23:59 «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» | |
«DAG IMESDIR, KÖŇLÜM IÇRE BOLDY MYHMAN GÖZLERIŇ...»
Hekaýalar
Ogulhajar bilen Jennetem küýzedir suw kädilerini alyp, akar ýaba tarap ugradylar. Ýabyň gyrasynda parç bolup oturan ak, gyzyl, sary, mawy gülli ýazotularyň şekili suwa düşüp durdy. Ýeňňe-baldyz ýabyň güzerinde oturyp, ilki bilen el-ýüzlerini ýuwdular. Kümüşsöw suw bilen Günüň tylla şöhlesi çaknyşyp, birenaýy ýylpyldy emele getirýärdi. Şol ýylpyldylar ýazotularyň uşajyk suw tolkunlarynyň ugruna sozulyp-süýnüp gidýän şekili bilen birleşip, dürli reňkde lowurdap duran ýüpek parça meňzeýärdi. Ogulhajar bu gözel görnüşe höwes bilen syn edip oturyşyna, oňa baldyzynyňam ünsüni çekdi: — Jennet, seret, suwuň ýüzündäki şekillere seret! Nämä meňzeýär? — Nämä meňzeýänin-ä bilemok weli, öz-ä, gaty owadan. — Şahy mata meňzänokmy? — Wiý, hawa-la gyz, edil özi. — Edil özi bolsa, şahy atlazyň özi hut şu görnüşden döräpdir. Rowaýatyny aýdyp bereýinmi? — Aýtsana, gelneje jan! — Bir wagtlar bir ilde owadan zatlara aýratyn sarpa goýýan ýaş han bolupdyr. Onuňam dygysyz görmegeý gelni bar eken. Ýaş han gelnini jan-dilden söýýär eken-de, onuň bezemen geýinmegi üçin aýratyn alada edipdir. Han bir gün öz ilindäki iň ökde gozakçyny ýanyna çagyrypdyr-da, öz maşgalasy üçin ilde ýok mata dokamagy buýrupdyr. Gozakçy görgüli heniz görülmedik owadan parçany nähili dokajagyny bilmän, telim günläp kelledöwüp, pikir edip gezipdir. Şol pikirlenip ýörşüne akar ýabyň gyrasyna barypdyr. Şol wagtam ýaz aýlary eken. Güzerde pikirlenip durşuna edil, ana, holar ýaly, dürli gülleriň suwdaky şekili bilen suwuň hem-de Gün şöhlesiniň çaknyşyp, akymyň ugruna al-ýaşyl öwsüp barşyna, tolkunjyklaryň gerşine münende, bozulyp-bulaşyp gidişine gozakçynyň gözi düşüpdir. Tebigatyň bu täsin oýnuny birsalym synlap durupdyr-da: «Tapdym, edil şu görnüşde mata dokaýyn» diýip, begençli seslenipdir. Öýüne gelibem, dürli reňkli ýüpekleri ulanyp, şol görnüşi mata geçiripdir. Dokap bolansoň, hana eltip beripdir weli, hanyň oňa göwni ýetipdir-de: «Şu matany diňe meniň maşgalam üçin dokarsyň, başga kişä dokap beräýmegin!» diýipdir. Şondan soň köp wagtlap şol ýüpek parçadan tikilen lybasy diňe hanyň maşgalasy geýipdir. Şonuň üçinem oňa «han atlar» diýipdirler. Bu owadan atlaza «şahy» ýa-da «patyşaýy» hem diýýärler. Ine, Jennet jan, şahy atlazyň döreýşi hakda il içinde şeýle gürrüň bar. — Bä-ä, täsin rowaýat eken. Ýöne rowaýatmyka şol?! Hakyky bolan waka meňzeýär. Dogrudanam, şahy atlaz, ana, hol otlaryň suwdaky şekiline meňzäp dur-a. — Aý, bolmanda-da her bir rowaýatyňam aňyrsynda durmuşda bolan zat bardyr-da. Biz ýöne gürrüňe güýmenip, köpräk eglenäýdik öýdýän. Ejeň garaşýandyr. Suwumyzy alaly-da, gaýdaly tizräk. Ogulhajar gelin baldyzy Jennet bilen gaplaryny suwdan dolduryp, öýlerine gaýtdylar. Ýolda gelýärkäler, Nepes mollalaryň öýleriniň gabadyna golaýlanlarynda, olaryň gulagyna dutaryň owazy gelen ýaly boldy. Ýeňňe-baldyz ädimlerini haýalladyp, diňşirgendiler. Diňşirgendikleriçe-de, şirin sazyň maýyl ediji owazy aýyl-saýyl eşidilip başlady. Görseler, olaryň aýaklaryny duşaklanan ýaly eden jadyly mukam Nepes şahyryň öýünde çalynýar. Muny bilip, Jennet gelnejesine ýüzlendi: — Gelneje, ýör, öýüň golaýyna baryp diňläli! — Ýok-la, gyz, öňem köp eglendik. Ejeň käýiner. — Käýinmez, azajyk diňläýeli! — Onsoňam, öý diňläp duranymyzy biri göräýse, nätjek? Aýyp bor ahyry! —Hiç kimem görmez-le. Ýörsene, gelnejejan, ýekeje saz diňläýeli! Bolýa-la, ýörsene! Ogulhajaryň özüniňem ýüregi şirin mukama telwas edip durdy. Jennetiňem özelenip durmasyna dözmedi-de, töweregine ätiýaçly garanjaklap, Nepeslere tarap çekine-çekine ugrady. Öýüň gapdalyna aýlanyp, gözenekden jykladylar. Görseler, Nepes şahyr öýüň ortasynda oturyp, başyny galdyrman, dutar çalýar. Ol «kalbyma owaz geldi» diýip, täze döreden sazyny dutaryň perdelerine geçirip, timarlaýardy. Täze sazyň süňňi eýýäm emele gelipdi. Emma şahyr ony gowudan-gowy etjek bolup, gaýtalap-gaýtalap çalýardy. Nepesiň goşa taryň üstünde oýnaýan uzyn barmaklarynyň hereketine göz ilmeýärdi, giň maňlaýy çygjaryp, tüýnükden düşýän gün şöhlesiniň nuruna, edil göwher däneleri sepilen ýaly lowurdaýardy. Birdenem diňçiler gozganyp, bijaýrak hereket etdilermi ýa-da şirin saza intizar nazarlary özüne gönükdirilen gara gözleriň täsirini ýüregi duýdumy, şahyr kakuwyny gowşatman, töweregine göz aýlady. Şonda gözenekden jyklap duran iki jübüt göze nazary düşdi. Agy — ak, garasy garamyk suwy berlen ýaly, kirpikmen gözleriň aldajy nazary şahyryň ýüreginden parran geçäýene döndi. Elleri perde basmasyny, tara kakmasyny goýdy. Kalbynda gopan harasadyň güýjüne bäs gelibilmän, öýüň gözenegine tarap elini uzadyp, gyssanjyna çalt-çalt seslendi: — Gözleme jan, gözleme, öldürdi, eý jan, gözleriň... Ogulhajar: — Hiýh-h, şahyr göräýdi! Masgara bolduk, ýör çaltrak, ýör! — diýip, Jennetiňelinden çekdi. Olaryň gözenekden daşlaşyp barýandyklaryny gören Nepes şobada gazal beýdiniň ikinji setirini suňşurdy: — Ýok-ýok, ýalgan diýdim: ýüz derde derman gözleriň!.. Ogulhajar bilen Jennet, göýä diýersiň, gorkunç bir zatdan gaçýan ýaly, gaty-gaty ýöräp, eýýäm arany ep-esli açypdylar. Nepes bolsa öýüň içinde tüweleý turan ýaly eden ýaňky ahwalatyň täsirinden aýňalman, hamana jan alyjy gara gözleriň eýesi ýanynda duran ýaly, şoňa ýüzlenýän ýaly jibrinip seslendi: Bakmaýyn diýsem ýüzüňge, katlyma bolgaý sebäp, Wäh ki, baksaň, jan alar, eý mahy-taban gözleriň. Şeý diýdi-de, şahyr birsalym pikirlenip oturdy. Soňam serine gelen pikirlerişygyr setirlerine geçirmäge durdy. — Eýsem, gara gözleriň jan almakdan gaýry kesbi-käri barmyka ýa-da aşygyny gurban kylmak olar üçin parzmyka?! Ýylda bir gurban ederler ähli älem aýyd üçin, Bir bakyşda müňni gurban kyldy, eý jan, gözleriň. — Hälki ümedäki wakadan soň men öz nikalym, halal maşgalam Bossantäçden özgäniň yşkynda saýraman diýipdim-ä! Häzir bolsa şol wagt akyl-huşumy bir ýere jemläp gelen pikirimden bir demde el göterdim. Akyl-huşum jemyg eýläp, yşkyňdan çekdim aýak, Bu Nepes halyn ýene kyldy perişan gözleriň. — Eýsem gözelligi görenimde joşýandygym üçin, men günäkärmi?! Işanguly aga paýhas-parasatly ýaşuly. Häli şolam aýtdy ahyry: «Gyz-gelin diýeniň bägül kysmy zat bolýar, olaryň görküni wasp etmek şahyryň edähedi» diýip. Eger maňa bilbil bolup saýramak ukyby berlen bolsa, onda men gülzarlyga düşemde hökman saýramalydyryn-a! Amanyňam aýdýany şol. Bu hakykata il-gün düşünýä, Bossantäjem düşüner. Gözelligi wasp etmekde hiç hili aýyp zadyň ýokdugyna göz ýetirer... Eýsem, men ýaňy Abadan ejäniň gelnine gyýa göz bilen garadymmy?! Ýok, ýok, müňkerem ýok!.. Ýöne ýagşyny görende, ony taryp etmek şahyryň parzydyr. Ata-babalarymyzam: «Ýagşynygörmek—jennet, taryp etmek—parz» diýipdirler-ä! Diýmek, men türkmeniň saýrak bilbili bolýan bolsam, şu keramatly toprakda biten reňbe-reň gülleriň — gül meňizli gelin-gyzlaryň yşkynda saýramalydyryn. Älem-jahanyň göwhertäji bolan ynsany wasp etmelidirin. Meniň göwün köşgümiň tylla tagtynda, elbetde, Bossantäç otyr. Ýöne ol köşgüň gapysy açyk bolmalydyr. Ynsan neslinden bolan peri-peýkerler ol köşgüň eziz myhmany bolup, maňa şygryýet bossanynyň gülüni tirmäge medet bererler. Gazalymyň bir ýerine, ine, şu beýdem salaýyn: Görgen aýdar: nerkesi-daglar çekilmiş göksüne, Dag imesdir, köňlüm içre boldy myhman gözleriň... Ine, şeýdip, şygyr yzyna şygyr döreýärdi. Ol şygyrlardaky gözel pikirler, setirleriň ajaýyp sazlaşygy şahyryň göçgünli kalbyny heýjana salyp, owaz tolkunlaryny emele getirýärdi. Şeýle bolanda, Nepes şahyr dutaryny eline alýardy-da, şol owaz tolkunlaryny bir akaba ugrukdyrýardy. Şeýdibem, Mollanepes şahyr çeper söz bilen şirin mukamyň nikasyny gyýýardy. Ol nikadan bolsa ynsan kalbyna ýag ýaly siňip, oňa tükenmez lezzet berýän aýdym diýilýän ajaýyp sungat döreýärdi... Ejegyz ÇARYÝEWA, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. | |
|
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |