15:41 "Men barly öýlere myhman barmaýan..." | |
“MEN BARLY ÖÝLERE MYHMAN BARMAÝAN...”
Men barly öýlere myhman barmaýan, Lezzeti ýok, etseler-de hezzeti. Setanda-seýranda barsam-da eger, Näçe günläp soň çekýärin ezýeti. Barly öýüň haramy kän nanynda, Bir bendäniň gözleriniň ýaşy bar. Daban azaby däl onuň binýady, Pulmesi adamyň göwün hoşy bar. Sanamaýyn ýekän-ýekän bar zady, Dostum, muňa seň özüňem beletsiň. “Pukara men” diýip, egniňi gysma, Sen meň üçin, bilseň, beýik Keletsiň. Ýasalsa-da diwarlary jäjekden, Men barly öýlere barmaýan myhman. Bir dostumyň horaşaja öýi bar, Öýme barýan ýaly barýan her zaman... 28-29.05.2024. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |