10:23 Men kim?! | |
ILMÄT GURBANOW
Goşgular
▶ Men kim?! Men-kim?! Men-gadymy Köneürgençli, Gaýduwsyz ruhumyň gazabyn syzýan. Ýene-de goşgyma atanak çekip, Setir-setir sözlem üstüni çyzýan. Täzeden girişýän näçenji gezek, Ahyry janlanýar hakydam, ýadym; Sessiz sykylyklap awuly peýkam, Ýüregim paralap, tüwdürýär badym. Töwerege ýaýran, Göge göterlen, Tozan içre güýzüň güni batmyş, eý! Kyýamat gopdymy? Bazar meýdany, Bugaryp al gana ýuwlup ýatmyş eý! Ot bilen demire öwrüldi durmuş, Gulaklara eşdilenok nalalar. Özün zyňjak bolýar arabalardan, Garry-gurty, gelin-gyzlar, balalar... Ýene wagşy sesler güýçlenýär barha, Görýän, Ýaram maňa berse-de hupbat. Iň buýsançly minaranyň üstünde, Aşak hallan atýar altyndan gupba. Kerwensaraý lowlap ýanýar aňyrda, Içi-daşy nagyşlanan zer bile; Binalary kitaphanaň, metjidiň, Ýegsan bolup ýatyr gara ýer bile. Görýän, Köpden bäri päki degmedik, Saçlaryn galgadyp nowjuwan nöker; Gylyjyn bulaýlap üzeňňä galýar, "Kim aýdypdyr, türkmen, dyzyna çöker, diýip" bogaz ýyrtyp, Öňe at salýar, Undup seren läşleriniň sanyny; Demir donun boýap gyrmyzy gana, Gözün açyp gurban berýär janyny. Özgelerem soramazdan şepagat, Merdem çykyp awusyndan, derdinden; Söweş içre yza dönmän öldüler, Olar ölüp, mana jeza berdiler. Söweş meýdanyny taşlan esger dek, Ruhum yza berip, agarýar reňkim. Olaň mertligini beýan etmegi, Ýene-de başaryp bilmedim, Men-kim?! | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||