22:10 Mihail Fonin | |
MIHAIL FONIN
Taryhy şahslar
Eger ýaşap ýörenliginde, onda ol häzir segsen iki ýaşynda bolmaly. Ykbal ony ýaňy otuz dört ýaşyndaka türkmen zlkesine getirdi. Oňa TK(b)P MK-nyň birinji sekretary wezipesinde işlemek bagty miýesser bolupdy... TERJIMEHALYNDAN: Ol 1905-nji ýylda Tula oblastynyň Aleksinskiý raýonynyň Bogimowo obasynda dünýä inipdi. Kakasy orta daýhandy. Ol peç ussasy bolup öz obadaşlarynyň gerek-derek zatlaryny ýasap berýärdi. Mihail başlngyç bilimi ilki öz obalaryndaky mekdepde aldy, soň Nikolskidäki iki ýyllyk mekdepde okady. Mekdebi tamamlandan soň, ol ýigriminji ýyldan ýigrimi altynjy ýyla çenli öz kakasyna kömekleşdi. Ýigrimi bäşinji ýylda komsomol hataryna girip, oba ýaçeýkasynyň sekretarlygyna saýlandy. Ýigrimi ýedinji ýyla çenli Myşegskde çoýun erediji zawodda ýönekeý işçi boldy. Soňra ýigrimi dokuzynjy ýyla çenli Gyzyl Goşun hatarynda gulluk etdi. Şondan soň Moskwadaky transport inženerlerini taýýarlaýan institutynyň rabfagynda okady. Okuwynyň daşyndan hem işledi. Rabfagy tamamlandan soň hem ol okuwyny şol institutda dowam etdirdi. Demir ýol transportynda partkomyň sekretary boldy. Moskwanyň Ýaroslawl demir ýol bölüminiň syýasy bölüminiň instruktory bolup işledi. 1937-nji ýylyň iulynda BK(b)P MK-nyň karary bilen ony BK(b)P MK-nyň ýanyndaky Partiýa kontrollygy komissiýasynyň jogapkär kontrolýor wezipesine, köp wagt geçmänkä hem magaryf we saglygy saklaýyş toparynyň ýolbaşçysynyň orunbasarlygyna belleýärler. 1939-njy ýylyň iýunynda Mihaýl Fonine BK(b)P MK-nyň ýanyndaky Partiýa kontrollygy komissiýasynyň Türkmenistan SSR-i boýunça upolnomoçennysy wezipesini ynandylar. 1939-njy ýylyň noýabry. Ol indi Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretarydy. Onuň geljek uçurlary güneşli ülkämiziň zähmetkeşleri Türkmenistan SSR-niň we TK(b)P-niň döredilmeginiň 15ýyllyk baýramyna taýýarlyk görýärdiler. Ine-de, şondan bäş-alty gün geçmänkä-de, has takygy, ýigrimi bäşinji noýabrda Aşgabatda bu sene bilen baglanyşykly TSSR Ýokary Sowetiniň III ýubileý sessiýasy açyldy. Rus drama teatrynyň jaýyna ýygnanan mähelle Mihail Makarowiç Fonini ör turup garşylaýarlar. Resbuplikanyň ýubileýine gatnaşmak üçin Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzstandan, Başgyrdystandan myhmanlar gelipdi. Sessiýanyň öňüsyrasy M.Fonin myhmanlar bilen duşuşypdy. Özbegistan Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy Ahunbabaýew, şahyr Gapur Gulam we beýlekiler onuň täze işinde uly-uly üstünlikler gazanmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. Ýubileý mejlisinden soňam Karl Marks meýdançasynda zähmetkeşleriň demonstrasiýasy guraldy. Meýdança altmyş müňden-de köp adam ýygnanypdy. Şonda demonstrasiýa gatnaşyjylaryň öňünde Mihaýl Makarowiç Fonin ýalkymly söz sözledi. Ol respublikanyň zähmetkeşlerini uly zähmet ýeňişlerine çagyrdy. *** TK(b)P MK-nyň birinji sekretary M.Fonin öz öňünde bitirilmeli ägirt uly işleriň durandygyna, munuň üçin özüniň gujur-gaýratyny sarp etmelidigine gowy düşünýärdi. Oba hojalygynda-da, senagatda-da, medeni durmuşda-da çözülmeli meseleleriň gaty kändigine göz ýetirýärdi. Aýratynam 37-nji hem-de 38-nji ýylyň agyr wakalary respublikanyň halk hojalyklaryna öwezini dolup bolmajak zyýan ýetiripdi. Bu ilkinji nobatda kadrlar meselesinde şeýledi. Partiýanyň Merkezii Komitetiniň ozalky birinji sekretary Çubin ters liniýany ýöredipdi. Ol “Pagta planyny dolsak bolany, galan zadyňam bir alajy bolar” diýen pikire gulluk edýärdi. Her näçe gynançly bolsa-da, ýerlerde-de şeýle düşünje bilen işleýärdiler. Täze ýylyň hasyly sürüm işleri bilen baglanyşyklydy. Mihail Makarowiç sürümiň gidişi bilen gyzyklanypdy. Oňa bu işiň 5-nji dekabra çenli gutarylmalydygyny, emma onuň şu çaka çenli bary-ýogy ýigrimi iki prosent ýerine ýetirilendigini aýtdylar. Bu işi üç, sekiz prosent ýerine ýetiren raýonlaram ýok däldi. Senagatda hem ýagdaý öwerlik däl. Nebit öndürilişem, buraw- gözleg işlerem öňki ýyllaryň derejesinde dur. Bu babatda Fonin partiýanyň Nebitdag raýkomynyň sekretary Grişin bilen gürrüňdeş boldy. Sekretaryň gowuşgynsyz jogaplary Fonini kanagatlandyrmady. Nebit meselesine ünsüň gowşadylandygy bir faktdanam mälimdi: ýagdaý öwerlik däl bolsa-da şu çaka çenli Merkezi Komitetiň býurosynda bu mesele ýekeje gezegem ara alnyp maslahatlaşylmandy. Ýa-da aýdaly, ozalky Kerki okrugynda kömür, nebit ugrundan geologik-gözleg toparlarynyň birnäçesi işleýärdi. Olaryň möhüm işleri amala aşyrýandyklaryna garamazdan, ýerli partiýa, sowet guramlary olaryň işleri bilen çynlakaý gyzyklanmaýardy, olara gerekli hemaýatlaryny ýetirmeýärdi. Eýsem-de bolsa, olar okrugyň senagatynyň ösmegi üçin birjik-de aladalanmaýan bolara çemeli. Köýtendag tarapynda kömrüň uly baýlygynyň ýatandygy mälim bolsa-da, bu ugurdan degerli iş geçirilmändi. Soýuz hökümeti bu babatda ägirt uly serişde goýbermäge döwtalap bolupdy. Mihail Makarowiç bulardan başga-da bada-bat Aşgabatdaky senagat kärhanalarynyň ýagdaýy bilen tanyşdy. Aýratynam egirme-dokma fabriginde ýagdaýyň öwerlik däldigine göz ýetirdi. Kadrlaryň geldi-geçerligi bu ýerde ýetjek derejesine ýetipdi. Bu ýerde ştat boýunça 850 adam işlemeli bolsa, geçen on aýyň dowamynda 949 adam işe kabul edilipdir. 982 adam hem şo döwrüň içinde işden boşapdyr. Ol munuň esasy sebäbini bu ýerde adamlar hakdaky aladanyň ýokdygyndan, olaryň iş we ýaşaýyş şertleriniň örän ýaramazlygyndan gözledi. Ol halk komissariýatlaryndaky işler bilen tanşanda, bir gynançly ýagdaýa göz ýetirdi: ýek-tük bolaýmasa, komissariýatlarda ýerli milletden bolan kadrlar asla ýokdy. Komissariatda işlär ýaly ýerli kadrlar ýok diýmäge hiç hili jähtden esas ýok ahbetin! Ol Ýer işleri halk komissariýatynda bolanda, halk komissary Akmämmet Saryýew bilen gürrüňdeş boldy. -Mihail Makarowiç, noýabr plenimunda biziň adymyza aýdan tankydyňyz bilen doly ylalaşýarys. Tankytdan netije çykaryp, goýberen säwliklerimizi sapak edineris. Ýöne men bir zady aýtmaga size borçly. Sebäbi diýeniňde, Merkezi Komitet tarapyndan ozal komissariýata ýolbaşçylyk edilişi ylalaşyp bolmajak ýagdaýdady. - Siz bu babatda Merkezi Komitetiň býurosyna habar berensiňiz-ä? – diýip, Mihail Makarowiç onuň sözüni böldi. - Gynansak-da, býuro Çubiniň sözünden çykmady. Hemmesi oňa tabyndy. Onuň edenine däl diýilmedi. Buýnowam, Rezinkowskidir Usowam, Tretýakowam ýagdaýa düşünjegem bolmadylar. Komissariýata kömek bermegiň deregine gorkuzdylar. Tankyt hakynda-ha, asla gürrüňem bolup biljek däldi. Soňabaka komissariýata hiç hili hukuk berilmedi. Hatda Merkezi Komitetden birugsat uçastok mehanigini işe kabul edip bilmedik. Şeýle ýagdaýda, nädip işläp boljakdygyna meň-ä aklym haýran. - Elbetde, bu ýaramaz iş stili. Işe zyýan beren adamlar öz temmilerini alarlar. Esasy iş öňde. Indi her kim öz etmeli işine jogap bermeli bolar. Bu şu günki günüň talaby – diýip, Mihail Makarowiç komissariýatyň öňünde duran meselelere geçdi... Ine, şeýle işjeň duşuşyk beýleki komissariýatlarda-da bolup geçdi. Birinji sekretaryň hut özüniň komissariýatlara baryp, olaryň işgärleri bilen içgin gürrüňi adamlarda kanagatlanmak duýgusyny döretdi. Komissariýatlaryň iş ýagdaýlaryna oňyn täsir etdi. Adamlarda birek-birege bolan ynamy has-da berkitdi. Mahlasy, her bir uçastokda işjeň ýagdaýy döretdi. Bu iş stili ýerlerdäki partiýa, sowet guramalarynda-da şeýýle ýagdaý döredýärdi. Mihail Makarowiç FONIN (1940-njy ýylyň marty): - Biz häzir respublikada Köýtendagyň bazasynda senagatyň täze bir pudagyny – kömür senagatyny döredýäris. Şu ýyl Ýerli senagat halk komissarlygy boýunça ýigrimi müň tonna kömür gazyp alarys. Büzmeýinde uly sement zawodynyň, Aşgabatda kerpiç zawodynyň, Çärjewde we Aşgabatda çörek önümleri zawodlarynyň gurluşygyna başladyk. Şu ýylyň dowamynda Baýramalyda pagta arassalaýjy zawod, Daşhowuzda ýag zawody, Aşgabatda, Çärjewde başga-da birnäçe zawodlardyr ussahanalar işe giriziler. Biziň stahanowçylarymyz göreldeli zähmet çekýärler. Gowurdak kükürt käniniň işçisi ýoldaş Resulow öz iş normasyny 225 prosent, Garagum käniniň magdan mehanik bazasynyň slesary, ordenli Abramkin öz iş normasyny 283 prosent amal edýär. Aşgabat egirme-dokma fabriginiň işçisi Ogulbibi Mämmedowany iki stanokda işlemek bilen iş normasyny 125 prosentdan 170 prosent ýerine ýetirýär. Şeýle stahanowçylar bizde sanardan köp... *** Baýry kommunistleriň biri, partiýa hem Sowet guramalarynda we beýleki ugurlarda köp ýyllap zähmet çeken Mämmetdurdy Annagurdow Mihail Makarowiç Fonin barada köp zatlary bilýär ekeni. Mämmetdurdy ANNAGURDOW: - Ýoldaş Fonin hakda mende ýatlara zat köp. Gowusy, muny men başdan başlaýyn. Mihaýil Makarowiçiň Türkmenistan Kommunistik bolşewikler partiýasynyň Merkezi Komitetine birinji sekretar bolup işe başlaýşy ýalňyşmasam, 1939-njy ýylda bolsa gerek. Men ony şol döwürlerdenem tanaýan. Men ol wagtlar Türkmenistan Döwlet neşirýatynyň baş redaktory wezipesinde işleýärdim. Özem neşirýat işlerini täzeden gurmak meselesiniň gürrüňi edilýärdi. Bilşiňiz ýaly, 37-38-nji ýyllarda ýerli awtorlaryň kitaplarynyň aglabasy ýygnalmaly boldy. Şol awtorlaryň eserlerini hak-y--nähak çap etmek gadagan edilipdi. Şu ýagdaý neşir işlerini bökdäpdi. Galyberse-de, 40-njy ýyllaryň başlarynda ilatyň segsen prosenti sowatlydy. Şu ýagdaý hem neşirýat işini täzeden guramagy talap edýärdi. Ýa-da bolmasa, neşirýatyň poligrafiýa bazasy Ýerli senagat halk komissarlygyna degişli bolsa-da, kitap söwdasy bilen hem ýene neşirýat gyzyklanýardy. Şu pytraňňylyk respublikada neşirýat işiniň ilerlemeginde bökdençlik döredýärdi. Ana şol döwürlerde neşirýatyň direktory Batman Bakyýew bilen şu meseläniň oňyn çözülmegi üçin Merkezi Komitete ýüz tutanlygymyz ýadyma düşýär. Bu 39-njy ýylyň ahyrlarydy. Bu MK-nyň birinji sekretary M.M.Fonine baryp ýetipdir. Şonuň üçinem bizi onuň özi kabul etdi. Meseläni nädeňde oňyn çözüp boljakdygy barada biziň pikirimizi üns berip diňledi. Bu meniň Fonin bilen ilkinji duşuşygym boldy. Şondan soňam bizi birnäçe gezek kabul etdi. 40-njy ýylyň başydy, ýalňyşmasam fewral aýydy öýdýän. Merkezi Komitetiň hem-de hökümetiň neşirýatyň işini täzeden gurmak hakynda ýörite karary çykdy. Şeýle hem TSSR HKS-nyň garamagyndaky metbugat uprawleniýesi döredildi. Täze “Türkmen döwlet okuw pedagogik neşirýaty” açyldy. Meni bolsa şol neşirýatyň direktorlygyna bellediler. Şonda-da meniň bilen hut Foniniň özi gürrüňdeş boldy. “Ilkinji nobatdaky alada-adam hakda bolmaly!” Mihail Makarowiç Fonin özüniň her bir çykyşynda şu jümläni ýüregi bilen syzdyryp aýdýardy. Ol muny diňe bir sözde däl, iş ýüzünde-de subut edýärdi. Onuň hemaýat etmeginde nähak ynjydylan adamlaryň ençemesi adalatyň, hakykatyň dabaralanýandygyna göz ýetiripdiler. Işiň anygyna ýetmän, ony jikme-jik öwrenmän, nähak ýerden adamlara töhmet atylyp, işden boşadylýan, partiýa hataryndan çykarylýan halatlary hem seýrek bolmaýardy. Fonin şeýle iş stilini ýöredýän ýolbaşçylara berk temmi berilmegini gazanýardy. Adamlaryň ykbalyna perwaýsyzlyk bilen garap, degse bäş, degmese ýigrimi bäş – diýen zyýanly ýörelgeden ugur alýanlar bir ýa iki däldi. Partiýa we sowet apparatynda işleýän şeýle býurokratyň, çinownigiň has howplydygy hakda tekrarlap aýdýardy. Beýle adamlaryň, işe uly zyýan berýändiginiň, adamlarda sosializmiň ideýalaryna şübhe döredýändikleriniň faktlarynyň üstüni açyp görkezýärdi. Şeýle faktlar hakda bosa aç-açan gürrüň edilýärdi. Partiýanyň Darganata raýkomynda pagta bazasynyň işini opurandygy, aýalyna azar berýändigi, arak içip, goh turuzýandygy üçin ýolbaşçy birini partiýa hataryndan kowmaly diýlen karar çykarylypdy. Emma barlanylyp görülse, oňa ýöňkelýän ýekeje-de günäniň hem tassyk bolmandygy aýan bolupdy. Ýa-da bolmasa, käbir raýkomlarda kommunist hakda degerli esas ýoklugyna garamazdan, bu hakda ilkinji partiýa guramasyna sala salmazdan, ony partiýa hataryndan çykarmak ýaly faktlar hem az duşanokdy. Burdalykda Penji Isakulow atly kommunisti partiýadan çykarmak hakda karar kabul edilýärdi. Görlüp oturylsa, ol kommunist köpden bäri kesel ýatypdyr. Kerkiniň, Aşgabadyň keselhanalarynda öz keselini bejerdipdir. Raýkomyň işgärleri partiýa çleniniň ykbaly bilen gyzyklanmagyň deregine, onuň derdiniň üstüne dert goşupdyrlar. Mihail Makarowiç işe başlan ilkinji döwründe ýerlerden gelen şeýle arz-şikaýatlaryň ýüze golaýy bilen içgin tanyşdy. Şolaryň on-on bäş sanysy bolaýmasa, kommunistleriň galapynyny partiýa hataryndan nähak çykarylýandygyna göz ýetirdi. Onuň hut özüniň gatnaşmagynda ol kommunistler agyr töhmetden halas edildi. Bu elbetde, adam hakdaky hakyky aladady. Leninçilik iş stilidi. Çünki Fonin kommunistleri terbiýelemegiň örän uly jogapkärli işdigine örän oňat düşünýärdi. Türkmen medeniýetiniň howandary 40-njy ýylyň başynda Baýramaly raýonynyň mekdep mugallymlary türkmen ýazuwynda latynçadan rus elipbiýine geçmek hakdaky başlangyç bilen çykyş etdiler. Bu barada hökümet komissiýasy döredildi. Şol komissiýanyň başlygy hem M.M.Fonindi. Komissiýa hatarynda her ugurdan wekiller bardy. Hökümet komissiýasy mekdep okuwçylary üçin rus elipbiýsinde ilkibada, heý bolmanda, 4-5 sany okuw kitabyny çap etmek kararyna geldi. Poligrafiýa bazasynyň yza galandygy bu işi bökdemän durmaýardy. Ine, şonda işiň ilerlemegi üçin uly wezipeli adamlaryň gatyşmagynyň zerurlygy ýüze çykýardy. Şonda Mihail Makarowiç gündelik möhüm işlerine garamazdan, neşirýat işgärlerine hemaýat edýärdi we olary işiň gidişi hakda özüne günübirin habar bermeklerini talap edýärdi. “Munuň döwlet ähmiýetli meseledigini birjik-de unutmaň!” diýip sargaýardy. TK(b)P MK-nyň birinji sekretary M.M.Fonin türkmen edebiýatynyň we sungatynyň ösmegi üçin hem bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirdi. Ýazyjy-şahyr, sungat işgärleri hemişe diýen ýaly onuň özleri hakda edýän aladasyny yzygider duýýardylar. Ol türkmen teatrlarynda goýulýan her bir täze spektakylyň ilkinji görkezilişine gatnaşmaga wagt tapýardy. Ýa-da bolmasa, filarmoniýanyň repertuar meselesi bilen içgin gyzyklanýardy. Diňe bir özi däl, eýsem-de bolsa, her bir hökümet çleniniň teatrlara, sungat işlerindäki sergilere gatnaşmagyn talap edýärdi. Kyrkynjy ýylda Sowet hökümetiniň Moskwada türkmen edebiýatynyň we sungatynyň ongünlügini geçirmek barada ýörite karary çykypdy. Bu uly çäre hut Foniniň alada etmegi bilen ýola goýlupdy. Ol ongünliük 1942-nji ýylyň martynda Moskwada geçirilmelidi. Emma Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen ongünlük öz wagtynda geçmändi. Ýöne muňa garamazdan, urşuň jygba-jyg pursatlary hem Fonin ongünlügiň işini birjik-de ünsden düşürmeýärdi. Guramçylyk komitetiniň mejlislerini geçirip, geçirilmeli çäreler barada, edilmeli işler hakynda çynlakaý gürrüň edýärdi. Halk komissariýatynyň ýolbaşçylaryndan bu möhüm çäre hakda hasabat soraýardy. MÄMMETDURDY ANNAGURDOW: -Kyrkynjy ýýylda TSSR ýazyjylarynyň ikinji gurultaýy geçirildi. Şoňa gabatlap hem Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romanyny çap edipdik. Roman türkmen ýazyjylarynyň arasynda uly jedel döretdi. Gynansak-da, ýazyjylaryň ählisi romanyň neşir edilmegine garşy çykyş etdiler. Merkezi Komitet haýdan-haý komissiýa döretdi. Şol komissiýa TK(b)P MK-nyň sekretary Gurban Permanow, TSSR magaryf halk komissary Tagan Berdiýew, TSSR HKS-niň ýanyndaky sungat işleri uprwleniýesiniň naçalnigi Şaja Batyrow, men hemem başga-da birnäçe adam girýärdi. TK(b)P MK-nyň ikinji sekretary Allaberdi Berdiýew hem şol roman baradaky meselede uly rol oýnady. Ol “Ýoldaş Fonin komissiýanyň işi bilen içgin gyzyklanýar. Bu işe siziň obýektiw garamagyňyzy haýyş edýär” diýip aýdýardy. Komissiýanyň eden işi barada biz TK(b)P MK-nyň býuro mejlisinde hasabat berdik. Elbetde, mejlisde romanyň çykarylmagyna garşy bolan býuro çlenleri hem boldy. Şonda mejlisiň ahyrynda ýoldaş Foniniň aýdan sözleri häzirem ýadyma düşüp dur. Ol şonda: “Men ýagdaýa belet. Ýöne men türkmen dilini bilemok. Emma muňa garamazdan, ýoldaşlar bu hakda meni doly habardar etdiler. Olar şu mesele bilen meşgul boldular. Olara men sag bolsun aýdýaryn. Ýoldaş Kerbabaýewiň hem komissiýanyň çlenleriniň eden düýpli kemçiliklerini düzetmegi gerek. Geljekde bolsa romanyň yzyny dowam etmeli. Onsoňam, ony rus diline terjime etdirmek gerek. Wah, rus dilinde bolsa menem okasam gowy boljak” diýdi. Býuro mejlisine Berdi Kerbabaýewiň özi hem gatnaşýardy. Ol respublikanyň partiýa guramasynyň birinji sekretarynyň, rus adamsynyň aýdan sözlerine bozulman oturyp bilmändi. Ine, ýekeje mysal. Ýöne weli ol Foniniň belent adamkärçiliginiň, elmydama hakykatdan ugur alyp işlänliginiň aýdyň mysaly bolup dur. Ine, ýoldaş Fonin ilkinji türkmen romanyna partiýalaýyn nazaryýetden baha berip, ony esassyz goh-galmagaldan gorapdy. MIHAIL MAKAROWIÇ FONIN (1940 ý., mart): - Raýkomlaryň kadrlar bölümleri öz öňlerinde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde gowuşgynsyz hereket edipdirler. Käbir raýkomlaryň bölümleri öz işlerini täzeçe gurap bilmediler. Ýekeje mysal, Tagta raýkomynyň kadrlar bölüminiň müdiriniň orunbasary Merkezi Komitete ine, şeýle ýazgyny iberipdir: 1. Häzirlikçe tassyklanan nomenklatura ýok. Ol ýakyn geljekdäki mejlisde tassyklanar. 2. Kadrlar bölüminiň iş plany hem häzir taýýar däl. 3. Apparat işgärler bilen doly üpjün edilenok. 4. Bölümiň işgärleri tarapyndan kadrlar şahsy gözegçilik bilen işe çekilýär hem-de olaryň iş ýerinden berlen haraktiristika garap, şeýle hem olaryň ozalky iş ýerindäki iş başarjaňlygyna garap işe çekilýär. Olara instruktorlar tarapyndan praktiki kömek berilýär. 5. Instruktorlaryň arasynda pudaklary boýunça iş bölünenok, ýöne bu golaý wagtda ýerine ýetiriler. 6. Raýkomyň işgärleriniň arasynda ýygnak geçirilmedi. 7. Arz-şikaýatlaryň hasaby ýöredilenok. 8. Rezerwi saýlamak hakda iş geçirilmedi, onuň hasaby ýöredilmedi. 9. Kadrlaryň hasaby ýöredilenok. 10. Raýkomyň kadrlar bölüminde beýleki raýkomlaryň ugurdaş bölümleri bilen hiç hili iş geçirilenok. Ine, görşüňiz ýaly, raýkom ne işgärler bilen üpjün, ne-de kadrlaryň hasaby ýöredilýär. Rezerwem ýok, hiç zadam ýok. Diňe ýeke-täk Serdýukowyň özi bilen onuň başdansowma ýazgysy bar. Kadrlary seçip almakda, ýerli-ýerinde goýmakda Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komitetiniň işinde entek düýpli kemçilikler bar. Instruktor bolup işleýän Döwletowy Krasnowodiskiden Gyzylaýaga işe ugradypdyrlar. Kobzewi hem Çärjewden Esengula instruktor edip işe iberýärler. Ondan-oňa zyňmak diýäýmeseň, bu ýerde iki ýoldaşyňam wezipesinde hiç hili ösüş ýok. Kadrlar barada beýle ýaramaz endikden el çekmek gerek. *** M.M.Fonin barada baýry kommunistleriň biri Öwez Orazow hem köp zatlar gürrüň beripdi. ÖWEZ ORAZOW, (1910-1986 ýý.) – Ýoldaş Fonin barada mende iň gowy ýatlamalar galdy. Uruş başlamazyndan öň men TSSR Et-süýt senagaty halk komissarlygynyň sistemasynda işleýärdim. Bir gezek TK(b)P MK-nyň nobatdaky býurosynyň mejlisinde komissariýatyň işi diňlenilýärdi. Halk komissary Karasýow çykyş etdi. Şonda meniň öz alyp barýan ugrum boýunça sorag ýüze çykdy. Men ýerimden turup, býuro çlenlerine bu mesele barada jogap berdim. Şol wagtlar ýigrimi-ýigrimi bir ýaşlarymda bolmaly. Jogap berip, ýerime geçip oturanymdan soň, ýoldaş Fonin maňa seredip, ýanynda oturan MK-nyň ikinji sekretary Allaberdi Berdiýewden birzatlar soraşdyrýardy. Bu ýagdaý, dogrusy, meni aljyratmanam durmady. Soň Mihail Makarowiçiň özi çykyş etdi. Ol sözüniň bir ýerinde meniň familiýamy tutup, özüniň jogapdan kanagatlanandygyny aýtdy. Şol gezekki býuro mejlisinden uzak wagt geçmändi: özümiň TSSR et we süýt halk komissarynyň orunbasarlygyna bellenýändigimi, muňa meni hut ýoldaş Foniniň özüniň hödürländigini bilip galdym. Soň Aşgabat oblispolkomynyň başlygy, TSSR maldarçylyk ministri wezipelerinde işledim. Uruşdan soň meni TSSR Ministrler Sowetiniň iş dolandyryjy wezipesine çekdiler. Bir gezek bir mesele bilen gyssagly Foniniň öýüne barmaly boldum. Gapyny ýoldaş Foniniň özi açdy. Ol öý egin-eşigindedi. Meseläni çözdüm edip, hoşlaşyp durkam, howlynyň bir çetinde saraýyň içindäki täp-täzeje çaga oturgyçlaryna gözüm düşdi. Ol meniň geňirgenenimi aňan ýaly: - Bulary men boş wagtlarym özüm ýasaýan – diýdi. Men: - Munça stul size nämä gerek? – diýip soradym. Ol: - Bulary men çagalar öýlerine, çagalar baglaryna tabşyrýan – diýip jogap berdi. Men onuň bilen hoşlaşyp gaýtdym. Şonda men onuň diňe bir uly guramaçy ýolbaşçy, beýik adamkärçilikli adam däl-de, eýsem elinden dür dökülýän işçi adamdygy hakda ýolboýy pikir etdim. Oňa bolan hormatym ýene bir gezek artdy. Şeýle adam bilen işleşýändigime buýsandym. Ol örän salykatly, tapbiler, ýönekeý adamdy. Özüniňem türkmen halkyna bolan söýgüsi, hormaty çäksizdi. Onuň hut özüniň alada etmegi bilen türkmen halkynyň arasyndan ulu-uly guramaçy ýolbaşçy kadrlar ösüp ýetişdi. Biz munuň üçin ýoldaş Fonine ömürboýy minnetdar bolmalydyrys. *** Mihail Makarowiç Fonin ýolbaşçylyk etmegiň ýaramaz stili hakda aç-açanlyk bilen gürrüň edýýärdi. Käbir hojalyklaryň yza galaklygynyň esasy sebäbini ýolbaşçylyk etmekde goýberilýän säwliklerden gözleýärdi. Mihail Makarowiç Fonin (1940 ý. Mart): -Aýry-aýry hojalyklaryň yza galaklygynyň sebäbi gowy ýolbaşçylyk edip bilmezlikdir. Başga-da sebäpleri bar, ýöne esasy zat ýolbaşçylyk etmäge baglydyr. Ine, men bir mysal getireýin: meniň öňümde partiýanyň Kalinin raýkomynyň geçen ýylyň 12-nji sentýabryndaky protokoly ýatyr. Onda şeýle ýazylypdyr: “Kolhozlardaky işi çalt düzetmek we ýola goýmak maksady bilen ýoldaş pylany pylanyýewleri oba Sowetlerine komandirowka ibermeli. Komandirowka giden ýoldaşlary kolhozlarda ýokarda görkezilen meseleler düzedilýänçä, obadan gaýtmazlyga borçly etmeli.” A ýokarda bolsa hiç hili mesele görkezilmändir ahyryn! Ine, ýolbaşçylyk etmegiň bir gülkünç mysaly! Ine, şeýle iş stili kolhozlaryň öňe gitmegine zyýandan başga, jinnek ýalam haýry ýok. *** 1941-nji ýylyň 22-nji iýuny. Gijäniň bir wagtyna çenli işläp, ýaňy ymyzganan wagty telefonyň uzyn-uzyn jyňňyrdamasy bir howsalaly habary getirýän ýalydy. Mihail Makarowiç telefon trubkasyny galdyrdy. Jaň Moskwadandy... TK(b)P MK-nyň birinji sekretary Mihail Makarowiç Foniniň durmuşynda iň agyr, iň jogapkärli döwür başlanypdy. Respublikamyzyň bary-ýogy otuz alty ýaşly ýolbaşçysynyň gerdenine düşen ýük ýeňil däldi. Elbetde, onuň bu döwürde bitiren işleri aýratyn gürrüň etmäge mynasypdyr. M.M.Fonin biziň respublikamyzda 1947-nji ýylyň iýul aýyna çenli işledi. Ony soň, Moskwa işe çagyrdylar. BK(b)P MK-nyň inspektory bolup işledi, SSSR Oba hojalyk ministrliginde köp ýyllap birkemsiz işledi. Ol 1975-nji ýylda Moskwada ýogaldy. Türkmen halky üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmadyk, özüniň ähli zehinini respublikamyzyň pajarlap ösmeginiň hatyrasyna sarp eden adamyň sarpasy hemişe belentdir. Ýagşylygyň gadyryny oňat bilýän türkmen halky öz howandaryny – rus doganyny Mihail Makarowiç Fonini hemişe mähribanlyk bilen ýatlaýar. 1987 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |