14:37 Magtymguly -3/ romanyñ dowamy | |
■ «Namartlar ýolbars bolupdyr...»
Taryhy proza
Eýranlylar giden badyna Hanaly han nökerlerine rugsat berdi. Özi gaýtmady. Ol oljadan ýüklenip barýan eýranlylaryň yzyndan seredip durdy. Şyhym harpyk hem onuň ýanynda galdy, – Hudaýa şükür, ugratdyk! – diýip, Hanaly han uludan dem aldy. – Hudaýa şükür, ugratdyk! – diýip, Şyhym harpyk gaýtalady. – Şu gezeg-ä beýik mertebeli Muhammethasan han menden hoşal bolsa gerek! – diýip, Hanaly han murtuny towlap goýberdi. – Hoşal bolar, han aga! Gürrüňsiz hoşal bolar! – Ol meni köşgüne çagyryp, sylag-serpaý beräýse-de ähtimal-ä? – Berer, han aga, hökman berer! Onsoňam, han aga diýýän-ä, indi ötüki Magtymguly şahyrdanam-a dyndyk. – Hawa, o-da gitdi. Şyhym harpyk ýaranjaňlyk bilen ellerini owkalady: – Indi meniň baýaky aýdanymy oňaraýsaňam boljak. – Haýsy aýdanyňy? – Aý, özüňiz bilýäňiz-le, han aga! Gudaçylyk hakynda-laý. – Sende paýhas diýilýän zatdan now ýok eken-ow! – diýip, Hanaly han onuň sözüni kesdi. – Sen hökümdaryň Magtymguly şahyry näme üçin çagyranyny bilýäňmi? Bilýän bolsaň, ony köşk şahyry etjek bolup çagyrypdyr. Men eşitdim. Eger Magtymguly Muhammethasan hanyňkyda köşk şahyry bolaýsa, Meňlini saňa äberenimem biläýse, ol ikimiziňem derimizi soýdurar! Hany, aýt, soýdurarmy-soýdurmazmy? – Soýdurar, han aga, soýdurar – diýip, hanyň hemme sözüni tassyklamaga endik eden Şyhym harpyk agzynyň ugruna jogap berdi. – Ýöne welin, ol neme-dä... – Indiki weliniň näme? «Şahyryň neberesine zeper ýetirmeli däl» diýip, Gulamaly hanyň buýruk berenini eşitdiň ahyry! – Eşitdim, han aga, eşitdim. Ýöne «Magtymgulynyň kellesini kesäýselerem köşkde galmaz» diýip, Döwletmämmet molla öz agzy bilen aýtdy. Ol köşkde galmajak bolsa, onsoň näme... – Baý, kiş-ä gep tapd-ow! Muhammethasan hanyň demine bir düşensoň, ol seni razy etmän goýjak gümany barmy! Onuň gazabyndan hudaý saklasyn! Gözüne sereden-de, diliň tutulýa diýýäler. – Ol dogry-la! Ýöne eneden doganda kesir bolup dogan adam hany-begi näbilsin! Diýjegini diýer durar-da. Hanaly han Şyhym harpygyň gylygyna beletdi Özüne bähbitli zada gezek gelende bäş günläp jedelleşmeli bolsa-da, gaýra durmajakdygyny bilýärdi. Şoňa görä-de, ol Şyhym harpygyň howalasyny basmak üçin, has gödegräk çäre tapmagy ýüregine düwdi. Ol Şyhym harpyga gözüni alartdy-da, kümüş gynly gamasynyň sapyndan ýapyşdy. – Gözüme seret! – diýip, ol Şyhym baýyň üstüne süründi. – Weý-weý! Saňa näme boldy, han aga? – diýip, Şyhym baý gaýra çekildi. – Men seni öldürjek! Ganyňy ýere dökjek! – diýip, Hanaly han gamasyny gynyndan sogurdy. Şyhym baýyň ýüzi ak esgä döndi. Hanyň elindäki gama onuň gözüne ezraýyldanam eýmenç göründi. Ol ýetişip bildiginden: «Han aga! Han aga!» diýip, gaýra çekilýärdi. Gorkusyndan ýaňa aýagynyň ysgyny gaçan Şyhym harpyk ýerde ýatan daşa büdräp, arkanlygyna serrelip gitdi. Şu pursatdan peýdalanyp, Hanaly han baýyň garnyna mündi-de, gamasyny onuň gursagyna gezedi. – Bir agyz aýt, janyňdan geçýänmi ýa-da Meňliden?! Şyhym harpyk näme diýjegini bilmän, ýöne «Han ara, Han aga!» diýip, ýalbaryp ýatyrdy. Onuň dodaklary sandyraýardy, gözleri hanasyndan çykaýjak bolýardy. – Çöwür kelemäňi! – diýip, Hanaly han gamasyny onuň gursagyndan sanjaýjak ýaly edip, ýokary göterdi. – Çöwür kelemäni! Ýa-da Menliden geçýänligiňe ant iç! – Geçdim, han aga, geçdim! – Ant iç! – Ant içýän! Eger öwlüýä jan kessin! Dagy dolanyp şonuň adyny tutmaýyn! Şyhym harpygyň sünnüni saklap bilmän, bütin göwresi bilen sandyrap ýatyşyna Hanaly hanyň gülküsi tutdy. Ol ýerinden turup, gamasyny gynyna saldy. – Ýeri, oýun etdim-le! – diýip, ol gülmäge durdy. Sazanaklap ýatan Şyhym harpyk ýalpa gözüni açdy. – Oýun etdim diýýän, tur ýeriňden! – diýip, Hanaly han heniz hem serrelip ýatan Şyhym harpygyň elinden çekdi. Şyhym harpyk ýerinden turdy. Onuň aýaklary sandyrap, zordan aýak üstünde durýardy. Hanaly han içini tutup gülýärdi. Ona ýaranjaňlyk edip, Şyhym harpyk hem gülmäge synandy. Emma süňňüne erk edip bilmäni üçin, gülküsi gülkä meňzemedi. Ahyry Hanaly han gülüp keýpden çykdy. – Janyň süýji zatdygyny bildiň gerek? Sen janyňdan gorkyňa Meňli ýaly perizatdan geçmäge-de kaýyl bolduň. Jan ajygyny çekiberse, Magtymgulam köp zada kaýyl bolar. – Kaýyl bolar, han aga, kaýyl bolar! Ýöne welin, ol meniň ýaly etagatly adam däl-dä. Onuň dili duranja şerebe ahyry. Ol hökümdara bir şerebeli söz aýdaram, onsoň, onuň donunyň biçildigi biläý! Seň özüň eşitmediňmi, ol Gulamaly hanyň ýüzüne bakyp diýjegini diýip dur ahyry. Şyhym harpyga şeýle güzap edilensoň ýene amana gelmeýşine Hanaly han geň galdy. «Bu adam şeýle tükeniksiz baýlygy hem Allatagalanyň ýüregine düşüp alan bolsa gerek». – Ýagşy, indi sen menden näme isleýäň? Şyhym harpyk oňaýsyz ýylgyrdy. – Ýaňky maňa ant içdireniň oýundan gerek? – Ýeri, aýdybersene, seniňem bir antyň bolarmy! – Neme-dä, han aga. Sen ötüki Meňliniň kakasyny çagyragada, onuň bilen pugtarajyk neme edäýseň... Gürrüň şu ýere ýetende taryply dor alaşa Hanaly hanyň gözüniň öňüne geldi. – Ýok, Şyhym baý, men bu gürrüňe goşulyp biljek däl. Hanaly hanyň boýun gaçyrmagyna Şyhym harpyk özüçe düşündi. – Saňa huruşlyk üçin semiz öweç daňyp goýdum. Ony ertiriň özünde gapyňa getirip daňarlar. – Ýok, Şyhym baý, han adalatly bolmalydyr. Baýy-garyby deň gözde görmelidir. – Ol dogry-la, han aga! Ýöne men bir gök hywa donuňam zer bilen jähekledip goýdum. Görseň don dagam däldir. – Ýok, Şyhym baý – diýip, Hanaly han atynyň uýanyny yzyna gaýtardy. – Maňa hudaý halamajak işi etdirjek bolma! Ahyry Şyhym harpyk dor alaşasyndan geçmeli boldy. Şonda ol ýerliksiz mekirlik etjek bolup, gaýtam uly zyýana galanyna puşman etdi. – Neme-le, han aga – diýip, ol ahyry ýüregine daş baglady. – Seniň gowy görýän dor alaşaňam bereýin, Ony münseň ýigdelen ýaly bolarsyň! ■ «Zübeýdäm, ýaşlasaň gözüň...» Bu gün agşam Döwletmämmet mollanyň öýi gijäniň bir wagtyna çenli köp adamly boldy. Soňky ýyllarda Döwletmämmet mollanyň betbagtçylykdan gözi açylmady, bir begbagtçylygyň salan ýarasy bitmänkä, täze biri labyryny taşlady. Abdylla hem Muhammetsapa atly iki ogluny ýitirdi, onuň yzy bilen aýaly öldi, körpe ogly Magtymgulynam gyzylbaşlar äkitdi. Munça bagyr awusyna döz getirmek üçin, gör, nähili gaýratly ýürek gerek! Döwletmämmet mollanyň ýüregi her näçe awasa-da, töweregindäkilere syr bildirmän saklanýardy. Emma Magtymgulynyň aýal dogany Zübeýde gözýaşyny kepetmän, birsyhly aglan ýördi. Adam köp bolansoň, ol sesli aglamaga ejap edip, daşarda öýüň gamyşyna ýaplanyp oturyşyna sessizje aglaýardy. Aram-aram ol ünsüni başga zada sowmaga synanýardy. Emma töwerekde göze ilýän zatlaryň haýsy birine seretse, gerçek dogany bilen geçiren günlerini ýada salýardy. Han-ha, Aýyň ýagtysyna çala saýgardýan baýyrlyk meýdan! Magtymguly ol ýerde çekene bakyp gezipdi. Zübeýde baýyrlykdan gözüni aýryp, etekdäki beýik çynara seretdi. Magtymguly ýigit çykandan soň, ýygy-ýygydan ol çynaryň saýasynda oturyp goşgy düzerdi. Iň bärkisi, Zübeýdenyň öz barmaklary-da Magtymgulyny ýada salyp durdy. Onuň barmagyndaky ýüzükleri Magtymguly ýasap beripdi. Öýde gürrüň dowam edýärdi. Kimdir biriniň gyzmalyk bilen aýdan sözi Zübeýdenyň gulagyna ildi. – Meniň diýenimi etseňiz-ä, olaryň yzyndan eňeliň! Şahyry Astrabada ýetirmän, olaryň elinden alalyň! Biz Astrabadyň hanyňa näbelet däl. Ony oňullyga äkiden däldirler. Bu gürleýäniň Galkan gökleňdigini Zübeýde sesinden tanady. Bir bölek atla serdarlyk edýän bu edermen adam Döwletmämmet mollany sylaýardy. – Biz utjak ugrumyza topulalyň! – diýip, başga bir ses pessaýlyk bilen jogap berdi. – Bu wagtlar Muhammethasan gajarynyň guduz açýan wagty. Onuň bilen güýç synanyşmalyň! Jan berenden mal beren ýagşy. Elimizde baryny ýygnalyň-da, şahyry satyn alalyň! Zübeýde bu sesi hem tanady. Ol şu obaly Nazar ýomudyň sesidi. – Satyn almak gürrüňini goýalyň-la! – diýip, Galkan gökleň garşy boldy. – Muhammethasan gajary bilen uruş etmekden gorka-gorka ony halys depämize çykardyk. Salgyt diýse, salgyt berdik, mal diýse, mal! Indi ol bu zatlara-da kaýyl bolman, eziz görýän adamlarymyza göz gyzdyryp başdapdyr. Oňa başda «salgyt ýerine daşyň gatysyny al» diýen bolsak, o-da düňle bolardy, bizem dynardyk. – Seniň bu gürrüňiň uruş gutaransoň batyr köpeler diýenleri bolýa – diýip, Nazar ýomut jogap berdi. – «Daşyň gatysyny al» sözüni Gulamaly han gelende näme diýmediň? – Bu gyjalaty maňa berme-de, özüňe ber! Gulamaly han gelende-de men ýöne ýatmadym. Arman, nökerim az boldy. Ähli gökleň ýigidi meniň garamagymda bolaýan bolsa, Gulamaly han şu ýere dabanynam sekip bilmezdi. Kişä ýapja bolup gün görenden, mazarda tümmek bolan gowudyr! Onsoňam, gardaş, kelläňi çuwala sokup, jan saklap bolmaz! Hanha, Gulamaly han gaýdyp barýaka, biz olaryň üstüne dökülip, obadan äkiden zatlarynyň birentegini gaýtaryp getirdik. Hany, Gulamaly han bize näme edip bildi? – Aý, munuň üçin-ä öwünip oturma, Galkan! Sen ýöne Gulamaly hanyň yzyna dolanmanyna şükür edäý! – Egnini gysyp otursaň, seni ondanam beter ederler. Sen goýun bolup biriniň gapysynda daňyldyňmy, hökman öldüriljekdigiňi biläýgin! Bu gün arryk görüp öldürmeseler, ertir semredip öldürerler. Biz, gardaş, özümiziň goýun däldigimizi görkezmeli. – Şunuň ýaly müşgil iş başa düşende näme etjegimizi bilmän ýaýdanyşyp durus! – diýip, Çerkez onbegi zeýrendi, – Buzlypolat serdar bolan bolsa, bir hasabyny tapardy. Çerkez onbegi Buzlypolat serdaryň ýoklugyndan zeýrendi, Galkan gökleň öz ýanyndan kemsindi. Ol özüni Buzlypolat serdarça görmeýändiklerine düşünýärdi, sebäbi Galkan gökleň, ýeri gelende, gyzylbaşlaryň üstüne gidip, alamançylyk edäýmekden hem gaça durmaýardy. Onuň bu häsiýetini ýaşulular halamaýardy. – Buzlypolat serdar ýok diýip, matam tutup oturmagam-a bolmaz – diýip, Galkan gökleň ýene gyzmalyk etdi. – Sabyr ediň, Galkan – diýip, häliden bäri dymyp oturan Döwletmämmet molla dillendi. – Jeň turuzyp, söweş etmek meselesini häzirlikçe goýalyň. Entek beýle basga galar ýaly hajatam ýok. Muhammethasan Magtymgulyny sallarlaýança, ony synap görýänçä, esli wagt geçer. Oňa çenli bizem mazalyja paýhaslanarys, Belki, olar bilen jeňe girmek wajybam bolmaz. – Aý, özüňiz biliň-dä! Ýöne Muhammethasan gajarynyň Magtymgulyny ýöne gaýtarmajagyny bilýäs. – Elbetde, ol Magtymgulyny serpaý berip yzyna gaýtarasy ýok – diýip, Döwletmämmet molla ylalaşdy. – Bu wagt ony pul bilenem alyp bolmaz. Magtymgulynyň agramyna deňe-deň gyzyl berseň-de, Muhammethasan gajar ony azat etmez. Indi ony tenha ýiti paýhas halas edip biler. – Onuň ýaly bolsa maslahat beriň! Şu halatda golaýda bir ýerde peýda bolan ýakymsyz galmagal Zübeýdäniň ünsüni çekdi, Ol gykylyk eşidilen tarapa diň saldy. Gykylyk gaýtalanmady. Onuň ýerine barha ýakynlaşyp gelýän at toýnagynyň sesi eşidildi. Az salymdan soň bir atlynyň hataryň önüni syryp, at galyp gelýänligi göründi. Ol Zübeýdäniň duşundan ok ýaly dazlap geçip gitdi. Atyň üstündäki adam bir zat diýip gygyrdy. Zübeýde onuň sesini Gully ýetimiň sesine meňzetdi. Onýança birnäçe atlynyň Gully ýetimi kowup barýanlygy göründi. Şol aralykda Galkan gökleňiň atlylaryndan biri gelip öýe girdi. – Hanaly hanyň nökerleri Gully ýetimi kowalap gitdiler. – Ýetim görgülini heläk edäýmesinler! – diýip, Galkan gökleň howsala düşdi. – Hanaly hanyň nökerlerine «gowuja boluň!» diýäýsek näderkä? – Gully ýetim atlymydy? – diýip, Çerkez onbegi sorady. – Hawa, atlydy. – Onda arkaýyn bolaýyň! Gully ýetim olara el bermez. Hanaly hanyň nökerleriniň hiç haýsynda-da Gully ýetimiň atynyň yzyndan ýetip biljek at ýokdur! «Aglap Meňli hanym galdy...» Meňli ýeke özi öýde dula gysylyp, keşde edip otyrdy. Entek iňrik garalmadyk hem bolsa, öýüň gözenegi ýapyk, eňsisi goýberilgi bolany üçin, içer- de alagaraňkylyk höküm sürýärdi. Şoňa görä-de, öýüň içi dar ýalydy. Meňliniň iş bilen seri ýokdy. Ol ünjülidi, töwerekde bolýan her bir çywşylda diňşirgenip, gulak salýardy. Meňliniň kakasy Gündogdy aga bilen ejesi Orazbagt eje daşarda, teläriň astynda çalkama içip otyrdy. Olaryň ikisi-de çagalykdan bäri gara zähmet bilen gün görüp gelendikleri üçin, öz ýaşlaryna görä garry görünýärdi. Gulamaly hanyň serbazlary oba dökülende, Gündogdy aga-da uly gorka düşüpdi. Ol köşekli düýesini, iki sany goýnuny gizledi. Eşigi dagan gara öýüniň ýalňyz bezegi bolan ýekeje düýphalysyny ýere gömdi. Ýöne welin, Meňliniň idedip ýören tüwesini gyzylbaşlara bermäge mejbur boldy. Sebäbi, onuň ýetişen gyzy bardy. Bir öýde, onda-da pukara öýde owadan gyz bardygyny bilseler, olaryň päliniň azaýýan wagtlary seýrek bolmaýar ahyry. Iň ýamany hem, olaryň eden-etdiliginden şikaýat edip, arz edip barara gapy ýok. Meňli howsala bilen töwerege diň salyp otyrka, birden aýak sesi eşidildi. Aňyrdan gelýän adam daşarda oturanlar bilen gürleşmän, ýüzüniň ugruna içerik girdi. – Bahar ýüregimi ýardyň! – diýip, Menli ýakasyna tüýkürdi. Bahar iç işikde köwşüni çykaryp, Menliniň ýanyna geçdi. – Kakamdan iki sany habar eşitdim – diýip, ol ýuwaşja pyşyrdady. – Biri gowy, beýlekisi erbet. – Ilki gowusyny aýt! – diýip, Meňli hem pyşyrdady. – Eýranlylar gidipdir. Ahyry başymyzdan sowlupdyrlar. – Ylahym gitdikleri bolsun-da! Dagy-dolanyp biziň topragymyza dabanlary düşmesin! Olar sizden köp zat aldylarmy? – Bir ojakbaşymyzy aldylar. Dört batman bugdaý bilen bäş siri tüwi hem aldylar. – Alanlary haram bolsun, hudaýym! – diýip, Menli olara gargady. – Hany, beýleki habarykam aýt! – Aý, şony aýtmaýyn-la, soň özüň eşidersiň-dä! Baharyň bu bolşy Meňlini howsala saldy. Ol Baharyň ýanjagazyna süýşdi-de, golundan tutdy. – Näme bolanam bolsa aýdaý! Ýüregim ýarylyp, öläýesim ýok. – Magtymguly şahyry Eýrana äkidipdirler... Meňliniň ýüregi üzülen ýaly boldy. Meňli bilen Magtymgulynyň arasynda birnäçe syr bardygyny Bahar köp wagtdan bäri güman etse-de, Meňli henize çenli ony boýun alman gelýärdi. Emma Baharyň getiren bu elhenç habary onuň bütin erkini elinden aldy. Ýaş gyzyň ünjüli gözlerine ýaş çaýyldy. – Menli jan! – diýip, Bahar jorasyna göwünlik berdi. – Ol sag-aman gaýdyp geler! Hemme adamlaram şeý diýýä. Meňli geplemedi. Onuň gepläsi gelýärdi: «Saglyk bolsa ol geler! Ýöne ol gelýänçä, meniň ejiz başymy nä günlere sezewar ederler!» diýip aýdasy gelýärdi. Emma bogazy dolup, dodaklary sandyrap durany üçin, geplemäge mejaly ýetmedi. Şol aralykda daşarda at toýnagynyň sesi eşidildi. Toýnak sesi Gündogdy agalaryň gapysyna gelip kesildi. – Geleweri! – diýip, Gündogdy aganyň salam berýänligini hem gyzlar eşitdiler. – Atdan düşüň! – Atdan düşjek däl – diýip, gelen adam ulumsylyk bilen gürledi. – Seni Hanaly han çagyrýar. – Eýgilik bola! Näme hyzmat bilen çagyrdyka? – Baranyňdan soň bilersiň – diýip, gelen adam atyny sürüp gitdi. ■ «Şereňňiz köp dilli kethudalar...» Hanaly hanyň bezelgi öýünde hanyň özünden başga ýene iki adam otyrdy. Olaryň biri orta ýaşdan agan adamdy. Onuň egninde agymtyl mele dony, başynda garagalpak biçiminde tikilen ýapbaşyk telpegi, aýagynda goňur mesisi bardy. Ol Hudaýnazar işandy. Ikinjisi inçesagt, ak ýüzli, otuz ýaşlaryndaky gara sakgally adam bolup, onuň egninde agar çäkmeni, başynda goňur telpegi, aýagynda gara mesisi bardy. Bu hemişe gabagyny galdyrman, ýere bakyp oturýan, şol wagtyň özünde-de töwereginde bolýan zatlaryň ýekejesinem sypdyrman görüp bilýän Hümmet hojady. Garaňky düşüpdi, öýde künji ýag guýlan pelteli çyra ýanýardy. Ondan çykýan inçejik tüsse ýylan ýaly towlanyp, tüýnüge baka uzalyp gidýärdi. Hanaly han gürrüňine mahabat berip öwünýärdi, – Beýik mertebeli Muhammethasan han hut maňa bil baglap perman berensoň, onuň permanyny berjaý etmeli boldum – diýip, ol özüni aklaýan ýaly gürledi. – Eger permany ýerine ýetirmesem, Muhammethasan hanyň menden öýke etmegi mümkin. Beýik mertebeli Muhammethasan hany öýkeletseň, soňunyň gowy bolmajagyny özüňiz bilýänsiňiz. Ol sebäpdenem, men gökleňlerden ýygnalmaly salgydy ýygnap berdim. Ýöne welin, men öz raýatlarymyň ýekejesinem ynjydan deldirin. – Hawa, Muhammet ummatyny ynjytmajak bolmaly! – diýip, Hudaýnazar işan onuň gürrüňine gylaw berdi. Ençeme adamlaryň gamçy bilen urlanyny gözi bilen gören Hümmet hoja öz ýanyndan oňaýsyz ýagdaýa düşdi. «Göz-görtele ýalan sözläp otursa-da, eger-eger ýüzem gyzranok-da» diýip, ol içini gepletdi. – Hökümdar «birnäçe tohum bedew ibersin!» diýip, perman beripdir – diýip, Hanaly han dowam etdi. – Ibersin diýensoň, ibermeli bolýa. Ýöne, bu ýerde-de men garyp-pukaralara azar bermedim. Öz atlarymdan birini berdim, Şyhym baýdan iki at alyp berdim. Beýlekilerinem gurply adamlardan aldyk. – Oňarypsyň, han. – Käbir akmaklar meni ýazgarjak bolýarlar. «Sen Muhammethasan hana ýapjalyk edýäň» diýýärler. Men bu zatlary öz ilimiň bähbidi üçin edýän. Hanyň kejine gaýtsaň, hudaý saklasyn, sonunyň näme bilen gutarjagyny Alla bilsin! Onuň göwnüni tapyp bilseň welin, ol başga gep! Indi gökleňler Muhammethasan hanyň gözüne yp-yssy görnäýer! Ol gökleňleri Atabaýlardanam, Japarbaýlardanam ileri tutar. – Hawa, Alla kömek etse, ol şa bolaýsa-da ähtimal! – diýip, Hudaýnazar işan tassyklady. – Onuň işi şowunamyş diýýäler. – Onuň şa boljagy görnüp dur-la! Ol eýýäm ähli Mazendarany özüne boýun egdiripdir. Haý diýmän, Ispihanam boýun egdirer. – Bu hudaý tarapyndyr! Hudaý goldasa, ol Horasanam alar, Ispihanam – diýip, Hudaýnazar işan sakgalyny sypap goýberdi. – Ýöne adamlarda hiç ynsap galmandyr – diýip, Hanaly han käýindi. – Häkimiýete tölemeli salgytlarynam tölemejek bolýarlar. Häkimiýet olar bilen gep nokatlaşyp durmaz ahyry! Salgydyny üzmeýänleriň gapysyndaky malyny alar gidiberer-dä! Dogrusy, käbir kesir adamlaryň ogul-gyzlaram girew alyndy. Gulamaly hana gezek gelse-hä olary gul edip äkitjekdi. Ol gaty özdiýenli adam. Ýöne men Gulamaly hanyň ugruny tapyp, olary alyp galaýdym. Bu gezek Hudaýnazar işan hem onuň sözüni tassyklamady. Sebäbi girew alnan çagalary halas edeniň kimdigini ol bilýärdi. – Öz halkym, öz raýatym diýip, şunça jan etseňem, adamlar gadyryňy bilenok! Gaýtam menden nägile bolýalar. Bularyň ugrunda kelläni goýsanam «taňryýalkasyn» berjek gümanlary ýok. Şoňa içiň ýanýa. – Beýle däl, han, iller saňa hormat edýäler – diýip, Hudaýnazar işan sypaýyçylyk etdi. – Hawa, gören ýerlerinde baş egip, salam beren bolýalar. Ýöne «hanymyz biziň üçin heläk bolup ýör, geliň, onuň gadryny bileliň» diýip, baýyňyň-garybynyň kellesine gelenok. Gaýtam ýeňsäňi öwren badyňa, gybatyňy edýäler. Gündogdy aga gapydan geldi-de, gol gowşuryp salam berdi. – Ýokaryk geç, Gündogdy! – diýip, Hanaly han törden orun görkezdi. Gündogdy çarygyny çykardy-da, gapynyň agzynda – düşegiň üstünde ornaşdy. Uly palasyň üstüne ýazylan täze halynyň üstünde oturmak oňaýlydy. Emma Gündogdy aganyň ýüregi bükgüldili bolany üçin, özüni demirtikeniň üstünde oturan ýaly duýýardy. Az salymdan soň başy çöwürmeli ýaş ýigit içerik girip, myhmanlaryň elini ýuwdurdy. Saçak ýazyldy. Saçakda bugdaý çöregi bardy. Az salymdan soň bagyr-öýken hem gapyrga atylyp bişirilen çekdirme getirildi. Hudaýnazar işan uzyn ýeňini çekip goýberdi-de, «bismilla» diýip, çekdirmä çörek batyrdy. Beýlekiler hem nahara ýapyşdylar. – Gündogdy! Hakyna baksag-a, seni bu ýerik çagyrman, özümiz öýüňe barmalydyk – diýip, Hanaly han söze başlady. – Ýöne işan agadyr Hümmet hojada şu ýerde bolansoň, seniň özüňi çagyraýaly diýdik. – Hawa, Gündogdy, biz-ä. Ýene şol garyndaşlyk gürrüňini edäýsek diýýäs – diýip, Hudaýnazar işan alyp göterdi. – Şyhym baýam seniň jogabyňa garaşyp, bendiwan bolup otyr. Sallah gezip ýörmek oňa-da aňsat däl. Barly öýe zenan eýelik etmese, içeriniň bezegi bozulan ýaly bolar eken. Gündogdy aganyň ýuwutjak bolup duran lukmasy bogazyna tegek boldy. Ol elindäki çöregi saçagyň üstünde goýdy. – Oň bolsun! – diýip, Hümmet hoja makullady. – Şyhym baý ýaly döwletli adam bilen garynydaş bolsaň, kemi ýok! – Hawa, oň bolsun! – diýip, Hudaýnazar işan hem gutlady. – Şyhym baý hudaýyň nazar salan adamsy! Han-begiň ýanynda ýüzli adam. Onuň bir kemi – telpegi aganlygy. Ýöne akyly kesýän adam ony myzaýyk edip durmalam däldir. Bu zatlar pelek işidir. Ajal bar ýerinde ärem dul galyp biler, aýalam. – Şyhym baýyňky ýaly döwletli öýe eýe bolmak üçin saýlama gelin gerek! – diýip, söz gezegini Hümmet hoja aldy. – Seniňem, tüweleme, gözden-dilden saklasyn, asylly gyzyň bar. Tüýs baý öýüne mynasyp maşgala! – Makul bilýän bolsaňyz gepleşiberiň! – diýip, Hanaly han hamala mesele çözülen ýaly gepledi. – Hawa, Gündogdy, indi gürrüňi çynyrgadybermeli! – diýip, Hudaýnazar işan donunyň ýeňini çekip goýberdi. – Galyňyna, haladyna näme diýjek bolsaňyz – aýdyberiň. Gündogdy aga sesini çykarman, dymyp oturdy. Özüniň ýeke gyzyňy nälaýyk adama beresi gelmeýärdi. Şol wagtyň özünde-de Hanaly hanyň gazabyndan gorkýardy. Hudaýnazar işan bilen Hümmet hojanyň raýyny gaýtarmagy-da kyn görýärdi. – Biziň-ä entek gyz çykarmak hyýalymyzam ýok – diýip, ol ýygralyk bilen jogap berdi. – Men öňem aýdypdym... – Gyzyňy çykarman, näme, ony duluňda garratjakmy? – diýip, Hanaly han onuň sözüni kesdi. – Seniň gyzyň ýaş-a däl, Gündogdy – diýip, Hümmet hoja gürrüňe goşuldy. – Gyz maşgala göze görnenden soň, çykaryp dynaýandan gowusy bolmaz. – Seň gyzyň gürrüňem gyt däl – diýip, Hanaly han birden ýoknasyzyny atyp goýberdi. – Onuň ýöne mejnun bolup çöle çykaýmasy galypdyr diýýäler. Gündogdy aga Hanaly handan her näçe gorksa-da, bu gezek özüni saklap bilmedi. – Gyzym näme erbetlik edenmiş? Maňa näme diýseň diý, ýöne gyzyma dil ýetirme! Gündogdy agany gozgalaňa salyp bilenine hoşal bolan Hanaly han keýp edip güldi. – Seniň gyzyňa goşulan goşgulary ýygnaýsaň, özbaşyna bir dessan boljak! Bu zatlardan seniň habaryňam ýokmy? Bu awuly gyjalat şol bada Gündogdy aganyň etinden geçip, süňňüne ornaşdy. Şu pursatda ol özüni ýanyp duran oduň içine urmaly bolsa-da, ikirjiňlenmän okduryljakdy. Hümmet hoja gabagyny galdyrman otursa-da, Gündogdy aganyň gahardan ýaňa ýarylara gelenligini aňlady. – Seniň asylly gyzyň bar, Gündogdy. Oňa goşgy goşulanam bolsa, gyzda ýazyk ýok! Ýaňky aýdanym-da, göze görnen gyzyň bolsa, iliň dili ýeter durar. Onuň namysam saňa deger. Gündogdy aganyň gaharynyň gelenligini Hudaý nazar işan hem aňlady. Ol gürrüňiň äheňini üýtgetmegi ýüregine düwdi. – Sen hanyň aýdanlaryny göwnüňe alma, Gündogdy! Ol gönümel adam bolansoň, diýjek zadyny gös-göni aýdaýýa. Ýöne, onuň aýdanlary ugursyzam däl. Gyz maşgalany köp saklasaň, gürrüňi köpelmese, azalmaz. Galanynam özüň paýhaslanyp gör, geňeşjek adamlaryna geňeş! Galyň hakynda, toýuň sähedi hakynda soň gepleşäýeris. Gündogdy aga gapa baryp, çarygyny geýdi. ■ «Adalatly soltan barmy?..» Astrabat şäheri ilki baryp gören adam üçin birhili kapas görünýärdi. Palçykdan salnan ululy-kiçili jaýlar diýseň gür ýerleşipdir, egrem-bugram bolup gidýän darajyk köçeler günde-günaşa ýagýan ýagyş zerarly jork bolup ýatyr. Kerpiç bişirilýän küreleriň uzyn demkeşlerinden çykýan goýry tüsseler tukatlyk bilen burugsap dur. Şäheriň belli-belli ýerlerinde örän uly howlular bolup, howlynyň köçe tarapyny bişen kerpiçden salnan haýbatly jaýlar tutýar. Jaýlaryň üsti kürede bişirilen gyzyl ýapgylar1 bilen ýapylgy. Bular ýaly howlularyň duşuna baranyňda, leýmun, pyrtykal, turunç, narynç, alma ýaly agaçlaryň giden bir bag emele getirip duranlygyny görýärsiň. Köçelerde ýalaňaç aýaklaryny jorka bulap, haýdaşyp ýören adamlaryň hetdi-hasaby ýok. Kimsi doly sebedi kellesinde göterip, ýegşerilip barýar, kimsi gerşine palan daňyp, ullakan çuwaly göterip barýar, ýene biri agyr ýüküň astynda zordan ýöreýän eşegini taýak bilen saýgylap, ýol boýy gargynyp barýar. Bu garyp bendeleriň eşikleri sal-sal, kiriň derdinden reňkiniň nähilidigi saýgardanok. Gara çadyra bürenen aýallar ýüzlerini görkezmän, ullakan sebedi kellelerinde göterip barýarlar. Magtymguly hem Astrabatda şular ýaly köçeleriň birinden ýöremeli boldy. Gulamaly hanyň atlylarynyň gelýänligini görüp, adamlar çem gelen tarapa gaçýardylar. Bazar meýdanynyň deňine ýetenlerinde, Magtymgulynyň gözüne elhenç bir surat göründi. Meýdanyň gündogar ýakasynda dört sany dar agajy gurulgydy. Olarda iki sany adam märekäniň gözüniň alnynda asylyp durdy. Dar agaçlarynyň töweregi köp jemendelidi, jellatlar bir zatlara güýmenýärdiler. Megerem, olar ýene bir «ýazykly» bendäniň ganyna galjak bolýan bolsalar gerek. Dar agajy gurlan meýdandan otuz ädim çemesi aňyrda başy gara çadyraly aýallar aglaşýardylar. Ýene birsellem ýöränlerinden soň, Muhammethasan hanyň galasynyň beýik diwary seleňläp göründi. Onuň diwarynyň beýikligi bäş adam boýy çemesi bardy. Diwaryň boýunda her sesýetim aralykda kiçiräk minarany ýada salýan beýik küňreler görünýärdi. Şäheriň beýik minaraly uly metjidiniň deňine ýetenlerinde bir topar serbazyň atlaryny gorgunyna sürüp gelýänligi göründi. Olaryň hemmesi naýzalydy. Serdaryň öz ýanyndan gelýän serbazyň naýzasynyň ujunda garpyz ululygynda bir tokga zat görünýärdi. Olar golaýa gelende onuň adam kellesidigi belli boldy. Magtymguly onuň gyrkylyp bejerilen gara sakgalyny, gür gara gaşlaryny, parhsyzlyk bilen seredip duran açyk gözlerini gördi. Serbazlar Gulamaly hana baş egip, salam berdiler. – Bu kim? – diýip, Gulamaly han kelläni görkezdi. – Bu mazendaranly. Hökümdara garşy pitne turzan Musa Remezan ogly. Muny hökümdara sowgat alyp barýas. – Oňarypsynyz! – diýip, Gulamaly han serbazlara rugsat berdi. * * * Muhammethasan hanyň mürzesi Murze Mahmyt Hajy ýaňy sakgalyndan ak giren, gysga boýly, çepiksije adamdy. Onuň egninde ak basy, aýagynda burny jaýtaryp duran ak köwşi bardy. Muhammethasan hanyň diwanhanasynyň öňündäki meýdan köp jemendelidi. Salgydyny üzmedik, öz ogluny nökerlige ibermedik ýa-da hanyň permanyny ýerine ýetirmedik adamlardan ýaňa bu ýeri märeke bolup durdy. Perraçlar olary ýenjýärdiler, ellerini-aýaklaryny kündeläp, nirädir äkidýärdiler. Jeza berilýänleriň hem olaryň hossarlarynyň ahy-nalasy asmana göterilýärdi. Mürze Mahmyt Hajy penjireden meýdança syn edýärdi we bu gabahatlygyň soňunyň nämä alyp barjagy hakynda oýlanýardy. Şu wagtlar Muhammethasan hanyň goşun serdary Rüstem beg geldi. Ol orta boýly, daýanykly adam bolup, onuň hynalanan goňras sakgaly we sallanyp duran uzyn murty bardy. Ol ile belli erinlek adamdy. Ol emeldarlyk mertebesine ýetmänkä, deň-duşlary oňa «erin» lakamyny beripdiler. – Bir nazar salyň, Rüstem beg! – diýip, Mürze penjireden seredip durşuna gürledi. – Ilatyň dady-perýady arşa çykypdyr. Gallaçlara hetdenaşa güzap edilýär. – Geň zat ýok, Mürze! – diýip, Rüstem beg jogap berdi. – Häkimiýete hemaýat etmeýän adamlaryň emi şu gamçylardyr! – Meniň kalbymda bir gorky peýda bolupdyr, Rüstem beg! Ynsanyň jany demir däl ahyry! Ilat hötde gelip bolmajak jebir-sütemlere dözüp bilmän, baş götermese ýagşy! – Hatyrjem bol, Mürze! Gylyjyndan gan damýan perraçlaryň jany sag bolsa, halk baş götermez. – Häkimlik üstünde bäsdeşlik edilýän pursatda, ilatyň öňünde rehimdarlyk görkezilse kem bolmazdy. Söweşde üstün çykmak üçin halka daýanmak gerek. Halka daýanmak üçin, olara hoşamaýlyk etmek gerek. – Rehimdarlyk görkezjek bolup, süýnüp-sarkyp ýörinçäň, gylyjyňy işletmek gerek! – diýip, Rüstem beg garşy çykdy. – Nedir şa1 ölenden soň Eýranyň giň memleketi çaýkanyp başlady. Ahmet Dürrany2 ähli Owgany tabyn edip, özüni «şa» diýip yglan etdi. Indi ol külli Eýrana şa boljak bolup dalaş edýämiş. – Ol nähili külli Eýrana? – diýip, Mürze Mahmyt Hajy geň galdy. – Ozallar owganlar Eýranyň golunyň astyndady, indi ykbal tersine çöwrüldimikä? – Ahmet şa täze nysak çykarypdyr. Eýranyň önki şasy Nedirguly sünni mezhebinden bolany üçin onuň ýerine şa boljak adamam sünni mezhebinden bolmalymyş. Gepiň gysgasy, Nedir şanyň tagtyna Ahmet Dürrany münmelimiş. – Meniň başga bir gürrüň gulagyma degdi-le, Zentleriň1 baştutany Kerim han şa boljak bolýamyş diýip eşitdim-le! – Onuň ýaly gürrüňi köp eşidersis. Horasanda2 Şahruh tagta çykypdyr. Ispihanda3 Alymerdan han gylyjyny ýalap dur. Azerbaýjanda Azathan diýen häkim döräpdir. Biler bolsaň, munça goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz. Bu kelleleriň hemmesi haýsy-da bolsa bir güýçli kelläniň öňünde dyza çökmeli bolar. – Oňuşmazlar, Rüstem beg, oňuşmazlar! Häkimlige dalaş edýän goçlar biri-birleriniň kellelerini gemrerler. – Şol sebäpdenem gylyjyň çalyngy, atyň eýerli bolmaly. Sähelçe gowşaklyk etseň, ýeňsäňe ýaparlar-da, çeýnäp duran lukmaňy agzyňdan kakar ötägiderler. Gürrüňdeşleriň ikisi-de dymdylar. Muhammethasan han külli Eýrana şa bolaýsa, bize nähili emel ýeterkä diýen alada ikisiniň hem kellesinde at salýardy. – Näme täze habar bar? – diýip, Rüstem beg ümsümligi bozdy. – Üýtgeşik habar ýok. Etrege sapara giden Gulamaly han gaýdyp gelipdir. Hökümdaryň huzurynda garaşyp dur. Rüstem beg sesini çykarmady. Iki sany basdaş çaganyň biri-birine bahyl bolşy ýaly, Rüstem beg hem Gulamaly hana bahyllyk etmän durup bilmeýärdi. Bahyllyk etmez ýalymy näme! Ol pedernäletiň şöhraty barha artyp barýar. Gulamaly han Astrabada gelmezinden ozal, hökümdar ýalňyz Rüstem begi gowy görerdi, her bir işde oňa maslahat salardy. Indi hökümdar Gulamaly hany gowy görüp başlapdyr. – Näme beýle dymdyň? – diýip, Mürze Mahmyt Hajy onuň pikirini böldi. – Mürze, sen Gulamaly hany nähili adamdyr öýdýäň? – diýip, Rüstem beg gepiň gerdişine soraýan ýaly gürledi. – Alla bilsin! Dünýäde adam tanamakdan kyn zat ýok. Ýöne görer göze-hä erbet däl ýaly. Rüstem beg mekirlik bilen ýylgyrdy. – Sen artykmaç adam-ow, Mürze! Özüňe ýamanlyk eden adamyňam öwüp ýörsüň. – Maňa ýamanlyk eden? – diýip, Mürze Mahmyt Hajy geň galdy. – Kimmiş ol maňa ýamanlyk eden? – Asyl seniň habaryňam ýokmy? Ol öňräk Azerbaýjandan bir topar gyrnak getirileni ýadyňa düşýändir. Şonda hökümdar tasdanam seni jellada tabşyrypdy. Her gezek şu waka ýadyna düşende, Mürze gorkusyndan ýaňa galpyldaberýärdi. Dagy näme, her kimin bigünä ýerden dara çekilesi gelenok ahyry. – Şonda seni hökümdara kim ýamanlandyr öýdýäň? – diýip, Rüstem beg dowam etdi. – Ara çöp atyp ýören şol bisyrat eken! Seni ýamanlap durka, hut özüm üstünden bardym. – Aý goýa! Gulamaly han meni ýamanladymy? – Ýöne sen mert bolgun! Hiç zat bilmeýän adam bolan bolgun! Emma welin, kimiň kimdirni tanap goý! Men ony öňräk tanadym. Özüň görüp dursuň ahyry. Ol ýeksurun gelenden soň, içimize edil ýylan giren ýaly bolaýdy ahbetin. – Men ol gelmişek deýýusa näme ýamanlyk etdimkäm? – diýip, Mürze Mahmyt Hajy heniz hem geň galyp durdy. – Beýle-de bir gurrumsak bolar eken-ow! Gulamaly hanyň şöhratynyň üstüne sogan dogramak hakynda Rüstem beg öňräkden bäri alada edýärdi. Ol Muhammethasan hana-da käbir zatlary duýdurypdy. Emma hökümdar bu gürrüňe onçakly gulak gabartman gelýärdi. Ýöne Rüstem beg hem ony öz erkine goýmaýardy. «Degerli delil tapyp, häli-şindi dürtgäp dursam, hökümdar bu gün üns bermese, erte berer» diýip oýlanýardy. «Gabadyna gelende, indi Mürze Mahmyt Hajy hem menlik bolar» diýip, ol öz ýanyndan göwün ýüwürtdi. Birden şeýpur çalyndy. Munuň özi Muhammethasan hanyň tagtyna gelýänliginiň dabara bilen habar berildigidi. Muhammethasan hanyň gelýänligini eşidip, köşk hadymlarynyň hemmesi gapynyň öňüne üýşdüler. Az salymdan soň Muhammethasan han agraslyk bilen ädimläp, han otagyna girdi. Onuň gamasynyň gyny kümüşdi. Bilindäki guşagy, gara mahmal donunyň jähegi we parawuzlary durşuna zerdi. Aýagyndaky ädigi hem zer bilen nagyşlangydy. Han içerik girenden, hemmeler baş egip, oňa tagzym etdiler. Muhammethasan han ýüzüni galdyrman, geçip gitdi. Ol gapa baryp aýak çekdi-de, egniniň üstaşyry gaňrylyp, Mürze Mahmyt Haja seretdi. – Gulamaly han gelipdir diýip eşitdim. – Geldi, hökümdarym. Ony çagyrmaga buýruk berýärmisiňiz? – Gerek bolanda habar ederin! – diýdi-de, Muhammethasan han öz tagty ýerleşen otaga girip gitdi. Şondan soň beýleki köşk hadymlary hem öz wezipelerini berjaý etmäge gitdiler. Rüstem beg esli wagt gapynyň agzynda säginip durdy-da, ahyry Muhammethasan hakyň otagyna girdi. – Hökümdaryma Alla uzak ömür bersin! Maňa berjek buýrugyňyz ýokmuka diýip, bilmäge geläýdim. – Gulamaly han-a iş bitirip gelen bolara çemeli – diýip, Muhammethasan han kinaýaly ýylgyrdy. – Siz-ä onuň wepadarlygyna bil baglaýanam dälsiňiz?! Rüstem beg tabynlyk bilen baş egdi. – Onuň üçin wepadar guluňyzy ýazgarmaň, hökümdarym! Siziň belent mertebäňize şikes ýetirip biljek her bir gabahatlygy öňünden duýdurmak meniň mukaddes borjumdyr! Öz kalbymda peýda bolan şübheli duýgulary sizden gizlesem, öz hökümdarymyň egsilmez döwletine hyýanat etdigim bolar ahyry. Men gorkýan, hökümdarym! Gulamaly han siziň häkimiýetiňiz üçin howply adam bolaýmasyn diýen duýgy meniň wyždanyma rahatlyk berenok. – Munuň üçin hiç hili subutnama ýok – diýip, Muhammethasan han onuň sözüni kesdi. – Subutnama bar diýäýsegem boljak! Ol şöhratparaz adam! Şöhratparaz adamlar hut Allatagalanyň edenine-de kaýyl bolmazak bolýarlar. Siz ony serkerde edip goýsaňyz, onuň baş serkerde bolasy geler, baş serkerde bolsa, baş wezir bolmaga dalaş eder. Baş wezir bolsa, gör, ýene nämelere dalaş eder. Muhammethasan hanyň gaşlary birden çytyldy. – Uzakdan gaçýarsyň, Rüstem beg! Rüstem begiň gözüne Muhammethasan hanyň garaýşynda üýtgeşiklik dörän ýaly göründi. Ol orta atan şübheli pikirini delillendirjek bolup jan etdi. – Özüňiz paýhaslanyp görüň, hökümdarym! Ol wepaly adam bolsa, öz dogma ýurdy Mazendarana1 hem onuň hanyňa dönüklik edip, bu ýere gelmezdi. Siz oňa serdarlygy hödür edip-etmänkäňiz, ol watanyny taşlap gaýtdy. – Ol akyl etdi! Mazendaranyň kimiň raýatlygyna geçjegini öňünden bildi. – Eşidişime görä, ol bu gezegem usullyk bilen etjegini edip gaýdan bolara çemeli. Ol siziň permanyňyzy ýerine ýetiripdir. Magtymguly şahyram alyp gelipdir. Ýöne siziň adyňyz bilen iş görüp, türkmen obalarynda çydamsyz çapawulçylyk edipdir. Bu ýagdaý siziň abraýyňyza hem belent mertebäňize şikes ýetirer öýdüp gorkýaryn. Eýranda häkimlik üstünde gazaply söweş gidýän pursatynda, garadan gaýtmaz türkmenler bize garşy baş göteräýseler, ol juda gorkusyzam däldir, hökümdarym. – Rüstem beg! – diýip, Muhammethasan han yzgytsyz gygyrdy. – Men öz borjumy berjaý etdim, hökümdarym! Galanyny özüňiz bilersiňiz. ýöne iru-giç Gulamaly hanyň haýynlygyndan beýik mertebäňize zeper ýetäýse, meni aýyplamaň! Muhammethasan han gözüni aýyrman Rüstem bege seredýärdi, onuň öz daşyna duzak gurýanlygyna ýa-da ak ýürek bilen wepaly boljak bolup jan edýänligine düşünip bilmeýärdi. Elbetde, Gulamaly han astrabatly däl, ol şu wagta çenli ýaşan ömrüni Mazendaranyň hanyňa hyzmat edip geçiren adam. Eger Muhammethasan han ara düşmedik bolsa, ol öňki hanyňa ýene köp hyzmatlar edip bererdi. Emma Muhammethasan han süýji wadalar berip, ona göz ümledi welin, ol öz hanyňa dönüklik etdi duruberdi. Şeýdibem Mazendaran galalarynyň Muhammethasan hanyň golunyň astyna geçmegine kömek etdi. – Ýadyňyza salmaga ygtyýar ediň, hökümdarym! – diýip, Rüstem beg hanyň pikirini böldi. – Siz özüne hem leşgerlerine göwni ýetýän Kerim han bilen iru-giç çaknyşmaly bolarsyňyz. Onuň asgyn duşman däldigini siz menden gowy bilýärsiňiz. Şunuň ýaly ýerde türkmenler bize örän derkar bolardy. Kerim hanyň adyny eşidende, Muhammethasan hanyň ýüregi jigläp gitdi. Ol Horasanyň häkimi Şahruhdan, Ispihanyň häkimi Alymerdan handan, Azerbaýjanyň hany Azat handan eýmenenokdy. Mazendaranyň häkimini dyza çökerişi ýaly, olary hem dyza çökerip biljegine ynanýardy. Ýöne Kerim handan welin gorkýardy. – Türkmenler! – diýip, Muhammethasan han uludan dem aldy. – Men olara belet! Birnäçe ýyl mundan ozal, Nedir şa öz gazaby bilen ýeri-gögi sarsdyran wagty men gajarlar bilen türkmenleri aýaga galdyryp, Nedirin zulumyna garşy gozgalaň turzupdym. Gozgalaňa özüm serdarlyk edipdim. Ol wagt Magtymguly şahyr oglandy. Oglanam bolsa meniň şol bitiren işimi unutmandyr. Ol bu hakda bir şygram düzdi. – Ol gozgalaň meniňem ýadyma düşýär, hökümdarym! – Şol gezek türkmenleriň batyrlygyna göwnüm ýetipdi – diýip, Muhammethasan han dowam etdi. – Türkmen aksakgallary meni gowy görüpdiler. Gozgalaň ýatyrylandan soň, maňa türkmenler hossarlyk etdi. Meni Maňgyşlaga äkidip, Nedir şanyň gazabyndan gizläp sakladylar. – Hawa, hökümdarym, türkmen aksakgallary sizi gowy görýädiler. Indi olaryň size garaýşy üýtgäýdimikän öýdüp gorkýan. – Näme üçin? – Gulamaly han Etrege gidende, türkmen obalarynda uly talaňçylyk edipdir. Bu weýrançylyklaryň hemmesini hem siziň adyňyz bilen edipdir. Muhammethasan han pikire gitdi. Dogrudanam, häzirki ýagdaýda türkmenler bilen arany bozmak akyllylyk däl. Hywa hany bir ýandan, Owgan patyşasy ikinji ýandan türkmenleri özüne çekjek bolup dyrjaşyp ýatyrlar. Türkmenler bir söý bilen Hywa hanyňyň ýa-da Owgan patyşasynyň tarapyna geçäýse, bu Astrabat üçin uly ýitgi bolar. Ýok, her zat etmeli welin, türkmenleri Astrabatdaň daşlaşdyrmaly däl! Muhammethasan han Magtymguly şahyry hem hut şu maksat bilen çagyrypdy. Eger Gulamaly han her edip-hesip edip, Magtymgulyny getiren bolsa, onuň kiçi iş bitirdigi däl! Birden Mürze Mahmyt Hajy gapydan geldi. – Alla meniň hökümdaryma uzak ömür bersin! Mazendarandan gyssagly çapar geldi. Hat getiripdir. – Oka! Mürze Mahmyt Hajy elindäki kagyzyň düýrümini ýazyp, şu aşakdakylary okady: «Beýik mertebeli hem parasatly hökümdarym. Şu dogaýy salamy siziň janyňyzyň saglygyny we mertebäňiziň mundan-da belent bolmagyny diläp, hudaýa doga edýän wepadar guluňyz Ahmet Apbas ogly Eşrefi iberýär. Siz mukaddes permanyňyz bilen meni Mazendaran welaýatlaryna häkim edip goýanyňyz üçin, bu ýerde ýüze çykýan ýagşy-ýaman işleriň hemmesine jogap bermelidirin. Mazendaranyň öňki hanyňyň häkimligi büs-bütin syndy. Indi Mazendaranyň ähli halky size tabyn boldy. Ozal habar berşim ýaly, hemme galalarda täze tertip girizildi, asudalyk berkarar edildi. Emma, täzeden bäri käbir galalarda ýene bulagaýlyk başlandy. Barforuş, Meşediser, Aliabad1 galalarynda biziň esgerlerimize garşy uruş edip, olary öldüren wagtlary hem boldy. Bu ýagdaý beýleki galalara-da myrtar görelde boldy. Biz bu pitnäni ýatyrjak bolup çäre görýäris. Emma pitne barha möwç alýar. Ot bir tutaşansoň, ony söndürmek kyn bolýanlygyny özüňnz gowy bilýänsiňiz. Ody derrew söndürer ýaly, Astrabatdan ýörite ýygyn gelse kem bolmazdy. Onsoňam, bu gezekki pitne ýöne ýerden dörän däldir diýip çak etmäge delil bar. Bu ýerde horasanlylaryň-da, zentleriň-de eli bardyr. Bu delili doly anyklanymdan soň, size ýörite çapar ýollaryn. Owgan şasy Ahmet şa-da ähli Etegi hem Kesearkajy özüne dönderjek bolup, türkmen aksakgallaryna hat ýazanmyş. Şol hatynda türkmenleriň gyzylbaşlara garşy baş götermeklerini maslahat berýärmiş. Şu zatlary size mälim etmek bilen dogaýy salamymy tamamlaýaryn. Siziň permanyňyza garaşýaryn! Siziň wepadar guluňyz Ahmet Apbas ogly Eşrefi.» Muhammethasan han gazap bilen ýerinden turdy; – Rüstem beg! Rüstem beg ylgap baryp, hana baş egdi. – Derrew şaýyny tut-da, Mazendarana ugra! Meniň häkimiýetime garşy pitne turuzanlary ýeke-ýeke gylyçdan geçir! ■ «Hana hemra bolma, päliň azmasa...» Muhammethasan hanyň ýüreginde besläp ýören uly bir niýeti bardy. Ol Eýranyň başyna düşen gowgaly ýagdaýdan peýdalanyp, külli Eýrana şa bolmaga dalaş edýärdi. Munuň üçin, birinji nobatda, töwerekdäki welaýatlary hem galalary özüne tabyn etmegi ýüregine düwdi. Bu ýerde ol ähli Etegi, Kesearkajy özüne tabyn etmegi hem göz öňünde tutýardy. Etegi, Kesearkajy dyza çökermegiň aňsat düşmejegini Muhammethasan han güman edýärdi. Ähli Eýrana, Turana gan ýuwutdyran Nedir şa-da arkaç türkmenlerine hötde gelip bilmändi. Ýöne Muhammethasan hanyň başga ähtibarly umydy bardy. Ol-da Magtymguly şahyrdy! Ol ugruny tapyp, Magtymgulyny yryp biläýse, işiň agramyny arka atdygy hasap etjekdi. Ol Magtymguly bilen görüşmezden ozal Gulamaly hany çagyrmagy makul bildi. Şu duşuşyk mynasybetli Mürze Mahmyt Hajyny, hazynaçy Remezan Maşadyny, mollabaşy Abu Mälik Kerimini we beýleki köşk ulamalaryny hem çagyrdy. Gulamaly han köp garaşdyrman geldi. – Beýik mertebeli hökümdarymyň permanyny aýdylyşy ýaly berjaý edenligimi mälim etmäge idin beriň! Etrek sebitinden ýygnalmaly... Muhammethasan han birden onuň sözüni kesdi: – Bu barada soň! Magtymguly şahyry getirdiňmi? – Getirdim, hökümdarym. Şahyryň şygyr diwanynam getirdim. Gulamaly han sünnälenip bejerilen owadanja sandyjagy Muhammethasan hana uzatjagyny-uzatmajagyny bilmän, ýaýdanjyrap durdy, – Hany, mollabaşy, bir-iki sanysyny oka, eşideli! – diýip, Muhammethasan han Abu Mälik Kerimä ýüzlendi. – Beçeşim, hökümdarym – diýip, mollabaşy sandyjagy aldy-da, ony açdy. Sandyjagyň içinden daşyna mişi çekilen galyň kitaby çykardy. «Bismilla» diýdi-de, ol onuň sahypalaryny agdarmaga durdy. Muhammethasan han Abu Mälik Kerimiwiň şygyr okaryna garaşyp, esli wagt oturdy. – Köp güýmendiň-le, okap bilenokmy? – diýip, Muhammethasan han sabyrsyzlyk bilen sorady. – Alla meniň hökümdaryma uzak ömür bersin! Şygyrlar türkmen dilinde ýazylypdyr. – Türkmen dilinde? Geň zat! Biz-ä türkmenler-de şygyr-gazal düzer ýaly şahyrana dil bardyram öýtmeýärdik. Muhammethasan han öz sözüne özi keýp edip güldi. Oňa ýaranjaňlyk edip, beýlekiler hem güldiler. – Türkmen dilinde şygyr düzse-de, onuň şygyrlarynyň Käbile, Bagdada belli bolaýşyny diýsene! Abu Mälik Kerimi hökümdara ýaranjaňlyk etdi. – Onuň fars dilinde-de şygyrlary bar, hökümdarym. Ýöne, Magtymgulynyň özi farsça şygyr düzmändir. Olary, megerem, fars şahyrlary terjime eden bolsa gerek. – Onsoňam, onuň şygyrlarynda... Mollalar oňa näme diýýärler-ä? Hawa, onuň şygyrlarynda pelsepe köpmüş diýýärler-le. – Siz pygamber ýaly bilgiç adam ekeniňiz, hökümdarym! – diýip, Abu Mälik Kerimi ýene oňa ýalynjaňlyk etdi. – Ol öz şygyrlarynda Allatagalanyň gudraty bilen bolýan, ýagny, çarhy-pelegiň oýunlary hakynda pelsepe ýöretmäge meýil edýär. Ol: bu dünýede bir durşuna durjak zat ýokdur, herki zat üýtgäp, agyp-dönüp durýandyr diýýär. Hökümdarynyň göwnüni göterjek bolup amatly pursat aňtap duran Gulamaly han: – Bu zatlary öňünden biler ýaly, ol näme hudaýdyryn öýdýämikä? – diýip, hahahaýlap güldi. Emma Muhammethasan han gülmän, çytylyp oturany üçin, o-da gülmesini tapba kesdi. – Siz türkiçe bilýärsiňiz ahyry! – diýip, Muhammethasan han Mürze Mahmyt Haja ýüzlendi. – Türkiçe bilýän adam türkmençe-de bilse gerek. – Men onuň şygyrlaryny ozalam okapdym, hökümdarym! Onuň şygyrlary türki halklaryň hemmesi üçin düşnükli. – Diwany size tabşyrýan. Gerek wagty okap berersiňiz. – Lepbeý, hökümdarym! – diýip, Mürze sandyjagy aldy. Muhammethaýean han ýene Gulamaly hana ýüzlendi: – Şahyryň haly niçik? Şähdi açykmy? – Bäli, hökümdarym! – diýip, Gulamaly han agzynyň ugruna jogap berdi. Birdenem şahyryň keýpiniň bozukdygy ýadyna düşdi-de, goýberen ýalňyşyny düzetmek üçin bir zatlar aýtmaga çemelendi. Emma indi giçdi. – Şahyry getiriň! – diýip, Muhammethasan han buýruk berdi. Magtymgulyny köşge getirdiler. Köşge girilýän işigiň öňünde ýaragly sakçylar durdy. Muhammethasan hanyň kabul edýän otagyna barýançalar üç sany giň otagyň üstünden geçmeli boldy. Magtymguly gabagyny galdyrman, agraslyk bilen ädimläp barýardy. Şeýle-de bolsa, tä şu wagta çenli göçme durmuşda güzeran görüp gelen gajar feodallarynyň oturymly ýaşaýşa geçip başlanlygyna şaýatlyk edýän bu ymarat şahyryň ünsüni özüne çekdi. Otaglaryň hemmesine haly düşelgidi. Olaryň arasynda bäş gölli hem sekiz gölli türkmen halylary hem bardy. Muhammethasan hanyň kabul edýän otagynyň diwarlaryna çekilen nagyşlar iň bir parhsyz gözleri hem özüne bent edip biljekdi. Owadan otlary, reňbe-reň gülleri ýadyňa salýan bu enaýy nagyşlar edil janly ýalydy. Ýöne boz jereniň üstüne zyňyp duran ýolbarsyň, owadan sülgüni penjeläp duran bürgüdiň suraty diwardaky nagyşlaryň gözelligini bozýardy. Altyn bilen nagyşlanan haýbatly tagtyň üstünde aýbogdaşyny gurup oturan Muhammethasan han-da, onuň töwereginde ýallaklap duran serdarlar-da Magtymgulynyň gözüne bu ymaratyň gözelligine bap gelmeýän ýaly göründi. Magtymguly Muhammethasan hana edep bilen salam berdi. Ol ýadaw göwresini dik tutup, sorag alamaty bilen Muhammethasan hana seredýärdi. Magtymgulynyň Muhammethasan hana baş egmän dim-dik bolup durşuna köşk hadymlary geň galyp, biri-birleriniň ýüzlerine seredişdiler. – Ýeri, şahyr, seni agyrtman, ynjytman getirdiler gerek? – diýip, Muhammethasan han mylaýymlyk bilen sorady. Magtymguly Muhammethasan hana hiç zat diýmedi-de, Gulamaly hanyň ýüzüne seredäýdi. – Şahyryň ýüzi salyk görünýä-le! – diýip, Muhammethasan han Gulamaly hana gözüni alartdy. – Eger ony ynjydan bolaýsaň... Muhammethasan hanyň seredişi «jellat» diýip gygyraýjaga meňzeýärdi. Gulamaly hanyň zähresi ýaryldy. Ol ýerinden turmaga-da gyssanyp, dyzanaklap hana baka okduryldy. – Rehim ediň, hökümdarym! – diýip, ol ýüzüni ýere berip ýalbardy. – Merdanlar şahy Hezreti Alydan hem onuň zürýatlary on iki ymamdan ant içýän! – Besdir! – diýip, Muhammethasan han elini bulap «git!» diýen yşarat etdi. Gulamaly han hökümdara tagzym etdi-de, ýerine baryp oturdy. Muhammethasan han özüni mylaýym hem asylly görkezmäge çalşyp, öz keşbine gelişmeýän açyk göwünlilik bilen ýylgyrdy. – Hudaýa şükür, şahyr! Size-de gözümiz düşdi. Merhemet et, halynyň üstüne geç! – diýip, ol tagtyň gapdalyndan orun görkezdi. Magtymguly horjunyny usul bilen ýerde goýdy. – Sag boluň! – diýip, ol ýadaw göwresini aşak goýberip, duran ýerinde oturyberdi. – Haly düşegiň üsti hödür edilip durka, hanyň köşgünde horjuna ýaplanyp oturmak gelşiksiz bolmazmy? – Bu horjunda öz ýurdumyň topragy bar. Her kim öz topragynda otursa ýagşy. – Şahyr, sen öýkeli ýaly-la! Rahatlan, şahyr! Men seni oňat niýet bilen çagyrdym. – Oňat niýet! – diýip, Magtymguly ýaňsyly gaýtalady. – Meniň halkyma talaň saldyrmagyňyzam oňat niýet bilen edilen işmikä? – Näme, siziň neberäňize-de azar berdilermi? – diýip, Muhammethasan han geňirgenen boldy. Onsoň, Gulamaly hana gözüni alartdy. – Gulamaly! – Meniň hökümdarymyň egsilmez döwleti berkarar bolsun! Şahyryň neberesine sähelçe-de zeper ýetirilenok. Magtymguly sowukganlylyk bilen dowam etdi: – Biziň ilimizden talanyp alnan zatlara, sürlüp gaýdylan mallara Gulamaly hanyň näme şärikligi bardy? Bir topar neresse çaganyň yrsgyny agzyndan kesip, olaryň göz dikip oturan bir döwüm çöreklerini ellerinden alyp gaýtdylar. Bu-da oňat niýet bilen edilen, işmi, hökümli han? Muhammethasan han hem ýasama parahatlyk bilen gülen boldy. – Bu ýerde beýle bir geň zat ýok şahyr! Türkmenler häkimiýete tölemeli salgytlaryny tölänok. Memleketde adalatlylygy berkarar etmek üçin, zor görkezmeli bolýan wagtlaram bolýandyr. – Dogry! Şöhratparaz adamlar häkimlik üstünde öz süýtdeş doganlaryna garşy hem ýarag galdyrýarlar. Ýöne, ol adalatlylygy berkarar etmek üçin edilmän, häkimliligi berkarar etmek üçin edilýän bolaýmasyn? Muhammethasan hanyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol gürrüň «Nedir şanyň kowumlarynyň eden masgaraçylygy hakynda barýandyr» diýip pikir etdi. Şu taryh hakynda gürrüň edilende, Muhammethasan hanyň göhi gelýärdi. Sebäbi, Muhammethasan hanyň kakasy Feth-Ali han Nedir şa tarapyndan öldürilipdi. Şoňa görä-de, Nedirler neberesiniň başyna düşen her bir betbagtlyk onuň ruhuny göterýärdi. «Nedir şanyň doganynyň ogly Alyguly hanyň öz dogany Ybrahym tarapyndan öldürilendigini şahyram bilýän eken-ow!» diýip, Muhammethasan han öz ýanyndan oýlandy. – Sen köp bilýän adam, şahyr! Okumyş adam bolara çemeliň! Seniň ýaly adamyň ýalazy sährada kaňkap ýörmegi hudaý halajak zat däl. Sen gözel ymaratlarda ýaşamaga mynasyp! – Aý, ýok, hökümdar. Her kim öz ýagdaýyny bilse ýagşy! Men köşk adamsy däldirin. – Saňa köşkden orun bereris! – diýip, Muhammethasan han wada berdi. – Kowum-garyndaşlaryňy Astrabada göçürip getireris. Men seni öz elim bilen öýererin. Isle türkmenden, isle kürtden, isle gajardan halan gyzyňy tutaý! Magtymgulynyň birden Meňli ýadyna düşdi. Onuň kökenli ýüzük dakynyp, ýyljyraklap duran suraty-da gözüniň öňüne geldi. Muhammethasan hanyň köşgünde galmaga razy bolaýsa, Meňlini kejebä mündürip getirip berjekdiklerine onuň gözi ýetýärdi. Ýöne welin, Etrek ýurduna salnan talaňçylyklar, Astrabatda gören dar agaçlary, naýzanyň ujuna sanjylyp getirilýän kelle hem Magtymgulynyň göz öňünden gidenokdy. – Ýok, hökümdar, men beýle eşrete mätäç däl! – At oýnatmasana, şahyr! – diýip, Muhammethasan han wäşilik etdi. – Eşret görmeýän şahyrda joşgun bolarmy! Eşret görmedik şahyr ylhamy nireden alsyn?! Magtymguly bir nokada seredip oturyşna şu setirleri aýtdy: Bir biwepa ýara gülüp bakandan, Şirin jaňy yşk oduna ýakandan, Ýat illerde mysapyrlyk çekenden, Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy! Muhammethasan han gülküsini tapba kesdi. – Bu näme diýdigiň? – Men köşgüň nazy-nygmatlaryna buýsanyp, öz ilimden dänmen diýdigim, hökümdar! Her kimiň öz ýurdy özüne jennetdir! Gowusyny etjek bolsaňyz, meni öz ýurduma gaýtaraýyň! Muhammethasan han sesini çykarmady. «Şahyryň häzirki başbermezligi onuň gaharynyň gaçyşmanlygyndan bolsa gerek» diýip, Muhammethasan han çak etdi. – Şahyr uzak ýol ýöräp ýadapdyr – diýip, Muhammethasan han sypaýyçylyk etdi. – Ony äkidiň-de, päkize otagda ýerleşdiriň! Oňat hezzet ediň! Hyzmatçylar Magtymgulyny alyp gitdiler. – Mürze! – diýip, Muhammethasan han gygyrdy. – Şahyra hyzmat etmegi saňa tabşyrýan! Her zat et-de, onuň göwnüni awlajak bol! Ol entek ýaş! Ýaş adamyň göwnüni nädip awlamalydygyny bilýäňmi? | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |