11:15 Çynar | |
ÇYNAR
Jemgyýetçilik tankydy
Şäheriñ merkezindäki duralgalaryñ birinde inini-boýuny doly almaga ýetişmedik, ýöne eýýäm guramaga meýil edip başlan çynar agajy otyr. Ulaga münmäge gelýänleriñ ählisi gele-gelmäne şol çynaryñ saýasyna topulýar. Neneñ topulmajak, ep-esli wagt-a garaşmaly, üstesine günem ýakyp-ýandyryp, gowrup barýar... Günortanyñ yssysynda agtyjagynyñ elinden tutup gelen nurana türkmen ýaşulysy bu görnüşi synlady-da: - Gör-ä bu adamlary, ählisine kölegesi gerek bolsa-da muña bir owurt suw bermek hakda ýekesem pikir edenok - diýdi. Ýaşulynyñ bu sözlerine tisginip gitdim. Asyl, düýbi betonlanyp, ýumşadara, suw guýara-da ýer goýulmadyk bolsa nädersiñ! Men şol çynaryñ kölegesinden diñe özüm peýdalanýan ýaly duýgyny başdan geçirdim, utandym: biz üçin näçe ýagşylyk, eşret eçilip, şu çynar ýaly bizden sähelçejik alada, ünse mätäçleriñ, gör, näçesini unutdykkak? Biziñ biperwaýlygymyz, ünssüzligimiz olaryñ ömrüni näçe gysgaltdyka? Bu-da bary däl. Oýlanyp görseñ, mukaddes halallygyñ, birek-birege zerur bolan mähir-yhlasyñ köküne zeper ýetirip, göýdük edýänem biziñ biperwaýlygymyz eken. Şol köklere zeper ýeten ýerdenem durmuşdaky nogsanlyklar başlanýar ahyry! Aýagymyñ aşagyna yzly-yzyna gaýyp düşen saralan ýapraklar meniñ gözüme ünssüzligiñ, biperwaýlygyñ döreden ahmyry, armany bolup göründi. Şol pursat şahyr Geldi Bäşiýewiñ: "Şeýlemikä beýikleriñ ykbaly, Ýagşy-ýaman baryn çeken çynarym" - diýen nazymly sesi eşidilen ýaly boldy. Bu çynar elinden gelen ýagşylygyny gaýgyrman, il-gününe hyzmat edip, dirikä gadyry bilinmedik beýikleri ýatlatmaýarmyka?! 1998. Ejegyz ÇARYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||