23:23 Magtymguly -6/ romanyñ dowamy | |
■ «Bilbil aýrylsa gülünden...»
Taryhy proza
Buzlypolat serdaryň atlylary giç öýlänler obanyň garşysyndaky dagdan indi. Türkmen obalary, galalary, diňleri uzakdan salgymlap görünýärdi. Buzlypolat serdar bu wagt ýygyn tartyp oba barman, garaňky düşýänçä jülgeleriň arasynda düşlemegi makul bildi. Nökerler atdan düşdüler-de, atlaryny naharlamaga durdylar. Gully ýetim hem atdan düşdi. Buzlypolat serdar ony ýanyna çagyrdy-da, nämelerdir tabşyrdy. Gully ýetim haýal etmän oba bakan at goýdy. Magtymguly belent gerşiň üstüne çykdy-da, hyrydar gözleri bilen dogduk ýurduna syn etdi. Çalyş batyr bilen Abdyllaly çapyk hem onuň ýanyna bardylar. Ýat ilde mysapyrlyk çekip gelen şahyryň önüp-ösen ýurdy onuň gözüne diýseň eziz göründi. Ýüzüňi sypalap geçýän mylaýym dag şemaly-da, dürli owaz bilen jürküldeşýän guşlar-da, çöken düýe ýaly bolup ýatan äpet daşlar-da onuň gözüne mähirli göründi. Uzak wagt aýraçylyk çekeniňden soň, öz dogduk ýurduňa gaýdyp gelip, onuň howasyndan dem almak, gör, nähili hezil! Şu demde Magtymguly ähli gaýgy-gamdan halas bolana döndi, göwni göterildi Şahyryň göwnüne onuň ömrüniň iň eziz hem sapaly günleri täzeden gaýdyp gelen ýaly boldy. Şu umumy şatlygyň içinde Meňliniň suraty aýratyn bir gözellik bilen saýlanyp duran ýalydy. Dogdy asmanyň zöhresi, Çyn aşyga döwran bu gün. Açyldy zemin lälesi, Uşbu dünýä reýhan bu gün. Çalyş batyr goşgyny lezzet bilen diňledi, hamala ony özi goşan ýaly, süýjülik bilen dem aldy. – Berekella, şahyr! Joş bakaly! Bu gün joşmaly günüňdir! – Köp wagtdan bäri intizar bolan hyrydar gözlerim öz ýurdumy görýär! Häzir men öz obadaşlarymy, mähriban atamy, deň-duşlarymy görerin! Elbetde, Magtymgulynyň birinji nobatda Meňlini göresi gelýärdi. Şeýle-de bolsa Meňliniň adyny tutmakdan saklandy. – Oba baraýsak, uly toý ederis! – diýip, Çalyş batyr göwün ýüwürtdi. Şu halatda olaryň ýanyna Buzlypolat serdar geldi. Onuň ýanynda Küti pälwan bilen Galkan gökleň hem bardy. – Siziň şatlygyňyza bizem şärikdiris, ýigitler! – diýip, Buzlypolat serdar Çalyş batyra ýüzlendi. – Her niçik-de bolsa, entek toý tutup, heşelle kakardan ir. – Näme üçin, serdar aga? – Bular ýaly zadyň ýagdaýyny soraşman bilmegiň gerek, batyr! Bize dem-dynç almaga maý bermän, yzymyzdan kowgy geljekdigine paýhasyň ýetenokmy? Buzlypolat serdar birden Magtymgula ýüzlendi: – Siz nähili pikir edýärsiňiz, şahyr? Yzymyzdan kowgy geler öýdýäňizmi, gelmez öýdýäňizmi? – Kowgy geljegine şek ýok! Onda-da güýçli kowgy geler diýip çak etmek gerek! Öz başlan oýnunda utulan Muhammethasan han bu wagt depesinden gum sowurýandyr. – Kowgy gelse, gelende göräýmeli bolar-da! – diýip, Çalyş hüňürdedi. – Kowgy geljek, diýip, ýas tutup ýörmegem-ä bolmaz. – Ýöne, kowgy güýçlüdir, şony biliň! Uruş wagtynda halk zyýan çekmez ýaly, obalary göçürmeli bolarys. Men Gully ýetimi oba iberdim. Ýaşulular haýal etmäni obany göçürsinler diýip tabşyrdym. – Obany göçürenimiz bilen halky duşmandan gizläp bilermikäk? – diýip, Küti pälwan sorady. – Näme bizi satarlar öýdýämiň? – Özge kişi satmasa-da Hamaly han satar! Kowgy geler welin, biziň yzymyzy yzarlap, duşmana ýol görkezer. – Ondan her zada garaşaýmalydyr! – diýip, Çalyş batyr makullady. – Ol gyzylbaşlara satylan dönük ahyry. Hanaly hanyň pukara bendelere uly zyýan ýetirip biljekdigi hakyndaky pikir Magtymgulyny uly alada goýdy. Magtymguly, aýama jan, Biliň guşap, geý gazap don, Hetden aşdy bu zalym han, Ahyr tor gurmaly boldy. – Hak aýdýaň, şahyr – diýip, Galkan gökleň makullady. – Oňa gurt oýnuny görkezmek gerek. – Wah, kellesini almak gerek diýseňe! – diýip, Çalyş batyr dişlerini gyjady. – Şony Galkan ikimize tabşyrsana, serdar aga! Buzlypolat serdar başyny ýaýkady. – Onuňam pursaty geler, batyr! Entek öz içimizde gan dökmegiň wagty däl. Hanaly han bilen çaknyşasy gelip, köp wagt bäri hyjuw edip ýören Çalyş batyr ýene lapykeç boldy. – Men-ä haýran! Ol alahöwren bizi çakjak bolup owsun urup dursa-da, oňa degmeli dälmiş! Buzlypolat serdar Çalyş batyra gözüni alartdy. – Oglanlyk etme, batyr! Üstümize uly howp abanyp durka öz içimizde gyrgyn döredip, başymyzy öňküdenem beter gowga goýalymy? Gowusyny etjek bolsak, duşmandan gizlenmek gerek. «It ne gara görsün, ne-ede üýrsün!» Sen, Çalyş batyr, ýigitlerden bäş-on sanysyny ýanyňa al-da, töwerege ser salyp gel irden gapyllykda üstümizi aldyraýmaly! Çalyş batyr gitdi. Magtymguly oba seredip otyrdy. Hatar öýler çala salgym bolup bildirýärdi. Şyhym harpygyň garaýag juwazy tüsseläp dur. Magtymgulynyň gözüne çeşmäniň boýunda birnäçe zenan bardygy göründi. Olaryň arasynda Meňli hem barmyka? – Ýörüň, ýigitleriň arasyna baralyň, şahyr! – diýip, Buzlypolat serdar Magtymgulynyň pikirini böldi. Gerşiň üstünde sömelip dursak, görünmesiz adamlaryň gözüne ilmegimiz mümkin. Magtymguly çeşmeden gözüni aýryp bilenokdy, Onuň ýüregi edil gyzyl gören simap ýaly, şol tarapa ymtylýardy. – Serdar aga! – diýip, ol haýyş etdi. Men jülgeleriň içi bilen gidip, şol çeşmäniň boýuna baryp gaýdaýyn-la! Buzlypolat serdar Magtymgulynyň raýyny gaýtaryp bilmedi. – Bolýar, baryp gaýdaý! * * * Çalyş batyr birnäçe ýigidi yzyna tirkäp, jülgäniň ugry bilen ilerligine baka ugrady. Entek jülgeden çykmankalar, Galkan gökleň olaryň yzyndan ýetdi. – Menem siziň bilen gideýin, batyr! Bu ýerde galasym gelenok. Çalyş batyr bilen Galkan gökleň öňden, ýigitler olaryň yzyndan sürüp barýardy. At toýnagynyň daşa degip çykarýan şakyrdylary gaýalara düşüp ýaňlanýardy. – Batyr diýýän-ä – diýip, Galkan gökleň sorady. Birden Hanaly dönük öňümizden çykaýsa näderis? – Aý, çykanda göreris. – Maňa galsa-ha sen-men ýok, dembermezi boýnunyň çykan ýerinden salaýjak! Şonda asman ýykylýan bolsa ýykylsyn-la! Çalyş batyr «çynyňmy?» diýýän ýaly, Galkan gökleňe seretdi. – Serdar aga dygysyz akylly adam, oňa söz ýok! – diýip, Galkan gökleň dowam egdi. Ýöne onuň Hanaly hana näme üçin dözmezçilik edýänine- men-ä düşünemok. Sen dogry aýtdyň! Onuň salymyny bermän öldürmek gerek. Sen Magtymguly şahyryň aýdanyny eşitdiň ahyry! Ol, gardaş, aýtjak sözüni gaty saýgaryp gepleýän adam. «Ahyr tor gurmaly boldy» diýdi gerek? Diýmek, onuň bilen hasaplaşmaga wagt ýetendir. Çalyş batyr sesini çykarman, töweregine diňsalyp barýardy. – Näme diýsene, Galkan – diýip, ahyry ol dillendi, – şol dönük deýýusyň kellesini alaýasym gelip, özümiňem ýüregim böküp dur. Ýöne serdar agadan idinsiz munuň ýaly iş edäýsek, ol gaty görer. Men henize çenli bir gezegem serdaryň kejine gaýdan adam däl. – Iş bitirip bilseg-ä, ol biziň günämizi öter! – diýip, Galkan gökleň jogap berdi. – Iş bitirip bilmesegem, elbetde, maslygymyzy ýygnan tapylar-da! * * * Magtymgulynyň synçy gözleri ýalňyşmandy. Dört sany gyz çeşmäniň başynda otyrdy. Olaryň arasynda Meňli ýokdy. – Suwuň ýakymlyjadygyny! – diýip, köýneginiň öňüne kümüş apbasy dakylan bir gyz söz açdy. – Şu wagtlar kiçijik çaga bolsaň, hezil edip suwa düşünseňdiň! – Bolsady ekjek bolsaň, parahatlyk eýýam bolsa diýsene! – diýip, onuň bilen ýanaşyk oturan gyz alyp göterdi. – Parahatlyk bolsa, häzirem çeşmäň ýokarsyna gidip, suwa düşäýmek bolardy. Zamana erbet. Obadan aýagyňy saýlap bolanok. Bahar şillirdäp akýan suwuň owunjak daşlary togalap alyp gidişine syn edip otyrdy. Ýöne onuň gözleri suwa seretse-de, pikiri geçmişiň ümür-dumanynda howalap ýördi. – Siziň ýadyňyza düşýämi, gyzlar? – diýil ol edip oturan pikirini diline aldy. – Kiçijik gyzkak Meňli dagymyz şu ýere gelip suwa düşerdik. Şol wagtlar Meňli gaty şadyýan gyzdy. Aramyzda Meňli bolmasa, bir zadymyz kem ýaly bolardy – Şyhym harpyklara berleli bäri, Meňli horlanypdyr – diýip, öňi apbasyly gyz ümsümligi bozdy. – Ýüzünde gan-pet galmandyr. – Ýöne bir horlanmagam däl – diýip, alaça köýnekli gyz makullady. – Halys aňkasy aşan ýaty bolaýypdyr. Bahar ýere bakyp oturyşyna şeýle diýdi: – Ozallar men Meňli bagtly gyzdyr öýdýädim «Menem Meňli ýaly bagtly bolsamdym» diýip, öz-özümden kemsiner ýörerdim. – Sen ýalňyşypsyň, Bahar jan! Onuň ýazgydy pes eken! – Ýok, men ýalňyşamok! Meňli bagtly gelin bolmalydy. Ýöne onuň bagtyny bagladylar. Bahar solup giden bir güljagaza seredip, pikire gitdi. Gyzlaryň hem ykbaly edil şu gülüň ykbalyna meňzäp dur. Gül gunçalaýar, parlap açylýar. Ol güle hyrydar bolup başlaýarlar. Ine, şu döwür hem gülüň takdyryna bije atylýan döwür bolýar. Eger gül gadyr bilýän adamyň eline düşse, ol ony aýawly saklaýar, gül uzak wagtlap solmaýar. Eger gül gadyr bilmez näkesiň eline düşse, ol ony har saklaýar, gül aýak astyna düşüp, basgylanyp galýar. Meňli Magtymgulysyna gowşan bolsa, tä ölýänçä solmazdy, hemişe parlar durardy. – Ilerden bir adam gelýä – diýip, gyzlaryň aýdan sözi Baharyň pikirini böldi. Uzyn boýly, gara sakgally bir adam, agraslyk bilen ädimläp, gyzlaryň oturan ýerine baka gelýärdi. «Magtymgula meňzeş! – diýip, Bahar içini gepletdi. Eger diri bolsa, şu Magtymgulydyr». – Ýörüň, gaýdalyň – diýip, alaça köýnekli gyz küýzesine ýapyşdy. Bahar hem suw kädisine ýapyşdy. Şu halatda Meňliniň eden haýyşy ýadyna düşdi. «Sen ugruny tap-da, ýüzükleri oňa gaýtaryp ber» diýip, ol janyndan syzdyryp aýdypdy. Magtymguly bilen gürleşmek üçin, elbetde, şundan amatly pursat gabat gelesi ýok. Ýöne näme bahana tapyp gyzlardan galyp bolarka? Birden Baharyň enesinden eşiden bir ertekisi ýadyna düşdi. Şol ertekide bir gyz gaýdyp gelmäge bahana bolar ýaly, oturan ýerinde ýaglygyny galdyryp gidýärdi. Bahar hem şeýtdi. Az salymdan soň Magtymguly çeşmäniň boýuna geldi. Öz iline gowuşmagyň hoşallygyndan ylham alyp joşan Magtymguly ýüzüniň ugruna goşgy düzüp gelýärdi. Magtymguly goşgy düzüp, kellesinde pikir öwrüp durka, Bahar gaýdyp geldi. Ol Magtymgula ýakyn geldi-de, ýüzüni sallap duruberdi. Magtymguly onuň Bahardygyny tanady. – Gurgunmyň, Bahar? – diýip, ol ýuwaşja sorady. – Gözüň aýdyň, sag-aman gelipsiň – diýip, Bahar ýaglygyny otuň içinden aldy. – Men ýaglygymy galdyraýypdyryn. – Ýeke özüň geldiňmi? – diýip, Magtymguly sorady. – Indi... Meňli... Ýok – diýip, Bahar jogap berdi. – Oňa näme boldy? – Ony Şyhym harpyklara çykardylar. Ol sizi ýatlap, köp aglady. Magtymgulydan ses çykmady. Ahyry Baharyň karary ýetmän, gabak astyndan şahyryň ýüzüne seretdi. Şonda Magtymgulynyň doňan ýaly bolup, bir nokada seredip duranlygyny gördi. Magtymguly esli wagt gymyldaman duransoň, onuň kükreginde bir ses nala çekip başlady. – Meniň bagty pes naçarym! Seni, gör, nähili jebirlere sezewar edipdirler! Gözleri gumdan dolsa-da, puldan dolmajak bir harsydünýäniň aranly penjesine taşlapdyrlar. Şu wagt Magtymgula habar gatmagyň onuň derdini täzelemekden başga zat däldigine Baharyň akyly çatýardy. Ýöne welin, onuň bu ýerde uzak durmaga ýagdaýy ýokdy, oňa gyzlar garaşýardy. – Meňli şu ýüzükleri size gowşurmagy maňa tabşyrdy – diýip, ol ýaglyga düwülgi ýüzükleri şahyra uzatdy. – Meniň sahypjemalymyň eýjejik barmaklaryna dakynan ýüzükleri! – diýip, Magtymguly olary ýüzüne syldy. Şondan soň ol özüne has bolan sowukganlylygyny saklap bilmedi: – Eý, Alla! Meniň Meňlimi elimden alanyňdan, dagyň bir bölegini depämden inderen bolsaň gowy bolardy! – Men gideýin! – diýip, bogazy dolan Bahar zordan dillendi. – Meňlini görseňiz aýdyň! – diýip, Magtymguly ýangynly gürledi. – Men tä ölýänçäm ony unutmaryn! Gözi ýaşly Bahar ýüzüni galdyrman, öz ýoluna ugrady. Magtymgulynyň ýanyna Küti pälwan geldi. – Şahyr, ýaňky gyz seni gördümi? Magtymguly şol melul bolup duran hereketini üýtgetmän: – Gördi! – diýip, bir söz bilen jogap berdi, Görenligini hiç kime aýtmaly däldigini tabşyrdyňyzmy? – Ýok, tabşyramok! – Ol öýlerine ýetip-ýetmän seni görenligini aýdar. Onsoň, bu habar Hanaly hanyň adamlaryna ýetäýse-de ähtimal. – Şeýle bolaýsa-da bilemok. Häzir men hiç zady bilemok, pälwan! Özümiň ölüdigimi, diridigimem bilemok. Küti pälwan geň galdy. Ol düşünmezlik bilen Magtymgulynyň ýüzüne seretdi. Şahyryň reňki solukdy. Ol öz ýurduna ilki aýagyny basanda peýda bolan şatlykdan nam-nyşan ýokdy. – Sana näme bolýar, şahyr? – Bilemok, pälwan. Men ýöne diriligimdäki iň eziz guwanjymyň, süýji umytlarymyň weýran bolanlygyny bilýän. Meniň göz dikip ýören ýalňyz Zöhre ýyldyzym gözümiň öňünde sönüp gitdi. Magtymguly ysgyndan gaçan aýaklaryna agram berip, suwuň başyna bardy, ýabyň gyrasynda gögerip oturan çaýryň üstünde oturdy. – Sen ýaş başyňdan köp horluklary başdan geçirdiň – diýip, Küti pälwan onuň ýanynda oturdy. Ýöne şeýle perişan hala düşeniňi men henize çenli görmändim. Aýt, şahyr, saňa näme boldy? Magtymguly ýürek awusy zerarly gözlerini süzdi-de, şeýle diýdi: – Täze gülüň yşkynda nala çekýän bir bilbil şol gülüň birden solup ötägidenini görse, heý-de nalamazmy! Indi mende ne gül galdy, ne gunça, ne saz galdy, ne söhbet! Tenim, jesedim boşady, boş jeset içinde çyrpynýan janym galdy. ■ «Sözleşerdim, syrlaşardym ýar bile...» Şol gün ikindinara Şyhym harpygyň sekiz ganatly ak öýünde Hanaly han, Hudaýnazar işan, Hümmet hoja we iki sany, geýnüwli myhman otyrdy. Oturanlaryň biri şahandazlyk bilen gürleýärdi, beýlekiler keýp edip gülüşýärdi. Bu öý bilen ýanaşyk öýde Meňli aýralyk dagyny çekip, öz takdyryndan nalap otyrdy. Meňli ozalkysyndan horlanapdy, gije-gündiz öýden çykman oturany üçin, reňki has-da agarypdy. Bir wagtky bişen alma ýaly ýaňaklary solan gül ýaly sülleripdi. Owadan gözleri töwerekdäki zatlara parhsyz garaýardy. Ol bu ýerde özüni keseki hasaplaýardy. Meňli öýde içki aladasy bilen başagaý bolup otyrka, bir atlynyň howla girenini eşitdi. Az salymdan soň myhmanlaryň oturan öýüniň gapysy açylyp-ýapyldy. – Bolup gelşiň nätüýsli? – diýip, Hanaly hanyň arlawuk sesi eşidildi. – Habar bar, han aga! – diýip, gelen adam jogap berdi. – Çeşmäniň ýokarsynda Magtymguly şahyry görüpdirler. – Kim görüpdir? – Suw almaga baran gyzlar. Meňli ýanaşyk öýde edilýän gürrüňleri doly eşidip bilmese-de, «Magtymguly gelipdir» diýen sözi eşitdi. Şol demde onuň ýüzüne nur çaýylan ýaly boldy. «Magtymguly bar eken! Ol sag-aman dolanyp gelipdir!» Ýanaşyk öýde gürrüň dowam edýärdi. – Şahyryň ýeke özi-hä gelen däldir – diýip, Hümmet hoja çen etdi. – Bu ýerde Buzlypolat serdaryň eli bar bolsa gerek. – Onuň oba gelmän, çeşmäniň ýokarsynda köwejekläp ýörmesi nämekä? – diýip, Hudaýnazar işan geňirgendi. – Siz ras aýdýaňyz, hojam! Bu ýerde bir gep bardyr. – Näme gep bolsa aýt-da! – diýip, Hanaly han arlady. – Ol gaçgak bolup gelendir diýmek göwnüme gelýär. Ol gaçgak bolup gaýdansoň, elbetde, onuň yzyndan kowgy geler. Şonuň üçinem, ol özüni äşgär etmejek bolup, onda-munda bukdaklap ýörendir. – Hut şeýledir, han aga! – diýip, Şyhym harpyk makullady. – Ol gaçyp gelendir, ýogsam ony goýberjek gümanlary barmy! Derrew gidip, ony tutmak gerek! – Hümm! – diýip, Hanaly han ýogyn sesini hümletdi. – Ony kowalap tutsak, olam birden köşk adamsy bolup çykaýsa, onda näderis? Bu soraga hiç kim jogap bermedi. Menli Magtymguly hakynda oýlanmaga durdy. Meňli pikire çümüp otyrka, howla ýene bir atlynyň gelenligi eşidildi. Ýene ýanaşyk öýüň gapysy açylyp-ýapyldy. – Han aga! – diýip, soňky gelen adam habar berdi. – Obalar bosa-bosluk etjek bolýa. Adam bary başagaý! Öýli-öýüni, mally-malyny göçe taýýarlaýar. – Bu nämäniň bosa-boslugy? – diýip, Hanaly han yzgytsyz gygyrdy. – Obany göçürmäge kim ygtyýar berenmiş? – Ilerden ýagy geljekmiş. – Bu gürrüňi kim çykardy? – Bilmedim, han aga! Gürrüňiň başy Döwletmämmet mollalaryň syrgynyndan çykanmyş. – Gördüňizmi? Ýaňky aýdanyma bardy gerek? – diýip, Hudaýnazar işan alyp göterdi. – Şahyryň yzyndan kowgy gelýändir. – Hut şeýledir! – diýip, Şyhym harpyk gyssanmaç tassyklady. – Oba bosýan bolsa, oňa bir alaç etmek gerek! – diýip, Hümmet hoja maslahat berdi. – Ýa-ha bizem il bilen bile bosalyň, ýa-da ilaty bosdurmakdan saklalyň! Birden gyzylbaşlar geläýse, ähli güzap biziň boýnumyza düşäýmesin! – Oňa şek ýokdur! – diýip, Hudaýnazar işan makullady. – Ilaty bosduryp özümiz galaýsak, taýak bize deger. Hanaly han pikire gitdi. Eger ilat bosup gitse, onda Hanaly hanyň hem bu ýerde işi ýok. Ilat bolmadyk ýerde han kime derkar? Ilat bilen bile bosup gitse, o-da boljak däl. Barybir, bosulyp barlan ýerde ony ýekeje günem han edinmezler. – Obany bosdurmaly däl! – diýip, Hanaly han buýruk berdi. – Adamlara habar ýetiriň! «Obadan gitmek gadagan!» Diýeniňizi etmeýänlere jeza berjekdigimi duýduryň! Men häzir çeşmäniň ýokarsyna gitjek. Ol ýerde kim bardygyny gözüm bilen görjek. Şyhym baýyň öýi boşap galdy. Hanaly han nökerlerini yzyna tirkäp, daga baka sürdi. Hudaýnazar işan bilen Hümmet hoja oba ilatyna töwella etmäge gitdi. Meňliniň ýüregine howul düşdi. Ol mundan birnäçe wagt ozal atasynyň öýündekä edişi ýaly, kyblasyny bakyp, hudaýa nalyş etmäge durdy: «Eý, gudraty güýçli biribar! Magtymgulyny öz penaňda aman sakla! Erbet niýet bilen onuň üstüne giden adam hudaýyndan tapsyn! Magtymgula gylyç salanyň gylyjy öz garnyndan sanjylsyn! Oňa el uzadanyň eli çüýresin!..» ■ «Ilimni ugratdy dagy-duz bile...» Gün erňegini dagyň aňyrsynda gizläp ugrapdy. Demirgazykdan ýakymly şemal öwüsýärdi. Asmanda bir bürgüt özüne aw gözläp, äwmezlik bilen gaýyp ýördi. Demirgazyk tarapdan bir süri käkilik uçup gitdi. Olar Buzlypolat serdaryň atlylarynyň düşlän jülgesinde gonjak ýaly edip aşakladylar-da, gonman geçip gitdiler. Magtymguly ullakan daşa ýaplanyp, gymyldaman otyrdy. Onuň üç-dört ädim aňry ýanynda Küti pälwan Buzlypolat serdara nämelerdir gürrüň berýärdi. Ol Magtymgulynyň perişan hala düşüşi hakynda gürrüň berýän bolsa-da ähtimal. – Serdar aga, gaýradan bir atly gelýär! – diýip, gerşiň üstünde gözegçilik edip oturan ýigit gygyrdy. Atly has golaýa gelensoň, onuň Gully ýetimdigini tanadylar. Ol atyndan böküp düşdi-de, Buzlypolat serdaryň ýanyna bardy. – Serdar aga, tabşyran zatlaryňy Döwletmämmet molla aýtdym. Oba göçe taýyn. – Göçmän galýanlar barmyka? Hanaly hanyň syrgyny göçenok. Ol «hiç kim göçmeli däl!» diýip höküm edipdir. – Ol adamlara azar berer-ow – diýip, Küti pälwan howsala düşdi. – Hanaly han biziň üstümize gaýdanmyş – diýip, Gully ýetim dowam etdi. – Ol biziň gelenimizi bir ýerden-ä eşidipdir. – Dönük – diýip, Buzlypolat serdar gahar bilen gamçysyny silkip goýberdi. – Ol han däl, halkyň boýnuna düşen towky! Buzlypolat serdar Hanaly hany ýigrense-de, henize çenli ony nökerleriniň arasynda aç-açan näletlemändi. Şoňa görä-de, serdaryň bu sözi Hanaly handan içi ýanyp ýören nökerlere gylaw berdi. – Wah, ony öldüreniň kesewisi gögerer-le! – Indiki maslahat şeýle! – diýip, Buzlypolat serdar tabşyrdy. – Biz Hanaly hany erkine goýberip, halky weýran etdirip bilmeris. Han biziň bilen ylalaşyga gelmese, çaknyşmaly bolarys. Şol halatda günbatardaky jülgeleriň birinde galmagal turdy. – Bu şolardyr, Çalyş batyra ýolugandyrlar – diýip, Küti pälwan howsala düşdi. – Atlanyň! – diýip, Buzlypolat serdar buýruk berdi. Suw içim salymdan soň Buzlypolat serdaryň atlylary jülgeden çykyp gitdi. Ýüregi ýaraly Magtymguly hem olar bilen sürdi. Buzlypolat serdaryň atlylary gopgun eşidilýän jülgäniň ýokarsyndan inenlerinde, jülgede gyzgyn söweş gidýärdi. Hanaly hanyň nökerleri bilen Çalyş batyryň ýoldaşlary söweş edýärdi, zarp bilen urulýan gylyçlardan uçgun çykýardy, çarpaýa galyp, biri-biriniň üstüne zyňýan atlaryň nagrasy daglary ýaňlandyrýardy. Gylyç degip çapylýan adamlar atdan agyp gidýärdi. Buzlypolat serdar gelenden soň Hanaly hanyň nökerleri olara gaýtawul berip bilmän, ýeňsäni berdiler. * * * Buzlypolat serdar Hanaly hanyň nökerlerini derbi-dagyn edensoň, söweş bolan jülgä geldi. Ol ölülere hem ýaralylara ser saldy. Onuň gözüne ilki ilen Hanaly han boldy. Onuň-läşi serlip ýatyrdy, gözleri haram ölen itiňki ýaly peträp durdy, öwelip ýatan agzyna gum gapylyp, erni palçyk bolup ýatyrdy. Şyhym harpygyň sylag beren zerli dony gyzyl gandy. Onuň elinde sapança bardy. – Bärik geliň, serdar aga! – diýip, Abdyllaly çapyk serdary bir kerkawyň ýanyna alyp bardy. Kerkawyň kölegesinde Çalyş batyr süýnüp ýagyrdy. Ol ýetişip bildiginden suw dileýärdi. – Biz Hanaly hana ýolukdyk, serdar aga! – diýip, Abdyllaly çapyk gürrüň berdi. – Onuň bilen söweş etmeli bolduk. Çalyş batyr ony öldürdi. Ol deýýus ölmänkä batyry tüpeňledi. Çalyş batyr gözüni açdy. Ümezlän gözlerini gezdirip, Buzlypolat serdary tapdy. – Serdar aga... Meniň... günämi öt! – diýip, ol sözleri bölüp-bölüp gürledi. – Men ahyry ony... il-günüň bähbidi üçin... ony men... Çalyş batyr nämelerdir aýtmaga synandy, emma gürlemäge gurbaty ýetmänsoň, ýöne dodaklaryny tamşandyraýdy. Buzlypolat serdar Çalyş batyryň başujunda oturdy-da, onuň maňlaýyndan sypalady. – Çalyş batyr! Gözüňi aç, inim! Çalyş batyr gözüni açdy. – Günämi... ötýäňmi... serdar aga?.. Ölmänkäm... eşideýin... – Günäňi Alla bagyşlasyn, inim! Sen gutularsyň, enşalla! Çalyş batyr adamlara göz gezdirdi. Onuň garaňkyran gözleri Magtymgulyny zordan saýgardy. – Magtymguly... sen... senem... – diýip, ol Magtymgula bir zat aýtmaga synandy, emma sözleriň başyny çatmaga mejaly ýetmedi. – Çalyş batyr! – diýip, Magtymguly onuň ýanynda oturdy. Çadyş batyr sermeläp Magtymgulynyň elinden tutdy. – Şahyr... sen... goşgy düzersiň... Pukara bendelere... sen ýene-de... köp goşgy... Bu Çalyş batyryň iň soňky sözi boldy. Şondan soň ol birnäçe gezek ynjy bilen urundy-da, ömürlik uka gitdi. – Jan berdi! – diýip, Buzlypolat serdar çala duýulýan hamsykma bilen gürledi. – Edermen hem batyr ýigidimiz dünýäden ötdi. Bisähet gün dünýä inen Hanaly han diri wagtynda pukara ile azar ýamanyny berdi. Iň soňunda Alla amanadyny tabşyrjak bolanda-da, iň bir oňat ýigidimiziň başyna ýetdi. Magtymguly Çalyş batyryň ukuda ýatan adamyňka meňzäp duran ýumuk gözlerine seretdi: – Sen ölümden heder etmeýän, gaýduwsyz batyrdyň! Il-halkyň seni hiç wagt ýatdan çykarmaz! Gully ýetim özüni saklap bilmän, maňlaýyny gara daşa ýaplap, horkuldap aglaýardy. – Çalyş batyry tabyda salyp, inere ýükläň! – diýip, Buzlypolat serdar buýruk berdi. Şol aralykda ýigitlerden biri obaň göçüp başlanyny habar berdi. Şondan soň Magtymguly, Buzlypolat serdar, Küti pälwan üçüsi-de gerşe çykyp, oba seretdiler. Gün ýaşypdy. Agşam şapagy gyzaryp, hemme zady: çar töweregi gaplap duran daglary-da, jülgelerdäki ululy-kiçili baglary-da, obadan göterilýän goýy tozany-da gyzyl reňke öwürdi. Indi bütin gözýetim ýalyna gaplanan ýaly, dym-gyzyl bolup durdy. Som-saýak bolup göçüp barýan oba gyzyl ýalnyň içi bilen gidip barýan ýalydy. – Ine, ýene-de eziz watany taşlap gitmeli bolduk! IKINJI BÖLÜM ■ «Okyr men, görer men barça kelamy...» Gadymy gündogar medeniýetiniň we yslam dininiň merkezi hasap edilýän Buhara güýz günleriniň howasyndan dem alýardy. Talyplar hem müderrisler üçin belli aýlaryň biri bolan mizan aýy aýak bolup barýardy. Buhara şäherine görk berýän ululy-kiçili medreseleriň hemmesinde okuwlar başlanypdy. Şäheriň orta gürpündäki al-asmanda seleňläp duran beýik ymaratlaryň arasynda Gögeldaş medresesi aýratyn gözellik bilen saýlanyp durdy. Bu medresede okaýanlar diňe bir Turan hem Mawerannahr1 sebitinden gelen talyplar bolman, olaryň arasynda Horasandan, Müsürden, Şamdan, Yrakdan gelen talyplar-da bardy. Ir-säher, giç-agşam birneme çigrese-de, gündizlerine howa maýyldy. Bular ýaly howada talyplar garanky hem yzgarly hüjrede gözleriniň köküni gyryp oturman, medresäniň howlusyna çykyp, üçden-dörtden halka gurap, sapak taýýarlaýardylar. Medrese howlusynyň ýeňseki diwarynyň äňünde üýşüp oturan adamlar başgalardan saýlanýardy. Bu üýşmegiň kethudasy çal sakgally, uzynak adam bolup, onuň başynda ýaşyl tahýanyň üstünden oralan ak sellesi, egninde arap biçiminde tikilen gök çäkmeni bardy, aýagy mesilidi. Ol Buharanyň köp medreselerinde hormat bilen ady tutulýan Nury Kazym ibn Bahrydy. – Hawa, hormatly talyplar – diýip, ol esli wagt gürrüň berenden soň sözüni soňlady. – Ýaňky aýdyşym ýaly, biz juwan ýaşymyzdan başlap jahankeşdeligiň yşkyna düşdük. Köp ýerlere syýahat etdik. Halapda, Istambulda, Bagdatda, Ispyhanda bolduk, Horasany gezdik, Samarkanda bardyk. Her baran ýerimizde-de köp täsin zatlary gördük. Indi ýaşymyz bir çene barypdyram weli, jahankeşdeligiň yşky serimizden gidenok. Biziň pikirimizçe, kimde-kim ylymyň-bilimiň jümmüşine siňmegi ýüregine düwen bolsa, öz ömrüniň belli bir bölegini jahankeşdelige bagş etmegi zerur! – Hormatly Möwlanamyzyň özi nirelikä? – diýip, talyplardan biri sorady. – Aslymyz Şam ýurdundan – diýip, Nury Kazym jogap berdi. – Bizi Buharanyň hormatly Şeýhulyslamy Hezreti Hoja Mübärek Horezmi şu medresede ders bermek hormatyna mynasyp görüp, çagyryp getirdi. – Onda hormatly Möwlanamyz arap eken-dä? – Ýok. Biz türkmen bolarys. – Şam ilinde-de türkmen bar eken-ow... – diýip, başga bir talyp geň galdy. – Biz-ä türkmen ýeke Turandamyka öýdýädik. – Ýeke Şamda-da däl, Rum iliniň köp ýerinde türkmen bar. Bir gezek Babyl şäherinde bir taryhçy bilen gürrüňdeş bolmak maňa miýesser etdi. Şol taryhçynyň beren gürrüňine görä, gadym zamanda türkmenler Syrderýanyň aýaklarynda ýaşapdyrlar. Onsoň 416-njy – senelerde türkmenler günbatara baka ýörüş edip, Jeýhundan geçipdirler. Eýrana, Yraga barypdyrlar. Köp öýli türkmenler Rum ýurtlaryna baka göçüpdirler, megerem, şol zamanda mesgen tutup galan türkmenleriň nesli bolsa gerek. – Ýaňy-ýakynda biziň medresämize türkmen ilinden bir talyp geldi – diýip, ýene bir talyp gürrüňe goşuldy. – Özem şahyr. Ol ýaňy ýigrimi bäş ýaşan ýigit. Ýüzünden-gözünden asyllylyk nury ýagyp duransoň, talyplar oňa uly alyma hormat goýýan ýaly hormat edýäler. – Siziň aýdýanyňyz Magtymguly şahyrdyr-ow – diýip, Nury Kazym jogap berdi. – Ondan habarym bar. Ol ýaş ýigidem bolsa, onuň şygyrlary alyslara ýetipdir. Onuň «Pyragy» tahallusam5 bolmaly. Onuň ýanyna görme-görşe baraýsagam boljak. Talyplar geňirgenme bilen biri-birleriniň ýüzüne seredişdiler. Olaryň bu garaýşynda «asyrlar boýy däp bolup gelýän ýörelgä görä müderrisler6 hem damyllalar7 talyplaryň üstüne görme-görşe barmaýarlar, talyplaryň özleri olaryň üstüne gelýär» diýen many çykýardy. – Beýik şahyr Ferdöwsi, Nyzamy, Nowaýy ýaly hudaýtagalanyň nazar salan adamlary ýüz ýyldan bir gezek dünýä inýär – diýip, Nury Kazym talyplaryň geňirgenmesine jogap berýän ýaly gürledi. – Alla uzak ömür hem dury zehin berse, Magtymguly-Pyragy-da ömür-baky şöhraty öçmejek şahyrlaryň hataryna goşular. Olar ýaly adamlara hormat goýmak hemmeler üçin parzdyr. Magtymgulynyň hüjresi-de dar hem garaňkydy. Şeýle-de bolsa Magtymguly wagtynyn köpüsini az hüjresinde geçirýärdi. Bir iş bilen bir ýana gitmeli bolanda, Magtymguly bilen bir hüjrede bolýan Alymerdan Syddyh gidýärdi. Her gezek gaýdyp gelende-de bir täze habar getirýärdi. Bu gün hem şeýle boldy. Magtymguly Alymerdan Syddyhyň hüjrä girenini gördi-de: – Sag-aman geldiňizmi? – diýip sorady. – Näme täze habar bar? – Aý, habaram näme – diýip, Alymerdan getiren zatlaryny ýerleşdirip durşuna jogap berdi. – Şu gün medresede-hä ýöne siziň gürrüňiňiz bolup dur. – Be! Beýle uly gürrüň bolar ýaly, näme etmişimiz barka? Alymerdan Magtymgulynyň ýanyna gelip, çök düşüp oturdy. – Näme diýseňizläň! Siz gelmänkäňiz biziň medresämizde agyz dolduryp adyny tutar ýaly şahyr ýokdy. Elbetde, bu ýerde-de gazal, şygyr düzýän bolýan adam gyt däl. Ýöne olaryň şygyrlaryny bialaç bolup diňläýmeseň, göwnüň küýsäb-ä diňläsiň gelenok. – Erbet goşgy bilen erbet biçilen geýim ikisi bir hasapdyr. Olaryň ikisine-de hyrydar bolasyň gelmez. – Siziň şygyrlaryňyzy diňläniňde adamyň ruhy göterilýär, olar hut öz ýüregiňden çykýandyr öýdýärsiň! Ol sebäpdenem siziň gelmegiňiz adamlaryň arasynda uly gowur döretdi. Ozal biziň gapymyzy tanyýan adam az-azdy. Indi adamlaryň nazary biziň hüjremize mähir bilen seredýär. Käbir adamlaram gyşyk göz bilen seredýär. – O näme üçin? Olara eden ýamanlygymyz nämekä? – Adamlarda göriplik bar, şahyr! Hol gündogarky hüjreleri görýäňizmi? Şol hüjrelerde baý täjirleriň, uly begleriň ogullary ýaşyýa. Olar pully adamlar, mes ýaşyýalar. Günde-günaşa üýşmeleň edip, meýlis gurýalar. Şahyrsyran bolup şygyr-gazalam aýdyşýalar. Siz geleliňiz bäri olaryň şahyrlygynyň üstüne suw sepilene döndi. – Hemme adama ýaranyp bolmaz! – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Pälimiz-niýetimiz düzüw bolsa, şol besdir! – Olaryň size göriplik edýänliginiň başga-da bir sebäbi barmykan öýdýän. Buharada Gyzlargül Aýym diýen bir baý aýal bar. Dygysyz syratly aýal! – Gyzlargul Aýym diýýäniňiz kim bolmaly? – Ol bir baý täjiriň aýaly. Adamsy dirikä-de söwda işini dolandyrýan Gyzlargül Aýymyň özüdi. Ol dünýäniň dört künjegine kerwen ugradardy. Günbatarsy Müsür, gündogarsy Çynmaçyn1 aralykda onuň kerweniniň basmadyk ýeri ýokdur. Gyzlargül Aýymyň äri keselbent adamdy. Ol bende şol keselinden açylmanam öldi. Adamsy ölensoň Gyzlargül Aýym hasam ýaýnady. Keýpi tutan wagty öýüne myhman çagyryp, meýlisem guruberýä. Käwagtlar ýaňky aýdan baý talyplarymy myhman çagyryp, olara şygyr-gazalam aýtdyrýa. – Gyzlargül Aýym hakykatdanam goşgy-gazalyň aşygymy ýa-da ýöne wagtyny hoş geçirmek üçin güýmenje edinýämikä? – Ol şygyr diňlemegi çyny bilen gowy görýä. Eger Gyzlargül Aýymyň özüni taryplap şygyr düzäýseler-ä, bar onsoň! Şygyr düzeniň sylagyny ýetirýä. Gyzlargül Aýym siziňem Buhara geleninizi eşidipdir. Sizi myhmançylyga çagyrjak bolýamyş diýen gürrüňem bar. Allaýar beg dagyny basga salýanam şu gürrüňmikän öýdýän. – Eger şonuň üçin basga galýan bolsalar-a, hatyrjem bolaýsynlar! Biz Gyzlargül Aýym bilen olaryň arasyna düşmejek bolarys. – Gyzlargül Aýym myhman çagyraýsa, boýun towlamaweriň! Buhara medreselerinde talyp boljak bolsaň, ýa-ha gurply ataň bolmaly, ýa-da Gyzlargül Aýym ýaly adamlaryň mürähedine mätäç bolmaly. – Şolaryň hiç haýsyndan-haýyrlanman mydar edýän talyplaram bardy-la! Bizem şolaryň biri bolaýarys. Alymerdan az salym Magtymgula seredip durdy-da, sesini çykarman daşaryk çykdy. Çykan badyna-da dolanyp geldi. – Hormatly Möwlana Nury Kazym ibn Bahry gelýä! Magtymguly çäkmeniňi ýapyndy-da, gapa bardy. Ol iç işige ýetende Nury Kazym gapydan geldi. Onuň ýanynda ýene birnäçe adam bardy. Magtymguly hormatly myhmany güler ýüz bilen garşylady. Nury Kazymyň özüne kiçilik bilmän, Magtymgulynyň hüjresine gelmegi şahyryň kalbynda uly guwanç döretdi. Şu aralykda Alymerdan körpeçe ýazyp, hormatly Möwlanany töre çagyrdy. Hüjrä sygarmykak. Biz köplük bolup geldik. Biziň bilen söhbet edip oturmak meýliňiz bolsa, düşek daşardan ýazylaýsa! Düşegi daş gapa ýazdylar. Nury Kazym geçip oturdy. Onsoň, beýleki adamlar hem ýer tapan ýerlerinde jaýlaşyp oturdylar. – Biz siziň öňüňizde ýazykly, tagsyr! – diýip, Magtymguly Nury Kazymdan ötünç sorady. – Siziň huzuryňyza salama baraýsak diýip, hyýallanyp ýördük. Ýöne hormatly Möwlanamyz talybyndan parhly bolup çykdy. Günämizi öteweriň! – Günä ötülmäniň taby sogap gazanmakdadyr, şahyr! – diýip, Nury Kazym wäşilik etdi. – Sogap gazanyp bilseňiz, belki-de, ýalkanarsyňyz. – Keminäňiz hyzmatyňyza taýyndyr, tagsyr.! – Özüňiz bilýäňiz, şahyr, biziň hyrydar göwünlerimiz siziň çeper şygyrlaryňyzyň aşygy! Irnik görmän, biziň teşne göwünlerimizi gandyrsaňyz, size minnetdar bolardyk! Magtymguly töweregindäkileriň ýüzüne ýekän-ýekän seretdi. Onsoň, ýuwaşja ardyndy-da, bir goşgyny ýatdan aýtdy. Onsoň ara salym saldy-da, ýene bir goşgyny aýdyp berdi. Hüjräniň öňüne ýygnanan adamlar Magtymgula golaý-golaý süýşýärdiler. Adam barha köpelýärdi. Esli wagtdan soň hüjräniň öňüne ep-esli adam ýygnandy. Söhbetiň mazaly gyzan wagty özüne göwni ýetýän bir adam gelip, oturanlara salam berdi. Ol geýnüwlidi. Bize Gürgenden gelen şahyr Magtymguly gerekdi. – Magtymguly diýilýän-ä biz bolarys. – Men Gyzlargül Aýymyň ýakyn adamsy. Ismimize Ahmedaly diýerler. Men sizi myhman çagyrmaga geldim. – Melike Gyzlargül Aýym bizi sylap myhman çagyrany üçin minnetdardyrys. Ýöne, görşüňiz ýaly, biziňem myhmanymyz bar. – Boýun towlajak bolmaň, hormatly şahyr! – diýip, Ahmedaly onuň sözüni böldi. – Barmasaňyz bikämiz ýokuş görer. – Çagyrylan ýere barmak gerek! – diýip, Nury Kazym Magtymgula töwella etdi. Gyzlarrül Aýym Buharada sarpasy tutulýan adam. Sizem onuň hatyrasyny saklaýsaňyz gowy bolar. – Hormatly Möwlana-da biziň bilen gidermikä. – Melike Gyzlargül Aýymyň gapysy biziň barmyýan gapymyz däl – diýip, Nury Kazym jogap berdi. Ýöne bu wagt ol bizi çagyrmandyr, sizi çagyrypdyr. – Hormatly şahyr gowy görýän ýoldaşlaryny-da ýany bilen alyp barsa, bikämiz hoşal bolar diýip, Ahmedaly jogap berdi. – Hormatly Möwlana üçin-ä bikämiziň gapysy elmydama açyk. Nury Kazym razyçylyk berýänliginiň alamaty hökmünde ýerinden gobsundy. Alymerdan Syddyh Magtymgulynyň ýanyna geldi-de: – Şahyr, ýük görmeseňiz, menem äkitseňiz-le! – diýip, ýuwaşja pyşyrdady. ■ «Aňlamaza sözüm ýokmaz...» Garaňky gatlyşyp ugrapdy. Magtymguly dagy egrem-bugram köçe bilen esli ýörediler. Köçäniň iki tarapynda-da palçykdan salnan üsti balahanaly jaýlar biri-birine utgaşyp gidýärdi. Bu jaýlarda her hili hünärmentler, ownuk söwdagärler hem kiçi gullukda durýan adamlar ýaşaýardy. Her ýerräkde bakgal dükanlary, ussahanalar gabat gelýärdi. Köçäniň darlygyna garaman, gatnaw iňňän köpdi. Alylardan, eşeklilerden ýaňa geçere ýol ýokdy. Tigirleri öýüň tüýnügini ýada salýan at arabalary gabat gelende adamlar köçäniň diwaryna gysylyp, ýol bermeli bolýardy. Magtymguly dagy birsellem ýöränlerinden soň bişen kerpiçden salnan ullakan iki gat jaýa ýetdiler. Bu jaýyň haşamly derwezesi iki köçäniň keslişýän burçunda ýerleşýärdi. Derwezäniň ýokarsy hem ýaşalýan jaý. Ahmedaly derwezäni kakdy. Derwezeban derwezäni açdy-da, iki bükülip tagzym etdi. Myhmanlar uzyn dehlizden1 geçip, howla girdi. Magtymguly gabak astyndan howla syn etdi. Onuň dört töweregi iki gat jaý bilen gabalgydy, jaýyň öňi, hatda, ýokarky gatynyň öňi-de tutuşlygyna eýwandy. Jaýyň otaglaryna eýwandan girilip çykylýardy. Giň howlynyň hemme ýerine bişen kerpiç düşelgidi. Howlynyñ orta gürpünde ullakan serhowuz bolup, onuň töwereginde baglar saýa salýardy. Magtymguly dagyny Gyzlargül Aýymyň myhman kabul edýän otagyna alyp bardylar. Giň otagyň alty ýerinde şem ýanýardy. Törde, pesräk sekini ýada salýan körpeçäniň üstünde Gyzlargül Aýym otyrdy. Gyzlargül Aýym orta ýaşa ýeten aýal bolsa-da, ak ýüzi, kirpikmen gara gözleri, asudalyk bilen ýanyp duran şemleriň yşygyna iňňän owadan görünýärdi. Otagyň çep tarapyndaky körpeçäniň üstünde üç adam başgalardan saýlanyp otyrdy. Olaryň üçüsi-de geýnüwlidi. Gapy tarapdaky düşegiň üstünde ýene birnäçe adam çök düşüp otyrdy. Magtymguly dagy otaga girende, oturanlar ýerlerinden turup, görüşdiler. Gyzlargül Aýym oturan ýerinden salamy aldy. – Geçiň, oturyň! – diýip, ol geýnüwli adamlaryň garşysynda ýazylan körpeçäni görkezdi. – Garşymyzdaky üç adamyňy görýäňizmi? – diýip, jaýlaşyp oturanlaryndan soň Alymerdan pyşyrdady. – Ol törde oturan ýaşula Möwlana Abdyselim Omar Hoja diýýäler. Buhara medreseleriniň köpüsinde gepini gögerdip bilýän adam. Ýanyndakylar biziň medresämizde okaýan baý talyplar. Ortada oturana Allaýar beg diýýäler. Magtymguly gabak astyndan Allaýar begi synlady. Onuň başy ýüpek çalmalydy. Egninde hytaý şahysyndan tikilen dony, aýagynda nagyşly ädigi bardy. Ol-da öz gezeginde Magtymgulyny synlady. Gyzlargul Aýym hyzmatkärlere yşarat etdi. Hyzmatkärlerden biri nagyşly mis kündük bilen taz getirip, el ýuwdurdy. Başga bir hyzmatkär saçak ýazdy. Syrçaly tabaklarda palaw getirildi. Möwlana Omar Hoja «Bismilla» diýip nahara başlandan soň, beýlekiler hem palawa ýapyşdy. Nahar wagtynda hiç kim hiç zat hakynda gürrüň etmedi. Palaw iýlip bolnandan soň, kümüş mejimelerde her hili ir-iýmiş getirildi. – Iýip oturyň, myhmanlar! – diýip, Gyzlargül Aýym mürähet etdi. – Arasynda söhbedem edip oturyň! Aramyzda hormatly şahyrlar bar. Belki, olar bize şygyram aýdyp berer. Oturan adamlar Magtymgulynyň ýüzüne seretdi. – Ilki siz başlarmysyňyz, myhman? – diýip, Gyzlargül Aýym Magtymgula ýüzlendi. – Biz bir alys ýurtdan gelen myhman. Bikämiz makul bilse, gezegi Allaýar bege beräýsek. Gyzlargül Aýym Allaýar begiň ýüzüne seretdi. Allaýar beg tabynlyk bilen baş atdy-da, çök düşüp oturdy. Ol näzenin zenanlaryň gözelligini wasp edýän şygyrlardan birnäçesini aýdyp berdi. Bu şygyrlar diňleýjilerde üýtgeşik täsir döredip bilmedik bolsa gerek, adamlar olary perwaýsyz diňlediler. Şeýle-de bolsa, şahyr her bir şygryny soňlanda, onuň berekellasyny ýetirdiler. Gezek Magtymgula ýetdi. Bu ýeriniň meýlisbaşysynyň zenan maşgaladygyna garaman, Magtymguly öz gezegini dünýä pelsepesiniň inçe syrlaryny äşgär edýän goşgulardan başlady. Bu goşgy adamlaryň kalbynda uly tolgunma döretdi. Magtymgulynyň garşysynda oturan üç adamyň göwünleri hoş däldi. Adamlaryň Magtymgula bolan hormaty artdygyça, olaryň gaşlary çytylýardy. Magtymguly durmuş pelsepelerine degişli birnäçe goşgy aýdan soň, Gyzlargül Aýym wäşilik bilen şahyra ýüzlendi: – Siziň çeper şygyrlaryňyz bar, şahyr. Ýöne siz älemiň ajaýyp zynaty bolan gyz-gelinleri ýatdan çykarypsyňyz-la. Dünýä belli uly şahyrlaram zenanlaryň gözelligine hormat goýupdyr ahyry. Siz, näme, zenanlardan beýle gaty öýkelediňizmi? Magtymguly çalaja ýylgyrdy: – Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama, söz içinde gelin-gyz hem bolmasa! Oturanlar gülüşdiler. Gyzlargül Aýymyň özi-de güldi. Şondan soň Magtymguly yşky äheňde düzen goşgularyndan birnäçesini aýdyp berdi. Bu goşgular Gyzlargul Aýyma täsir etdi. Käbir göçgünli beýitlerini diňlände, ol parahatlyk saklap bilmän, gozgalaňa düşýärdi. – Berekella, şahyr! Dünýäniň köp şahyrlary siziň şahyrçylyk gudratyňyzyň öňünde başyny egmelidir. Gyzlargül Aýymyň Magtymgulyny taryplamagy Omar Hojanyň göwnüne ýaramady. Ol oňaýsyzlyk bilen ardyndy-da; – Eger bikämiz rugsat etse, Magtymguly şahyra bir sowal bilen ýüzlenäýsek – diýdi. – Soraň, tagsyr! – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Hormatly şahyryň şygyrlarynyň çeperçiligine söz ýok – diýip, Omar Hoja köpbilmişlik bilen gürledi. – Ýöne, biziň diňlän şygyrlarymyzyň hemmesi türki dilde düzülipdir. Hormatly şahyr fars dilini bilmeýärmikä? Magtymguly kinaýa bilen ýylgyrdy. – Hälg-ä ma bezäban-ä turki Harf mizänäd. Ägär behahi şaer-e hälg-ä hod başi baýäd bezäban-e Sade-ýe halg-ä hod şer beguý.1 – Jogabyňyza sözüm ýok, hormatly şahyr. Ýöne, Alyşir Nowaýy hezretleri ýaly ady-owazasy külli äleme dolan beýik şahyrlaram öz şygyrlaryny fars dilinde düzüpdir. __________ 1 Biziň halkymyz türki dilde gepleýär. Öz halkyň şahyry boljak bolsaň, halkyň dilinde şygyr düzmelidir. – Ras aýdýarsyňyz, tagsyr! Nyzameddin Alyşir Nowaýy fars dilinde-de şygyr düzüpdir. Ýöne onuň ady «Fany» lakamy bilen tanalman, «Nowaýy» tahallusy1 bilen tanalýar. – Günämizi ötüň, tagsyr! – diýip, Nury Kazym Magtymgulynyň arkasyny tutdy. – Biziň pikirimizçe, şygyrlaryň şygyr kemi ýok. Olaryň halka düşnükli dilde düzülmegi hormatly şahyrymyzyň ýetmez tarapy däl-de, ussatlygy hasap etmek gerek! «Neýleýin ol arap zyban, asal zybanym bar meniň» diýip, Magtymguly hak aýdýar. Biziň çakymyz çak bolsa, indiki dörejek şahyrlar Magtymgulydan görelde alyp, halka düşnükli dilde şygyr düzer. – Siz derejäňize mynasyp sözlemediňiz, tagsyr! – diýip, Omar Hoja torsaryldy. – Şygyr-gazal düzmegiň gymmaty gulaga ýakymly sözleri rejeläp, owadan setirler ýasamakda däl. Şygyr ýa gazal aýdylanda onuň tüýdüginden ýaňlanyp çykýan inçe manyny aňlamak lazym! Biz hudaýyň hak gullary bolanymyz üçin, şu babatda şahyryň şygyrlarynda yrga setirleriň bardygyny duýduk. – Aýyplaşmaň, tagsyr! – diýip, Gyzlargül Aýym gürrüňi böldi. – Herki zadyň öz ýeri bardyr, jedeliňem öz ýeri bardyr. – Ras aýdýaňyz, bikäm! – diýip, Omar Hoja müýnli jogap berdi. – Biz jedelimizi başga ýerde dowam etdireris. – Illeriň-ä näme diýjegini bilemok welin... – diýip, Gyzlargül Aýym ümsümligi bozdy. – Hormatly şahyryň şygyrlary bize-hä ýarady. Olary tä daň atynça diňlesegem, diňläp doýmazdyk. Gyzlargül Aýym sözüni soňlap-soňlamanka, ýerli-ýerden gowur turzup, onuň pikirini tassykladylar. – Şahyrlara serpaý ýapyň! – diýip, Gyzlargül Aýym buýurdy. Hyzmatkärler öňden niýetlenip goýlan halatlary getirip, Magtymgulydyr Allaýar bege ýapdylar. Munuň özi şu günki meýlis tamam boldy diýildigidi. Myhmanlar turmak bilen boldy. Nahara başlananda nobatyň Omar Hoja berlişi ýaly, öýden çykmak nobaty-da şoňa berildi. – Siziň şygyrlaryňyzy ýene bir gezek ine-gana diňlesek diýen arzuwymyz bar – diýip, Gyzlargül Aýym sorady. – Aýdyň, şahyr, biz bu arzuwymyza haçan ýetip bilerkäk? Magtymguly çalaja ýylgyrdy. – Täjirler öz harydyna, şahyrlar hem goşgusyna hyrydar tapsa, başga armany näme! – Täjirleň harydyna hyrydar tapylýan wagtam bolar, tapylmaýan wagtam! Siziň şygyrlaryňyza welin, elmydama hyrydar tapylar! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |