00:34 Magtymguly -14/ romanyñ dowamy | |
■ «Gözümniň nurany Azadym kany...»
Taryhy proza
Luw ýylynyň ýazy geldi. Horezm topragy bahar lybasyny geýindi. Agaçlar gülledi, boz meýdan ýaşyl mahmal ýapyndy. Baharyň toýuny tutýan şadyýan guşlar ýakymly owaz bilen saýraýardy. Gök otdan garny doýan ownukly-irili mallar sonarly ýaýlalarda ýaýnaýardy, owlak-guzular bökjekleşip oýnaýar, kürreler, taýçanaklar ylgaşyp hyzzyn atýar. Jahanyň nagşy bolan ajaýyp baharyň gözelliginden lezzet almagy gowy görýänleriň biri-de Magtymgulydy. Ol her gün irden şäherden çykyp, lälezarly meýdana, gülläp oturan baglara tomaşa etmäge gidýärdi. Meýdanda ýer sürüp, ekin ekip ýören adamlaryň ýanyna barýardy, olar bilen gürleşýärdi. Bu gün hem ol hemişekisi ýaly ir turdy. Ol hüjreden çykmanka onuň ýanyna Seýit Nyýazy geldi. – Irläpsiňiz-le! – diýip, Magtymguly saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň Seýide ýüzlendi. – Eýgilik bolsun! – Eýgilik-le! Men size Nurmuhammet Andalybyň dessanlaryny getirip bereýin diýip boýun alyndym. Şony getirdim. Seýit Nyýazy daşyna ýary çekilen iki sany kitaby Magtymgula uzatdy. Magtymguly olary alda-da, sahypalaryny açyp, göz gezdirdi. Olaryň biri şahyryň «Leýli we Mejnun», beýlekisi «Ýusup-Zylyha» dessanydy. – Taňryýalkasyn! – diýip, Magtymguly minnetdarlyk bildirdi. – Uzaklaşdyrman bulary göçürip alaryn. – Zähmet çekmäň! Bulary siziň üçin göçürdim. – Ömrüňiz uzak bolsun! Bu ýagşylygyňyzy nädip ýerine salarkam? – Onuň üçinem zähmet çekmäň! Täze goşan goşgularyňyzy berip dursaňyz, şondan başga muzd gerek däl. Nazarly orta saçak ýazdy. – Siziň medresäňizde näme üýtgeşik gürrüň bar? – diýip, Magtymguly nahar başynda sorady. – Was etrapyndan bir habar ýetirdiler. Şamyrat baýy öldüripdirler. – Öldüripdirler? – Arada ýomutlar gozgalaň edende gozgalaňçylaryň üstüni gapyllykda basdyran şolmuş diýýäler. Onuň eden gabahat işem bilnipdir. Golaýda Şamyrat baý ogluny öýerip, toý edenmiş. Şol toýda bolan adamlaryň aýdyşyna görä, ony Çowdur diýilýän biri öldürenmiş. – Şamyrat baý halal-haram diýmän ýygnan zatlarynyň hemmesini döküp gidipdir-ow! – diýip, Magtymguly özbaşyna gürledi. – Garaz, nebsiniň ugrunda çapa-çapa iň soňunda-da bu dünýäden alan almyty lagnat daşy bolupdyr! Nahar iýlip, töwir galdyrylan badyna Nury Kazym gapydan geldi. Salamlaşdylar. – Tabyňyz neneň, tagsyr? – diýip, Magtymguly sorady. – Tabam garry tabydyr-da! Gitdigiçe peselmese ýokaryg-a galanok. Ýöne, öwrenilen gylyk örkleseňem durmaz diýen ýaly, goja ýürek ýene jahankeşdelige meýil edýä. Men-ä mizan aýyna çenli ýene bir ýurda baş çekip geläýsem diýýän. – Bu gezek nirä hyýallanýarsyňyz? – Geňeş siziň bilen! Nirä gitmegi makul bilseňiz, şaýymyzy tutubereris. – Meni bagyşlaň, tagsyr! – diýip, Seýit Nyýazy gürrüňe goşuldy. – Meniň ýaşym hemmäňiziňkiden kiçem bolsa, size bir maslahat bereýin. Syýahat meýliňiz bolsa, Aždarhana gidelin! – Siz Aždarhana baryp görüpmidiňiz? – Özümiz şol ýerli diýäýsegem boljak. Men Magtymguly şahyra Aždarhanyň gürrüňini beripdim. Onda görer ýalagam, görelde alar ýalagam zat köp. Ol şäheriň köp zady bu ýerlerinkiden üýtgeşik. Baraýsaňyz, üýtgeşik bir äleme baran ýaly bolarsyňyz. Nury Kazym az salym oýlanyp oturdy-da: – Siz Aždarhany bir görmel-ä etdiňiz – diýdi. Aždarhana syýahat etmek hakyndaky maslahat çynyrgap başlady. Maslahat çynyrgadygyça-da adamlaryň Aždarhany (Eger nesip etse Orusýetiň başga-da käbir şäherlerini) görmek arzuwy möwç alýardy. Gürrüňiň gyzan wagty hüjräniň gapysy açyldy-da, üç sany adam içerik girdi. Olary görenden Magtymgulynyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Gelenleriň biri Küti pälwan, ikinjisi Gully ýetim, üçünjisi Abdylaly çapykdy. Magtymguly höwesek gözlerini myhmanlaryndan aýryp bilenokdy. Myhmanlaryň keýpi öçükdi. Ümsümligi Magtymguly bozdy. – Tüweleme! Geläýipsiňiz-ow! Argyşa geldiňizmi?. – Argyşam etsek ederis welin – diýip, Küti pälwan tukat jogap berdi. – Häzir-ä başga habar bilen geldik. Ataňyz amanadyny tabşyrdy. Magtymgulynyň depesinden agyr gürzi inderilen ýaly boldy. Onuň göwnüne ähli ýeriň ýüzüni gara duman gaplan ýaly, daglar-daşlar eräp, ýer-gök lerzana gelen ýaly göründi. Bu ajy aýralyga dözüp bilmän, gökdäki bulutlar bökelek salýan ýalydy. Şahyryň birden ysgyny gaçdy, gözleri gubarlady. Nury Kazym gözüniň gytagy bilen Magtymgula seretdi-de: – Aýat okalyň! – diýip, dyza çöküp oturdy. Onuň yzy bilen beýlekiler hem dyza çökdi. Nury Kazym gözlerini süzüp, ýere bakyp oturyşyna ýürek erediji zaryn ses bilen aýat okamaga başlady. Bu aýat gutulgysyz ölümi hem-de haý-haýly ahyreti ýada salyp duranlygy üçin, hemmeleriň sustuny basýardy. Aýat okaldy. Adamlar Döwletmämmet mollanyň ýatan ýeriniň ýagty bolmagyny, imanyňyň hemra bolmagyny dileg etdiler. – Buzlypolat serdar bizi siziň yzyňyzdan iberdi – diýip, Küti pälwan ümsümligi bozdy. – Şu salamnamanam ýollady. Küti pälwan bir düýrlengi kagyzy goltugyndan çykaryp, Magtymgula uzatdy. Magtymguly doňan ýaly bolup gymyldaman otyrdy. Onuň beýnisiniň içinde bir güýçli ýyldyrym çakyp, tupan turzup duran ýalydy. – Ony maňa beräýiň! – diýip, Nury Kazym haty aldy. Hatyň mazmuny şeýledi: «Köpden-köp dogaýy salam bolsun ähli gerkez iliniň tarapyndan uzakdaky Hywa şäherinde okap ýören Magtymguly şahyra! Sizi öz penasynda aman saklamagyny dileg edip, gije-gündiz hudaýa doga edýäs! Salamdan soňky söz budur ki, eý, hormatly şahyr! Siziň mähriban ataňyz, uly iliň aksakgaly, külli Gökleňiň geňeşdary garry molla Allaha amanadyny tabşyrdy. Ony üstümizdäki Luw ýylynyň Nowruz güni soňky menziline ugratdyk. Küren obamyz kethudasyz galdy, metjitimiz-mahrabymyz ymamsyz galdy. Uly ilimiz göýä ki ýetim çaga ýaly ýalňyzlyk çekýä. Indiden bu ýana tenha size umyt baglaýas! Alladan ak ýol diläň-de, öz ýurduňyza geliň! Zürýatlarymyza ylym-edep öwrediň! Ataňyz pahyram ölmänkä şuny size wesýet etdi. Uly ile agzybirlik hem erkinlik arzuw etdi. Ataňyzyň şol asylly kesbini özüňiz ýöretmeseňiz, başga ýöretjek adam ýok.» Nury Kazym haty okap boldy-da: – Hawa, şahyr! – diýip, tukatlyk bilen söze başlady. – Siz mähriban ataňyzdan jyda düşüpsiňiz. Ol il derdine ýaraýan, il-halkyň aladasyny edýän ilsöýer adamdy. – Ol ýaňy altmyş ýaşyny doldurypdy – diýip, Küti pälwan aýtdy. – Entek-entekler gerek adamdy. Magtymguly ahyry başyny galdyrdy. – Biz bu ýere höwes bilen okamaga gelipdik. Arman, gözel «Şirgazy» bilen hoşlaşmaly boljak! Pelegiň gerdişine düşer ýaly däl, Seýit jan! Ýas-ýaňyja siziň bilen Aždarhana keşt etmegi hyýal edip otyrdyk. Ol hyýalymyzam puç boldy. – Zyýany ýok! Bu ýyl bolmasa, ýene bir wagt keşt edersiňiz. – Onda siz ýol şaýyňyzy tutuberiň, şahyr! – diýip, Küti pälwan turmaga hyýallandy. – Oňa çenli bizem bazarlyk işimizi edeli. Onsoň, Alla ak ýol berse, ýola düşübereris. Magtymguly ýol şaýyny tutup, Nury Kazymyň gelerine garaşyp otyrdy. Nazarly oňa kömekleşmäge gidipdi. Şahyr uzak ýoluň aladasy bilen gümra bolup otyrka, Bagtyýar geldi. – Töre geçiň! – diýip, Magtymguly mürähet etdi. Bagtyýar az salym müýnürgäp durdy-da. – Bir ýaramaz habar eşitdik welin... – diýip, sözüni soňlaman goýdy. – Hawa, Bagtyýar. Biwagt gelen ajal atamyzyň ömür tanapyny kesipdir. – Imany hemra bolsun! Ýatan ýeri ýagty bolsun! – diýip, Bagtyýar gapyda çommalyp oturan ýerinden dileg etdi. – Siz gaýdýaňyzmy, şahyr? – Hawa, ýola düşjek bolup durduk. Wagtynda geläýdiňiz. – Indiki ýyl ýene gelermisiňiz? – Geleris diýip aýtsak ýalançy bolarys. Ýene bir wagt nesibe çekip duşuşýançak, hoş galyň! Bizi ýagşylyk bilen ýatlaň! – Şahyr... Size bir dilegim bar. Bagtyýar goltugyndan ýüpek ýaglyk çykardy. Magtymguly ony gören badyna Minewweriň ýaglygydygyny tanady. – Üýtgeşik zady göwnüňize getirmäň-de, şuny alyň, şahyr! Biçäre Minewweriň ýanynda meni ýüzügara etmäň! – Ol muny ýene iberdimi? – diýip, Magtymguly geň galdy. – Ýok, şahyr! Bu ýaglygy siz gaýtarsaňyzam, ony Minewwerä bermäge bognym ysmady. Uly günä-de bolsa, oňa ýalan sözlemeli boldum. Bu ýaglygy siz alansyňyz öýdüp, ol şol günden bäri begenip ýörendir. – Ony näme üçin beýtdiňiz? – Dagy nädeýin? Minewwer onsuzam kaknus ýaly öz-özünden ot aljak bolup örtenip ýör! Ýaglygy yzyna eltip, onuň derdiniň üstüne dert goşaýan bolsam, ol biçäräniň halynyň nähili boljagyny men-ä hyýalyma getirmäge-de gorkýan. – Oňarmansyňyz, Bagtyýar! Aldamaly däl ekeniňiz! Henizem bolsa ony äkidiň! – Indi ony äkiderden geçdi, şahyr. Minewweri çykardylar. Isgender ussaň garyndaşlaryndan biriniň ogluna berdiler. Magtymguly az salym ýaýdanyp oturdy-da, ýaglygy aldy. Onsoň horjuny açyp, şygyr diwanyny aldy. – Hoş niýetli adamdan sowgat alsaň, oňa hoş niýet bilen sowgat bermek parzdyr! – diýip, ol diwany Bagtyýara uzatdy. – Şuny Minewwere gowşuryň! Bagtyýar kitaby alyp, maňlaýyna syldy. ■ «Çöl içinde bedew sürüp, gelip men Hywadan örüp...» Magtymgulydyr ýoldaşlary birnäçe gün şöwür çekip, uzak ýoluň agramyny arka atypdy. Ýükli düýeler agraslyk bilen ädimläp, öz maýdalyna gidip barýardy. Atlylar olar bilen aýakdaş sürýärdi. Magtymguly tirkegdäki düýeleriň biriniň gapdalykdan aýrylanokdy. Bu düýäniň ýüki beýleki düýeleňkä garanda ýeňilräkdi. Oňa ýolda gerek boljak gap-çanak diýen ýaly zatlar ýüklenipdi. Ýüküň üstüne palasdan ýürek edilip, ýüregiň üstünden ýorgan ýazylgydy. Ýorganyň üstünde Nury Kazym öz donuňy ýapynyp, süýnüp ýatyrdy. Magtymguly üzeňňä galdy-da, müderrisiniň ýüzüne seretdi. Müderrisiň gözleri açykdy, asmanda bir nokada seredip ýatyrdy. – Halyňyz niçik, tagsyr? Nury Kazym dodaklaryny zordan gymyldadyp, jogap berdi. – Dem-ä bar. Enteg-ä gelip-gidip dur. – Suwdan-beýlekiden näme kem zadyňyz bar? – Kem zadym ýok. Magtymguly dagy Hywadan gaýdanda gadymy Wasyň üsti bilen gaýdypdy. Ýel ugrunda gabat gelen gadymi galalaryň harabaçylygyna tomaşa edip gelýärdiler. Ol wagtlar Nury Kazymyň saglygy pese düşmändi. Ol ýoldan sowarak galalara gidip gelmäge ýaltanmaýardy. Ýolagçylar Wasyň düzlüginden geçip, gadymy Uzboýy ýakalap ugranlaryndan soň, Nury Kazymyň haly menzilsaýyn peselip başlady. Ýasha kölüniň sebitindäki Topýatandan geçenlerinde ol at münmäge ýaramady. Ony düýä mündürmeli boldy. Şondan bäri Nury Kazym halys ýatahassa boldy. Magtymguly öz pikiri bilen gümra bolup barýaka: – Biz nirä geldik? – diýip, Nury Kazym sorady. – Maşady-Misserianyň harabaçylygyna ýetip gelýäs. Gaty garaňky düşmänkä ýetäýsek gerek. – Maşady-Misserian – diýip, Nury Kazym gaýtalady. – Rejesini aňýan welin, meni şol ýerde goýmaly bolaýsaňyz gerek. – Darykmaň, tagsyr! Basym oba bararys. Tebip çagyryp, sizi bejerderis, sag-aman aýak üstüne galarsyňyz enşalla! – Maşady-Misseriana baraýsaňyz, onuň duşundan geçmäň! Her näme-de bolsa, jesedim belli ýerde galsyn! Barybir, siz meni oba ýetirip bilmersiňiz. Magtymgulynyň endamy tikenekläp gitdi. Ol Möwlana Nury Kazymyň agyr ýagdaýa düşeniňi ozalam köp gezek görüpdi. Ýöne ölümini boýnuna alanyny birinji gezek eşidýärdi. Nury Kazymyň azary artyp başlady. Onuň, hakykatdanam, eňek atyp başlanlygyna şübhe ýokdy. Ýolagçylar garry alymyň wesýetini berjaý etdiler. Maşady-Misserianyň harabaçylygynda ýük ýazdyrdylar. Çemelije ýerde düşek ýazyp, Nury Kazymy ýatyrdylar. – Adam özüni bilmez eken! – diýip, Nury Kazym ýatan ýerinden gürledi. – Şu halyma uzak ýurda syýahada-da gitjek bolýan-a! Aždarhana gidäýen bolsam, size uly dert boljak ekenim. Mazarymyňam nirede galjagyny Alla bilsin! Nury Kazym birden sözüni kesdi-de, gözüni ýumdy. Az salymdan soň ýene gözüni açdy, suw diledi, Nazarly serkeçdäki pyýalany aldy-da, oňa suw içirdi. Suw içenden soň Nury Kazym ýene sustlandy. Uky giden ýaly boldy. Ýigitler ýuwaşlyk bilen onuň töwereginden aýryldylar-da, işleri bilen meşgul boldular. Kimsi atlary arkalap, iým berse, başga biri düýeleri duşaklap, otlamaga goýberdi. Ýene biri guýudan suw çekip, çelekleri, meşikleri doldurmaga durdy. Onýança Nury Kazym bir zat diýip gygyrdy. Ýigitler ýene onuň töweregine egrildiler. – Şahyr! – diýip, Nury Kazym onuň elinden tutdy. – Biz siziň bilen köp ýyl duz-emek bolduk. Uzak illere keşt edip geldik. Ajy günlerem, süýji günlerem deň çekişdik. Meniň-ä sizden ynjan ýerim ýok. Menden ynjan ýeriňiz bolsa, razy boluň! – Biz sizden razydyrys, tagsyr! Siziň eden ýagşylygyňyz hiç wagt ýadymyzdan çykmaz! – Ýigitler! – diýip, Nury Kazym ýigitleriň ýeke-eke ýüzlerine seredip çykdy. – Sizem razy boluň! Size bir aýtjak sözüm bar. Alla size akyl dürüniň egsilmez hazynasyny bagyşlapdyr. Magtymguly ýaly şahyr köp asyrlaryň dowamynda bir gezek dünýä inýändir. Ony har etmäň! Bu onuň iň soňky sözi boldy. Şondan soň ol geplemeden galdy. Magtymguly gaty ýadawlygyna garaman, uzyn gije onuň başujuny saklap oturdy. Garry alym daňa golaý jan berdi. Daň ýagtylandan soň Nury Kazym ibn Bahryny Maşat baba öwlüýäsine eltip jaýladylar. – Möwlana Nury Kazym uly alymdy. Üstesine-de, ynsanlyk minarasynyň ýokarky basgançagynda durýan gowy adamdy! – diýip, Magtymguly tümmek bolup ýatan mazara seredip gürledi. – Köp ýerleri gezip, köp zatlary gören şeýle menikli adamyň Maşat babada tümmek bolup galmak nesibesinde bar eken. Ýola düşdüler. Nury Kazymyň mazaryndan esli arany açdylar. – Yzymyzda çaň görünýä – diýip, Gully ýetim dillendi. Hemmeler yza gaňrylyp seretdi. Dogrudanam, arka tarapdan bir bölek tozan görünýärdi. Tozanyň kem-kemden bärik süýşýänligi hem bildirýärdi. «Çölde çaň görünse rahatlyk ýiter» diýlişi ýaly, adamlar tozandan gözüni aýryp bilenokdy. Az salymdan soň tozan görnen tarapda bir bölek atly hem göründi. Ýigitler atlarynyň ýüzüni tozan görnen tarapa öwrüp, söweşe taýýar bolup duruberdiler. Aňyrdan gelýän atlylar sesýetim ýere gelenlerinden soň, atlarynyň başyny çekip öz maýdalyna goýberdiler. Olar ýedi atlydy, has ýakyna gelenlerinde atlylardan biri öňe saýlanyp, atyny ýorgasyna goýberdi. Ony görüp, Magtymgulynyň ýüzi ýagtylyp gitdi. – Çowdur! Magtymgulynyň ýanyna ýetmäge on bäş ädim galanda Çowdur atdan düşdi. Ony görüp, Magtymguly hem atdan düşdi. Köne tanyşlar gadyrly görüşdiler. – Pelegiň oýny kän-ow! – diýip, Magtymguly Çowdura ýüzlendi. – Horezm topragynda sizi görmän gaýdanymyzdan soň, Etregiň çöllüginde sataşarys öýdüp pikirem etmändik. – Adam ugruny ýitirende nirä göçüp, nirede gonýanyny özem bilmez eken! – diýip, Çowdur jogap berdi. – Bizem bir ugruny ýitiren adam. Keç ykbal biziň depämizden betbagtlyk üstüne betbagtlyk inderdi. Soňy haýyr bolsun diýip, baş goşan işimiz şowsuz boldy durdy. Zamananyň keçligi sebäpli öz mähriban topragymyz özümize ýagy boldy. Ene toprak giň gujagyndan öz perzendine orun bermese, biçäre perzent nä alaç etsin?! – Siziň başyňyza düşen betbagtlyk köp adamlaryň ýüregini awatdy. Söweşde aman galanyňyzam Hywadan gaýtmazymyzyň öňüsyrasy eşitdik. – Kimden eşitdiňiz? – Şamyrat baýy siz öldürdiňizmi? – diýip, Magtymguly Çowduryň özüne sorag berdi. – Günä-de bolsa, ony öldürdik, şahyr. Ol dönük! Hut şol haramzadaň dönükligi zerarly türkmeniň men diýen ogullary weýran edildi. Şonuň üçinem biz onuň toýuny ýasa dönderdik. – Melektäjiň kysmaty nähili boldy? – Melektäç bize biwepalyk etdi. Magtymguly başga zat soramady. – Horezm topragynda biziň ýerimiz daraldy, şahyr! – diýip, Çowdur dowam etdi. – Bir tarapdan Şamyrat baýyň adamlary bizden gan almagyň kastyna çyksa, ikinji tarapdan Hywa hany bizi gysaja gysyp başlady. Biz iki oduň arasynda galdyk. Onsoň men ogrynlyk bilen medresä baryp, sizi soradym. Siziň Gürgene gaýdanyňyzam şonda eşitdim. – Siz «obada näsag ejem galdy» diýip gürrüň edipdiňiz – diýip, Magtymguly ondan sorady. – Ondan näme habar bar? Çowduryň ýüzi sallandy. – Men oba baryp bilmän, onda-munda sergezdan bolup ýörkäm, ejem pahyr bu dünýäniň azabyndan dynypdyr. – Ýatan ýeri ýagty bolsun! – Size sataşmak nesibämde bar eken! – diýip, ümsümligi Çowdur bozdy. – Sorap-idäp ahyry yzyňyzdan ýetäýdik. Indem maslahat siziň bilen. Näme diýseňiz, şonuň bilen boluberjek. – Gowy edipsiňiz! Öz ilimize baralyň! Galan maslahaty şol ýerde görübereris. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |