17:08 Magtymguly -4/ romanyñ dowamy | |
■ «Ýigit özün maglum eder işinde...»
Taryhy proza
Giç öýle çemeleri Ahaldan Gyzylbaýra gidilýän ýol bilen ýigrimi töweregi atly atlaryny gezerine sürüp barýardylar. Üç atly başgalardan öňräkde atlaryny ýanaşyk sürüp, özara gürleşýärdiler. Olaryň ortakysy çal sakgally, uzyn boýly, daýanykly ýaşuly bolup, onuň ady Buzlypolat serdardy. Onuň sag tarapyndan sürüp gelýän ýigide Çalyş batyr diýilýärdi. Bu ýigidiň çyzylan ýaly gara gaşlary, oýnaklap duran gözleri onuň bugdaý reňk ýüzüni görmegeý görkezýärdi. Onuň gyrmyzy dony, silkme telpegi, teletin ädigi bardy. Buzlypolat serdaryň çep gapdalyndan sürüp barýan diýseň epeý adamdy. Ýoldaşlary aýtmyşlaýyn, her egnine bir adam münäýmelidi. Onuň ady Küti pälwandy. Pälwanyň egninde düýe ýüňünden dokalan çäkmeni, başynda gara telpegi bardy. Dolak dolanan ýogyn injigini göreninde, ol injik däl-de, ýag küýzesimikä diýdirýärdi. Köp wagtdan bäri dymyp gelýän Çalyş batyr. – Oba golaýlan bolsa gerek! – diýip, içinden edýän pikirini daşyna çykardy. – Ýene iki menzilden köp däldir. – Hawa, köp galsa on iki-on üç agaç1 ýol galandyr – diýip, Küti pälwan ylalaşdy. Onsoň, Buzlypolat serdara baka öwrüldi. Ýaşulularam-a garaşýandyr, serdar aga. «Näme habar getirerlerkä?» diýip, gözleri ýoldadyr. – Garaşsalar, näme, bolşuny bolşy ýaly aýdarys. Tekeler bilen gürleşdik. Işiň soňam, belki, şowly bolsun-da! – Agzybirligiň gowy zatdygyny tekelerem bilýä-le! Ýöne tekeleň hanyňyň bolşuny halamadym. Päli ýokary ýaly! Ol biziň ýüzümize-hä açyk aýtmady welin, ýöne bolşy «gökleňler meniň golumyň astyna gelsin» diýäýesi gelip durana meňzeýä. – Onuň külli türkmene han bolasy gelýänligi görnüp dur-la! – diýip, Çalyş batyr makullady. – Entegem serdar aga Magtymgulynyň goşgularyny aýdyp berdi welin, birneme ýuwaşaýdy. – Magtymguly ol goşgyny gaty jaýdar goşupdyr – diýip, Buzlypolat serdar jogap berdi. – Sen şol goşgyny tekelere aýdyp berdik welin, ol ak sakgal ýaşuly nätdi? «Şony ýene bir gaýtala-la» diýip, ýerinden zöwwe turaýdaýt. – Ol goşguda many bar, Pälwan! Türkmenler baglasak bir ýere bili, Gurudarys Gulzumy, derýaýy Nili, Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili... Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz! Ümsümlik aralaşdy. – Uzakda bir atly göründi. Soň birden ýere giren ýaly bolaýdy. – diýip, Çalyş batyr ümsümligi bozdy. Atlylar eserdeňlik bilen töwerege ser salyp, her bir çybşylda diň salyp, gidip barýardylar. – Men atlyny şu töwerekde görüpdim – diýip, Çalyş batyr çak bilen bir ýerini görkezdi. Ýolagçylar atlarynyň başyny çekip, töwerege esewan etdiler. Hiç zat görünmedi. – Ahaw, ol seniň gözüňe görnen bolaýmasyn – diýip, Küti pälwan wäşilik etdi. Şol aralykda kimdir biriniň: «Serdar aga! Aga jan!» diýip, gygyrýan sesi eşidildi. Bir adamyň aýak aldygyna ylgap gelýänligi hem göründi. Onuň kellesi ýalaňaçdy, gana bulaşan biz köýnegi sal-saldy. Ol aňyrdan gelşine: – Aga jan! – diýip, hamsykmaga durdy. Onuň Gully ýetimdigini tanadylar. Çerkez onbegiňiň aýdyşy ýaly, Gully ýetim Hanaly hanyň atlylaryna per bermän, sag-aman sypypdy. Şondan soň ol oba barmady. Özüniň açlygyna, ýadawlygyna garman, Buzlypolat serdaryň yzyndan gitdi. Ol iki menzil çemesi ýol geçensoň, bir topar atlynyň gelýänligini gördi. Gully ýetim atyny bir oýda gizledi-de, gelýän atlylaryň kimdigini bilmek üçin ýoluň gyrasynda bukuldy. Şol wagtlar ol batyrdy, mertdi, her neneň gazaba uçrasa-da, ejizlejek däldi. Emma Buzlypolat serdary gördi welin, birden ähli gören horluklary ýadyna düşdi-de, hossaryny gören neresse çaga ýaly, hamsykmaga durdy. – Gully han! – diýip, Buzlypolat serdar howsala bilen gygyrdy. – Saňa näme boldy? Endam-janyň persala-la. – Obada weýrançylyk boldy, serdar aga! Gulamaly hanyň serbazlary döküldi. Gully ýetim bolan wakany birin-birin gürrüň berdi. – Magtymguly şahyram äkitdiler – diýip, ýüzüni sallady. – Ony ýörite gözläp tapdylar. Eger Magtymguly tapylaýmadyk bolsa, Döwletmämmet mollany äkitjekdiler. Bu ýerde bir gep bardyr. Ümsümlik aralaşdy. Ýigitleriň keýpi gaçdy. – Yzymyza talan salyndy diýsene – diýip, Çalyş batyr ümsümligi bozdy. – Belanyň körügi Hanaly handa – diýip, Gully ýetim zeýrendi. – Dönük deýýus gyzylbaşlaryň öňünde ýallaklap, obamyzyň ne gözel atlaryny şolara berip goýberdi. Çalyş batyr Hanaly hany ýigrenýärdi. Onuň ýüzüni görmeg-ä beýlede dursun, adyny eşidende ýüregi bulanýardy. – Rugsat bersene, serdar aga! Şol haramzadanyň damagyny çalyp, bir içimi sowadaýyn-la! – diýip, Çalyş batyr dişini gyjady. – Bolmaz, batyr! – diýip, Buzlypolat serdar garşy boldy. – Öz içimizde uruş turzup, gowgany ulaldýançak, Magtymguly şahyry halas etmegiň gamyny iýmegimiz gerek. Hemme kişi ýüzüni sallap pikire çümüp durdy. Diňe Çalyş batyr Özüni saklap bilmän, dişlerini gyjaýardy. – Indiki maslahat? – diýip, Küti pälwan serdara ýüzlendi. – Oba baralyň! Ýaşulular bilen maslahatlaşalyň! Soňky maslahaty soň göreris. * * * Buzlypolat serdar oba gelen badyna Çalyş batyry, Küti pälwany we Gully ýetimi ýanyna alyp, Döwletmämmet mollanyň öýüne ugrady. Ýassy çemesidi. Obada aýak ýygnanypdy. Käbir öýlerde ölügsi yşyk görünýärdi. Aram-aram üýrýän itleriň sesini hasap etmeseň, obanyň içi gum-guklukdy. Bu wagt Döwletmämmet molla ojakda ýanýan oduň yşygyna gözüniň köküni gyryp, Muhammet Awfiniň «Jawami al hekaýat we lawami ar rowaýat»1 kitabyny okap ýatyrdy. Zübeýde ojagyň beýleki tarapynda oturyp tikin tikýärdi. Buzlypolat serdar içerik girdi-de, salam berdi. Onuň yzyndan Çalyş batyr bilen Küti pälwan hem girdiler. – Düşek üstüne geçiň! – diýip, Döwletmämmet molla myhmanlaryna mürähet etdi. – Bolan işi eşitdik, molla ara – diýip, Buzlypolat serdar duýgudaşlyk bildirdi. – Eşidip gaty gynandyk! – Hawa, serdar, körpe balamyzam äkitdiler! – diýip, Döwletmämmet molla uludan dem aldy. – Özüňiz bilýäňiz, men ozalam iki oguldan jyda düşdüm. Ýalňyz göz dikip oturanym Magtymgulydy. Ol paýhasly hem zehinli ýigit bolansoň, ony Lebap boýuna ýa-da Buhara iberip okatsam diýen hyýalym bardy. Buharanyň hormatly şeýhulyslamy2 Hoja Mübärek Horezmi ony uly medreseleriň birine okuwa ýerleşdirmegi wada beripdi. «Adam arzuw eder, pelek öz halanyny eder» diýen ýaly, biziň bu arzuwymyzam puç bolup galdy. – Serbazlaryňam edil bilen ýaly, biziň obada ýok wagtymyz gelşini diýsene! – diýip, Buzlypolat serdar hyrçyny dişledi. – Olaryň siziň ýok wagtyňyzy bilip geläýen bolmaklaram ähtimal! – diýip, Döwletmämmet molla jogap berdi. – Dönük öz içimizden döränsoň, her zada garaşybermelidir. – Näme etmeli bolsa, şonuň maslahatyny edeliň! – diýip, Küti pälwan gürrüňe goşuldy. – Basymrak bir karara gelmek gerek! Onuň maslahaty belli – diýip, Çalyş batyr gany gyzgynlylyk bilen gürledi. – Astrabada gidip, şahyry halas etmeli ýa-da kelläni şol ýerde goýup gaýtmaly. Buzlypolat serdar agraslyk bilen söze başlady: – Şahyry urşuba-ha alyp bilmeris. Duşman urşup ýeňerden güýçlüdir. Alamançylyk edip, alaly diýsek – o-da başartmaz! Muhammethasan gajarynyň galasy çapawullyk bilen alardan berkdir. – Ras aýdýarsyňyz, serdar! – diýip, Döwletmämmet molla makullady. – Çalyş batyr namysjaň ýigit bolansoň birden gyzyberýä. Onuň aýdanyny etseňiz, gan köp döküler. – Eýse, nätmeli? – diýip, Çalyş batyr öýkeli sorady. – Ýalbarmagyň hajaty ýok! Bu wagt Magtymgulyny ýalbaranyň bilenem, pul bereniň bilenem bermeler. Bular ýaly ýagdaý başa düşende, akylly serdar Keýmir körden sapak almak gerek. Ol güýçli duşman bilen iş salşanda, ony hile bilen ýeňer eken. – Ýüregimden turduň, molla aga! – diýip, Buzlypolat serdar ylalaşdy. – Menem şony makul görýän. Araky Büjnürt galasynyň hanyňy aldawa salşymyz ýaly, bir hile guraýsakmykak diýýän! – Munuň ýaly niýet bileň gidilende, ýanyňda Astrabat galasyna belet adam bolaýsa! Belet ýoldaş köp derdiňize doga bolar. – Abdyllaly çapyk bar ahyry. Ol ömrüniň köpüsini Astrabat sebitinde geçiren adam. – Abdyllalyny gowy tanyýamysyňyz? Oňa syr ynanmak bolarmyka? Buzlypolat serdar pikire gitdi. Abdyllaly çapyk Astrabadyň hanyňa hyýanat edip, gaçyp gelen adam. Buzlypolat serdar ony birnäçe gezek synap görüpdi. Bir gije Büjnürt hanyňyň atlylary alamana gelenlerinde, ol türkmen obasyny goramak üçin, janyny gaýgyrman söweşdi. Şonda ýigitler Abdyllalydan hoşal bolupdylar. Onuň Buzlypolat serdary ölümden halas etmek üçin, duşman naýzasynyň üstüne özüni oklan wagtlary hem bolupdy. – Ynam edip bolar, molla aga! Onda-da Muhammethasan gajara garşy iş görmeli bolsa, onuň çyrasyna ýag guýlana döner. Onuň Muhammethasan gajarydan ýaňa içi tütäp dur! Muhammethasan gajary onuň süýtdeş doganyny dara çekdiripdir. Onuň özi bolsa zordan gaçyp sypypdyr. Onuň maňlaýam şonda çapylanmyş. Buzlypolat serdar Çalyş batyra ýüzlendi: – Gully ýetime aýt, ony çagyrsyn! Onuň özi bilen gürleşäýeliň! Çalyş batyr daşaryk çykdy, az salymdan soň kimdir biriniň atyny çapdyryp gelenligi eşidildi. Çalyş batyr ýene öýe girdi. – Hany, giden ýeriňizden näme iş bitirip geldiňiz? – diýip, Döwletmämmet molla sorady. – Iş bitip-bitmän, bu nemeräk iş-dä, molla aga. Tekeleriňem agzybirlige meýil edýändiklerin-ä bildik. Gaýtam olar bize gyjalat berýäler. «Öz türkmenlerimiz bilen birleşjek bolup dalaş edeňzok-da, Eýran häkimlerine ýapjalyk edýäňiz» diýýäler. Olaryň gyjalaty ugursyzam däl. Gökleň kethudalarynyň arasynda Eýran häkimlerine ýapjalyk edýänlerem ýok däl. Teke ýaşululary: «Olar ýaly deýýuslardan bireýýäm dynmaly ekeniňiz» diýdiler. «Araňyzda ýylan gezip ýörse, rahat ýaşap bilmersiňiz» diýdiler. – Dogry aýdýarlar – diýip, Çalyş batyr gürrüňe goşuldy. – Dönügiň kimdigini bilýäsmi – bilýäs! Onsoň näme?! – Ol dilde aňsat! – diýip, Buzlypolat serdar ylalaşdy. – Olaryň arkasynda Eýran häkimleri naýzalaryny gezäp dur ahyry! Ynha, sen Hanaly hanyň kellesini alaýyn diýip dyzap dursuň. Saňa rugsat beräýsem, salymyny bermän, onuň kellesini alarsyň. Men oňa ynanýan, batyr. Ýöne onuň yzy bilen Eýran serbazlary dökülip, seniň iliňi weýran eder. – Tekeleriň öz içinde dönük ýokmuka? – diýip, Döwletmämmet molla sorady. – Bolsa-da bardyr. Ýöne ol ýerde dönük bolaýanda-da, bizdäki ýaly aç-açan däl. Tekeleriň ýagdaýy başga. Olar ne Eýran şasyna, ne Hywa hanyňa – hiç kime boýun egenok. Bu maglumatlary Döwletmämmet molla bilýärdi. – Ýeri, iň soňunda olar näme geňeş berdiler? – Belli geňeş bermediler, molla aga. Tekelerden belli jogap almak üçin olar bilen köp gezek gürleşmeli bolsa gerek! Olar biziň bilen agyz birikdirmäge garşy däl. Ýöne, tekelerde-de, ýomutlarda-da bu işe çynlakaý ýapyşýan adam ýok. Agyz birikdirmek meselesi gozgalanda taýpa kethudalary derrew biri-birleri bilen basdaşlyk edýärler. – Dogry aýdýaň, serdar! – diýip, Küti pälwan alyp göterdi. – Belanyň körügi kethudasumaklarda! – Bize bir edenli baştutan gerek! – diýip, Döwletmämmet molla jogap berdi. – Haýsy taýpadanam bolsa, bir paýhasly baştutan tapylyp, türkmen taýpalarynyň başyny jemläýse! Özem şu wagt aýny wagty! Nedir şanyň patyşalygy synyp, Eýran häkimliginiň gowşan wagty! Häzir Eýran agalary ýurda häkim bolmak üstünde kelle gemrişýäler, biri-birlerini çapýalar, özlerini tapdan düşürýärler. Abdyllaly çapyk gelip gapydan girdi. Onuň başynda guzy derisinden tikilen şypyrma, egnindre gara çuha, aýagynda gaýyş çaryk bardy. Ol uzyn boýly, burunlak garaýagyz adamdy. Ýazzy maňlaýyndaky gylyç tagmasy onuň mama dişän ýüzüni hyrsyz görkezýärdi. – Ine, molla aga, Abdyllala-ha geldi – diýip, Buzlypolat serdar garry molla hormat goýdy. – Özüňiz gürleşiberiň! – diýip, Döwletmämmet molla gezegi Buzlypolat serdara berdi. – Sen, Abdyllaly, Astrabat galasyna belet bolsaň gerek? – Beli, serdar aga. Ömrümiň köpüsini şol ýerde geçirendirin. – Sen nähili pikir edýäň? Biz birnäçe atly bolup gidäýsek, Astrabat galasyna girip bilermikäk? Abdyllaly pikire gitdi. Häzir Eýran hanlary bir-birlerine duşmançylyk edýän wagty Astrabat galasynyň berk saklanýandygyny ol bilýärdi. Perraçlar hemme ýerde sümsünişip ýörendir. Şübheli adam gözlerine iläýse, derrew tutup äkidýändirler. – Öz-ä kyndyr, serdar aga! Gös-göni baraýsag-a, bize hezil bermezler. Bu ýerde bir hile gurup biläýmesek! – Aýdyberiň! – Bilemok-da, serdar aga. Paýhaslanmak gerek, ýöne men bir zad-a bilýän. Astrabadyň häkimi husyt adam. Gala sakçylaryny hor saklaýar. Sakçylar köpüge gülle atýalar. Eger bu ýerden elimiz zatlyrak gidip biläýsek zyýany degmez. – Onuň ýaly ýere gitmek üçin kümüş ýa gyzyl pul gerekdir. Ol bize başardarmyka? Häliden bäri sesini çykarman oturan Çalyş batyr birden dillendi. – Men pul tapaýyn. – Sen puly nireden aljak? – Barjak-da, Şyhym harpygyň bokurdagyna münäýjek. Magtymguly ýaly bir adam heläk bolup barýaka, sopulyk satmak nämä gerek? Şyhym harpygyň zady ýere-göge syganok. Bir horjun puluny alanymyz bilen gedaý galasy ýok. – Ony beýtmäli, batyr! – diýip, Döwletmämmet molla maslahat berdi. – Biz agramy özümize salalyň! Dogan-garyndaşlara, dost-ýarlara ýüz tutalyň! Ertir men ýaşulular bilen gürleşerin... Ahyry şu maslahatyň üstünde durdular. – Galkan gökleňi hem ýoldaş edinip äkidermisiňiz? – diýip, Dözletmämmet molla Buzlypolat serdardan sorady. – Galkan gökleňiň aç gurt ýaly ýigitleri bar. Söweşde olar ýaly edermen ýigitler köplük etmez. Ýöne Galkan gökleňiň özüne ynam ýok. Birden kellesi gyzyp, bir gabahat iş edäýmese ýagşy. – Men bu hakda onuň bilen gürleşdim – diýip, Döwletmämmet molla jogap berdi. – Ol alamançylygy düýbünden taşlaryn diýib-ä boýun alanok. Zamana görä bolmak gerek diýýä. Gyzylbaşlar bizi talaýar gerek, bizem olary talarys diýip aýdýa. Ýöne bu gezek onuň ýaly iş etmez! «Tä Magtymgulyny halas edip getirýänçäk, Buzlypolat serdaryň gepinden çykmaýyn» diýip, söz berdi. – Onuň ýaly bolsa äkidäýeris. Buzlypolat serdar Döwletmämmet molla bilen hoşlaşyp daşaryk çykanda, Gully ýetim gapyda garaşyp durdy. – Serdar aga! Astrabada gitseňiz, menem äkidiň! – Bolýar, inim, senem äkidäýeris. Indi sen edenli ýigit bolup ýetişipsiň. ■ «Tor guruplar ýeke jana...» Mürze Mahmyt Hajy Magtymgulyny ýokarsy gümmezli bir owadan jaýa alyp bardy. Eli açarly bir goja ylgap geldi-de, Mürzä baş egdi. Onuň ýanynda başy çadyraly zenan maşgala hem bardy. Ol iki gözünden başga ýerini görkezmejek bolup jan edýärdi. Goja jaýy açyp berdi. Bu jaý iki otagdan ybarat bolup, daşky kiçeňräk otagyň içine inedördül bişen kerpiç düşelgidi, onuň üstünden ullakan palas ýazylgydy. Otagyň gapy tarapdaky sag burçunda el-ýüz ýuwar ýaly taşnaw bardy. Içki otaga girilýän gapynyň oýma nagyşlary mawy reňk bilen reňklenipdir. Otagyň sag hem çep diwarlarynyň her haýsynda ullakan tekçe bolup, sag diwardaky tekçede kümüş hem mis gaplar goýulgydy, çep diwardaky tekçede kümüşden edilen şemdan bilen syýadan durdy. – Şu otag siziňki bolar – diýip, Mürze Mahmyt Hajy aýtdy. – Beýik mertebeli hökümdar size ýörite öý bermegi buýurýança, şu ýerde bolarsyňyz. Bu goja siziň hyzmatkäriňiz bolar. Bu zenan hem aşpeziňiz bolar. – Allatagala adamlary ýaradanda öz-özüne hyzmat edip biler ýaly, elli, aýakly ýaradypdyr – diýip, Magtymguly garşylyk görkezdi. – Men kişi hyzmatyna mätäç däl. Bu bendelere jogap beräýiň! Goja az salym ýaýdanyp durdy-da, birden Magtymgulynyň öňüne gelip, dyza çökdi. – Başyňa döneýin, aga jan! Alla haky üçin bizi kowma! Sen kowsaň, bize hak tölemezler. Biziň rysgymyzy kesme! Magtymguly gojanyň golundan tutup, ýerinden turuzdy. Bu adamyň bir döwüm çörek üçin boýnuny burup oturyşyna haýpy geldi. – Belki, hammama bararsyňyz? – diýip, Mürze Mahmyt Hajy sorady. – Uzak ýol ýöräp geldiňiz. Arassalanasyňyz gelenokmy? Magtymguly hammama barmakdan boýun gaçyrmady. – Şahyry hammama alyp bar! – diýip, Mürze Mahmyt Hajy goja buýruk berdi. Soňra Magtymgula ýüzlendi: – Siz hammamdan çykanyňyzdan soň, näme iýip-içmekçi? – Zähmet çekmäň! Men horjunymdaky azygym bilen oňaryn. Goja Magtymgulyny köşk hammamyna alyp bardy. Bu hammamyň bişen kerpiçden gümmez görnüşinde salnan jaýy bardy. Jaý ýerzemin şekilinde bolup, onuň ep-esli bölegi ýeriň aşagyndady. Hammama giren ýeriňde aşagyna ýylmanak daş düşelen geýim çykarylýan otag bardy. Ondan aňyrda bug bilen gyzdyrylýan otag bolup, onuň hem aşagyna daş düşelgidi. Bu otagyň ýeňseki diwarynda iki sany uly mis gazan oturdylgydy. Gazanlaryň birinde gyzgyn suw, beýlekisinde sowuk suw bardy. Gyzgyn suw saklanýan gazan hammamyň daş tarapyndan gyzdyrylýardy. Magtymguly ýuwnup boldy-da, daşky otaga çykmakçy boldy. Ol ýerde hyzmatçy goja zer bilen nagyşlanan geýimleri elinde saklap durdy. Magtymguly gojany gördi-de, yza çekildi. – Men geýinýänçäm daş çykyň! – Bolýar, aga! Ýöne sen öz geýimleriňi geýmän, şu geýimleri geýgin! Seniň geýimleriňi men ýygnap goýaryn. Magtymguly gapydan boýnuny uzatdy-da: – Maňa ol geýimleriň geregi ýok! – diýip gygyrdy. – Näme üçin? Saňa şu geýimleri geýsin diýdiler. – Olary şony diýen adamyň özüne beräýiň! Goja elindäki geýimleri göterip, daş çykdy. Bug bilen gyzdyrylan yssy jaýdan çykany üçin, Magtymguly derläpdi. Şoňa görä-de, ol howlukman geýindi. Ol hammamdan çykanda, goja zerli geýimleri elinde tutup, daş gapyda garaşyp durdy. – Siz näme dursuňyz, ýaşuly? – diýip, Magtymguly geň galdy. – Öýe bar, aga, öýde saňa garaşyp otyrlar – diýip, goja Magtymgula baş egdi. Magtymguly gojanyň öňüne düşüp gitdi. Mürze Mahmyt Hajydyr çadyraly zenan şahyry daş gapyda garşyladylar. Şahyryň hemişeki geýmindedigini görüp, Mürze Mahmyt Hajy geň galdy. – Siz näme üçin ol geýimleri geýmediňiz? Ony hökümdar size serpaý berdi ahyry. – Men serpaý alar ýaly hyzmat görkezemok. Mürze Mahmyt Hajynyň gaşlary çytyldy. Başga bir wagt bolan bolsa, ol şahyra şerebeli söz aýdardy. Ýöne «Şahyryň göwnüni tapmaly» diýip, Muhammethasan han buýruk berensoň, oňa ýakmaz söz aýtmaga bogny ysmady. – Buýruň, öýe giriň, şahyr! Magtymguly bilen Mürze öýe girdiler. Magtymguly içki otagyň gapysyny açanda aňk bolup galdy. Otagyň ortarasynda ullakan saçak ýazylgydy. Saçagyň üstünde ýaňy bişen labaş, peýnir, gaýnadylan et, gülaby gawun we Şahrud1 üzümi bardy. Kümüş gaplarda leýmun, pyrtykal, nar we başga miweler rejelenip goýlupdyr. Otagyň çep diwarynyň önünde owadanlygy biri-birinden kem bolmadyk üç sany zenan dik durdy. Bu zenanlaryň boýunlary, gollary ýalaňaçdy, dar geýim bilen gysylan inçe billeriniň ýokarsynda gaňtarylyp duran göwüsleri özlerini güjeňleýän ýaly, öňe omzap durdy. – Bu zenanlar näme? – diýip, şahyr geň galdy, – Giriberiň, şahyr, giriberiň! – diýip, Mürze Mahmyt Hajy mekirlik bilen ýylgyrdy. – Bular owadanja zenanlar! Siziň üçin getirildi. Gördüňizmi, hökümdar sizi dygysyz oňat görýär. – Olaryň bu ýerde näme işi bar? – Bular ýaly zenanlar garaşyp durka, «olaryň näme işi bar?» diýlip soralýan däldir, şahyr. Syn et-de, halanyňy tutaý, şo-da seniňki bolar! Üçüsini birden aljak diýseňizem – ygtyýaryňyz! – Meni adam hasap edýän bolsaňyz, zenanlara jogap beriň! – Ol näme üçin? Siz näme üçin şeýle eýjejik perizatlardan ýüz dönderýärsiňiz? Hatyrjem boluň, şahyr, olar örän päkize zenanlardyr. – Size ýalbarýan, Mürze, zenanlara jogap beriň! Guran piriminiň başa barmajagyna gözi ýeten Mürze Mahmyt Hajy zenanlara göz ümläp, gapyny görkezdi. Zenanlar bir-biriniň ýüzlerine seredişdiler-de, çykyp gitdiler. Zenanlardan biri gapydan çykjak bolanda yzyna gaňrylyp, Magtymgula seretdi, bir zat diýjek ýaly edip çemelendi-de, diýip bilmän çykyp gitdi. – Siz maňa näme jeza berseňiz beriň! – diýip, zenanlar çykansoň, Magtymguly nägilelik bildirdi. – Nähili gynasaňyz gynaň! Ýöne, mana haram iş etdirjek bolmaň! – Ol nähili haram iş? Biziň köşgümizde adat şeýle! Munuň näme erbet ýeri bar? – Myhmanyňyzy zyna etmäge mejbur edýän bolsaňyz, onuň näme gowy ýeri bar? – Zyna näme işlesin! Biz olara nika gyýýas ahyry, ýagny syga nikasy bilen nikalaýas. Hakyt nikalap toý edýäs. Ine, bu gün hem siziň toýuňyzy etmekçidik. Siz zenanlaryň birini saýlap tutan bolsaňyz ýa-da üçüsine birden öýlenen bolsaňyz, molla çagyryp nika gyýdyrardyk. Bir aýlyk isleseňiz – bir aýlyk, iki aýlyk isleseňiz – iki aýlyk. Magtymguly dem alasy salym pikire çümüp durdy-da: – Azgynlygyň ýigrenjisi köşkden çykýan eken-ow! – diýdi. * * * Rüstem beg Mazendaranda topalaň turzan pitneçileri rehimsizlik bilen dyza çökerip, Mazendaran welaýatynda asudalygy berkarar edensoň, Muhammethasan hanyň derisi giňedi. Rüstem beg pitneçilereden rehimsiz öç aldy. Öldürenini öldürdi, ýençdirenini ýençdirdi, bir topar adamyňy ýesir edip, Astrabada getirdi. Muhammethasan han getirilen ýesirleriň birentegini bazar meýdanyna äkidip dara çekdirdi, birnäçe adamyň el-aýagyny gandallap zyndana taşlady, birnäçe adamyň maňlaýyna tagma basyp, yzyna gaýtardy. Soňra köşk hadymlaryny ýygnap, toý berdi. Muhammethasan hanyň kellesine birden bir küý geldi-de, Magtymguly şahyry getirmegi buýurdy. Magtymgulyny getirdiler. Onuň ýüzi ozalkysy ýaly salykdy. Ol däp boýunça oturanlara salam berdi. Magtymguly gelenden soň meýlisiň şagalaňy köşeşdi. Hemmeler birhili syrly bakyş bilen Magtymgula seretdiler. – Zenanlar oýnasyn! – diýip, Muhammethasan han meýlisi gyzdyrmak maksady bilen buýruk berdi. Sazyň sesi ýaňlanyp başlady. Ýüpek lybaslar geýnen ýarym ýalaňaç aýallar orta geçip, oýnamaga başladylar. Birmeňzeş zerli köwüş geýnen aýal aýaklary sazyň owazyna goşulyp, sazlaşykly hereket edýärdi. Näzik gollar ýukajyk öýme ýaglyklary bulaýlap, ýürek gopduryjy hereket bilen howada galgaýardy. Kümüş şaýlaryn ýüzüne goýlan göwher gaşlara ýanýan şemleriň şöhlesi düşüp, ýaldyrap durdy. Magtymguly ýere bakyp otyrdy. Oýnaýan zenanlardan biri bilgeşleýin eden ýaly, Magtymgulynyň aýagyna kakyp, näz bilen aýlanyp geçdi. Magtymguly çala gabagyny galdyryp seretdi we onuň Mürze Mahmyt Hajynyň syga nikasyny gyýdyrmak üçin getiren zenanlarynyň biridigini tanady. Magtymgulynyň ýüzi çytyldy. Häliden bäri şahyra syn edip oturan Muhammethasan han «oýny bes ediň!» diýen yşarat etdi. Sazyň owazy ýatdy. Muhammethasan han sazandalaradyr oýunçylara rugsat berdi. – Ýeri, şahyr, dynjyňy aldyňmy? Saňa mynasyp hyzmat etdiler gerek? – diýip, Muhammethasan han sorady. – Düşnüksiz bendilikde bikär ýatmak adama dynç berýän bolsa, şol dynçlyk meni halys irizdi – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Sen Astrabada gelip, hanyň köşgünde ýaşamagy özüňe mynasyp göreňog-ow? – Köşkde galyp-galmazlyk dogrusynda ozal gürleşipdik, hökümdar. – Duz-çöregini iýip ulalan mähriban ilimi taşlap gaýtmajagymy size aýdypdym ahyry. – Sen oňatja paýhaslan, şahyr! Men saňa köşkden orun bererin. Sen köşk şahyry bolarsyň, köşgi wasp edip şygyr düzersiň! Astrabada getirileli bäri derdini içine sala-sala ýüregi çişen Magtymguly ahyry ýaryldy. – Men siziň köşgüňize belet boldum, hökümdar! Köşgi wasp edip şygyr düzmek maňa başartmazmykan öýdýän. – Gury pelsepäňden el çek, şahyr! Bu biderek pelsepe seni gowulygyň üstünden eltmez! Sen meniň aýdýanyma düşünen bolsaň gerek? – Düşünýän! – diýip, Magtymguly sagynman jogap berdi. – Ýazyksyz adamlara jeza bermek siziň ökde käriňiz. Muhammethasan han ýene bir gezek gaharyny ýuwutdy. – Paýhaslan, şahyr! Agzyňa gelen rysgaly sypdyrma! Köşk her kimlere ýetdirýän bagt däldir. – Bu bagta meniň mätäçligim ýok. Allatagala öz bagtyňy özüň tap-da al diýse, ony nireden gözlemelidigini bilerdim. – Besdir! – diýip, Muhammethasan han däli ýaly haýkyrdy. – Sen her näçe köpbilmişsireseňem, syýasat sypaýyçylyklaryna düşünmeýän ekeniň! Ýatdan çykarma, şahyr, sen uly bir memleketiň hany bilen iş salyşýarsyň. Meniň gazabymdan gorkaňokmy? Magtymguly gözüniň gytagy bilen Muhammethasan hana seretdi. Hanyň ýüzi dym-gyzyldy, gözleri hanasyndan çykaýjak bolýardy. – Ejizlemäň, hökümdar – diýip, Magtymguly kinaýa bilen ýylgyrdy. – Siziň ýaly hökmürowan adamlar ejizlemeli däldir. – Bu näme diýdigiň? – Ejizlemegiň nämedigini bilenzokmy? Çagalar, aýallar ejizlänlerinde, öz erklerine ygtyýar edip bilmän, aglamaga durýalar, erkek adamlar ejizlänlerinde, ýerliksiz gaharlanýarlar, ýumruklaryna bat berýärler. Hökmürowan adamlar ejizlänlerinde bolsa adalatsyz höküm edýärler. Akyl ýetirip bilýän adam üçin bularyň hemmesi birmeňzeş ejizlikdir. – Äkidiň ony! – diýip, Muhammethasan han gazap bilen gygyrdy. Mürze Mahmyt Hajy daş çykyp, perraçlara buýruk berdi. Magtymgulyny alyp gitdiler. Muhammethasan han köp wagtlap özüni dürsäp bilmedi. Gulamaly han bilen Rüstem beg gorkularyna ýüzlerini galdyryp bilmän, hersi bir gapdalda müzzerilip durdylar. Abu Mälik Kerimi ýetişip bildiginden doga sanap, öz ýanyndan hudaýy çagyrýardy. Muhammethasan han alarylyp duran gözlerini bir söý bilen olaryň birine dikäýse, galpyldap duran göwrelerini egip, oňa baş egýärdiler. – Magtymguly diýilýän kesir adam eken-ow! – diýip, Mürze Mahmyt Hajy öz ugruna aýdyp goýberdi. – Ol dana adam! – diýip, Muhammethasan han oňa garşy çykdy. – Ýöne ol başga akyla gulluk edýär. Ine, şu ýeri ýeser! Munuň ýaly kesgir ýaragy elden sypdyryp bolmaz. Ol ýa-ha biziňki bolmalydyr, ýa-da kül-owram edilip taşlanmalydyr! Hiç kimden seda çykmady. Gulamaly han ýygralyk bilen Muhammethasan hanyň öňüne geldi: – Öz wepadar guluňyzyň size hyzmat görkezmegine ygtyýar ediň! – Näme gerek? – diýip, Muhammethasan han azmly sorady. – Bu kesir türkmenler bilen nähili gürleşmelidigini men gowy bilýän, hökümdarym! Şahyr bilen iş salyşmagy maňa tabşyraýyň! Muhammethasan han Gulamaly hanyň ýüzüne seretdi. Onuň seredişi Magtymguly ýaly erkine mäkäm adamy raýyndan gaýtaraýmak saňa başartmasa gerek diýip, şübhelenýäne meňzeýärdi. Her näme-de bolsa, ol Gulamaly hana ygtyýar etmegi ýüregine düwdi. – Bolýar, Magtymgulyny saňa tabşyrýan! Ýöne seresap bol! ýiti ýarag bilen oýun etmek hatarlydyr. ■ «Aşyklar bagryndan bir nala çekse...» Gün öýleden agypdy. Gündogdy aganyň aýaly Orazbagt eje öýüň gap böwründe oturyp, sokuda jöwen döwýärdi. Meňli gözenegiň öňünde keşde edip otyrdy. Meňliniň reňki öçükdi, gözleri gyzaryp, gabaklary ýellenip durdy. Aram-aram ol işlemesini goýýardy-da, bir nokada seredip, gymyldaman oturýardy. Şonda onuň gözleri öz-özünden çygjaryp başlaýardy. Orazbagt eje jöwen döwüp, çemeliräk okarany ýarmadan tümmekländen soň, ony Meňlä baka süýşürdi. – Bar, gyzym, şuny äkit-de, ýarmaly sanaja guý! Hememdäninim bir okara jöwen äber! Meňli ýarmaly okarany äkidip, sanaja guýdy. Onsoň, bir zady ýagdan çykaran ýaly ýaýdanyp durdy-da, boş okarany getirip ejesiniň önünde goýdy. Orazbagt eje geňirgenip Meňliniň ýüzüne seretdi: – Muny näme boş getiräýdiň? Jöwen äber diýdim ahbeti. Meňli jöwenli çuwaldan bir okara jöwen getirdi. Soňra öz ýerine geçip, ýene keşde etmäge başlady. Orazbagt eje jöwen döwüp oturyşyna, gabak astyndan gyzyny synlady, Dogrudanam, Meňli şu günler aňkasy aşan ýaly bolaýypdyr. Näme edip, näme goýanynam bilenok. Ýetişen gyz sähne ýaly bolup ýörse, biçäre enäniň her zatlar göwnüne gelýär. Bu zamananyň adamlary her hili bet işlerden gaýdanok. Hudaý saklasyn, oňa doga-jady berilmedi- gem bolsa biri. – Meňli jan, saňa näme bolýar? Birhili bu dünýäniň adamsy däl ýaly bolup ýörsüň-le. Edeniňi-goýanyňam, bileňok. Meňli soraga jogap bermedi-de: – Eje, Hanaly han kakamy näme üçin çagyrypdyr? – diýip sorady. – Bilemok, gyzym, gelensoň bileris-dä! Meňli keşde etse-de, iňňesi ýöremeýärdi. Ol ýa-ha nädogry sanjylýardy, ýa-da iňňe keşdeden sowa geçip, Meňliniň barmagyna çümýärdi. Şonda Menli çalaja tisginýärdi, özüni şeýle melul eden aladalary kowmaga synanýardy. Emma bala hüjüm eden arylary kowsaň, öňküden hem beter hyjuw bilen çozuşy ýaly, ol ünjüler hem barha beter möwç alýardy. Ahyrsoňy Meňli erkini elinde saklap bilmän, bütinleý şol aladalaryň deňzine çümüp gitdi. – Eje! – diýip, şol bir hereketini üýtgetmän sorady. – Seniň ýegeniňe näme diýdilerkä? – O nä ýegenime? – Magtymgula! Ony Eýrana äkidip, nätdilerkä diýýän. – Alla bilsin, gyzym! Hudaýyň özi gowusyny etsin-dä! Soňky ýyllarda Döwletmämmet mollaňkam onuňa bolman barýar. Ozal iki ogly habarsyz-hatyrsyz ýitirim boldy. Onuň yzy bilen aýalyndan jyda düşdi. Magtymgulynam beýdip äkitdiler. – Eje! – diýip, Meňli esli salym dymyp oturandan soň ýene dillendi. – Magtymguly gelermikä? – Aý, pelek işidir-dä! Duz-çörek nesibesi bolsa-ha geler, bolmasa-da kysmatyndakyny görer-dä.– Birden bir şeýtanly pikir Orazbagt ejäniň kellesine geldi. – Sen ony näme beýle ýanjap soraýaň? – Aý, ýöne, ýegeniň bolansoň... Onsoňam, ol gowy adam! Ony hemme kişi gowy görýä. Ol aman-sag dolanyp geläýse, uly il begener. Orazbagt eje gyzyňa nämelerdir aýtmakçy boldy. Şol halatda gapynyň eňsisi serpilip, Gündogdy aga içerik girdi. – Geldiňmi, kakasy?! – diýip, Orazbagt eje howsala bilen sorady. – Hanaly han seni näme üçin çagyran eken? – Näme üçindir öýdýäň? – diýip, Gündogdy aga telpegini çykardy-da, gahar bilen oklap goýberdi. – Serpaý bermek üçin çagyrmajag-a belli. Gündogdy aga birden Meňlä ýüzlendi: – Bar, gyzym, sen entäk teläriň aşagyna ötägit! Hanaly hanyň Gündogdy agany näme üçin çagyranlygyny Meňli güman edýärdi. Sebäbi bular ýaly çakylyk ozalam birnäçe gezek gaýtalanypdy. Meňliniň ini dyglap gitdi, ony birhili elhenç galpyldy gaplap aldy. Şeýle-de bolsa, ol syr bildirmän, edip oturan işini göterip daşaryk çykdy. – Ýene şonuň üçin çagyrypdyrlarmy? – diýip, Meňli çykandan soň, Orazbagt eje sorady. – Hawa. Gudaçylyk nogtasyny boýnuma daňmak üçin çagyrypdyrlar. – Şyhym harpyk üçinmi? – Hawa. Ahyry şolar bilen guda bolmaly bolduk. Orazbagt eje ýarma bulaşan barmaklary bilen maňlaýynyň derini syrdy-da, sokusyny bir gapdala süýşürdi. – Sen olar bilen guda bolmaga göwnäňokdyň ahyry. – Göwnämokdym. Indi göwnetdiler! Onda-da gaýdyp jyňkymy çykarmaz ýaly edip göwnetdiler. – O nädip beýle? – Nädip beýle? – diýil, gaharyny kimden çykarjagyny bilmän oturan Gündogdy aga aýalyna azgyryldy. – Nädip beýledigini Hanaly hanyň demine düşseň bilersiň! Meniň öňümde: «Ýa gyzyňy berip köp pul alarsyň ýa-da kelläňden dynarsyň» diýip şert goýdular. Ýeri, özüň aýt-da, haýsyny edenim gowy? Orazbagt ejäniň gözüne ýaş aýlandy. Indi onuň tözüni sykyp oturmakdan başga alajy ýokdy. – Onsoňam, gyzyňy basymrak çykaraýmasak, ýakymsyz gürrüňem köpelip barýan ýaly. – O nä gürrüň? – diýip, Orazbagt eje ör-gökden geldi. – Şol gürrüňi senem eşitmän duran dälsiň! Döwletmämmet mollaň körpe ogly gyzyňa goşgy goşup, giden bir dessan ýazanmyş diýýäler. Orazbagt eje pikire gitdi. Onuň göwnüne Meňliniň Magtymgulyny şeýle köp ýatlaýanlygynyň sebäbi indi düşnükli bolup barýan ýaly boldy. – Wah, arada Döwletmämmet molla sözaýdyjy iberende guda bolaýan bolsak... – Ol nähili guda bolaýan bolsak? – diýip, Gündogdy aga onuň sözüni kesdi. – Kisesinde puly bolmasa, gyza hyýal etmesin! Galyňsyz, halatsyz berip goýberer ýaly, meniň gyzymyň näme aýby barmyş? Iliň gyzyňa on degip duran gyzym barka, onuň arzysyny gaçyryp bilmen! Şyhym baý nemeräk adam bolsa-da, galyňy köp berer, gyzyňy gurjak bezän ýaly bezär. Gündogdy aga aýaly bilen etjek gürrüňini gutaran hökmünde, ýerinden turdy. Eýleýän derisini, deri daşyny alyp, öýden çykdy. Orazbagt eje gymyldaman, gaýga batyp otyrdy. Indi ol bagryna basyp ulaldan eziz perzendini öz eli bilen oduň içine atmaly boljak. Eger Magtymguly obada bolan bolsa, bu işiň bir alajyny tapsa-da tapardy. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, o-da obada ýok. Bu keç pelegiň edýän işiniň ýekejesem göwne jaý däl. Magtymgulyny ilinden awara edip, gör, nirelerden çykardy! Meňli jan bolsa bir süýthoryň aranly penjesinde ömrüni geçirmeli boljak. Şol aralykda Meňli içerik girdi. Orazbagt eje gözýaşyny gizlemek üçin beýlesini bakyp, gyňajy bilen gözlerini süpürdi. – Otur, gyzym! Maňlaýyň açyk bolsun, gyzym! Kakaň-a ol nemeler bilen guda bolup... – Bilýän, eje – diýip, Meňli garaşylmadyk parahatlyk bilen jogap berdi. Duýdansyz ýerden Meňlide peýda bolan bu parahatlyga Orazbagt eje haýran galdy. – Bilýänsiň, gyzym, bilýänsiň. Bu zatlar Alla tarapyndyr! Hudaýyň eden işine nägile bolmagyn! – Bolýar, eje. Şu görgüleri görmek meniň gara maňlaýyma ýazylan bolsa, men görgi görübererin. Käwagtlar durmuşyň gazabyna sezewar bolan, şoňa görä-de, her taraplaýyn mysapyrlyk çekýän adama duş gelýärsiň. Ol adam görer göze ejizlemese-de, onuň ykbalynyň pesdigini bilmekligiň özi seniň nebsiňi agyrdýar. Onuň ähli jebir-sütemlere mertlik bilen döz gelýänligini göreniňde, onuň ornuna seniň gözýaş döküberesiň gelýär. Öz gyzyňyň mertlik bilen syr saklap oturyşyny gören Orazbagt eje-de şol ýagdaýa düşdi. Ol nebsagyryjylyk bilen gyzyňyň ýüzüne seretdi-seretdi-de: – Agaran bilen çörek getirip bereýinmi? – diýip sorady. – Ýok, hiç zat iýesim gelenok! – Onda sen işini et-de otur, gyzym! Men düýe sagmaga gideýin. Ýüregiň gysmaz ýaly Bahar jany çagyraýaryn. Orazbagt eje gap böwürde duran süýt kädisini aldy-da, daşaryk çykdy. Meňli çola içerde ýalňyz galdy. Şunuň ýaly wagtda ýekelikden gowy zat ýok! Ejizläp, gözüňe ýaş aýlaýanyňda-da, ony hiç kim görjek däl. Indi Meňliniň şeýle bir aglasy hem gelip duranokdy. Magtymguly äkidileli bäri ogryn gözýaş döke-döke, halys teni ölüp gidipdi. Meňli içini gepledip, öz derdi bilen başagaý bolup otyrka, ýoldan geçip barýan bir düýeli adamyň ýakymly owaz bilen aýdym aýdýanlygyny eşitdi. Meňliniň endamy dyglap gitdi. Bu Magtymgulynyň goşgusy-la! Şondan soň Meňli özüni dürsäp bilmedi. Aýdymyň täsiri bilen ýüreginde peýda bolan uçgun birden tutaşyp, güýçli ýalna öwrüldi. Ol ýalyn biçäre Menlini ýakyp-ýandyryp barýardy. Meňli ýerinden turdy-da, ýüküň astynda eplenip goýlan dony çykardy, onuň goltugynyň işligini sökdi-de, Magtymgulynyň sowgat beren kökenli ýüzügini aldy, olary ýüzüne syldy. Meňliniň iň eziz görýän adamsynyň öz eli bilen ýasan ýüzükleri! Meňli bu ýüzüklere seredende, häzirki durmuşa meňzemeýän ajaýyp durmuş gözüniň öňüne gelýärdi. Ol Magtymgula gowşaryn öýdýärdi, onuň bilen uzak ömür sürerin öýdýärdi. Garran günleri şu ýüzükleri çykaryp: «Ine, ýaş wagtymyzda maňa beren sowgadyň» diýip, görkezerin öýdýärdi. Bu arzuwlaryň hemmesi puç boldy. Indi ol kalbynyň söýmeýän adamsyna aýal bolup, neneň bu ýüzükleriň ýüzüne seredip biler! Meňli eli bilen ýüzüni tutup, sessiz aglamaga başlady. Birden öýüň eňsisi serpilip, içerik Bahar girdi. Boýdaşynyň gözgyny bolup oturanyny görüp, ol ör-gökden geldi. – Meňli jan! – diýip gygyranyny özi-de duýman galdy. Adamzat haýsydyr bir alaçsyz ýagdaýa düşüp, öz-özi gyjalat çekip otyrka, ýagşydan-ýamandan lak ataýsaň, onuň özüni saklap bilmän, ejizlige ýüz urýan wagty seýrek bolmaýar. Baharyň duýgudaşlyk etmegi dolup oturan Meňliniň has beter bozulmagyna sebäp boldy. Emma ol köp aglamady. Bahary ilki görende kalbynda peýda bolan joşgun birden möwç alan ýaly boldy-da, ýene diňdi. Onsoň ol birtüýsli akylyny ýitirip başlan adamyň seredişi ýaly çiňerilip, Bahara içgin-içgin seretdi. – Maňa näme beýle seredýäň, Meňli jan? – Men saňa bir gürrüň edip bereýin. Men kiçijikkäm, bir akja jüýjämiz bardy. Bir gün bir çaýçaňňalak asmandan indi-de, ony penjesine gysyp alyp gitdi. Men köp wagtlap onuň yzyndan seredip durdum. Sen häzir meni şol jüýjä meňzedýänsiň. «Indi onuň haly neneň bolarka?» diýip pikir edýänsiň. – Beýle diýmesene, Meňli jan! Hudaý bardyr! – Aý, indi meniň üçin parhy ýok! – diýip, Meňli dowam etdi. – Meniň başyma saýa salyp ýören bir umyt guşum bardy. Ony-da golumdan uçurdym. Indi dünýäde guwanýan zadym ýok! – Meňli gysymyny açdy-da, elindäki ýüzükleri iki gezek öpdi. – Bahar jan! – diýip, ol ýüzükleri Bahara uzatdy. – Me, şu ýüzükleri al! Ony gözüň göreji ýaly sakla! – Bu näme? – Şol baýaky çeşmäniň başynda duşan saparymyz Magtymguly şulary sowgat beripdi. Bu onuň bilen iň soňky duşuşymyz boldy. Şondan bäri bir gezegem onuň didaryna gözüm düşenok. Bahar jan, Magtymguly gaýdyp geläýse, özüň ugruny tap-da, ýüzükleri oňa gaýtaryp ber! Meniň bagrymy paralap gidenimi oňa mälim et! Menliniň gözleri nirededir uzakda bir zat görýän ýaly, öňde bir nokada dikildi. Ol azsalym şeýdip durdy-da, birden kyblasyny bakyp, hudaýa doga etmäge başlady. – Eý, gudraty güýçli biribar! Meniň ýalňyz göz-guwanjymy öz penaňda aman sakla! Ony duşmanyň gazabyndan, külli belalardan gora! Biçäre Magtymgulyny maksat-myradyna ýetir! Ol berin meniň ýaly betbagt bolmasyn! Daşarda at toýnagynyň sesi eşidildi. Az salymdan soň, erkek adam sesleri-de eşidilip başlady. Meňli bu zatlara üns bermän, hudaýa nalyş edip otyrdy. – Meňli jan, beýdip durmasana! – diňip, Bahar ýalbardy. – Özüňi dürsesene! Daşarda ýat adamyň sesi bar. – Ýaňky ýüzükleri ber! Olary ýene bir gezek öpüp galaýyn. Bahar ýüzükleri berdi. Meňli alary iki gezek öpdi-de, ýüzüne sylyp, ýene Bahara uzatdy. – Me, ýygna-da goýaý! Bahar ýüzükleri ýaglyga düwdi. Az salymdaan soň Orazbagt eje gyzyl, ýaşyl reňkli bir topar matany göterip, içerik girdi. – Meňli jan! – diýip, ol elindäki matalary gyzyna görkezdi. – Gudamyz saňa geýim tiker ýaly gymmatbaha mata iberipdir. Bularyň nepisjedigini bir görsene! Meňli getirilen matalara gözüni hem aýlamady. ■ «Şagal ýaryp gider gawun ýagşysyn...» Şyhym harpygyň toýunyň gyzan wagtydy. Hatara edilip atarylan gazanlardan çykýan bug ýakymly ysyny kükedýärdi. Erkek adamlar agaçlaryň kölegesinde oturyp, garma etmek üçin çörek, sogan, et dograýardy. Ýumşa gaýymrak ýaş-ýeleňler agaç aýryp, ojaklara ot salýardy. Gelin getirilipdi. Gelin salnan öýüň töweregi al-elwan geýnip, tawus ýaly bezenen gelin-gyzlardan ýaňa gaý-da gaýmalaşykdy. Uly çynaryň saýasynda bir topar adam iki tarap bolup keçe-keçe oýnaýardy. Çagalar we ýetginjekler bir gapdalda durup, oýunçylaryň ýüzük alan adamyňy tanyşlaryna syn edýärdi. Ondan on ädim çemesi gündogarda ýazylan keçäniň üstünde göreş tutjak pälwanlar üýşüp otyrdy. Olaryň hemmesi bir gyrada aýbogdaşyny gurup oturan murtlak epeý adama seredýärdi. Ol Baýathajydan gelen ady belli Hydyr pälwandy. Ol Şyhym harpygyň toýuny bahanalap Küti pälwan bilen güýç synanyşmaga gelipdi we Küti pälwanyň obada ýokdugyny eşidip, lapykeç bolup otyrdy. Ýaý atyşjak mergenler özbaşyna üýşüp durdy. Orta ýaşlaryndaky köseleç adam ýaýyny hem özüni magtap öwünýärdi. Töweregindäkiler assyrynlyk bilen gülüşýärdiler. Syrgynyň öňündäki takyrlyk meýdanda çapyljak atlar gezdirilýärdi. Hanaly hanyň nökerleri bir agajyň kölegesinde özbaşyna halka gurap otyrdy. Olar gelýän-gidýän gelin-gyzlara syn edip pyşyrdaşýardylar, aram-aram wakyrdaşyp gülüşýärdiler. Toýda düşnüksiz tukatlyk höküm sürýärdi. Toýçular beýleki toýlardaky ýaly şadyýanlyk edip bilmeýärdi. Olar birhili hukuksyz ýaly, özlerini ýygra saklaýardy. – Men altmyş ýaşapdyryn – diýip, düşeksiz ýerde oturan bir garry pyşyrdap, ýoldaşyna gürrüň berýärdi. – Beýle ynsapsyzlyk bilen gelin getirilenini heniz geremok. Heý, syrkaw ýatan gyzam gelin edip alyp gaýtmak bolarmy? – Ol gaýra üzüler-le – diýip, garrynyň gürrüňdeşi makullady. – Gelnalyjylar baranda biçäre gaty gyzdyryp ýatan eken. «Gyzym gutulýança äkitmäň» diýip, Gündogdy aga towakga-da edipdir. Onda-da Şyhym harpyk göwnemändir. Şu halatda Hanaly hanyň nökerlerinden biri tüpeň atdy. Bu onuň «Hanaly han gelýär» diýip habar berdigidi. Şyhym harpygyň garyndaşlaryndan biri ylgap baryp, hanyň atyny tutdy. Hanaly han gelenden soň toý has-da tukatlandy. Ýöne onuň ýerine haýal etmän nahar çekilip başlandy. Nahar ilki bilen Hanaly hanyň oturan düşegine çekildi. Ol ýerde Hudaýnazar işan, Hümmet hoja ýaly sylagly adamlar otyrdy. Adamlar ýaňy nahara başlanlarynda, eşikleri sal-sal, eli hasaly bir garry ýedi-sekiz ýaşly oglanjygy yzyna tirkäp, toý ýerine geldi. Oglanjyk köýnekçedi, aýagy çepeklidi, kellesinde tüýi düşen goňur telpek bardy. Ýaşuly aňyrdan ýakymly labyz bilen goşgy sanap gelýärdi: Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaý, Watany terk edip gidiji bolma! Özüňden egsik bir gaýry namardyň Hyzmatynda gulluk ediji bolma! Goşgy toýçulary ýesir edip goýdy. Garry ýene iki beýt goşgy aýtdy-da, märekä ýüzlenip şeýle diýdi: – Eý, Allanyň rehimdar bendeleri! Çarhy-pelegiň gazabyna uçran biçäre garra rehim ediň! Pelek maňa betbagtlyk duzagyny gurmanka, menem siziň ýaly hudaýyň berenini iýip, bermedigine kanagat edip ýören adamdym. Nädeýin, doganlar, täleýim ters geldi. Gedaýçylyk torbasyny boýnumdan asmaly boldum. Ine, şujagaz oglan meniň agtygym, Onuň kakasy Hojamyrat jan Büjnürde ýesir düşdi. Oňa ummasyz baha kesipdirler. Mende pul töläp, oglumy halas eder ýaly gurp ýok. Ol sebäpdenem ýüzüme gara çekip gedaý gezýän. Az-köp diýmän, joşanyňyzdan emläň-de, maňa kömek ediň! Adamlar biri-birleriniň ýüzlerine seredişdiler-de, her kim joşanyňdan garra sadaka bermäge durdy. – Toýuňyzda gaýtsyn, doganlar! Bizi sylany Alla sylasyn! – diýil, garry ýetişip bildiginden alkyş edýärdi. – Sen, agam, hol oturan adamlaryň ýanyna bar!– diýip, toýçulardan biri Şyhym harpyk dagynyň oturan ýerini görkezdi. – Hol ak telpekli kösäni görýärmiň? Oňa Şyhym baý diýilýär. Ol obanyň iň owadan gyzyňa öýlenýär. Göwnünden turup bilseň köp zat berer. Garry agtygyny yzyna tirkäp, salgy berlen ýere ugrady. Maksat, bu sözlerge kylgyl ygtybar, Çyn adama hergiz adamlyk derkar, Aňlamaý sözleme – «tamda gulak bar», Iç syryň kişige aýdyjy bolma! Hümmet hoja ýere bakyp oturyşyna: – Magtymgulynyň goşgusy! – diýip, özbaşyna gürledi. Magtymgulynyň adyny eşidende, Şyhym harpyk çeýnäp oturan lukmasyny gyssanjyna çeýnemän ýuwutdy. – Biziň ýanymyza gelip, Magtymgulynyň goşgusyny sanaýamyň? – Magtymgulynyň sadagasy gideýin! – diýip, hiç zatdan habarsyz garry jogap berdi. – Gedaýçylyga ýüz uralym bäri, hemme ýerde onuň goşgularyny sena edinýärin. – Haý, Magtymgulyň bilen başyňa daş düşsün, akmak çal! Onuň goşgusyny sanawaç ediner ýaly, Magtymguly kimmişin? Sanaýan sanawajyň şol bolsa, gümuňi çek şu ýerden! – Toba, estagpralla! – diýip, garry iki ädim gaýra çekildi. – Men adamlaryň rehimdarlygyna maýyl bolup el serip ýören bir saýyldyryn. Maňa göwnüňden çykaryp, bir zat emleseňem sag bol, emlemeseňem! Ýöne Magtymgula dil ýetirmegin! Gözüňi tutar! Garry agtygynyň elinden tutup, toýdan çykyp gidiberdi. Ol Şyhym harpygyň gaharyny getirmek isleýän ýaly, gaty gygyryp, goşgy sanap barýardy: Tapsaň-da, dünýäde mülki-isgender, Karunyň maly hem bolsa miýesser, Ahyry bolar sen ýerge barabar, Köňlüňde men-menlik satyjy bolma! Garry ýalňyşmandy. Şyhym harpyk halkyň eziz görýän adamsyna dil ýetirmek bilen öz abraýyny gaçyrdy. Şu wakadan soň toýçular kem-kemden dagap başlady. Birnäçesi göz-görtele gitdi, birnäçesi assyrynlyk bilen gitdi. Diňe Şyhym harpykdan ýüz görýän ýa-da oňa elgarama bolan adamlar gitmän galdy. Olaryň hem keýpi bozuldy. Toýa hadymlyk edýän adam toýy gyzdyrmak maksady bilen pälwanlara göreş tutdurmagy ýüregine düwdi. Ýöne göreş başa barmady. Gökleňleriň uly pälwanlary toýa gelmändi. Buýanky pälwanlar Hydyr pälwan bilen bil tutuşmaga gorkup, orta çykmadylar. At çapyşygyna gezek geldi. Birinji tapgyrda atlary gysga aralyga goýberdiler. Hanaly han Şyhym harpygyň çapyksuwaryny mündürip, Meleguş atly atyny çapuwa goýberdi. Bu tapgyrda başga obadan gelen bir myhmanyň atynyň aýagy ökde geldi, Hanaly hanyň aty galdy. – Bu näme beýle boldy? – diýip, Hanaly han gazap bilen seýsine gözüni alartdy. Seýis Hanaly handan gorkusyna: – Çapyksuwar oňarmady – diýip, agzynyň ugruna aýdyp goýberdi. Içi ýanyp duran Hanaly han Şyhym harpyga gözüni alartdy. Belent mertebeli adamlara ýaranjaňlyk etmeli bolanda hiç zatdan gaýtmaýan Şyhym harpyk muňa özüçe düşündi. Ol «bu gezekki çapyşyk karam boldy» diýen bahana bilen ozan ata baýrak bermedi. Muny ýokuş görüp, at çapdyrmaga gelenler öýkeläp gitdiler. Işiň erbet gerim alyp barýanlygyny aňan gonamalçy Hudaýnazar işan bilen Hümmet hojanyň oturan ýerine geldi-de: – Gelin bilen ýigide nika gyýmak gerek! – diýdi. Bu maslahat hem başa barmady. Nika gyýjak bolup, golam-çolam edip durkalar, Şyhym harpygyň daýzasy ylgap geldi: – Waý, il-gün! Näme alaç etsekkäk? Gelin özünden gidip, çalam-çaş bolup ýatyr-la! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |