00:10 Magtymguly -7/ romanyñ dowamy | |
■ «Pukaralar ynsandyr hem öýdülmez...»
Taryhy proza
Gazion bazary şäheriň uly bazarlaryndan biri bolup, ol hem öz içinde aýry-aýry bazarlara bölünýärdi. Bir ýerde pagta bazary gyzan bolsa, ýene bir ýerde küýzegärler öz harytlaryny taryplaýardy. Başga bir dükanda her hili ýaraglar satylýardy. Gepiň gysgasy, bu bazarda satylmaýan zat ýokdy. Hatda diri adamlary-da satyn almak bolýardy. Diňe kitap dükany ýokdy. Kitap göçürip satmak bilen meşgullanýan adamlar bazara çykaran kitaplaryny çem gelen ýerde hödürleşip ýördi. Magtymguly bazara aýlanyp ýörkä kitap satýanlaryň iki sanysyna gabat geldi. Olaryň biriniň elinde «Şamsiýa», beýlekisiniň elinde «Şarhy Molla» kitaby bardy. Bu kitaplar Magtymgulyda bardy. Ol edebiýat, felekiýat we hufýa4 ylymlaryny öwredýän kitaplary gözleýärdi. Ol bazarda aýlanyp ýörkä, bir topar adamyň üýşüp durandygyny gördi. Olardan biri bir kitaby gyzygyp okaýardy, beýlekiler ony dykgat bilen diňleýärdi. Magtymguly-da diňlemäge durdy. Birden onuň ýüzi üýtgedi. Ol uzak saklanyp bilmedi-de, kitap okaýan adamyň ýanyna bardy. – Aýp görmeseňiz, eliňizdäki kitaby bir göreýin-le! Kitap eýesi geňirgenme bilen eginlerini gysdy-da, kitaby uzatdy. Magtymguly kitabyň sahypalaryny çalasynlyk bilen gözden geçirdi. – Muny satýamysyňyz? – Ýok, satyn aldyk. – Kimden aldyňyz? – Häli bir talyp satyp ýördi. – Muny maňa sataýyň! – diýip, Magtymguly haýyş etdi. – Näçä alan bolsaňyz, ondanam artygrak bereýin. – Bu söwdany etmäli! – diýip, kitap eýesi kitaby gaýtaryp aldy. – Kitabyň üç bahasyny berseňizem, satmak meýlimiz ýok. – Biz bir alys ýurtdan gelen myhman. Myhman hatyrasy üçin şu dilegimizi bitiräýseňiz-ä... – Myhmana hormat goýmak mukaddes borjumyz! Egnimizdäki donumyzy dileseňiz, gaşymyzy çytman bereris. Ýöne kitaby dilemäň! Magtymgula aýdara söz galmady. Ol ötünç sorady-da, olaryň ýanyndan gitdi. Ol mata bazaryna bardy. Çynmaçyndan hem Hindistandan getirilen ýüpek hem zerli matalary, Kaşmirden getirilen ýüpek şallary gördi. Soňra don bazaryna, ädik bazaryna, telpek bazaryna aýlandy. Göreňde gözüňi gamaşdyryp duran oňat harytlaryň hiç biri-de şahyryň ünsüni çekip bilmedi. Zergärçilik harytlary satylýan dükanlara ýetende welin, olaryň deňinden perwaýsyz geçip bilmedi. Ol ýaldyraşyp duran kümüş hem gyzyl şaýlary, at esbaplaryny ýeke-ýeke gözden geçirdi. Aýakly çilimi ýadyňa salýan bir kümüş şemdan onuň akylyny haýran etdi. Şemdanyň ýüzüne oýma nagyş salnyp, arasyna gyzyl hem garasowat çaýylypdyr, käýerlerine gök hem ýiti gyzyl gaşlar goýlupdyr. Satygçy Magtymgulynyň şemdandan gözüni aýryp bilmeýänligini gördi-de: – Ýagşy ýigit, şemdan gerekmi? – diýip sorady. – Gerek bolsa şuny alaýyn! Näçe syn etseňizem, kemini tapmarsyňyz. – Bu şemdany ýasan ussanyň kimdigini bilip bolarmyka? – Bilip bolman näme! Dünýäni haýran edýän ajaýyp zatlaryň hemmesi biziň Buharada ýasalýar. Elinden dür dökülýän ussalaram biziň Buharadaa çykýar. – Şol ussany görüp bolmazmyka? – Ony görüp näme etjek? – Ussa kabul etse, şägirt bolaýmak niýetimiz bar. – Muny ýasan kişä Remezan ussa diýýeler. Ona şägirt bolaýsaňyz, hünär-ä öwrenersiňiz. Ýöne sizi onuň ýanyna goýbermezler. – O näme üçin? Ýanyna adam goýberilmeýänem ussa bolarmy? Satygçy Magtymgulynyň soragyna jogap bermänkä, dükana bir zenan maşgala geldi. Bu aýalyň başy çadyraly bolsa-da, ýüzi açykdy. Ol aňyrdan gelşine elindäki ýaglygy çözdi, getiren şaýlaryny satygça tabşyrdy-da, yzyna dolanmakçy boldy. – Size Remezan ussa gerek bolsa, ine, şu Enorhon oňa beletdir! – diýip, satygçy wäşi söz oklady. – Eger sizi ussaň ýanyna goýberseler, şu perizat sizi onuň ýanyna eltib-ä biler. Enorhon diýip ady tutulan zenan Magtymgula seretdi. Seretdigiçe-de, onuň gözleri ýitelip barýardy. – Magtymguly! – diýip, Enorhon ýuwaşja pyşyrdady. – Eger Magtymguly şahyr diri bolsa, siz şolsuňyz! Magtymguly geň galdy. – Siz meni nireden tanyýaňyz? – Siz meni tanamadyňyzmy? – Aýybam bolsa boýun almagym gerek – diýip, Magtymguly müýnürgedi. – Biziň huşumyz siziňkiden asgyn geldi. – Siziň ýadyňyza düşmese-de düşýän däldir – diýip, Enorhon ýüzüni sallady. – Biz ujypsyzja wagt biri-birimizi görüpdik. Onda-da siz maňa oňly esewanam etmändiňiz. – Ýeri, nätjek, Enorhon? – diýip, satygçy ýene wäşilik etdi. – Bu ýigide Remezan ussany görkezip bilermiň? – Ygtyýar mende bolsa uly höwes bilen görkezerdim. Ýöne... Magtymguly hiç zada düşünmän, gözüni tegeläp durdy. Onýança arka tarapdan biri! – Hormatly şahyr! – diýip, Magtymgula ýüzlendi. Magtymguly bu adamyň Gyzlargül Aýymyň söwda hasabyny ýöredýän Ahmedalydygyny ganady. – Näme, bazardan aljak-goýjak zadyňyz barmy, şahyr? – Şu şemdanyň şeýle nepis ýasalyşyna akylymyz haýran! Ellerinden dür dökülýän ussany göräýsek diýip, höwes edip durus. – Hawa, Buharada şeýle taryply ussa bar. Ýöne hormatly şahyra onuň näme derkar ýeri barka? – Şular ýaly bir ussada şägirt bolaýmak meýlimiz bardy. – Arman, ol ussanyň ýanyna adam goýberilmeýär. – Näme üçin? Ahmedaly içinden pikir öwürdi, Onsoň ol Enorhone ýüzlendi-de: – Sen şahyry ussanyň ýanyna alyp bar! – diýdi. – Meniň adymdan aýdaý! Şahyry ussanyň ýanyna goýbersinler! Enorhon «Meniň yzyma düşüberiň!» diýýän ýala, başyny atdy. Enorhon bazardan çykandan soň, darajyk köçeleriň birnäçesini yzda galdyryp, belent minaraly medreseleriň duşundan geçip gitdi. Magtymguly birnäçe ädim onuň yzyndan barýardy. Ahyry olar Gyzlargül Aýymyň giden bir mähelläni tutup duran iki gat jaýynyň deňine ýetdiler. Magtymguly bu jaýy tanady. Enorhon bu jaýyň hem duşundan geçip gitdi. Ondan aňyrda ýene laýdan salnan horoşaja jaýlar başlandy. Enorhon bir köneje gapynyň öňünde sagyndy-da, gapyny kakdy. Gapy açylandan soň howla girdi. Az salymdan soň ol ýene çykdy. – Ussa öýde ýok eken. Ony Hojaýynyňka äkidipdirler. Ýöne size ygtyýar etdiler, öýe giräýiň! Magtymguly howla girdi. Içinde bag-bakja bolmadyk kiçijik howlynyň çar töweregi jaýdy. Bu, howluda ýaşaýan adamlaryň gürlügini görende arynyň öýjügi ýadyňa düşýärdi. Enorhon Magtymgulyny Remezan ussanyň jaýyna alyp bardy. Jaýyň içi ala garaňkydy. Iň ýagty ýeri gapynyň agzy bolany üçin ussanyň körügi, sandaly gapynyň öňünde gurulgydy. Körügiň üstünde isgenje, lagampyr, kerrek ýaly senetler ýatyrdy. Sandalyň gapdalynda her dürli ülňüler, zäk, tenekar, pataş, kebşir ýaly zerur zatlar rejelenip goýlupdyr. – Häliden bäri size syn edýän welin – diýip, Magtymguly ümsümligi bozdy. – Hiç hakydama getirip bilemok. Siz bizi nirede görüpdiňiz? Enorhon tukatlyk bilen söze başlady! – Ondan bäri köp ýyl geçdi, şahyr. Siziň ýadyňyzdan çyksa-da çykandyr. Meniň welin ýadymdan çykanok, Mundan birnäçe ýyl ozal Muhammethasan gajary häkimlik edýän wagtlary takdyr sizi Astrabada eltipdi. Şonda Muhammethasan hanyň permany bilen siziň huzuryňyza üç sany aýal eltipdiler. Ýadyňyza düşenokmy? Magtymgylynyň ýüzi boz-ýaz boldy. – Şol üç aýalyň biri mendim. Şonda biz siziň belent göwünliligiňize kaýyl galypdyk. Meniň siziň bilen söhbetdeş bolasym gelipdi. Ýöne, özüniz bilýäňiz, mal hökmünde alnyp-satylyp ýörlen gyrnaklaryň haýsy bir arzuwy hasyl bolýa! O-da köýüp giden arzuwlaryň biri boldy. – Siz nähili bolup bu ýere düşdüňiz? – Onuň gürrüňi uzak, şahyr. Biz Astrabatdakak Magtymguly zyndana salnypdyr diýen habar gulagymyza degdi. Bu habary eşidip gynandyk. Günleriň bir güni «türkmenler gelip, şahyry alyp gaçypdyrlar» diýen gürrüň ýaýrady. Bu habara gaty begendik. Eşidişime görä, Muhammethasan gajarynyň gaty gahary gelipdir. Sizi gaçyrany üçin Gulamaly hany zyndana saldyrypdyr. Siziň yzyňyzdan kowgy iberipdir. Ýöne Muhammethasan han ol kowgyny ýarpy ýoldan yzyna gaýtarmaly bolupdyr. Edil şol günler zentleriň häkimi Kerim han Astrabat hanyňa garşy uruş yglan edipdir. Birnäçe wagtlap ganly uruş bolupdyr. Muhammethasan hanyň leşgeri köp gyrlypdyr. Şondan soň ol haremhanasyna bat berenden hazyna ýygnanyny gowy gören bolara çemeli, bizi on bir sany gyrnak edip, täjirlere satyp goýberdi. Bizi kerwen bilen alyp gitdiler. Biz ençeme menzil ýol aşdyk, ençeme daglardan, çöllerden, düzlerden geçdik. Ahyry kysmat bizi şu ýerik getirdi. Buhara gelenimizden soň, bizi birnäçe gün kerwensaraýda sakladylar. Günleriň birinde saraýa bir geýnüwli aýal geldi. Bizi alyp gelen täjirler onuň öňünde iki bükülip baş egdiler. Ol aýal meni we ýene bir gyrnagy öz köşgüne eltmegi buýurdy. Beýleki dokuz gyrnagy gyrnak bazaryna äkidip satypdyrlar. Meniň bilen alnyp galynan gyrnak aýdym aýtmaga-da, oýnamaga-da ökdedi. Baý aýal ony özüne hyzmatkär edip alyp galdy. Meni bolsa... Enorhon birden dymdy. Onsoň tukatlyk bilen uludan dem aldy-da, sözüni dowam etdi: – Bu öýüň eýesiniň kimdigini siz eşitdiňiz. Oňa Remezan ussa diýýäler. O-da meniň ýaly ajy takdyryň agyr muşakgatyny çekip ýören adam! Onuň asly dagystanly. Ol entek oglanka çapawullyk edip ýören alamançylaryň eline düşüpdir. Alamançylaryň serdary ony gul edip satypdyr. Olam meniň ýaly, elden-ele geçip, birnäçe gezek satylypdyr. Ahyry ony biziň häzirki hojaýynymyz satyn alypdyr. Ussanyň ýasaýan şaýlary Buharadaky ähli zergärleriňkiden bazarly eken. Ol sebäpdenem, hojaýyn aýal ony gowy görüpdir. Gowy görse-de, ony gulp astyndan çykarmandyr. Birden çemini tapyp, gaçyp ötägitmesin diýip ätiýaç edýändir-dä, elbetde. Ol bu hünärli ussany öz eli bilen öýlendirmegi, şeýdibem onuň aýagyny duşaklamagy ýüregine düwüpdir. Meni gyrnak bazarynda satdyrman alyp galmagam şonuň üçin eken. Şol günden bäri ussa ikimiz şujagaz külbede ýaşap ýörüs. – Bir zat soraýsam aýyp görmäweriň! Siziň çyn adyňyz Enorhonmy? – Meniň çyn adym Enorhon däl. Gürjülerde Enorhon diýen at ýok. – Siziň milletiňiz gürjümi? – Hawa. Men kiçijik gyzjagazkam gyzylbaşlar biziň obamyzy talapdyr, men ýesir düşüpdirin. Şondan soň men ondan-oňa satylyp, köp ýurtlara düşdüm. Her ýurtda bolamda-da maňa şol ýurduň eşigini geýdirip, täze at dakardylar. Takdyr seniň maňlaýyňa gyrnaklyk tagmasyny bassa, ile meňzeş belli adyňam bolmaz eken. Daşarda aýak sesi eşidildi. – Ussa geldi öýdýän – diýip, Enorhon gapa baka ýöneldi. Ussa içerik girdi. Ýaşy altmyşa ser uran bu hortaň adam ýaşyna görä garry görünýärdi. Gasyn atan ýaňaklary ýygyrt-ýygyrtdy. Solak ýüzüne seredeniňde, ol bir düýpli kesele ýolugandyr diýmek göwnüne gelýärdi. Remezan ussa gözlerini elek-çelek edip durdy, bir gezek Magtymgula seredýärdi, bir gezek Enorhona. ■ «Hormat bilen oýnadarlar gahbany...» Gürrüňi edilýän köçäniň ugrunda Remezan ussanyň ýaşaýan howlusyna meňzeş ýene bir horoşaja howly bardy. Bu howly hem Buharanyň garyp ilatynyň ýaşaýan howlulary ýaly dardy, kapasdy. Howludaky jaýlar golaý-goltumda suwalyp bejerilmäni üçin, diwarlarynyň suwagy gaçyşyp, besse-besse bolup durdy. Köçe garapda penjire ýokdy. Şoňa görä-de howly keseden sereden adamyň ýüregini gysdyrýardy. Daşyndan göräýmäge howly horoşaja görünse-de, onuň köp adamlara miýesser etmeýän bir «sapasy» bardy. Bu howla girip-çykmak hukugy altyn dinarlar bilen kümüş teňňeleri penjeläp sowrup bilýän tüçjar baýlara miýesser edýärdi. Ýöne kimde-kim oňa girmek hözürine mynasyp bolaýsa, ol tä melul bolýança keýpi-sapanyň sallançagynda hüwdülenýärdi. Magtymguly Remezan ussanyň külbesinde otyrka, bu howludaky otaglaryň birinde meýlis gurulýardy. Halynyň üstünden ýazylan körpeçeleriň üstünde özüne göwni ýetýän bäş sany ýigit keýp çekip otyrdy. Saçlary sekiz örülen, ýüpek parçadan bezegi ýeten owadan zenanlar olara hyzmat edýärdi. Öýüň törüne ýazylan mahmal körpeçäniň üstünde Allaýar beg gaýşaryp otyrdy. Ýaşy dolugşan etli-ganly bir aýal rubab çalýardy, başga bir owadan zenan rubabyň sazyna goşup, gadymy täjik oýnuny oýnaýardy. Näzik bedenli bu oýunçy zenan dygysyz owadan bolany üçinmi ýa-da oýun oýnamaga ökde bolany üçinmi, ýigitler ondan gözüni aýryp bilenokdy. Ol göwüslerini hem eginlerini titredip başlanda ýigitler saklanyp bilmän, oturan ýerlerinden gozgalaňa düşýärdi. Oýunçy zenan ýeke Allaýar beg üçin oýnaýan ýaly, häli-şindi oňa seredip, gözüni-gaşyny kakýardy. Ahyry Allaýar beg oýna tomaşa edip keýpden çykan bolara çemeli, oýunça göz ümledi. Zenan maşgala näz bilen baryp, Allaýar begiň dyzynyň üstünde oturdy. Allaýar beg hoşallyk bilen ýylgyryp, onuň ýaňagyndan ogşady, onsoň kisesinden bir teňňe çykardy-da, zenana berdi. – Siziň jenaplaryňyz iňňän sahy adam! – diýip, oýunçy aýal minnetdarlyk bildirdi-de, Allaýar begiň gujagyndan düşdi. – Jomartlygyňyz üçin alla döwletiňizi kem etmesin! Ýöne maňa bagyşlap bir şygyr düzseňiz hasam hoşal bolardym. – Her ýaňagymdan bir gezek ogşasaň, bir gazaly menden al! – diýip, Allaýar beg gompardy. – Gözüňi ýum! Allaýar beg gözlerini ýumdy. Oýunçy zenan onuň her ýaňagyndan bir gezek ogşady. Allaýar beg esli wagt kellesinde pikir öwrüp oturandan soň, şu beýdi aýdyp berdi: Kirpikleriň okdur, gaşlaryň keman, Ýüzüň minewwerdir, gözleriň mestan, Men neneňsi saňa aşyk bolmaýyn, Perişdeler seniň husnuňa haýran! Jaýda oturanlar bu beýdi öwüp arşa çykardylar. Diňe Allaýar begiň garşysynda oturan ala donly ýigit sesini çykarmady. Ol nämedir bir zady ýadyna salýan ýaly, böwrüni diňläp otyrdy. Özüne şygyr düzülen zenan Allaýar begiň maňlaýyndan sypady. – Şygry halan bolsaň, bize ýene bir oýun oýnap ber-dä! Ala donly ýigit oýunçy aýala «saklan» diýen yşarat etdi. – Ýadyma düşäýse size bir şygyr aýdyp bereýin. Gül ýüzüňe perwana men, gaýry reýhan istemen, Bakyban mähriňden doýsam, bagy-bostan istemen, Roýuň erer şemsi-kamar, ol mahy-taban istemen, Bakyşyň şowh kyldy, bilgin, zowky-döwran istemen, Zülpüňe bent eýlediň, dost, gaýry zyndan istemen. – Bu şygry özüňiz düzdüňizmi? – diýip oýunçy zenan sorady. – Ýok. Muny Magtymguly şahyr düzüpdir. Men ýöne gepiň gerdişine aýdaýdym. – Şygyr dagam däl eken! Ony ýene bir gezek aýdyp bersene! Ala donly ýigit şygry joşgun bilen gaýtalady. Allaýar begiň ýüzüne urlana döndi. Ol gujagynda oturan zenany gapdala pyzyp goýberdi-de, ala donly ýigide gözüni alartdy. Ala doýaly ýigit «Şu gezek nädäýdiňkän!» diýýän ýaly edip, gabak astyndan Allaýar bege seretdi. Onuň bu hereketine Allaýar begem düşündi. Bu iki ýigidiň arasynda köp wagt bäri bassaşlyk bardy. Şular ýaly meýlisler gurlanda, adamlar Allaýar bege köpräk hyzmat ediberseler, ala donly ýigide ýaramaýardy, eger ala donly ýigide hormat ediberseler, Allaýar begi gabal basýardy. Hötde gelip bolmajak gahardan ýaňa Allaýar begiň ýüregi çatlap barýardy. Onuň her edip-hesip edip ala donly ýigitden ar alasy geldi. Ol heniz eşidilmedik bir şygyr düzüp, hemmeleriň akylyny haýran etmäge synandy. Ýöne onuň çişen ýüregi şygyr düzerden ejiz geldi. Soňra ol bir şerebeli ýomak atyp, ala donly ýigidiň dilini gysga edesi geldi. O-da bolmady. Ahyry ol hemme zady ýatdan çykaryp, oýunçy zenany güýmenje edinmegi ýüregine düwdi. Onuň bu niýeti hem başa barmady. Ol haýsy bir zada güýmenjek bolsa, Magtymgulynyň şygry janyna tiken boldy durdy. Allaýar begiň gözüne meýlis dar görnüp başlady, Mundan artyk bu ýerde heziliniň bolmajagyny bildi-de, meýlisden gitdi. «Garyp, sen gezer sen gury san bile...» Remezan ussanyň bir gezek Magtymgula, bir gezek Enorhona seredip durşy Enorhony oňaýsyz ýagdaýa saldy. – Bu myhman alys ýurtdan gelipdir – diýip, ol düşündirmäge durdy. – Oňa Magtymguly şahyr diýýäler. – Geň görmeli! – diýip, Remezan ussa göwünsiz gürledi. – Biziň külbämize-de del adam aýak basjak eken-ow! Magtymguly mylaýymlyk bilen ýylgyrdy. – Biziňem kümüş ussaçylygyndan az-kem habarymyz bar. Bazarda siziň ýasan şemdanyňyza gözüm düşdi. Oňa iňňän hünärli ussanyň zehini siňdirilenligi görnüp dur! Şol şemdany siziň ýasanlygyňyzy eşidip, siziň bilen söhbetdeş bolmaga geldim. Hormatly ussa makul bilse, oňa şägirt bolaýmak meýlimizem ýok däl. Magtymguly esli wagt garaşdy. Ussadan jogap bolmady. – Jogap bermediňiz-le. Biziň towakgamyz sizi ynjydaýdymy? Ussa äwmezlik bilen körügiň başyna geçip oturdy. – Siziň towakgasyz meni ynjydanok! – diýip ol tukatlyk bilen jogap berdi. – Ýöne siziň ýaňky gürrüňiňizi eşitdim welin, özümiň gaýgysyz-gamsyz geçen çagalygym ýadyma düşäýdi. Bir wagtlar menem il ýaly taňrynyň beren howasyndan erkin dem alyp ýörenleriň biridim. Menem siziň ýaly, bir ýerde bir üýtgeşik şaý göräýsem, şony ýasamagy öwrenesim gelerdi. Meniň zergärlik kärine bolan yhlasym eýgerder ýaly däldi. – Siziň elhenç sütemlere sezewar bolanlygyňyzy eşitdim – diýip, Magtymguly göwünlik berdi. – Siz gaýratly adam ekeniňiz! Agyr günlere ýoluksaňyzam öz hünäriňizi ýitirmänsiňiz. – Eger golumda zergärlik hünäriniň barlygyny äşgär etmedik bolsam, men beýle bazarly bolmasamam bolmazdym. Gul almaga barýan Hojaýynlar daýaw hem sagat gullary saýlap alýarlar. Emma men göze ilmeýän çepiksije gul. Gul bazarlarynda maňa känbir hyrydar bolýanam tapylmazdy. Meni satyn alan hojaýynlaram häzirki ýaly berk tutjak bolup durmazdylar. Amatly pursat gabat gelen wagty gaçyp-tezip, belki, öz ýurduma-da aşyp bilerdim. – Umytly bolmak gerek, ussa! Pelegiň gerdişi her zaman üýtgäp durýandyr. Enşalla, bir nesibeli gün bagtyňyz açylyp, azatlyga-da çykarsyňyz. – Aý, indi meniň ömrümiň ýazy ötüp, gyşy galypdyr – diýip, Remezan ussa umytsyzlyk bilen elini silkip goýberdi. – Paýaw bolup barýan azajyk ömrümi nirede geçiremde näme! Uzak ýyllaryň mysapyrlygy meni gulluk horlugy bilen-de, bendilik ejiri bilen-de, ondan beterräk kemsitmeler bilen-de öwrenişdirdi. – Menem bendi bolup görüpdim, ussa aga. Dünýäde bendilikden elhenç zulum ýokdur. Her niçigem bolsa, hünär babatynda öz maksadyňyza ýetipsiňiz. ýyllar geçer. Ýene birnäçe ýyldan soň bu adam söwdasyny edýän gul eýeleriniň ady-soram bilinmez. Remezan ussanyň ady welin dilden-dile geçip, il gezer! Remezan ussa ýaglyk bilen gözüni süpürdi. – Siz aýyplaşmaň, şahyr! – diýip, ol esli wagt ýuwdunyp oturandan soň jogap berdi. – Men gaty köp ýyl bäri hiç kimden hoşamaý söz eşidemok. Gulagymyň eşidýäni sögünç bilen ajy söz! Sizden hoşamaý söz eşitdim welin, bozulaýdym. – Bozulmaň, ussa aga! Nepis senediň muştaklary sizi ýadyndan çykarmaz! Siziň goluňyzyň gudraty bilen ýasalan ajaýyp zynatlar indiki dörejek zergärlere nusga bolar. Ygtyýar etseňiz, bizem sizden tälim almakçy. – Hümh! – etdi-de, Remezan ussa janyýangynlyk bilen jogap berdi. – «Ygtyýar etseňiz!» Kişä ygtyýar eder ýaly, meniň öz-özüme ygtyýarym ýetýämi diýsene! Men hojaýyn näme diýse «lepbeý!» diýip duran bir gul! Hiç zada erki ýetmeýän bir gulam şägirt saklap bilermi? – Aý, bähbit bolsun! – diýip, Magtymguly turmaga hyýallandy. – Ozalam köp arzuwlarymyz hasyl bolman galypdy. Bu-da biri eken-dä! Magtymguly hoşlaşdy-da, daşaryk çykdy. Remezan ussa ýere bakyp, hyrçyny dişläp oturdy. Ahyry o-da daşaryk çykdy. – Myhman! – diýip, ol Magtymgulyny howlynyň daş gapysynda saklady. – Siz kiçi göwünli, hoş gylyk ýigit ekeniňiz. Sizi kem-köşe edip goýbermäýin. Eger ygtyýar alyp bilseňiz, geliberiň! Edil şu halatda ýüze çykan bir waka ussanyň keýpini bozdy. Gyzlargül Aýyma ýaranjak bolup, wyždanyny şeýtana satan binamyslardan biri haýatyň aňyrsyndan yşyklap, ussany garawullap durdy. – Gördüňizmi? – diýip, Remezan ussa käýindi. – Myhman ugratmak üçin gapa çykaýsagam yzymyz garawully. Biler bolsaňyz, men ençeme ýyllap aýagym zynjyrly işledim. Indi meni garry görýärlermi-nämemi, zynjyrdan boşadyp, yzyma garawul goýdular. Elbetde, hojaýyn şeýle-de eder. Ony geň göremok. Ýöne bu ýerde meni gözden sypdyrmajak bolup jan edýänem özüm ýaly bir gul. Ine, şoňa janym ýanýa. – Bu zatlaryň hemmesi nadanlykdan! Käbir adamlar ynsan sypatynda bolsalar-da, hakykatda haýwan ýaly akmak bolýarlar. Sähelçe şeýtel üçin agta öküz ýaly gulluk edýäler. Käbir adamlar bolsa aç it ýaly hojaýynynyň öňünde ýallaklaýarlar. Hojaýyn ony kimiň üstüne küşgürse, sebäbini soraman, baryp ony dalaýarlar. Magtymgulynyň gulagyna golaýda bir ýerde sazyň owazy eşidildi. Magtymgulynyň saza diň salýanlygyny Remezan ussa aňlady. – Bu saz siziň diňlejek sazyňyz däl, myhman! Hanha, ho taýdaky jaýda orramsyň oýnagy bar. – Orramsyň oýnagy? – diýip, Magtymguly geň galdy. – O jaý köp çarşenbäni başyndan geçiren bir köpbilmişiň öýi. Eşidişime görä, ol aýal ozal alyş-çalyş edip peýda görýän bir. söwdagäriň aýaly bolanmyş. Äri ol diýen baý bolmasa-da, aýalyny hiç zada zar etmez eken. Äri ölenden soň, aýaly äriniň söwdasyny ýöredip bilmän batyrypdyr, maýalaryny dargadypdyr. Dul aýalyň üstüne mätäçlik abanyp başlapdyr. Wagtynda lälik saklanan aýala bu ýagdaý agyr düşüpdir. Ýöne ol iňňän owadan eken. Döwleti dargap, mätäçlik çekip başlandan soň, ol öz owadanlygyna baýrynyp başlapdyr. Aýdyşlaryna görä, ol Buharanyň özüne göwni ýetýän baýlarynyň bir topary bilen iş salşanmyş. Aradan wagt geçensoň ol garrapdyr. Gözelligi solupdyr. Şondan soň ol öňki meýlisini dargatmazlygyň täze bir alajyny gözläpdir. Ol bir sebäp bilen çykgynsyz güne düşen ýaş zenanlary girisine salyp, olary aldap-ogşap öýüne getiripdir. Häzir onuň öýi öz tenini satýan zenanlaryň haremhanasyna öwrülip gidenmiş diýýäler. Şu aralykda gürrüňi edilýän howlynyň gapysy açyldy-da, bir geýnüwli ýigit köçä çykdy. – Allaýar beg! – diýip, Magtymguly oňa seretdi. Allaýar beg Magtymguly bilen Remezan ussanyň duran ýerine ýetdi. Ol Magtymgulyny gördi-de, sowuklyk bilen salam berdi. – Hormatly şahyr güman edilmejek ýerlerde görünýä-le! – diýip, ol ýaňsyly ýylgyrdy. – Ol näme hyzmat bilen geldikä? – Paýhasly adam bular ýaly zady soraşman bilmelidir – diýip, Magtymguly hem ýaňsyly ýylgyrdy. – Ynha, biz sizden hiç zat soramasagam nireden gelýäniňizi bilýäs. Magtymgula gep atyp, özi gepde basylany üçin, Allaýar begiň ýüzi gyzardy. Ol gazap bilen Magtymgula gözüni alartdy-da, öz ýoluna gidiberdi. Onuň Magtymgula bolan gahar-gazaby kükregini ýaraýjak bolýardy. Ol göni Omar Hojanyň ýanyna barmagy ýüregine düwdi. «Indiden beýläk Buharada ýa Magtymguly şahyr durar, ýa-da men duraryn!» diýip, ýolboýy içini gepledip barýardy. – Rugsat berseňiz, bizem gideli, ussa aga! – Şu gün meni hojaýynyňka alyp gitdiler. Hojaýyn maňa beýik mertebeli alyhezretleri üçin owadan jam ýasamagy, jamyň ýüzüne heniz görülmedik nagyş etmegi buýurdy. Ertir irden maňa kümüş getirip bererler. Kümşi guýup, çekiçläp goýaryn, onsoň täze nagşyň nusgasyny çekerin. Görerin diýseňiz geliberiň! ■ «Agzy gülýän, kalby bozuk namartlar...» Magtymguly hüjrä gaýdyp gelende, Alymerdan duldaky sandyjaga ýaplanyp kitap göçürýärdi. Magtymguly Alymerdanyň göçürip oturan kitabyna gözüniň gytagy bilen seretdi. – Şu gün bazarda bir adam edil şunuň ýaly kitaby satyn alan eken – diýip, ol Alymerdana kakdyryp gep oklady. – Ol adam ony bir talypdan alanmyş. – Ony men satypdym, şahyr. Näme, hata iş edipmidirin? – Siz kitaby göçüreňizde imla1 jähetden hata goýberipsiňiz. Özüniz bilýäňiz, ýalňyş göçürilen söz goşgynyň çeperçiliginem, manysynam ýoýýar. Ýoýlan goşgulary okan kişiler ony ýazan adama nälet okasalaram haky bardyr. – Beýle bolsa men günäkär, şahyr! Indikile ýekeje harpam ýalňyş göçürmejek bolaryň. – Onsoňam özüniziňki bolmadyk zady satjak bolaňyzda onuň eýesinden ygtyýar alynýandyr. Siz ygtyýar almadan-da geçen, maňa sala-da salmadyňyz. – Näme diýseňiz-le, şahyr, ikimiz birnäçe wagt bäri şu hüjrede bile ýaşyýas. Bile iýýäs, bile içýäs, hüjre eýesine-de pul töleýäs. Ikimiziňem yzymyzdan ýekeje dinaram gelenok. Bu çykdaýjylaryň harajady nireden alynýandyr öýdýäňiz? – Her niçigem bolsa indiden beýläk bu söwdany etmäň! Goşgy-gazal diýilýän satmak üçin düzülmeýär. – Aýdýanyňyz hak, şahyr! Şygyr-gazal ynsan akylynyň ýürekden joşup çykýan miwesidir. Ony menem bilýän. Ýöne başga şahyrlar öz diwanlaryny satýar ahyry. Sizem meni bujagaz gazanjymdan mahrum etmäň! Görüp dursuňyz-a, gymyldan ugruň çykdaýjy! Iýmek-içmekden başga-da, kitap almaly, müderrislere sowgat bermeli, ynha gyş ýetip gelýä, ýakar ýaly kömürem almaly. – Garyplyk zerarly horluk çekmek ilde ýok zat däl. Biziň zamanamyzda ýaşaýan adamlaryň ondan dokuzysy şu horlugyň kölünde ýüzýär. Bizem şolaryň biri bolaýarys. – Kitap satmagyň näme günäsiniň bardygyny men-ä bilemok – diýip, Alymerdan öz eňegine tutdy. – Buharada hemme zady almagam bolýar, satmagam. Siz şygyr-gazalyň gürrüňini edýäňiz. Buharanyň iň uly işan-pirleri keramatly dogalaram satyp ýörler. – Her başa per sanjandan Isgender bolmaz, her bir selle oranandanam pir bolmaz. Doga ýazyp, jynaza okap pul almak – imanyňy pula satmak bilen barabardyr. Alymerdan göçürip oturan kitabyna nebsagyryjylyk bilen seretdi. Ol esli wagt içini gepledip durandan soň, ýene kitaby göçürmäge başlady. Magtymguly geň galdy. – Siz biziň pendimizi aljak däl-ow! – Onuň üçin ynjamaň, şahyr! Kitap satma diýseňiz, indiden beýläk satmanam. Ýöne ony göçürmäge bir päsgel bermäň! Dogrumy aýtsam, şu diwany göçürmegiň özi-de maňa az lezzet berenok. Şunuň bilen iki talybyň arasyndaky gürrüň kesildi. Magtymguly çäkmeniňi çykardy-da, şu gün ertirden bäri ýüreginde besläp ýören täze goşgusyny ýazmaga oturdy. Alymerdan şygyr göçürmegini dowam etdi. Esli wagtlap hüjräniň içinde ümsümlik höküm sürdi. Ümsümligi Alymerdan bozdy. – Bir zat soraýsam, aýyp görmersiňiz-dä hernä? – Soraberiň! – Men siziň şygyrlaryňyzy köp gezek göçürip ýazanym üçin, osa belet boldum. Siziň şygyrlaryňyzda Meňli diýen at köp gaýtalanýar. Siziň kalbyňyzda uly orny eýelän şol eziz adyň täsin taryhy bar bolsa gerek. – Meňli! – diýip, Magtymguly gaýtalady. Şonda bu söz onuň agzyndan otdur-ýalyn bilen bile çykýan ýaly duýuldy. – Bu mukaddes at tä ömrümiň ahryna çenli dilimiň senasy bolar! – Sözüňiziň hakdygyny şygyrlaryňyzam tassyklaýar. Siziň şygyrlaryňyzdan aňlanylyşyna görä, Allatagala size ol perizada gowuşmagy miýesser etmedik bolara çemeli. Ine, siziň bir şygryňyzy özüňize ýatladaýyn: Sözleşerdim, syrlaşardym ýar bile, Ýüreginde ýar hyýaly bar bile, Indi läkin aýyrdylar zor bile, Bagyşlasaň neýlär ýarym, ýa jepbar! Magtymguly goşgynyň yzyny dowam etdi: Yhlas bilen söýmüşem men ol ýary, Jöwrendi jigerim, gitdi karary, Ol onda ah çeker, men munda – zary, Bagyşlasaň neýlär ýarym, ýa jepbar! Magtymguly dymdy. Onuň gaýgy-gama gark bolanlygy kesesinden bildirip durdy. – Günämi ötüň, şahyr! Biseresaplyk edip, siziň ýüregiňiziň ýarasyny täzelänime gaty gynanýan. – Zyýany ýok! Bu ýüregiň ýarasy täzelene-täzelene halys jerhet baglap gidipdir. Indi bu ýürek tä urmasyny goýýança, oňa bu ýaradan gutulma ýokdur. Bu gije Magtymguly üçin gussaly boldy. Meňli hakyndaky ýatlamalar, Enorhondyr Remezan ussanyň ykbaly hakyndaky pikirler Magtymgulynyň ynjyly ýüregine rahatlyk bermedi. Ertesi Magtymguly irden oýandy, erte namazyny okady, onsoň sapaga taýýarlanmaga oturdy. Ol Kuranyň sürelerini ýatdan gaýtalamaga durdy, soňra «Hadysy» okady. Bu güýmenje hem ony gyzyklandyrmady. Ögen agşamdan bäri kalbynda möwç urýan bir joşgun ony öz erkine goýanokdy. Ahyry ol goşgy düzmäge başlady. Ol täze goşgynyň ýaňy bir beýdini ýazyp gutarypdy. Şu halatda medresäniň mukarryrlaryndan1 biri gapydan geldi. – Biz sizi idäp geldik, şahyr! Hormatly şeýhulyslam Hoja Mübärek Horezmi sizi öz huzuryna çagyrýar. Magtymguly tabynlyk bilen ýerinden turdy. Mukarryr Magtymgulyny şeýhulyslamyň otagyna alyp bardy. Otagyň içi päkizedi. Ýere düşelen bişen kerpijiň ýüzi ýaldyrap durdy. Otagyň diwarlarynyň öňüne ýazylan düşeklerde damyllalar, müderrisler, mukarryrlar otyrdy. Otagyň töründäki mahrabda Hoja Mübärek Horezmi tesbisini oýnap otyrdy, onuň sag gapdalynda Nury Kazym, çep gapdalynda Omar Hoja otyrdy. Magtymguly Omar Hojanyň öňündäki kitabyň öz şygyr diwanydygyny güman etdi. Magtymguly hemme kişä ýüzlenip salam berdi. Hoja Mübärek Horezmi ýüzüni galdyrman, ýere bakyp otyrdy. Ol şul hereketini üýtgetmän, «Oturyň» diýen yşarat etdi. – Biziň hormatly ulamalarymyzyň arasynda siziň şygyrlaryňyzyň gürrüňi boldy – diýip, Hoja Mübärek Horezmi söze başlady. – Adamyň özi ýok ýerinde gürrüňini etmek gybat eden bilen barabardyr. Ol sebäpdenem, sizi şu ýere çagyryp, söhbetimizi siziň bilen bile geçirmegi dürs bildik. – Sylanyňyz üçin taňryýalkasyn, tagsyr! Hoja Mübärek Horezmi Omar Hoja ýüzlendi: – Indi gürrüňiňizi ediberiň! Gürrüňi şahyryň özem eşitsin! Omar Hoja çala gobsundy-da, söze başlady: – Ýaňy biz Magtymguly şahyryň şygyr-gazallarynyň gürrüňini etdik. Onuň çeper şygyrlary bar. Biz ony inkär edemzok, ýöne şol şygyrlarda Allatagalanyň buýrugyny berjaý edip ýören hak gullaryň ruhuny hapalamaga ymtylýan meýiller bar bolaýmasyn diýen gorkymyz bar. Biz öz okan şygyrlarymyzda şahyryň din-yslamyň päk tuguna kesek atýanlygyna-da göz ýetirdik. Hoja Mübärek Horezmi birden başyny galdyrdy: – Siz Magtymguly şahyryň boýnuna uly günä ýükleýänligiňizi aňýaňyzmy, tagsyr? – Aňýas, tagsyr. Şol sebäpdenem Magtymguly şahyra haýpymyz gelýä. Gynansagam, nädeli, biz hakykaty inkär edip bilmeris. – Onuň ýaly bolsa, sözüňizi subut ediň! – Subutnama köp, tagsyr – diýip, Omar Hoja önündäki kitaba ýapyşdy. – Ynha, onuň bir şygryny okap bereýin! Dowzah meni ýakabilmez, berer zülpüň bir taryna, Tor içinde saklap meni, gowşyr ýylçyr ol maryna... – Gördüňizmi? Ol bu şygrynda dowzahyň gazabyny magşugynyň zülpüniň bir taryça-da görmeýänligini aýdýar. Dowzahyň gazabyny äsgermezlik etmek allanyň gazabyny äsgermezlik etmekdir. Ygtyýar etseňiz, ýene bir şygyr okap bereýin: Bäş gün bu pany dünýede, Bir aşygyň döwranydyr. – Şu şygyrdan görşüňiz ýaly, şahyr mümün musulmanlara hak ýoluny dürs ýöretmegi wagyz edenok-da, aýşy-eşrete, yşka kowalaşmagy wagyz edýär. Ol başga bir şygrynda: Kim biler ki ahyretde neýlärler, Iýip, içip, münüp, guçup öt ýagşy! – diýibem aýdypdyr. Hoja Mübärek Horezmi Magtymgula gözüniň gytagyny aýlady. – Hormatly Möwlana jogap bermek meýliňiz barmy, şahyr? – Meýlimiz ýok, tagsyr – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Dogry sözi kesä çekip, aga gara diýip duran adama gep düşündirjek bolmagyň näme hajaty bar? – Gördüňizmi, tagsyr? Ol şunça abraýly adamlaryň arasynda bize garalyk ýapýar. Aslynda onuň ýek ýigrendigi din-yslamyň tuguny belende göterýän adamlar. Onuň şygyrlaryny okap görseňiz, sopulary, işanlary, kazylary ýepbekläp ýörmekden başga pişesi ýok. Ynha, men onuň ýene bir şygryny okap bereýin: Ker boldy alymlar, zeberdest pirler, Karylar Kurandan, peşden aýryldy. – Günämizi ötüň, tagsyr! – diýip, Magtymguly dillendi. – Hormatly Möwlana biziň goşgymyzy dogry okamady. – Biz ýazylanyny okadyk – diýip, Omar Hoja jogap berdi. – Ony ýa göçüren adam, ýa-da okan adam günä guwanypdyr. Biziň goşgymyzda «Kör boldy mollalar, zeberdest pirler» diýlendir. Biz adamlara dil ýetirmäge meýil etmändik. Omar Hoja şahyra hüjüm etmegini dowam etdi. – Men onuň birentek şygyrlaryny şu oturan päk musulmanlaryň ýanynda okamaga-da ejap edýän. Ine, şu beýdi diňläp görüň: Magtymguly ýar armany, Agladar beşer-gulmany, Musulmanyň din-imany, Ymmatdyr gara gözleriň! – Gördüňizmi, heý Muhammet ymmaty bolan musulmanam öz ymmatyny bir gyrnagyň gözüne deňärmi? Magtymguly birden ýylgyrdy. Hoja Mübärek gabagyny galdyrman otursa-da, Magtymgulynyň ýylgyryşy onuň gözünden sypmandyr. – Şahyr nämä ýylgyrdyka? – Aýyplaşmaweriň, tagsyr! Biziň ilimizde Sähetli jenjel diýen bir dawaçy adam ýaşap geçipdir. Dawaň bir ýanynda Sähetli bolsa, ony ýeňip bolmaz eken. Adamlar öz dawagärlerinden heder eden wagtlary Sähetli jenjeli çagyryp, özüne ýaran ediner eken. Şonuň üçinem oňa hak tölär eken. Meniňem göwnüme gelýä, tagsyr. Biziň goşgularymyzyň ýüzüne gara tagma basjak bolup, şeýle tüweleý turzany üçin hormatly Möwlana näçeräk töledilerkä? Nury Kazym bilgeşleýin edýän ýaly garaçyny bilen güldi. Onuň gülküsine goşulyp, beýlekilerem gülüşdiler. – Bu ýerde beýle heşelle kakar ýaly näme bardygyna biz-ä düşünmedik! – diýip, Omar Hoja torsaryldy. – Siz biziň özümize-de, dinimize-de şyltak atýan adama goldaw berip gülýärsiňiz. Ol müňkürlik edýär. Pany dünýäden başga baky dünýäniň barlygyna-da müňkürlik edýär: Ol dünýäge, ýaranlar, baran bar-da, gelen ýok, Diri öli halyndan habar-hatyr bilen ýok... – Eýsem şu setirler şahyryň kyýamat-magşaryň haklygyny inkär edýänligine şaýatlyk etmeýärmi? – Hormatly Abdyselim Omar Hoja-ha siziň şygyrlaryňyzy halamandyr, şahyr – diýip, Hoja Mübärek Horezmi Magtymgula ýüzlendi. – Belki, oňa berjek jogabyňyz bardyr? – Ýerliksizem bolsa bir rowaýaty size gürrüň edip bereýin. Gadym eýýamda bir eşegiň bagty çüwüp, ýurda patyşa bolanmyş. Günleriň bir güni onuň aýdym diňläsi gelipdir. Hyzmatkärler ile belli uly bagşyny getirip, aýdym aýtdyrypdyrlar. Bagşy her neneň gowy aýdymlar aýtsa-da, patyşa ýaramandyr. Ahyry bir akyldar bagşynyň gulagyna çawuş çakyp: «Sen eşek bolup aňňyr, ýogsam bilbil bolup saýrasaňam patyşa ýaranyp bilmersiň» diýipdir. Adamlar wakyrdaşyp gülüşdiler. – Gep oýnatmaň, şahyr! – diýip, Omar Hoja azmly gürledi. – Biz sözümizi subut etmek üçin, näçe gerek bolsa delil tapyp biljek. Nury Kazym gürrüňe goşulman durup bilmedi. – Delil ýükün-ä ýetirdiňiz. Ýöne, biziň pikirimizçe, deliller gaty bärden gaýdýar, top atyp serçe awlan ýaly bolýar. Adamlar ýene gülüşdiler. – Özüniz bilýärsiňiz, tagsyr – diýip, Nura Kazym dowam etdi. – Allatagala adama şahyrlyk sakysyny sunanda, azat pikir bilen dil erkinligini şol sakynyň içine goşup berýär. Magtymguly şahyryň şygyrlarynda-da dil çeperçiliginiň ajaýyp nusgalary bar. Söz manysyny inçelik bilen yzarlap bilýän paýhasly adam bolaýmasa, onuň şygyrlarynyň manysyna düşünmegem aňsat däl. – Bizi ynjydýarsyňyz, tagsyr! – diýip, Omar Hoja öýke bildirdi. – Biz siziň bilen jedele girmeli bolarys. Siz hormatly şahyry din-yslama hormat goýýan adam hasaplaýan bolsaňyz, ol ýönekeýje bir zady – sekiz jennetiň adyny sanap beräýsin. Magtymguly giň göwrümlilik bilen ýylgyrdy. – Bir topar ýyl mundan ozal Durdy şahyr1 diýen bir ildeşimiz meniň zehinimi synamak üçin, bir topar sorag bereni ýadyma düşýär. Men Durdy şahyryň sakgalynyň agyna hormat goýup onuň soraglaryna jogap berdim. Adyňyza, abraýyňyza hormat goýup, siziň soragyňyza-da jogap beräýerin. Sizem keminäňiziň bir soragyna jogap bermegi özüňize kiçilik bilmersiňiz-dä hernä. – Entek siz ýaňky soraga bir jogap beriň! – Onda sanaň, tagsyr: Birinjisi – «Daryl – Jenan», ikinjisi – «Darys salam», üçünjisi – «Jenneti Mäwa», dördünjisi – «Hult», bäşinjisi – «Jennetil – nagym», altynjysy – «Firdöwsi», ýedinjisi – «Jennetil – aden», sekizinjisi – «Yllyýyn». __________ 1 Durdy şahyr – 18-nji asyr türkmen şahyry. Omar Hojanyň ýere bakaýmakdan başga alajy galmady. – Indi sizem jogap beriň-dä! Allatagalanyň adamzada bagş eden ýaramaz gylyklarynyň arasynda iň nejisi haýsydyr? – Gördüňizmi, tagsyr! – diýip, Omar Hoja jögülik etdi. – Ol bizi göz-görtele äsgermezlik edýär. Bu soragyň ylyma-da, şahyrçylyga-da dahyly ýok ahyry! – Beýle däl, tagsyr! Ol soragyň köp zada dahly bar – diýip, Nury Kazym gürrüňe goşuldy. – Allatagalanyň adamzada bagş eden ýaramaz gylyklarynyň iň nejisi göriplikdir. Adamzadyň başyny bela goýýan ähli gabahatlyklar göriplikden döreýär. – Siz gürrüňi başga ýana sowjak bolman, tagsyr! diýip, Omar Hoja jedele başlamakçy boldy. Hoja Mübärek Horezmi birden elini galdyrdy-da, Omar Hojany saklady. Onsoň Magtymgula ýüzlendi: – Şahyr, siz azat! Magtymguly adamlar bilen hoşlaşyp, otagdan çykdy. Ol bosagadan ätlän badyna otagda ýene jedel başlandy. ■ «Diwana hemdemim galandar bile...» Gün günorta bolupdy. Magtymguly köçeleriň biri bilen maraý-maýdalyna gidip barýardy. Ol diwanhana mähellesine gidýän köçä ýetende, Omar Hoja bilen Allaýar beg ikisiniň diwanhana baka tirkeşip barýanlygyny gördi. «Allatagala adamlary tüýsli-tüýsli ýaradypdyr – diýip, ol janyýangynlyk bilen içini gepletdi. – Bir topar adamlary ýaradanda olaryň kalbyna mähirlilik hem ynsanperwerlik şerbetini siňdiripdir. Başga bir topar adamlaryň kalbyny bahyllyk hem garasöýmezlik zäheri bilen zäherläpdir. Şolar ýaly garasöýmez adamlardan-a edepliräk malam ýagşydyr». Magtymguly bazar meýdanyndan geçip barýarka, oňa iki sany tanyş talyp duş geldi. Talyplaryň biriniň elinde sahabynyň daşyna mata çekilen kitap bardy. – Bu nähili kitap? – diýip, Magtymguly sorady. – Hikmet ul aýn. Şu halatda ýeňse tarapdan biri: – Eý, gardaşlar, bu kitaplary okap başyňyzy agyrtmaň! – diýip gygyrdy. – Olardan görjek nepiňiz ýokdur. Okarsyňyz-okarsyňyz, iň soňunda öňki nadanlygyňyza galarsyňyz. Talyplar yza gaňrylyp seredenlerinde saçy-sakgaly ösen, hyrsyz gözleri ýanyp duran, egin-eşigi sal-sal bir ämert adamyň ýetip gelýänligini gördüler. Bu adamyň elinde çopan taýagy ýaly äpet hasa, egninde köne horjun bardy. – Menden size nesihat bolsun! – diýip, ol aňyrdan gürläp gelýärdi. – Bu kitaplary okamaň! Bu kitaplary ýazýan adamlaryň özleri hiç zat bilenok. – Beýle käýinýäňiz-le! – diýip, Magtymguly nätanşa ýüzlendi. – Siz kitapdan näme ýamanlyk gördüňiz? – Aý, onuň gepine gulak asmasaňyz-la! – diýip, kitap eýesi jogap berdi. – Ol adam ne diwana, ne gedaý! – Maňa diwana diýseňiz diwana diýiň, gedaý diýseňiz gedaý diýiň! Bu dünýede diwana-da, gedaýam ýeke men däl. Adam dünýä inende gedaýçylyk üçin inýär. Her kim bir zadyň gedasy! Kim hökmürowanlygyň gedasy, kim malyň-mülküň gedasy, kim bir döwüm nanyň gedasy... Adamlar gedaýçylyk ede-ede aç gözlerini doýrup bilmän dünýäden ötýärler. Sizem şeýle bolarsyňyz. – Bizi bu pikiriňize şärik etjek bolmaweriň! – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Elbetde, dünýäde ölmejek adam ýok! Adam ölmänkä dünýäniň gizlin syrlaryna akyl ýetirjek bolup dalaş etmeli! Onuň üçinem okamak gerek. – Peýdasy degmez! – diýip, diwana elini silkip goýberdi. – Adamzat öz takdyrynyň guludyr. Okasaňyzam, okamasaňyzam takdyryňyzyň guly bolup galarsyňyz. Keçpelek eşret öýüniň gapysyny köp okanlar üçin açanok. Kimde-kim binamys bolsa, her hili erbetlikden gaýtmaýan bolsa, dünýäniň eşretinem şol görýä. Şu halatda bazar meýdanyndaky adamlar kimdir birine ýol bermek üçin gapdala çekilip başlady. Az salymdan başy ak selleli, egni ýüpek donly, aýagy mesili bir adamyň ulumsylyk bilen ädimläp gelýänligi göründi. Bazardaky adamlar baş egip, oňa tagzym edýärdi. – Hanha, dünýäniň hezilini görýän kezzaplaryň biri gelýä! – diýip, diwana gygyrdy. – Serediň! Adamlar ony pygamber ornunda görüp, tagzym edýär. Emma ol baryp ýatan kezzabyň biri! Diwana gygyryp gepläni üçin, ony bazardaky adamlaryň köpüsi eşitdi. Ak selleli adamyň özi-de eşitdi. Onuň ýüzi dym-gyzyl boldy. Oňa ýalynjaňlyk edip gelýän adamlardan biri batly ýöräp, diwananyň alkymyna bardy: – Biziň keramatly müftimize1 dil ýetirerçe kim bolupsyň? Ýaňky sözüňi gaýtalaýsaň, duran ýerinde janyňy alaryn! Diwana topulyp gelen adamy bir gapdala tirsekläp goýberdi. Tirseklenen adam öküz bilen süsüşen geçi ýaly entirekläp gitdi. – Indi geläýseň kelläňi pytradaryn! – diýip, diwana elindäki taýagyny görkezdi. – Sen kimin etegini ogşyýaň, akmak?! Şü kezzabyň etegini ogşanyňdan-a, kyrk oýnaşly lolyň etegini ogşa! Müftiniň gahary geldi. Şeýle-de bolsa: – Adamlar! – diýip, parahat gürledi. – Ol jynlanan adam! Bizi görende, onuň jynlary hasam möwç alýar. Jynlary köşeşýänçä daňyp saklaýsaňyz, sogap gazanarsyňyz. Ýogsam, bilip bolmaz, bir gabahat iş edäýse, günäsine hemmämiz deň sebäpkär bolarys. Müftä wepadar bolan adamlardan bir topary diwananyň üstüne okduryldy. Ýöne diwananyňam gaýra durmajagy çynydy. Ol aýylganç gözlerini alartdy-da, mähnet taýagyny bir bulaýlady welin, topulyp gelýän adamlar möý pytran ýaly pytrady. – Siz ak ýaglyk göterýän desmalçylar! – diýip, diwana gygyrdy. – Şolar ýaly başyna gidenleri azdyrýanam siziň ýaly desmalçylar! Siz maňa gözüňizi alartmaň! Meni öldüresiňiz gelse öldüriň welin, ýöne gürrüňimi bir diňläň! Adamlar daýaw diwananyň mähnet taýagyndan eýmendilermi ýa-da onuň sözüni eşitmegiň höwesi olaryň badyny aldymy, garaz, oňa içini dökmäge maý berdiler. – Siz bu adama edil pygambere uýan ýaly uýýarsyňyz – diýip, diwana dowam etdi. – Emma ol hem ili aldaýar, hem hudaýy. Üstesine hudaýyň adyndan dellallyk edip, din-yslamyň hem şerigatyň kanunyny-da bozýar. – Siz, näme, ol bideregiň agzyny ýygaňzok? Ol bir hudaý uran däli! Baryň, ony geplemez ýaly ediň! Adamlar diwananyň üstüne çozjak ýaly edip çemelendi. – Sabyr ediň! – diýip, diwana taýagyny ýokaryk göterdi. – Meň aýtjagymy bir aýdaýyn. Bu pälazan müfti mukaddes Kuranyň aýat-sürelerinem bozýar. – Gap sesiňi! – diýip, müfti gaharly gygyrdy-da, ýanyndaky adamlara göz ümledi. Adamlar diwananyň üstüne döküldiler. Diwana bat bilen silkinip olaryň elinden sypdy-da, adamlaryň birini taýak bilen urdy. Taýak degen adam serrelip gitdi. Şu aralykda üç sany mirşep1 peýda boldy. Mirşepler gelenden soň müftiniň adamlary-da dogumlandy. Köpläp onuň taýagyny elinden aldylar. Mirşeplerden biri onuň kellesine taýak bilen urdy. Diwana entirekledi-de ýykyldy. – Muny Najymeddin porhanyňka äkitmelimi?– diýip, mirşeplerden biri müftüden sorady. – Ýok, kazy kelanyňka äkidiň! Diwanany süýräp alyp gitdiler. Onuň taýagydyr köneje horjuny bazar meýdanynda galdy. Bu aýylganç waka Magtymgulynyň kalbynda ýakymsyz täsir galdyrdy. «Bu diwananyň berýän öwütlerine seredeňde, ol terkidünýälige ýüz urana meňzeýär – diýip, Magtymguly içini gepletdi. – Onuň hiç zatdan heder etmän, özüni oda-köze urşuny göreňde, onuň entek-entekler keçpelege boýun egmejekdigi görnüp dur». Magtymguly baranda Remezan ussa kagyza nagyş çekip otyrdy. – Hoş geldiňiz, ýagşy ýigit! Men täze ýasajak jamyma saljak nagyşlarymyň nusgasyny çyzdym. O-da ýaramady. Şu gün uzyn gün iş edinip, üçünjisini çyzdym. Remezan ussa elindäki ülňüleri Magtymgula uzatdy. Magtymguly ülňülere ýeke-ýeke syn etdi. Olaryň üçüsinem bir ýerde goýup deňeşdirip gördi. – Nagyşlaryň üçüsem gowy! Hiç haýsyna söz diýer ýaly däl. Ýöne, hemmesinde-de nämedir bir zat kemlik edýän ýaly! – Meniňem içimi ýakýan şo-da! Şol kemlik edýän zady tapmak kyn. Şony tapmasaňam nagyş ýerine düşmez. – Ussaçylygyň gudratam şonda-da! – diýip, Magtymguly ýylgyrdy. – Çyn ussa eden işiniň kemini goýmaýar. Şonuň üçinem adamlar oňa «Kemi ýok» diýip aýdýarlar. – Olam adamsyna bagly. Uly iliň «gowy» diýýän zadyna «erbet» diýip duranlaram tapylýa. Ussanyň bu sözi Hoja Mübärek Horezminiňkide bolan gürrüňi Magtymgulynyň ýadyna saldy. – Ony diýýän adamlar bahylçylyk hamyrmaýasyna ýugrulan adamlardyr! Bahylyň gepini diňländen akyllyrak itiň üýrenini diňlän gowudyr. – Gürrüň radasyndan aňýan welin, göripligiň ýalny siziňem teniňize çabrapdyr öýdýän. – Bu zamanada göripligiň oduna ýanmadyk adam barmyka? Jahanda gowy adamlar köp. Olary göreň- de göwnüň göterilýär. Bahyllary göreňde welin, ýüregiň bulanýar. – Ras aýtdyňyz, şahyr! Adamlara ýürek bulaýan zat gerek däl-de, şähdini açýan zat gerek! Nagyşlaram şol kysmy zatdyr! Nagyş çekeňde-de adamlaryň göwnüni göterjek nagyşlar tapmaly! – Jaýdar pikir! – diýip, Magtymguly makullady. – Bu nagyşlarda ýetmezçilik edýänem şol bolsa gerek. – Hut şoldur! Siz şygyr düzeňizde adamlaryň ruhuny göterýän ajaýyp setirler tapýarsyňyz. Biziňem şolar ýaly nagyşlar tapmagymyz gerek. – Siz mamla, ussa aga! Goşgy düzeňde adamlaryň ruhuny göterýän beýtler tapmak biziň borjumyz! Ýöne, köpleriň aşyna awy gatan ajy zamana giň dünýäni dar edip görkezýär, ýagty jahany zulmata öwürýär. Şular ýaly pursatda gallaç bendeleriň gamly göwnüni açar ýaly, şadyýan goşgular düzmek üçin, keçpelegiň gödek boýnundan bir gez ýokary gelýän belent göwün gerek! Olam, ussa aga, bize başardanok. Ol sebäpdenem, ynsanlary gussa deňzine gark edýän tukat beýtleriň dilimize gelenini duýman galýarys. – Siziň şygyrlaryňyzy diňlemek maňa-da miýesser etdi. Men-ä olara dil ýetirip biljek däl! Olar gaýgylam bolsa, şadyýanam bolsa, adamlaryň göwnünden turýar. Magtymguly Remezan ussaň körüginiň ýanynda täze ýasalýan at şaýynyň ýatandygyny gördi. Kümüşden ýasalan bu şaýyň ýüzüne çaýylan gyzyl ýaldyrap gözüňi gamaşdyryp barýardy. – Bu şaýy siz gyzylladyňyzmy, ussa aga? – Hawa – diýip, ussa müýnli jogap berdi. – Muny nädip beýle öwüşginli edip çaýyp bildiňiz? Munuň tärini bize-de öwretseňiz-le! – Men öz bilýän zatlarymyň hemmesini size öwretmäge boýun. Ýöne şuny menden towakga etmäň! – Beýle gylyk sizde-de bar eken-ow! – O näme diýdigiňiz? Magtymguly tolgunyp jogap berdi: – Men bir rowaýat eşidipdim. Gadym zamanda Mary şäherinde bir demirçi ussa bolanmyş. Onuň ýasan gylyçlary, gamalary beýleki ussalaryňkydan berk hem berdaşly bolar eken. Gepem onuň poladyndamyş. Ol polat eredip guýanda oňa bir zatlar goşýan eken. Ýöne näme goşýanyny hiç kime aýtmandyr. Iň soňunda-da ol bu syry özi bilen bile gabryna alyp gidenmiş. Indi, siz aýdyň, hünäre beýle bahyllyk etmegiň nämä geregi bar? Onda hünär ýiter ahyry. – Maryly ussa mamla däl. Ol bähbitli hünäri ile öwretmäge bahyllyk edipdir. Meniň muny size öwretmejek bolýanymyň başga sebäbi bar. Bu gowy kär däl. – O näme üçin? – Bu şaýyň ýüzüne çaýylan gyzyl tilsim bilen ýasalan gyzyl. Bu häzir göräýmäge hakyky gyzyldanam beter öwüşgin berip durandyr. Ýöne ýele-güne çykyberse, derrew solar. – Näme üçin siz beýle galp iş bilen meşgul bolýarsyňyz? – Ýük çekýän mala halal ýükem urulýandyr, haram ýükem. Biziňem ýük çekýän maldan tapawudymyz ýok. Gerdenimize näme ýükleseler, şony çekip ýörüs. – Onuň ýaly bolsa, ol emeli öwrenjegem bolmarys. Ol emeli sizem etjek bolmaň! Halal çörek iýýän adamyň dili uzyn bolar. – Berekella, şahyr! Siz hut şeýle adamsyňyzam öýdýädim. Siziň «halal çörek ýagtylyk bir gözlere» diýen setiriňizem muňa şaýatlyk edýär. Saglyk bolsa, ýene-de geliň! Gelýänçäňiz, men başga bir nusga çekerin. Indi men siziň kümüşçi ussadygyňyza ynandym. Siz maňa şägirt boljak diýýäňiz weli, ol entek belli däl! Belki-de, men sizden öwrenmeli bolaryn. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |