20:07 Mäne babanyň ak patasy bilen döredilen Seljuk şalygy | |
MÄNE BABANYÑ AK PATASY BILEN DÖREDILEN SELJUK ŞALYGY
Taryhy makalalar
Seljuk-oguz türkmenleri Mahmyt Gaznawy bilen ylalaşyp, Seljuklar X asyryň aýaklaryna XI asyryň birinji çärýeginde ýuwaş-ýuwaşdan ata watanlaryna dolanypdyrlar. Seljuklar ýerli ürkmen ildeşleri bilen agzalalyk bolmasyn diýip, yslam dininiň sünni mezhebini kabul edipdirler. Olar Mahmyt Gaznawa zerur halatynda on müň atly (Professor Naza Gullaýew Seljuklar ýüz müň goşun bermäge razy bolupdyr diýýär, ýöne bu ýalňyş, sebäbi seljuklaryň-oguzlaryň jemi göçüp gelenleriniň sany ýüz müňe ýetenok. D.Ý.) goşun bermäge razy bolupdyrlar. Emma Seljuklar, dürli wagtda gelen oguzlar örän çalt köpelip, olaryň mallary üçin barha köp öri meýdan, öz çagalary üçinem täze oba-şäher gurmak zerurlygy orta gelipdir. Tejribeli Mahmyt Gaznawy Seljuklar, oguzlar bilen dil tapyşyp, olary öz häkimligini berkitmek, territoriýasyny giňeltmek maksatlary üçin ýerlikli ulanypdyr. Mahmyt Gaznawy 1030-njy ýylda aradan çykandan soňra, tizara Masut Gaznawy häkimligi ele alyp, olar Seljuklary gysyp, olaryň salgydyny artdyrypdyr. Masut Gaznawynyň Seljuklar, oguzlar bilen gatnaşygy barha ýitileşipdir. 1040-njy ýyla çenli başbermezek oguzlar Seljuk ildeşleriniň baştutanlygynda Masut Gaznawa ýarym tabyn ýagdaýda ekeni. Masut Seljuk türkmenlerini doly boýun egdirmek üçin goşun ýygnapdyr. Ol Seljuklaryň örän eglişikli uly salgyt tölemek teklibinem inkär edipdir. Seljuklaryňam urşa taýynlamakdan başga alajy galmandyr. Iki tarapam öňde uly söweşiň bardygyna akyl ýetiripdirler. Seljuklaryň baştutanlary bolan Mikaýyl, Ysmaýyl, Togrul begdir Çagryl beg dagy özleriniň döwlet gurmagy üçin döwrüniň iň güýçli piri, beýik akyldar ulama, il içinde Mäne baba ady bilen tanalýan Abu Sahyt Mähneýiniň (Türkmençe Abu Seýit diýip ýazýarlar, bu ýalňyş, ony Abu Sahyt diýip ýazmaly. D.Ý.) huzuryna gelip, onuň aýagyna ýykylyp, ak pata bermegini sorap, birnäçe gün gatnapdyrlar. Mäne baba hem urşuň gowy däldigini ylalaşmalydygyny aýdyp, olara ak pata bermekden ýüz öwrüpdir. Tanymal pirden ak pata almak umydy üzülensoň, Togrul beg Mäne babanyň ýüzüne gelip, şeýle diýipdir: “Pirim biz zalym soltanymyzdan nesillerimizi, abraý-mertebämizi goramak üçin, siz diňe Ýaradandan gorkup, ejize hossar bolarsyňyz diýip, döwlet gurmagymyza ak pataňyza mätäç bolup geldik. Emma siz Beýik Ýaradandan däl, zalym patyşadanam ätiýaç edip, bize ak pata bermediňiz, bendeden gorkmaklyk, siziň mertebäňizi bezänok” diýipdir. Togrul begden bu sözleri eşiden Mäne baba: “Meniň Alladan başga gorkýanym ýok. Siziň yhlasyňyz gaty çyn eken. Men size ak pata bereýin. Oturyň” diýipdir. Garaşylmadyk bu ahwalata Seljuk baştutanlary bolan doganlar haýran galypdyrlar. Şeýdibem Seljuklar 1040-nji ýylyň maýynda Masut Gaznawynyň goşunyny çym-pytrak edip, Seljuk şalygynyň düýbi tutulypdyr. Olar Mäne babanyň maslahaty bilen Merwi şalygynyň paýtagty edipdirler. Mäne babany Togrul begdir Çagryl beg özleriniň ruhy halypasy edip, Mar-u-Şah-u Jahana göçürip getirmek isläpdirler, emma Mäne baba özüniň garrandygy üçin dogduk diýaryny terk etmejekdigini çürt-kesik aýdypdyr. Şol sebäpli Seljuk soltany Togrul beg Mäne babanyň öz mekanynda oňa döwri üçin örän uly, howalanyp duran kümmet gurup beripdirler. Ol kümmet tizara Mäne babanyň adyny göterip, häzirem bar. Şol kümmetde Mäne baba ýedi ýyl ýaşapdyr, diýmek kümmet iki ýyla ýetmän gurlup gutarylypdyr. Mäne baba aradan çykanda, Togrul beg ýörite bu beýik piriň ýasyna gatnaşyp, “Adamlar, biziň atamyz, ýurduň hakyky soltany ýogaldy” diýipdir. Seljuk türkmenleriniň taryhy hakynda düýpli söhbet etmek niýetim ýok, ýöne olaryň döwleti halalyk bilen döredip, öz döwründe iň güýçlib şalyk döwletini gurandygyny goja taryha salgylanyp, ynam bilen aýdyp biljek. Masut Gaznawynyň goşuny derbi-dagyn eden bolsalaram, olar Gaznawylaryň döwletini ýykmandyrlar. Masudy olary tutubam, öldüribem bilýärdiler, emma etmediler. Gaznawy patyşalygy kiçijik welaýat derejesinde bolupdyr, emma döwlet garaşsyzlygyny saklapdyr. Seljuklar Wizantaýanyň imperatory Diýagonam söweşde ýesir alyp, ony öldürmän öz watanyna ugratdylar. Bu bolsa Seljuk türkmenleriniň örän rehimdar bolandygyny görkezýär. Mälik patyşanyň soltanlygynyň soňky ýyllarynda köşkde tarapgöýlik-intriga örän köpelipdir. Ilki Nyzamyl Mülk baş wezirlikden boşadylyp, ol öldürilýär, tizara 1092-nji ýylda Mälik patyşa hem aradan çykypdyr. Birbada Seljuk şalygynda häkimlik durgunly bolman häkimlik üstünde Mälik patyşanyň ogullarynyň arasynda dawa bolupdyr. Ýöne dört ýyldan Soltan Sanjar tagta çykyp, ýurt ýene gülläp ösüpdir. Emma kem-kemden Soltan Sanjaryň daşyna ýaranjaňlar ýygnanyp, Seljuk şalygy takmyn, 1145-1150-nji ýyllarda durgunlyk ýagdaýa eýe bolupdyr. Şondan soňra Soltan Sanjaryň güýjüne aşa baha beren gopamlygy onuň 1154-nji ýylda öz oguz ildeşlerine ýesir düşmegine getirýär. Oguzlar ony göz-öý tussagy edip, ýöne Soltan Sanjary soltanlyk täjinden mahrum etmändirler. Ol 1156-njy ýylda oguz türkmenleriniň elinden gaçmagy başarypdyr, emma ol 1157-nji ýylda içagyry keselden aradan çykýar hem Seljuk şalygy ýykylýar. Soltan Sanjar we käbir Seljuk soltanlary hakynda berlen oňaýsyz maglumatlar has çişirilip beýan edilipdir. Sebäbi bu türkmen şalygynyň duşmanlaram kändi. Emma Seljuk türkmen döwleti zamanasynyň iň hökmürowan şalygy boldy. Bu döwürde Gündogar halklarynyň medeniýeti, sungaty, edebiýaty gülläp ösdi. Türkmenler üçin Ýewropa gapy açyldy. Seljuk türkmenleriniň pajarlap ösüp, Wizantiýany ýeňlişe sezewar edip, bu uly döwletiň ýeriniň belli bir bölegini eýeländigi üçin soňlugy bilen Osman soltanlygy döredi. Şol sebäpli Seljuk türkmen şalygy käbir kemçilikleriniň bolandygyna garamazdan, dünýäniň parahatçylykly, ösen medeniýetli ösüşine uly goşant goşdy. Çünki Seljuk şalygynyň düýbi halallykdan bina bolup, beýik pir Mäne babanyň ak patasy bilen döredilen beýik döwletdi. Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |