01:34 Men kim? | |
MEN KIM?
Goşgular
Men zulumyñ hem gandalyñ duşmany, Garyplaryñ dosty, garyp nesli men. Göni dömüp çykdym men gara ýerden, Ýeriñ ogly, adalatyñ asly men. Meniñ ýek görýänim baýardyr aga, Olar men garybyñ aslyna duşman. Men olary görsem jynym atlanýar, Ýaşasañdy olara hiç sataşman. Itden pis ýigrenýän şol agalary, Olar ömürboýy doýanok gandan. Hiç haýsyna haýpym gelmez olaryñ, Olaryñ parhy ýok wagşy haýwandan. Biziñ mañlaý derimizden beslenip, Az däl, arman, mes ýaşaýan agalar. Emma men olara sadyk gul bolman, Maña guluñ guly diýse-de olar. Gulpaça ÜLPET, owgan şahyry. Terjime eden: Ata ATAJANOW, Gurbandurdy GURBANSÄHEDOW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |