15:28 Ata gadyry | |
ATA GADYRY
Publisistika
Halk döredijiliginiň beýleki görnüşlerinde bolşy ýaly, nakyllardyr atalar sözleri hem köp nusgaly bolýar. Ýagny şol bir manyny berýän nakyl ýa-da atalar sözi her ýerde birhiliräk aýdylýar. «Paýhas çeşmesindäki» «Ata bolmadyk ata gadyryny bilmez» diýen atalar sözüni-de birneme ýumşagrak äheňde, «Atanyň gadyryny ata bolaňda bilersiň!» diýibem aýdýarlar. Haýsy hili aýdylsa-da, bu atalar sözünde asyrlaryň dowamynda synagdan geçen durmuş hakykaty beýan edilýär. Bigam çagalykdan ýaňy saýlanan ýetginjek ata-enäniň özi hakda edýän aladalaryna geregiçe üns bermezek bolýar. Hamala diýersiň, hemme zat öz-özünden bolup durandyr öýdýär. Ylaýta-da, ataenäniň ynjalyksyz ýüregine bolmalysy ýaly düşünmeýär. Meselem, giden ýerinden wagtynda gelmese ata-enäniň bitakat bolýandygyny, gije ukusy tutmaýandygyny ýadyndan çykaryp, olary habardar etmezden, gelmeli wagtyndan gijä galyp bilýär. Şeýle ýagdaý köpräk gaýtalanyberse, oýunlyga salyp: — Munuň aýagyny duşamasak boljak däl! — diýip, gelin edinmegiň ugruna çykýarlar. Magtymguly akyldaryň: Dünýänih ýagşy-ýamanyn Bileýin diýseň, öýlengin! — diýşi ýaly, ýigit öýlenenden soň, maşgala durmuşyna içgin aralaşyp, öý-hojalyk işlerine-de yhlasly ýapyşyp başlaýar. Perzende ýüzi düşensoň-a, hasam aladasy artýar, çagajygy gatyrak aglasa-da: «Näme bolýarka?!» diýip, elewräp başlaýar. Şondada özi hakda-da atasynyň entegem alada edýändigi gönüläp aýdylaýmasa ýa-da iş ýüzünde görkeziläýmese, onuň ýadyna düşmeýär. Şu mesele babatda şeýleräk tymsalam aýdýarlar. Oba ýerinde üçeksiz tamda ýaşalýan döwürde gyşyň güni bir maşgalada irden turup, peçde ot ýakýarlar weli, turbasy çekmän, tüsse öýüň içine urup dur diýýär. Öýüň ýaşulusy uly ogluna: — Agşamky ýel tamyň üstündäki turbany goparaýypdyr öýdýän. Bar, çyk-da görsene! — diýýär. Ogly derrew köýnekçeligine tamyň üstüne çykýar-da, ýykylan turbany ýerinde oturdyp, soňam onuň daş-töweregine kerpiçdir palçyk aýlap, berkitmäge başlaýar. Onuň sowuk howada ýokarda köýnekçe işläp ýörşüni gören kakasy: — Düş derrew! Egniňe ýylyrak zat geýip, onsoň çyk! — diýip, telim gezek aýdýar welin, oglan: — Üşämag-ow, kaka, häzir, ynha, bolup barýan — diýip, oňa gulak asmaýar. Kakasy gaharlyrak gygyrýaram weli, ogly diýen edenok. Ahyry bolmajagyny bilip, ýaşuly öýe girýär-de, sallançakda ýatan agtyjagyny (tamyň üstündäki ýigidiň oguljygyny) gujagyna alyp, içmegine dolaýar-da, daşaryk çykýar. Muny gören ogly: — Kaka, sal içerik ony, üşedersiň! — diýip, aýagyna basylan ýaly, janygyp gygyrýar. Şonda ýaşuly: — Meň göwnüme senem edil şunuň ýaly! Men-ä muny içmege dolap durun, sen nädýäň?! Düş diýlende düşäýseň bolmadymy?! — diýip käýinýär. Şonda ýigit atasynyň özi hakdaky aladasyna, özüniň saglygy babatda biynjalyk bolşuna düşünýär-de, merduwana tarap ýöräp ugraýar. Içinden bolsa şu wagta çenli kakasynyň kalbyna doly düşünmändigi, onuň gadyryny bilmändigi barada oýlanypdyr. Bu bir tymsal, emma tymsalam ýöne ýerden döremeýär. Onda her bir adamyň durmuşynda bolup biläýjek ýagdaýlaryň diňe biri hakda aýdylýar. Adam ýaşadygyça, durmuş aladalaryna girişdigiçe, onuň kalbynda bolup geçýän özgerişlere, ruhy ahwalatlara, käbir zatlara soň düşünip galýandygyny janly suratda, ýatda galar ýaly edip görkezmek üçin, dana pederlerimiz rowaýatlardyr tymsallary döredipdirler. Olaryň düýp manysyny bolsa gysga jümlede nakyla öwrüpdirler. «Ata bolmadyk ata gadyryny bilmez» diýen atalar sözi hem durmuşda ýaňky tymsaldaky ýaly ýagdaýlary göre-göre döredilen bolmaly. *** «Ataly-ogul — hojaly gul». Bu atalar sözi türkmen halkynyň iň gowy häsiýetleriniň biri bolan ýaşula hormat goýmagyň, hususanda, ogluň mukaddes kybla deňelýän atasyna sylag-sarpasynyň bimöçberdigini görkezýän edep kadalaryny özünde jemleýär. Munda, ilki bilen, üns bermeli ýagdaý atalar sözüniň örän gadymylygy, ýagny adamzat jemgyýetiniň gulçulyk döwründen gözbaş alyp gaýdýanlygydyr. Çünki nakyldaky «hoja» sözi eýe, hojaýyn manysynda gelýärde, ogluň öz mähriban atasyna bolan hormat-sylagynyň çäksizligi, oňa boýun synmasy bakna guluň öz eýesine hemme babatda gep-gürrüňsiz tabyndygyna deňelýär. Ýöne bu iki tabynlygyň many-mazmunynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar. Gul öz hojaýynyna bialaçlykdan, gorkunjyndan boýun egýän bolsa, ogul öz atasyna kalbynyň töründe orun alan belent söýgi, beýik buýsanç bilen baş egýär. Ogluň öz atasyna bolan sylag-sarpasy onuň özüni hem beýgeldýär, edepli-ekramly, belent adamkärçilikli, göreldeli ynsan derejesine ýetirýär. Atalar sözünde ogluň atasyna baş egmesiniň guluň öz hojaýynyna tabynlygyna deňelmegi bolsa nusgawy edebiýatymyzdaky yşky şygyrlarda giňden ulanylan, liriki gahrymanyň özüni magşugynyň gapysyndaky guly hökmünde görkezişi ýaly, pikiri güýçlendiriji çeperçilik serişdesidir. Dana pederlerimiz şu belent adamkärçilik kadalaryny berjaý etmegi hemişe nesillere sargyt edip gelipdirler. Meselem, akyldar şahyr Magtymgulynyň kyblasy Döwletmämmet Azady özüniň «Wagzy-Azat» atly eserinde perzendiň ata-enäniň öňündäki borçlaryny kyrk sany hasaplap, olary dört topara bölýär: onusy ten zähmeti bilen, onusy dil bilen, onusy mal (harajat) bilen, onusy köňül bilen berjaý edilmeli borçlar. Şahyr ten bilen berjaý etmeli borç diýende, zähmeti nazarda tutýar. Perzent ýaşlykdan zähmete bişişmeli, ata-enesine hyzmat etmeli, bir iş etjek bolanda, olaryň razylygyny almaly, çagyran wagty tiz barmaly... Azady dil bilen ata-enäniň göwnüni tapmak barada aýdanynda, sözleýşiň edep kadalaryndan söz açýar. Perzent gepleşende, ata-enesiniň sesinden öz sesini pes edip sözlemeli. Olaryň ýanynda edepsiz sözleri aýtmaly däl. Mylaýymlyk bilen gürleşilende-de, olaryň ýüzüne dogry bakyp, dikanlap durmak gelşiksiz görülýär, şonuň üçin ýüzüňi aşak salyp gepleşmeli. Ata-enäniň adyny tutup, gaharly, kineli ýa-da batly söz aýtmaly däl... Şahyr ata-enäni köňülden söýmek meselesine aýratyn üns berýär. Perzent olary mähirli söýmeli, öz ýüregini ata-enäniňkiden aýra saýmaly däl, olar şatlansa, begenmeli, gaýgylansa, tukatlanmaly, umuman, şolar bilen bir howadan dem almaly. Durmuşda käte ata-enäniň perzentlerine käýinmegi, hatda keýpi näsaz wagty nähagrak käýinmegi-de mümkin. Şeýle ýagdaýda-da dargursaklyk edip, kine saklamaly däl. Tabşyrylan iş kyn bolsa-da, gaharlanman ýerine ýetirmeli. Iň esasy zatlaryň biri-de, olaryň saglygy barada aladalanmakdyr. Şu hili wagyz-nesihatlaryň durmuş ýörelgesi hökmünde berk tutulyp gelinýändigini görüp-synlap ulalan ýigit, ilki bilen, ata-enesine, galyberse-de, kimdigine garamazdan, ýaşuly adama hyzmat etmegi özüne dereje saýýar. Türkmençilikde öýde-de, toýmärekede-de, hatda ýolda-yzda duşulyp, wagtlaýyn ýoldaş bolnanda-da, ýaşkiçi ýaşula hyzmat edýändir. Bu edep kadasy ýaşkiçiniň mertebesini-hä bir beýgeldýär, ýaşulynyň bolsa buýsançly başyny gök diredýär. Bu babatda «Görogly» şadessanynda şeýle diýilýär: «Görogly ýolda birinji gün bişirmeli-düşürmeli zatlary özi edip geliberdi. Şo boldy, şo boldy, ikinji günden başlap, Öwez özüniň ýaşkiçilik işini hiç kime aýtdyrman, ähli işi öňünden bitirip goýýan boldy, Görogly özüni misli dagdan arkasy bar ýaly duýdy». «Paýhas çeşmesindäki» «Ataly-ogul — hojaly-gul» diýen atalar sözi türkmen halkynyň ata-ogul, ýaşuly-ýaşkiçi gatnaşyklarynda däp bolup gelen şular ýaly ajaýyp ýörelgeleriň köp sanlysyny ýada salýar. Olara türkmen edebiýatyndan, halk döredijiliginden, milli däp-dessurlarymyzdan isledigiňçe mysal getirip bolýar. Ejegyz, ÇARYÝEWA, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. Çeşmesi: "Türkmenistan" gazeti, 18.09.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||