20:05 Azajyk derdi aş basar | |
AZAJYK DERDI AŞ BASAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Gyzgynlygyndan hemem gyzyl burçuň ajysyndan ýaňa agzyňy ýakyp barýan unaş sowuklamanyň, dümewiň bire-bir emi. Şonuň üçinem biri «dümewläpdirin» ýa-da «pylan ýerde sowuklapdyryn» diýse: — Burçluja unaş içde, birsalym basyrynyp ýat! Derrew açylyp gidersin — diýerler. Dümew degen badyna duyup, ýaňky diýleni etsen, başga derman-däri gerek däldir. Dümew diýeniň gelen ýoluna tarap yzyna garaman gider. Şular ýaly asyrlarboýy synagdan geçip, durmuşda göz ýetiren zadyny halk rowaýatdyr tymsala salyp, hasda berkidýär. Unaşyň sowuklama garşy birinji dermandygy barada il içinde şeýle gürrüň bar. Gyşyň güni ýabyň suwuny kesip, gazy gazylyp, arçalýan döwri Lukman Hekimin ogly türkmen obalarynyň birine barýar eken. Görse, oba barýan ýaby arçap yören gazyçylar günorta naharyna çykypdyrlar. Özlerem ýapdan çykaran öl gumlaryny ýassanyp, çaý-nahar edinip otyrlar diýýä. Bu ýagdaýy gören ýigit öýlerine gelip, kakasyna şeýle diýýär: — Ol obanyň gazyçylary şu sowukda öl gumuň üstünde çaý içip otyrlar-da. Ynha, görersiň, ertiriň özünde olaryň ählisi sana ýüz tutarlar. Onda Lukman Hekim: — Hany, sen şol oba agşamarada aýlan, näme görseňem, gelip maňa aýt! — diýýär. Ikindinara oba aýlanyp gelen oglan kakasyna habar berýär: — Men ol oba hatar-hatar aýlandym weli, hälki gazyçylaryň öýlerinde kimsiniň ejesi, kimsiniň aýaly unaş bişirip oturan eken. Lukman Hekim ogluny diňläpdirde: — Beýle bolsa, arkaýyn bol, ol adamlaryň seň kakaňa işi düşmez — diýipdir. Dogrudan-da, hemme zadyny ýerbe-ýer edip, gowy bişirilen unaşy içen adam gara suw bolup derleýärde, şol ajy der bilenem kellagyry, sowuklama diýen ýaly sökellikler el bilen aýrylan ýaly bolýar. Şonuň üçinem türkmençilikde «Azajyk (ýa-da sähel) derdi aş basar» diýilýär. Türkmen dilinde, köplenç, birinji bölegi aýdylyp goýberilýän şular ýaly aýtgylaryň aslynda ikinji bölegi hem bolagan bolýar. «Paýhas çeşmesi» atly nakyllar ýygyndysynda alnyşy ýaly, şu nakyl hem doly aýdylanda: «Azajyk derdi aş basar, agyr derdi — iş» görnüşinde bolmaly. Beýle diýlende, nakylyň ikinji bölegindäki «dert» sözi gaýgy-gam, hasrat manysynda gelýär, ýagny adamyň başyna gynançly-aladaly waka düşen ýagdaýynda bar ünsüni şoňa berip, içini hümledip oturman, nämedir bir zada güýmense, pikiri bölünip, derdi ýeňlän ýaly bolar diýen pikir öne sürülýär. Şu pikiri nakylyň tutuş süňňüne siňdirip, «Kiçi gaýgyny aş basar, uly gaýgyny iş basar» diýip aýdylýan görnüşi hem bar. Bu hili aýdylanda, «aş» sözi has giň manyda gelip, dine unaşy däl-de, umuman, gowy iýmitlenmegi aňladýar. Ýagny nämedir bir zady ünji-alada edinip oturan adama gapdalyndan biri: — Hany, sen ony ünji edinip oturmasana, bir ýagdaýy tapylarla. Gel, ynha, men seň gowy görýän zadyny bişirtdim, sowamanka iýeli! — diýip, saçak başyna çagyrsa, datly tagamyň lezzetinden hem-de özi hakda edilýän duýgudaşlykdan göwrümi giňäp, ýaňky ünjüli adamyň gaýgy edip oturan meselesiniň oňyn çözgüdi tapylan ýaly bolýandygy göz önünde tutulýar. • ÝALANÇY ÇYNYNY DIÝMEZ... Nakyllaryň käbiri durmuşda bolup geçen wakany gönüden-göni habar berip, şol wakanyň mysalyndada çuňňur pelsepewi meseläni gozgaýar. Mysal üçin, «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky «Ýalançynyň öýi ýandy, oňa hiç kim ynanmady» diýen nakyly eşideniňde, il içinde bolup geçen bir waka: hemişe ýalan-ýaşryk sözläp, ýalançylykda ýakasyny tanadan bir kişiniň öýüne ot düşüşi, emma ynamdan gaçansoň, oňa hiç kimiň ynanmaýşy, «Aý, pylanydyrda, onuňam bir gepi-sözi bolarmy?!» diýip, bu habara biperwaý garaýyşlary birin-birin göz öňüne gelýär. «Paýhas çeşmesinde» şol nakylyň öň ýanynda, ýalan sözlemäge endik eden adam aňsat-aňsat dogry sözlemez, şonuň üçinem negada bir çynyny aýdaýsada, oňa hiç kim ynanmaz diýen pelsepäni umumy äheňde beýan edýän «Ýalançy çynyny diýmez, diýsede il ynanmaz» diýen nakylam bar. Bu nakylyň döremegine sebäp bolan durmuş wakasy hakda şeýle bir tymsal aýdýarlar. Öňküräk döwürde gumy etekläp oturan obalaryň birinde şol obanyň golaýragynda goýun bakyp yören çopan bar eken. Ol çopan bir gün ekin üstünde işläp yören daýhanlara tarap elini bulaýlap: — Dat, ýeteweriň, goýunlara möjek çozdy! — diýip, uly ili bilen gygyrypdyr. Daýhanlaram edip duran işlerini taşlap, kimsi pilli, kimsi çarşakly kömege ylgapdyrlar. Çopanam daýhanlary şeýle ynandyryp aldap bilenine keýp edip, hahahaýlap, olaryň üstünden gülüpdir. Muny görüp daýhanlar çopana käýinişip, yzlaryna gaýdypdyrlar. Soň bir gün bu waka ýatdan çykyşan soň, çopan daýhanlary ýene-de şeýdip aldapdyr... Aradan ep-esliwagt geçensoň, hakykatdanam, çopanyň bakyp yören sürüsine gurt darapdyr. Emma ol hernäçe çynyny edip gygyryp, kömege çagyrsa-da, bu gezek daýhanlar çopana kömege barmandyrlar. Şeýdibem, ýalançy çopan uly zyýana galypdyr... Şunuň ýaly, durmuşda sapak edinäýmeli tymsallardyr rowaýatlar çeper eserleriň döremeginede esas bolýar. Görnükli türkmen nusgawy şahyry Annagylyç Mätäjiniň ogly Molladurdy şahyram ýaňky tymsaly şygyr diline geçirip, «Hojaguly» atly goşgusyny döredipdir. • BAR ZATDAN SÜÝJI-DE DIL, AJY-DA DIL Halk döredijilik eserleri, şol sanda nakyllardyr atalar sözleri hem köp nusgaly bolagan bolýarlar. Sebäbi nakyllardaky öz göwnüne jaý bolan pikiri her kim özüçe, käbir sözlerini üýtgedip aýdyp goýberýär. Mysal üçin, «Paýhas çeşmesiniň» 322-nji sahypasynda: «Bar zatdan süýjide dil, ajyda dil» diýen nakyl bar. Kitabyň 365-njisahypasynda bolsa, gönüden-göni şol bir manyny berýän «Dünýäde iň ajy zat hem dil, iň süýji zat hem dil» diýen nakyl ýerleşdirilipdir. Bu nakyllaryň döremegine sebäp bolan waka barada il içinde şeýle rowaýat bar. Beýik Seljuk döwletiniň hökümdary Soltan Sanjar bir gezek asly abiwerdli Enwerä duş gelýär. Onuň şahyrçylyk ussatlygyna göwni ýeten soltan şahyry köşgüne işlemäge çagyrýar. Enweriniň düzýän dabaraly kasydalary üçin soltanyň oňa bolluk bilen sylag-engam berýändigini gören owalky köşk şahyrlary ony gabanyp başlaýarlar. Olaryň närazylyk bilen edýän hyşy-wyşylary soltanyň gulagyna baryp ýetýär. Onda Soltan Sanjar köşk şahyrlarynyň hemmesini öz huzuryna ýygnap, olara şeýle diýýär: — Siziň Enweri bilen işiniz bolmasyn. Sebäbi ol yöne bir şahyr däl-de, köp ylymlardan baş çykarýan alym adam. Onsoňam, ol sözüň hikmetine örän düýpli düşünýär... Şahyrlaryň has ekabyrraklary soltanyň bu sözlerini gaty görjek bolýarlar. Soltan muny duýýar-da: — Size ertire çenli möhlet berýärin, bazara baryň-da, mana iň süýji zady getirip beriň! — diýýär. Şahyrlar bazara aýlanyp, saýlap-seçip, kimsi halwa, kimsi nabat, kimsi ýakut ýaly buldurap, her dänesinden bal damaýjak bolup duran üzüm, kimsi süýjüliginden ýarylara gelip, paçagy çat açan torly gawun, kimsi ary balyny, garaz, her kim özüniň iň süýji zatdyr öýdenini getirýär. Soltan olara: — Getiren zatlaryňyzy goýuňda, indem iň ajy zady tapyp gelin! — diýýär. Şahyrlar ýenede bazara baryp, aýlanyp-aýlanyp, pikirlenip-pikirlenip, biri gara burç, biri gyzyl burç, biri kekre, biri gassaphana baryp, malyň ödüni, garaz, her kim ajydyr öýden zadyny alyp, köşge getirýärler. Soltan getirilen zatlary görýärde, Enwerä ýüzlenýär. — Enweri, hany senem bazara gitde, iň süýji nygmaty tapyp getir! — diýýär. Enweri uzak garaşdyrman, göni gassap dükanyna barýarda, soýulan malyň dilini alyp gelýär. Soltan ýylgyrýarda, oňa indem iň ajy zady getirmegi buýurýar. Enweri bu gezegem dil getirýärde: — Soltanym, dünýäde iň ajy zat hem, iň süýji zat hem dildir! — diýýär. Soltan muňa hezil edinip gülýärde, beýleki şahyrlara şeýle diýýär: — Gördüňizmi, Enweriniň söz manysyny aňyrdan aýlap alşyny?! Siz, gowusy, gybat-gürrüň bilen meşgullanmaňda, işli—işiňiz bilen boluberiň! Ine, şu wakadan hem «Bar zatdan süýjide dil, ajyda dil» diýen nakyl döräpdir diýýärler. Bu rowaýaty Soltansöýün bilen Myralynyň adyna baglabam aýdýarlar, «Öňde-de bir pir müritlerine şeýle diýipdir...» diýen ýaly edibem aýdýarlar. Haýsy bolanda-da, nakylda ynsanlar arasyndaky iň möhüm aragatnaşyk serişdesi bolan dilin keramatdygy, söz diýilýän närsäniň adamy agladybam, güldüribem bilýändigi aýlawly sözleriň üsti bilen nygtalýar. Ejegyz ÇARYÝEWA, TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty. «Türkmenistan» gazeti, 2018-nji ýyl, 6-njy ýanwar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |