00:14 Maýmynlaryñ beýannamasy | |
MAÝMYNLARYÑ BEÝANNAMASY
Goşgular
Maýmynsypat Darwin, özün, pederin Bize meñzeş gören borly bir çakda. Ine onsoñ, pelsepejik satypdyr, Adamyñ maýmyndan döräni hakda! Goja alym kepil geçip duransoñ, Elbetde, bu pikre ynanypdyrlar. Ýönr pederlerniñ maýmyndygyna, Namys edip, biraz gynanypdyrlar. Ynanmadyklaram bolupdyr az-küç, Olar arañyzda şindizlerem bar: "Maýmyndan indi nä adam döränok?!" Diýlen sowallaryn keserdip goýýar. Bizem goşulýas bu kejir sowala, Biz Darwiniñ pikrin inkär etmekçi: Adamlar, siz ata-baba aslyñyz, Bolmaweriñ boýnumyza atmakçy! Döräliñiz uruş turzup, gyrlyşyp, It deý gemirýäñiz bir-biriñizi. Gününe goýañzok tebigaty-da, Ýok edip barýañyz ertiriñizi. Darwine çenli-de, Darwinden bärem, Görüñ, näçe gabahatlyk etdiñiz. Şonuñ üçin, size eýe çykmaga, Kowmumyz diýmäge ýokdur hetdimiz! ■ TAKDYRA SYGYNMAK Täleýimi tug edinip, Öñe egmäge kuwwat ber! Ýeñlemde mert ýeñilmäge, Hem mert ýeñmäge kuwwat ber! Bus-busy edip ýaşyrma, Kenar ýykdyryp, daşyrma, Nebsimi öñe düşürme, Duşap-dañmaga kuwwat ber! Ýoknasyza ýörme ýanap, Lellim etme, ýük ur, synap, Üşükli et, misli simap, Eräp-doñmaga kuwwat ber! Ber öýme yrsgal boluny, Dostsuz goýma gapdalymy, Gorkyñ gara gandalyny, Döwüp zyñmaga kuwwat ber! Ýaban ýatýan günüñ-güni, Etek guly etme meni, Bir aýal ber, diñe şony Söýüp oñmaga kuwwat ber! Siññitli ýagaýyn, ýagsam, Köremän ýanaýyn, ýansam, Başarsam ýazmaýyn, Ýazsam, Kalba siñmäge kuwwat ber! Hemra ŞIR. | |
|
√ Ýediñde ýazylan goşgy / Goşgular - 26.06.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Sary ýaprak / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Kalbymyň tümünde galan sargyt / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Yşkdan dawa kylan kişi... / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |