■ «Pygamber ornunda oturan kazy...»
Omar Hoja bilen Allaýar beg özara gürleşip barýardy.
– Rejesini aňýan welin, Hojam Mübärek Horezmi hezretleri Magtymgula howandarlyk edýär-ow! – diýip, Allaýar beg zeýrendi.
– Hoja Mübärek hezretleri onuň hiç zadyna-da höwes edýän däldir – diýip, Omar Hoja jogap berdi. – Eşidişimize görä, Hoja Mübärek Horezmi öňräk Magtymguly şahyryň atasy Döwletmämmet şahyr bilen tanyş bolupdyr. Şonda Döwletmämmet şahyr Magtymgulyny Buhara medreseleriniň birinde okatmagy haýyş edenmiş.
– Hoja Mübärek Horezminiň Magtymgulynyň arkasyny tutýanlygam şonuň üçindir-ow!
– Ýeke bir onuň üçinem däl. «Gyzlargül Aýym Magtymgulyny gowy görýämiş» diýen bir gürrüň şeýhulyslamyň gulagyna degipdir. Şeýhulyslam Gyzlargül Aýymyň gowy görýän şahyryňa günä ýüklemekden çeträkde bolanyny kem görýän däldir. Zyýany ýok, şeýhulyslam Gyzlargül Aýymdan çekinse-de, kazy kelan hezretleri çekinmez.
Az salym gürleşmän gitdiler.
– Kazy kelan hezretleriniň ýanyna özüňiz baraýsaňyzam bolardy-la! – diýip, Omar Hoja ümsümligi bozdy. – Ol siziň müderrisiňiz ahyry. Siziň göwnüňizi ýykmaz!
Allaýar beg müýnürgedi. Sebäbi, kazy kelanyň özi-de ylymly adam däldi. Onuň medresede ders bermegi gara nebsiň hökümi bilen edilýän zatdy. Talyplaryň «sowgat» bahanasy bilen müderrislere berýän zatlary kazynyň agzyny suwardýardy.
– Kazy kelan hezretleri gerçek adam! Külli Buharanyň emiri Muhammetrahym1 hezretleriniň özi-de onuň sarpasyny saklaýar. O zeýilli hökmürowan adam size gerek bolar. Onuň arkasyndan uly gulluga eýe bolaýsaňyzam ähtimal.
Allaýar hamala ýokary gulluga bellenen ýaly, hoşallyk bilen dem aldy.
Kazyhananyň derwezesine ýetdiler. Derwezäniň öňünde ýaragly sakçy durdy.
– Kazy kelan hezretleri öz jaýyndamyka? – diýip, Omar Hoja sorady.
– Hawa, tagsyr, öz janynda.
Omar Hoja bilen Allaýar beg howla girdi. Şu halatda ýaragly mirşepler bendini kazyhanadan çykaryp, nirädir alyp gitdiler. Omar Hojadyr Allaýar beg onuň yzyndan seredip durdy. Olaryň ýanyna kazy kelanyň hyzmatkärlerinden biri ylgap geldi.
– Kazy kelan hezretleriniň huzuryna gelenligimizi oňa mälim ediň! – diýip, Omar Hoja hyzmatkäre ýüzlendi.
– Kazy kelan hezretleri ýaňy bir günäkäriň işine seretdi – diýip, hyzmatkär jogap berdi. – Bu wagt ol ýadawdyr. Her niçigem bolsa, sizi kabul etse gerek.
Hyzmatkär jaýa girdi. Az salymdan ýene çykdy.
– Kazy kelan hezretleri size garaşýar.
Jaýa girdiler. Baş egip kazy kelana salam berdiler. Kazy kelan «Oturyň» diýýän ýaly, eli bilen ýer görkezdi.
– Ýaňyja bir günäkäriň işinä seredip, ýadap oturanyňyzy eşitdik, tagsyr – diýip, Omar Hoja ýalynjaňlyk etdi. – Biwagtrak gelenimizi aýyp görmäweriň!
– Hawa, ýaňy bir azgynyň işine seretdik. Keçjal deýýus diýenimizi etmän, gaharymyzy getirdi.
– Siziň gaharyňyzy getiren baýnamaz enşalla! Ol deýýusyň ýazygy ulumydy, tagsyr?
– Ol bagty ýatan beýik mertebeli Muhammetrahym hezretlerine gyzyny bermekden boýun towlapdyr. Gyzyňam bir ýere gaçyryp äkidipdir. Şeýdip emir hezretlerini yşk oduna örtäpdir.
– Beýle-de akmak bolar eken-ow! Beýik mertebeli Muhammetrahym hezretleri onuň gyzyňy özüne mynasyp görýän bolsa, ol akmagyň näme armany barka?
– Ol päli azanyň gyzy öz aýagy bilen emir hezretleriniň hyzmatyna barýança, kakasy zyndanda saklanar.
– Adalatly höküm! Alla biziň parasatly hökümdarymyz Muhammetrahym hezretlerine uzak ömür, tükenmez döwlet bersin! Omin!
– Näme hyzmat bilen geldiňiz? – diýip, kazy kelan sorady.
– Biz hakyň gullugyny berjaý edýän sadyk gullardyrys, tagsyr! Il arasynda hudaý halamajak işleriň peýda bolanlygyny aňaýsak, sizi habardar ýetmek biziň mukaddes borjumyz. Biziň medresämiz-de türkmen ilinden gelen bir talyp bar. Adyna Magtymguly şahyr diýýäler.
– Eşidipdim. Tüýs hakdan içen şahyrmyş diýýäler.
– Hak aýdýarsyňyz, tagsyr, ol zehinli şahyr, Ýöne biz yslam dininiň tuguny berk saklamaga kasam eden musulmanlardyrys. Keramatly Kuranyň mukaddes ýoluna müňkürlik edýän gyşyk sözler biziň päk gulaklarymyza hapa neşderini sançmaly däldir! Magtymguly şahyryň şygyrlary il içine ýaýraýsa, musulman bendeleriň ruhuny zäherläýmesin diýen gorkymyz bar.
– Oňa näme deliliňiz bar?
– Ol öz şygyrlarynda dünýäniň geljegini öňünden bilýän kişi bolup, welilik satýar. Ol bu zatlary ýalňyz bir Alladan başga hiç kimiň bilmejekdigine müňkürlik edýär. Onuň bozuk pelsepäni wagyz edýänligine göz ýetireris diýseňiz, alyň, onuň şygyr diwanyny okap göräýiň!
– Diwan özüňizde durubersin! – diýip, kazy kelan elini silkip goýberdi. – Munuň ýaly arzyňyz bolsa şeýhulyslam hezretleriniň huzuryna barmaly ekeniňiz.
– Şular ýaly hapa meýilleri görüp durkak, ilki bilen kazy kelan hezretlerine duýdurmasak, hata etdigimiz bolmazmy, tagsyr?
– Bu ýerde kazylyk iş ýok! Ylym-bilim, goşgy-gazal baradaky jedelleriňizi şeýhulyslamyň özi bilen çözübererler.
Kazy kelan soňky sözüni aýdanlygynyň alamaty hökmünde per ýassyga ýaplandy. Omar Hoja işiň aňsatlyk bilen düzelmejegini aňdy-da, Allaýar bege göz ümledi. Allaýar beg donuňyň kisesinden pully haltajyk çykardy-da, kazy kelanyň öňüne bardy.
– Kemine guluňyzyň geleňsizligini geçireweriň, tagsyr! – diýip, ol pully haltajygy kazy kelana uzatdy. – Köp wagt bäri size degerli sowgadam edip bilemzok. Aýyplaşmaň-da, talybyňyzyň şujagaz sowgadyny kabul ediň!
Kazy kelan pully haltajyga üns bermän, kese bakyp otyrdy. Allaýar beg haltajygy kazy kelanyň öňünde goýdy-da, öňki ýerine gelip oturdy. Şondan soň kazy kelan her näçe syr bildirmedik bolsa-da,onuň ýüzi açyldy. Bu syry Omar Hoja-da aňlady.
– Biz köp gezek siziň huzuryňyza dileg bilen gelipdik, tagsyr – diýip, ol gürrüňi daşdan aýlady. Her gezegem biziň möhümimizi bitirip, göwnümizi hoş edip goýbererdiňiz. Onuň üçin biz size hemişe minnetdardyrys. Bu gezegem bizi nadyl edip goýbermezdiňiz welin, gelmeli wagtyny bilmändiris.
– Siziň menden isleýän zadyňyz näme?
– Hoja Mübärek Horezmi goşgy-gazalyň muştagy bolansoň, Magtymguly şahyryň goşgularynyň çeperçiligine aldanyp, many tarapyny dykgat bilen çigitläp bilenok. Ol Magtymgulyny öz huzuryna çagyryp, oňa dil ujundan käýemek bilen çäklenäýdi. Emma Magtymguly jezasyz sypmaly adam däl. Bolsa-da, biz öz şeýhulyslamymyzyň sarpasyny saklap, onuň bilen jedel edip bilmedik.
– Näme, Hoja Mübärek hezretleri bilen jedele girmegi biziň boýnumyza atjak bolýaňyzmy?
– Olar ýaly towakga bilen size ýüzlenmäge hetdimiz ýokdur. Biz din-yslamyň mukaddesligine müňkürlik edýän Magtymguly şahyr kazy diwanyna getirilip, oňa adalatly höküm çykarylaýsa diýip towakga edýäs. Ol öz bozuk pikirlerini wagyz edip ýörse, kazy kelan hezretleri üçinem bähbitli däl. Onuň «Pygamber ornunda oturan kazy, para üçin elin aça başlady» diýen setirlerem bar.
– Olar ýaly setirler onuň şygyrlarynda iňňän köp – diýip, Allaýar beg alyp göterdi. – Onuň ýek-ýigreneni kazylar.
Kazy kelan gyşaryp ýatan ýerinden galdy-da:
– Olary jemläň-de getiriň! – diýdi. – Magtymguly şahyryň içi möjekli beýtleriniň hemmesini jemläp getiriň!
■ «Her ýaman söz jana ýylan dişidir...»
Gün guşluk ýerine barypdy. Alymerdan kitap göçürip otyrka, hüjräniň işigine iki sany mirşep geldi.
– Magtymguly şahyr şu hüjrede bolýamy?
– Hawa. Ýöne ol öýde ýok.
– Niräk gitdi?
– Bilmedim, agalar. Ol maňa hiç zat aýtman gitdi,
– Ol haçan geler?
– Bilmedim. Ol bir belli şahyr! Hemme kişi oňa hormat goýýa. Toý-şagalaň edýän kişilere gabat gelse, ony birnäçe günläp goýbermän saklaýan wagtlaram bolaýýa.
Mirşepler üm bilen gep alyşdylar. Olardan biri buýruk berdi:
– Şahyr geläýse, oňa aýt, biz gelýänçäk hiç ýere butnamasyn!
– Lepbeý, agalar!
Mirşepler gitdi. Bu göze ýakymsyz «myhmanlaryň» bolşy Alymerdanyň göwnüne ýaramady. Ol köp pikirlenip durman, Nury Kazymyň hüjresine baka gitdi. Nury Kazym hüjrede ýeke däldi. Onuň ýanynda iki sany eli kitaply talyp çök düşüp otyrdy. Nury Kazym olara sapak berýärdi. Alymerdan salam berip içerik girdi. Nury Kazym onuň salamyny aldy-da, oturmagy yşarat etdi. Alymerdan gapynyň öňünde çök düşüp oturdy.
Habaryny aýtmaga howlugyp, Alymerdanyň içi byjyklap durdy. Yzly-yzyna ardynýardy, sebäpsiz ýere gobsunýardy. Alymerdanyň öz-özünden basga galyp oturyşy ahyry Nury Kazymyň gözüne ildi.
– Habarly geldiňizmi? – diýip, ol ýuwaşja sorady.
– Hawa, tagsyr! Size derwaýys bir ýumşumyz düşdi.
Alymerdanyň tolgunýanlygyny görüp, Nury Kyzym sapak alyp oturan talyplara rugsat berdi.
– Gyssagly arz bilen geldim, tagsyr – diýip, Alymerdan howlukmaç söze başlady-da, näbelli mirşepler bilen bolan wakany gürrüň edip berdi.
– Meniň ýüregime howul düşdi, tagsyr. Näme alaç etjegimi bilmän, siziň ýanyňyza gaýdyberdim.
– Olaryň kimiň buýrugy bilen gelen mirşeplerdigini bilmediňizmi?
– Bilmedim, tagsyr!
– Ýörüň, siziň hüjräňize gideliň! – diýip, Nury Kazym ýerinden turdy. – Olar bilen bizem bir gürleşip göreli,
Nury Kazym bilen Alymerdan baranda, hüjräniň öňi köp adamlydy. Nury Kazym aňyrdan gelşine:
– Magtymguly şahyr gelenokmy? – diýip sorady.
– Ol gelmesine-hä geldi welin – diýip, duranlardan biri jogap berdi. – Ony äkitdiler.
– Gijä galypdyrys-ow! – diýip, Nury Kazym başyny ýaýkady. – Hiç bolman, nirä äkidenlerini bir bilip bolsady.
– Olar, megerem, kazyhananyň mirşepleri bolsa gerek – diýip, ikinji bir adam gürrüňe goşuldy. – Men şol mirşepleriň birini kazyhanada görüpdim.
– Siziň aýdýanyňyz dogry bolsa-da ähtimal – diýip, üçünji adam tassyklady. – Olar şahyry äkitjek bolanlarynda kazy kelan hezretleriniň adynam tutdular.
Nury Kazym az salym içini gepledip durdy-da, yzyna dolanyp gidiberdi. Alymerdan hem onuň yzyna düşdi. Medresäniň howlusyndan çykdylar. Nury Kazym ýere bakyp, içini gepledip barýardy.
– Indi näderis, tagsyr? – diýip, Alymerdan ümsümligi bozdy. – Magtymguly şahyr, şeýdip, gidibermeli bolarmyka?
– Siz özüňiz bilýäňiz, garşyňyzda duran Möwlana-da şahyryň özi ýaly bir gelmişek. Eger şahyryň takdyry medrese hadymlaryna bagly bolan bolsa, biz oňa hemaýat edip bilsegem bilerdik. Ýöne bu işe kazy kelan hezretleri burnuny sokup ugran bolsa, biziň gepimiziň ýol aljagyna ähtibar ýok.
– Entek iş-işden geçmänkä, Gyzlargül Aýyma ýüz tutulsa näderkä? Ol Magtymgulyny gowy görýär ahyry.
– Ony bizem güman edýäs. Sowgatlyja oglan söýmäge ýagşy diýipdirler. Onuň ýanyna baramyzda elimiz sowgatlyja baraýsak, ýüzlüräk bolardyk.
– Biz Gyzlargül Aýymyň göwnünden turup biläýjek sowgady nireden alaly? Gyzlargül Aýym zada zar adam däl. Onuň tenha bir külem barmagyndaky ýüzüginiň özi bizi öýümiz-öwzarymyz bilen satyn alyp biljek.
– Alla keremdir! Biz hemme zada garybam bolsak, Gyzlargul Aýymyň göwnünden turup biljek zada baýdyrys. Siz Magtymgulynyň şygyrlarynyň hemmesini göçürip aldyňyzmy?
– Hemmesidigini-däldigin-ä bilemok welin, kän şygryn-a göçürdim, tagsyr.
– Siz şol şygyrlaryň hemmesini bize getirip beriň!
■ «Kazy bolan bir jogapda durmady...»
Mirşepler Magtymgulyny kazyhana alyp bardy. Ony birbada kazy kelanyň huzuryna eltmediler-de, howlynyň sag burçunda ýerleşýän bir otaga saldylar. Kazy kelanyň diwanyna getirilýän günäkärler soraga çagyrylýança şu otagda saklanýardy.
Magtymguly girende ol ýerde bir adamyň oturanlygyny gördi. Onuň eli-aýagy zynjyrlydy, çekgesi ganjaryp durdy. Magtymguly onuň birnäçe gün mundan ozal bazarda gopgun turzan diwanadygyny tanady. Diwana-da Magtymgulyny tanady.
– Oho, ýagşy ýigit, siz näme günä edip bu ýere düşdüňiz?
– Bilemok. Aýdarlar-da.
– Şonsy ýaman! Adam eden günäsi üçin jeza çekse, ahmyrly bolmyýa. Eli bilen eden egni bilen çekmäge kaýyl bolýa. Nähak töhmet üçin jeza çekmek adamyňy ataşdanam beter ýakar. Näme günä edeniňizi bilmeýän bolsaňyz, nähak töhmediň pidasysyňyz.
– Adama günä ýüklenende ony boýnuna goýmagam-a gerekdir.
– Olar adalatly diwan kesjek bolup azara galar ýörer öýdýäňizmi? Ýok! Bularyň eline düşdüňmi – gutardy! Olar size subutnama ýerine dürre gamçylary görkezer, adalat ýerine-de dar agaçlaryny görkezer. Men däli-diwana-da bolsam, şu gepime ynanaýyň!
– Siz näme üçin özüňize däli diýýärsiňiz?
– Iller maňa däli-diwana diýýä. Olaryň aýdýany dogram bolsa bolýandyr. Adam däliränini özi bilmeýär ahyry. Men bir zady bilýän, ol günki müftini görsem, meniňki bolanok! Jynym atlany berýä.
– Ol müftide näme kastyňyz bar?
– Allany ara alyp, dogry diwan kesjek bolsaň, ol kezzapda hemme kişiň kasty bar! Hakyna baksaň ony öldürmeli! Ýöne ony öldürýän ýok. Sebäbi, zamanaň özi binamys. Eger biri şerap içse ýa-da zyna kylsa, «haram iş etdi» diýip, oňa jeza berýäler. Emma başga biri ondan ýüz esse beter haram iş edäýsin, ony allanyň ady bilen etmegi başarsa, ony keramatly hasaplap, etegini ogşaýarlar. Adalat diýilýän zadyň tenha ady bar, ýagşy ýigit, özi ýok. Asyl bolubam bilmez! Sebäbi, adalata arka durmak üçin goýlan adamlaryň özi adalata taýak salýar. Menem ozal siziň ýaly ylma dalaş edýän adamdym. Wagtynda talybam boldum, müderrisem boldum. Iň soňunda-da hemme zady terk edip, diwanalyga ýüz urdum. Sebäbi hiç ýerde adalat ýokdugyna gözüm ýetdi. Iller maňa däliräpdir diýdiler. Meni dälilikden açjak bolup porhanam oýnatdylar. Emma üýtgän zadym bolmady. Gün geçdigiçe dünýäden doýup barýan.
– Munyňyz makul däl! Terkidünýälik edermenlik däl.
– Terkidünýälik iru-giç siziňem barjak gapyňyzdyr, ýagşy ýigit! Siz entek ýaş. Dünýäniň ajy-ajy zakgunlaryny bir içip ugraň bakaly, onsoň sizem göreris.
– Men ýaşam bolsam, dünýäň zakgunlaryny az içemok. Onda-da sanalgym tükenýänçä, keçpelek bilen dikleşermikäm diýýän. Häzirlikçe, bu jedeli goýaly! Siz meniň soragyma jogap bermediňiz. Ol günki müftini näme üçin ýigrenýänligiňizi aýtmadysyz-la!
– Aýtdym ahyry! Ol Allanyň ady bilen haram işler edip ýören kezzap! Men size bir tymsal getireýin. Mukaddes Kuranda erkek adamlara dörtden köp aýal almak ygtyýar edilmeýär. Emma, eger siz baý bolsaňyz, şol haramzadaň ýanyna baraýyň! Siz on bäş aýal alsaňyzam, şol kezzap olara nika düşer ýaly edip biler. Musulmançylygyň kanunynda gyz maşgala kemala gelmese, oňa nika düşmeýär. Emma kyrk ýaşly adam on iki ýaşly gyzjagaza öýlenende-de, şol müfti oňa nika gyýdy ahyry. Ol ondan beterinem edýär. Ol ýyl bir azgyn beg bir pukara bendäniň nikaly aýalyny zorlap elinden aldy. Ol päli azan şoňa-da nika gyýdy-da!
Sakçy mirşep içerik girdi.
– Ine, gardaş, meniňem donumyň biçiljek wagty geldi – diýip, diwana ýerinden turdy.
– Sen oturyber! – diýip, mirşep elini silkip goýberdi. – Şahyry getirmegi buýurdylar.
– Hoş, saglykda görşeli! – diýip, Magtymguly gapa baka ýöneldi.
– Indi ikimiziň görüşjegimiz-görüşmejegimiz gümana – diýip, diwana jogap berdi. – Meni şu ýere getirip dykanlary bäri, gör, näçe adam maňa höwür bolup gitdi. Indi olardan hiç birinem görmejegime akylym ýetýä. Görüşsek-görüşmesek, birek-birekden razy bolaly!
– Her niçigem bolsa, adyňyzy bilip goýsak ýagşy – diýip, Magtymguly sorady. – Size kim diýerler?
– Meň adym aňsat-la! Ýaltanmasaňyz-a diwana Şerip diýäýiň. Ýaltansaňyzam ýöne diwana diýäýseňizem bolar. Siziň adyňyza kim diýerler?
– Bize Magtymguly diýerler.
Magtymguly daşaryk çykdy. Ol gabak astyndan töwerege syn edip barýardy. Howlynyň içi çolalykdy. Birden Magtymgulynyň gözi howludan çykyp barýan iki adama kaklyşdy. Şahyr olaryň biriniň Omar Hojadygyny, beýlekisiniň Allaýar begdigini tanady.
Magtymgulyny kazy kelanyň huzuryna eltdiler.
– Hoş gördük, şahyr! – diýip, kazy kelan özüni asylly adam hökmünde görkezmäge jan etdi. Hakyna garanyňda biz siziň bilen toýlarda duşmalydyk. Ýöne adam ýörejek ýoluny bilmän gadam basanda, pelegiň gödek oýnuna uçraýan wagtlaram bolaýýar.
– Bu oýun kazy kelan jenaplarynyň gözüne-de gödek görünýän bolsa, at öňüne salnyp getirilen şahyryň kalbynda nähili harasat gopýanlygy düşnükli bolsa gerek.
– Geň zat ýok, şahyr! – diýip, kazy kelan birden çytyldy. – Şerigatyň kanuny hemme kişi üçin mukaddesdir! Ony gyl ýaly gyşardan adam temmisinem çekmelidir!
– Ras aýdýaňyz, tagsyr! Adalatly karun bigünäleri nähak töhmetden goramalydyr.
– Ýüklenýän günäniň töhmetdigini subut edip bilseňiz, şerigat sizi aklar.
– Ony subut etmek siziň borjuňyz, tagsyr!
– Gulak asyň! – diýip, kazy kelan çytyldy. – Biziň şäherimiz «Buhara el Şerif»1 diýip ýöne ýere at alanok. Şerigat ýoluny gyşarnyksyz ýöretmekde äleme görelde görkezýän mylakatly Buhara musulmançylygyň ojagydyr. Bu şäherde din-yslamyň garşysyna aýdylan ýekeje agyz sözem garawsyz galdyrylmaz! Bu gepleriň aňrysynyň nirä degýänligini güman edýän bolsaňyz gerek.
– Nähak töhmedi güman edip bilip bolmaz, tagsyr.
– Onuň töhmetdigini näbilýäňiz?
– Töhmet taýagyny depämizden inderjek bolup ýören adamlary görüp çen tutýas. Bu töhmetiň «Gögeldaş» medresesiniň hormatly müderrisi Abdyselim Omar Hojadan ýetenliginem güman edýäs.
– Bu ýerde kimiň şikaýat edenliginiň ähmiýeti ýok. Olar siziň şygyrlaryňyzda belli-belli beýtleriň şerigat ýoluna dogry gelmeýänligini görkezýär. Ýne, ol şygyrlar!
Kazy kelan öňünde ýatan kagyzlardan birini eline aldy.
– Ynha, siz şu ýerde «Pygamber ornunda oturan kazy, para üçin elin aça başlady» diýip aýdypsyňyz. Şerigat ýoluny dürs ýöredýän adalat adamlaryna töhmet etmäge hudaýdan gorkmadyňyzmy?
– Biz gözümiziň gören zadyny aýtdyk, tagsyr! Şerigatyň ady bilen iş görýän kazylar para almaga hudaýdan gorkmasalar, bizem ony aýtmaga gorkmarys.
__________
1 «Buhara al Şerif» – Mukaddes Buhara.
– Göräýenem bolsaňyz, haýsydyr bir kazysumagyň para alanyny görensiňiz. Onuň üçin hemme kazylaryň maňlaýyna tagma basaýmak bolmaz ahyry. Ony adalatly kazylar özlerine çekäýse nätjek?
– Ýok, tagsyr! Bir uly bazarda jar çekip ogra sökseň, ony tenha ogry özüne çeker.
– Siz näme diýjek bolýaňyz? Meniň şygrymy özüňize çekýän bolsaňyz, sizem para alýansyňyz diýjek bolýaňyzmy?
– Bu sözi siziň agzyňyzdan eşidýäs, tagsyr!
– Siz hetdiňizden aşýan bolaýmaň! Kim bilen gepleşýäniňizi unudýarsyňyz!
– Gaharlanmaň, tagsyr! Allatagala şerigat kanunyny goraýan adamlaryň adalatly hem parasatly bolmagyny tama edýär. Eger kazylar gaharyna ýa-da nebsine bäs gelip bilmän, mukaddes kanuny bozsa, özleriniň günä etdigi bolmazmy näme?
Şu halatda birden gapy açyldy-da, hyzmatkär içerik girdi.
– Günämizi ötüň, tagsyr! Huzuryňyza gyssagly çapar geldi.
Aradan salym geçmänkä egni mahmal donly bir adam içerik girdi. Kazy kelan onuň Gyzlargül Aýymyň ynamdar adamsy Ahmedalydygyny tanady. Ah- medalynyň elinde ykjam eplenen zerli don bardy.
– Bikämiz şuny size sowgat iberdi, tagsyr!
Ýalpyldap duran zerli dony görenden, kazy kelanyň gözleri ýiteldi, gahary zym-zyýat boldy. Ol ýerinden turdy-da, dony aldy.
– Bikämiz sizi myhman çagyrýa, tagsyr! Gelip duzumyzy dadyp gitsin diýdi.
– Bikäňize bizden dogaýy salam gowşuryň! Kazyhanadaky işlerimi gutaranymdan soň bararyn,
– Bikämiz siziň şü häzir gelmegiňizi towakga etdi. Aňrujy ýagdaýy bolsa, mähetdel etmäwersin diýdi.
Kazy kelan az salym böwrüni diňläp durdy-da
– Bolýar, häzir baraýaryn – diýdi.
■ «Namartlara döndi ýaman zamana...»
Kazy kelan uzak garaşdyrman, Gyzlargül Aýymyňka bardy.
– Kazy kelan jenaplarynyň bizden göwni galdymyka? – diýip, Gyzlargül Aýym bälçiredi. – Soňky wagtlarda ol biziň gapymyzy ýatdan çykaraýdy-la!
– Ynjamak, bikäm! Siziň çakylygyňyzy eşiden badyma işimi taşlap gaýtdym.
– Işiňiziň köpdügini bilýäs, tagsyr! Onda-da arasynda gelip bir duz dadyp gitmek bolar ahyry.
Gyzlargül Aýym hyzmatkärleri çagyrdy:
– Işli adamy saklamak sogap däldir. Haýal et mäň-de, myhmana hezzet edin!
Hyzmatkärleriň arasynda hereket başlandy. Biri kazy kelanyň elini ýuwdurdy, biri saçak ýazdy.
– Öňräk biziň şäherimize Magtymguly diýilýän bir şahyr gelipdi – diýip, Gyzlargül Aýym mesawy gürrüň edýän ýaly sorady. – Ondan habaryňyz barmydyr, tagsyr?
– Habarym bar, bikäm. Şol diýýän şahyryňyz häzir kazyhanada bendi bolup otyr.
– Bendi bolup otyr?– diýip, Gyzlargül Aýym ör-gökden geldi. – Onuň näme ýazygy bar?
– Onuň günäsi ýeňil-ä däl. Şahyryň bir topar şygrynda din-yslama müňkürlik edilýän äheň barmyş. Şerigat kanuny olar ýaly gabahat meýilleri ýazgarmagy talap edýär, bikäm.
– Hudaýdan gizlemedigiňizi bizdenem gizlemäň! Onuň şygyrlaryny hut özüňiz okadyňyzmy?
– Dogrusy, özüm-ä okamok. Ýöne abraýly adamlar okapdyrlar.
– Siziň diýýäniňiz Abdyselim Omar Hoja bolsa gerek?
Kazy kelan geň galdy. Magtymgulyny ýamanlap gep bereniň kimlerdigini Gyzlargül Aýymyňam, Magtymgulynyňam biläýşi ony ünjä goýdy.
– Omar Hoja, hakykatdanam, hormatly adam! – diýip, Gyzlargül Aýym dowam etdi. – Aňrujy ýagdaýy bolsa, onuň raýyny ýykmaly däl. Ýöne Magtymguly şahyra gezek gelende, gaty seresap bolaýmasaňyz, oňaýsyz ýagdaýa düşäýmegiňizem ähtimal.
Näme üçin?
– Magtymguly şahyryň biziň şäherimizdediginden beýik mertebeli Muhammetrahym hezretleriniň habarlydygyny unutmaň! Birden aly hezretleriniň kellesine bir küý gelip, şahyry çagyrmagy buýraýsa, onuňam siziň hökümiňiz bilen zyndana salnanlygyny biläýse, emiriň öňünde özüňizi aklap bilermikäňiz?
– Ýalňyşmaýan bolsam, beýik mertebeli Muhammetrahym hezretleri şygyr-gazalyň muştagy däl bolsa gerek. Magtymguly şahyr onuň nämesine derkar bolaýjagyny meniň-ä akylym kesenok.
– Onuň alyhezretleri şygyr-gazal diňläp lezzet almakda paýyny giderse-de, syýasat babatynda has uzagrakdan görýär.
– Magtymguly şahyryň syýasata näme dahyly bar?
– Syýasatyň inçe syrlaryny siz bizden gowrak bilmelisiňiz, tagsyr! Häzirki pursatda türkmen taýpalarynyň arasynda Magtymgulynyň uly hormaty bar. Şolar ýaly ähli türkmeniň hormatyna mynasyp bolup bilýän bir adam tapjak bolup, onuň alyhezretleriniň arzuw edip ýörenligini siz bilýänsiňiz öýdýädik.
– Çakyny aňýas welin – diýip, kazy kelan alada galdy. – Ol şahyr beýik mertebeli hökümdarymyzyň ýanynda abraýly adam hökmünde magtalan bolara çemeli. Eger biz adam tanyýan bolsag-a, ol beýle hezzete mynasyp däl. Magtymguly diýilýän kesir hem özdiýenli adam.
– Adamyň gymmatam şondadyr, tagsyr! Her bir aýdylan söze lepbeý diýip duran adamlara emel ynanyp bolmaz! Iş bitirmek öz gepini gögerdip bilýän adama başardýandyr.
– Sözüňiz hak. Ýöne onuň alyhezretleri öz gepini gögerdýän adamlary halabam duranok. Ol emiriň akylyna gulluk edýän adamlary gowy görýär.
– Allatagala hökümdara köp ugurdan hökmürowanlyk bagyş edipdir. Onuň Allatagaladan başga hemme kişä hökmi ýöreýär.
Gyzlargul Aýymyň gürrüňleriniň nirä degýänligine kazy kelan onçakly düşünmese-de, onuň Magtymgulyny halas etjek bolup tagalla edýänligini güman etdi.
– Siz gönüsini aýdaýyň, bikäm! Şahyryň azat edilmeginiň siziň üçinem bähbitli ýeri barmy?
– Näme, size aldaw saljak bolýandyr öýdýäňizmi? Muhammetrahym hezretleri ýakyn günlerde Magtymguly şahyry öz huzuryna çagyrar diýen çakymyz bar. Biz muny size öňünden duýduryp goýaly diýdik.
– Ynjamaweriň, bikem! – diýip, kazy kelan ötünç sorady. – Men ýöne bu işe siziňem dahylyňyz bardyr öýdüp...
– Elbetde, biziňem dahylymyz ýok däl. Şäherimizde şunuň ýaly şöhratly şahyryň okaýanlygyny beýik mertebeli hökümdara özümiz mälim edipdik. Ýeri, niçik? Şahyry azat edermisiňiz?
– Munuň ýaly günä bilen bendi edilen adamy azat etmek aňsat däl. Ýöne eger onuň azat edilmegini isleýän bolsaňyz, siziň göwnüňizi ýykyp bilmeris.
– Döwletiňiz artsyn! – diýip, Gyzlargul Aýym minnetdarlyk bildirdi. – Şahyry biziň huzurymyza ýollasaňyz sizden köp hoşal bolardyk.
– Ol şu gün siziň huzuryňyzda häzir bolar, bikäm! Indi bize rugsatmydyr?
– Sabyr ediň! – diýip, Gyzlargül Aýym ony saklady. – Ýeri gelen wagty araky gürrüňimizem birýüzli edeli!
– Haýsy gürrüňimizi? – diýip, kazy kelan mönsürän boldy.
– Arada ikimiz hywaly täjir hakynda gürleşipdik. Ol täjir biziň şäherimize ýaraşýan adam däl. Onuň ferengiler1 bilenem aragatnaşygy barmyş. Her dürli frak
harytlarynam getirip satýamyş.
– Ol haýsy täjir?
– Bilmedik bolmasaňyz-la, tagsyr! Ona Töwke baý diýýäler. Onuň adyny siz mendenem gowy bilýäňiz.
– Töwke baý diýseňiz-le! Olaryň işine goşulmaga ygtyýar edilenok. Ol häkimiýete tölemeli gümrük hakyny töläpdir. Onuň alyhezretleri oňa biziň ýurdumyzda erkin söwda etmäge ygtyýar edipdir.
– Ony bilýäs. Ýöne, kazy kelan hezretleri islese, ol täjiriň gaňyrçagyna kakmagyň tärini tapardy. Arada kurbaşy1 Töwke baýyň adamlaryndan bir-iki sanysyny haram işiň üstünde tutup, huzuryňyza eltipdir. Siz näme üçin olara jeza bermediňiz?
– Bu ýumşuňyzyň bize agyr düşýänligini ozallam aýdypdyk, bikäm. Olar biziň raýatymyz däl.
– Olar size köpräk emläpdirler öýdýän – diýip, Gyzlargül Aýym onuň sözüni böldi. – Eger meniň diýenimi eden bolsaňyz, men Töwke baýdanam önjeýliräk emlärdim.
– Emlärdim diýseňiz-le! – diýip, kazy kelan ýylgyrdy.
– Nämä ýylgyrýarsyňyz? Heý sizi aldan ýerim bolupmydy?
– Arada men sizden Astrabatdan getirilen bir gyrnagy diledim. Siz bir gyrnagam maňa rowa görmediňiz.
– Eý, toba! – diýip, Gyzlargül Aýym içini çekdi. – Siziň diýýän gyrnagyňyz ärli ahyry. Biz ony öz gulumyza – Remezan ussa nikalap berdik.
– Remezan ussa kimmiş? – diýip, kazy kelan äsgermezlik bilen dodagyny çöwürdi. – Şeýle ajaýyp perini bir lagar düşen gula bermäge neneň ýüregiňiz dözdi?
– Remezan ussa gulam bolsa elinden dür dökülýä. Biziň üçin onuň belli bahasynyň ýokdugyny bilýärsiňiz ahyry.
– Her kim bolanda-da gul guldur-da! Ol beýle owadan gyrnaga mynasyp däl. Oňa zengi2 ýa hebeşi3 gyrnaklaryndan birini berseňizem hoşal bolardy. Gowusy, ol gyrnagy maňa beräýiň!
– Aýdýanyňyz. näme! Heý ärli aýalam alyp bolarmy?
– Özi gyrnak bolsa alybam bolar, satybam!
Gyzlargül Aýym şelaýyn ýylgyrdy.
– Hany, entek biziň ýumşumyzy bir bitiriň. Geregiňiz gyrnak bolsa, ondanam owadanyny taparys.
– Ýok, bikäm! Merhemetli bikämiz sahylyk edip şol gyrnagy bagyşlasa, bize başga zat gerek däl!
– Onçasyny soň görübereris!
Şonuň bilenem gürrüň gutardy. Kazy kelan çykyp gidenden soň:
– «Gögeldaş» medresesinden gelen müderris garaşyp otyrmy? – diýip, Gyzlargül Aýym hyzmatkärden sorady.
– Hawa, bikäm, garaşyp otyr.
– Ony çagyr!
Hyzmatkär aýal baş egdi-de, çykyp gitdi. Az salymdan soň Nury Kazym içerik girdi.
– Gamlanmaň, tagsyr! – diýip, Gyzlargül Aýym göwünlik berdi. – Kazy kelan jenaplary biziň dilegimizi kabul etdiler.
«Goýna gardaş bolmaz gurtdan...»
Kazy kelan wadasynda tapyldy. Magtymgulyny Gyzlargül Aýymyň huzuryna getirdiler. Magtymguly tukatdy, dodaklary epgekli howada aryp gelen adamyňky ýaly kepäp durdy.
Gyzlargül Aýym herneneň baý aýal bolsa-da, öýüne gelen her bir myhmana öz sahylygyny güjeňläp durmaýardy. Ýöne, Magtymguly gelende, ol jomartlyk bilen eçildi. Kazy kelanyň öňünde goýmadyk nazy-nygmatlaryny Magtymgulynyň önünde goýdy.
Magtymgulynyň iýmek-içmek bilen seri ýokdy. Ol tagamyň haky üçin naharyň duzuny datdy-da, gaýra çekildi.
– Owkat iýmediňiz-le, şahyr! – diýip, Gyzlargül Aýym Magtymgula ýüzlendi. – Munuň üçin ýüregiňizi çişirip oturmazlar. Bu zatlar bolýan zatdyr.
– Hawa, adam bar ýerinde göripligem bar! – diýip, Nury Kazym Magtymgulynyň ýerine jogap berdi. – Siz aýny wagtynda goldaýdyňyz, bikäm! Ýogsam şahyrymyzyň ýat ilde ýaman güne düşäýmegem ähtimaldy.
– Tanryýalkasyn, bikäm! – diýip, Magtymguly minnetdarlyk bildirdi. – Siz bizi uly masgaraçylykdan halas etdiňiz.
– Minnetdar bolup oturmaň, şahyr! diýip, Gyzlargül Aýym sypaýyçylyk etdi. – Minnetdar bolmaly bolsa, gaýtam biz size bergili. Siziň bizi ýatlap düzen şygryňyzy biz haladyk.
Bu söze Magtymguly birhili boldy.
– Ol haýsy şygyr? – diýip, soranyny-da duýman galdy.
Nury Kazym çeýnäp oturan üzümini howlukmaç ýuwutdy-da:
– Arada bikämize bagyşlap bir şygyr düzüpdiňiz-ä – diýip, Magtymgula göz gypyp goýberdi. – Ýöne şygra onçakly göwnüňiz ýetmänsoň, bikämize äşgär etmän, saklap ýördüňiz. Şol şygry bikämize gowşurdyk. Birugsat alyp gaýdanymyz üçin aýyplaşmaweriň!
Magtymguly henize çenli Gyzlargül Aýyma goşgy goşmadygam bolsa, bu ýerde bir syr bardygyny aňlady.
– Biz şygry haladyk, şahyr! – diýip, Gyzlargül Aýym dowam etdi. – Siz nähak edip ony bize görkezmänsiňiz. Indi bu şygry hormatly şahyryň özi okap beräýse, hasam hoşal bolardyk!
Magtymguly goşgyny aldy-da, iki setirini okady, galan setirlerini ýatdan aýtdy.
Eý, peri, men aşygam saňa, ýanaram, dogrusy:
Görmeginçä gül ýüzüň, bikararam, dogrusy.
Şäheriňizde bir peri, adyň eşitdim men seniň,
Bilbili – biçäreýem, çoh ahy-zarym, dogrusy.
Men bir bezirgen menem, yşkyň matasyn sataram,
Şäheriňizge gelmişem, bes söwdagärem, dogrusy.
Gidebilmen şähriňizden – hyz haramdan gorkaram:
Ýedi pirniň labzyndan bir ýadygärem, dogrusy.
Eý, peri, zülpüň beri, walla seniň deý huplary,
Aýdýar Magtymguly bes pişekärem, dogrusy.
Gyzlargül Aýymyň göwnüne bu gezek goşgy has çeper hem çuň manyly ýaly göründi. Ol hoşallyk bilen dem aldy-da, şahyryň ýüzüne seretdi. Magtmgulynyň ýüzi ogurlykda tutulan adamyňky ýaly boz-ýaz bolup durdy. Gyzlargül Aýym muňa özüçe düşündi. Elbetde, bular ýaly göçgünli şygry gyzarman okamak aňsat däldir!
Gyzlargül Aýym şygry gaýdyp aldy-da, goltugyna saldy.
– Siziň şahyrlygyňyza söz diýer ýaly däl! Gözel jaýlarda, ter çemenli baglarda ýaşasaňyz, hasam ajaýyp şygyr düzerdiňiz. Alla işiňizi rowaç ätse, basym şol derejä ýetersiňiz. Siziň şanly dabaraňyz beýik mertebeli emir hezretlerine-de äşgär bolupdyr. Bir sähetli gün onuň huzuryna çagyrylaýmagyňyzam ähtimal.
– Emir? – diýip, Magtymguly geň galdy. – Onuň bizlik näme hyzmaty barka?
– Hyzmaty bolman näme! Türkmenleriň uly-ula taýpalary onuň alyhezretlerine raýat bolup, onuň şöhlesinden nur alýar. Hökümdar siziň ýaly dana ogul dogrup beren türkmen ilini gowy görýär. Eger onuň göwnüni tapyp bilseňiz, ol sizi beýik derejä ýetirer.
– Aý, ýok, bikäm! Biz bir giň sähra öwrenen garamaýak adam. Şalaryň, emirleriň hyzmatyna ýararmykak?
– Siz, şahyr, akylly adam. Ýöne syratyňyza bap gelmeýän bir gylygyňyz bar. Tekepbirlik edýärsiňiz.
– Bu tekepbirlik däl, bikäm – diýip, Magtymguly mylaýym jogap berdi. – Doga garamaýak bolanymyz üçin, özümiz ýaly garamaýaklar bilen hemra bolmaga öwrenipdiris.
– Şu güne çenli garamaýaklar bilen hemra bolup, näme gören bähbidiňiz bar?
– Beý diýmäň, bikäm! Dünýäni düzedýän garamaýaklardyr. Olar çakyr daşyň üstünde gul bitirýär. Kimde-kim garamaýak adamlara hyzmat edip ötse, ömrümi haýp geçirmedim diýip biler. Siz bir zady biliň, bikäm! Adamzadyň gysgajyk ömri bar. Oňat paýhaslanyp görseňiz, adamyň il derdine delalat edip biljek ömri ýigrimi ýyldan köp däl.
– O näme üçin? – diýip, Gyzlargul Aýym geň galdy. – Ýüzden artyk ýaşaýan adamlaram bar ahyry.
– Gep köp ýaşamakda däl. Adamyň başdaky ýigrimi ýaşy çagalyk hem jahyllyk ýelgininiň manysyz tüweleýi bilen geçip gidýä. Altmyşdan soňky weý-weýli ömürde-de adamyň yhlasy bolýa-da, gurbaty bolmyýa. Ýigrimi ýaş bilen altmyş ýaşyň arasyndaky kyrk ýylyňam gylla ýarysyny adam gaflat ukusynda geçirýä.
– Gürrüňi beýleden öwrüp aldyňyz-ow!
– Adamzat şol gysgajyk ömründe köpräk haýyr-sahawat edip sogap gazanmalydyr. Aňrujy elden gelse, ýetim-ýesirlere, garyp-pukaralara delalat etmeli. Suwsuz ýerlere ýap çekmeli, köpri gurmaly, mekdep-medreseler bina etmeli.
– Gowy niýetiňiz bar, şahyr. Ýöne siz bir zady biliň! Allatagala adamlara bagty, baýlygy, gözelligi deň paýlamandyr. Allanyň bermedigini zor bilen alyp bolmaz! Her kim özüne ýeten paý bilen oňubermeli bolar. Siz ýetimlere arka duranyňyz bilen hemme ýetimleri hossarly edip bilmersiňiz, garyplara delalat edeniňiz bilenem hemme garyplary baý edip bilmersiňiz.
– Meniň ýene bir zady akylym kesýä – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Her näçe uly baý bolup dünýäni tutan ýok. Bu pany dünýede az ýygnan az zat, köp ýygnan köp zat döküp gidýär. Gyzyldan kyrk şäher dolduran Karunyňam aç gözlerini iň soňunda bir gysym toprak doldurypdyr.
Gürrüň uzadygyça jedel gyzýardy, jedel gyzdygyça-da Gyzlargül Aýym bilen Magtymgulynyň agzy alaryp barýardy. Bu ýagdaý Nury Kazymy gozgalaňa saldy.
– Bu dünýäniň syrlaryna akyl ýetiräýmek kyn, bikäm! – diýip, ol sypaýyçylyk etdi. – Dünýä pelsepesi hakynda näçe jedel etseň edip oturmaly. Şahyryňam bir başy, ýüz aladasy bar. Bu günlükçe ony jedelden halas ediň, bikäm! Eden ýagşylygyňyz alladan gaýtsyn! Bize rugsat beriň!
– Rugsat Alladan! – diýip, Gyzlargül Aýym jogap berdi. – Gelip duruň! Siziň üçin biziň gapymyz elmydama açykdyr.
* * *
Nury Kazym bilen Magtymguly «Gögeldaş» medresesine baka ugrady. Magtymgulynyň göwnüne giň jahan dar ýalydy. Olar gepleşmän barýardy.
– Biz Gyzlargül Aýym barasynda goşgy düzmändik – diýip, birden Magtymguly ümsümligi bozdy. – Başga biriniň tarypy üçin düzülen goşgyny Gyzlargül Aýym ýaly anjaýyn aýala muwapyklap biläýşiňize haýran, tagsyr!
– Ony bialaçlykdan etdik, şahyr. Özüňiz bilýäniz. Omar Hoja diýilýän ýapyşan zadyny goparyp bilýän adam. Biz Gyzlargül Aýyma arkamyzy diremedik bolsak, olar berim-peşgeş bilen kazy kelany azdyryp, sizi heläk ederdi. Gyzlargül Aýymyň göwnüni awlamak üçinem siziň şygryňydy oňa sowgat etmegiňiz gerek boldy.
– Oňa düşündik, tagsyr. Jaý ýerinde ýalan zadam derek tutup biljek eken.
– «Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde» diýip, özüňiz aýdypsyňyz ahyry. Onsoňam şygryň mazmunyna seredeniňde, ol Gyzlargül Aýyma goşulypdyr diýseň, ynanmazça-da däl.
– Puluň gudratyna haýran galaýmal-ow! Gyzlargül Aýymyň hökümi kazy kelan hezretleriniňkidenem rüstem çykdy.
– Dogry! – diýip, Nury Kazym makullady. – Gyzlargül Aýymyň hökümi kazynyňkydan zor çykdy. Ýöne siziň şygryňyzyň güýji Gyzlargül Aýymyňkydanam zor çykdy. Biz ol şygry Gyzlargül Aýyma okap beremizde ol tasdanam eräp akypdy.
«Bela geler bolsa başa...»
Iňrik garalyp ugrapdy. Buharadaky minaralaryň hemmesinden musulmanlary agşam namazyna çagyrýan azan sesleri ýaňlanýardy. «Allahy akbar!» diýip, Allanyň häzirligine güwälik edýän sözler çar tarapdan eşidilýärdi. Bazardaky dükanlar ýapylyp, adamlar dargady.
Enorhon bazardaky kümüş şaýlar satylýan dükandan çykyp gaýdyp barýardy. Bu gün ony günüň biwagt çagy dükana çagyrdylar we Remezan ussa eltip berer ýaly kümüş berip goýberdiler.
Enorhon töwerekde bolýan zatlara ähmiýet bermän, öz ýoluna gidip barýardy. Uzakly gün harsuryp, gaty ýadanlygyna garaman, onuň ökjesi ýeňildi. Ol ýygy-ýygydan goşaryna seredýärdi. Şonda ýüzüne gyzyl çaýylan kümüş bilezik ýalpyldap görünýärdi. Ony bir-iki günlükde Remezan ussa ýasap beripdi. Elbet- de, Enorhon öz ömründe bu bilezikden ýüz esse gymmatly şaýlaram dakynyp görüpdi. Ol Astrabatda Muhammethasan hanyň haremhanasynda saklanýarka, ony göwher hem lagl-merjenler bilen bezän wagtlaram bolupdy. Ýöne, ol zynatlar mal hökmünde alnyp-satylyp ýören biçäre gyzyň ýaş ýüreginde sähelçe-de guwanç döretmändi. Remezan ussanyň ýasap beren bilezigi welin, Enorhony edil täze köýnek geýdirilen ýetim çaga ýaly begendirdi.
Enorhon bazar meýdanyndan esli arany açansoň, egri-bugry bolup gidýän darajyk köçä düşdi. Köçe çolady. Namaz okamaga giden adamlar eýýäm namaza durupdy. Enorhon gidip barýarka köçäniň ugrunda üç sany at bilen üç adamyň duranlygyny gördi. Adamlardan biri atlary saklap durdy. Beýleki ikisi halymy, palasmy – bir zada seredip güýmenip durdy. Olaryň üçüsi-de ýapbaşyk telpeklidi, eginlerinde hywa dony bardy. Olardan iki ýüz ädim çemesi aňyrdan eli hasaly bir kempir gybyrdyklap gelýärdi.
Enorhon adamlaryň deňine ýetende, palas tutup duran adamlardan biri onuň öňüne geçdi.
– Apa, bu zatlary siz gowy bilýänsiňiz. Şu palasy bir görseňiz-le! Onuň bahasy näçeräk bolar öýdýäňiz?
– Meniň haly-palas ugrundan başym çykanok – dindi-de, Enorhon gidibermekçi boldy.
Onýança ýaňky adam güýçli gollary bilen onuň agzyny tutdy. Oňa çenli beýleki adamam palasy taşlady-da, Enorhona ýapyşdy. Enorhon ýekeje gezek «waý!» diýip gygyrmaga ýetişdi.
Enorhonyň gykylygyny garry kempirden başga eşiden adam bolmady. Gykylygy eşidip, o-da zähresi ýarylan ýaly, yzyna baka gybyrdap gaçdy.
Edil anna güni agşam namazy okalyp durka görgüli Enorhonyň depesinden täze bir betbagtlyk indi.
■ «Zalymlaryň jepasyndan, jebrinden...»
Magtymguly bilen Alymerdan hemişekisi ýaly irden oýandy.
– Öten agşam köp wagtlap ýatmadyňyz, şahyr – diýip, Alymerdan sorady. – Oturyp şygyr düzdüňiz öýdýän.
Magtymguly sesini çykarman, goşgyny Alymerdana uzatdy. Alymerdan goşgyny okady.
– Siz soňky düzýän şygyrlaryňyzda pelekden köp käýinýärsiňiz. Käbir beýtleriňizde Allatagalanyň edenine-de nägilelik bildirýärsiňiz. Allanyň edenine nägile bolmak günä dälmidir?
– Şahyr ýüregindäki hakykaty dogry beýan etmese, şol günädir! Keçpelek biziň ýazyksyz ýüreklerimizi dilim-dilim edip, şerebe sepeläp durka, ony halkdan gizlemegiň ne hajaty bar?
Magtymguly donuňy, telpegini geýdi.
– Siz bir ýana hyýallanýaňyzmy? – diýip, Alymerdan sorady.
– Remezan ussaňka baryp gaýtsak diýýäs. Bir topar wagt bäri ondan habaram tutup bilemzok.
Magtymguly baranda Remezan ussanyň gapysynda bir topar adam üýşüp durdy. Olaryň hemmesi gaharlydy. Kimdir birine gargyş edýärdiler. Howsala düşen Magtymguly gapa baryp, içerik seretdi. Ussa iç işikde maňlaýyny ýere berip, ýüzin düşüp ýatyrdy.
– Ussa näme boldy? – diýip, Magtymguly sorady.
– Biz Alla tarapyndan ejiz ýaradylan bendelerdiris, ýagşy ýigit – diýip, eşigi sal-sal bolup giden bir ýaşuly jogap berdi. – Biz bir gün gülsek, on gün aglamaly bolýas. Iň erbet ýerem biziň gözýaşymyz hiç kimiň gözüne ilenok.
– Ol jenap bu zatlary senden gowy bilýä – diýip, ikinji bir adam ýaşula igendi. – Sen aýtjak bolsaň, bu ýerde nähili betbagtlyk bolanlygyny aýt-da!
– Bolan zat, hanha! Ol görgüli dünýäniň jebir-sütemini çeke-çeke ömri paýaw bolup barýarka bir zenana gözi düşdi. Päli azanlar onam ussanyň elinden kakyp gidipdirler.
– O nähili kakyp gidipdirler?
– Süýräp alyp gidipdirler. Düýn gijara dükandan gelýäkä üç sany atly atyň öňüne basyp ötägidipdir. Ony Aýhon kempir gözi bilen görüpdir.
Magtymguly az salym ýuwdunyp durdy-da, içerik girdi. Ýüzin düşüp ýatan Remezan ussanyň usul bilen arkasyna kakdy.
– Mert boluň, ussa aga! Agyr melamat başa düşende ondan ökde çykmagyň ähtibarly ýoly mertlige salmakdyr.
Remezan ussa agraslyk bilen kellesini galdyrdy.
– E-eý, şahyr! – diýip, ol umytsyzlyk bilen başyny ýaýkady. – Mertlige sala-sala süregime ýetdirdim! Bu ýumrulmyş dünýede ýekeje guwanýan zadym bardy, ojagaz guwanjymdanam mahrum etdiler.
Magtymguly birbada aýdara söz tapmady.
Döwran, niçik döwran sen, garyp aglar, il gülmez,
Zulmy artar zalymyň, hiç köňlüne rehim inmez –
diýen setirler onuň kellesine geldi. Birdenem Meňli gyzyň suraty gözüniň öňünde janlandy. Onuň ýüregi awap, endamy tikenekläp gitdi. Ýalňyz guwanjyndan jyda düşmegiň elhenç zatdygyna Magtymguly düşünýärdi. Ol indi näçe ýyl bäri şu elhenç hijranyň oduna köýüp ýör. Şeýle-de bolsa, ol Remezan ussa teselli bermegi ýüregine düwdi.
– Beýdip özüňizi horlanyňyzyň nepi degmez, ussa! Bolan işi haýdan-haý Gyzlargül Aýyma habar etmeli ekeniňiz.
– Ýok! – diýip, Remezan ussa ýatan ýerinden jogap berdi. – Maňa Gyzlargül Aýymam gerek däl, onuň merhemetem! Indi meniň aňsatja ajaldan başga etjek dilegim ýok.
Ýaş wagtynda takdyr tarapyndan läliksiredilmedik adam başa düşen ajy hesretleri dözümlilik bilen çekmäge ukyply bolýar diýip aýdýarlar. Remezan ussa-da eneden doganda ajy hesret bilen bile dogany üçin, durmuşyň agyr muşakgatlaryny çekmäge werdiş bolupdy. Ol şum täleýiniň hödürleýän awy-zäherini bir gün çemçeläp ýuwutsa, ýene bir gün susaklap ýuwudýardy. Özi aglaýardy, özi diňýärdi, özi ýanýardy, özi sönýärdi. Herki zat öz çakyndan geçse, in bir çydamly adamlaryňam sabyr käsesi dolýar. Şol pursatda ol özüni ýanyp duran oda urmakdanam çekinmeýär. Remezan ussanyňam ýagdaýy häzir şol derejä ýetipdi.
Magtymguly Remezan ussanyň häzirki bolşuna janyýangynlylygyň telbeligi diýip düşündi, bu ýagdaýda oňa gep düşündirjek bolup durmagy nämakul hasap etdi. Ol haýal etmän Gyzlargül Aýyma habar ýetirmeli diýen karara geldi.
Ol Gyzlargül Akymyň ýanyna gidip barýarka kimdir biri:
– Şahyr! – diýip gygyrdy.
Magtymguly yzyna gaňrylyp seredende, diwana Şeripiň ýetip gelýänligini gördi.
– Gözüniz aýdyň! – diýip, ol şahyry gutlady. – Aman-sag sypypsyňyz. Şol gezek kazy kelan sizi sypdyrar öýtmändim welin, arkaňyz güýçli bolara çemeli.
– Sizem aman-sag sypdyňyzmy?
– Men hiç-le! – diýip, diwana jogap berdi. – Şu gün irden doganym gelip, meni satyn aldy. Men inim baý. Ol emir hezretleriniň ýanynda-da ýüzli adam. Onsoň, näme, kazy kelanam onuň göwnüni ýykasy gelenok. Her saparam işim kaza düşende «akylyndan azaşan däli» diýen bolýa-da, meni boşadyp goýberýär.
– Bolýan zatlary göreňde ýöne beterinden saklasyn diýäýmeli! Buharada Remezan ussa diýen bir şöhratly ussa bar. Öten agşam ol bendäň aýalyny alyp gaçypdyrlar.
– Eşitdim, şahyr. Biziň Buharamyzda munuň ýaly gabahat işler bolýan zatdyr. Özüň ejiz bolsaň, aýyň bölegi ýaly owadanam aýalyň bolsa, oňa göz dikýän köp bolar.
– Biçäre ussa haýpym gelýär – diýip, Magtymguly dowam etdi. – Bolan wakany Gyzlargül Aýyma habar edeýin diýip barşym.
Diwana ynamsyzlyk bilen ýylgyrdy:
– Peýdasy degermikä? Men-ä şu bolan işden Gyzlargül Aýymyň habary ýokduram öýdemok. Siz bir zady biliň, ýagşy ýigit, eger Gyzlargül Aýymyň özi idin bermese, bu jelagaýda onuň zadyna barmak batyryp biljek adam tapylmaz.
– Beý diýmäň, Şerip aga! Ogry şa malyny iýer diýipdirler. Hudaýdan gorkmadyk adam Gyzlargül Aýymdanam gorkasy ýok.
– Onda siz Gyzlargül Aýymy tanamyýan ekeniňiz! Hudaýdan gorkmaýan adamlaryň bir topary Gyzlargül Aýymdan öler ýaly gorkýandyr. Onsoňam Gyzlargül Aýym bu habary eýýäm bilýär. Men ýalňyşmaýan bolsam, ol ýerde gürrüň uly.
– O nähili gürrüň?
Kazy kelan ogurlanan gyrnak üçin bir hywaly täjiri günäkär etjek bolýamyş. Eýýäm hywaly täjiriň üç sany adamsyny tutup kazyhana-da eltipdirler.
– Ussaň aýaly tapyldymyka? – diýip, Magtymguly sorady.
– Ony bilemok. Men ýöne eşiden zadymy aýdýan. Şu gün doganym meni satyn alandan soň, kaza kelan doganyma hezzet edip, nahar berdi. Şonda doganymyň hatyrasy üçin menem nahara çagyrdylar. Men garnymy otaryp otyrkam, ýaňky gürrüňleri eşitdim. Göwnüme bolmasa, kazy kelan hezretleriniň özüniňem howsalasy ýok däl. Doganym ikimiz kazyhanadan çykyp-çykmankak, kazy kelan bir ýere atlanyp gitdi. Gyzlargül Aýymyňka gidenem bolsa ähtimal. Meniň maslahatyma gulak assaňyz-a, Gyzlargül Aýyma ýüzüňizi saraldybam durmaň! Gyzlargül Aýym diýilýän gul-gyrnak üçin jany agyrjak aýala meňzemeýär. Aslynda, siz Remezan ussa ýagşylyk etjek bolmaň! Ýagşylyk edeýin diýseňizem edip bilmersiňiz. Bu dünýäniň ähli keýpi-sapasy azgynlar üçin berlipdir. Hak ýoluny dürs ýöredýän bendelere jebri-jepadan başga zat berilmändir. Gowusyny etjek bolsaňyz, adamlaryň ahyreti üçin hudaýa doga edin!
– Aý, bu wesýetiňiz biziň-ä beýnimize ornaşmajak bolýa.
– Gowuja paýhaslansaňyz ornar! Indiden beýläk men-ä şol ýola düşmegi ýüregime düwdüm. Buharany terk edip Samarkanda gidibersem diýýän. Baryp galandarlaryň keramatly şyhyndan pata alsam, onsoň diwanalyga ýüz urup, adamlaryň ahyreti üçin doga etsem diýen niýetim bar.
Diwana Şerip Magtymguly bilen hoşlaşmagam unudyp, öz ýoluna gidiberdi.
Taryhy proza