19:22 Umyt | |
UMYT
Goşgular
Garaýyş ters, Söýgi biwepa çyksa, Kyýamat gopanok, bil, Natuwan-a! Ynam-yrga, Dostam duşmanyň bolsa, Arzuw-Höwes-baky ekiz juwana, Şilliň şübhäň salgymynda azaşyp, Ne gözel bu durmuş görünende geň, Köňül içre hesret gurçuklaryny, Umyda gol berip sabyr bilen ýeň! Çünki inçe umyt berlendir hemmä, Deň berlen bar zadyň söhbetinden öň. Umydy bar hassaň sagalmagyna, Bendiň boşamaga möhletinden öň. Umydy bolmasa baglar güllärmi, Gör daglaram daşa dönüp söýýärler. Togtanyndan soňam ýürek urmasy, Umyt biraz garaşarmyş diýýärler. Ilmet GURBAN. | |
|
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Barsam / Goşgular - 01.06.2024 |
√ Saňa bolan yşkymdan / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Baýram handan gazallar / Goşgular - 14.08.2024 |
√ Bagyşla, eje! / Goşgular - 25.08.2024 |
√ «Bolanok — diýipdiň — bir ýylda iki...» / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Şygyr ýazylmaýar, dogrulýar ahyr / Goşgular - 16.09.2024 |
√ Zenan imany / Goşgular - 08.07.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |