13:51 Magtymguly -15/ romanyñ dowamy | |
DÖRDÜNJI BÖLÜM
Taryhy proza
■ «Dünýäde süýthoryň pul ýygma derdi...» Dünýäde ýüze çykýan ýagşy hem ýaman wakalara garaman, gün şol bir endigi boýunça dogup-ýaşyp dur. Aýlar aýlanýar, ýyllar geçýär. Wagt geçdigiçe-de hemme zat könelýär. Maşat baba öwlüýäsinde mazar bolup galan Möwlana Nury Kazymyň mazary-da kökeldi, tümmegi kiçeldi, töweregini ot-çöp basdy. Şunça ýylyň dowamynda Magtymguly hormatly müderrisini ýadyndan çykarmady. ýylda-ýylaşa Maşady-Misseriana baryp, müderrisiniň mazaryna zyýarat edip gaýdýardy. Häzirki gürrüň berjek wakamyzyň ýüze çykan güni-de Magtymguly Nury Kazymyň mazaryna zyýarat etmek üçin Maşady-Misseriýana barypdy. Ýel hatarly bolansoň Magtymgulyny ýeke goýbermejek bolup, Çowdur han oňa ýoldaş bolup gaýdypdy. Çowduryň nökerleriniň arasynda Gully ýetim, Abdylaly çapyk, Şükür dagy hem bardy. Howa jokrama yssydy. Zyýaratçylar zyýarat edenlerinden soň uzak eglenmän yzlaryna dolandylar. Çaňap ýatan ymgyr çöl. Çar töwerekde höwes edere zat ýok. Tomus gününiň ýiti howry ähli otlary-çöpleri guradyp, sary-saman edipdir. Çölüňem özüne görä ýaşaýşy bar. Gidip barýarkaň, beýik tümmege çykyp, töweregiňe dürbüsini dikip oturan laçynlara, çaýçaňňalaklara gözüň düşýär. Olar gymyldaman, töwerege seredip otyr. Gözýetimde alaňňyrt ýa-da towşan peýda bolaýdygy, şol demde asmana göterilýär-de, edil gaýdyrawaç ýaly bolup, öz awlarynyň depesinden inýär. Magtymguly göze ilýän hadysalardan özboluşly lezzet alyp, sürüp barýardy. Birden ol: – Ony görýäňizmi? – diýip, bir tarapa gamçysyny uzatdy. Çowdur şol tarapa seredende tümmege meňzeş gyzyl zadyň güberilip ýatanlygyny gördi. Onuň üstünde nämedir bir zat günüň şöhlesine ýalpyldaýardy, Onýança günüň özüni bulut aldy-da, meýdanyň üstüne it kölegesi düşdi, ýalpyldy birden aýryldy. Esli ýere baranlaryndan soň Çowdur atynyň başyny çekdi. – Muny görüň-le! At yzy bar. – Atyň yzy şol syrly ýalpylda baka gidipdir. – Baryp göräýeliň! – diýip, Magtymguly atyny çepe burdy. «Düz meýdanda garga-da garaguş bolup görner» diýlişi ýaly, syrly tümmege ýetýänçäler esli ýoly geçmeli boldy. – Ol at ýaly-la! – diýip, golaýa baranlaryndan soň Gully ýetim geň galdy. – Janawar bu ýere nädip düşdükä? Adamlar atdan düşüp, ýatan bedewiň ýanyna bardylar. Maňlaýynda goşa sakary bolan bu dor bedewiň boýny uzyndy, sagrysy meýdanlydy. Eýeriniň gaşyna kümüş gülmyhlar kakylgydy. Döşünde gyzyllanan göwüsbent bardy. Atyň dili sallanyp, çişip ýatyrdy. Çowdur ata seretdi-de: – Janawar daljygyp ölüpdir – diýdi. – Bu ýerde birhili yz bar-la! – diýip, Gully ýetim gygyrdy. – Bir zat süýrelen ýaly. Adamlar yzy alyp ugradylar. Yz gara görnüm ýere barýança gündogara gidip, birden çepe dolanypdyr. Atgaýtarym çemesi çepe gidenden soň, ýene saga dolanypdyr. Adamlar yzy alyp gidip barýakalar, bir haly horjunyň ýatanlygy göründi. Horjunyň köjügini açyp seretdiler. – Baý-ba! Heý şeýle köp pul görüpmidiňiz? – diýip, Şükür agzyny açyp galdy. – Munça pula Ürgenjiň uly bazaryny satyn alyp boljak. Magtymguly pullara syn etdi. Olaryň arasynda eýran dinarlary-da, hindi rupyýalary-da, buhara teňňeleri-de bardy. «Bu pullar gör näçe bazarlar görüp, näçe adamlaryň nebsine ot berendir» diýen pikir Magtymgulynyň kellesine geldi. – Muny näderis, şahyr? – diýip, Abdylaly çapyk sorady. – Ol belli zat! – diýip, Magtymgulydan öň Şükür jogap berdi. – Onuň ýekeje teňňesinem galdyrman alyp gideris. – Bu pullar ýaňky ölüp ýatan atyň ajalyna sebäp bolan pullardyr – diýip, Magtymguly içinden edýän pikirini daşyna çykardy. – At ölenden soň eýesi horjuny göterip bilmän, süýräp gidene meňzeýär. Iň soňunda-da ony taşlap gidipdir. Hakykatdanam, ol ýerde bir aýak yzy bardy. Ony yzarlap ugradylar. Uzaga gitmänkäler bir gaýyş gynly gylyjyň ýatanlygyny gördüler. Ýene birsellem ýöränlerinden soň suwy giden gyrmyzy don göründi. Donuň aňyr ýanynda gara telpek ýatyrdy. Ahyry bir adamyň süýnüp ýatanlygy hem göründi. Ol uzyn boýly, eginlek ýigitdi. Onuň dodaklary garörtdi, agzy hem gözleri açykdy. – Eý, gudrat! – diýip, Abdylaly çapyk ölüp ýatan adama seretdi. – Bu bendäni görseňiz-le! Şunça pul elindekä bir owurt suw tapman, şehit ölüpdir. – Ol munça puly nireden aldyka? – diýip, Gully ýetim hiç kime ýüzlenmän sorady. – Ol pullar nowjuwan ýigit bilen argamak bedewiň başyna ýetipdir – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Ony jaýlalyň! Ymgyr çölüň içinde ýeke mazar peýda boldy! Bu ýeke mazar soňky ýyllarda şahyryň başyndan geçen gowgalary onuň ýadyna saldy. Bir topar ýyl mundan ozal Magtymguly Hywadan gaýdyp gelýärkä, Nury Kazymyň kazasy dolup, amanadyny tabşyrypdy, Ony Maşat babada jaýlapdylar. Soňra olar toplumlary bilen Magtymgulylara gelipdiler. Döwletmämmet pahyryň ýatan ýeriniň ýagty bolmagyny dileg edip, hudaýa doga edipdiler. Nazarly birnäçe gün Magtymgulynyň ýanynda bolansoň, öz obasyna – Börmä gaýtdy. Çowdurdyr ýoldaşlaryny Buzlypolat serdar özüne nöker edip aldy. Şol ýyllarda Büjnürt alamançylary türkmen obalarynyň üstüne köp çapawullyk edýärdi. Buzlypolat serdaryň ýigitleri günde-günaşa olara gaýtawul bermeli bolýardy. Şol söweşlerde Çowdur özüni tanatdy. Buzlypolat serdaryň oňa syny oturdy. Buzlypolat serdaryň taby peselýärdi, garrylyk ony barha basmarlaýardy. Tabykemlik zerarly söweşe gidip bilmeýän wagtlary-da bolýardy. Şonda ol Çowdury serdar edip belleýärdi. Aradan dört ýyl geçenden soň, Buzlypolat serdar obaň ýaşulularyny öýüne çagyrdy, kiçi gyzy Annahaly Çowdura berip, ony öýlendirmekçi bolýanlygyny aýtdy. Ýaşulular bu maslahaty kabul bildiler. «Dert ýamany garrylyk» diýen ýaly, ýyl geçdikçe Buzlypolat serdaryň gurby gaçýardy. Aradan ýene iki ýyl geçenden soň, ol başyny ýassyga goýdy. Nökerlere serdarlyk etmek labyry başbütin Çowduryň gerdenine düşdi. Şondan bäri adamlar Çowdura hormat goýup, onuň adyny Çowdur han diýip tutdular. Juwanlyk möwsümi Magtymgulynyň başyndanam sowlup barýardy. Ol indi üç müçäni arka atyp, dördünji müçäni ýarpylapdy. Süňňi agralýardy, alada-ünji köpelýärdi. Ol wagtynyň köpüsini obada geçirýärdi, oglan okadýardy, zergärlik edýärdi, goşgy goşýardy. Magtymguly dagy näbelli ýigidi jaýlandan soň, onuň gylyjyny, pully horjuny, ölüp ýatan atyň eýer-esbabyny düýä ýüklediler. Ýola düşdüler. Ölüp ýatan bedewden esli arany açanlaryndan soň uly ýol tarapdan bir bölek atly göründi. – Bu jokrama yssyda çöl seküp ýören atlylar kimkä? – diýip, Çowdur gozgalana düşdi.– Garakçymyka ýa geçegçimikä? Ýigitler ýaraglaryny hem özlerini tijediler-de, gelýän atlylara seredip duruberdiler. – Arkaýyn bolaýyň! – diýip, Gully wäşilik et- di. Olar bäş sanjak atly! Bäş atlyny-ha Abdylaly ikimizem gaýtararys. Atlylar sesýetim ýere gelenlerindei soň birden atlarynyň başyny çekdiler, aňyrdan gelen atlylaryň baştutany: – Magtymguly şahyr? – diýip gygyrdy. – Sizi tanadym. – Menem sizi tanadym, Kyýas baý! – diýip, Magtymguly perwaýsyz jogap berdi. – Siziň ýaly uly baý beýle biwagt çöle çykan bolsa, onuň wajyp bir sebäbi bar bolsa gerek?! – Wah, sen sorama, şahyr! Düýnden bäri bir gaçgagy gözläp ýörüs. Onuň yzy şu ýerlerig-ä gelipdir. – Gaçgagyňyz nähili adam bolmaly? – Ýigrimi sekiz ýaşly daýaw ýigit bolmaly. Maňlaýy sakar owadan dor aty bolmaly. Görmediňizmi? – Ol amanadyny tabşyrypdyr. Şu wagt şony jaýlap gelşimiz. – Onuň... onuň... aty nirede? – Ho taýda ölüp ýatyr. – Siz atyň ýanynda hiç zat görmediňizmi? Magtymguly bir bada jogap bermedi. – Onuň ýanynda näme bolmalydy? – Munça bolanyna görä men bolan işi bolşy ýaly gürrüň edip beräýeýin-le – diýip, Kyýas baý atdan düşdi. Şondan soň hemme kişi atdan düşdüler. Magtymguly gürrüň diňlemäge taýynlygyny aňladýan ýaly, bir köne depize ýaplandy. – Bu zamanda bil baglap, jan ynanar ýaly adam galmandyr, şahyr! – diýip, Kyýas baý zeýrenmäge durdy. – Başga ýagyň bolmasa, babadaşyň ýokmudy diýen ýaly, näme bela gelse özüňkiden gelýär. Biziňem bir eziz görüp ýören inimiz bardy. Öz süýtdeş agamyň – Kowusyň ogly. Kowus pahyr öňräk aradan çykypdy-da, bir ogul bilen bir gyzy ýetim galypdy. Olaryň ejesi pahyr-a ondanam ozal ölüpdi. Onsoň, ýetim çagalary eklemek meň boýnuma düşdi. Men olary öz çagalamdanam eziz sakladym. Iň soňunda-da öz agamyň ogly meniň başymy bela goýdy. Gara günde gerek bolar diýip, ýygnap ýörenje pulum bardy. Öňki agşam il ýatandan soň ol çemini tapyl, şol puly alypdyr. Ony meniň iň gowy görýän atyma – Goşasakara ýükläpdir-de, «Ýa, Alla!» diýip gaçypdyr – Ol öz iniňiz bolsa, size hyýanat etmesi näme-kä? – diýip, Çowdur sorady. – Ony hudaý tutupdyr! Ýogsam men oňa öz çagalaryma etmedik hezzetimi edýädim. Ony öýli-işikli etjek bolup ýördüm. – «Gyzyl görse Hydyr azar» diýipdirler – diýip, Gully ýetim gürrüňe goşuldy. – Ýöne onuň Gürgene baka gaçman, çöle baka tutduryşy düşnüksiz. – Ol ilki ýokarky Sumbara baka gaçypdyr – diýip, Salam yzçy jogap berdi. – Onuň yzy Şarlawuga ýetip barýarka, oňa bir topar atly uçrapdyr. Ol şol atlylardan gaçyp çöle tutdurypdyr. Näbelli atlylar esli ýere barýança, ony kowupdyrlar. Ýöne Goşasakaryň yzyndan ýetip bilmejeklerini aňyp onuň yzyndan galypdyrlar. – Aýtsana, şahyr! – diýip, Kyýas baý Salam yzçynyň sözüni kesdi. – Ol deýýusyň alyp gaçan pullaryndan heý bir derek bilmediňizmi? – Iner ýaly ýigit bilen ýel ýaly bedewiň başyna ýeten şol jan algyç puluňyza hiç zat bolanok! Magtymguly düýäniň üstündäki horjuna baka gözüniň gytagyny aýlady. Kyýas baý horjuny gören badyna: – Biziň horjunymyz! – diýip, zähresi ýarylan ýaly gygyrdy. – Öwlüýä kessin biziň horjunymyz! Kyýas baý maslyk gören aç syrtlan ýaly düýä baka topuldy. Düýäniň ýanynda Halymguly bilen Gully ýetim gylyçlaryna ýapyşyp durdy. Kyýas baý ylgap Magtymgulynyň ýanyna geldi. – Sadagaň bolaýyn, şahyr! Sen bir hudaýyň nazar salan adamsy! Bize dogry diwan kes! «Tapan begener, tanan alar» diýipdirler. Menem öz zadymy tanadym. Pulumy özüme beriň. – Näme beýle ölüp-öçüp barýaňyz? Puluňyzy berjek däl diýemzok ahyry! Magtymguly Şüküre gözüni ümledi. Şükür sesini çykarman düýäni çökerdi. Ol horjuny gahar bilen howudyň üstünden agdaryp goýberdi. Agyr horjun jalkyldap ýere düşdi. Kyýas baý edil syçan gören pişik ýaly okdurylyp, horjuny gujaklady. – Halal zat eýesinden aýrylmazmyş diýleni-dä! Ýene hak eýesine gowuşaýdy. Magtymguly ýaňsyly ýylgyrdy. – Halal-haram gürrüňini etmäli, baý! Siz ýöne puluňyzyň nesibesi aýrylman eken diýiň-de goýaýyň! – Näme üçin beý diýdiňiz, şahyr? Men bu pullary ogurlap ýa talap alamok. Hudaýyň beren zady! – Maňlaý deriňi döküp, daban azabyň bilen gazanylan zada halal diýilýändir, Süýthorlyk bilen ýygnalan puluňam talanyp alnan puldan tapawudy ýok. – Beýle däl, şahyr. Galyň bendeler gerek wagty menden pul alyp, onuň peýdasyny görýärler. Soňam alan pullaryny boýun alan göterimi bilen gaýtaryp berýäler. – Bir zady biliň! Beýle kän pul gençlikde saklansa, köp adamyň başyna ýeter gorkusy bardyr. Gençlikde saklanan zat eýesine nesip etmezek bolýandyr. – O näme diýdigiň? – Akylly adamlar orta ýaşdan aganlaryndan soň öz ahyretleriniň aladasyny edýärler. Sizem bäş müçäni arka atyp barýan adam. Puluňyzyň ygtyýary öz eliňizdekä, pukara halka haýyr-sahawat edip, sogap gazanmagyňyz gerek. Kyýas baý adamlaryna göz ümledi. Olar horjuny äkidip, baýyň atyna ýüklediler. Kyýas baý Magtymgulydyr ýoldaşlaryna taňryýalkasyn hem bermän atlandy. – Siziň ugruňyz hanjak, şahyr? – Gaýdyp barýas. – Beýle bolsa ýolaýyrda çenli bileräk gideliň-dä! Ýollar hatarly! Köplük bolsak hemmämiz üçinem bähbitli bolar. – Beýle köp puluň bolsa, hemme ýer hatarly ýaly bolar durar. Entek dur bakaly, indiden beýläk öz öýüňem hatarly görner. Ýola düşdüler. Magtymguly bilen Çowdur öňden sürdi. Kyýas baý öz atlylary bilen orta sokuldy, Beýleki ýigitler yzdan sürüp gelýärdi. Olaryň ýanynda ýükli düýeleri bolany üçin, atlary ýuwaş sürmeli bolýardy. Kyýas baý howsala bilen gözlerini elek-çelek edip, töweregine garanjaklap barýardy. Onuň bolup barşy bütin dünýä ynam etmeýän ýaly, hatda özi bilen bile barýan ýoldaşlaryndan hem howatyr edýän ýalydy. Gün aşaklaýardy. Ýolagçylar ýolaýyrda barýaýaça garanky düşjekdi. Bu ýagdaý Kyýas baýy ünjä goýdy. – Şahyr, siz bu gije meýdanda düşlemekçimi ýa-da... – Ýok, biziň üçin gije bilen gündiziň tapawuda ýok. Ýadaýançak gider bararys. Kyýas baýyň kejebesi daraldy. Gijäniň içinde ýeke özleri gaýtsalar, olaryň üstüne-de garakçylar dökülse, Kyýas baýyň şeýle eziz görýän tenňelerinden mahrum boljagyna şek ýokdy. Gaty gitse, gara başyndan hem jyda düşäýmegi mümkindi. – Şahyr, size uçran adam elmydama haýyr tapýar. Menem barymy-ýogumy golumdan giderip, halys tumaýak galypdym. Ozaly hudaý, galyberse-de, siz meniň zadymy gaýtaryp berdiňiz. Alla siziň ömrüňizi uzak, döwletiňizi zyýat etsin! Gum diýip garbanyňyz gyzyl bolsun! Siz bu hatarly ýola meni ýalňyz goýbermäň! – Ýaragsyz adam garawsyz adamdyr – diýip, Magtymguly sypaýyçylyk etdi. – Size edermen ýoldaş gerek bolsa, bize ýüz tutmaň-da, ýigitlere ýüz tutuň! Kyýas baý ejizlik bilen ýalbaryp, ýigitlere ýüzlendi: – Jan inilerim, men aýry obadan bolsamam, siziň öz adamyňyzdyryn. Biziň obamyza gideliň! Semiz öweç soýup, söwüş edeýin. Ýigitler Çowduryň ýüzüne seretdiler. – Siz ýadawsyňyzam-a welin, kyn görmäň-de, baýa ýoldaş bolaýyň! – diýip, Çowdur jogap berdi. – Beýle ummasyz pul garakçylaryň eline bir düşmesin! – Siz biziň bilen gitjek dälmi, Çowdur han? – Ýok! Men şahyry ýeke goýberip bilmen! ■ «Gabryňa salmazlar dünýä malyndan...» Magtymguly Hywadan gelenden soň köp wagt geçmänkä, oňa şägirt bolmaga meýil edýän adamlar köpelip başlady. Şägirt bolmaga gelýän köpdi, ýöne şägirt bolup galýan azdy. Magtymguly bilen içgin gatnaşyk saklap, wagtynyň köpüsini onuň ýanypda geçirýän dört adamdy. Olardan biri Kerkuk welaýetinde oturýan Garagoýunly türkmenlerden belli nakgaşyň ogly Mürze Zahyrdy. Mürze Zahyrda agyz dolduryp aýdar ýaly şahyrçylyk ukyby ýokdy. Ýöne, ol goşgy-gazalyň ölemen aşygydy. Özem iňňän ýatkeşdi, göwnüne ýaran goşgulary ýekeje gezek okanda ýat tutup bilýärdi. Ol Ferdöwsi, Nyzamy, Rudaki, Nowaýy, Jamy, Omar Haýýam ýaly uly şahyrlaryň köp eserlerini okapdy. Üstesine-de, ol goşgy-gazallary çigitläp, paýhas eleginden geçirmäge ukyplydy. Onuň bu ukybyna Magtymguly uly baha berýärdi. Şägirtleriň ikinjisi saragtly Goçaman söwdagäriň ogly Mülkamandy. Goçaman söwdagär Mülkamany Buhara medreselerine okuwa iberdi. Emma Mülkaman medresede ýerlemedi. Ol okuw okandan goşgy goşanyňy gowy gördi. Şondan soň Goçaman ogluny Magtymgulynyň ygtyýaryna getirdi. Mülkamanyň şahyrçylyga höwesi bardy. Onuň gözel jenanlary taryp edip goşan goşgulary köp adamlaryň göwnünden turýardy. Magtymgulynyň şägirtleriniň ýene biri-de öz ildeşi Orazmeňli şahyrdy. Onuň ýaşy ulurakdy. Şoňa görä-de, Magtymguly ýok wagty şägirtler ony halypa edinýärdi. Şägirtleriň arasynda Magtymgulynyň ýene-de bir ildeşi bardy. Onuň ady Ussagara şahyrdy. Onuň şahyrçylyk ukyby şeýle öwerlikli bolmasa-da, ile belli hatdatdy. Şägirtler obada bolan wagty Magtymgulynyň öýüne ýygnanyp, gören-eşiden zatlaryndan gürrüň berýärdiler. Bu gün hem şeýle boldy. Gün gijigenden soň olar Magtymgulynyň öýüne ýygnandylar. Magtymguly öýde ýokdy. Ilki gürrüň bermek gezegi Mülkamana ýetdi. – Biz goňşy oba – Suhanguly ahunyňka gidip geldik. Ol Arkaç sebitine sapar edip gelipdir. Onuň berýän gürrüňine görä, abuwertli Atanyýaz şahyr Eýran patyşasy Kerim hany taryplap bir kasyda düzüpdir. Onuň şol kasydasy Eýranda, Turanda uly şöhrat gazananmyş. – Gulagyma degipdi – diýip, Orazmeňli sustluk bilen belledi. – Şalaryň tarypy edilse, Suhanguly ahunam ýaman görýän-ä däldir. Ol kasydany göçürip almanmy? – Göçürip alypdyr. Özem ol kasydany öwüp aňyrsyna çykyp bilenok. Men ony size-de görkezeýin diýip göçürip aldym. Mülkaman kasydany Orazmeňlä uzatdy. Orazmenli ony dykgat bilen okady. Onsoň ýoldaşlaryna uzatdy. – Niçik gördüňiz? – diýip, ýoldaşlary okandan soň sorady. – Atanyýaz şahyryň goşgusyn-a öwüp biljek däl – diýip, Ussagara wäşilik etdi. – Ýöne desmalçylyk etmäge-hä ökde eken! Kerim hany pygamberdenem zyýat edip goýaýypdyr. – Atanyýaz şahyry beýle ýazgardyňyz-la – diýip, Mülkaman geň galdy. – Şalary taryplap kasyda düzmek aýypmy näme? Dogry, ol Kerim hany has öteräk öwüpdir. Kasyda düzmegiň kadasy şeýle. Beýik mertebeli adamy taryp edeňde, onuň mansaply röwüşlerini has güýçlendirip görkezmäge ygtyýar edilýär. Şahyrlar bir gözeli taryplanlarynda-da, ony bolşundan on esse beterräk gözel edip görkezmegi aýyp gerenoklar ahyry. – Gözel başga, şa başga! – diýip, Mürze Zahyr jogap berdi. – Gözelligi näçe taryp etseňem ýüki agyrlyk etmez! Emma şalary taryp edeňde hakykatdan araňy üzmeli däldir. Siz ussadymyz Magtymguly şahyry alyp göräýiň! Ol hakykaty ýoýup goşgy düzenden, ýanyp duran oda girenini gowy görer. – Magtymguly akylly adam! – diýip, Mülkaman garşy boldy – Şu meselede welin, ona arka durup biljek däl. Magtymguly şahyryň mertebesini ýetmeli derejesine ýetirmeýänem onuň şol gylygydyr. Bu akyly, bu zehini bilen Magtymguly beýik şalaryň huzurynda köşk şahyry bolup oturmaly adam! Emma ol ony edenok. – Siz, Mülkaman, Magtymguly şahyra at dakmaň! – diýip, Mürze Zahyr gödek jogap berdi. – Bu dünýäde näme edip, näme goýmalydygyny ol bizden gowrak bilýär. Mülkaman öz diýenini tutup, ýoldaşlaryna ýeň bermedi. Şägirtleriň arasynda jedel başlandy. Jedeliň üstüne Magtymguly geldi. – Nämäniň jedelini edýäňiz? Mülkaman Atanyýaz şahyryň goşgusyny Magtymgula uzatdy. – Şu goşgyň gürrüňini etdik. Men-ä olaryň pikirine goşulamok. Hanlary, şalary taryplamak gadymdan gelýän dessur ahyry. – Siziň pikiriňize arka durup bilmeris, Mülk aman. Ogurlyk, ýalançylyk, dönüklik ýaly bet gylyklaram gadymdan bar zat! Ýöne olar ýaly bet iş edýän adamlary halk elmydama näletläpdir! Gamçysyndan gan damýan häkimlere ýaranjak bolup, öz halkyna ikilik edýän şahyrlaram halk näletläpdir. Akylly şahyrlar hiç wagt häkimleri taryplap, kasyda düzmändirler. Sebäbi, adamzat taryhynda henize çenli adalatly häkim bolmandyr. Adalat bilen häkimlik ikisi bir galypa sygmaýar. Şu babatda Kerim hanyňam beýleki häkimlerden artyk ýeri ýok. Onuňam öz häkimligini berkarar etjek bolup döken gany, ýykan galalary öňki geçen häkimleriň hiç haýsynyňkydan az däl. – Atanyýaz şahyryň jypdyrýanlygy görnüp dur-la – diýip, Orazmeňli gürrüňe goşuldy. – Şular ýaly jypdyrmalary götergiläp al-asmana galdyrýarlar welin, şoňa içim ýanýa. – Olar ýaly manysyz kasydalaryň her näçe götergileselerem aljak menzili bolmaz! Kerim hanyň häkimligi synan badyna ol kasyda-da ölüp gider. Nedir şanyň hökümi ýer sarsdyrýan wagty onuň şanyna iňňän köp kasyda duzülipdir. Nedir ölen badyna olaryň hemmesi ýatdan çykyp gitdi. Şahyr boljak bolsaňyz, hökmürowan häkimleriň belent mertebesine buýsanmaň! Altyn-kümşüň jadyly şyňňyrdysyna-da aldanmaň! Goşgy düzeňizde hakykata daýanmagyňyz gerek. Magtymguly şägirtleri bilen gürrüňe gyzan wagty Abdylaly çapyk salam berip içerik girdi. – Waleýkim essalam! – diýip, Magtymguly ony gadyrly garşylady. – Düşek üstüne geçiň! Sag-aman geldiňizmi? – Sag-aman geldik welin, gelmedigimizem bar. Gully ýetim galmaly boldy. – Oňa näme boldy? – Biz Kyýas baýy ugradyp barýarkak, ýolda garakçylar döküldi. Gaça uruş edip, bizi aljyratjak boldular. Biz aljyramadyk. Gylyç ýeter ýere gelenini awundyrman goýbermedik. Olar hezil tapmajaklaryny aňdylar-da, öz ugurlaryna gidiberdiler. Şol söweşde Gully ýetim çep uýlugyndan ýaralandy. – Ýarasy agyrmy? – Biz gaýdanymyzda ol at münmäge ýaramady. Şonuň üçinem ony goýmaly bolduk. Kyýas baý ýörite tebip çagyryp, onuň ýarasyny bejertmäge boýun boldy. Magtymguly sesini çykarmady. – Biz garakçylar bilen söweş edýärkäk bir zat gözüme ildi – diýip, Abdylaly çapyk dowam etdi. – Biz garakçy diýip ýörüs welin, şolar garakçam däl. Men olaryň baştutanyny bir gezek Büjnürt häkiminiň diwanhanasynda görüpdim. – Olar Büjnürt häkiminiň adamlarydyr öýdýäňizmi? – Meniň-ä şeýle göwnüme gelýär, şahyr. Ýalňyşýan bolsam, günämi Alla bagyşllasyn! – Abdylalyň aýdýany biçeme däl – diýip, Orazmeňli makullady. – Astrabadyň häkimi salgyt-hyraç bahanasy bilen bizi aç-açan talyýa. Büjnürtlilerem astrabatlylardan kem galmajak bolup, garakçy nikabyna perdelenip, biziň ilimize talaň salýandyr. Magtymguly dagy özara gürleşip otyrka obanyň ýokarky hataryndan elhenç ses eşidildi. Öýdäkiler sese diň saldylar. «Wa-aý dogan! Wa-a-aý kaka!..» diýip gygyrýan aýal hem erkek sesleri endamyňy tikenekledýärdi. – Siz oturyberiň, şahyr! – diýip, Abdylaly öýden çykyp gitdi. Aradan köp wagt geçmänkä-de dolanyp geldi. – Şyhym harpyk ölüpdir! * * * Türkmenlerde täsin bir däp bar: il içinde erbet hasap edilýän, köp adamlaryň gargyşyna galan adam ölse-de, ölenden soň onuň günäsi geçilýär. Ähli oba bolup onuň patasyna barýarlar, oňa jynaza okaýarlar. Ile belli süýthor Şyhym harpyk ölende-de şeýle boldy. Oba adamlary üýşüp, ony jaýladylar. Oňa Magtymguly hem gitdi. Şyhym harpyk jaýlanýarka Magtymgulydyr Küti pälwan mazardan birnäçe ädimlikde çök düşüp oturdy. Ikisi-de gabak astyndan mazara seredýärdi. Şu ýerde Magtymgulynyň mundan ýigrimi ýyl ozal Şyhym harpyga aýdan bir sözi ýadyna düşdi: – Şyhym harpyk şeýle uly baý bolsa-da, iň soňunda bary-ýogy on iki gary biz bilen göre girmeli bold-ow – diýip, ol içinden edýän pikirini daşyna çykardy. – Hawa, akylly adamlar Hudaýdan zat dilänlerinde «Ygtyýary bilen bile bersin!» diýip dileg edýäler welin, şol dogry eken. Adam zadyna ygtyýar edip bilmese, baýlykdan haýyr ýok. Şyhym baýam halal-haram diýmän ýygnan zadyny tutuş döküp gitdi, Hümmet hoja ýere bakyp oturyşyna, sesini naýynjarlyk bilen süýükdirip, jynaza okaýardy. Jynaza okamak derejesi Hudaýnazar işana ýeterdi. Hudaýnazar işan ölenden soň, onuň ornuny Hümmet hoja eýeledi. Işanyň kisesine düşýän aklyklar hem indi Hummet hojaň kisesine düşýärdi. Jynaza okaldy. Oturan ýaşululardan biri: – Şyhym baý nähili adamdy? – diýip, gölegçilere ýüzlendi. – Gowy adamdy – diýip, biri ysgynsyz jogap berdi. Şyhym baýyň gowy adamlygyna kepillik gözleýän sorag üç gezek gaýtalandy. Soraglaryn üçüsine-de şol bir ses jogap berdi. Şonuň bilenem Şyhymyň gowy adamlygy ykrar edildi. – Ölen adama erbet diýmeli däl diýýärler welin – diýip, Küti pälwan pyşyrdady. – Erbet adama «gowy» diýesiň gelenok. Mazaryň başynda edilmeli işler edilenden soň, Şyhym harpygy garaňky gabyrda galdyryp, oba gaýtdylar. – Sizem gaty ägirt adam-ow, şahyr! – diýip, ýolda gelýärkäler Küti pälwan söz oklady. – Şyhym harpygyň size eden ýamanlygy hiç wagt ýatdaň çykar ýaly däl. Siziň ýeriňize başga biri bolan bolsa, ony jaýlamaga-da gelmezdi. – Ölüden ar alynmaýar, pälwan. Eger ony jaýlamaga gelmedik bolsak, namartlyk etdigimiz bolardy. Gölegçiler toplumlary bilen Şyhym harpygyň öýüne geldiler, gapynyň öňünde çök düşüp oturdylar. Öýüň içinde aýallar ses edýärdiler. Olaryň arasynda Meňli gyzyň hem matam tutup oturanlygy ýadyna düşende, Magtymgulynyň ýüregi jigläp gitdi. Meňliniň yşky bilen Mejnun bolup geçirilen göçgünli pursatlar birin-birin gözüniň öňüne geldi. «Yşk odunyň awusyna ynsan ogly çydar ýaly däl – diýip, Magtymguly içini gepletdi. – Şeýle-de bolsa, adamzadyň gül ömrüni kül edýän rehimsiz ataşlaryň arasynda yşk odundan ýakymlysy ýok». ■ «Aýrylarmy yşka düşüp joş eden...» Abdylaly çapyk dogry aýdypdy. Gully ýetimiň ýarasy ýeňil däldi. Ol at münmekden-ä geçen, dik oturmaga-da ýaranokdy. Iç-daş çykmak hajatlaryna zordan gidip gelýärdi. Kyýas baýyň üç sany öýi, bir tamy, iki sany kepbesi bolup, öýleriň birinde aýaly, özi hem kiçi ogly ýaşaýardy, ikinjisinde uly ogly bilen gelni, üçünjisinde agasy Kowusyň maşgalasy bolýardy. Öýler bilen ýanaşyk salnan tam diňe Kyýas baýyň ygtyýaryndady. Baýyň özi çagyraýmasa, ol tama girmäge hiç kim milt edip bilmeýärdi. Özi bolmadyk wagty ol tamy gulplaýardylar. Kepbeleriň biri ammar deregine ulanylýardy, ikinjisiňi pul dilemäge gelýän gallaçlary myhman almak üçin saklaýardy. Häzir şol kepbä düşek ýazyp, Gully ýetimi ýatyrypdy. Gully ýetimiň ýatýan kepbesinde suwly küýze goýdular, wagtal-wagtal Gully ýetime nahar ýa-da süýt getirip berýärdiler. Dört-bäş günden bir gezek tebip gelip, onuň ýarasynyň melhemini täzeleýärdi. Gully ýetimiň çola kepbede ýeke özüdi. Aram-aram irkilýärdi, ýene oýanýardy. Şeýlelik bilen, aradan birnäçe gün geçdi. Onuň ýarasy gutulmandy, ýöne bäri bakanlygy duýulýardy. Bir gün. giç öýlänler Gully ýetim ukusy tutmasa-da, gözüni ýumup ýagyrdy. Oňuň göwnüne gapyda çybşyldy eşidilen ýaly boldy, Ol gözüni açanda takmyňan on ýedi-on sekiz ýaşly bir gyzyň işige söýenip duranlygyny gördi. Oňa gözi düşenden Gullynyň ýüregi gürsüldäp başlady. Gullynyň gözüni açanyny görüp, gyz gapydan aýrylyp gitdi. Bu hurma ýaňak gyz ozalam bir-iki gezek şunuň ýaly edipdi. Şol günüň ertesi ir bilen Kyýas baý ogullarynyň ikisinem ýanyna alyp, nirädir gitdi. Gully hemişekisi ýaly ýatan ýerinden hyýal deňzine gark bolup ýatyrdy. Ol entek uka gitmänkä, gapa şol hurma ýaňak gyz geldi. Gyzyň ýüzi salykdy, kirpikmen gara gözleri balkyldap durdy. Bu gyz ýene-de gapydan aýrylyp gider öýdüp, Gully ýetim gorka düşdi, bu gezek gyz gitmedi. Ol Gully ýetimiň özüne seredenligini gördi-de, özüni lampa aşak goýberdi, maňlaýyny iki eliniň aýasyna ýaplap, aglamaga başlady. – Saňa nä.me boldy? – diýip, Gully ýetim dik galyp oturdy. Gyzdan jogap bolmady. Onuň agysy barha möwç alýardy, hamsygyp hem sojap, içi-içine syganokdy. – Içerik berin girseň bolmyýamy! – diýip, Gully ýetim pyşyrdady. – Daş gapyda beýdip otursaň, gören-eşiden näme diýer? Gyz ýüzüni tutup aglap oturyşyna içerik girdi. Birsellem sessizje aglady. Onsoň alyndaňysynyň ujy bilen gözlerini süpürdi. Birdenem turup gidi- bermekçi boldy. – Sen nirä? Munça bolanyna görä aýt ahyry, saňa näme boldy? – Sen meniň agamy gördüňmi? – Agaňy? Sen agaň kim? – Ýakynda Kyýas baýyň puly ogurlandy. Sonam Kyýas baý dagy gidip, puly tapyp getirdiler. Şol puly ogurlan meniň agam Agöýlimiş diýen gürrüň çykardylar. Şondan bäri agamdan habar-hatyr ýok. Gyzyň bokurdagy doldy-da, sözüni kesdi. Gully ýetim Maşady-Misserýanyň düzünde ölüp ýatan daýanykly ýigidi gözüniň öňüne getirdi. Dogrudanam, bu hurma ýaňak gyz şol ýigide meňzäp dur. – Sen Kyýas baýyň nämesi? – diýip, Gully ýetim sorady. – Men onuň agasynyň gyzy. – Seniň agaň Kyýas baýyň inisi bolsa, onuň puluny alyp gaçmasy nämekä? Ýetim halky pukara bolmaly ahyry. – Agam Kyýas baýyň puluny alyp gaçanok. Aňyrsyny yzarlaberseň, ol pullar biziňki bolmaly. Kakam ölenden soň Kyýas baý bize hossarlyk edýän kişi bolup, öz ýanyna göçürip getirdi. Kakamyň uly süri goýnuny, düýelerini, atlaryny özi aldy. Kakam pahyrdan näçe pul galanyn-a bilemok welin, galan pullaram Kyýas eýeledi. Üstesine bize ile meňzeş hossarlygam edenok. Öz çagalary han ýaly ýaşaýa. Agam ikimizi welin eşek ýaly işledi. Öz çagalaryna häli-şindi täze eşik tikdirýä, biziň welin toýda-tomguda geýer ýaly abat geýmimizem ýok. Baýyň uly ogly meniň agamdan dört ýaş kiçi. Emma baý ony bireýýäm öýerdi. Kiçi otly enten on altam ýaşanok welin, onam öýerjek bolup ýör. Meniň agam ýigrimi dokuz ýaşyna gitdi welin, ony öýermek ýadyna-da düşenok. Gyz özüne erk edip bilmän, sessizje aglamaga başlady. – Goý, aglama! Aglamakdan haýyr ýokdur. – Sen meň agamy gördüňmi? – diýip, gyz birden Gullynyň sözüni kesdi. – Gören bolsaň-a aýdaý, ýagşy ýigit! Näme bolanam bolsa aýdaý! Şu bolşumdan beter güne düşesim ýok. – Siziň agaňyzyň kysmaty ýaman eken! Ol çöl-beýewanda suwsuz heläk bolupdyr. Gyz birden gabagyny galdyrdy, reňki üýtgedi, kükreginde iňňildi peýda boldy. Ol möňňürip aglamakdan saklanjak bolup, aşaky dodagyny dişledi. Şol aralykda aňyrky öýden bir aýal sesi: – Hajybibi! Nirä ýitirim bolduň? – diýip gygyrdy. ■ «Akyl kesmez, dür ýasalmaz ussatsyz...» Agşamara Magtymgulynyň öýünde Mürze Zahyr, Orazmeňli, Ussagara we Mülkaman dördüsi gürleşip otyrdy. Magtymguly entek gelmändi. Ussagara göçürip oturan goşgusyny sesli okady. Magrypdan maşryga dünýäniň ýüzi, Diýmäň, bize maglum däldir bu dünýä, Abady, Haraby, derýaýy düzi – Ýüz kyrk alty müň agaç ýoldur bu dünýä. – Haýran galaýmaly! Halypamyz bu zatlary nireden bilýäkä? – Magtymguly şahyr ondan beterräk zatlaram bilýä – diýip, Orazmeňli jogap berdi. – Men size onuň başga bir goşgusyny aýdyp bereýin: Üç essesi däli derýa, bir esse ýerde müň gowga... – Siz bu setirleriň manysyna düşünýäňizmi? – Düşünýäs! – diýip, Mürze Zahyr jogap berdi. «Üç essesi däli derýa» diýdigi ýer ýüzüniň dörtden üçüsi deňizdir, ummandyr diýdigi! «Bir esse ýerde müň gowga» diýdigem ýer ýüzüniň dörtden biri janly-jemendeleriň galmagal-gowgasy bilen gaplanan dagly-düzli ýer diýdigi! – Halypamyz bu zatlary nireden bilýäkä? – Bu ýerde geň zat ýok! – diýip, Mürze Zahyr jogap berdi. – Halypamyz ýeke türki dilde ýazylan kitaplary okaman, arap-pars dilinde ýazylan kitaplaram köp okyýa. Bir gezek men Magtymgulynyň kitaplarynyň arasynda gadymy arap alymy El Idrisiniň ýer ýüzüniň şekilini çekip düzen nagşasynam1 gördüm. – Bolsa-da, Magtymguly şü dünýäni gow-a görenok – diýip, Mülkaman gürrüňe goşuldy. – Onuň bu dünýäni loly heleýe meňzeden setirem bar. – Beýle däl! – diýip, Mürze Zahyr jogap berdi. – Magtymguly şahyr dünýäden zeýrenenok. Zamanadan zeýrenýä. Orazmeňli Mülkamana seredip ýylgyrdy. – Magtymguly şahyryň goşgularyndan dogry many çykaraýmak her kimiň işi däl! Onuň her sözünde çuňňur many bar. Ynha, men size ýaňky aýdan goşgymdan ýene iki setir aýdyp bereýin: «Bir akdyr bir gara ýylan her kimsäniň başyndadyr». – Bu setirleriň manysy belli-le. Bu ýerde şahyr gündizi ak ýylana, gijäni gara ýylana meňzedýär. Siziň özüňize bolarlyk paýhasyňyz bar – diýip, Orazmeňli wäşilik etdi. – Indi başga bir goşgyny aýdyp bereýin: Öý daşyndan şerap ysyn noş kyldym, Gitdi aklym, özüm bilmeý joş kyldym, Meý-mest boldum, ýapyk gapa duş geldim, Rugsat bolmaý açabilmen neýläýin?! – Men-ä şeýle düşünýän – diýip, Mürze Zahyr jogap berdi. «Öý daşyndan şerap ysyn noş kyldym» diýdigi «dünýäniň keýpi-sapasyny görmek maňa miýesser edenok, men ýöne daşyndan gultunyp ýörün» diýdigi. «Ýapyk gapa duş boldum» diýdigem «iň soňunda-da gara bagtym açylmady, alla rugsat etmese, ony neneň edip açaýyn» diýdigidir. – Eser jogap tapdyň! Gürrüň şu ýere ýetende Magtymguly içerik girdi. – Ýüzüňiz salyk görünýä-le, şahyr! – diýip, Orazmeňli sorady. – Bir kemiňiz ýokdur-da, hernä? – Kemim ýok. Ýöne, bir wagtky eden kemakyllygyma ökünýän. Şägirtler «näme boldy?» diýýän ýaly çiňerildiler. – Biz Buharada bolduk, Hywada bolduk, Ispihanda bolduk, Hyratda bolduk, başga-da köp şäherlere bardyk. Beşeriň akyl hazynasy bolan ajaýyp kitaplara-da köp duş geldik. Şol kitaplaryň ýekejesinem sypdyrman alyp gaýtmanymyza ökünýäs. – Hormatly halypamyzyň ozalky kitaplaram bir gatyra-ha mes ýük boljak – diýip, Orazmeňli söz oklady. – Az! Bu dünýäniň çylşyrymly syrlaryna göz ýetirmek isleýän adam üçin on gatyr ýüki kitabam azlyk etjek eken. – Ýaňy siz gelmänkäňiz biz özara jedel etdik – diýip, Ussagara ümsümligi bozdy. – Jedel diýilýän gowy zadam-a däl welin... – Beýle däl! Ýerlikli edilen jedel bilinmeýän zatlaryň syryny açmaga kömek edýär. Näme jedel ätdiňiz? – Biz siziň käbir goşgularyňyzyň manysy hakynda gürrüň etdik, hormatly şahyr! Aýyp görmeseňiz, käbir setirlerin manysyny özüňizden soraýsam diýýen. Siz bir goşgyňyzda: «Bu nä gudrat işdir suwdan ot çykar» diýipsiňiz. Bu ýerde siz nämäni göz öňünde tutduňyz? – Elbetde, bu goşgyň öz pelsepesi bar. Gowuja paýhaslansaňyz düşünersiňiz. ýöne suwdan ot çykýan ýerem bar eken. Birnäçe ýyl mundan ozal bize Bahry Hazaryň Azerbaýjan kenaryna keşt etmek miýesser etdi. Şonda deňiz suwunyň ortarasynda ot ýanyp duranlygyny gözümiz bilen gördük. Onuň has geň galdyrýan ýerem ot hiç wagt sönenok. Gije-gündiz lowlap dur! Şolar ýaly dynuwsyz ýanyp duran otlar kenarda – gury ýerlerde-de bar. Ataşparazlar şol otlaryň üstünde ýörite ataşgähler salypdyrlar. Uzak ýurtlardan ataşparazlar gelip, şol ataşgählere sežde edýän eken. – Meniňem bir soragym bar, şahyr – diýil, Mürze Zahyr dillendi. – Siz goşgularyňyzda hindi ýurduny, hindi halkyny köp ýatlapsyňyz. Olary okanymyzda şahyr Hindistana baryp gelendir diýmek göwnüňe gelýär. – Siz ýalňyşmansyňyz! Hindistana baryp, hindi howasyndan dem almak bize miýesser bolupdy. – Hindistan Allatagalanyň nazar salan ýeri diýýäler – diýip, Mülkaman sorady. – Gury ýerinden altyn, suwundan dür çykýa diýýäler. Şol çynmy? Hindistan ajaýyp ýurt! Ýokarsyna seredeňde başyň aýlanýan beýik ymaratlar, haşamly ybadathanalar hindi topragynda iňňän hünärli ussalaryň bolanlygyna şaýatlyk edýär. Hindi sazandalarynyň ýakymly sazlaryny eşitseňiz, onuň şirin owazy hiç wagt gulagyňyzdan gitmez! Hawa, Hindistan hünäre-de, sungata-da baý ýurt! Ýöne ol gözel ýurdy zulum-sütem harap edýär. Ol ýerde-de edil şu ýerdäki ýaly gün güýçliniňki, gowurga dişliniňki! Kim zalym bolsa, kim betbagt batyr bolsa, Hindistanyň ähli eşreti onuň öňünde dyza çökýär. Biçäre mazlumlar welin der ýerine gan döküp, zalymlara hyzmat edýärler. Çowdur salam berip içerik girdi. Saglyk-amanlyk soraşdylar. – Nobat han ýene çapar iberipdir – diýip, ol oturmanka habaryny berdi. – Ähli gerkez ýaşulularyny öz huzuryna çagyrýamyş. Magtymguly pikire gitdi. Pelegiň gerdişine düşüner ýaly däl. Kimleriň çyragy öçüp barýar, kimleriň çyragy täzeden ýanýar. Ýedi yklyma ulukjyn açdyran Nedir şa öldürildi, onuň tagtynyň üstünde uly dawa guruldy. Iň soňunda-da onuň tagtyny Kerim han zendi eýeledi. Külli Eýrana şa boljak bolup dalaş eden Astrabat häkimi Muhammethasan gajar öldürildi, onuň öwezine Gulamaly han häkim boldy. Gökleň iliniň gargyşyna galan Hanaly han öldürildi, onuň ornuny Nobat han eýeledi. Uly iliň janköýer serdary Buzlypolat öldi, onuň ýerine Çowdurhan peýda boldy. Şeýdip bu dünýäniň özi-de, adamlary-da öz nobaty bilen özgerip barýar. – Dymdyňyz-la, şahyr! – diýip, Çowdur onuň pikirini böldi. – Ýa-da Nobat hanyň çakylygyna barmasakmykak? – Hanyň çakylygyna barmazlyk edepsizlik bolar. «Bigaýrat han golunda...» Magtymguly, Çowdur, Küti pälwan, Çerkez onbegi dördüsi Nobat hanyň galasyna baranlarynda gün günorta bolupdy. Nobat hanyň galasy uly däldi. Galanyň günorta böwründe Nobat hanyň arzhanasy bardy. Arzhanadan birnäçe ädim demirgazykda hanyň nebereleriniň öýleri hatar bolup otyrdy. Öýleriň ýeňsesindäki meýdançada atlar, düýeler daňylgydy. Myhmanlar arzhana girip, salam berdiler. Nobat han ullakan ýomut halysynyň üstünde gyşaryp ýatyrdy. – Hany, jaýlaşykly oturyň bakaly! – diýip, Nobat han sypaýyçylyk etdi. Adamlar ornaşykly oturdylar-da «gulak asýas» diýýän ýaly edip, Nobat hanyň ýüzüne seretdiler. – Siziň hemmäňiz meniň öz gara gözli gökleňlerim. Men size guwanýan! Ikikji tarapdanam, haýpym gelýä. Men gökleň ili üçin her wagt baş goýmaga taýyn! Uly iliň bähbidi üçin malymam gaýgyramok, janymam! Emma siz meniň arkamy tutanzok-da, gaýtam ýüňsakgal edýäňiz. Bu ýurtda kyblaýy älem Kerim hanyň adalat şöhlesinden nur alýan ýeke gökleňler däl. Ýomutlaram, gajarlaram, kürtlerem, owşarlaram Kerim hanyň raýaty. Bilýän bolsaňyz, olaram özlerini bizçe görýärler. Olar häkimiýete bermeli salgyt-hyraçlaryny bireýýäm üzüpdirler. Ýeke biz galypdyrys. Belli-beterem gerkezler. – O näme üçin gerkezler? – diýip, Çerkez onbegi garşy boldy. – Gökleň obalarynyň hiç haýsam salgydyny üzenok. – Näme? – diýip, Nobat han Çerkez onbegä gözüni alartdy. – Bir zadyň aňyrsyna ýetmän, agzyň ugruna ýaňrap otyrsyň. Adna serdaryň obasy bireýýäm üzdi. – Adna serdar hasap däl! Ol salgydyny beýle çalt üzen bolsa, ony başga hasapdan edýändir. Ýomutlaram salgydyny tölemändir. – Şony kimem aýdan bolsa ýalan sözläpdir! – diýip, Nobat han azgyryldy. – Aslynda, biziň ýomutlar bilen işimiz näme?! Çerkez onbegi ýene bir zat diýjek boldy. Küti pälwan onuň ýeňinden çekdi-de, «otur» diýen yşarat etdi. – Hawa, biz – gökleňler häkimiýetiň öňünde ýüzügara bolduk – diýip, Nobat han dowam etdi. – Şeýdibem häkimleň gaharyny getirdik. Gulamaly hanyň gazabyndan hudaý saklasyn! Ol pälini ýamana dikipdir. Iki ýüz sany serbaza buýruk berägede, gökleň iliniň malyny-halyny syryp-süpürip äkiderin diýýämiş. – Salgydam aňryňda bir zadyň bolsa üzersiň-dä – diýip, Çerkez onbegi jogap berdi. – Çagalaryna bir döwüm tötek tapmaýan gallaçlar neneň edip munça salgydyň aşagyndan çyksyn? – Çerkez ras aýdýa – diýip, Küti pälwan gürrüňe goşuldy. – Halk garyp düşüpdir. Il-ä bilemok welin, biziň obamyzda-ha bäş-üç öýli baýlar bolaýmasa, salgydyny üzüp biljek kişi ýok. – Onda näme, Gulamaly hana şeýle diýip aýdaýmalymy? – diýip, Nobat han gözüni alartdy. «Bizden-ä salgyt tölän ýok, näme gudratyň bolsa görkeziber!» diýäýmelimi? – Biz näme, diýeli, han aga? – diýip, Küti pälwan jogap berdi. – Beýikleň ýanynda siziň gepiňiz geçýä. Olaryň ugruny özüňiz gowy taparsyňyz. – Beýiklere gep gerek däl, pälwan! Olara zat gerek, mal gerek! Onam beresiňiz gelenok. – Biz salgyt tölemekden boýun towlamzok ahyry. Eli ýukalyk heläk edýä. Beýikler ýene birneme möhlet berseler... – Häkimler oňa kaýyl däl. Olar salgyt-hyraçlaryny üzülmän goýjak däl. Entek bary bü-de däl. Olar başga bir agyr ýumşy-da meniň boýnuma goýdular. Adamlar howsala bilen Nobat hana seretdiler. – Kyblaýy älem Kerim hanyň sarsmaz döwletini berkider ýaly, täze leşger gerek bolupdyr. Kerim han gökleň iline uly hormat goýup, şol leşgeriň bir bölegini biziň ýigitlerimizden jem etmegi makul bilipdir. – Be, indi bu Kerim hana gerek bolan serbazlaram biz bermeli boldukmy? – diýip, Çerkez onbegi söz oklady. – Ne beýle geň gören bolýaň? Memleketiň patşasy döwlete gerek leşgeri öz raýatlaryndan ýygnaman, dagy nireden ýygnasyn?! Onsoňam, men paýhaslanyp gördüm welin, serbazlyga ýigit bersek, özümiz üçinem bähbitli boljak. – Onuň näme bähbidi barkanaýt? – Bähbidi şeýle. Biz bir sadaka bilen iki beladan gutulýas. «Ilatyň köpüsi garyp düşüpdir, bergisini üzere zady ýok» diýip özüňiz aýtdyňyz. Siz ony dogry aýtdyňyz. Obalarda salgydyny üzüp bilmejek adamlar köp. Olar salgytlaryny üzüp bilmeseler, onuň ýerine adam beräýsinler! – Diýmek, onda beýikler öňki salýan salgytlaryny az görüp, üstesine adam salgydynam salypdyrlar-da. – Sen, Çerkez, şu gün köp gepleýän bolaýma! – Köp geplesemem biderek gepleýän däldirin. Türkmen ogly ähli emläginden aýrylmaga kaýyl bolar, emma perzendiňden aýrylmaga kaýyl bolmaz. – Gyşyk gürrüň atyşmaly, Çerkez! Siz kyblaýy äleme näçe atly berip biljek? Gep nokatlap oturma-da, şony aýt! – Halkyň özi bilen gürleşmän, men-ä hiç zady boýun alyp biljek däl! – Ol maslahatyňyz bolanok! Halkyň näzini çekip diýen etdirip bolmaz. Halka höküm etmek gerek. Her on öýden bir atly beräýmeli – wessalam! – Aý, ýok, han aga! Biz-ä beýle höküm ýöredip bilmeris. – Biz höküm ederisem, hökümimizi ýörederisem! Ýöne siziň obaňyza biz aralaşsak, siziň üçin gymmat düşer! – Aý, onçasyny görüberýäs. Gerkez ýaşulularynyň Nobat hanyň göwnünden turmazlygy, onuň gaharyny ýetjek derejesine ýetirdi. – Şahyr, siz näme sesiňizi çykaraňzok? – diýip, ol Magtymgula ýüzlendi. – Siz agy-garany saýgarýan adam! Olaň dilini, belki, siz taparsyňyz. Magtymguly agraslyk bilen gabagyny galdyrdy. – Azaşsaňam köp bilen azaş diýipdirler. Köplük haýsy tarapa agsa, bizem şol tarapa agaýmaly bolarys. Siz ýaşulularyň jogabyny ýokuş görmäň! Şalara uruş gerek! Ýurt basyp almak gerek! Söweşde gyrylmaly bolanda welin garamaýaklaryň çagalary gyrylýa. – Aýdýanyň näme, şahyr? – Kyblaýy älem Kerim hana beýle töhmet atmaga neneň het edip bildiňiz? Kerim han uruş edip, ýurt basyp alyp ýören patyşalardan däl! Leşger saklasa-da, watany duşmandan goramak üçin saklaýar. – Bu gürrüňler çaga aldamak üçin aýdylýan gürrüňlerdir – diýip, Magtymguly Nobat hanyň sözüni böldi. – Patyşalar çölde goýun bakdyrmak ýa-da dagda düme ekdirmek üçin leşger jemlemeýändiklerine adamlar gowy düşünýä. Kerim hanyň nähili maksadynyň bardygynam özüňiz gowy bilýänsiňiz. Onuň Buhara welaýatyny basyp almak üçin türklere garşy uruş etjek bolýanlygynam gowy bilýänsiňiz. – Ýalan!! – diýip, aýylganç gygyranyny Nobat hanyň özi-de duýman galdy. – Siz beýik mertebeli patyşa garşy wagyz ýaýradýarsyňyz. Indi paýhaslanyp görýän welin, gerkez ýaşulularyny azdyrýanam siz bolsaňyz gerek?! – Beýle göz-görtele haýýarlyk etmek siziň ýaly hökmürowan adamlara gelişmeýär, han! Nobat han birden Çowdura ýüzlendi: – Çowdur han, sen näme diýjek? Gerkezler saňa boýun egýär ahyry! Şa goşuny üçin adam ýygnamaga tabşyraýsak nädýä? – Beýle zada miltim ýokdur, han aga! – Näme üçin? – «Sen bir gelmişek!» diýip, maňa gyjalat berip ýören özüňiz ahyry! Gelmişek adama-da beýle ýumşy ynanyp bolarmy? – Siz gerkezler, gaty gitmäň! Meniň ugrumdan turmasaňyz, eliňizi-aýagyňyzy kündeläp goýmaga höküm ederin! Nobat han nökerlerine bir zat diýip gygyrjak ýaly etdi. Çowdur çalasynlyk bilen ýerinden gurdy-da, gylyjyna ýapyşdy. – Bilip goý, han! Biziň elimize künde salynýança, sen kelläňden aýrylarsyň! Çowduryň gözleri ýanyp durdy. Eger Nobat han ýekeje artykmaç hereket edäýse, gylyjyny onuň boýnundan salaýjak ýalydy. – Aljak jogabyňyzy alan bolsaňyz, indi bize rugsat beräýiň! – diýip, Magtymguly ýerinden turdy. * * * Magtymgulydyr ýoldaşlary Nobat hanyň galasyndan çykanlaryndan soň esli ýere barýançalar gürleşmän gitdiler. Ümsümligi Çerkez onbegi bozdy: – Şahyr diýýän-ä, siz Kerim hanyň türklere garşy uruş etjek bolýanlygyny aýtdyňyz welin, Nobat hanyň gonjuna gor guýlaýdy-la. Siz şeýle anjaýyn hanyň dilini bokurdagyna dykyp biläýjek habary nireden eşitdiňiz? – Ispihanda bir şahyr tanşym bar. Adyna Hatif Ispihany diýýärler. Onuň Şiraz1 bilen aragatnaşygy bar. Ol şanyň köşgüne-de çagyrylýan şahyr. Ýany-ýakynda ol bize salam haty gönderen eken. – Kerim hanyň türkler bilen paýlaşyp bilmeýän zady nämekä? – Her şa öz syýasatyny ýöredýär. Syýasatyny höküm bilen ýöredip bilmese, ýaraga ýapyşýar. Kerim hanam iňlis täjirleriniň üstünde türkler bilen bassaşlyk edýämiş. – Onda ýene uruş boljag-ow! Biçäre halk tükeniksiz uruşdanam halys bez bolupdyr. Nobat han bizden alan jogaby bilen oňarmyka ýa-da gyzylbaşlaryň salgydyny üzüljek bolup dyzarmyka? – diýip, Küti pälwan sorady. – Nobat hanyň etjek oýny entek äňdedir – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Ol bu gezek ýöne biziň agzymyzy ysgap gördi. Basym her oba şunça atly bermeli diýip, ýörite höküm berer. – Adam bermesek näder? – Onda, öz aýdyşy ýaly, obalarda tertip-düzgüni ýola goýmak bahanasy bilen, bigünä ilaty gyzylbaş börülerine çeýneder. – Bu zatlaň hemmesi Nobat handan – diýip, Küti pälwan zeýrendi. – Gyzylbaşlara ýaranjak bolup, halky depeşegiň astynda goýup ýör. Eýran häkimleri talap etse, ol haramzada dulundaky gyzyňy eltip bermäge-de kaýyl boljak. – Biziň özümizde gaýrat galmandyr! – diýip Çerkez onbegi jogap berdi. – Nobat han tetelli deýýuslaň kellesini kakaýmalydyr welin... – Dogry aýdýaňyz, ýaşuly – diýip, Çowdur makullady. Duşmanyň biri kemelse bir peýda. – Duşmanyň ölümini diländen, janyňyzyň saglygyny diläň – diýip, Magtymguly garşy boldy. – Beýdip duşmanyň soňuna çykyp bolmaz! Hojaýynyň bir itini öldürseň, başga bir iti getirip gädikde daňar. Meniň maslahatyma gulak salsaňyz, biziň derwaýys etmeli iki sany işimiz bar. Birinjiden duşmanyň öňünde gapyl galmaz ýaly, başa düşen ýagdaýy oba adamlaryna mälim etmeli. Elmydama atlary eýerläp, gylyçlary çalyngy bolsun! Ikinjiden ýomutlar bilen müttefigi jebisleşdirmeli. – Ýomutlara bil baglap bolarmyka? – diýip Çerkez onbegi ynamsyz gürledi. Ol ýyl bir gezek gajarlar bilen urşanymyzda ýomutlary kömege çagyrdyk welin gelmediler-ä. – Ol ýyl gelmeselerem indi gelseler gerek. Ol wagtlar ýomut aksakgallary gajarlar bilen garyndaşrak bolany üçin, olara garşy ýarag götermek islemediler. Gulamaly hana garşy naýza gezemeli bolsa, ýomutlaram gökleňlerden kem oturmaz. Sebäbi, biziň başymyza düşen wehim ýomutlaryň başynda-da bar. Arada ýomut hany Annatuwak serdaryňkyda bir geňeş geçirildi. Şol geňeşe ýomutlaryňam, gökleňleriňem ýaşulularynyň köpüsi baran eken. Şonda siz şol geňeşi makullap, bir ajaýyp goşgam goşupsyňyz. Şol goşgyny şu wagtam bir aýdyp berseňiz-le, şahyr! Magtymguly töwella etdirip durman, goşgyny aýdyp berdi: Ýomut, gökleň tagsyp edip özünden, Çyksa goşun, öňi-ardy bilinmez. Sygmaý çykdy deşti-sähra düzünden, Ýörän ýoly, gonan ýurdy bilinmez. – Goşgy dagam däl! – diýip, Küti pälwan makullady. – Wah, şahyr, hemme zat siziň arzuw edişiňiz ýaly bolaýsa bolmyýamy! – Onda bolaýmajakmy! – diýip, Çowdur alyp göterdi. – Magtymguly şahyryň sözi berjaý edilen bolsa, türkmen ili bireýýäm parahatlyk şerbetinden ganardy. – Ýomutlar bilen il bolup bolsa, gowy zat welin – diýip, Çerkez onbegi göwünsiz gürledi. – Ýöne arka gözlemeli bolsa, has güýçlüräk ýerden arka tapynaýsak kem bolmazdy. Bize gyzylbaşlara «gaýra dur!» diýip bilýän ekabyrrak arka gerek. – Meselem, kimi arka tutunmaly – diýip, Çowdur sorady. – Wah şony bilýän bolsam aýdaýmajakmy. Ir gapdalymyzda owganlar, beýle ýanyňda Buhara, gaýramyzda Hywa, ondan geçibersek Aždarhan! Şu sananlarymyň haýsy bize gol ýaparlyrak bolsa, şolar bilen arkalaşyk edilse näderkä diýýän. – Bize arka durup biljek zadyň nämedigi belli-le! – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Türkmen kowumlarynyň agzyny birikdirip, bir döwlete gulluk eder ýaly edip bolaýsa, biziň üçin şondan güýçli arka bolmaz. Arman, ol bize başardanok. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |