BIRINJI BÖLÜM
■ «Görüşeli, Meňli hanym...»
Bahar aýynyň nurly Güni ýany guşluga galypdy. Kert gaýalara Günüň şöhlesi düşüp, oňa öwüşgin berýärdi. Gaýanyň ýüzünde gögerip oturan arpa hem kerkaw agaçlaryny göreňde: «Olar daşy ýaryp çykaýdymyka?» diýip göwnüňe gelýärdi. Aşakda Soňudagyna görk berýän gözel jülgeler uzalyp gidýärdi.
Dagyň etegindäki ýaýlada gökleň obalary ýerleşýärdi. Ýaýla tutuş herekete gelipdi. Goýunlar otlaşyp ýör, owlak-guzular bökjekleşip oýnaýar Adamlar öz işleri bilen başagaý: biri goýun sagýar, biri ýanlyk ýaýýar, ýene biri ýüň saýýar.
Şu wagt on ýedi-on sekiz ýaşlaryndaky iki gyz obadan saýlanyp, jülgäniň ugry bilen akyp geçýän çeşmä bakan ugradylar. Olaryň biri orta boýly, at ýüzli, obada belli owadan gyz bolup, egninde suwy giden göwderi köýnegi, başynda otagaly tahýasy, aýagynda gygyrma köwşi bardy. Ol suw küýzesini egnine göterip barýardy. Onuň ady Meňlidi.
Gyzlaryň beýlekisi uzyn saçly, etli-ganly gyz Ýolup, onuň boýy Meňliňkiden kelteräkdi. Bu gyzyň ady Bahardy.
Gyzlar assaja gürleşip, käýarym ysgynsyzja gülşüp, çeşmäniň boýuna bardylar.
– Menli! Beýläňe seret! – diýip, Bahar pyşyrdady.
Meňli egni agar çäkmenli, başy bagana telpekli, eňegine ýaňy sakgal çykan syratly ýigidiň kötelden inip gelýändigini gördi.
– Ol-a Magtymguly! Ony gören badyma tanadym! – diýip, Bahar ondan gözüni aýyrman gürledi.
Bu ýigidi görende, Meňliniň süňňünde düşnüksiz galpyldy peýda boldy. Ol aljyranlygyny duýdurmajak bolup:
– Hany, ýör, gaýdaly-la – diýip, suw küýzesine ýapyşdy.
– Ýok! – diýip, Bahar Meňlini saklady. – Men gaýdaýyn. Sen gal! Pynhan ýerdir, gürleşersiňiz.
– Goýsana, gyz! – diýip, Meňli ýene küýzesine ýapyşdy.
– Näme, men bilýän däldir öýdýäňmi? Magtymgulynyň seniň üçin perwana bolup ýörenini bizem aňman duramzok.
– Goýsana, gyz! Özüňden toslap oturmasana! – diýip, Meňli kiçi dilden bärde öýke eden boldy.
Magtymguly kötelden aşak inip gelýärdi. Bahar suw kädisini egnine alyp, gaýtmaga taýýarlandy.
– Bile gideli – diýip, Meňli-de küýzesine ýapyşmakçy boldy.
Bahar aýagy bilen depip küýzäni ýykdy-da, ýüzüniň ugruna gidiberdi.
– Haý, ýüzügara-ha! – diýip, Meňli ýykylyp ýatan küýzä seretdi.
Bahar gidip barşyna:
– Men garry jenewüdiň saýasynda garaşaryn! – diýip gygyrdy.
Meňli bilgeşleýin edýän ýaly, äwmezlik bilen küýzäni galdyrdy, onuň daşyna ýelmeşen palçyklary ýuwdy, täzeden doldurdy. Onýança Magtymguly çeşmäň boýuna geldi.
– Meňli!
Meňli aljyrady, uly gyzlara has bolan ýygradyk ony bütinleý gurşap aldy. Ol küýzesini ýerde goýdy-da, ýenini dişledi. Meňliniň bu hereketleri şahyryň juwan kalbynda näzik duýgulary oýardy. Indi onuň gözleri Meňlä adatdakysy ýaly seretmän, birhili galpyldyly süýjülik bilen seredýärdi. Bu bakyşdan susty basylan Meňli näme diýjegini bilmedi-de:
– Men gaýdaýyn, biri göräýmesin! – diýip, ýuwaşja seslendi.
– Seniň üçin pöwrize gaşly kökenli ýüzük ýasadym – diýip, Magtymguly gyrmyzy donunyň goltugyndan ýüzüne gyzyl çaýylan kökenli ýüzük çykardy. – Al, menden ýadygär bolsun!
Meňli ýüzüklere seretdi, olary dakynaýsa, on barmagynyň nähili gözel görünjekdigini göz öňüne getirdi. Ýöne ol muny göz öňüne getirip ýetişmänkä, birden bir pikir kellesine geldi-de, tisginip gitdi,
– Men muny neneň edip dakynaýyn? «Nireden aldyň?» diýseler, näme diýerin?
– Maňa bolan yşkyňy külli älemden pynhan saklaýşyň ýaly, bu ýüzükleri hem pynhan saklarsyň! – diýip, Magtymguly jogap berdi. – Gamçysyndan gan damýan ýalhorlaryň öňünde ýallaklaýan bu nadan pelek öz çarhyny bize tarap aýlandan soň, bu ýüzükler bilen birlikde öz yşkymyzy hem äşgär ederis.
Meňli Magtymgulynyň bu aýdanlarynyň manysyna düşünjek bolup, az salym pikirlenip durdy. Emma ony howsala salýan içki alada uzak oýlanmaga maý bermedi.
– Oňa çenli maňa Nuryja bermezler. Öten agşam bize ýene geldiler.
– Sözaýdyjy geldimi?
– Hawa, Şyhym harpyklar.
– Kakaň olar bilen guda bolmaga razy bolsa gerek.
– Ony nireden bilýäň? – diýip, Menli geň galdy.
– Zamananyň betlagamlygyndan çen tutup bilýän. Şyhym harpyk tütjar baý. Kellesinde parasat gaýnaýan dana adamlar sana goşulman, dondan-guşakdan maslahat soralýan zamanada Şyhym harpyk ýaly muhannesler eşek münse-de, at diýlip jylawundan tutulýar.
Şyhym baý gysganç adamdy. Emma hökümini ýöredip bilýän adamlaryň öňünde ýallaklamaly bolan-da, zadyny gaýgyrmaýardy. Ol şu gylygynyň arkasyndan zalymlykda ýakasyny tanadan Hanaly han bilen dost bolupdy we her bir işde ony özüne pena edinýärdi.
– Kakamy Hanaly han çagyrypdyr – diýip, Meňli pyşyrdady.
– Gyzyňy Şyhym harpyga ber diýendir.
– Kakam ondan gorkýar!
Meňliniň elden gidip barýanlygy hakyndaky habar Magtymgulynyň ýüregini dilim-dilim edip, onuň üstüne şerebe sepeleýärdi. Emma alaç näme?! Agalary Abdylladyr Muhammetsapa bolan bolsa, onda bir alajy tapylsa-da tapylardy. Olaryň hem şol gidişi gidişi boldy, ölüdikleri-diridikleri hem belli däl. Meňliniň ejesi Orazbagt eje Magtymgulynyň daýzasy. Oňa galsa, gyzyňy Magtymgula berse-de bererdi. Emma Meňliniň kakasy Gündogdy aga Şyhym harpygyň kümüş gyranlarynyň şyňňyrdysyny eşidip durka, mugt ýerden Magtymgula gyz beresi gelermikä? Onuň üstesine-de, bu işe Hanaly han burnuny sokup ugran bolsa, biçäre aşyklaryň dat gününe!
– Entek umydymyzy üzmäli – diýip, Magtymguly Meňlä ýüzlendi. – Men öz bagt guşumy goldan bermejek bolup, elimden gelenini ederin. Buzlypolat serdar bir gelsin bakaly. Men ýüregime daş baglap, syrymy oňa äşgär ederin.
– Ol nirä gitdi?
– Ony ýaşulular tekeleriň üstüne ilçi edil iberdiler. Käbir teke baýlary azgynlyk edip, öri meýdanlarynyň üstünde ýomutlar bilenem, gökleňler bilenem jenjel turuzýamyş. Wagtynda olaryň seňrigine kakylaýmasa, türkmen taýpalarynyň arasynda gyrgyn döreder howpy bar. Serdar aga şu hakda teke hany bilen gürleşmäge gitdi.
Meňli gabak astyndan Magtymgula seredip durdy. Onuň bu jadyly bakyşy ýaş ýigidiň juwan ýüreginde yşk oduny tutaşdyrýardy. Magtymguly parahatlygyny saklap bilmän, näz bilen Meňliniň gözlerine garady. Bu garaýyş Meňlä iňňän güýçli täsir etdi. Ol mundan artyk bu ýerde durup bilmän, küýzesini göterdi-de, ýola düşdi.
■ «Bardyr baýlar ýygan malyna degmez...»
Meňli garry jenewüde ýakyn baranda, Baharyň garaşyp duranlygyny gerdi. Ol küýzesini ýerde goýdy, barmagyndaky ýüzükleri çykaryp, ýaglygynyň ujuna düwdi-de, Baharyň ýanyna bardy.
Gyzlar obanyň ilerki syrgynynyň duşundan geçiberenlerinde, günbatar tarapdan bir atlynyň gelýänligini gördüler. Ak bilek al atyň dikgerip duran boýnuna dakylan kümüş dogabagy, maňlaýyndan sallanyp duran kümüş alynlyk bilen göwüsbent Günüň şöhlesine ýaldyrap durdy. Atyň üstünde oturan inçesagt, saryýagyz köseleç adam geýnüwlidi: egninde gyrmyzy dony, bilinde ýüpek guşagy bardy. Guşagyna kümüş gynly, şirmaýy saply pyçak gysdyrylgydy, aýagynda keteni balak, Hywada tikilen sary ädik, başynda ak silkme telpek bardy. Ýöne çylpyklap duran körmüş gözleri, nas atýan adamyňka çalym edip duran tagaşyksyz dişleri ony görmeksiz görkezýärdi.
– Şyhym harpyk gelýär – diýip, Bahar pyşyrdady.
– Owarra gitsin-le! – diýip, Meňli ýüzüni çytdy.
– Gatyrak ýöre – diýip, Bahar ädimini gataltdy.
Gyzlar her näçe gaty ýöreselerem, Şyhym harpykdan öňürti geçip bilmediler. Ol gyzlaryň geçjek ýoluna baryp, töweregine garanjaklady. Golaý-goltumda seredip duran adam görmänsoň, gyzlaryň gelerine garaşyp, kümüş saply gamçysyny oýnamaga durdy. Ak bilek al at sarsman öňe seredip durdy.
Gyzlar gabaklaryny hem galdyrman, öz ugurlaryna gidip barýardylar. Şyhym harpyk:
– Amanmysyňyz, owadan gyzlar! – diýip, olara lak atdy. – Suwdan gelýäňizmi?
Gyzlar ýüzlerini kesä sowup, onuň duşundan geçiberdiler.
Şyhym harpyk atynyň ýüzüni gyzlara tarap öwürdi.
– Ýagşyny görmek jennet diýipdirler! Aýak çekiň! Size sowgat edeýin.
Şyhym harpyk donunyň kisesine elini sokdy-da, birnäçe rupyýa1 çykardy, onsoň, olary Meňliniň üstüne seçip goýberdi. Kümüş rupyýalar suw küýzä, Meňliniň eginlerine degip, jyrňyldap ýere gaçdy. Meňliniň göwnüne onuň depesinden daş dökülene döndi.
Şyhym pul seçende, gyzlar küýzelerini ýerde goýarlar-da pul çöplemege durarlar. Şonda olar näz bilen ýylgyryp, Şyhym baýa serederler öýdüpdi. Onuň bu tamasy çykmady. Gyzlar ýere gaçan rupyýalara üns bermän, öz ýollaryna gidiberdiler.
Gyzlar esli wagt yzlaryna garaman gitdiler. Meňliniň ýüregi gaty ylgap gelen adamyňky ýaly gürsüldäp urýardy. Onuň göwnüne, Şyhym harpygyň bu eden işi baryp ýatan bihaýalyk ýaly göründi. Şeýle akmak adama aýal bolaýmagynyň mümkinligi ýadyna düşende, ýüregi sanjyp gitdi.
– Meňli, yzyňa bir seret! – diýip, Bahar pyşyrdady.
Meňli yzyna seretdi. Görse, Şyhym baý atynyň jylawundan tutup, çöpleme çöpleýän ýaly, öz seçen rupyýalaryny çöpläp ýör.
■ «Bidöwlet buzahor ile han bolup...»
Şyhym harpyk şol gidişine Hanaly hanyň galasyna bardy. Ol gala baryp girende, Gün günorta ýerine ýakynlapdy.
Galanyň diwarynyň beýikligi takmynan üç adam boýuna barabardy, onuň dört burçunda salnan beýik küňreler has alysdan howalap görünýärdi. Galanyň içinde hatara dikilen dört öý bardy. Öýleriň gündogarkysy ak üzükli, ak gamyşly, serpiginiň bagyna ala ýüp dakylgydy, gamyşlaryň egnine ýomut nagşy salnan owadan darmyk aýlangydy. Öýüň gazma nagyş salnan gabsasy örän owadandy. Bu Hanaly hanyň kabulhanasydy.
Ortaky iki öýüň birinde hanyň baýry aýaly, beýlekisinde ortanjy aýaly ýaşaýardy.
Öýleriň günbatarkysy üzükleriniň reňki garalyşan, gapysyna kilim tutulan köneräk öýdi. Bu öýde hanyň hywaly täjirden satyn alan gyrnak aýaly ýaşaýardy.
Galanyň içi şagalaňlydy. Onuň demirgazyk burçundaky teblehanada ýedi-sekiz sany at daňylgy durdy, olaryň iki sanysyndan başgasy eýerlidi.
Gündogarky öýüň ýeňsesindäki teläriň astynda dört adam gürleşip otyrdy. Olaryň hemmesiniň eginleri hywa donly, başlary gara telpekli, aýaklary teletin ädikli, billeri gylyçlydy. Iki sanysynyň elinde hyrly tüpeň bardy. Bular Hanaly hanyň nökerleridi, oba adamlary olara «perraçlar» diýip at goýupdylar.
Şyhym harpyk gala girende, nökerlerden biri baryp, baýyň atyny tutdy.
– Han aga öýdemi? – diýip, Şyhym baý atdan düşdi.
– Hawa, öýde.
Şyhym baý gündogarky öýe bardy-da, ysgynsyzja ardynyp, gapyny açdy. Hanaly han iki sany per ýassyk ýassanyp, haly düşegiň üstünde süýnüp ýatyrdy. Hanyň ortanjy aýaly onuň aýagyndaky gülli joraby çykarýardy. Ýaş gelniň akja barmaklary hanyň gara gylly injiginiň üstünde ak gamyş ýaly bolup saýlanyp durdy.
Şyhym harpyk ýalynjaňlyk bilen hana salam berdi.
Hanaly han Şyhym baýy gördi-de, jorabyny ýaňy çykaryp bolan aýalyny depip goýberdi. Aýal çalasynlyk bilen öýden çykyp gitdi.
Hanaly han tirsegine söýendi-de, gyşaryp ýatan ýerinden Şyhym baý bilen görüşdi. Hanyň gür gaşynyň astyndan seredýän hyrsyz gözleri birjik-de ýylgyrmaýardy. Ol göwresine görä has semiz görünýän togalak adamdy. Ýaňy çal sepen gür sakgaly onuň ýagjaryp duran semiz ýüzüni has-da tegelek görkezýärdi.
– Han aga, keýpiň ýok-la, ýaraňokmy? – diýip, Şyhym harpyk ýaranjaňlyk etdi. – Ýa-da ýadansyň, ýadaw görünýäň.
– Hümm!.. – diýip, Hanaly han agzyny açman, hümläp goýberdi.
Şyhym harpyk bu hümmüldiden hiç zat düşünmese-de:
– Şeýledir, han aga, ýadansyň – diýip, duýgudaşlyk bildirdi. – Senden habar tutaýyn, hememdäninim ol araky diýenimi nädeniňi bileýin diýip geläýdim.
– Ol haýsy diýeniňi? – diýip Hanaly han mönsürän boldy.
– Aý, walla, han aga... Gudaçylyk hakynda-la... Ol Gündogdy agaň gyzy Menli hakynda aýdypdym ahbetin.
– Hümm! – diýip, Hanaly han ýene hümledi. – Ol arada seniň dor alaşaňy görüp gaýdanymdan soň, Gündogdy agany çagyrypdym. Ýöne, onuň bilen gaty çynym bilen-ä gürleşmedim.
Hanaly han dor alaşany ýatlanda, Şyhym baýyň endamy dyglap gitdi. Öňräk Hanaly han Şyhym baýyň dor alaşasyny görüp, oňa gözi gidipdi. Muny Şyhym harpyk hem aňlapdy, emma Hanaly han dikanlap dilemänsoň, gowy görýän ýorgasyny özünden bilip peşgeş beräýmäge bogny ysmandy. Ine, Hanaly han ony ýene ýatlady! Elbetde, bu şol alaşany diledigidi.
– Gündogdy aga siziň bilen guda bolmaga göwnänok – diýip, Hanaly han onuň pikirini böldi. – Gaty zor göräýmese gyzyňy bererli däl.
– Ol nämeden ötri beýle? Sen aýdaňsoň ol nädip...
– Ol saňa «telpegi agan» diýýär. Seniň şo aýybyň bar! Öz maşgalasyna göwni ýetýän adam muny kiçi aýyp hasap etmez. Döwletmämmet mollalaram olara sözaýdyjy iberipdir. Gündogdy aganyň aýaly Magtymgulynyň daýzasy bolany üçin, gyzyňy ýegenine berenini kem görmez.
– Ol aýdanyňam şeýle welin, han aga, men puly köp bererin. Agramyna deňe-deň pul bermeli bolsa-da, men gaçan däl.
– Bu ýerde başga-da bir mesele bar – diýip, han öz ugruna gürledi. – Gündogdy aganyň gyzy Magtymgula köňül berenmiş diýen gürrüň bar. Ine, şu gabahat gürrüň gulaga ýakanok.
Şu aralykda birnäçe atlynyň gyssanmaç howla girenligi belli boldy. Aradan salym geçmänkä, Hanaly hanyň nökerlerinden iki sanysy kürsäp öýe girdi.
– Han aga! – diýip, nökerlerden biri sojap habar berdi. – Eýran serbazlary... obanyň ýakasynda... Goşun serdary sizi çagyrýa.
Häliden bäri geplemäge ýaramadyk bolup oturan Hanaly han syçrap ýerinden turdy.
– Meniň eşiklerimi, ýaraglarymy getiriň! Atlary eýerläň!
Eýran serbazlary gelipdir diýen habary eşidende, Şyhym harpyk öler ýaly gorkdy. Meňli hakyndaky pikir şol salymyň özünde kellesinden uçdy. Onda menem, han aga, oba baraýyn, birden mal-garalary ahmal edaýmäýin – diýip, ol gapa garşy ýöneldi.
– Dur entek! – diýip, Hanaly han ony saklady. – Işleriňi birýüzli edeniňden soň, goşun serdaryňy myhman çagyrmagy unudaýmagyn!
Şyhym harpyk «hoş» diýen yşarat bilen başyny atdy-da, çykyp gitdi.
■ «Dagdan aşyp gyzylbaşyň ordasy...»
Hanaly han nökerlerini yzyna tirkäp, garşydaky daga bakan sürdi. Dagyň eteginde ýüpek çadyr dikilgidi. Çadyryň öňünde naýza, gylyç hem galkan bilen ýaraglanan ik sany sakçy durdy. Olaryň eginleri sowutly, başlary demir sopbaçlydy. Çadyryň ýeňsesinde serbazlar öz işleri bilen meşgul bolup ýördi: kimsi odun ýygýardy, kimsi ojak gazyp gazan atarýardy. Dört-bäş sany adam goýun soýýardy. Köteliň aňyrsyndaky oýda bir topar gatyr, eşek hem ýaby daňylgydy,
Hanaly han çadyra golaý baryp, atdan düşdi-de, serbazlaryň serdaryňy sorady. Az salymdan soň murtlary taýzaryp, ullakan gözleri peträp duran otuz bäş ýaşlaryndaky epeý adam çadyrdan çykdy. Onuň garaýagyz semiz ýüzi tutuş tüý bolup durdy. Egninde zer bilen jäheklenen ýüpek don, aýagynda eýran nagşy salnan teletin ädik bardy. Zerli guşagyna agzyndan doldurylýan sapança gysdyrylgydy, bilinde kümüş gynly gylyç bardy.
Hanaly han iki bükülip, oňa tagzym etdi,
– Sen Hanaly hanmy?! – diýip, çadyrdan çykan adam sorady.
– Hawa, men Hanaly – diýip, Hanaly han jogap berdi. Şonda özüniň «han» lakamyny diline almaga-da bogny ysmady.
– Bilip goý! Biz Astrabadyň2 häkimi Muhammethasan hanyň permany bilen geldik. Maňa goşun serdary Gulamaly han diýilýär.
Hanaly han ýalynjaňlyk bilen baş egdi.
– Beýik mertebeli häkimiň permany biziň üçin mukaddesdir!
– Ýeri, öňünden gomparma – diýip, Gulamaly han bilgeşlin Hanaly hanyň badyny gaýtardy. – Türkmenler häkimiýete tölemeli salgytlaryny henize çenli tölänok. Häkimi sylaýan bolsaňyz, bizi üstüňize getirmän, özüňiz eltip bererdiňiz. Nökerleriňe perman ber! Haýal etmän ilatdan ýygnamaly salgydy ýygnap getirsinler! Meniň atlylarym hem siziň bilen gider!
– Ötünç soramaga ygtyýar ediň, han aga! Biziňkiler salgytlaryny tölediler ahyry.
– Ol haçan tölenen salgytmyş? Siz meniň hökümdarymyň rehimdarlygyndan peýdalanyp, Etrek bilen Gürgeniň iň oňat ýerlerinde ýerli-suwly bolup otyrsyňyz. Ýene salgyt tölemekden boýun towlajak bolýarmysyňyz? Şu günüň özünde salgyt ýygnap berersiň! Kimiň puly bolmasa, ondan zat ýa-da mal alarsyň!
Hanaly han gitmekçi boldy.
– Dur entek! – diýip, Gulamaly han ony saklady. – Beýik mertebeli hökümdara tohum atlar gerek. Kimde tohum at bar bolsa, beýik mertebeli Muhammethasan hana peşgeş bersin! Onuň üçin hökümdar olaryň gadyryny biler.
– Bizde tohum at galmady – diýip, Hanaly han ýygralyk bilen jogap berdi. – Atlaryň hemmesini äkitdiňiz ahyry.
– Ýalan! Sizde at köp. Eger atlar gizlenen ýa-da gaçyrylan bolaýsa, ilki bilen seniň malyňa talaň salaryn.
Hanaly han sesini çykarmady.
– Sizde Magtymguly diýilýän bir şahyr barmyş – diýip, Gulamaly han dowam etdi. – Şony tap-da, oňa buşla! Beýik mertebeli hökümdar ony öz huzuryna çagyrmagy mynasyp görüpdir. Ony özümiz bilen äkitjekdigimizi duýdurarsyň!
Hanaly hanyň nökerleri atlandylar. Onuň yzy bilen Gulamaly hanyň serbazlary hem atlandylar.
Nökerler topar-topar bolup, syrgynlara tarap eňdiler. Gulamaly han çadyryň öňünde olary synlap durdy. Hanaly hanyň Eýran häkimlerine wepaly bolmak üçin şeýle yhlas edişine ol kaýyl galýardy.
Gün öýleden agyberende, oba tarapdan iki sany atlynyň gelýänligi göründi. Çadyra ýüz ädim çemesi galanda, olar atlarynyň başyny çekdiler. Olaryň biri Şyhym harpykdy. Beýlekisi Şyhym harpygyň atbakarlaryndan biridi. Ýaş ýigit böküp atdan düşdi-de, baýyň atyny tutdy. Şyhym harpyk Gulamaly hana ýakyn baryp, tagzym etdi.
– Essalawmaleýkim, han aga! Biziň ile hoş gelipsiňiz!
Gulamaly han Şyhym baýy pugta synlady.
– Sen kim bolarsyň?
– Men... Men... Şyhym-da – diýip, Şyhym baý sakawlap jogap berdi. – Şu obaly... Ýörüň, biziň eziz myhmanymyz boluň!
– Seniň näçe atyň bar? – diýip, Gulamaly han Şyhym baýyň atlaryna seretdi.
Işiň erbetleşip barýanlygyny aňan Şyhym harpygyň depesinden gyzgyn suw guýlana döndi.
– Meniň... Mende... Men, ýöne neme ahyry. Hany, ýörüň, öýe baralyň! At hakynda öýde gürleşäýeris.
Gulamaly han Şyhym baýyň salynyň gowşakdygyny aňlady.
– Sende näçe at bar diýip soralýar!
– Wah, ýekeje, ýekeje atym bar.
– Ýalan sözleýärsiň! Seniň baý adamdygyň görnüp dur – diýip, Gulamaly han baýyň atlarynyň ýanyna bardy. – Hiç neneň bedewler däl. Sen sahy dama meňzeýärsiň. Bu atlary bize goýup gidiberseň nädýä?
Şyhym harpygyň zähresi ýaryldy. Ol tasdanam özünden gidipdi.
– Beýtmäň, han aga! Alla haky üçin bulara degmäň!
– Näme, sen atyňy beýik mertebeli hökümdara peşgeş bermäge rowa göreňokmy? – diýip, Gulamaly han mylaýymlyk bilen sorady. – Bu atlary seniň peşgeş bereniňi beýik hökümdara aýdarys. Hökümdar seniň gadyryňy biler.
Şyhym harpyk akylly adamlaryň hataryna goşulmasa-da, başa düşen ýagdaýy aňlamaga gezek gelende paýhassyz däldi. Ol münüp gelen atlaryny hemişelik elden gidermeli bolanlygyna düşündi. «Atlar öňi-soňy elden gitjek bolsa, olary göwünjeňlik bilen berenden gowusy ýok – diýip, ol pikir öwürdi. – Kim bilýär, munuň üçin hökümdar Şyhym baýyň gadyryny bilse-de biläýer!»
Içi ýanyp duran Şyhym harpyk zor bilen ýylgyrdy.
– Hökümdara gerek bolsa, gürrüňi näme! Onuň ýaly beýik mertebeli adama olary peşgeş beräýerin.
– Ine, munyň akylly gürrüň! – diýdi-de, Gulamaly han nökerlerine göz ümledi. Nökerler baýyň atlarynyň ikisini hem köteliň aňyrsyndaky oýa äkitdiler.
■ «Gapyllykda duşman aldy daşymyz...»
Magtymguly körügiň başynda köp işlänligi üçin gaty ýadawdy. Kirpikmen gabaklary agraslyk bilen gerilýärdi, gara sakgalyna körügiň küli siňip, ony çalsowult görkezýärdi, Ol birnäçe gün bäri iş edinip ýasaýan şelpeli bukawyny şu gün ýasap gutardy.
Şu aralykda altmyş ýaşlaryndaky bir aýal gapydan geldi. Onuň egninde tirsekleri, dyzlary ýamalan alaça köýnegi bardy, aýagyndaky teletin köwüş dagap gidipdir, başatgyç ýerine köne don atynypdyr.
– Bir topar gün bäri senem bizar etdim – diýip, kempir ötünç soraýan ýaly gürledi. – Gyzym goýanok. Ýaş gyz-da, çaga göwni bar. Dogrymy aýtsam, zynata-bezege dalaş eder ýaly gurbumyzam ýok-la! Bolsa-da, ýeke gyzym ilden kemsinmesin diýip, ýogumy bar edip, bir bukaw ýasadaýyn diýdim-dä! Indi «ussa şony ýasap bolmadymyka» diýip, gyzym meni günde seniň üstüňe iberip dur.
Magtymguly ýaňyja ýasap bolan bukawyny kempire uzatdy. Kempir bukawy alyp, şöhlesi gaçan gözleri bilen syn etdi. Şelpelerini sallarlap gördi.
– Tüweleme, tüweleme! Mun-a allanäme edäýipsiň. Taňry ýalkasyn, guzym! Munuň muzzuna gyran bereýin diýsem-ä, mende gyranyň düşnügem ýok. Onsoň, gapymdaky owlaklyja geçimi alyp gaýdyberdim. Menden az görme!
Magtymguly minnetdarlyk bilen ýylgyrdy-da, garrynyň yzyna düşüp, daşaryk çykdy. Teläriň agajyna ýelni dolup duran geçi daňylgydy, onuň ýanynda sakarja owlajyk bökjekläp, oýun edýärdi. Elde idedilip, ele öwredilen geçi kempiri görenden oňa bakan omzap başlady. Sakarja owlak ylgap kempiriň ýanyna geldi-de, oňa gysmyljyrady. Kempir sandyraýan eli bilen owlajygy gujaklady.
– Al, guzym! – diýip, ol geçini Magtymgula görkezdi. – Nesip etsin, haýyr bersin!
Magtymgulynyň ýüzi birden çytyldy. Ol bu kempire beletdi. «Garry görgüliniň göz dikip oturan ýeke geçisinem men alsam, onuň güzerany nähili geçer?» diýen pikir onuň kellesine geldi.
– Hesel eje, geçiňi äkidäý. Men sizden muzd aljagam däl. Maňa ýene ak ýüregiňiz bilen «taňryýalkasyn» beräýiň!
– Wiý, ol bolmaz! – diýip, kempir örgökden geldi. Men kyýamat güni bergili bolmaýyn. Şuny al-da, menden razy bol!
– Men iki dünýede-de sizden razydyryn! – diýip, Magtymguly töwella etdi. Emma kempir ona gulak asman, gybyrdyklap öz ugruna gidiberdi.
Magtymguly teläriň ýanyna bardy-da, geçini boşadyp goýberdi. Geçi owlagyny yzyna tirkäp, kempiriň yzyndan ylgady. Muny gören Hesel eje yzyna gaňrylyp, nämelerdir aýtmakçy boldy. Emma bokurdagy dolup gepläp bilmän, duran ýerinde doňup galdy.
Magtymguly ýeňillik bilen dem aldy. Soňra hemişeki gezelenje gidýän ýerine – çeşmäniň başyna tarap ugrady. Obanyň öňündäki meýdanda ençeme ganly uruşlaryň şaýady bolan köne diňler salgymlap görünýärdi. Han-ha, bir ýaşuly tal çybygyndan eşegini ýükläp gelýär. Megerem, ol sebet ýa-da çolpy örjekdir.
Şol aralykda kimdir biriniň at salyp gelýänligi göründi.
– Haý, adamlar, habardar bolaweriň, ha-aw! – diýen ses ýaňlanyp gitdi. – Gyzylbaşlar çozandyr-la, ha-aw!
Ýaňky atly geçip gidenden soň, aradan oňly wagt geçmänkä, bir topar ýaragly atlylaryň oba tarap eňip gelýänligi göründi.
Obada başagaýlyk döredi. Adamlar ylgaýardylar, gygyryşýardylar, aýallar hem çagalar aglaýardylar. Mal-garalaryny kowup, bosuşyp barýan adamlar garynja sürüsi ýaly bolup, obadan saýlanyp başlady.
Oba aralaşan serbazlar gaçyp barýan bosgunyň yzyndan eňdiler. Az salymdan soň, olar bosup barýan jemagatyň öňüne geçdiler-de, kimsi gamçysyny, kimsi gylyjyny bulap, bigünä adamlary rehimsizlik bilen saýgylamaga durdular. Garawsyz ynsanlaryň ahy-nalasy asmana göterildi. Çyrlap çykýan çaga seslerini, çagalaryň üstüne göwsüni gerip dady-perýat edýän eneleriň zaryn agylaryny eşidende, Magtymgulynyň ýüregine tyg sanjylana döndi,
Şu wagtlar geň bir waka boldy. Ýeňseki dagyň jülgesinden bir bölek atly çykdy-da, çapawullyk edip ýören serazlaryň üstüne at goýdular. Olar gylyçlaryny syryp, gykuwlap gelişlerine serbazlar bilen söweşe girdiler.
«Galkan gökleňiň atlylarydyr-ow!» diýip, Magtymguly çak etdi.
Galkan gökleňiň atlylary Eýran serbazlaryny gurt daran ýaly etdiler. Serbazlaryň kimsi ýaralanyp, kimsi atdan ýykylyp, garabaşagaý boldular.
Bu söweş uzaga çekmedi. Obada gykylyk turanyny gören Gulamaly han öz serbazlaryndan ýene bir toparyny oba iberdi-de, Galkan gökleňiň atlylaryny gabamagy buýurdy. Serbazlar söweş bolýan meýdanyň ýeňsesine aýlanyp, olary gabamakçy boldular. Rejäniň geň däldigini aňan Galkan gökleň duýdansyz peýda bolşy ýaly, duýdansyzlykda daga siňip gitdi. Ýöne şu aralykda obadan gaçan bosgunlaryň bir topary dag jülgelerine siňip, özlerini hem mallaryny duşmanyň gözünden gizläp ýetişdiler.
Magtymguly obada bolýan işlere seredip gidip barýardy. Ol iň soňky kötelden aşyp, onuň aňyrsyndaky oýa inende, bukdaklap gaçyp gelýän bir adama pete-pet geldi. Gaçyp gelýän adam Magtymgula gabat gelende, edil sap atýan ýalman ýaly bolup, yzyna serpdi. Birden Magtymgulyny tanady-da;
– Şahyr! – diýip, ýuwaşja seslendi.
– Gully ýetim!
– Eýran şagallary döküldi, şahyr! – diýip, Gully ýetim sojap habar berdi. – Gözlerine ilen zady talap alýarlar. Meniňem atymy aljak boldular.
– It ogullary! Talaňçy kezzaplar! – diýip, Magtymguly gazap bilen dişlerini gyjady.
– Men atymy gizledim – diýip, Gully ýetim sözüni dowam etdi. – Öldüräýmeseler ol deýýuslara at berer öýtmegin!
Bu ýetginjege ýöne ýere «ýetim» lakamy berilmändi. Ol heniz enesinden dogmanka, bir gezek Eýran alamançylary çozup, obany talapdylar, köp adamlary ýesir edip äkidipdirler. Şolaryň arasy bilen Gullynyň kakasyny hem äkitdiler. Gurby ýeten adamlar Eýrana gidip, öz ýesirlerini satyn alyp geldiler. Gullynyň ejesi garyp bolany üçin, öz ärini satyn alyp bilmedi. Başga gurply hossary hem bolmansoň, ol bendäniň gidişi-gidişi boldy. Gully alty-ýedi ýaşyna ýetende, ejesi hem keselläp öldi. Gully ýumruk ýaly çagalykdan iliň gapysynda gezip, kişi hyzmatyny edip gün görmeli boldy. Gully ýetim ýaşlygyndan at münmäge höwes edip ugrady. Ol aňrujy eli sypynsa, Buzlypolat serdaryň ýanyna baryp, onuň atlaryna ot ýygyp bererdi, suwa ýakmaga äkiderdi. Buzlypolat serdar bu ak ýüreklije, dogumlyja oglanjygy halady. Wagtal-wagtal ony özi bilen at gezdirmäge-de äkiderdi. Gully ýetim on bäş ýaşyna ýetende, gökleň iline bir satygçy geldi. Ol oba-oba aýlanyp, satygçylyk edip ýörkä, onuň ulag edinip gelen tohum baýtaly gaýadan uçup öldi, süýt emýän taýjagazy diri galdy. Biçäre satygçy: «Meniň taýymy alyň-da ýükümi hem özümi ýurduma aşyrar ýaly bir eşek beriň» diýip oba adamlaryna ýalbardy. Şonda Buzlypolat serdar bir eşek berip, kiçijik taýy aldy-da, ony Gully ýetime berdi. Enesiniň süýdünden mahrum bolan ýaşajyk taýçanak birbada gaty horlandy. Öler öýdüp gorkdular. Emma soňabaka otugdy-da, kem-kemden daýanyp gitdi. Ahyry toýnagy ýer sarsdyrýan bedew bolup ýetişdi. Gully ýetim oňa «Laçyn» diýip at goýdy. Gully ýetimiň ony gowy görşi ýaly, «Laçyn» hem Gullyny gowy görýärdi, Ol meýdanda otlap ýörkä-de, eýesiniň «Laçyn» diýip gygyranyny eşidäýse, derrew gelýärdi.
– Seni gözleýärler, şahyr! – diýip, Gully dowam etdi. – Ol deýýuslar seni oňullyga gözleýän däldirler. Ýör, gaçaly.
– Men ilden aýrylyp, nirä gaçaýyn? Goç ýigide toýdur baýram, her iş gelse il biläni!
– Onda menem gaçmaýyn. Seniň bilen oba baraýyn.
– Ýok, sen git! At gazanar goç ýigidiň, owal bedew aty gerek! Git-de özüňi hem atyňy halas et!
Şol aralykda Gulamaly hanyň atlylarynyň gykylygy eşidildi. Olar mallaramy, adamlaramy azm urup gygyrýardylar.
– Bärik gelýärler – diýip, Magtymguly ses eşidilen tarapa diň saldy. – Bar, sen git!
Gully ýetim dem alasy salymyň içinde gözden gaýyp boldy.
Obanyň içi tutda-baslykdy, nökerler goýunlaryň aýagyndan, geçileriň şahyndan süýreýärdiler, öýleri döküp, derde ýarajak zatlary alýardylar. Garaw görkezen adamlary gamçy bilen urýardylar. Bu eden-etdiligi görende, Magtymgulynyň ýüregi gyýlyp gitdi. «Bu zatlaryň hemmesi türkmenleriň agzalalygyndan. Külli türkmen bir supradan duz iýip, bir howadan dem alsa, biziň topragymyza guş gelse ganaty gyrlar, gulan gelse toýnagyndan aýrylar» diýip, ol içini gepletdi.
■ «Geldi gara bela ili dolady...»
Magtymguly oba girende, bir aýalyň aglap hem gargynyp, uly ili bilen nalaýanlygyny eşitdi,
– Eli-aýagy çüýremişler! Ýekeje geçimi elimden aldylar. Haý, gedaý galasyňyz, gedaý galmyşlar!
Magtymguly ses çykan tarapa äňetdi. Hanalynyň nökerlerinden iki sanysy bir geçiniň şahyndan süýräp gelýärdiler. Zähresi ýarylan geçi ýetişip bildiginden lägirýärdi. Onuň yzyna düşüp gelýän sakarja owlajyk enesinden hem beterdi. Olaryň yzyndan bir garry kempir gykylyklap gelýärdi. Magtymguly kempiriň Hesel ejedigini tanady.
– Edýän işiňiz näme? – diýip, Magtymguly nökerlere gygyrdy. – Ilden utanyň, hudaýdan gorkuň!
Egni gara çäkmenli nöker:
– Şahyr... – diýip, özbaşyna gürledi.
Ikinji nöker müýnlülik bilen gözlerini gyrpyldatdy:
– Bizi näletleme, şahyr! Hanyň buýrugy şeýle.
– Gabahat iş edýärsiňiz – diýip, Magtymguly nökerlere igendi. – Bilip goýuň, ejize ganymlyk edýän adam hiç wagt baýnamaz! Biçäre kempiriň ýekeje geçisine degmäň!
Edil şu halatda golaýda bir ýerde Hanaly hanyň gykylygy eşidildi. Nökerleriň zähresi ýarylana döndi.
– Biziň başymyzy bela goýjak bolma, şahyr! Hanaly han biläýse derimizi soýdurar.
Garma donly nöker geçini süýräp gitdi. Hesel eje agzynyň ýetişdiginden nökerlere-de, Hanaly hana-da gargaýardy.
Onýança Hanaly han ýanynyň birnäçe atlysy bilen hatar öýleriň aňyrsyndan dazyrdap çykdy. Onuň ýanynda Şyhym harpyk hem bardy.
Hanaly han nökerlerine ýüzlenip gygyrdy:
– Näme köwejekläp dursuňyz? Basym boluň, mallary Gulamaly hanyň çadyryna baka sürüň!
Nökerler haýdan-haý atlandylar. Hanaly hanyň birden Magtymgula gözi düşdi-de, atynyň başyny çekdi.
– Şahyr! Sen bu ýerdemidiň?
Magtymguly gaharyna bäs gelip bilmän, sypaýyçylyksyz jogap berdi:
– Kesbiňize bereket, Hanaly han! Uly iliň hany bolup, öz pukara iliňi weýran etdirip ýörmegiňiz näme? Ol bendeleriň diş-dyrnak bolup gazanan bir lukma çöregini agyzlaryndan alyp, Eýran ýalhorlarynyň dolmaz garnyna dykmaga neneň ynsabyňyz çatýar?!
Magtymgulynyň gazaply hana batyrlyk bilen jogap berşine nökerler geň galdylar. Henize çenli gaňyrşyna gaýdylmadyk Hanaly hanyň gahary geldi.
– Näme, meni beýik mertebeli hökümdaryň ýanynda ýüzügara etjek bolýaňmy? Gowusy, sen sylagyňy bil-de, işiň bilen boluber!
– Hökümdaryňyzyň ýanynda ýüzügara bolasyňyz gelmese, bir topar çül çagany ekleýän gallaç bendeleriň baryny-ýoguny syryp alman, minneti öz kisäňizden çekerler!
Magtymgulyny görenden, ýüregine ot ýapyşan Şyhym harpyk Hanaly hanyň ýüzüne seretdi.
– Gör-le muny! Bu indi saňa akyl öwreden bolýa-la, han aga.
– Ine, saňa ýaranjak bolup ýallaklaýan Şyhym baýyň süýthorlyk edip ýygnan maly-dünýäsi ýere-göge syganok – diýip, Magtymguly Şyhym baýa tarap başyny atdy. – Öz hökümdaryňyzy ýallasyňyz gelýän bolsa, oňa Şyhym baýyň bir süri goýnuny peşgeş beräýmezlermi!
– Sen gaty gitme, şahyr! – diýip, Şyhym baý haýbat atdy. – Maňa dil ýetiräýseň, hezil bermen! Şuny bilgin!
– Harsydünýelik bilen haram mal ýygnanyň depesine şah çykýan bolsa, seniň şahyň arşa ýeterdi. Sen bütin dünýäni ýygyp-düýrüp, öz gara nebsiň besleseňem, iň soňunda, nesip etse, on iki gary biz bilen göre girersiň.
– Şahyr! – diýip, Hanaly han gygyrdy. – Sen öte gidýän bolaýma! Seniň başga-başga edip ýören gabahat işleriňdenem biziň habarymyz ýokdur öýtme!
– Näme eşiden bolsaňyz aýdyberiň! Meniň halkdan gizlin etmişim bolmaz!
– Sen obada pygamberlik satan bolup, kişiniň dulundaky gyzyňa göz gyzdyrýarmyşyň. Eşidýäs welin, oňa bir topar goşgam goşanmyşyň.
Şu gyjalatdan soň, Magtymguly jogap gaýtarmaga söz tapman ýuwdunyp durar öýdüp, Hanaly han pikir edipdi. Emma Magtymguly aljyramady.
– Ter gülüň gözelligine guwanýan bir bilbiliň nagma çekip saýraýanlygy üçin ýazykly bolmaýşy ýaly, şahyr hem öz kalbynda möwç urýan ylham joşgunyny goşga öwreni üçin ýazykly däldir. Bu ýerde gabahat zat ýok. Ýöne garawsyz ejizleriň zatlaryny wlinden alsaňyz, bu gaty gabahatdyr, han!
Şahyryň jaýdar jogabyna Hanaly hanyň içi ýandy. Gaýtam onuň özi aýdara söz tapman, ýuwdunmaga durdy. Iň soňunda-da degerli jogap tapman, çaga haýbatyny atdy.
– Sen Buzlypolada arkalanyp gedem-gedem geplän bolma! Entek olam biziň girimize düşer! Wah, onuň obada bolmazlygy ýeser etdi. Ýogsam bolaýjagy bellidi-le!
– Şir zarbyn görmeýen gurduň, her murty bir tire döner! – diýip, Magtymguly jogap berdi.
Hanaly hanyň gahary bokurdagyna geldi.
– Bu sözüň üçin men seni... men seni... gaty ýaman etdirip bilerdim! Ýöne seniň bagtyň getirdi. Beýik mertebeli Muhammethasan han seni öz huzuryna çagyrýar.
– Entek men hökümdaryň huzuryna çagyrylar ýaly derejä ýetemok.
Hanaly han Magtymgulynyň tekepbirligine geň galman durup bilmedi.
– Ýeri, muňa näme diýjek?!
– Şony diýsene! – diýip, Şyhym baý hana ýaranjaňlyk etdi.
– Beýle höwes edýän bolsaňyz, meniň ýerime siz ötägidiň! – diýip, Magtymguly gidip barşyna jogap berdi. – Maňa beriljek serpaý hem size nesip etsin!
Taryhy proza