23:26 Milli mirasymyzda gawunyñ orny | |
MILLI MIRASYMYZDA GAWUNYŇ ORNY
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk
Edermen ekerançy daýhanlarymyzyň nesilme-nesil çekip gelýän päk zähmeti netijesinde sadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten maddy mirasymyz bolan gawunlar milletimizin ruhy mirasynda-da ykjam orun alypdyr: türkmen dilinde, däp-dessurlarynda, halk döredljiliginde gawun bilen bagly aýtgylaryň, durnukly söz düzümleriniň, rowaýatlaryň... giden ulgamyny görmek bolýar. Şu toý günlerinde şolaryň kähirini ýatlasak, datly gawunlarymyzyň ýakymyna hem-de ýokumyna sarpa goýdugymyz bolar. • Waharman Türkmeniň bereketli topragynda bitýän şirin-şeker tagamly gawunyň gömüşleriniň ýa-da daýhanyň dili bilen aýtsak, tohumlarynyň atlaryna üns berseň, olaryň hersiniň aňyrsynda uly many ýatyr. Mysal üçin, waharman gawunyňyň adynyň gelip çykyşy barada daýhanlar şeýle gürrüň berýärler: Daýhançylygyň piri Babadaýhan ekin ýerinde gawunyň ajaýyp bir tohumyny ösdürip ýetişdiripdir. Bir gün ekin içine aýlanyp ýörkä, biýaralaryň arasynda daşy torly sary gawunlary synlap: — Indi-hä ýetjek derejäňe ýetäýen bolsaň gerek! — diýipdir-de, olaryň birini ýolup almakçy bolupdyr. Eglip, gawunyň sapagyna elini ýetirip, çala gozganam şol eken weli, ýaňky gawun içine ýygnan süýjüsiniň güýjüne darka ýarylaýypdyr. Babadaýhan şonda: — Wah, arman! Ýarylaýdy-da! — diýip seslenipdir. Şondanam gawunyň şu görnüşiniň ady waharman bölüp galypdyr. Elbetde, «waharman» sözüniň gelip çykyşy başgaça-da bolup biler. Emma bu gawunyň çakdanaşa süýjüligi hem-de terligi şu gürrüňiň hem jany bardyr diýmäge esas berýär. Çünki köpigören, tejribeli daýhanlaryň aýtmagyna görä, waharman mes toprakly ýerde gowy bitende, diňe bir ýerinden gozganyňda däl, hatda at aýagynyň dükürdisine, sarsgynyna-da ýarylýar diýýärler. Iň bärkisi, ýaňyja sapagyndan ýolnan waharmany keseniňde, heniz pyçagyň ýetmedik ýerlerem öz-özünden ýarylyp barýandyr. Şu ýagdaý waharmanyň çendenaşa süýjüliginden hem-de terliginden habar berýär. • Gawun çekmek Däp-dessur, haçan-da gadymdan gelýän hem-de il arasynda ýörgünli bolanda, hekaýatlara, çeper eserleriň diline, dildäki aňlatmalara sinip gidýär. Köneden gelýän gawun çekmek dessury şeýleräk ýöredilipdir. Ýagny, ekerançylykda käte bir güldüýpden goşa bitişik ýa-da ekiz gawunyň emele gelýänine duş gelmek bolýar. Türkmen daýhanlary goşa gawuny pir nazar eden hasaplap, ýanyna ýene ep-esli gawun goşup, obada sarpa goýulýan, barjamly adama sowgat hökmünde eltip berýärler. Muňa goşa gawun çekmek hem diýilýär. Gawun çekilen adam gawun eýesine sylag hökmünde çebiş, tokly ýa-da goýun berýär. Köplenjem şol sylag berlen janly soýlup, ekiniň pirine sadaka berilýär. • Gawun gawundan reňk alar Türkmen dili — ynsanyň durmuş tejribesini, ylmy derňewleriň netijesini özüne siňdiren keramatly dil. Mysal üçin, durmuşda şeýle bolýar: iki sany gowy adam dostlaşyp, ýoldaş bolýar ýa-da ýigit bilen gyz maşgala bolýar. Şonda olar biri-birindäki gowy hasiýetlere öykünip, ony özüne kabul edýär, birek-birekden görelde alýar. Şeýlelikde, gowy hasiýetler olaryň ikisine-de mahsus bolýar. Şeýle bolanda türkmençilikde: «Gawun gawundan reňk alar» diýleni—dä, olaryň-a, tüweleme, häsiýetem biri-birine meňzäp gidipdir" diýläýmesi bardyr. Eýsem, şu durmuş pelsepesi näme üçin başga ekine meňzedilmän, ala-böle gawuna meňzedilipdir? Bu sowala ekerançy alymlaryň geçiren tejribe-barlag işleri ylmy taýdan esasy anyk jogap berýär. Bu babatda alymlar şeýle diýýärler: gülleýän döwründe gawunlaryň görnüşleri beýleki ekinlere garanyňda biri-biri bilen has işjeň, has aňsat tozanlanýar. Şonuň üçin hem biri-birinden täsirlenip, biri-birine meňzeýär, hatda täze-täze görnüşleriň döremegine hem sert döreýär. Şol sebäpli bolsa türkmen gawunlarynyň görnüşi ýüzlerçedir. Şu ýagdaýdan ugur aly-bam dana ata-babalar adam hasiýetleriniň birek-birege geçmegini başga ekine däl-de, hut gawuna deňäpdirler. Ýene bir bellemeli zat: «Gawun gawundan reňk alar» diýen atalar sözi, köplenç, gowy hasiýetler babatda ulanylýar. Ýaramaz häsiýetden görelde alnan ýagdaýynda ony başgarak; söz bilen aňladanyny kem görenoklar. Çünki halk özüniň milli buýsançlarynyň biri bolan şirin-şeker gawunyňyň adyny ýaramaz, zadyň golaýynda agzamaga rowa görmeýär. Türkmen milleti, aslynda, gözellige örän beýik sarpa goýýan halk. Ine, şu süýji nygmat bolan gawunlary hem diňe bir iýmitlik üçin ekip-ýetişdirmek bilen çäklenmändir. Çünki gawunyň hemme görnüşiniňem örän ýakymly ysy bolýar. Şonuň üçinem türkmen dilinde: «Gyzyň ysy — bägül ysy, gelniň ysy — gawun ysy» diýen manabatlandyrma bar. Gawunyň dessemaýa ýa-da mazy diýilýän görnüşi ýörite ysyndan lezzet almak üçin ekilýär. Türkmeniň sahawatly topragynda bitýän sary mazylaryň birjigini ýolup getirip, öýde tekjäniň üstünde goýsaň, ýiti hoşboý ysy bütin içerini tutýar. Gözleri gözellige teşne, nurana kalby inçe duýgulara baý türkmen, sary mazyny goltugynda saklap, gezen ýerlerinde-de onuň bihuş ediji ysyndan sermesi bolup, ysgap-ysgap ganmak üçin, ony ýörite ekip ýetişdirýär. Özem bir ýyl-iki ýyl däl, asyrlarboýy tohumyny ýitirmän, Babadaýhan mirasy hökmünde şu günlere ýetiripdir. Bu türkmeniň öz milli mirasyna, şol hatarda-da ruhy gymmatlyga goýýan beýik sarpasy! şol sarpa bilen hem dünýäde iň eziz zadyny — eýjejik çagasyny «saryja mazym» diýip söýýärler. Şirin-şeker gawunlarymyz babatda şular ýaly, dilimize ykjam ornan meňzetmelerdir deňeşdirmeleriň, hoşniýetli däp-dessurlardyr rowaýatlaryň entegem köp sanlysyny mysal getirip bolar. Çünki halk özüniň eziz gören zadyny kalbynda besläp, dilinde sena edinýär. Iň bärkisi, gawunyň hut özüne degişli, ýörite töwiriniň bardygam onuň ýöne-möne nygmat däldiginden habar berýär. Toýlary toýa ulaşýan eziz Diýarymyzda bellenilýän Gawun baýramy gutly bolsun! Durmuşymyz hemişe gawun ýaly şirin bolsun! Ejegyz ÇARYÝEWA, TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty. # turkmenistan_2016 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |