23:34 Merdiwan | |
MERDIWAN
Goşgular
Señ dokuzuñ düzüw, Ýurdyñ abat, Bahana tapañok närzaçylyga. Durmuşyň akymy, Işleñde amat Seni melul edip, Barýar gowluga. Sen Kän zada barha ýakynlaşýarsyñ, (Ýöne, Ýeke zatdan daşlaşyp barýañ) Gymmat bahalydyr alýan zatlaryñ, Itiñ ýalagyna bal guýup berýäñ. Çagalañ hemişe şokalad iýýär, Durşuna al-ýaşyl zir-zibilhanañ. ...Goñşyñ bir azajyk karz soraýar? Belent başy aşak, Gursakda arman. Sen Birbada belli jogap bereñok, Sen dymýarsyñ, Belki, buda bir hasap. Keýp edýärsiñ didiwana mündürip, Mätäç kişä berip ruhy azap. Mätäç kişi bolsa içinden aglap, Sandyrap Ýüregniñ urgysy bilen, Bara-bara ýere siñişip barýar Mertebäñ Galyñlyk Ülñüsi Bilen. Sen! Henizem belli bir söz aýdañok, Otyrsyñ Agzyña suw alan ýaly. Ahyr Gedemligiñ añry çäginde, Taşlaýañ öñüne bir gysym puly. Goñşyñ turup gidýär agyr ýük alyp, Gerdene däl- Ýüregüne, göwnüne. Şokalad däl, Eýsem, bir döwüm çörek Görünip dur çagalarnyñ gözüne. Basgançak- Basgançak Merdiwan Bilen, Sen! Päsgelsiz barha ýokary galýañ. Adamy adama ýakynlaşdyrýan Adamkärçilikden daşlaşyp barýañ. 1987 ý. Şyhymyrat ABDYLLAÝEW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |