsa özüň aýdaý! – Ýok, sähedini, ýyldyzyny gowuja hasaplap, düşümli güni belläň! Soňky gün il içinde gürrüň bolmasyn! Onsoňam hemme ýere jar çekdiriň! Uly baýlara, aksakgallara ýörite adam ýollaň! «Pylan etjekdik welin eşitmändirin» diýip, bahana etmesinler! – Arkaýyn bolaýyň, begim! Toýuň sähedini bellän badymyza ähli alys-ýakyna habar ýeter ýaly ederis. Birden baýyň hyzmatkäri içerik girdi. – Baý aga, Annaly çopan geldi, seniň bilen... – Sen bilenokmy, samsyk! – diýip, Hojaş molla oňa azgyryldy. – Baý aga diýme! Hökümdar begim diý! Hyzmatkär sözüni dowam etdi: – Annaly çopanyň bakýan sürüsine bir zad-a bolupdyr, beg aga. – Näme bolupdyr? – diýip, Şamyrat baý howsala düşdi. – Bilemok, özi aýdar-da! – Çagyr bärik! Hyzmatkär gitdi. Az salymdan Annaly çopan öýe girdi. Onuň eşikleri sal-saldy, endam-jany gök-alady. – Beg aga! Meniň bakýan sürimi taladylar. – Kim talady? – Garakçylar. Elimizi-aýagymyzy dandylar. Goýunlaryň nirede semizini äkitdiler. Şamyrat baý laňňa ýerinden turdy: – Meniň sürülerime el gatmaga kim het edip bilýämiş? – Biz garakçylaryň birini tanadyk. Ony sizem tanaýaňyz. – Kim ol? – Çowdur! Şamyrat baýyň bady peselen ýaly boldy. «Wah, ölmän geçen deýýus ýene diri galypdyr-ow!» ■ «Ganymym güýçlüdir, ykbalym keçdir...» Magtymguly näme etjegini bilmän, gaýgy deňzine gark bolup ýörkä, birden Töwke baý kejebeli araba iberip, ony öýüne çagyrdy. Magtymguly çakylykdan ýüz döndermedi. Töwke baý ony güler ýüz bilen garşy aldy. Öz ýakyn adamsy bilen gürleşýän ýaly içgin gürleşdi. Ilki bada ol ýesirleriň başyna düşen ýagdaýa gynanyp, olara duýgudaşlyk bildirdi. Soňra şahyryň Temirgazy han bilen näme gürrüň edenligini sorady. Temirgazy hanyň şertini kabul etmäni üçin, Magtymgula igendi. «Entegem giç däl, siz hanyň şertlerini kabul ediň! Men sizi ýene bir gezek hanyň huzuryna barar ýaly edeýin» diýdi. Magtymguly göwnemedi. Ahyry Töwke baý bu wagt Magtymgulynyň dilini tapyp bilmejegini bildi-de, gürrüňi soňa goýmagy makul gördi. Aradan ýene birnäçe gün geçdi. Şol aralykda Töwke baý özüniň söwda işleri bilen meşgul bolup, Magtymgulydan habar tutmady. Şu gün ir bilen Isgender ussanyň Minewwer hakynda beren gürrüňi Magtymguly bilen ýene bir gezek gürleşmäge wagt bolanlygyny Töwke baýyň ýadyna saldy. Şu maksat bilenem ol göni Hezreti Pälwanyňka sürdi. Töwke baýyň bagtyna Hezreti Pälwan öýünde eken. Töwke baý Magtymgulyny çagyrmagy haýyş etdi. Magtymguly köp garaşdyrman geldi. Hezreti Pälwan medresä baryp gelmek işiniň bardygyny bahanalap, myhmanlary ikiçäk galdyryp gitdi. – Ýeri, şahyr, keýp-ahwalyňyz niçik? – diýip, Töwke baý gepbaşy hökmünde sorady. – Keýp! – diýip, Magtymguly çytyldy. – Allatagala keýp-sapaň gapysyny biziň üçin pugta kiltläp goýupdyr. – Oňa özüňiz günäkär, şahyr! Temirgazy han siziň sarpaňyzy saklap, bagt hem eşret hazynasynyň gapysyny açyp berdi. Näme üçin ol hazyna eýe bolmakdan ýüz dönderdiňiz? – Temirgazy hana türkmenleri tabynlyk tanapy bilen kökerip saklar ýaly, bir ýarak it gerek bolupdyr. Şol ýarak itin wezipesini näme üçin boýnuňyza almadyňyz diýip soraýarmysyňyz? Ýok, baý aga! Eger han bizi şeýle akmak hasap edýän bolsa, ol ýalňyşypdyr. Meniň çydamsyz süteme döz gelip bilmän, ýegşerilip galan pukara halkym bar. Men ol bendelere açgöz sütemkärleriň aýaklarynyň astyna togalanmagy wesýet edeýinmi? Men hanlygyň ýa begligiň aşygy däl. Men hiç bir ýurtbasara bakna bolmadyk azat iliň aşygy! Eger Temirgazy han bir söý bilen beglik ýarlygyny boýnumyza dakaýanam bolsa, men onuň edýän tamasyny ödäp bilmezdim. Töwke baý gönümel jogap berdi. – Siz akylly adam bolsaňyzam peýda bilen zyýany saýgaryp bileňzok. Müň ýyl bäri aýdylyp gelinýän gury pelsepä kowalaşýaňyz. Ol pelsepe bir iş bitirýän bolsa, dünýä bu wagta çenli ýüz gezek agdar-düňder bolardy. Siz gury pelsepäni toýuň-da, işiňiziň rowaç tapjak ugruna ýykylyň! Han hezretleri sizi gowy görýä. Dogrymy aýtsam, size töwella etmegem Temirgazy hanyň özi tabşyrdy. – Ony güman edýän. – Meniň ýene bir arzuwym bar – diýip, Töwke baý köpbilmişlik bilen ýylgyrdy. – Sizi magşugyňyza gowşuraýsam diýýän. – O näme diýdigiňiz? – diýip, Magtymguly geň galdy. – Sypaýyçylyk gowy zat, şahyr! Syryňy gizlin saklamagam gowy zat! Ýöne Isgender ussaň gyzy ikiňiziň araňyzdaky yşk ody tutaşyp, uly ýalyna öwrülenligi eýýäm äşgär boldy. – Eger biz sebäpli Isgender aganyň gyzyňa garalyk ýöňkejek bolýan bolsaňyz, perişde ýaly päk maşgala töhmet etdigiňizdir. – Tolgunmaň, şahyr! Men hiç zady siziň boýnuňyza goýjak bolamok. Onuň maňa geregem ýok. Men siziň Isgender ussaň gyzyňy gowy görýänligiňizi bilýän. Isgender ussaň gyza sizi Leýliniň Mejnuny söýşündenem artyk söýýä. Eger razy bolsaňyz, men sizi biri-biriňize gowşuraýjak. – Azara galmaň! – diýip, Magtymguly ýerinden turdy. Paltasy daşa degen Töwke baýyň gahary geldi. – Siz tekepbir adam! Men size rehim edip, han hezretleriniň huzuryna eltdim. Siz meni ýüzügara etdiňiz! – Onuň üçin ahmyr çekip oturmaň, baý aga! Han hezretleriniň göwnüni tapjak bolup, daşynda ýallaklaýanlar gyt däl. Meni bellejek wezipäňize şolaryň birini belläýerler. ■ «Il-ulusdyr dosty-ýary ýekeniň...» Çowdur ätiýajy elden bermezlik üçin bolýan mesgenini ýygy-ýygydan täzeleýärdi, derwaýys bir zerurlyk bolaýmasa, oba aralaşmaýardy. Şeýle-de bolsa, «Aý dogsa älem görer» diýlişi ýaly, Çowdur hakyndaky gürrüň il agzyna düşüp başlady. Bu gürrüň dilden-dile, agyzdan-agza geçip, basym ähli Horezme ýaýrady, onda-munda gaçgaklap ýören gozgalaňçylaryň-da gulagyna ildi. Olaryň bir topary assyrynlyk bilen idäp-sorap Çowdury tapdylar. Şeýlelik bilen, onuň atlylarynyň sany ýigrimi ýedi adama ýetdi. Birnäçe gün bäri olar Şamyrat baýyň öri meýdanlaryndan uzak bolmadyk Köneseňňeriň harabaçylygynda bolýardy. Howa sowukdy. Üç gün mundan ozal ýagan gar entegem eremändi. Ýigitler köne haýaty yklaşyp, ot ýakynyşyp otyrdy. Olar bütin günlerini odun ýygmak, atlar üçin gury ot ýygnamak bilen geçirýärdi. Çowduryň ýarasy ganymatlapdy. Düýn Çowdur Pekgeý obasyndan habar tutup gelmegi ýüregine düwdi. Ýoldaşlary ony goýbermedi. «Seni tanarlar. Gitmeli bolsa, Berdimyrat galpak gidäýsin!» diýdiler. Berdimyrat galpak gidensoň hem Çowduryň ýüregi ynjalmady. Söýgüli Melektäjiň nurana didaryny hiç bolman uzakdan bir görsem diýip, ýüregi towsup durdy. – Bu ýyl-a gyş soňuna syrd-ow! – diýip, ol ody ölçerip oturyşyna gürledi. – Ýaz çykdymyka diýsek, gaýtam sowuk barha gazabyna tutýa. Başga wagt oňuşmagam boljak welin, gije ýataňda horlaýa. Biziň ýaly eşigi ýuka pyýadalary doňduryp barýa. – Senem, Şükür, ýagyşdan gaçyp, damja uçraýdyň öýdýän! – diýip, Çowdur oduň içinde bir nokada seredip gürledi. – Sen gulam bolsaň juda aç-ýalaňaç däldiň. Ýatyp-turara ýeriň bardy. Indi ol günüňdenem galdyň. – Näme, Akmämmet begiň ýyly otagyndan gidenime ökünýändir öýdýäňmi? Ýok, gardaş! Men mundan beterräk aňzaklarda ýalaňaç galmaga-da kaýyl! Ýöne kişiň öňünde bilimi bükmän, kişi minnetini çekmän, erkin ýaşasam bolýa! – «Bizi beýdip uzak ýaşatmazlar» diýip pikir edenokmy? – Zyýany ýok! Ýaşanja günüm erkin ýaşasam bolýa! Çowdur başga zat diýmedi. Gün öýleden agandan soň Berdimyrat galpak dolanyp geldi. – Sag-aman geldiňmi, Berdimyrat? Galada näme gep bar? – Gep köp! Birnäçe gün mundan ozal Şamyrat baýyň galasyna Hywa hanyňyň emeldary Gutlukhan perwanaçy gelipdir. Ol hanyň permanyny getiripdir. Han hezretleri Şamyrat baýa beglik mertebesini berenmiş. – Gördüňmi? – diýip, Halymguly Çozdura ýüzlendi. – Şo gezekki çopan Şamyrat baýy tanan eken. Şamyrat baý dönüklik edip, hanyň goşunyna ýol görkezendir. Ýogsam, Temirgazy han onuň pyşdylyň gapagy ýaly nejis ýüzüne aşyk bolup, ony beýle derejä ýetirendir öýdýäňmi? – Wah, onuň sürülerini edil möjek daran ýaly etmelidik-le! – diýip, Şükür zeýrendi. – Şamyrat baýyň goýunlaryny talap, oňa ýamanlyk edýändiris öýtmäň! – diýip, Berdimyrat galpak jogap berdi. – Şamyrat baý talanan goýunlaň hemmesini çopanlara töledýämiş. – Ol şeýdip edenini edip ýörmelimikä? – diýip, Şükür hüňürdedi. – Heý ondan bir jogap soraljak wagty gelmezmikä? – Menem şony pikir edýän! – diýip, Çowdur jogap berdi. – Ondan jogap sorajak biz. Bizdenem-ä oňa garaw ýok. – Men ýene bir habar eşitdim – diýip, Berdimyrat galpak dowam etdi. – Indiki çarşenbe güni Şamyrat baý ogluny öýerip, toý edýämiş. Çowduryň depesinde ýyldyrym çakana döndi. – Çarşenbe güni? Çarşenbe haçan bolýa? Ýigitler biri-birleriniň ýüzlerine seredişdiler. Ýigrimi ýedi adamyň içinde çarşenbäniň haçandygyny bilýän tapylmady. – Haçandygyn-a bilmedim welin, ertir bilen birigün-ä çarşenbe däl – diýip, Berdimyrat galpak çak etdi. – Men Şamyrat baýyň galasyndakam «ertir pylan etmeli, birigün pylan etmeli» diýip gürleşenlerini eşitdim. Çowduryň gazaby ýetjek derejesine ýetdi. – Indi besdir! Bir wagt gaýrata galjak bolsam, galmaly pursat geldi! – O näme diýdigiň? – diýip, Halymguly geň galdy. – Maňa rugsat beriň, gardaşlar! Men gideýin! Ýene bir gezek ajal bilen ýaka tutuşyp göreýin. – Munyň bolanok, Çowdur! – diýip, ýigitler ýerli-ýerden gygyryşdy. – Biz her ýere gitsegem başymyzy bozmalyň diýip, wada etdik ahyry. Çowduryň ýoldaşlaryndan edýän tamasy-da şeýledi. Çowduryň depesi göge ýetene döndi. – Şamyrat baýyň üstüne gidiljek bolsa, pugta paýhaslanmak gerek! – diýip, Berdimyrat galpak maslahat berdi. – Şamyrat baýyň galasynda onuň öz nökerlerinden başga Hywa hanyňyň hem bir topar atlysy bar. Eşidişime görä, Şamyrat baý olary Temirgazy handan diläp getirenmiş. Bir asylly maslahat tapaýmasak, olaryň güýji ýöne çozup alaýardan-a agdygrakdyr. Ýigitleriň her haýsy öz bilenini aýtdy, ýerli-ýerden maslahat bermäge durdular. Olardan biri: «Toý güni irden baryp, gelnalyjy geçjek ýoly saklalyň!» diýdi. Ýene biri: «Şamyrat baýdan öňürti baryp, gyzy alyp gaçalyň!» diýdi. Üçünjisi: «Baýyň sürülerine gurt daran ýaly daralyň-da, onuň toýa eli degmez ýaly edeliň!» diýdi. Orta atylan maslahatlaryň hiç biri-de Çowdura ýaramady. – Iş Şamyrat baýyň toýuny bozmakda däl. Ol dönügiň özünden ar almaly! Halkyna dönüklik eden haýynyň diri gezip ýörmäge haky ýokdur. – Hany, onda aýt, seňkinem eşideli! – Meniň kelläme bir pikir geldi. Munuň üçin gaçsa gutuljak, kowsa ýetjek üç-dört sany ýüwrük bedew gerek. – Seniň ol diýýäniň-ä özümizden tapylar, – Ol atlara erk edip biljek ýigitlerem tapylarmy? – Tapylar! – Şol ýigitler toý gyzan wagty Şamyrat baýyň galasyna baraga-da, başagaýlyk döretse, Şamyrat baýyň adamlary olary tutjak bolaram welin, gaçyp gitseler, Şamyrat baýyň adamlary-da, Hywadan gelýän atlylar-da olary kowmaly bolar. Onsoňam, gaçylanda arany gaty açmaly däl. Olary häli tutdum, şindi tutdum bilen uzagraga kowar ýaly etmeli. Galanyny özümiz oňararys. – Makul! – Makul bolsa, özüňiz aýdyň: toý güni Şamyrat baýyň galasyna baryp, oslagsyz gopgun turzup gaçmagy kim oňarar? – Şo ýumşy men boýun alýan – diýip, Halymguly jogap berdi. Çowdur az salym pikir edip oturdy-da, Berdimyrat galpaga ýüzlendi: – Sen kyn görme-de, ýene. oba git! Çarşenbäniň haçandygyny açyk bil-de, bize habar ýetir! ■ «Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda..» Şamyrat baý indi hökümdar beg bolansoň, öz toýuna alysdan, ýakyndan köp toýçy geler öýdüp garaşýardy. Uzak ýerden gelýän myhmanlar däp boýunça toýuň bir gün öňünden gelegen bolýar. Şoňa görä-de, Şamyrat baý myhmanlar üçin ýörite jaýlar taýýarlady, olara hyzmat eder ýaly adamlar belleşdirdi. Onuň göwnüne geljek myhman köp-de, hyzmatkärleriň sany az göründi. Ol toýa hyzmat eder ýaly adam saýlap almak üçin, gullaryň hem gyrnaklaryň saklanýan ýerine bardy. Olary birnäçe gün mundan ozal Gaýratguly Hywadan getiripdi. Ol biçäreleri galanyň daşyndaky kepbelere hem ýerkümelere ýerleşdiripdiler. Şamyrat baý edil goýun seçen ýaly edip olaryň arasyndan birnäçe adamy saýlap aldy. Ol yzyna dolanmakçy bolanda, gyrnaklaryň arasyndan bir zenan çykyp, Şamyrat baýa tagzym etdi. – Ömrüňiz uzak bolsun, baý aga! Maňa rehim ediň-de, çagajygyma çörek tapar ýaly, bir işjagaz beriň! Tabşyran işiňizi kör etmejek bolaryň, Şamyrat baý gözüniň gytagy bilen zenana seretdi. Ol ýaşdy, eşikleriniň köneligine garaman, owadan görünýärdi. – Seniň adyň kim? – Adym Bahar. Gökleň obasyndan. Şamyrat baýyň gözi ýitelip başlady. Bu enaýyja maşgalany golaýragynda saklap, ony özüne elgarama etmek meýli onuň ýüreginde möwç urup başlady. – Ertir men gelin edinýän. Gelnime hyzmatkär bolaý! – Bolýa, baý aga. Gelniňiziň ähli hyzmatyny özüm ederin. – Keýwanymyza aýt – diýip, Şamyrat baý Hojaş molla ýüzlendi. – Bu zenany geýindirip, gelin getiriljek öýe eltsin! Çarşenbe güni daň atandan howa bulaşyp başlady. Ilki demirgazyk tarapdan çapgyn şemal öwüsdi. Gün guşluk ýerine baranda jöwenek gatyşykly ýagyş çisňäp başlady. Toýa hyzmat etmek üçin goýlan adamlar irden aýak üstüne galdy, toý üçin getirilen goýunlary soýdular, ojak gazdylar, gazana gardylar. Entegem üýtgeşik myhman gelenokdy. Ahyry gelnalyjy gitmeli wagt boldy. Gelnalyjy gidýänler Şamyrat baýyň öz ilen-çalanlarydy, atbaşçy gidýänlerem baýyň nökerleridi. Şeýlelik bilen «beýik mertebeli» Şamyrat baýyň gelnalyjysy-da, atbaşçysy-da göwün diýen bolmady. Ol uly pälwanlary göreşdirip, baýrak berjekdi. Emma uly pälwanlaryň ýekejesem toýa gelmedi. Ýüwrük bedewleri uzak pellelere goýberip, at çapdyrjakdy. Ýüwrük bedewlerem getirilmedi. Adamlaryň özüne hormat goýmaýandyklaryny duýmak Şamyrat baýa iňňän ýokuş degdi. Daşyndan göräýmäge özüni giň göwrümli saklasa-da, onuň ýüregine dag basylan ýalydy. Öýle boluberende gelindir ýigide nika gyýmak üçin rugsat soradylar. – Näme etmeli bolsa ediberiň! – diýip, Şamyrat baý perwaýsyz jogap berdi. Nika gyýyldy. Onuň yzyndan «ak-gök geýdirme» dessury berjaý edildi. Şamyrat baý öýünden çykman otyrdy. Onuň ýanynda hormatly aksakgallar we Hywadan gelen esgerleriň serdary hem onbaşylary bardy. Birden derweze tarapda ýakymsyz galmagal peýda boldy. Aýallar çirkin ses edip gygyryşdylar. Onýança Hojaş molla hasanaklap içerik girdi. – Waý, işimiz gaýtdy! Gulmyrat agaň gyzyňy alys gaçdylar! – Kim alyp gaçdy? – Üç sany atly... Gyz derwezeden çykyp barýarka, gyzy atyň öňüne basdylar-da, şeýläk garşyn ýüzin salaýdylar. Şamyrat baýyň reňki öçdi, gözüniň öňünde Çowduryň suraty peýda boldy. «Gelinliginiň ýerine agamyň gyzyňy alyp üzülişjek bolýamyka?» diýen pikir kellesine geldi. – Ýetiň yzyndan! – diýip, ol ýürek ýargynç gygyrdy. – Ony sypdyrmaň! Kim onuň ýa özüni, ýa-da kellesini getirse, bir ýüwrük bedew bilen on goýun baýragy bar! Baýyň wada eden baýragy hywaly serdaryň-da, onbaşylaryň-da, baýyň nökerleriniň-de agzyny suwartdy. Aradan salym geçmänkä, olar uly güpürdi turzup, derwezeden çykyp gitdiler. Derweze tarapda bir aýal aglap özüni öldüräýjek bolýardy. Ýene birnäçe aýalam oňa goşulyp, ýakymsyz ses edýärdi. Şamyrat baý öz ýanyndan dişini gyjady-da, hiç kime hiç zat diýmän öýe girdi. Ol özüni dürsäp bilenokdy, ýüzi edil öliň ýüzi ýalydy. – Rahatlanyň, begim! – diýip, Hojaş molla göwünlik berdi. – Şu gezek hudaý bizlik bolsa, Çowduryň teýine teýim kakylar. Birden derweze tarapda täzeden at toýnagynyň güpürdisi peýda boldy. – Biziňkiler geläýdi öýdýän! – diýip, Hojaş molla Şamyrat baýa buşlady. – Çowduram ele salandyrlar! Gopgun birden ula ýazdy. Aýallaryň ýürek ýargynç gykylygy, çagalaryň agysy asmana göterildi. At toýnagynyň güpürdisi bütin galany gaplap aldy. Birdenem gapy batly açyldy-da, birnäçe adam kürsäp içerik girdi. Olaryň arasynda eli ýalaňaç gylyçly Çowdur hem bardy. – Hoş gördük, Şamyrat baý! – diýip, Çowdur onuň alkymyna geldi. – Ikimiziň hasaplaşmaly pursatymyz geldi öýdýän! Çowduryň gözlerinde gazap ody ýanýardy. Ony gören Hojaş molla gorkusyna öýüň böwrüne gysyldy. – Sen gara nebsiňe buýrup bilmen, her hili haram işler etdiň! – diýip, Çowdur dowam etdi. – Gara nebsiňe hammallyk edip, halkyma dönüklik etmekdenem gaýtmadyň! Şamyrat baýyň saçy syh-syh boldy. – Men d... d... dönük däl – diýip, ol sakawlamaga durdy. – Ýalan sözleme, bigaýrat! Sen ahyret öýüniň bosagasyndan ätlejek bolup durkaň berin dogryňy aýt! Seniň gyrdyran bigünä adamlaryň nähak gany üçin senden gan almaga geldim! Çowduryň elindäki gylyç baýyň gözüne hut Ezraýylyň özi bolup göründi. Şol gylyjyň ýekeje gezek galgamagy bilen Şamyrat baýyň ömür tanapy üzüljekdi. Onuň ýatsa düýşünden, otursa huşundan gitmeýän ummasyz baýlygy-da, süri-süri goýunlar-da, altyn, kümüş pullar-da eýesiz galjakdy. Birden Şamyrat baýyň ýüregine howul düşdi-de, edil ýylandan gorkýan çaga ýaly aýylganç gygyrdy. – Näme bigaýratlaýaň, binamys?! Sen özüne on degip duran ýüzlerçe adamlara zulum etdiň, gör, näçe adamlaryň ganyna galdyň. Näme, ol eden haýynlyklaryň garawsyz gidiberer öýtdüňmi? Çowdur gazap bilen gylyjyny göterdi, Şamyrat baý ozalkysyndanam elhenç gygyrdy. Bu-da onuň iň soňky gykylygy boldy. Çowdur etjegini edensoň, ýüzüniň ugruna öýden çykyp gitdi. Galanyň içi alazenzeledi. Ýigitleriň bir topary Şamyrat baýyň täze hem ýyly geýimlerine göz gyzdyrsa, ýene bir topary meýdanda azyk ediner ýaly zatlara ýapyşýardy. Çowdur gidip barýaka Berdimyrat galpaga tözi düşdi. – Balmyrady tapdyňmy? – Tapdym. Elini, aýagyny daňyp, kökerip goýduk. Arman, gijä galypdyrys. Gelin bilen ýigide nika gyýlypdyr. Çowduryň tasdanam zähresi ýarylypdy. Ol duran ýerinden özüni aşak goýberdi-de, sowuk ýerde palçyga bulaşyp oturyberdi. – Öldirin! – diýip, ol dişini gyjady. – Melektäje gözýaş dökdürip, ony Balmyradyň ganly penjesinde goýmaryn! – Ony öldürme! – diýip, Berdimyrat galpak maslahat berdi. – Olara nika gyýylsa-da, şindi üýtgeşik bolan zat ýok. Olaryň nikasyny bozmak gerek! – Nädip bozjak? – Balmyrady südenekledip gelniniň ýanyna eltäge-de, «talagyny ber!» diýeris. Çowduryň gözlerinde umyt uçgunlary oýnaklap başlady. – Ýörüň, ol haramzadany Melektäjiň ýanyna äkideliň! Gelin salnan öýe bardylar. Öýüň içi gelin-gyzdan ýaňa hyryn-dykyndy. Gaty gorkan aýallar biri-birlerine gyslyşyp, sandyraşyp otyrdy. Ýat adamlaryň içerik girenini görüp, olar uly gykylyk turuzdylar-da, gürre ördüler. – Gelinden başgaňyz gümüňizi çekiň! – diýip, Berdimyrat galpak gygyrdy. Aýallar gapa okduryldylar. Olar biri-birlerinden öň çykjak bolup, gapyny döwäýjek bolýardy. Aýallar ýykylyp-sürşüp, ahyry öýi boşatdylar. Balmyrady südenekledip öýe dykdylar. – Sen meni tanaýansyň, Balmyrat! – diýil, Çowdur ýuwaş, emma diýseň gazaply gürledi. – Biziň näme üçin gelenimizem bilýänsiň. Şu wagt men seni öldürmegi siňek öldürençe-de göremok. Eger diri galasyň gelse, Melektäjiň talagyny ber! Balmyrat jogap bermedi. – Seň näziňi çekip durmaga wagtymyz ýok! Bol tizräk! Balmyrat ýene sesini çykarmady. – Sen aýdylanyny edäý, ýigit! – diýip, Berdimyrat galpak ara goşuldy. – Ony gelin edinip duluňda oturtmajagyňy özüňem bilýänsiň. Amanja galanyňa seret-de, onuň talagyny beräý! – Öldürseňiz öldüräýiň! – diýip, ahyry Balmyrat dillendi. – Öz saýlap alan gelnimiň talagyn-a berjek däl! – Berjek dälmi? – diýip, Çowdur yzgytsyz gygyrdy. – Öldürseň öldüräý, Çowdur! – diýip, Balmyrat pert jogap berdi. – Öz dilim bilen-ä onuň talagyny berjek däl! – Salsana boýnundan gylyjy! – diýip, Berdimyrat galpak haýbat atdy. – Deýýusy öldürip içimizi bir sowadaly-la! Şu pursatda Melektäç birdenkä bärsine öwrüldi-de, Çowduryň öňünde dyza çökdi. – Beýtme, Çowdur! Maňa rehim et! Maňa öýlenmek nesibäňde ýok eken! Ony hudaýdan gör! Indi boljak iş bolandan soň bizi biri-birimizden aýyrma! Melektäç Balmyrada meýil edýändir öýdüp ýatsa-tursa, ýadyna düşmeýän Çowdur aňk bolup galdy. Iň bärkisi, ol Melektäje näme jogap berjegini bilmedi. Ol az salym doňan ýaly bolup durdy-da, ýüzüniň ugruna öýden çykyp gitdi. – Balmyrady näme üçin öldürmediň? – diýip, Berdimyrat galpak atlananlaryndan soň Çowdurdan sorady. – Munça bolanyna görä, Şamyrat baýdan tohum galmaz ýaly etmelidik. – Ah, Melektäç!.. – diýip, Çowdur gazap bilen hyrçyny dişledi-de, atyna gamçy çaldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |