09:09 Mähriban | |
MÄHRIBAN
Goşgular
Adam juda köp ýalñyşýar, eýse nä?! Men hem kän ýalñyşdym, Däldim perişde. Ýok, serişde däldim oñ elindäki, Ýöne boýun, ýalñyşýardym kä işde. Bir gezek dostumdan edipdim kine, Ýöne asyl günä özümde eken. Dostuñ ýazygyñy geçmegi mümkin, Ýöne öz-özüñi bagyşlamak kyn. Bir gezek... ...aglatdym käbäm ejemi, Çagam diýip öz janyndan geçeni. Ol şonda-da seni söýer bigüman, Ýöne öz-özüne tükenmez jezañ. Baý-baý, kejir ekenim, Meni söýenlere ejir ekenim, Entek-entek juda ejiz ekenim. ... Köp ýalñyşdym. Ýalñyşmadyk günüm ýok-la, eý, aman, Ýöne umyt berýän başga sebäp bar. Ýalñyşman ekenim diñe bir zatda: Seni söýüp, Mähriban! * * * Ejiz görüp, kimdir biri bu ýolda, Het edäýse degmeklige göwnüñe. Esasy zat, ynamyñy ýitirme, Agyr ýüki abraý bilip egniñe. Sen hemişe öz-özüñe ynangyn! Ýylgyryp däl, ýazyp gezgin kükregi. Hemmeleriñ bu dünýäde orny bar, Baldajyklar saklap dur-a ýapragy. Ogulbäbek GURBANNAZAROWA. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |