17:02 Söz hazynasyndan: Sardaba | |
SARDABA
Edebi makalalar
Diñe çarwaçylyk bilen meşgullanýanlar bolaýmasa, galanlar üçin bu sözüñ manysy hem, hatda aýdylyşy-da nätanyşdyr. Sardaba ~ uzak öri meýdanlaryndaky takyrlara ýygnanýan kak hem-de ýagyş suwlaryny ýygnamak üçin ýörite edilen howuz. Parsça SARD ~ SOWUK, AB ~ SUW saklaýan howuz diýmekdir. Beýle howuzlar suwuñ akgyt edýän ýeri bolan oý ýerden gazylýar. Içine bişen kerpiç örülip, gyrasyndan ýarym metr beýiklikde erñek galdyrylýar. Onuñ üsti hem bişen kerpiç bilen ýapylýar. Daşyna-da jaýjagaz edilip, onuñam üsti gümmez şekilinde basyrylýar, gümmeziñ üç-dört ýerinden howa girer ýaly ýer goýulýar. Şol gümmezli jaý ilki bilen-ä howzuñ suwunyñ sowuk bolmagyny üpjün edýär. Ikinjidenem, yssyda çopan-çoluga, ötegçilere dynç alar ýaly salkyn ýer bolýar. Jaýyñ daş ýüzünde şol howuzdan yzygiderli suw gelip duran guýusy bolýar. Sardabanyñ suwy süýji bolýar, ony mallary ýakmak hemem içmek üçin peýdalanýarlar. Soñky döwürde ýörite çyzgylar hem hasaplamalar esasynda gurulýan sardabalarda iki sany ýanaşyk howuz gurulýar. Onuñ içi hem, üsti hem betonlanýar. Sardabanyñ suwunyñ gyzmazlygy üçin betonyñ üsti 0,5-1 metr galyñlykda toprak bilen gömülýär. Ýokarsynda howasy çalşyp durar ýaly, ýörite howaçykar goýulýar. Sardaba gelmeli kak, ýagyn suwlaryñ öñüne gaçy basylyp, suwlar ilki bilen suw arassalanýan ýere (filtrasiýa -t.b.) akdyrylýar. Ol durlanan suwlar goşa howzuñ birinjisine, ol dolansoñ aralykda ýörite goýlan ötük arkaly ikinjisine guýulýar. Onuñam gapdalynda suw alar ýaly 10 kub metr suw sygýan, ýerden 1,5 metr çemesi ýokarda ýerleşýän kiçeñräk howuzjyk gurýarlar. Sardabadan oña suw ýörite enjam bilen çykarylýar. Bu ugurda işleýän hünärmentler 1000 kub metr göwrümli sardabalaryñ ykdysady taýdan amatly bolýandygyny aýdýarlar. Şoña görä-de, soñky döwürlerde her biriniñ sygymy 500 kub metrden pes bolmadyk howuzly sardabalar gurulýar. Sardabanyñ suwy ýylyñ ygally gelşine baglylykda 10-11 aýa, iñ pes bolanda 6 aýa ýetýär. Her ýyl arassalanyp, oñat gözegçilik edilýän sardabalary, göz öñünde tutulyşy ýaly, 25 ýyllap ulanyp bolýar. Sardabalar ýurdumyzyñ ähli welaýatlarynyñ öri meýdanlarynda gurlandyr. Häzirki wagtda biziñ öri meýdanlarymyzda olaryñ 327-si bar. Ejegyz ÇARYÝEWA. "Adalat" gazeti, 24.09.1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |