20:47 "Magtymguly diýip adym tutsalar..." | |
“MAGTYMGULY DIÝIP ADYM TUTSALAR..."
Magtymgulyny öwreniş
Ylmyň ösmegi türkmen diliniň söz baýlygyny öwrenmekde we ony ylmy taýdan sistemalaşdyran sözlükleri işlemeklikde hem köp zerurlyklary döredýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň kompýuterleşdirilmegi biziň işlerimizi ýeňilleşdirýär. Sözlük düzmeklikde hem kompýuterler arkaly köp müşgil işlerimiz özüne rowaçlyk ýoluny tapdy. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ÝOL KARTASYNYŇ düzülmegi Magtymguly-Pygragy barada edilmeli işlere giň ýol açdy. Ýokarda belleşimiz ýaly, altyn asyrymyzyň täze tehnologiýasy bilen ýaraglanyp, Magtymgylyny Pyragynyň döredijiliginde sözleriň ýerleşiş tertibini, ulanylyş gerimini görkezän Ýygylyk sözlüginiň döredilmegi maksadalaýyk işdir. Magtymguly Pyragynyň Ýygylyk sözlüginiň ähmiýeti öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Başga zatlary sanamazdan, diňe türkmen edebiýat meýdanynyň oragyny oran, türkmen halkyna bahasyz miras galdyran Magtymlulynyň hatyrasyny saklamak üçin hem bu işiň edilmegi zerurlykdyr. Biziň bu düşündirişimiz henizem bärden gaýdýar. Gündogar halklarynyň taryhyny, medeniýetini öwreniji akademik W.W.Bartold Magtymluly Pyragymyz barada şeýle diýipdir: “Gökleñlerden bolan şahyr Magtymguly türkmenler üçin, şol sanda Stawropol türkmenleri üçin-de milli şahyr boldy [1; sah. 614]” ýa-da “… türki halkyýetleriň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenlerdir”[1; sah. 387]. Şeýle hem şahyryň “Magtymguly” diýip adym tutsalar” diýen sözlerini ýada salan her türkmeniň onuň ruhuny şat etmek üçin elinden gelenini aýamajakdygy düşnüklidir. Üstesine-de şeýle sözlük düzülenden ýa-da şulara meňzeş işler edilenden soň Magtymgulynyň döredijiligini hemme taraplaýyn öwrenmäge mümkinçilikleriň çäginiň giňeljekdigi gürrüňsizdir. Biz Magtymguly Pyragynyň Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Edebiýat institutynyň alymlary tarapyndan neşire taýýarlanylyp, 1992, 1994 we 1996-njy ýyllarda çapdan çykan üç kitapdan ybarat şygyrlar ýygyndylaryny öz düzen kompýuter programmamyzda ýerleşdirdik. Birinji kitabyň sözbaşysynda Magtymlulynyň şygyrlaryny asyl nusgasyndan şahyryň şygyrlarynyň bu üç kitapda doly berilýändigi aýdylýar. Ikinji kitapda şahyryň öňden belli bolan şygyrlary bilen bir hatarda, ilkinji gezek çap edilýän goşgularyny ýerleşdiripdirler. Şeýle hem bu kitapda şahyryň halkyň dilinden ýazylyp alnan sekiz sany şygry berlipdir. Üçünji kitapyň başynda filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Aşyr Orazowyň sözbaşysy ýerleşdirilipdir. Sözbaşyda aýdylyşyna görä, bu kitapda Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynda saklanylýan 1123-nji bukjadaky materiallar esasynda taýýarlanylan 216 sany şygyr berlipdir. Özünem şygyrlar asyl nusgada nähili berlen bolsa, şol hili hem alnypdyr. Has takygy, sözbaşyda şeýle diýilýär: “Tekstologiýa jähtden garanyňda, şygyr tekstlerinde nogsanlyklar köp duş gelýär. Bendiň setirleriniň bogun taýdan deň gelmezligi, bir goşgynyň başky bentleriniň sekiz bogunly bolup, ahyrky bogunlarynyň ýedi bogunly bolmagy, many aňlatmaýan käbir sözleriň kapiýa hökmünde ulanylmagy, käbir sözleriň ýalňyş berilmegi we ş.m. Emma ýalňyş berlen sözler goşgynyň tekstinde bolşy ýaly berlip, çykgytda hakyky bolmalysy görkezildi…”. Sözbaşynyň ahyryragynda şeýle diýilýär: “1123-nji bukjadaky şygyrlaryň soňunda Magtymgulynyň ady bilen gelýän “Mary şahu-jahan” atly bir poema bar. Poemanyň sýužet ýordumynyň ýontemligini nazara alyp, … ol poemany bu toma girizmekden saklandyk”. Biz her kitapdaky sözleri aýratynlykda hasapladyk. Bu işe girişmezden ozal biz söz sanaýjy programma düzdük. Biziň programmamyz berlen maglumatlar toplumyny alandan soň, ondaky sözleri sanap, olary iki bölekde ýatda saklaýar. Birinji bölekde sözler elipbiý tertibinde ýerleşýär we sözleriň yzynda olaryň näçe gezek gaýtalanýandygy ýazylýar. Ýöne kompýuter kökdeş sözleri tapawutlandyrman, olary aýry söz hökmünde sanaýar. Soňra kökdeş sözleri jemlemek bilen, alnan eserleriniň çäginde, Magtymguly Pyragynyň söz baýlygyny kesgitlemek mümkin. Ikinji bölekde iň köp gaýtalanýan söz, onuň näçe gezek gaýtalanýandygy ýazylyp, soňra alnan maglumatdaky beýleki sözleriň gaýtalanmasy, öz islegiňe görä, artýan ýa-da kemelýän tertipde ýazylýar. Şeýlelikde, biziň hasaplamalarymyza görä, 1-nji kitapda 12 234 söz bolup (iň köp gaýtalanýan ilkinji üç söz), bir sözi 518, sen sözi 393, bu sözi 324 gezek gaýtalanýar. 2-nji kitapda 11 170 söz bolup, bir sözi 447, bu sözi 284, sen sözi 223 gezek gaýtalanýar. 3-nji kitapda 9 690 söz bolup, bir sözi 309, bu sözi 289, men sözi 282 gezek gaýtalanýar. Bir söz birligi, agzybirligi aňladýan bolsa, sen sözüň men sözden köp ulanylmagy bolsa, akyldarymyzyň ýoldaşyny özünden bir gez ýokarda goýýandygyny aňladýar. Biz Magtymguly Pyragynyň üç kitabyny neşire taýýarlan düzüjileriň pikirini derňemek maksady bilen, öz düzen programmamyzyň berýän maglumatlaryndan peýdalanyp, 3-nji kitapda bar bolup, ýone 1-nji hem-de 2-nji kitaplarda duş gelmeýän käbir sözleri hem-de olaryň ulanylan setirlerini siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik. …Bu hasaplamalar, elbetde, sözlük düzmek babatda edilmeli işleriň diýseň ujypsyzja bölegidir, ýöne bu maglumatlaryň magtymgulyşynaslarda uly gyzyklanma döretjekdigine welin ynanýarys. Goçdurdy GARRYÝEW, Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |