13:51 Gideli-le... | |
GIDELI-LE...
Goşgular
Seret, hol-ha Güneş çümdi zemine, A men bolsa ýene seni ýatladym. Ikimiziñ ykbalymyz täsin, hä?! Derisive ýüregimi otladym. Senem menden gizläp çekýänsiñ hasrat, Bilýän ahyr aýtmasañam, söwer ýar. Kä gülküden ýaşarýaram gözlerim, Barybir bu ýürek sensiz aglaýar. "Nämüçin?" diýýäñmi, ony bilemok, Ýöne bir haýyşym, eger ynansañ, Ho-ol gün gidipdig-ä güri baglyga, Älemgoşar çykyp, ýagyş diñensoñ. Ezizim, gideli ýene şo ýere, Unudyplar zerurlyklañ nepini. Bizden başga adamlaruñ barlygyn Hem olaryñ göwün ýykýan gepini. Unudyp, Unudyp, bu ýollañ çarkandagyny, Bir mahalky derdimizi unudyp, Men-ä özüm juda bagtly saýýaryn, Çünki sen Diýipdiñ-ä: "Dert çekmegem ululyk". Ulalyp, Uwunyp, Urunyp, Il derdine bagryñ gereniñ üçin. Ýönekeý, sadaja oba gyzyna, Päk söýgini sowgat bereniñ üçin. Minnetdar, indem Gideli-le, ho-ol araky gür baga. Duýýañmy, ol bize garaşýar şindem. Çyn söýgini, aşyklary görmäge. Ogulbäbek GURBANNAZAROWA. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |