16:40 Melhem / hekaýa | |
MELHEM
Çagalar edebiýaty
Söýeg, Sapby, Mäter dagylar owlak-guzularyny köne galanyň gaýrasyndaky baýyrlyga sürdüler. Olar özara gürleşip, süriniň yzy bilenj barýardylar. Bir gyradan barýan böwri ala guzynyň birden yza galmagy olaryň gürrüňiniň arasyny kesdi. Oglanlar şol ýere ylgadylar. Sapby sakga saklandy. Aljyrady. Ellerini kelemenledip gygyrdy: - Ýylan! Söýeg eline ilen daşy alyp, öňe omzady. - Saklan!—diýen ses Söýege elindäki daşy zyňmaga maý bermedi. Bu Mäterdi. Ol haşlap zordan gürledi. - Degmäliň, gitsin öz ýoluna!—diýip, dim-dik bolup duran kepjebaş seretdi. - Näme üçin? Men-ä öldürjek, ýogsam ol häzir biziň birimizi çakar — diýip, Sapby ylalaşmady. Soňam Mäteriň aladaly ýüzüne seredip torsaryldy. - Çynym bilen aýdýan, degmäliň! Olam bize degenok ahyryn. Ýörüň beýleräk çekileliň, men size gyzykly bir wakany gürrüň bereýin. Söýeg yza çekilip barýan Mäteriň ýanyna golaý bardy. Soň Sapby hem ýeke özi näme etjegini bilmän, yzyna serede-serede dostlarynyň ýanyna geldi. - Atam maňa ýylan hakda şeýle bir täsin zady gürrüň berdi. - O nähili täsin zat? Mäter özüniň eşiden zadyny dostlaryna ozal gürrüň bermänine ökündi. Oglanlar Mätere üşerilişdiler. - Öň zamanlarda bir ýurduň patyşasy agyr keselläpdir. Guragyra duçar bolup, derdi gün-günden beterläpdir. Bir günem ol “Kim meni şu dertden dyndarsa, şol adama tagtymy bagyşlaýan” diýip, jar çekdiripdir. Dumly-duşdan molladyr tebipler, lukmanlar gelipdir diýýä. Emma hiç bir em-däri oňa kömek etmändir. Keselinden uzak wagtlap ejir çeken patyşa bolsa günleriň bir gününde aradan çykypdyr. Adamlar şol guragyrynyň derdinden ýyllarboýy kösenişip gelipdirler. Häzir welin şeýle keseliň dermany tapylypdyr. Ol täsin derman hut şular ýaly kepjebaş ýylanyň zäherinden taýýarlanýarmyşyn. - Aý, ýog-a? - Şonuň üçinem alymlar ýörite ýylan zäherini ýygnamak bilen meşgullanýarlar—diýip, atam gürrüň berdi. Onsoňam, ýylany diňe biz däl, gabat gelse ulularam öldürýär, atam şoňa gynanýar. - Onda men näme üçin ony öldürjek boldum. - Söýeg ele alan daşyny ýere taşlady. Soňam eýýäm bu ýerden esli arany açan ýylany görüp, ýeňillik bilen dem aldy. Hut şol ýerde-de Mäteriň atasy peýda boldy. Asyl ol bu wakany uzagrakdan synlap duran eken. - Berekella, oglum, berekella. Men baryny gördüm. Asylly iş bitirdiň! Ýylanyň zäheri adamlaryň köp derdine melhemdir — diýip, agtygynyň arkasyna kakdy. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |